00:29 Muhammet Pygamberiñ wesýetleri | |
MUHAMMET PYGAMBERIŇ WESÝETLERI Giň göwrümli boluň, şonda adamlar hem şeýle bolarlar. Bu dünýäde adamlara agyr azap berýänlere Alla kyýamat güni agyr jeza berer. Bäş sany maslahata boýun bolsaňyz, men size Jennedi wada berip bilerin : 1. Miras bölüşeniňizde bir-biriňize hyýanat we zulum etmäň! 2. Özüňüz üçinem, özgeler üçinem ynsaply boluň! 3. Duşman bilen söweşlerde gorkaklyk etmäň! 4. Olja paýlaşygynda karam etmäň! 5. Zulumkärlerden ezilýänleriň hakyny alyp beriň! Diňe göwnaçyk, hoşroý adamlardan ýagşylyga garaşyň! Adamlar içinde aýallara görä haklylary onuň äridir. Erkek adamlara görä haklyragy, onuň enesidir. Duşuşylanda kim ilki Salam berse, şol adam Taňra hem ýakymlyrakdyr. Öwlatlaryňyzy (nesilleriňizi) ýagşy tanap goýuň. Garyndaşlar bilen gatnaşyk şonda gowy bolar. Birewiň saňa ýakyn durany bilen sylaşygy, rehim-mürebbeti bolmasa, onuň ýakynlaryndan peýda ýokdur. Birewiň saňa daş durany bilen, sylaşyk, rehim-mürebbeti bolsa, onuň uzak duranynyň zyýany ýokdur. Bir-biriňiz bilen salamlaşyp ýörüň. Şonda araňyzda söýgi-hormat oýanar. Taňra iman getirmekden soňky amallaryň ýagşysy adamlar bilen dostlaşmakdyr. Sadakanyň gowusy sarkan, mal toplaýan, ýaşaýşa höwes edýän, pakyrlykdan gorkýan halyňdaky eden sadakaňdyr. Sadaka etmegi uzaga goýma, janyň kekirdegiňe gelende, "Malymyň munçasy pylana, onçasy pylana..." diýeniň peýdasy ýokdur. Çünki, sen aýtmasaň hem malyň pylanylaryňky bolar. Sadakaň gowusy- manylysy teşnelän adamlara suw paýlamakdyr. KURANY okap, oňa amal ediň! Ondan daşlaşyp gitmäň, hata kylmaň! Ony dirilik sakasy hasaplap, onuň üsti bilen mal-dünýä toplamaga mübtela bolmaň! Baýlaryň öýlerine azyrak baryň, bolmasa, Taňrynyň siziň öýňüze beren nygmatlaryna pisint etmedik adam bolarsyňyz. Abraýly kişileriň hatalaryny we kemçiliklerini bagyşlaň! Geçirimli bolmak uly günälerden halas eder. Bu dünýäde erbet hem bimany gepleri köp aýdýan adamyň günäsi kyýamat-maşgarda has köp bolar. Lezzetleri ýitirýän närsäni (ölümi) köpüräk ýatlaň! Çünki, garyp ýatlasa, baý bolar, baý halynda ýatlamadyk garyp bolar. Hulky ýagşy bolan we aýallaryna mylakatly bolan mömünler iman tarapyndan kämildirler. Hany hormatlaň, ezizläň! Eneňe ýagşylyk et, eneňe ýagşylyk et, eneňe ýagşylyk et! Soň ataňa ýagşylyk et! Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW, Döwletmyrat KERIMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |