16:58 Näbelli gül / hekaýa | |
NÄBELLI GÜL
Hekaýalar
Dünýäde kiçijik bir gül ösýär eken. Onuň ýer ýüzünde bardygynam hiç kim bilmändir. Gülüň ýalňyz özi çölüstanlykda kemala gelipdir; sygyrdyr geçi-de o ýere barmandyr, pioner lagerindäki çagalar-da bu töwerekde hiç wagt oýnamandyrlar. Çölüstanlykda ot-çöp ösmändir, diňe saralyp giden harsaň daşlar düňderilişip ýatypdyr, daşlaryň arasynda-da gurap giden jansyz takyrlyk bolupdyr. Bu çölüstanlykda diňe şemal çar tarapa okessirme geçipdir; misli tohum sepiji goja dek şemal bir ýerlerden tohum getiripdir-de, ony çar ýana sepelepädir – tohum hüýt gara çyg topraga-da düşüpdir, daşlaryň arasyna-da. Boz ýatan gara toprakda tohumlardan güldür ot döräpdir, daşly takyr ýerde bolsa tohumlar gurap gidipdir. Bir gezegem şemaldan ýekeje tohum gaçyp galypdyr-da, daş bilen takyrlygyň aralygyndaky çukurjykda gizlenipdir. Bujagaz tohum uzak wagtlap horlanypdyr, soňam gyrawdan, çygdan nemlenip, näzijek kökjagazlaryny ýaýradyp ugrapdyr. Imeşijek kökler daşdyr toýun topraga dyrmaşyp, ösüp ugrapdyr. Şol kiçijik gül ine şeýdip dünýäde ömür sürüp başlapdyr. Daşdyr toýnuň arasynda oňa iýmitlenmäge hiç zat bolmandyr; asmandan gaçýan ýagyş damjalary-da ýeriň ýüzüne ýaýrap, onuň köküne ýetip bilmändir. Güljagaz bolsa ösüpdir-ösüpdir-de, biraz ýokarrak dyrmaşypdyr. Ol öz ýaprajyklaryny şemala garşy geripdir, şemal bolsa güljagazyň duşuna gelende säginipdir, şemaldan takyr ýere tozanjyklar gaçypdyr, o tozanjyklary şemal gap-gara, mes toprakdan getiripdir. Olarda näçe diýseň gül üçin iýmit bolupdyr, ýöne tozanjyklar gup-gury eken. Olary çyglamak üçin güljagaz uzakly gije gyrawy aňtapdyr, öz ýaprajyklaryna olary damja-damja ýygnapdyr. Gyrawdan ýaňa ýaprajyklar agralanda bolsa güljagaza olary aşak sallapdyr, gyraw ýere gaçypdyr; ol şemalyň getiren hüýt-gara mes topragyna yzgar beripdir, çyglyk bimar topragy ýumşadypdyr. Güljagaz gündizlerine şemaly aňtapdyr, gijelrine bolsa gyrawy. Ösmek üçin hem gurap ötägitmezlik üçin ol gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekipdir. Ýapraklary-da ýap-ýasy bolupdyr. Indi olar şemaly togtadyp hem onuň çygyny ýygnap bilýän eken. Her niçik-de bolsa, şemaldan gaçan tozanjykdan iýmitlenmek hem-de tozanjyk üçin çyg toplamak güljagaza gaty kyn düşüpdir. Ýöne ol ýaşaýşa ýürekden maýyl bolansoň, açlykdan hem horlukdan çekýän jebrini sabyrlylyk bilen ýeňip geçipdir. Güljagaz her günde bir gezek, ýagny säherde dogan günüň ilkinji şuglasy onuň argyn ýapraklaryny ogşanda şatlanypdyr. Şemal çölde uzak wagtlap gara bermese, körpeje gülüň haly hasam harap bolupdyr, ýaşamaga, ösmäge onda güýç-gurbat galmandyr. Her näme-de bolsa, güljagaz gam-gussa batyp ýaşamak islemändir; şonuň üçin-de halynyň juda teň bolan wagty ol irkilipdir. Hatda onuň kökjagazlary ýylmanak daşdyr gury toýundan iýmitlenip bilmän horlansa-da, ol hemişe gol ýaýmaga çytraşypdyr. Şeýle ýagdaýda onuň ýapraklary ösüp hem doly reňkine çykyp bilmändir. Ýapragynyň çylgymlarynyň biri göm-gökje, beýlekisi gyp-gyzyl, üçünji biri-de ýaşyl ýa gülgün reňke boýalypdyr. Bu bolsa güljagazyň ine-gana iýmitlenip bilmänliginiň nyşanydyr, onuň çekýän ähli jebir-jepasy dürli reňklerde onuň ýapragynda alamat goýupdyr. Ýöne güljagazyň özi beýle ýagdaýy duýmandyr. Sebäbi ol kör bolupdyr. Şonuň üçinem gül özüniň niçiksidigini görmändir. Tomsuň ortalarynda güljagaz özüniň täjini asmana ýaýradyp ugrapdyr. Muňa çenli ol ota meňzäpdir, indi bolsa hakyky güle aýlanypdyr. Onuň gül täji adaty ak reňke boýalypdyr, misli ýyldyz ýaly, ýagty hem jowahyrly öwşün atypdyr. Misli ýyldyz dek ol alawlanyp ýanypdyr, hatda ony tüm garaňky gije hem görüp bolupdyr. Bu çöl-beýewanlyga şemal gelen wagty ol hemişe güli ogşap geçipdir hem onuň anbar ysyny öz goltugyna salyp äkidipdir. Ine bir gezegem säher bilen Daşa atly gyzjagaz şol çölüstanlygyň duşundan geçip gidipdir. Ol öz joralary bilen pioner lagerinde ýaşaýar eken. Häzirem daň bilen oýanypdyr-da, onuň ejesini göresi gelipdir. Ol ejesine hat ýazypdyr hem öz sargydy basymrak gowşar ýaly, ol haty stansiýa eltip gaýdypdyr. Ýolda barýarka Daşa hatly bukjany ogşapdyr, özündenem öňürti onuň ejesini görjekdigine gözi gidipdir. Çölüstanlygyň çetinde durka, Daşa bir ýakymly ysy duýupdyr. Ol çar ýanyna ser salypdyr. Golaý-goltumda hiç bir gül görünmändir, ýoluň ugrunda ýekeje otjagaz ösüp oturan eken. Çölüstanlyk bolsa bütinleý iňläp ýatan boşluk bolupdyr; ýöne çöl üstünden ösýän şemal mylaýym ys getiripdir, bu ysdan kiçijik bir näbelli durmuşyň gürsüldisi telwas urupdyr. Daşa bir ertekini ýadyna salýar, ony ejesi birmahallar aýdyp beripdir. Ejesi öz käbesini göresi gelip, hasrat çekýän güljagaz barada aýdypdy; hasrata batan gül aglap bilmändir, öz nalasyny ol anbar ysynda ýaýypdyr. “Öz ejesini göresi gelip şojagaz gülem otaýda edil meň ýaly gam çekýändir” diýip, Daşa pikir öwrüpdir. Gyzjagaz çölüstanlyga aýlanypdyr hem daşyň golaýynda şojagaz güle gözi kaklyşypdyr. Daşa beýle güli şindi hiç ýerde görmändir. Ne meýdanda, ne tokaýda, ne kitaplardaky suratlarda, ne botaniki bagda – hiç ýerde beýle güle sataşmandyr. Ol ýerde, güljagazyň golaýynda çöküp oturypdyr-da, ondan sorapdyr: - Nämüçin sen beýle? - Bilemok – diýip, güljagaz jogap beripdir. - Nämüçin sen özgelere meňzäňok? Güljagaz ýene-de näme diýjegini bilmändir. Ýöne ol birinji gezek şeýle ýakyndan ynsan sesini eşidipdir, ilkinji gezek kimdir biri oňa syn edipdir. Şonuň üçin ol dymyp Daşany öýkeletmek islemändir. - Maňa kyn bolýanlygy üçin şeýle – diýip, güljagaz jogap beripdir. - Seniň adyň näme? – diýip, kiçijik gül aýdypdyr. – Men ýalňyz ýaşaýan. Daşa çöl-beýewanlyga göz aýlapdyr. - Bu ýerleri daş, toýun kesek! – diýip, ol aýdypdyr. – Niçiksi sen ýalňyz ýaşaýaň, toýnuň içinden nädip beýle ösüp çykyp bildiň? Ejizje halyňa neneň ölmediň? - Näbileýin – diýip, Güljagaz jogap beripdir. Daşa gülüň üstüne eglipdir-de, onuň şöhle saçýan kellejiginden ogşapdyr. Ertesi ejizje gülüň ýanyna pionerleriň hemmesi myhmançylyga gelipdir. Olary Daşa getiripdir. Ýöne gelmezlerinden has ozal, çölüstanlyga ýetmänkäler, ol hemmelere uludan dem almagy buýrupdyr hem şeýle diýipdir: - Eşidýäňizmi, nähili ajap ys saçýar. Bu hut şol gülüň demi-dä. Pionerler egele bolup, kiçijik gülüň daşynda uzak wagtlap durupdyrlar. Misli gahrymana sejde edýän ýaly, ony höwes bilen synlapdyrlar. Soňra olar bütin çölüstanlyga aýlanyp çykypdyrlar, ony ädimläp ölçäpdirler jem jansyz ýatan toýny dökünlemek üçin näçe galtak dersdir kül getirmeli boljakdygyny hasaplap görüpdirler. Olar çölüstanlykda-da topragyň jomart bolmagyny isläpdirler. Şonda ady hem näbelli bolan kiçijik güljagaz-da dynç alar, onuň tohumyndan bir eýjejik çagajyklary bösňär hem baky ýaşar. Onuň önelgesi iň gowy, gülgün reňk bilen lowurdaýan güljagazlar bolar. Beýle güllere hiç ýerde duşmarsyňyz. Çölüstanlykdaky topragy dökünlemek üçin pionerler dört günläp işläpdirler. Şondan soň olar beýleki giňişliklere hem tokaýklara syýahata gidipdirler. Bu çöl-beýewanlyga olar dolanyp gelmändirler. Kiçijik gül bilen hoşlaşmak üçin diňe Daşa bu ýere gelipdir. Tomus aýak bolup ýörüpdir, pionerlerem öýlerine gaýtmaly ekenler, olar gaýdypdyrlaram. Soňkusy tomus Daşa ýene-de şol pioner lagerine gelipdir. Uzakly gyşyň dowamynda ol kiçijik, ady näbelli güljagazy ýadyndan çykarmandyr. Ol gelen badyna-da, güljagazyň halyndan habar almak üçin çölüstanlyga eňipdir. Daşa çölüstanlygyň indi başga keşbe girendigini görüpdir. Otdur gül bary ösüp-örňäp gidipdir, olaryň depesinde bolsa guşdur kebelekler gaýmalaşypdyr. Güllerden ýakymly ys bark urupdyr, ol ys şol kiçijik jepakeş güljagazyň ysyna ogşapdyr. Emma daş bilen goýnuň aralygynda mesgen tutan öten ýylky güljagaz indi görünmändir. Geçen güýzde gurap giden bolmagy-da ähtimaldyr. Täze güllerem birenaýydy; ýöne olar şol ilkinji güljagazdan biraz egsik ýalydylar. Ozalkyja güli görüp bilmänligi üçin Daşanyň ýüregi gysyp ugrapdyr. Ol yzyna ýöräpdir-de, birdenkä aýak çekipdir. Iki sany ýasy daşyň aralygynda täze bir gül gyzaryp çykypdyr. Ol şo ozalky gülüň hut özi eken. Ýöne ondanam biraz gowy hem nurana eken. Bujagaz gül biri-birine çakyşyp ýatan daşlaryň arasyndan ösüp çykypdyr; ol misli atasy ýaly, reňkdar hem sabyrly bolupdyr. Ol atasyndanam gujurly eken. Sebäbi ol daşyň içinden böwsüp çykypdyr. Güljagaz Daşanyň özüne tarap owsun atýan ýaly duýlupdyr. Ol özüniň ses-selemsiz anbar ysy bilen gyzy öz ýanyna çagyrypdyr. Andreý PLATONOW. Terjime eden: Meret HALADOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 20.02.1987 ý. | |
|
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |