XI. BEZEG WE ŞAÝ-SEPLER HAKYNDAKY MATALLAR
Akja kümmez içinde,
Akja güjük läle kakýar. (Düwme)
Aňgyl guş-a, aňgyl guş,
Aňgyl ala çaňgyl guş,
Haý-haý, onuň saýraýşy,
Parsy bilen söýleýşi. (Kejebe)
Asty – haýpar,
Üsti –gümmez,
Müň gulak,
Müň bir ýaprak. (Kejebe)
Aý, egmeg-ä, aý egmek,
Ýüpekden çigme düwmek (Akgaýma, keşde)
Bir agajym bar garadan,
Ony möwlam ýaradan.
Otuz iki ýapragy bar,
Ýary ak, ýary garadan.
(Her dürli matadan guralyp edilen çaga kürtesi)
Bir at aldym segsene,
Segsen ýerniň bagy bar.
Bir gulagy çürt kesik,
Bir gulagnyň çägi bar.
Bir gözi sümme sokur,
Bir gözüniň agy bar.
Bir aýagnyň bary ak.
Bir aýagnyň çokuly bar,
Bir aýagnyň sekili bar. (Çyrpy )
Bir börügim bar,
Eleme deşik,
Başa geýsem,
Bir ýaraşyk. (Sümsüle )
Biz-ä, biz-ä bizlerdik,
Birje bölek gyzlardyk.
Bizi-bizi büzdüler,
Birje ýüpe düzdüler. (Alynşaý)
Boýun üstünde alaja ýylan. (Alaja we monjuk)
Boýurgandan boýy uzyn
Bogaz düýe bahaly. (Şaý-sep)
Çuňňurja gol içinde,
Daýym aty kişňeýär. (Düwme)
Çynnym guş-a, çynnym guş,
Çyn depede gondum guş,
Ganatlary gaýkyja,
Gan depeden gondum guş. (Saç, ysyrga, başşaý, hasaba )
Deşik-deşik,
Eleme deşik,
Başa salsaň,
Ýap-ýaraşyk. (Düýebaşlyk )
Gamyş düýbi gamaşyk,
Çogan düýbi çolaşyk, Ýeken düýbi ýelmeşik. (Alynşaý, bukaw )
Gandan gyzyl,
Gardan ak,
Ýaýdan egrije,
Duran ýeri guruja. (Bilezik, bilek)
Gapy ýüzünde kazy men,
Syrty gyzyl tazy men (Ýüzük)
Haýyşy bar-a, haýyşy bar,
Tes-tegelek gaýyşy bar.
Muny bilen ýigidiň,
Görogly dek ýaşy bar. (Bäzbent)
Jytdy-jytdy etdi guş,
Jyt depede gondy guş.
Ganatjygyn ýaýdy guş,
Çür depede gondy guş. (Otaga , tahýa, gupba)
Kerpiç-kerpiç keserler,
Kesip duldan asarlar. (Düýebaşlyk)
Kiçijik öý çöwşüli (Aýallaryň börügi)
Matal-matal man iki,
Dyrnajygy on iki.
Dile ýaran dili bar.
Dil üstüniň meňi bar. (Haly göli)
Müçesi kiçi, kuwwaty güýçli. (Dür)
Otursa – hümmet,
Tursa – haýbat,
Müň çeçek,
Müň bir ýaprak. (Kejebe)
Şildir-şildir suw akar,
Sygyryp atyn ýakar. (Düwme)
Şyňňyr-şyňňyr, şyňňyrdar,
Bir enaýy waňňyrdar. (Bukaw)
Tam başy tagtaly,
Boz at başy nogtaly,
Boýurganyň boýny aşak
Bogaz düýe bahaly. (Ildirgiç )
Ýaýdan egri,
Ak bilekde
Durar dogry. (Bilezik)
Ýol ýatyr-a ýol ýatyr.
Ýol üstünde pil ýatyr.
Akja galaň içinde
Amansoltan han ýatyr. (Bilezik, bilek)
Ýüzi-gözi bydyr-bydyr,
Adam bilen bile ýatar. (Gülýaka)
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar