XIV. DÜRLI MAZMUNLY MATALLAR
Agaçdan aty bar,
Demirden gaty bar,
Adamzatdan suraty bar.(Gämi)
Agzy asmanda,
Içi pasmanda . (Ury )
Agzy ýok, adam dişlär. (Tiken)
Ahmal etseň, sypjakdyr,
Jaýy jübi-gapjykdyr. (Pul)
Alty matalymyň ady ýok.
(Ýorganyň ýeňsizligi, içmegiň jübüsizligi, gulanyň ötsüzligi, guşuň süýtsüzligi, ýyldyzyň sansyzlygy, çägäniň çensizligi )
Arpa bersem, iýenok,
Suwsuz ýerde duranok. (Gaýyk)
Aý, eşeg-ä, aý, eşek,
Ýüpekden çitdi düşek. (Mahmal)
Bar ýorgam-a, bar ýorgam,
Bagly aty sür, ýorgam.
Gara görse, ürkmez
Baýtal görse, kişňemez. (Gaýyk)
Bäş matalym bar,
Ady bar, özi ýok.
(Asmanyň sütüni ýok, ýorganyň ýeňi ýok, kölüň köprüsi ýok, peşäniň erni ýok, gurbaganyň guýrugy ýok)
Bir entejik mynnas,
Tartyp ursam synmaz. (Teňňe)
Bir azajyk naşatyr,
Degen ýerini uşatar. (Gurşun)
Bir guýy gazdym, topragy ýok. (Gazyk orny)
Bir gyzykly oýnum bar,
Oglanlary güýmeýän.
Kä eşek, kä at bolar,
Kä oklasaň, çep bolar. (Aşyk)
Birje gysym kişmişjik, Elden-ýele düşmüşjik. (Pul)
Bir kiçijik mynnas,
Guýrugyndan tutdyrmaz. (Simap)
Bir öýüm bar hüpili,
Agzy altyn gapyly,
Segsen sekiz diregli,
Togsan dokuz gapyly. (Uçmah, jennet)
Bir tanapym bar,
Hiç külterläp bilemok. (Ýol)
Bir ýörelgäm bar,
Kölegesi ýok. (Ýol)
Bir ýüpüm bar,
Ujuny ýygşyryp bilemok. (Arabanyň yzy)
Bir zadym bar, Ertir gider gezmäge.
Gelende teňňäň ýerini tutar. (Hasa, onuň durýan ýeri)
Bogun-bogun reň saçar,
Içi akdyr, damarynyň sany ýok.
Ujy inçe, özi paslaw,
Bir agaç agramy ýok. (Gamak )
Boýny gyl ýaly,
Garny gol ýaly. (Howuz)
Boýy uzyn, saýasy ýok. (Ýol)
Burnuny deşeňde bagyrmaz. (Taýmyl )
Burny ýirijek,
Baga barjak,
Dary iýjek. (Jyk)
Çemçe bilen aş içemde,
«K»-ny goýdum, nämedir? (Aşyk)
Çuňňurja gol içinde,
Çalja güjük gygyrýar. (Jaň)
Çyr-çyr guşlar,
Çyrman guşlar.
Agzy ýokdur,
Adam dişlär. (Tiken)
Dagda dalaýman gördüm,
Gumda gulaýman gördüm,
Suwda Süleýman gördüm,
Gäwşäp duran daş gördüm,
Duzsuz bişen aş gördüm,
Harabada gukçy gördüm,
Çölde tezekçi gördüm.
(Keýik, towşan, balyk, elek, degirmen, semene, baýguş, tomzak)
Dagdan inen dal kimin,
Dallary pudak kimin. Egilip suw içip bilmez,
Çekirär balyk kimin. (Guýynyň çarhy)
Dag düýbünde güjük jygyrdar. (Zynjyr)
Daramaga saçy ýok,
Dazzarkel otyr. (Töňňe )
Daşy jäjek, içi möjek. (Pile)
Dört doganyň kökesi,
Gumly ýola görk berer. (Düýäniň aýak yzlary)
Duldan asyk,
Gulagy kesik. (Toýnuk )
Dört gol bir guduga düşer. (Sygryň süýdi)
Dört guda bir-birin kowýar, Emma ýetip bilmeýär. (Arabanyň dört tigiri)
Dury suwdan tutulan,
Buzdan gaty bitilen,
Bärisinden sereden,
Aňyrsyndan tutulan. (Äýnek)
Duzsuz bişen aş gördüm,
Gäwüşäp duran daş gördüm. (Semeni, degirmen)
Egri-bugry eýegi,
Öýe sygmaz giýewi (Ýol)
Ertekim erte geler,
Guýrujagy jorta geler. (Kesewi)
Garaňky tamda çyra ýanar. (Göwher, dür)
Garny ýaryk garkyldawuk,
Gar ýaganda nirä gitdiň?
Süri bölük sümmüldewik,
Süýt bişende nirä gitdiň? (Köwüş, çemçe)
Gaşymda, jan, gaşymda,
Derýalar ýakasynda.
Guşlarda bir guş gördüm,
Döşi bar arkasynda. (Gaýyk)
«Gelýär-gelýär» diýerler,
Üýşüşip nan iýerler. (Gurbanlyk)
Gidiberdim, galyberdi. (Aýagyz)
Goşaja atly des-deňdir. (Böwrek)
Göbegne kaksaň güler,
Awusy öçse uwlar. (Jaň)
Göçenini ýel bilmez,
Gonanyny gol biler. (Peşmek)
Göç gitdi, kömeç galdy. (Düýäniň yzy)
Götersem, aglar,
Goýsam, dynar. (Zynjyr)
Göz öňünde göz goýdum,
Bilmeklige ýüz goýdum. (Äýnek)
Gum içinde daýym aty kişňeýär. (Jaň)
Gurşundan agyr suw, El bilen tutdurmaz bu. (Simap)
Güjügime «git» diýdim,
«Tur, daşarda ýat» diýdim. (Kül)
Gündizine ýöreýär,
Gijesine teňňe ýaly Ýerjagaz alyp durýar. (Hasa)
Hüti bir-ä, hüti bir,
Iki syçanyň syrty bir. (Zynjyr)
Idegsiz ekerler,
Nagyşsyz dokarlar. (Ýylgyn kepbe)
Iki agaçdan kümeli,
Başy altmyş jygaly.
Gapyrgasy odundan,
Her kim alar süýdünden. (Agzy çarhly, çöwlükli guýy)
Iki gapdaly gözli,
Ortasy gyzyl ýüzli. (Keteni)
Içi dok, kölegesi ýok. (Ury)
Jansyz, emma ursaň aglaýar. (Jaň)
Maslahatsyz üýşerler,
Töwellasyz çaşarlar. (Bazar)
Matalym dilden öter, Ýere ursam serrelip ýatar. (Palçyk)
Matalym matdy,
Pil bilen urdum,
Serilip ýatdy. (Bajak )
Mün-münejek misiri,
Iller onuň ýesiri. (Teňňe)
Nerjuwan içinde
Goşaja atly görünýär. (Böwrek)
Ondakça, mundakça,
Her gapyda sandykça. (Basylyp goýlan odun)
Oňurgasy odundan,
Äleme ýeter süýdünden. (Guýy)
Owkalasam, mes bolar,
Şemal degse, sus bolar. (Sabyn köpürjigi)
Sakar atym sarkyp dur,
Dört aýagyn kakyp dur. (Çertek )
Sen irmeseň, ol irmez,
Sen armasaň, ol armaz. (Gämidäki kürek)
Suw degende gide bilmez,
Gury wagty ýerde durmaz. (Kül)
Suw üstünde kepbe üsti. (Köpri)
Sürçegim süýşdi,
Bir guýa düşdi. (Bugdaýly halta)
Süýdi ýok, ödi ýok, argyny ýok. (Guş, gulan, Ýer)
Tama agaç söýedim. (Guýynyň çekeri)
Togalasam jany ýok,
Pyçaklasam gany ýok. (Hamyr)
Tüpeň oky şakyrdar,
Uly ile habardar. (Gurbanlyk baýramy)
Uzakly gün ses eder,
Teke ýatsa, bes eder. (Sürüdäki tekäniň boýnundaky jaň)
Uzatsam aýak ýetmez. (Guýy)
Uzyn derek, saýasy ýok. (Ýol)
Uzyn-uzyn uz gider,
Kölegesi ýok gider. (Ýol)
Uzyn-uzyn uzyn ýüp,
Ujy nirden tapylar? (Ýol)
Üç burçy bar, kyrk bagy. (Gaýygyň ýelkeni)
Ýalp-ýalp eder,
Ýalama gaýadan öter.
Bezirgen bezär,
Aždarhan gezer. (Pul)
Ýeňil daýym daglap otyr,
Gara daýym igläp otyr,
Tultuk daýym ýaglap otyr,
Gelen myhman nalap otyr,
Garry daýzam halap otyr.
(Ot, gazan, ýag, et, nahar, nahar bişirýän aýal)
Ýol üstünde halkajyk. (Guýy)
Ýol üstünde kökejik. (Düýäniň yzy)
Ýol üstünde oklawjyk. (Ýapjagaz)
Ýol üstünde ýagyr eşek. (Köpri)
Ýol üstünde ýarty çapady. (Yz)
Ýol üstünde ýorgan-düşek. (Köpri)
Ýol üstünde weý-weýjik. (Tiken)
Ýondugymça ýognaýar. (Guýy, çukur)
Ýöräp gitse, yzy ýok,
Tupany bar, tozy ýok. (Gaýyk)
Ýüpe münüp, han boldum,
Gapa gelip, gul boldum,
Oda ýanyp, kül boldum. (Odun)
Ýüz müň aşygy bardyr,
Hemmesi hyrydardyr. (Pul)
Ýylt-ýylt eden bezirgen
Bütin ýurdy gezegen. (Teňňe)
Soñy.
Taýýarlan: NURY SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar