19:56 Müjteba Hamaneý: Eýranyñ dini lideriniñ ýakynyndaky syrly adam | |
MÜJTEBA HAMANEÝ: EÝRANYÑ DINI LIDERINIÑ ÝAKYNYNDAKY SYRLY ADAM
Publisistika
Müjteba Hamaneýiñ oýnaýan roly soñky ýyllarda hasam güýçlendi. Eýranyñ Dini lideri Ali Hamaneýiñ ogly Müjteba Hamaneý 1969-njy ýylyñ 7-nji sentýabrynda Maşatda dünýä indi Eýran režiminiñ özüni "Mätiniñ wekili" diýip tanadýan Dini lideri Ali Hamaneýiñ iñ uly ogly Mustapa heniz sakgal-murty garalmanka, ýany 12 ýaşynda molla eşigini geýmäge başlapdy. Jeharmerdan welaýatynda gözden yrak ýaşan Mustapa "Hakkani" we "Kalpaýkani" medreselerinde okady. Mustapa Tähranda ene-atasynyñ ýanynda ýaşan döwri Razi Şirazydan sapak aldy. Öýlenenden soñ Kuma göçen Mustapa kakazy "Weliýýül-Fakihiñ" görkezmesi we režimiñ garşysyna gidýänleriñ emläklerini elinden almak boýunça "Emrul-Ymam" komitetiniñ kömegi bilen ol ýerden jaý satyn aldy. Hamaneýiñ ogly Mustapa gizlin syýasy kast edilşikler kampaniýasy wagtynda syýasy aktiwistler Dariuş we Perwana Forouharyñ öldürilmegine gatnaşmakda güman edilen aýatolla Huşugatyñ gyzyna öýlendi. Müjteba Hamaneý Efranyñ Şura Mejlisiniñ öñki başlygy Gulamaly Haddad Adylyñ gyzyna öýlendi. Mesut Hamaneý bolsa Sadyk Harraziniñ (Eýranyñ Fransiýadaky öñki adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi) uýasy aýatolla Harraziniñ gyzyna öýlendi. Hamaneýiñ iñ kiçi ogly Meýsem Tähranyñ "ýakasy gaýyşly" mafiýa toparlarynyñ biri bolan Lolatşiýan maşgalasyndan bir gyza öýlendi. Nuraly Şuşteri ýaly serkerdeler Müjteba Hamaneýi uruş wagtynda gaýduwsyz esger ýaly görkezmäge dyrjaşdylar / Fotosurat: Reuters Eýranyñ Dini lideri Ali Hamaneýiñ ikinji ogly Müjteba Hamaneý 1969-njy ýylyñ 7-nji sentýabrynda Maşatda dünýä indi Eýranyñ Rewolýusion Gwardiýasynyñ (RG) we howpsuzlyk gulluklarynyñ töweregindäki iñ syrly adam hökmünde tanalýan Müjteba Hamaneý diplomyny alandan soñ Muhammet Taki Misbah Ýezdi, Ahenkar Horremabady, Aýatolla Safi we Eýranyñ şeker söwdasyny öz gysymyna gysyp almak bilen tanalýan Makarim Şirazy ýaly missioner mollalara ýakyn durmak üçin Kuma göçdi. Müjteba Hamaneýiñ segseninji ýylda Eýran-Yrak frontyndaka öñki prezident Ekber Haşimi Rafsanjaniniñ iñ uly ogly Muhsin Haşimi bilen bile söweşdi. Aýdylyşyna görä, Müjteba "Muhammed Resulullah" goşun bölüminiñ "Habib ibn Mazhar" rotasyna goşulyp urşa gidende ýañy 17 ýaşan eken. Eýranly ýolbaşçylaryñ çagalary şu rotada gulluk edesleri gelýärdi. Çünki "Habib ibn Mazhar" rotasynda gulluk edip, söweşden sag-salamat gelen ýagdaýyñda geljekki karýerañy kepillige alyp bilýärsiñ. Bu rotada gulluk edenleriñ käbirleri soñra eýran režiminiñ howpsuzlyk gulluklaryndaky esasy adamlaryñ birine öwrülduler. Indem Müjteba Hamaneýiñ haýryna işleýärler we režimde iñ ýokary harby we syýasy wezipeleri eýeleýärler. Bularyñ arasynda Dini lideriñ öýüne ýakyn mollalardan Alyryza Penahiýan, RG-nyñ Kontrrazwedka bölüminiñ öñki başlygy Mehdi Taib, RG-nyñ serkerdelerinde Ali Fazly, Hasan Muhakik, Dini lideriñ sekretary Wahid Hakkaniýan ýaly adamlar bar. "Şarkul-Awsat" gazetiniñ redaksiýasy režime ýakyn habarlar gulluklarynyñ maglumatlaryny seljerip görende, Müjteba Hamaneýiñ "Beýtül-Makdis -2, 3, 4", "El-Fejr" ýaly harby operasiýalara gatnaşandygyny we şol döwürde hemmeleriñ oña "el-Hüseýni" diýip ýüzlenilmegini isländigini öñe sürdi. Nuraly Şuşteri ýaly serkerdeler Müjteba Hamaneýi uruş wagtynda gaýduwsyz esger ýaly görkezmäge dyrjaşdylar. Şuşteri Müjteba Hamaneý bilen baglanyşykly ýatlamasyny şeýle gürrüñ berýär: "Kuddus-3" operasiýasynda urşup ýördük. Men beýleki ýoldaşlarym bilen gürleşip durkam, Müjteba atyşmak üçin fronta gitdi. Olary saklap bilmedim, olam beýleki urşujylara goşulyp gitdi. Rota serkerdelerine jañ etdim we olara Müjteba bilen ýanyndakylaryñ fronta äkidilmezligini sargadym". Ibrahim Reisi öldi, umyt-arzuwlaryny-da ýany bilen alyp gitdi. Müjtebanyñ umyt-arzuwlary nirede soñlanarka? / Fotosurat: AFP Şol döwürde Ali Hamaneý režimiñ Dini lideri däldi we hiç kim Müjteba Hamaneýiñ "Weliýýül-Fakih" derejesine getirilip bilnäýjek adamdygyny pikir edenokdy. Arasynda Ali Fazlynyñam bolan RG-nyñ serkerdeleri uruşda Müjteba Hamaneýiñ ýa-da Muhsin Haşiminiñ öldürilmeginden gorkýardylar. Şonuñ üçin Ali Hamaneý Müjtebanyñ Tährana gaýdyp gelmegini isledi. Dini lider Mehdi Kerrubiniñ Müjteba Hamaneýiñ saýlawlara gatnaşmagyny tankyt etmegi bilen Kerrubä "Ýigrimi ýaşyndan bäri özbaşdak adam" diýip jogap beripdi. Müjteba Hamaneý mollalaryñ çagalarynyñ men-menlik satyp we korrupsiýa goşulyşyp ýören döwründe ýañy otyz ýaşanda kakasyna geñeşdarlyk etmek bilen kakasynyñ edarasynda möhüm tabşyryklary ýerine ýetirdi. Ali Hamaneýiñ aýaly Hüjeste Bakyrzada ogluna aýal edip almak üçin Zehra Haddady teklip edende, Haddad liseýiñ dördünji synpynda okap ýördi. Haddad Adyl Hamaneýleriñ gudaçylyga gelmekçi bolýanyny şeýle gürrüñ beripdi: - Bir gün bize biri jañ etdi. Aýalym onuñ kimdigini soranda, ol: "Men lideriñ aýaly" diýdi. Toý sähedi üçin Zehranyñ okuwyny gutarýança garaşylandygyny aýdan Adyl: "Gyzym diplomyny alandan soñ toýa taýynlyk görüldi. Ogly we ejesi öýümize geldi, geline sowgat hökmünde köýneklik mata getiripdiler. Soñra Müjteba hakda gürleşdik. Görüşenlerinden soñ Zehranyñ pikirini soradyk. Olam bize durmuşa çykmaga taýýardygyny aýtdy" diýip, gürrüñ berdi. Haddad Adyl we Müjteba Hamaneý soñra toý sowgatlaryny almak üçin Tähranyñ "Kerim Han" raýonyna gidipdir. Adyl Müjtebanyñ dükandaky iñ arzan sagady saýlap alandygyny we nika ýüzüginiñem bary-ýogy 600 müñ tümene (14 dollar) aýdypdyr. Müjteba bilen Zehranyñ toýy gyzyñ atasy öýünde edilipdir. Toýa şol wagt prezident wezipesinde işläp ýören Muhammet Hatemi hem gelipdir. Toýa çagyrylanlaryñ köpüsi durmuşa çykýan gyzyñ dogan-garyndaşlarydy, çünki öýlenýän oglanyñ Tähranda üç agasyndan we olaryñ maşgalasyndan başga garyndaşy ýokdy. Ýaş çatynjalaryñ ikisi oglan, biri gyz - üç çagasy boldy. Olaryñ iñ uly oglynyñ edil häzir nirededigi we nähili dünýä inendigi hakda dürli hili myş-myşlar bar. RG-nyñ serkerdeleriniñ ýazan ýatlamalarynda Müjteba Hamaneýiñ 1998-1999-njy ýyllarda kakasynyñ ýanynda işländigi aýdylýar. Ol häzirem ştatdan daşary işgäri hökmünde wezipesini hiç kime bermän gelýär. Müjteba Hamaneý režimiñ düýbüni tutujy Ruholla Homeýniniñ ýaşan ömründe birmeñzeş rol oýnan Ahmet Homeýni bilen ykbaldaşam bolsa, oýnan roly Homeýniniñ oglunyñkydan has uludy. Togsanynjy ýyllardan bäri Dini lideriñ ýanynda işlänler we režimiñ birnäçe ygtyýarlysy Müjtebanyñ režimiñ syýasy we howpsuzlyk işlerinde güýçlenýän täsiriniñ möçberini gowy bilýärler. Eýran-Yrak uruşyndan gaýdyp gelen serkerdeleriñ köpüsini şonuñ töweregine jemlenen ýagdaýda. Uruşdan gaýdyp gelen bu serkerdeleriñ köpüsi "Habib ibn Mazhar" rotasynda gullyk edipdi. Indem howpsuzlyk gulluklaryndaky möhüm wezipelerde otyrlar. Şeýle-de ýurtda bolýan saýlawlara-da sokulyp, sözlerini geçirdýärler. Gürrüñi gidýän adamlar 2005-nji ýyldaky saýlawlara sokulyp we Müjtebanyñ gözegçiliginde işläp, şol wagtlar onçakly tanalmaýan Mahmud Ahmedinejady ýeñiş gazandyrmsk üçin saýlaw hekemligini edipdiler. Öñki prezident Ekber Haşimi Rafsanjani bu saýlawyñ pidalarynyñ biridi, ýöne ol sesini çykarmady. Mehdi Kerrubi bolsa durup bilmedi we sesleriñ sanalan gijesi dem salymlyk irkilende ep-esli möçberde üýtgedilen saýlaw netijesiniñ öñünde durandygyny aýtdy. Müjtebanyñ Mahmud Ahmedinejadyñ prezidentlige saýlanmagynyñ ýoluny arçamak üçin saýlawlara täsirini ýetirendigini ilkinji bolup aýdanam Kerrubi boldy. Ali Hamaneý bolsa Kerrubä ýeke sözde jogap beripdi: - Müjteba erkekdir! Bu jogabyñ häzir başga manylary baram bolsa, Hamaneýiñ ogly üçin has başga manylary we hasaplary öz içine alýar. Bularym birem Dini lideriñ oruntutary bolmak bolup biler. Saýlawlara nägilelik bildiren demonstratlar Müjteba Hamaneýiñ garşysyna çykyş etdiler. Yzyndan Müjtebanyñ "Ýaşyl gozgalañyñ" basyp ýatyrylmagynda rol oýnandygy we "Ýaşyl hereketiñ" ýolbaşçylary bilen görüşendigi barada köp sanly habar metbugat serişdelerine çykdy. Eýran režimindäki ygtyýarlylara görä, ençeme ýyldan bäri syýasy we howpsuzlyk arenasynda aktiw bolan Müjteba dowamly diýen ýaly degişli gulluklardan hasabat soraýar. Muña mysal hökmünde, "Risalet" gazetiniñ işgäri Ekber Nebewiniñ öñki prezident Ekber Haşimi Rafsanjani bilen geçiren ýörite gürrüñdeşliginde "Müjteba bizden ýurtdaky ýokary okuw jaýlarynyñ ýagdaýyny öwrenmegimizi talap edendigi" barada aýdandygyny görkezip bolar. Eýranyñ Teleradioýaýlymlar edarasy-da (IRIB) Müjteba Hamaneýiñ sözünden çykanok. IRIB-iñ Dini lider tarapyndan wezipä bellenýän ýolbaşçylaryna Dini lideriñ özi däl-de oglunyñ seredýändigini bilmeýän ýok. Mysal üçin, IRIB-iñ öñki başlygy Muhammet Sarafraz ýazan kitabynda Müjtebanyñ 2009-njy ýyldan howpsuzlyk gulluklarynyñ birnäçesiniñ ýolbaşçylaryjy Dini lideriñ öýüne üýşürýändigini we bularyñ resmi döwlet strukturasynyñ içinde parallel döwlet ýaly hereket edýändiklerini aýtdy. Sarafrazyñ aýtmagyna görä, bu adamlaryñ eden birinji işi Dini lideriñ öýi bilen Muhammet Hateminiñ ofisiniñ arasynda dokuz gün dowam eden konfliktiniñ öwrenilmegidi. IRIB-iñ häzirki başlygy Abdul Ali Askeri Müjteba Hamaneýiñ özüne göni we gyssagly ýagdaýda jañ edýändigini aýdypdy. Askeri Müjtebanyñ dañdan jañ edendigini, telefony galdyranda ýuwaşlyk bilen: "Hajy Kasym Süleýmany Bagdat howa menzilinde şehit edildi" diýil habar berendigini aýtdy. RG-nyñ ýokary düzümli serkerdeleri-de harby we howpsuzlyk meselelerinde Müjtebanyñ açyk we aýratyn goldawynyñ gürrüñini edipdiler. Mysal üçin RG-nyñ Raketa senagaty bölüminiñ serkerdesi aýan edilen maglumatlaryñ birinde gwardiýanyñ käbir serkerdeleriniñ Ali Hamaneý bilen RG-nyñ raketa we uçarmansyz dolandyrylýan istrebiteller pudagyna maliýe serişdelerini üpjün etmek üçin Müjteba bilen aýratyn kömek bermek boýunça görüşendiklerini agzady. Müjteba Hamaneýiñ häkimiýet basgançaklaryndan ýokaryk galmagy diñe howpsuzlyk edaralaryndaky täsirine esaslanmaýar, şol bir wagtyñ özünde 2008-nji ýyldan bäri mollalara we režime garaşly habarlar serişdeleriniñ arasynda özüni tanatmak üçin Kumdaky dini medreselerde wagtynyñ ep-esli bölegini-de geçiripdi. Gürrüñi edilen habarlar serişdeleri Müjteba Hamaneýe "Aýatolla" derejesini beripdi we ýokary hilli fykh sapaklaryny berendigi barada habarlary taýýarlapdy. Emma "ýokary hilli fykh sapaklaryndaky talyplaryñ anyk sany hakda hiç hili maglumat berilmeýär. Ali Hamaneýiñ ogluny Kumdaky mollalara tanatmak üçin synanyşýandygy we Müjtebanyñ potensialyny hem-de güýjüni magtaýandygy barada habarlar mahal-mahal habar beriş serişdelerine çykyp durýar. Kumdaky dini medreseleriñ käbir mugallymlarynyñ we talyplarynyñ çap edilen habarnamasynda Hamaneýiñ Kuma gelmeginiñ matlaplarynyñ biriniñ ogluna şäheriñ esasy mollalary tarapyndan "içtihat" derejesiniñ berilmegini talap etmekdigi öñe sürüldi. Eýran režiminiñ mollalarynyñ we howpsuzlyk edaralarynyñ ýolbaşçylarynyñ agramly bölegi režimiñ häzirki ýagdaýy bilen goralmagynyñ we haýsydyr bir üýtgeşmeden gaça durmagyñ gerekdigine ynanýar, şonuñ üçinem olar Müjteba ben kakasynyñ arasyndaky meñzeşlikleri tutalga edinýärler. Geçen ýyllarda režim ygtyýarlylarynyñ "Müjtebanyñ kakasyna meñzeýändigi" baradaky gürrüñe degişli birgiden ýatlamasy we makalasy çap edildi. Müjtebanyñ gaýynagasy Feriduddin Haddad Adyl ýakynda beren beýanatynda: "Onuñ (Müjtebanyñ) dünýägaraýşy we eserdeñligi liderde bolmaly talaplara doly laýyk gelýär. Şonuñ üçinem biz özümizi arkaýyn we howpsuz duýýarys" diýdi. Müjteba bütin bular bilen birlikde Dini lideriñ maliýe imperiýasyny-da dolandyrýar. Režimiñ tarapdarlary eýran ykdysadyýetiniñ 60%-niñ aralarynda "Mazlumlar" fondunyñ ("Bonýad-e Mostazafin"), Haýyr-sahawat komitetiniñ we RG-nyñ ykdysady ganaty "Hatemül-Enbiýa" karargähiniñem bolan gös-göni Ali Hamaneýe garaşly edaralaryñ şoñ gözegçiligindedigini aýdýarlar. Müjtebanyñ syýasy geljegine dahylly ähli ähtimallyklar eýran režiminiñ ömrüni dowam etdirip bilşine bagly. Režimiñ bolsa öz halkynyñ ganyny döküp, ýurdy pes abraýly kanunylykda dolandyryp ýörşüne, halkyñ halkara sanksiýalardan we ykdysady krizislerden kösenýän döwründe diýdimzorluk we tutha-tutluklar bilen basyp ýatyrmaga synanyşýan halk protestleriniñ badyna ýykylyp-ýykylmajagy entek belli däl. Müjteba Hamaneý utmak üçin kakasynyñ we režiminiñ ömrüniñ dowam etmegine bagly uly oýun oýnaýar. Halk birwagtlar "Ölersiñ Müjteba. Sen Dini liderlik wezipesine gözüñ düşmez!" diýip gygyrypdy. Yragyñ patyşasy Faýsal II-niñ türk adaglysy melike Fazilä "Mukaddes yrak topraklarynda patyşalygymyzyñ we ylahy hökmürowanlygymyzyñ köküni berkitmek üçin işlejek oglumyz bolar" diýendigi aýdylýar. Emma Faýsal II bu sözleriñ üstünden kän wagt geçmänkä Bagdadyñ köçelerinde garşysyna general Abdylkerim Kasymyñ esgerleriniñ tanklary dikilipdi. Ibrahim Reisi öldi, umyt-arzuwlaryny-da ýany bilen alyp gitdi... Müjtebanyñ umyt-arzuwlary nirede soñlanarka? Ali RYZA NURIZADE, Eýranly žurnalist. Duşenbe, 03.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |