FAŞIZMIŇ ELHENÇLIKLERINI AÇYP GÖRKEZÝÄN ESER
Şu ýyl tomus (2018-nji ýyl, 22-nji iýun) faşistik Germaniýanyň biziň öňki umumy watanymyz SSSR-iň üstüne çozanyna 77 ýyl boldy. Bu uruşda şol döwürde SSSR-iň düzümindäki onlarça milletiň hatarynda türkmenler – biziň ata-babalarymyz hem faşistlere garşy mertlerçe söweşip, watan gorap, ýeňiş üçin mukaddes ganlaryny dökdüler. Ganhor nemes faşistler bu uruşda adamzat taryhynda heniz görlüp-eşidilmedik elhençlikleri amala aşyrdylar. Söweş meýdanlarynda gurban bolan watan goraýjy esgerlerden başga-da, faşistler özleriniň guran onlarça konslagerlerinde negözel çagalary, juwan gyzlary, ýaş ýigitleri, aýallary, dürli ýaşdaky adamlary, garrylary elhençlik bilen gynap gyrdylar. Şol ajal merkezleriniň biri hem Polşanyň Krakow şäherindäki Oswensim konslageridir.
Bu konslageriň elhençlikleri görnükli türkmen şahyry Annaberdi Agabaýewiň (1938-2011) «Oswensimiň nalasy» atly poemasynda anyk beýan edilýär. Mundan elli ýyldanam köp wagt öň (1965 ý.) ýazylan bu eser häzirki günlerde hem uly syýasy, edebi-taryhy we terbiýeçilik ähmiýete eýe. Poema okyjylara faşizmiň nämedigini, onuň amala aşyran aýylganç pajygaly işlerini, faşizmiň adamzat üçin nähili uly howp bolup durýandygyny aýdyň açyp görkezýär. Eserden şu günki ýaş nesillerimiz uly many, taryhy sapak alyp bilerler, faşizmiň nämedigine ýene bir gezek aýdyň düşünerler. Şuňa görä, şahyryň mundan 47 ýyl öň çap bolan çelpek ýalyjak «Oswensimiň nalasy» atly kitapçasyndan krill hatyndaky şol poemany häzirki latyn hatyndaky türkmen elipbiýine geçirip, okyjylara hödürlemegi makul bildik. Goý, şu günki we geljekki nesiller bu eseri okap, ata-babalarymyzyň 1941-1945-nji ýyllardaky Beýik Watançylyk urşunda näme üçin söweşendiklerini, faşizm (nasizm) diýen elhenç belanyň eden aýylganç işlerini ýatdan çykarmasynlar.
Öz döwründe edebiýatçy alymlaryň biri, professor Durdymuhammet Nuralyýew tarapyndan «Poeziýamyzyň kwarteti» diýlip, G.Ezizow, I.Nuryýew, H.Kulyýew ýaly türkmeniň meşhur şahyrlarynyň hatarynda goýlan, Türkmenistanyň halk ýazyjysy A.Agabaýew şeýle şahyrana hem taryhy eseri miras galdyrmak bilen nesilleriň öňünde tükenmez sogaba eýe bolandyr diýip hasaplaýarys. Goý, Beýik Biribar şahyryň jaýyny Jennetden etsin!
Nury SEÝIDOW.
Edebi tankyt