19:00 NAMART KÖPRÜSI | |
NAMART KÖPRÜSI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
«Geçme namart köprüsinden...» diýen jümle bilen başlanýan nakyl namardyň ýanynda öz mertebäňi pese düşürmezligi wesýet edýär. Bu nakylyň dürli aýdylyş nusga-görnüşleri bar: Geçme namart köprüsinden goý, aparsyn suw seni, Ýatma tilki saýasynda goý, aparsyn ýow seni. Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni. Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn suw seni. Edebiýatçy alym Myrat Çaryýew «Magtymguly we halk döredijiligi» (Aşgabat, 1983) diýen kitabynda bu nakyl bilen baglanyşykly şeýle rowaýaty getirýär: «Günlerde bir gün Soltansöýüniň we onuň goşunynyň ýoly «Pulhatyn» köprüsiniň üstünden düşüpdir. Muny eşiden dul hatyn bezenip-beslenip gurduran köprüsiniň ýanynda Soltansöýüniň öňünden çykypdyr. Soltansöýün köprä golaý gelende, ýaňky bezemen hatyna gözi düşüpdir we özüniň baş wezirine (Nowaýa − M. Çaryýew) garap, bir setir goşgy aýdypdyr: Bezenip, çykdy geýip, sarala köýnek sowsany... Baý dul hatynyň mekir matlabyna derrew düşünip, oňa göz ýetiren Nowaýy bolsa: Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn, suw seni diýip jogap beripdir». «Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni» diýen pähim Myralydan − Nowaýydan has öň ýaşap gelýän bolmaly. Myraly bu bir setir nakyly ýagdaýa görä, Soltansöýüniň aýdan goşgy setiriniň soňky sözüne sazlaşdyryp, «sil» sözüni «suw» sözi bilen çalşyryp aýdypdyr. Biziň nakylyň taryhy aňyrrakdandyr diýýän pikirimizi ýazyjy Nury Altyýewiň getirýän bir rowaýaty hem tassyklaýar. Onuň mazmunyna görä, Hoja Ahmet Ýasawy ýüz sopusy bilen bir çaýyň üstünden gurlan köprä duş gelýär. Onuň bir hatyn tarapyndan gurlandygyny bilip, «Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn sil seni» diýip, atyny suwa urduryp geçipdir (Altyýew N. Söz bukjasy. // «Türkmen dili» gazeti, 2000-nji ýylyň 4-nji marty). Bu rowaýatyň mazmuny Magtymguly atamyzyň «Anbar saçdylar» şygrynda gysgaça şeýle teswirlenýär: Hoja Ahmet Ýasawy ýüz sopy bile, Kiştisiz derýany şeýle geçdiler. Umuman, Ýasawyly rowaýat «namart köprüli» nakylyň taryhyny Myralynyň zamanyndan üç-dört asyr dagy aňyrrak äkidýänligi bilen gymmatlydyr. «Geçme namart köprüsinden goý, aparsyn suw seni» nakyly türk halkynyň arasynda hem bar. Türk alymy Selim Gündüzalp «Deýimler ve öýküleri» (Ankara, 2003) diýen kitabynda ol nakylyň döreýiş hekaýatyny beýan edipdir. Onuň mazmunyna görä, bir kölüň içindäki adada şol töwerekde uly hasaplanýan bir bazar ýerleşipdir. Bu adadaky bazara barmak üçin bir daş köprüden geçmelimiş. Şol zamanyň açgöz kişilerinden biri Däli Domrul şol köprüniň öňüni tutup, gelenden-geçenden paç alar eken. Bir gün derwüş sypatly pir köprüden geçmekçi bolupdyr. Däli Domrul: «Pajyňy töle» diýip, munuňam ýakasyndan tutupdyr. Derwüş: «Pulum ýok, kömek et, ýol ber» diýip ýalbarsa-da, Däli Domrul muny diňlemändir. Biçäre derwüş yzyna gaýdypdyr we şeýle diýipdir: Geçme namart köprüsinden, goý, aparsyn suw seni, Ýatma tilki kölegesinde, goý, iýsin arslan seni. Soňra «Ýa Alla» diýip, köle giripdir. Derwüş suwa girdikçe, kölüň suwy çekilmäge, suw yzyna akmaga başlapdyr. Ahyry köl bir ýol halyna gelipdir. Şondan bäri şu güne çenli şol köprüniň aşagyndan hiç bir suw akmandyr. Görnüşi ýaly, «namart köprüsinden geçmezlik» öňden gelýän ýordum bolup, ol her awtorda, her ýerde bir hili mazmun bilen beýan edilýär. Ýokarky hekaýatda ol ýordum anyk bir geografik ýere baglanypdyr we oňa «Gorkut ata» şadessanyndaky köpri gurup, ondan geçenden-geçmedikden zor bilen paç alýan Däli Domrulyň edebi-folklor keşbi girizilipdir. Aňyrdan gelýän «namart köprüsinden geçmezlik» ýordumy Magtymguluda: Hergiz namart köprüsinden geçmäňler, Gark bolup, derýada galan ýagşydyr; Namart köprüsinden ölsem geçmez men, Kerwen bolsam, halal işden gaçmaz men... diýen şygyr setirlerinde hem beýan edilýär. Nury SEÝIDOW | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |