MÜSÜR DEPDERINDEN
1. Asuan
Gije
asmandaky şäher mysaly
Alyslardan görner Asuan bendi.
Gündiz
Köpetdagyñ gaýasy ýaly
Howalanyp otyr granit kendi.
Çep ýanynda bolsa iññän görmegeý,
Sowet halky bilen Müsür iliniñ,
Dostlugyndan dörän ajap nyşan deý
Äpet gunçasy bar Lotos gülüniñ.
Beýle-de bir gudrat bora çemeli,
Haýsy ýana süýşdi Sahara çöli?
Bendiñ gündogaryn tutýar, emeli,
Paýhas bilen dörän "Naseriñ köli".
Munda işsiz ýörseñ kyn tapylýar nan,
Iş ýeterlik bolsa ne hezillik gör!
...Mellegniñ hasylyn ýygnansoñ daýhan
"Naseriñ kölünde" balyk tutup ýör.
Janly ýürek deýin işläp Asuan
Töwerekden kowup barýan tümlügi.
Bu ýerden damar deý uzaýar her ýan,
Täzeligiñ, ýagtylygyñ simleri.
Günüñ howry gündizine ýaksa-da,
Müsürliler üçin uzakda asman.
Tümlükdäki halja ýagty maksady
Görkezip,
saçyp dur nurun Asuan.
2. Sfinks
Nil boýunda ýel öwsende üç aýlap,
Çañ basýar haý-haýly piramidany.
Diñe, gelýän-gidýän adamlar üçin
Görmäge gözel ýer Giza meýdany.
Dagyñ bölegi dek agyr göwresin,
Saharanyñ sary gumuna oýkap.
Otyr orta asyrlaryñ sungaty,
Görenler haýrandyr, başlaryn ýaýkar.
Gojaman Sfinks adam kelleli,
Göni bakýar çala ýyrşardyp ernin.
Bir çak bu görnüşden gorkan Napoleon
Top okuna tutup döwüpdir burnun.
Aýaklary ýolbarsyñka meñzeýär.
Göwresi-de çalym edýär ýolbarsa.
Kyn däl bu görnüşe akyl ýetirmek
Kim oña syn etse, golaýna barsa...
Gadymy Müsürde düzgün bolşy deý,
Gündogarda guralypdyr döwresi.
Diýmek, Sfinks durmuşa bakýar.
Kellesi akyldar,
Güýçdür göwresi.
Adamyñ toprakdan, suwdan, otdan däl,
Janly-jandarlardan dörän zatdygyn
Alym
Sfinksde edipdir beýan
Paýhasyñ ýeke-täk tapawutdygyn.
3. Öýsüz
Ol ýatyrdy bir burçunda köçäniñ,
Düşän düşekçesi gazet-žurnaldy.
Bir eli ýassykdy, bir eli ýorgan.
...Biziñ sesimize tirsegne galdy.
Sowetlermi?
Güldi gamgyn gözleri,
Ýüzi gün düşen dek ýagtylyp gitdi.
Mährem hossaryna duşan mysaly
Şatlygyndan gollaryny uzatdy.
Edfa şäheriniñ ýowuz durmuşy,
Bakmaýar ortanja, uludan-kiçä.
Puluñ barmy, gowy ýerde ornuñ bar,
Ýok bolsa bir ýandan zyñyp dur köçä.
Ahmet-de şol zyñlan ýetimleñ biri,
Ýowuz durmuş gül ömrüni ýakypdyr.
Hordy, kirdi, awap gitdi ýüregim,
Hem naýynjar, hem guwançly bakyp dur.
Şapaga çaýanda bägül nuruny,
Gijäniñ tümlügin ýuwudan säher.
Maşynlañ dyngysyz signaly bilen
Azançyñ sesine oýandy şäher.
Bizi çagyrdylar maşyna sary,
Nazarym saklandy bir dem Ahmetde.
Misli hoşlaşýan dek hossary bilen
Boýnun burup, garap galdy bir çetde.
Ýaşardy, ýigidiñ gözi ýaşardy,
Görüp, gama batdym Niliñ düzünde.
Garaýşyndan okamagy başardym,
Aýlar-ýyllar ýuwulmadyk ýüzünde.
Umyt bar, gyl ýaly ujypsyz örän,
Ýylpyldysy deýin köne çakmagyñ.
Uzyn günläp aladasyn etmeli
Ol ýene ertire diri çykmagyñ.
4. Bagşiş
Luksoryñ darajyk köçelerinde
Meşguldym keýpine gezm etmek bilen.
"Bagşiş!", "bagşiş!" diýşip daşyma üýşen
Çagalañ gözünde gam bardy kileñ.
Uzyn köýnekleri kirdi, sal-saldy,
Başlaram açykdy, aýakýalañaç.
Elin serip bu durşunda olaryñ
Many bardy göýä diýýän deý: - men aç.
Ähli sowgatlarmy, ýanymda baryn
Berdim ellerine ýetenden paýlap.
Bagşişler şobada ylgaşyp gitdi,
Begenşip ellerin başyndan aýlap.
Aladam at boldy, aýlanyp gaýtdym,
Şonda gözlem geñ zatlary gördüler:
Ýañky alan sowgatlaryn çagalar
Beýleki köçede satyp ýördüler.
5. Nilde
Goja Nilde ak ýelkenli gämiler
Kenardan kenara gatnaýar her gün.
Bahar aýy Nil kenary gözel ýer,
Jöwzalarda Niliñ şemaly sergin.
Goja Nilde ak ýelkenli gämiler,
Ýüzüp ýör, tizligi şemala bagly.
Sabyrlylyk bilen durman äkeler
Giñiş kenaryna, o ýer çarbagly.
Gämiçi hars urýar, gämi müñzeýär,
Ýolagçylar otyr, derdi ýok ýaly.
Biri-biriniñkä juda meñzeýär
Gämi bilen gämiçiniñ ykbaly.
Berilýän funtlar hem öwüsýän ýeller
Ýeñledýär gämiçiñ, gäminiñ derdin.
Şeýdip Nilde ak ýelkenli gämiler
Kenardan kenara gatnaýar her gün.
Abdyreşit TAŞOW.
Goşgular