10:58 Nabat Nurmuhammedowa | |
NABAT NURMUHAMMEDOWA
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Bagşyň ady we familiýasy:Nabat Nurmuhammedowa Doglan ýeri:Ahal welaýatynyň gadymy Änew şäheri Doglan senesi:1926-njy ýylyň 18-nji ýanwary Aradan çykan senesi:1992-nji ýylyň 6-njy sentýabry Bilimi:Aşgabat şäherindäki öňki 14-nji ýediýyllyk mekdebi Gysgaça maglumat: Nabat Nurmuhammedowanyň zehini ýaşlykdan ýiti bolupdyr. Onuň aýdym-saza bolan ylahy zehini Sahy bagşynyň ünsüni çekýär. 1931-nji ýylda ol Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasyna çagyrylýar. Ol ýerde ussat halypalardan saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. 16 ýaşyndaka 1941-1945-nji ýyllaryň urşy döwründe Sahy Jepbarowyň aýdym-saz topary bilen söweşde ýaralanyp gospitallarda ýatan esgerleriň öňünde konsertler berip Belorussiýaň Orýol, Briansk,Tula şäherlerinde bolýar. Onuň harby bileti şahsy arhiwinde bar. Nabat bagşynyň adamsy Annanyýaz Öwezow hem ussat sazandalaryň biri. Nabat daýza bilen Annanyýaz aga sekiz perzendi ösdürip ýetişdirýär. Uly gyzy Annajeren Kulyýewa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň hem-de «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygyna» ýubileý medalyň eýesi. Döredijiligi: Nabat Nurmuhammedowa asyrlar aşyp gelýän milli bagşyçylyk sungatymyzyň özboluşly ýol goýan halypalarynyň biri. Ol halkymyzyň guwanjy, meşhur Halbikesiniň (aýal bagşy) bagşyçylyk sungatyny ýöredip, özüni tanymal ussatlaryň hatarynda tanatdy. Bu sungata baş goşmak öz döwründe oňa ýeňil düşmeýär. Şol kynçylykly döwürlerde-de eli dutarly halkyň öňüne çykyp, belentden belent çeküwli aýdymlary aýdan bagşy zenanyň geçen durmuş hem döredijilik ýoly hakynda söhbet etmek diýseň täsirli. Ol mekdepde okaýan wagtlary aýdym-saz gurnaklaryna gatnaşyp başlaýar. Onuň juda owadan üýtgeşik owazy turuwbaşdan mugallymlarynyň ünsüni çekýär. Günleriň bir güni bolsa mekdebe ýaş zehinleriň gözlegi bilen meşhur bagşy Sahy Jepbarow bilen birnäçe halypalar barýar. Şonda onuň aýdym aýdyş ukyby, zehini Sahy bagşynyň bada-bat ünsüni çekýär. Şeýlelik bilen oňa ýaşlygyndan halypa bagşy-sazandalardan tälim almaga mümkinçilik döredilýär. Ol Türkmen döwlet filarmoniýasynyň bagşy-sazandalarynyň sungaty bilen tanyşýar. Onuň bu ugra höwesi has-da artýar.Ol kyrkynjy ýyllaryň başlarynda bu ansambla goşulýar. Ansambla gelen gününden başlap ussatlardan tälim alyp, Sahy bagşydan aýdym aýtmagyň, Mylly agadan, Pürli agadan saz çalmagyň inçe syrlaryny öwrenip başlaýar. Ol ýerde her günki geçilýän türgenleşiklere yhlas bilen gatnaşyp, sanly günüň içinde özi ýaly zehinleriň arasyndan saýlanýar. Eýýäm kyrkynjy ýyllaryň ortalarynda onuň aýdym-saz örüsi has giňeýär. Ol halk aýdymlarynyň çeküwli nusgalaryna ikirjiňlenmän ýapyşýar. Soňa-baka ol bagşy hökmünde özbaşdak konsertleri berýär. Deň-duş sazandalary Hojamämmet Täçmämmedow, Şamyrat Gurbannepesow, Çary Gurbanow dagy bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagşyçylyk edýär. Ukusyz geçiren gijelerini aýdym öwrenmäge bagyşlaýar. Ol 1944-nji ýylda Daşkentde geçirilen, 1955-nji ýylda Moskwada geçirilen sungat baýramçylyklaryna gatnaşyp özüniň bagşyçylyk ussatlygyny görkezýär. Ol diňe bir halk aýdymlary aýtmak bilen çäklenmeýär. Häzirki zaman aýdymlarynyň hem ussat ýerine ýetirijisi hökmünde özüni tanadýar. Onuň hoş owaz bilen aýdan aýdymlary dürli ýyllarda tele-radio ýaýlymlar üçin ýazgy edilýär. Onuň ýerine ýetiren aýdymlarynyň köpüsi «Mukamyň syry» çeper filminde Karkaranyň keşbiniň üsti bilen diňleýjilere mälimdir. «Kim biler», «Sahupjemal», «Selbinýaz» ýaly ençeme aýdymlary bolsa tele-radio ýaýlymlarda häli-şindi ýaňlanyp dur. Ol bagşyçylyk sungatynda ýokary ussatlygy üçin «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2018-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar bilen sylaglandy. Çeşme:Bagşynyň maşgala arhiwindäki maglumatlar esasynda taýýarlandy Taýýarlan:Akgül SAPAROWA. Taýýarlanan senesi:14/05/2022 Alnan çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/nabat-nurmuhammedowa/. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |