13:00 Müsürde tagt guran türkmenler | |
MÜSÜRDE TAGT GURAN TÜRKMENLER
Taryhy makalalar
• Türkmenleriň Müsürde guran Tulunylar we Ihçidiler döwletleriniň taryhy barada Türkmenler tarapyndan Musürde döredilen tulunylar (868-905) we ihçidiler (935-969) beglikleri türkmen taryhynda uly yz galdyrypdyr. Bu iki döwletiň taryhy hem beýleki onlarça türkmen beglikleri ýaly, halkymyza düybinden nätanyşdy. Arap halyflygynyň bütin taryhynda diýen ýaly türkmenler bu ägirt uly hem-de köpmilletli döwletiň jemgyýetçilik-syýasy we medeni durmuşynda örän uly orun eýeläpdirler. Türkmenleriň söweşjeňligine we batyrlygyna sarpa goýýan halyflar türkmenleri köşk nöker gullugyna göwünjeňlik bilen alýardylar. Olary gulamlar ýa-da memluklar diýip atlandyrypdyrlar. Türkmenlerden düzülen köşk nökerleri halyflaryň häkimiýetini we olaryň şahsy howpsuzlygyny gözsüz batyrlyk bilen goraýardylar. Bagdatly halyflar türkmen nökerlerini şäher durmuşyna imrindirmezlik maksady bilen, olaryň dogup-döräp kemala gelen dogabitdi hüý-häsiýetleriniň üýtgemezligi üçin, olary öz milletinden bolan gyzlara öýlendirýärdiler. Şeýdip olary halyflygyň düzümine girýän Gündogaryň beýleki halklaryndan üzňelikde saklamaga çalyşýardylar. Şonuň üçin hem halyflar oguz sähralaryndan türkmen gyzlaryny topar-topar edip getirip, öz türkmen nökerlerini öýlendirýärdiler. Şol türkmen nökerlerinden we olaryň nesillerinden soňra meşhur serkerdeler, wezir-wekiller, şahyrlar, alymlar hatda özbaşdak döwlet döredip bilen güýçli hökümdarlar hem ösüp ýetişipdir. Şeýle hökümdarlaryň hatarynda Müsürde özbaşdak tulunylar döwletini döreden Tulun begiň ogly Ahmediň we ihçidiler begligini esaslandyran Tuguç begiň ogly Muhammet Ihçidiň atlaryny görkezmek bolar. ▶ «DOLAN AÝYŇ» DÖWLETI Tulunylar nesilşalygynyň irki döwürleri barada köp zat bilinmeýär. Diňe hanedana at beren Tulun begiň Merkezi Aziýanyň hökümdarlarynyň köşginde gulluk eden oguz esgeridigi bilinýär. Ol IX asyryň 20-nji ýyllarynda köşkde özüni edermen esger hökmünde tanadypdyr. Gullugyna saklygy we gözsüz batyrlygy üçin ony halyf al-Mamuna (813-833) sowgat beripdirler. Dünýädäki musulman nesilşalyklarynyň gysgaça şejeresini döreden iňlis alymy E.Bosword Tulun begiň ady bilen baglanşykly täsin pikiri oňe sürýär. Onuň tassyklamagyna görä, «tulun» sözi türkmen diliniň «dolan aý» sözüniň arapça ýoýulmasydyr. Bagdatda gulluk edýän döwründe onuň adynyň bir bölegi bolan «Dolan» arapça «Tulun» görnüşünde ulanylyp, dürli taryhy çeşmelerde we XIX -XX asyrlaryň ylmy edebiýatynda onuň «Tulun» ady ymykly ornaşypdyr. Tulun beg halyflaryň köşgünde uly wezipeleri eýeläpdir. 854-nji ýylda Tulun beg aradan çykandan soň ogly Ahmet Tulun onuň ornuna geçýär. Bagdatly halyflar döwletiň bütin taryhynda Müsüre ägirt uly ähmiýet beripdirler. Sebabi Müsür ykdysady taýdan ösendi, harby-syýasy taýdan bolsa, iňňän möhüm ýerde ýerleşýärdi. IX asyrda ol imperiýanyň iň günbatar mülküne öwrüldi. Çünki halyflaryň Demirgazyk Afrikadaky mülkleri elden gidipdi. Şol sebäpden hem döwletiň günbatar serhetlerini berkitmek üçin Müsüre örän başarjaň adamlary emir edip belleýärdiler. Halyf Mütewekkiliň (847-861) döwründe Ahmet Tulun birnäçe jogapkärli wezipelerde işläpdir. 868-nji ýylda bolsa halyf Mutazz (866-869) ony Müsüriň emiri edip belleýär. Ähli häkimiýeti öz eline alyp, Ahmet Tulun şol ýyl Müsüriň özbaşdaklygyny yglan edýär. Bu waka ýurduň taryhynda aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi Müsür faraonlaryň zamanyndan bäri geçen 1000 ýylyň dowamynda ilkinji gezek özüniň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolupdy. Öňler Wizantiýanyň düzüminde bolan Müsür ülkesiniň merkezi Aleksandriýa şäheridi. 639-njy ýylda arap serkerdesi Amr al-As Müsüri eýeläp, ýurduň köne paýtagty Aleksandriýada galmak isleýär. Emma ikinji çaryýar, halyf Omar (634-644) oňa Müsür dikmeliginiň täze merkezini gurmagy buýurýar. Şeýlelikde, 641-nji ýylda Amr Fustat şäherini esaslandyrypdyr. 750-nji ýylda omeýýalar neslinden bolan halyflar Müsürden kowlandan soň, bagdatly dikmesi Salyh Fustadyň golaýynda al-Asakir şäheriniň düýbüni tutýar. Soň al-Asakir Fustat bilen birleşip uly şäher emele gelýär. Özbaşdaklyk gazanandan soň, Müsüriň taryhynda gurujy hökümdar hökmünde şöhratlanan Ahmet Tulun, 870-nji ýylda halyfyň dikmeleriniň oturýan ýeri bolan Fustatyň gapdalynda garaşsyz Müsüriň täze paýtagtyny – Kataý şäheriniň düýüni tutýar. Öň Müsürde Amr tarapyndan gurlan metjit bar eken. Emma juma namazynda Amryň esgerleriniň hemmesi bu metjide ýerleşmeýär ekenler. Şonuň üçin hem Ahmet Tulun täze paýtagtyň düýbüni tutanda, öňi bilen kaşaň metjit bina edipdir. Indi Ahmet Tulunyň esgerleriniň 20 müňusi bir wagtda bu metjitde namaza durupdyrlar. Müsüriň ymaratçylyk sungatynda «Tulunylaryň ýa-da Tulun ogly Ahmediň metjidi» diýip at alan bu meşhur bina häzir hem bar. Metjidiň daşynda soňra Kataý şäheri emele gelipdir. Hökümdar şäheriň daşyna beýik gala, onuň aňyrsyndan bolsa gorag guşaklygyny gurdurypdyr. 878-nji ýylda Ahmet Tulun Siriýany hem Müsüre birikdirýär. Şeýlelikde, Ýakyn Gündogarda kuwwatly türkmen döwleti döreýär. Ahmet Tulun Müsüriň garaşsyzlygyny yglan etse-de, Bagdat bilen arasyny üzmändir. Müsürden, Siriýadan we Palestinadan gelýän salgydyň bir bölegini ol Bagdada ugradypdyr we juma namazynda halyfyň adyna hutba okadypdyr. Ahmet Tulunyň dolandyran ýyllarynda Müsür çalt depginler bilen ösüpdir. Raýätlardan ýygnalýan salgydyň köp bölegi Müsürde galýardy. Hazynanyň serişdeleri oba-hojalygyny, söwdany, senetçiligi we gurluşygy ösdürmäge sarp edilipdir. Bu döwürde medeniýet ösüpdir we ylmyň dürli ugurlary boýunça işler alnyp barylypdyr. Bu işlere hökümdaryň hut özi howandarlyk edýärdi. Ahmet Tulun aradan çykandan soň Müsür tagty onuň edenli ogly Abul Jaýş Humarawaýha (884-896) miras galýar. Ol Tulunylariň döwletiniň serhetlerini has-da giňeldipdir we döwletiň düzümine Wizantiýanyň elinden alnan Sisiliýa adasy, şeýle hem Mesopotamiýa hem goşulypdyr. Netijede tulunylar döwleti sebitde iň kuwwatly ýurda öwrülýär. Ol Bagdat halyflygy, Karmatlaryň döwleti, Demirgazyk Afrikadaky Idrisiler, Aglablar döwletleri we Wizantiýa imperiýasy bilen bäsleşipdir. 895-njy ýylda Humarawaýh aradan çykandan soň, ýurdy onuň ogullary Jeýş Abul Asahir (895-896) we Harun (896-904) dolandyrypdyr. Humarawayhyň ogullarynyň dolandyran ýyllarynda tulunylar döwleti gowşapdyr. Harun beg 904-nji ýylda aradan çykýar we häkimiýet onuň kämillik ýaşyna ýetmedik ogly Şeýbana (904-905) miras galýar. Harunyň dolandyran döwründe 903-nji ýylda tulunylar karmatlardan ýeňlipdirler. Bu ýagdaýdan bagdatly halyflar haýal etmän peýdalanýarlar we 905-nji ýylda halyf Muktafi (902-908) Müsüre garşy ägirt uly guryýer we harby-deňiz güýçlerini sürýär we Kataý basylyp alynýar. Tulunylar döwletiniň ýykylmagyna täze hökümdaryň ýaşlygy, arap wezir-wekilleriniň hazyna ogurlygy, Niliň suwunyň peselmegi, ýerlerdäki dikmeleriň özara uruşlary we goşundaky bölünşikler sebäp bolupdyr. Tulunylaryň dolandyryşy barada öz döwründe ençeme taryhy eserler döredilip, olaryň türkmen we yslam taryhyny öwrenmekde örän uly ylmy ähmiýeti bardyr. Tulunylar barada taryhy eser döreden alymlaryň ilkinjisi Ýusup ibn ad-Daýa («Enekäniň ogly») hasap edilýär. Tulunylar hakyndaky maglumatlar onuň «Kitab ahbar al–atibba» («Tebipler hakynda hekaýatlar kitaby») eserinde jemlenipdir. Bu kitaby ýazmakda ol Ahmet Tulunyň şahsy tebibi Ywraýym ibn Alynyň gürüňlerinden peýdalanypdyr. Üstesine-de, ad-Daýa döwlet işgäri bolandygy üçin tulunylar barada döwlet diwanynyň maglumatlaryny hem ulanypdyr. Bu taryhçynyň eserindäki maglumatlary ibn Haukal, Ýakut ibn al-Kifti, Ibn Abu Usaýbiýe ýaly arap ýazarlary öz işlerinde peýdalanypdyrlar. Tulunylar barada jikme-jik iş ýazan taryhçy ad-Daýanyň ogly Ahmet ibn Ýusup ad-Daýa (868/874-942/952) hasap edilýär. Onuň doly ady Abujapar Ahmet ibn Ýusup ibn Ywraýym al Mysrydyr. Ad-Daýa lakamyny ol kakasyndan miras alypdyr. Ahmet ibn Ýusup tulunylar köşgünde ýokary wezipeleri eýeläpdir. Onuň «Katib al-Tulun» («Tulynylar nesişalygynyň kätibi») derejesi bar eken. Ýakudyň ýzmagyna görä, Ahmet ibn Ýusup tulynylar barada üç sany kitap ýazypdyr. Ol kitaplar «Sirat Ahmet ibn Tulun» («Tulun ogly Ahmediň ömürbeýany»), «Sirat Abul Jaýş Humarawaýh» («Abul Jayş Humarawaýhyň ömürbeýany»), we «Sirat Harun ibn Abul Jaýş wa ahbar gilman bani Tulun» («Abul Jaýşyň ogly Harunyň ömürbeýany we tulynylaryň nökerleri barada habarlar») diýlip atlandyrylýar. Ýazaryň bu işlerini giçki döwrüň taryhçylary Ibn Seyit, al-Makrizi, Ýakut, şeýle hem memluklar döwrüniň meşhur türkmen taryhçysy Ibn Taňryberdi giňişleýin peýdalanypdyrlar. Ahmet ibn Ýusubyň üç işi umumy görnüşde «Jami sirat ibn Tulun» we «Jami as sirat at-Tuluniýýa» atlary bilen hem agzalýar. Ibn Seýidiň işlerindäki tulunylar bilen baglanşykly maglumatlary 1954-nji ýylda müsürli alym Şöwki Daýf Kaýirde neşir edipdir. Ahmet ibn Ýusup Ahmet Tuluna beýik şahsyýet, döwlet işgäri,serkerde we hökümdar hökmünde belent sarpa goýýar. Eserde Müsüriň ykdysady ýagdaýy, döwletiň dolandyryş we maliýe edarasynyň işi, hökümdaryň goşuny we ýerlerdäki dikmeleri bilen gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlar berilýär. Ahmet Tulun baradaky maglumatlary taryhçy 26 sany adamyň gürrüňlerinden alypdyr. Olaryň arasynda Ahmet Tulunyň köşk adamlary, hyzmatkärleri, serkerdeleri, çaparlary bar eken. Bu adamlaryň köpüsi gelip çykyşy boýunça türkmen bolupdyr. Ahmet ibn Ýusubyň gürrüňdeş bolan adamlarynyň arasynda hökümdaryň doganoglan agalary hem bar eken. Bu gürrünleri ýazar Ahmet beg ölenden soň, onuň ogly Humarawaýhyň dolandyran ýyllarynda ýazyp alypdyr. Tulunylar barada eser ýazanlaryň ýene biri al-Balawy hasap edilýär. Onuň işi «Kitab sirat al-Tulun» («Tulunylar nesilşalygynyň taryhy») diýlip atlandyrylýar. Bu eser ýeke-täk nusgada saklanyp galyp, ol 1935-nji ýylda Damaskyň «az-Zahariýe» kitaphanasynda ýüze çykarylypdyr. Bu nusga 1939-njy ýylda Muhammet Gurt Aly tarapyndan Siriýada neşir edilipdir. Eser tulunylar nesilşalygyna bagyşlanan bolsa-da, ondaky gürrüňler esasan Ahmet Tulunyň özi hakyndadyr. Al-Balawy eseriň girişinde bu işi Müsüriň tanymal adamlarynyň biriniň howandarlyk etmeginde ýazandygyny belleýär, ýöne «howandaryň» adyny görkezmändir. Al-Balawynyn ýazmagyna görä, şol adam Ahmet ibn Ýusubyň tulynylar baradaky eserini okandygyny, ýöne ondan göwnüniň suw içmändigini aýdypdyr. Al-Balawynyň eseriniň X asyryň ikinji ýarymynda ýazylandygyny göz öňünde tutsak, ady näbelli «howandar» tulunylar neslinden ya-da ihçidler döwrüniň belli şahsyýetleriniň biri bolmaly. Sebäbi eser tulunylar begligi ýykylandan 50 ýyl geçenden soň ýazylypdyr. Bu işiň ähmiýetine alym K.A. Boýko uly baha berýär: «Al-Balawy tarapyndan döredilen Tulun oglunyň ömürbeýany bu ajaýyp hökümdaryň dolandyran ýyllarynyň taryhyna we Müsüriň taryhynyň IX asyrynyň ikinji ýarymyna degişli iň irki çeşmeleriň hataryna degişlidir». Al-Balawynyň eserindäki gürrüňler hökümdaryň kakasy Tulunyň gelip çykyşy bilen baglanşykly hekaýatdan başlanýar. Şundan soň ýazaryň ähli ünsi eseriň baş gahrymany Ahmet Tulunyň şahsyýetinde jemlenýär. Ýazar Ahmet begiň Müsüriň syýasy durmuşynda peýda bolşundan başlap, tä ol aradan çykýança ömür ýoluny jikme-jik yzarlaýar. Al-Balawy nesilşalygy esaslandyran başarjaň we zehinli hökümdaryň çylşyrymly we gapma-garşylykly keşbini görkezip bilipdir. Onuň endiklerini, hüý-häsiýetlerini we dünýägaraýyşyny beýan etmek bilen Ahmet Tulunyň gowy häsiýetlerine uly üns beripdir, onuň ýowuzlyklaryny aklaýar. Eserde Ahmet Tulun edenli hökümdar, inçe diplomat, başarjaň serkerde, zehinli gurujy we tanymal deňizçi hökmünde häsiýetlendirilýär. Ahmet Tulunyň şahsyýetiniň çöwre tarapy hökmünde taryhçy onuň ogullarynyň biri al-Abbasy mysal hökmünde görkezýär. Al-Balawynyň ýazmagyna görä, Al-Abbasyň şahsy keşbi nesiller üçin diýseň öwrenerliklidir. Ol döwlet işlerinden başy çykmaýan, emelsiz nalajedeýin, barypýatan tüpbozan bolupdyr. Ol kakasynyň garşysyna topalaň turuzýar, ýöne derbi-dagyn edilip, ryswa bolýar. Işiň ähmiýetli taraplarynyň biri-de, tulunylaryň ömürbeýany bütin Ýakyn Gündogaryň taryhy bilen baglylykda beýan edilýär. Onda Müsüriň, Halyflygyň we Wizantiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary görkezilýär. Eserdäki wakalar Ahmet Tulunyň syrkawlamagy we aradan çykmagy, onuň nesihatlary, baýlyklary we jaýlanyşy bilen tamamlanýar. Al-Balawiniň işi tulunylar häkimiýet başyndan gideninden köp wagt geçip, Müsüriň ykdysadyýetinde we syýasatynda çöküşler başlandan we häli-şindi bolýan topalaňlar merkezi häkimiýeti gowşadandan soň ýazylypdyr. Şonuň üçin hem ýazaryň pikiriçe, Müsüre Ahmet Tulun ýaly ýurdy düzgüne salyp, topalaňlary ýatyryp biljek güýçli şahsyýet zerur bolupdyr. Şeýle şahsyýetiň üstünlikli döwlet işi, ýazaryň pikirine görä, ýerli hökümdarlar üçin nusgalyk tejribe mekdebi bolup biljekdi. Al-Balawy bu işi ýazmak üçin Ahmet Tulun tarapyndan döredilen hökümet edarasyndan - «diwan al-inşadan» alnan resminamalary we hatlary giňişleýin ulanypdyr. Al-Balawiniň berýän maglumatlaryna görä, Ahmet Tulun şahsy kätibine özüniň dürli adamlar bilen gürrüňdeşligini, gürrüňdeşligiň nirede we kim bilen geçirilýändigine garamazdan, ähli gürrüňleri dolulygyna ýazdyrýar eken. Eger-de kätip şu düzgüni bozaýsa, ona haýal etmän çäre görlüpdir. Tulynylar barada eser ýazan taryhçylaryň biri-de, Abu Omar Muhammet ibn Ýusup ibn Ýakup ibn Hafs at –Tujibi al-Kindi al-Mysrydyr (897-961). Onuň dürli hili atlandyrylýan «Kitab al-Umara» («Emirler hakynda kitap») eseri saklanyp galypdyr. Bu eserde Müsüriň VII-X asyrlardaky emirleri bilen bir hatarda Tuluny we Ihçidi emirleri barada-da gymmatly maglumatlar berilýär. Al-Kindi beýan edýän wakalaryny dürli şahyrlara degişli goşgy setirleri bilen hem bezäpdir. Şol goşgylar Ahmet Tuluna, onuň ogly Humarawaýha bagyşlanyp arap şahyrlary tarapyndan ýazylan öwgüli, şeýle hem tulunylar nesilşalygynyň ýykylmagyna gynanç bildirilip, göz ýaş edilip ýazylan şygyrlardyr. Ýazaryň işindäki maglumatlar VII asyryn ortalaryndan gaýdyp, Muhammet Ihçidiň ölümine çenli (946) ýetirilip goýulypdyr. Al-Kindiniň eseriniň nusgalary Akkadaky (Palestina) Ahmet paşanyň (XI asyryň göçürmesi), Gylyç Aly paşanyň (XII a.), Mustapa ependiniň (XVI asyryň başlarynyň göçürmesi), Esat ependiniň (XVI asyryň ahyrlary) kitaphanalarynda, şeýle hem Angliýanyň Britan mirashanasynda saklanýar. Gynançly ýeri, bu eseriň dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki bu güne çenli saklanyp gelýändigine garamazdan, ol biz üçin elýeterli däldir. ▶ OGUZ NESLINIŇ IHÇITLERI. Tulunylar türkmen begligini ýyksalar-da bagdatly halyfyň dikmelerine Müsürde uzak höküm sürmek miýesser etmändir. 935-nji ýylda Müsür ýene-de keseki agalygyndan çykýar. Bu gezek Müsüre garaşsyzlygy beýleki bir türkmen begi Tuguç Ihçidiň ogly Muhammet beg alyp berýär Tulunylardan tapawutlylykda, ihçidileriň ata-babalary we olaryň gelip çykyşy barada belli bir derejede maglumatlar saklanyp galypdyr. Ihçit unwany Muhammet begiň ata-babalarynyň hökümdarlyk derejesi bolup, olar gadymy döwürlerden tä VIII asyryň ortalaryna çenli Merkezi Aziýanyň hökümdarlary bolupdyrlar. Ihçidileriň asly Amyderýanyň we Syrderýanyň aşak akymlarynda ýasan gadymy oguz taýpalaryndan bolupdyr. Müsürde höküm süren ihçidileriň ata-babalary hakynda iňňän gymmatly maglumatlar saklanyp, olar bu nesilşalgynyň Türkmenistandaky we Merkezi Aziýadaky hökümdarlygynyň taryhyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ihçidiler baradaky maglumatlar dürli taryhy çeşmelerde agzalýar. 1932-nji ýylda Täjigistanda Mug dagyndan tapylan sogdak resminamalarynda, Merkezi Aziýanyň ýerli zikgelerinde we hytaý çeşmelerinde ihçidiler barada gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. 1936-njy ýylda Özbegistandan tapylan teňňelerde-de ihçidiler barada maglumatlar berilýär. Bar bolan taryhy maglumatlar ihçidileri Syryderýanyň we Amyderýanyň boýlarynda ýaşan gasdymy oguz taýpasy bolan kaňlylardan (hytaý çeşmelerinde «kangýuý» – «arabaly») gelip çykypdyr diýip netije çykarmaga esas berýär. Hytaý çeşmelerinde Mawerennahr ýurdy Kangýuý (Kaňly), meşhur taryhçylar Narşahynyň we at-Tabarynyň işlerinde bolsa Sogdak (Sogdiana) diýlip atlandyrylýar. Kaňly döwleti b.e.ö. IV asyrdan, tä b.e. III asyry aralygynda rowaç bolan döwletdir. Kaňlynyň taryhy belli türkmen arheolog alymy H.Ýusupow tarapyndan belli bir derejede öwrenildi. Bu döwletiň ýerleri günorta-gündogarda Fergana, demirgazyk-gündogarda Balhaş kölüne, günortada Amyderýanyň ýokary akymlaryna, demirgazyk-günbatarda Aral deňzine, günorta-günbatarda Uzboýyň orta akymlaryna çenli aralyklary öz içine alypdyr. Onuň merkezi Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Kät (Köneürgençden öňki paýtagt) şäheri bolupdyr. S.P. Tolstowyň ýazmagyna görä, Kaňly döwletiniň esasy merkezi Horezm bolupdyr. Kaňlylar giçki döwürlerde Sogdagy (Sogdiýana), Baktriýany öz döwletleriniň düzümine goşýarlar. Halkymyzyň gadymy döwletleriniň biri bolan bu döwlet 600 ýyldan gowrak wagt ýaşapdyr. Kaňlylar Uzboýyň, Horezmiň, Baktriýanyň we Sogdiýananyň medeniýetinde, dilinde, sungatynda öçmez yz galdyrypdyrlar. Kaňlylaryň döwletinde hökümdar «ihçit» diýlip atlandyrylypdyr. Araplar Mawerennahry eýelemänkäler bu ýeriň welaýatlaryny Kanly neslinden bolan ihçitler dolandyrýardylar.Taryhy çeşmelerde we ylmy edebiýatda «Ihçit» sözi «hökümdar» manysynda «Sogdagyň ihçidi» ýa-da hytaýça «Kaňly ihçidi» görnüşinde köp duş gelýär. Alymlar G. Gibb bilen K. Şiratory hytaý çeşmelerine esaslanyp, «Kaňlynyň hökümdarlary ihçit unwanyny göteren dolandyryjy Kaň nesline degişli bolupdyr» diýip belleýärler. Mawerennahryň hökümdarlarynyň hemmesi araplar gelmänkä we araplar gelenden soň hem şu nesle degişli bolupdyrlar. Kaňlynyň VII-VIII asyrlardaky ihçidleriniň ady bize hytaý ýazgylarynda gelip ýetipdir.Olaryň ilkinjisiniň ady «Fo-hu-man» görnüşinde bellidir. 1903-nji ýylda E. Şawann onuň adynyň «Bähmen» görnüşini anyklady. Bähmen ihçit Kaňly ýurduny 650-696-njy ýyllarda dolandyrypdyr. Bähmenden soň Tukaspadak (Du-sa-bo-ti) ihçitlik edýär. Ondan soň Bähmeniň ogly Ni-ni-şy-şe (698-700) dolandyrýar. Bu at diňe hytaý çeşmelerinde agzalýar, beýleki arap-pars ýazgylarynda onuň hakyky türkmen ady görkezilmeýär. Bu hökümdardan soň 700-710-njy ýyllarda Kaňly ýurdyny onuň ogly Tarhan ihçit (Tu-hun) dolandyrypdyr. Tarhandan soň 710-721-nji ýyllarda Ugrak (U-le-ga) hökümdarlyk edýär. Ugragyň ihçitlik eden ýyllarynda ýerli halk bilen gelmişek araplaryň arasynda dartgynly ýagdaý emele gelýär. Araplar ilatdan alynýan salgytlary ýyl-ýyldan artdyrýardylar. Şonuň üçin hem 721-nji ýylda Ugragyň inisi Diwaştiç ihçit (onuň ady budda ýazgylarynda şeýle tutulýar) araplara garşy gozgalaň turuzýar. 721-722-nji ýyllarda ol arap dikmelerini birnäçe gezek ýeňlişe sezewar edýär. Ýeňlen dikmelere Bagdatdan goşun kömegi gelenden soň, Diwaştiç olara boýun egmek islemän Kaňlydan çykyp gidýär. Diwaştiç hem Ugrak ýaly ihçit unwanyny göteripdir. Emma 722-nji ýylda gozglaň basylyp ýatyrylýar, Diwaştiç bolsa wepat bolýar. Bu wakalardan soň araplar ihçitleriň häkimiýetini ykrar etmäge we salgytlary azaltmaga mejbur bolýarlar. Şonuň üçin hem 722-nji ýylda häkimiýet başyna ýene-de Ugrak beg gelýär. Şu döwrüň kaňly we hytaý teňňelerini öwrenen alym O.I. Smirnowa ihçitlerde arap-pars we budda atlarynyň dyşýandygyna garamazdan, olaryň gürrüňsiz türki aslynyň bolandygyny belleýär. 738-nji ýylda Ugrak aradan çykandan soň onuň ogly Tugra (Doge) ihçitlik edipdir. Onuň näçe ýyllap hökümdarlyk edeni belli däl. Şundan soň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada ihçitler baradaky maglumatlar ýitýär. Müsürli gürrüňe dolanyp gelsek, Muhammediň kakasy Tuguç beg Ferganany dolandyran ihcitleriň biriniň ogly bolup, X asyryň başlarynda Bagdatda halyfyň köşgünde gulluk edýär eken. Öz döwründe ol Damaskyň emiri wezipesini hem eýeläpdir. Emma halyfyň garşysyna gidenligi üçin, Tuguç beg tussag edilýär we zyndanda aradan çykypdyr. Muhammet beg kakasynyň şowsuzlyklaryny düzetmegi başarýar we 930-njy ýylda ilki Damaskyň emiri, 935-nji ýylda bolsa Müsüriň emiri bolmaklygy başarýar. Halyf ar-Rady (934-940) Muhammet bege ata-babalaryndan miras galan «ihçit» unwanyny beripdir. 938-nji ýylda Muhammet Tuguç özüni Müsüriň ihçidi diýip yglan edýär. Şeýlelikde, Müsürde ýene-de bir türkmen hanedany – ihçidiler nesilşalygy esaslandyrylýar. 941-nji ýylda Muhammet ihçit begligiň düzümine Siriýany, Palestinany, 942-nji ýylda bolsa Mekge-Medinäni hem birleşdirýär. Müsür gadymy döwürlerden bäri köp milletli ülkedi. Onda musulman halklary bolan türkmenlerden, araplardan başga-da, isaýylar we ýahudy halklary hem ýaşaýardy. Tulynylaryň döwründe bolşy ýaly, ihçidiler hem olary müsürli musulman raýatlary bilen deň tutýardylar, olara dürli meselelerde ýardam edýärdiler. Türkmen hökümdarlarynyň adalatly dolandyryşynyň netijesinde Müsürde hic haçan dinara ýa-da milletara dawalary bolmandyr. Tersine, taryhy çeşmelerde Muhammet Ihçidiň, haçanda, müsürli isaýylar özara dawa edenlerinde olary köşeşdirendigi we taraplaryň ikisi üçin hem bähbitli karara gelnendigi barada aýdylýar. Muhammet Ihçit hem Ahmet Tulun ýaly ylym-bilime we medeniýete uly sarpa goýan hökümdar bolupdyr. Ol sungat ussatlarynyň, din adamlarynyň, şahyrlaryň we alymlaryň hakyky howandary bolupdyr. Onuň aladalary bilen Kataýda ençeme jemgyýetçilik binalary gurlupdyr, ajaýyp eserler döredilipdir. 946-njy ýylda Muhammet beg aradan çykandan soň ýurdy onuň uly ogly Abulkasym Oňar Ihçit (946-960), ondan soň bolsa ikinji ogly Abulhasan Aly Ihçit (960-966) dolandyrýar. Abulhasan Ihçit häkimiýetini köşk adamlarynyň birine aldyrýar, ýöne ol topalaňçy türkmen serkerdeleri tarapyndan ýok edilip, Müsüriň iň soňky ihçidi Abulfawaris Ahmet tagta çykarylýar. Çylşyrymly wakalaryň gidýän döwründe gowşan begligiň üstüne goňşy döwletler hem hüjüm edip ugraýarlar. Şonuň üçin hem ihçidiler öz goňşulary bolan araplaryň hamdaniler, fatimiler, karmatlar döwletleri bilen üznüksiz uruşlary alyp barmaly bolupdyrlar. Sebäbi Ýakyn Gündogaryň iň baý ülkesi bolan Müsüri her kimiň eýeläsi gelýärdi. Müsüre Wizantiýa hem göz gyzdyrypdyr. Ahyrsoňy 969-njy ýylda fatimileriň serkerdesi Jöwher Müsüre uly ýöriş geçirýär we paýtagt şäher Kataý eýelenýär. Jöwher hem Kataýyň gapdalynda täze paýtagty – Kairiň düýbüni tutýar. Fatimiler Müsürde laýyk 200 ýyl hökümdarlyk edenlerinden soň, 1169-nji ýylda türkmen serkerdesi Ýusup Salaheddin Eýýubi Kaiirde häkimiýeti öz eline alýar. Eýýam belläp geçişimiz ýaly, ihçidiler hem Müsüri dolandyran türkmen hanedanlary bolan tulunylar, eýýubiler, memluklar we osmanlar ýaly bu gadymy ülkäniň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Müsürde ihçidiler nesilşalygy barada-da taryhy eserler döredilipdir. Şol eserleriň biriniň ýazary meşhur taryhçy Abu Muhammet al-Hasan ibn Ibrahim ibn al-Huseýin ibn al-Hasan ibn Aly ibn Halab ibn Reşid ibn Abdallah ibn Süleýman ibn Zulak al-Leýsidir (919-997). Bu ýazar ylymda Hasan ibn Zulak ady bilen tanalyar. Ibn Zulak tulunylaryň taryhyny hem gowy öwrenipdir. Ol birnäçe eser döredipdir. Onuň ihçidiler barada ýazan eseri «Kitab sirat Muhammet ibn Tuguç al-Ihşit» («Tuguç Ihçidiň ogly Muhammediň ömürbeýany») diýlip atlandyrylýar. Ibn Zulak bu işi ýazmak üçin Muhammet ibn Musa ibn al-Mamunyň «Sirat al-Ihşit « («Ihçidileriň ömürbeýany») eserini ulanypdyr. Bu eseri ol 946-njy ýylda al-Mamunyň özi bilen tanyşlykda içgin öwrenipdir. Emma esere ibn Zulagyň göwni ýetmändir. Sebäbi al-Mamun Muhammet Tugujyň göwnüni görmek, ondan mal-mülk hantama bolup, kitapda diňe hökümdaryň adyna aýdylýan öwgüli sözler bilen çäklenipdir. Ibn Zulagyň şaýatlyk etmegine görä, bu esere Muhammet Tugujyň hem göwni ýetmändir. Şonuň üçin hem aradan çykmazynyň öňisyrasy Müsürden Siriýa gelen Muhammet Tuguç bu kitaby köpeltmegi gadagan edipdir. 961-nji ýylda Muhammet Ihçidiň ogly Abul Hasan Aly (961-966) Ibn Zulaga kakasynyň ömürbeýanyny ýazyp bermegini sorap ýuz tutupdyr. Ýazaryň eseri Aly Ihçide-de, onuň ejesine-de ýarapdyr. Ibn Zulagyň ýazmagyna görä, kitap üçin merhum hökümdarýň ogly bilen aýaly ýazary sahylyk bilen sylaglapdyrlar we her ýyl oňa halat-serpaý berýär ekenler. Bize elýeterli bolmadyk bu kitapda, ibn Zulak Muhammet Ihçidiň jikme-jik ömürbeýanyny döredip, onda bu türkmen hökümdarynyň ata-babalary, onuň 935-nji ýýla çenli ömür ýoly, dolandyryşy, geçiren ýörişleri we alyp baran usruşlary, garşydaşlary bilen gatnaşyklary, onuň gullary, söweş atlary, eýelik eden baýlygy we başgalar barada gymmatly maglumatlar berýär. Ibn Zulagyň bu işi ýazmak bilen baglanşykly maglumatlary ylym üçin has hem ähmiýetlidir. Bu barada onuň özi şeýle ýazýar: «Bu ömürbeýana men diňe özümiň şaýat bolan wakalarymy we mümkin boldugyça diňe özümiň ynamdar diýip hasap eden adamlarymyň aýdyp beren gürrüňlerini goşdum. Abu Omar Muhammet ibn Ýusup al-Kindi «Ahbar umara Mysr» («Müsüriň emirleri hakynda hekaýat») esrerini döretdi we ony al-Ihçidiň ölümi bilen tamamlady. Onda ol Muhammet Ihçit barada az maglumat berýär. Men Oňar, onuň inisi Aly, Ahmet ibn Aly al-Ihçit baradaky maglumatlar bilen bu ömürbeýanyň üstüni ýetirdim. Şeýle hem bu ömürbeýana Aly ibn al-Ihçitden soň hökümdarlyk edenler barada-da maglumat goşdum.» Ibn Zulagyň eli bilen ýazylan bu iş Müsürde XV asyrda-da bar eken. Ony 1417-1437-nji ýyllarda arap ýazary al-Makrizi peýdalanypdyr we eserden ýazgylary alypdyr. Eýýäm bellenip geçilşi ýaly, ibn Zulak Muhammet Ihçidiň ömürbeýanyny döretmek üçin diňe özüniň we ony ýakyndan tanan, ýazaryň özi üçin ynamdar hasap edilen adamlaryň gürrüňlerini ulanypdyr. Hakykatdan hem «Ömürbeýanyň» biziň günlerimize çenli saklanyp gelen nusgasy dolylygyna Ihçidiler döwletini esaslandyryjyny ýakyndan tanan adamlaryň beren maglumatlaryna esaslanýar. Olar 40-a golaý adamlar bolup, olaryň arasynda Muhammet Ihçidiň maşgala agzalary, kazylar, wezirler, serkerdeler, onuň şahsy goragçylary, kätipleri, müneçjimleri, tebipleri we terjimeçileri bolupdyr. Umuman alanyňda, ibn Zulagyň işi hem Müsürde hökümdarlyk eden ihçidiler nesilşalygy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Gyzykly ýeri, tulunylar we ihçidiler baradaky maglumatlary Müsürde memluklar döwrüniň meşhur türkmen taryhçysy ibn Taňryberdi (XIV a.) özüniň «An-Nujum az-Zahira» («Parlak ýyldyzlar») eserinde peýdalanypdyr. Ibn Zulagyň eserleriniň nusgalary häzirki döwürde Kairiň, Berliniň, Parižiň atly golýazmalar mirashanalarynda, şeýle hem Türkiýedäki Welieddin ependiniň, Myrat Mollanyň kitaphanalarynda saklanýar. Ibn Zulagyň işi 1933-nji ýylda «Müsüriň taryhy» ady bilen Kairde neşir edilipdir. Ihçidiler barada taryhy maglumataryň esasynda 1950-nji ýylda Müsürde Saýýida al-Kaşifiniň «Mysr fi-asr Ihşidiýin» («Müsür ihçidileriň döwründe») eserem neşir edilipdir. Müsürliler öz ýurtlaryna garaşsyzlyk alyp beren türkmen gerçeklerini unudanoklar. Bu gadymy ýurduň taryhy bilen baglanyşykly neşir edilýän kitaplarda müsürli alymlar eýýubilere we memluklara bolşy ýaly, tulunylar bilen ihçidilere-de uly ähmiýet berýärler. Olar meşhur türkmen hökümdarlarynyň atlaryny guwanç bilen tutýarlar. Ahmet Tulunyň, Muhammet Tugujyň atlary Müsüriň taryhynda uly yz galdyran ýerli arap şahsyýetleri – Saad Zaglulyň, Ahmet Araby paşanyň, Gamel Abdel Naseriň we beýlekileriň atlary bilen bir hatarda hormat bilen tutulýar. Çünki olar Müsüre onlarça ýüzýyllyklardan soň, onuň iň soňky faraony – zenan patyşa Kleopatranyň döwründe ýitirilen garaşsyzlygyny alyp beripdirler. Türkmen halkymyzda «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» diýen gadymdan gelýän pähimli bir söz bar. Oňa her kim bir hili düşünýär. Ýöne, kim näme diýse-de, bu parasatly söz Müsürde şa bolmagyň hakykatdan hem juda kyn bolandygy üçin dörän bolmaly. Aýdylanlara türkmeniň beýik hökümdarlarynyň bu gadymy ülkäniň taryhynda galdyran öçmejek yzlary we bitiren beýik işleri şaýatlyk edýär. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |