00:10 Ýuşka / hekaýa | |
ÝUŞKA
Hekaýalar
Ir döwürde biziň köçämizde garry sypatly bir adam ýaşapdy. Ol uly Moskwa ýolunyň gapdalyndaky demir ussahanasynda işlärdi. Gözleriniň görşi ýaramaz, elleriniň güýji az bolansoň, ol ussanyň tur-otur, kersen getir kömekçisidi. Ýuşka ussahana suw, çäge, kömür çekerdi, sütük bilen körügi ýelpärdi, ussa sozýan mahaly gysaç bilen sandaldaky gyzgyn demri saklardy, nallanmaly aty gurama elterdi hem-de edilmeli beýleki her dürli işleri bitirerdi. Hakyky ady Ýefimem bolsa, adamlaryň ulusy-kiçisi üçin Ýuşkadý. Ol kelte boýlujady, hordy, ýygyrt-ýygyrt ýüzünde sakaldyr murtuň deregine her ýerde-her ýerde seýrek çal tüýler dürterip çykardy; gözleri edil batylyňky deý ak bolup, mydama çygjarar durardy. Ýuşka ussahananyň eýesiniň jaýynyň aşhanasynda ýaşardy. Irden ussahana ugrardy, iňrik garalanda-da ýatalgasyna dolanardy. Hojaýyn ony zähmetiniň öwezine çörek, kelem çorbasy, şüle bilen naharlardy; çaýy, gandy, eşigi bolsa iş haky aýda ýedi manat altmyş köpük bolan Ýuşkanyň özi satyn almalydy. Ýöne suw içýän Ýuşka çaýa-da, ganda-da pul çykaranokdy, eşigi bolsa telim ýyllaryň dowamynda çalşyrmazdan geýýärdi: tomsuna-ha jalbarly, işden garalan, gurum baglan, uçgun düşüp deşim-deşim bolansoň, ak teniniň ençeme ýeri görnüp duran bluzaly, aýakýalaň gezerdi, gyşyna-da bluzanyň üstünden merhum kakasyndan galan kelte içmegi, aýagyna güýzde tiken keçe ädigini geýerdi; gyş nähili gelse gelibersin, “eşigi” üýtgemezdi - şol bir jübüti süýrär ýörerdi. Ýuşka irden köçe bilen demir ussahanasyna ugran mahaly gojalardyr kempirler örüşip başlardylar hem-de: “Hol-ha, Ýuşka işlemäge barýar, turar wagtyňyz boldy” diýşip, ýaş-ýeleňleri oýarardylar. Iňrik garalyp ugrap, Ýuşka ýatalgasyna bakan geçip gidende bolsa, adamlar: ”Agşam şamyny edinip, düşege geçmeli. Hol-ha, Ýuşka-da ýatmaga barýar” diýerdiler. Körpeler, hatda ýetginjekler özbaşyna ýuwaşjadan samrap barýan garry Ýuşkany gördükleri köçede oýnamaklaryny bes edip, onuň yzy bilen eňerdiler. Biragyzdan: - Hol-ha, Ýuşka barýar! Hol-ha, Ýuşka! – diýşip gygyryşardylar. Çagalar ýerden guran şahajyklary galdyrardylar, daşjagazlary, hapalary gysymlaryna dolduryp alardylar hem-de Ýuşka tarap zyňardylar. Körpeler: - Ýuşka! Sen, dogrudanam,Ýuşkamy? – diýşip goh turzardylar. Garry olara hiç hili jogap gaýtarmazdy, olardan gaty hem görmezdi; ol öňküsi ýaly ýuwaşja ýöremesini dowam etdirerdi, daşjagazlar, hapa-hupalar degýän ýüzünem ýapmazdy. Çagalar Ýuşkanyň janlydygy, özlerine gaharlanmaýandygy üçin geň galardylar. Olar ýene: - Ýuşka, dogrudanam, sen senmi ýa-da sen dälmi? - diýşip, garra gygyrardylar. Soň çagalar ýene ýerde ýatan zatlary oňa dazyrdadyp zyňardylar, ýanyna ylgap gelerdiler, edil beýleki uly adamlar ýaly näme üçin özlerine sögünmeýändigine, uzyn çybygy alaga-da, ökjelerine münmeýändigine düşünmän, ony ellärdiler, iteklärdiler. Körpeler başga şeýle adamy bilenokdylar, şonuň üçinem:”Dogrudanam, Ýuşka janlymyka?” diýip, pikir edýärdiler. Ýuşkany elläp ýa-da urup görübem, onuň berkdigine, janlydygyna ynanýardylar. Onsoň çagalar eger, dogrudanam, jahanda diriligi çyn bolsa, goý, gazaba münsin diýip, Ýuşkany ýene iteklärdiler, toprak alyp, oňa zyňardylar. Ýöne Ýuşka sesini çykarman, ýoluny dowam etdirerdi. Onsoň körpeleriň özleri Ýuşka gaharlanyp başlardylar. Sebäbi Ýuşka dymmasyny dowam etdirse, özlerini gorkuzmasa, jyrraldyp kowalamasa, olara tukatlyk aralaşjakdy, oýnuňam gyzygy gaçjakdy. Olar garryny has güýçli itekleýärdiler, gaharly seslener ýaly, özlerini şatlandyrar ýaly, töweregini gallap gygyryşardylar. Eger ol gazaba münäýse, gorkup ýensäni el ýaly etjekdiler, keýpleri göterilip, uzak aralykdan öz ýanlaryna çagyryp ganyny gyzdyrjakdylar, soňam gijäniň aragaraňkylygynda, daşky jaýlarda, baglaryň, mellekleriň otluk ýerlerinde gizlenjekdiler. Ýöne Ýuşka olara degenokdy, jogabam gaýtaranokdy. Çagalar Ýuşkanyň ýoluny bütinleý bekleseler ýa-da bir ýerini juda agyrtsalar, olara ýüzlenip: -Edýäniňiz näme,meniň mähribanlarym! Edýäniňiz näme, körpeler! Siz, megerem, meni söýýän bolmaly!..Men ne sebäpden beýle siziň hemmäňize gerek?..Duruň, maňa degmäň, gözüme toprak düşürdiňiz, men göremok - diýerdi. Çagalar ony diňlemeýärdiler, oňa düşünmeýärdiler. Olar öňküleri ýaly Ýuşkany iteklärdiler, üstünden gülerdiler. Olar özleriniň islän zatlaryny edip bilýändikleri, onuň bolsa hiç hili gäýtargy bermeýändigi üçin begenişerdiler. Ýuşka-da begenerdi. Ol körpeleriň näme sebäpden öz üstünden gülýändiklerini hem-de ezýet berýändiklerini bilýärdi. Ol çagalaryň özüni söýýändiklerine, özüniň olara gerekdigine, ýöne adamy söýmegi başarmaýandyklaryny, söýmek üçin näme etmelidigini bilmeýändikleri sebäpli hem, olaryň özüni tüýdüm-tüýdüm edýändiklerine ynanardy. Çagalary ýaramaz okasalar ýa-da ata-enelerine gulak asmasalar, öýde kakalarydyr ejeleri olara: ”Senem edil Ýuşka ýaly bolarsyň! Ulu adam bolup ýetişeniňde tomusda-ha aýakýalaň, gyşda-da ýyrtyk keçe ädikli gezer ýörersiň. Öňýeten saňa ezýet berer, üstüňden güler. Özüňem gant bilen çaýam içmersiň, diňe suw içersiň” diýip, teýene ederdiler. Uly ýaşly, gartaşan adamlaram çendan köçede Ýuşka duşanlarynda onuň göwnüne degerdiler. Ulularyň gazaply hasrata ýa-da öýke-kinä sezewar bolýan, serhoşluga ýetýän wagtlary bolýardy. Şeýle halatlarda olaryň kalbyny eýmenç gahar eýelärdi. Uly adam ussahana ýa-da howla - ýatalgasyna tarap barýan Ýuşkany gördügi: -Sen, näme, tentek, bu ýerde hiç kime meňzemän gezip ýörsüň? Beýle üýtgeşik näme barada pikir edýärsiň? – diýerdi. Ýuşka aýak çökerdi, aýdylany diňlärdi, ýöne jogap bermezdi. -Näme, söz tapaňokmy, haýwan diýse! Sen meniň ýaşaýşym ýaly ýönekeý hem arassa ýaşa, hiç zady syrly pikirlenme! Aýt hany, bolmalysy ýaly ýaşajakmy? Ýaşajak dälmi? Ähä!.. Ýeri, bolýar! Gürrüňden soňam, Ýuşkanyň dymýan mahaly, uly adam hemme zat üçin Ýuşkanyň günäkärdigine ynanardy, ony ýenjip başlardy. Ýuşkanyň ýuwaşlygy uly adamy has gazaplandyrardy, ony ilki isleýşindenem artyk urardy, şeýdibem, şol gaharda az wagtlyk öz gussasyny unudardy. Ýuşka soň ýolda çaňa bulaşyp köp ýatardy. Huşuna gelip, özi aýak üstüne galardy; çendan bolsa onuň yzyndan demir ussahanasynyň hojaýynynyň gyzy gelerdi, ýerinden galdyryp, alyp giderdi. Hojaýynyň gyzy: - Sen ölseň gowy bolardy, Ýuşka. Sen näme üçin ýaşaýň? – diýerdi. Ýuşka oňa geň galyp serederdi. Ol ýaşamak üçin dogulansoň, näme sebäpden ölmelidigine düşünmezdi. - Men ata-enemiň emri bilen dünýä indim. Maňa ölmek bolmaýar, men ussahanada seniň kakaňa-da kömekleşýän – diýip, Ýaşka jogap gaýtarardy. - Seniň deregiňe başga biri tapylardy, kömekçi bolaýşyňy seniň! - Meni, Daşa, halk söýýär! Daşa gülerdi. - Şu wagt ýaňagyň ganjaryp dur, geçen hepdede gulagyňy ýyrtypdylar, sen bolsa halk söýýär diýýäsiň!.. Ýuşka: - Ol meni özi bilmezden söýýär. Adamlaryň ýüregi kör bolýar – diýerdi. - Ýürekleri kör bolýar weli, ýöne gözleri görýär ahyry! Hany, çaltrak ýörsene! Olar seni ýürekleri bilen-ä söýýärler, hasaplaşyk boýunça-da ýenjýärler. - Olar hasaplaşyk boýunça maňa gaharlanýarlar, bu dogry – diýip Ýuşka ylalaşardy. – Olar maňa köçeden geçmäge ýol berenoklar, bedenime-de zeper ýetirýärler. Daşa: - Wah, sen, Ýuşka, Ýuşka! Sen kakamyň aýtmagyna görä, entek garry-da däl bolmaly! – diýip, uludan demini alardy. - Nireden garrymyşym!.. Men çagalygymdan bäri gursagymdan ejir çekýärin, kesel sebäpli-de keşbimde säwlik goýberip garraýypdyryn-da... Özüniň şol keseli zerarly Ýuşka her tomusda hojaýynyndan bir aýlap giderdi. Ol çola ýerde, uzakda ýerleşýän, ähtimal, garyndaşlary ýaşaýan oba tarap pyýadalap ugrardy. Olaryň Ýuşka bilen nähili ilteşiginiň bardygyny hiç kim bilenokdy. Ony hatda Ýuşkanyň özi-de unudypdy, bir tomusda-ha obada dul aýal doganynyň ýaşaýandygyny, beýleki bir gezekde-de ýegençisiniň ýaşaýandygyny aýdardy. Başga bir sapar: ”Oba barýan” diýse, indikisinde:”Hut Moskwaň özüne barýan” diýerdi. Adamlar bolsa uzak bir ýerdäki obada Ýuşkanyň söýgüli gyzy ýaşaýandyr, ol hem kakasy ýaly ak göwünlidir, hiç kime-de gerekmezdir diýip pikir edýärdiler. Iýun ýa-da awgust aýynda Ýuşka içi çörekli goştorbasyny egnine atardy-da, biziň şäherimizden giderdi. Ol ýolda otlaryň hem tokaýlaryň hoşboý ysyndan dem alardy, asmanda doglup, açyk howa maýyllygynda ýüzýän we ölýän ak bulutlara syn ederdi, daşlyk saý ýerlerde hüňürdeýän derýanyň sesini diňlärdi. Ýuşkanyň agyrýan gursagy dynç alardy, öz ýagysyny – inçekeseli unudardy. Uzaklara, adamsyz ýerlere gidip, Ýuşka özüniň janly zatlara bolan güýçli söýgüsini gizlemezdi. Ol Zemine eglip gülleri ogşardy, öz deminden şikes ýetmez ýaly, demini almazlyga jan ederdi; ol baglaryň çybyklaryny sypalardy, ýodajykda jansyz ýatan kebelejikleri, tomzajyklary galdyrardy, ýüzlerine seredip durşuna özüni ýetim galan dek duýardy. Ýöne janly guşlar asmanda aýdym aýdardylar, teneçirler, tomzaklar, işleýän çekirtgejikler otlaryň arasynda şadyýan owaz ederdiler, şonuň üçin hem, Ýuşkanyň ýüregi aram tapardy, gursagyna gülleriň çygydyr Gün ýagtysy bark urýan hoştap howa aralaşardy. Ýuşka ýolda dynç alardy, ol ýol ugrundaky bagyň kölegesinde dyz eperdi-de, rahatlykda, maýyllykda ymyzganardy. Meýdanda dynç alyp, özüni dürsänsoň, ol keselini asla ýadyna salmazdy, edil sagdyn adam ýaly, şadyýanlyk bilen ýöremesini dowam etdirerdi. Ýuşka kyrk ýaşyndady, ýöne kesel öňräkden bäri ezýet berensoň, wagtyndan ir garradypdy, şonuň üçin hem, töweregindäkilere güýçden gaçan, egbarlan ýaly bolup görünýärdi. Şeýdip, Ýuşka her ýyl meýdanlardan, tokaýlardan, derýalardan aşyp, kimdir biriniň garaşýan ýa-da hiç kimiň garaşmaýan ýerine – uzakda ýerleşýän oba ýa-da Moskwa (bu barada şäherde bilýän ýokdy) giderdi. Ýuşka, mydama-da bolşy ýaly, bir aýdan soň şähere dolanyp gelerdi, ýene daň atandan tä Gün batynça demir ussahanasynda işlärdi. Ol täzeden öňküsi ýaly ýaşap ugrardy, çagalardyr ulular, köçäniň ýaşaýjylary ýene Ýuşkanyň üstünden gülüp başlardylar, oňa jogap gaýtarmaýan samsyklygy üçin gyjalat bererdiler, tüýdüm-tüýdüm ederdiler. Ýuşka geljek ýylyň tomsuna çenli ümsüm ýaşardy, tomsuň ortasynda bolsa goştorbasyny egnine atardy, bir ýylyň dowamynda gazananyny, ýygnap-ýygşyranjasyny – jemi ýüz manady aýratyn haltajyga salardy, onam goltugyndan asardy-da, nirädigi we kimiň ýanynadygy belli bolmadyk ýere çykyp giderdi. Ýöne ýyl geçdigiçe Ýuşka has gowşap ugrady, onuň ömür möwsümi aýlanyp geçip durdy, gursagyndaky agyry süňňüne ezýet berip horlaýardy. Bir tomusda özüniň uzakda ýerleşýän oba rowana bolmaly möhleti gelip ýetse-de, ol hiç bir ýere gitmedi. Ol hemişe bolşy ýaly, Gün ýaşanda ussahanadan çykyp, ýatalgasyna tarap ugrardy. Bir gezek Ýuşkany tanaýan keýpi kök ötegçi onuň üstünden gülüp ugrady: - Sen, näme, Hudaý garantgysy, biziň topragymyzy basgylap ýörsüň! Belki, amanadyňy tabşyrsaň, sensiz şatlykly bolar, ýogsam men-ä tukat bolmakdan gorkýaryn... Şu ýerde Ýuşka, ähtimal, ömründe ilkinji gezekdir, gaharly jogap gaýtardy: - Men saňa, size näme päsgel berýän?.. Men ata-enemiň emri bilen kanuny doguldym, menem edil sen ýaly jahana gerek, diýmek, mensizem bolýan däldir!.. Ötegçi Ýuşkany diňlemän, oňa herreldi: - Sen näme samrap dursuň-how? Sen meni, hut meni özüň bilen deňemäge neneň het etdiň, derde ýaramaz mahluk! Ýuşka: - Men deňämok – diýdi, - Ýöne zerurlyk babatda hemmämiz deň-ä... - Sen meniň başyma akyllysyrama – diýip ötegçi gygyrdy. – Gel-gel, indi sen menden akylly bolduňmy? Gör, nokgy-nokgy eden bolşuny!Men seni aklyňa aýlandyraryn! Ötegçi çenendi-de, bar güýji bilen Ýuşkanyň gursagyna ýelmedi. Ol arkan ýykyldy. - Dynjyňy al – diýip, ötegçi öýüne çaý içmäge gitdi. Birsalym ýatandan soň, Ýuşka ýüzin agdaryldy, gaýdybam ne gymyldady, ne-de ýerinden galdy. Basym gelýän bir adam - agaçgoş ussahanasynyň neçjary onuň deňine ýetdi. Ol Ýuşkanyň adyny tutup gygyrdy, soň ony arkan agdardy. Tümlükde Ýuşkanyň ak, açyk, hereketsiz gözleri ýaldyraýardy. Onuň agzy garalyp durdy. Ýuşkanyň dodaklaryny aýasy bilen süpüren neçjar onuň gatan gandygyna düşündi. Ýuşkanyň kellesiniň ýüz tarapy degip ýatan ýeri barlap gördi. Bokurdakdan zygdyrylyp akan gan zerarly onuň çygjarandygyny duýdy. - Ölüpdir – diýip, neçjar uludan dem aldy. – Hoş, Ýuşka! Biziň ählimiziň günämizi öt! Adamlar seni hiç zada ýaramaz hasap etdiler, kimdir dawany çözüp biljek!.. Demir ussahanasynyň hojaýyny Ýuşkany jaýlamagyň aladasyny etdi. Onuň gyzy Daşa merhumy ýuwup arassalady. Bendäni demirçiniň öýündäki stoluň üstünde goýduler. Merhum bilen hoşlaşmaga Ýuşkany tanan, diri wagty onuň üstünden gülen, ezýet beren adamlaryň hemmesi – garrylar, ýaşlar, tutuş ilat geldi. Soň Ýuşkany ýerlediler. Ol basym unudyldy. Ýöne adamlara onsuz ýaşamak kyn düşdi. Indi ähli gahar-gazapdyr masgaralama adamlaryň öz aralarynda galyp, öz aralarynda-da sarp edilýärdi, sebäbi özgäniň her bir gaharyny, ýowuzlygyny, ýaňsysyny, päliýamanlygyny sessiz-üýnsüz çekip ýören Ýuşka ýokdy. Ýuşkany diňe güýzüň soňky günleri ýatlaryna saldylar. Gamaşyk howaly günleriň birinde demir ussahanasyna ýaşajyk gyz gelip, hojaýyndan - demirçiden Ýefim Dmitriýewiçi nireden tapsa boljakdygyny sorady - Haýsy Ýefim Dmitriýewiç? – diýip demirçi sorady. - Bizde bärde hiç wagt beýle adam bolmandy. Gyz gidibermedi, nämedir bir zada sessiz garaşdy. Demirçi: “Gaýly howanyň getiren myhmany näjürei zatka?” diýip, oňa seretdi. Gyzyň keşbi ejizdi, boýy-da uzyn däldi, ýöne onuň ýüzi juda näzik hem mylaýymdy, ullakan ala gözleri bolsa ynhajykga gözýaşdan dolaýjak ýaly şeýlebir gussaly seredýärdi weli, myhmana syn kylýan ussanyň ýüregine mähir aralaşdy. Ol birden nämäniň nämedigini aňaýdy: - Ol Ýuşka-ha däldir-dä hernä? Hut şonuň özi bolmaly – pasportynda Dmitriç diýip ýazylgydy... - Ýuşka – diýip, gyz pyşyrdady. – Bu dogry. Ol özüni Ýuşka diýip atlandyrýardy. Demirçi dymdy. -Sen onuň nämesi bolarsyň? Garyndaşymy? - Meniň oňa galtaşýan ýerim ýok. Ýetimdim. Kiçijikkäm Ýefim Dmitriýewiç meni Moskwada maşgala goşdy, soň pansionly mekdebe berdi...Ol meni görmek üçin her ýyl gelerdi, ýaşar, okar ýaly, bir ýyla ýeterlik pul getirerdi. Men indi kemala geldim, uniwersiteti tamamladym. Ýefim Dmitriýewiç meni görmek üçin bu ýylyň tomsunda-ha barmady. Ol häzir nirede? Aýtmagyna görä, siziň ýanyňyzda ýigrimi bäş ýyl işlän bolmaly... Demirçi: - Ýarym asyryň ýarysy ötdi, bile garradyk – diýdi. Ol ussahanasyny ýapdy, myhmany gonamçylyga alyp gitdi. Gyz özüni çagalykdan ekläp-saklap, şol iýsin diýip hiç wagtda özi gant iýmedik adamyň – panydan baky ýurda göç eýlän Ýuşkanyň ýatan ýerine ýapyryldy. Ol Ýuşkanyň haýsy keselden ezýet çekendigini bilýärdi. Indi özi lukmançylyk okuwyny tamamlap, bu ýere gelipdi. Tutuş mähri hem ýüreginiň yssysy bilen söýýän adamsyny bejermek isläpdi... Ondan bäri köp wagt ötdi. Lukman gyz biziň şäherimizde mydamalyk galdy. Ol inçekesellileriň hassahanasynda işläp başlady. Näsaglar bolan öýlere aýlanardy, zähmeti üçin hiç kimden hak almazdy. Indi onuň özi-de garraşyp ugrapdy, ýöne öňküsi ýaly uzynly gün hassalary bejererdi, olara göwünlik bererdi, dert-yzany gowşatmakdan hem-de ysgyn-deramatsyz kişilerden ajaly daşlaşdyrmakdan ýadamazdy. Ýuşkanyň özüni hem, gyzy däldigini hem bireýýäm ýatlaryndan çykaryp, şäherde hemmeler ony açyk göwünli Ýuşkanyň gyzy diýip tanaýarlar. Andreý PLATONOW. Terjime eden Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |