17:44 Möwlana Jelaleddin Rumynyñ hikmetleri | |
MÖWLANA JELALEDDIN RUMYNYŇ HIKMETLERI
Sözler
Toprakdan geldik, topraga-da bararys. Möhümi dünýäde hapalanmazlykdyr, köňlüňi päk tutup, oňa kir ýokurmazlykdyr. *** Haka ýetmek isleseň, ynsan köňüllerini gazanmaga çalyş, munuň üçin köşklerde mermer bolma, bir toprak bol, bagryňda güller ýetişsin. *** Ýagşylyk yzla, dogrulyk yzla, gözellik yzla, emma aýp yzlama. *** Söwdasy, sermaýasy, mal-dünýäsi köp adamyň synagy hem agyr bolar. *** Ynsanlary kitap kimin aňlaň. Daş-sahabyna garap aldanmaň, içini okap çykansoň, ony anyk tanarsyňyz. *** Halyny taýak bilen urup kakmak hala azar bermek üçin däl, eýsem ony päklemek üçindir. Alla saňa kynçylyk berse, seni synag edip täzelär, çaň-gubaryňy aýyrar. Gynanma... *** Akylym her gün toba eder. Nebsim her gün tobamy bozar. Ikisiniň arasynda galan biçäre men. Ýöne, Rebbim, Seniň dergähiň bar... *** Kap dagy ýaly uly bolsaň-da, bir kepene sygar derejede kiçidirsiň. Unutma, her zadyň hasaby bar, karzyňy üzeniňden soň, üzülersiň... *** Gül diýeniň näme seniň? Üç-dört tiken, biraz ýaprak, Nedir seniň söýen dünýäň? Üç-dört nepes, soňra toprak... *** Içiňi daşyňa görä köpräk päkle, abat kyl, çünki daşyňy halk (mahluk) görýär, içiňi Alla (halyk) görýär. *** Jahyl kişi gözläp durup, gülüň gözelligini görmez, tikenlerine ymtylar. *** Adalat nedir? Güli suwarmakdyr. Zulum nedir? Tikenlerini suwarmakdyr. *** Rebbiňe garap: «Meniň agyr derdim bar» diýme, derdiňe garap: «Meniň beýik Rebbim bar» diý. *** Gülüň gözelligi – aslynyň päkligindendir, ynsanyň gözelligi kalbynyň päkligindendir. *** Yşky birsyhly saýraýan bilbilden däl-de, sessiz-sedasyz jan berýän perwanadan sora. *** Ýüregiň terbiýelemekden owal diliňi terbiýele. Çünki söz ýürege dilden çykyp barýar. *** Her bir närse görnüşi ýaly däldir, bu gün saňa ömür beren suw erte seni gark edibem biler. *** Käte günäsizligimize perişdeler höwes edýärler, käte jahyllygymyzdan ýaňa şeýtan gaçara ýer tapmaýar... Taýýarlan: Nury SEÝIDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||