HALK PAÝHASYNYŇ SYRLY HAZYNASY
Türkmen halkynyň taryhynyň gadymy bolşy ýaly, onuň halk döredijilik eserleri hem öz döreýiş gözbaşlaryny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Halk döredijiligi adamzat aňynyň görnüşleriniň bir bölegidir, adamyň tebigata, dünýä, durmuşa bolan garaýyşlarynyň şöhlelenmesidir. Halk aňynyň ösüşiniň dürli döwürlerinde dörän eserler wagt geçdigiçe kämilleşip, ru¬hy gymmatlyga öwrülýär. Halk paýhasyna eýlenen şol eserler dil hem ýazuw üsti bilen nesilden-nesle geçip, biziň gün¬le¬ri¬mi¬ze gelip ýetipdir. Halk döredijilik eserleriniň şu häsiýetli aýra¬tyn¬¬lygy, tebigaty we gymmaty barada Beýik Saparmyrat Türk¬menbaşy Mukaddes Ruhnamada şeýle diýýär: «Ata-baba¬la¬ry¬myz türkmen ruhuna täsir edýän parasatly pikirleri gur¬sak¬larynda eşrepi deýin saklap, nesilden-nesle geçiripdir¬ler. Her kim öz bilýänini ogullaryna, agtyklaryna gürrüň be¬ripdir. Şeýdip, ata-baba pähim-parasatlary biziň günleri¬mize gelip ýetipdir» .
Garaşsyzlyk zamanamyzda Beýik Saparmyrat Türkmen-ba¬şynyň milli edebi-medeni miras baradaky taglymaty esa-syn¬da halk döredijilik eserlerine bolan garaýyş düýpgöter üýtgedi. Be¬ýik Serdarymyzyň taglymatlarynyň jemi bolan Mukaddes Ruhnamanyň pelsepesi nukdaýnazaryndan halk döredijilik eser¬lerine täzeçe çemeleşip, olaryň süňňündäki ruhy kämilligi, ahlak arassalygy ündeýän paýhaslary ýüze çykarmak şu günki täze ruhly, milli ylmymyzyň baş wezipeleriniň biridir. Çünki, halk döredijilik eserleri halkyň pähim eleginde elenip, taryhyň, durmuşyň her hili synaglaryndan geçen çeper gymmatlyk¬lar¬dyr. Olarda halkyň tebigata, dünýä, ýaşaýşa, haýyra, şere bolan pel¬sepeleri şöhlelenýär. Şeýle hem, olarda halkyň geçmiş ta¬ry¬hy, däp-dessury, edim-gylymy, milli aýratynlyklary, ruhy, ah¬lak gymmatlyklary jemlenýär. Hut şonuň üçinem, halk döre¬diji¬lik eserleriniň hiç wagt gymmaty gaçmaýar, her döwürde-de özüniň many-mazmun agramyny saklap bilýär. Şu jähetden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy halk döredijilik eserlerine ýokary baha berýär, olary dünýä gymmatlyklarynyň hataryna goşup, şeýle diýýär: «Halkymyzyň medeniýeti, aýdym-sazy, edebiýaty, şekillendiriş sungaty, halk döredijilik eserleri – bular bahasyna ýetip bolmajak dünýä gymmatlyklaryna girýär» . Dünýä gymmatlygy derejesine eýe bolan halk eserleri bolsa, diňe bir ony döreden halkyň ruhy dünýäsi üçin ýaramly bol¬man, umumy adamzadyň ruhy isleglerini hem kanagatlan¬dyr¬ýar. Şuňa görä, dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant bolan türkmen halk döredijilik eserlerini öňki söwet ylmy mekdebi¬niň galyplaryndan daş durup, Beýik Saparmyrat Türkmen¬başy¬nyň döreden täze ruhly milli türkmen ylmy mekdebiniň ýörel¬ge¬leri esasynda toplamak, öwrenmek we halka ýetirmek zerur bo¬lup durýar. Bu barada Beýik Serdarymyz Mukaddes Ruhna¬ma¬da: «Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, ede¬bi gymmatlyklaryny tapmalydyrys, täzeden jana getirme¬lidi¬ris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogulluk borju¬myz¬dyr» diýip sargaýar.
Türkmen halk döredijilik eserleri göwrüm, mazmun, gur-luş, görnüş, häsiýet, ulanylyş we beýleki köp sanly aýatyn¬lyk-la¬ryna görä, birnäçe toparlara, görnüşlere bölünýär. Olaryň ara¬synda özboluşly taraplary bilen tapawutlanýan görnüşleriň biri matallardyr. Matallar halk döredijiliginiň gyzykly hem täsin gör¬nüşi bolmak bilen, olar uzak geçmişiň önümidir. Matallar durmuşda we adamlaryň aňynda halk paýhasynyň syrly ha¬zy¬nasy hökmünde müňýyllyklaryň dowamynda ýaşap gelipdirler.
Halkymyzyň arasynda dilden aýdylyp, nesilden nesle ge-çi¬ri¬lip gelinýän matallar, esasan, geçen asyryň başlarynda hata kagy¬za geçirilip başlanýar. Olar dünýäniň dürli ylmy mer¬kez¬lerinde bölekleýin görnüşde çap edilip ugralýar. Elbet-de, ýazuwly edebiýatymyzyň taryhyna, edebi-golýazma mira-sy¬myza nazar aýlanymyzda, olarda matal häsiýetli oýlanmagy talap edýän sowallara, meselelere köp duş gelinýändigini aýt-mak gerek. Ýöne biz bu ýerde halk tarapyndan dilden aýdylyp gel¬nen, halk döredijiliginiň aýratyn bir görnüşi hökmünde ke-ma¬la gelen matallary göz öňünde tutýarys. Taryhy, etno-grafiýany, dili, edebiýaty, medeniýeti öwreniji alymlar türkmen halkynyň arasyndan milli medeniýetimiziň dürli ugurlary bo¬ýun¬ça nusgalar toplanlarynda matallardan hem sowa geçmän¬dir¬ler. 1908-nji ýylda Tbiliside çap edilen «Kawkazyň ýerli hal¬kynyň we taýpalarynyň ýazgysy üçin materiallaryň ýygyn¬dysy» diýen neşiriň 38-nji goýberilişinde A. Wolodiniň «Türk¬men halk poeziýasyndan» diýlen işi ýerleşdirilipdir. Onda beýleki halk döredijilik eserleri bilen birlikde birnäçe türkmen matallary hem berlipdir. Türkmen edebiýatyny öwreniji alym A. N. Samoýlowiç hem 1902-1906-njy ýyllarda Türkme¬nis¬tan¬da bolanda halk arasyndan toplan 150-den gowrak matallaryny 1909-nji ýylda Sankt-Peterburgda çykýan «Janly geçmiş» atly žurnalyň II-III goýberilişinde ýerleşdiripdir. «Zakaspi türkmen¬leriniň matallary rus terjimesinde» atly şol işde türkmen ma¬tallary rus diline terjime edilip berilýär we beýleki türki halk¬laryň matallary bilen deňeşdirilýär. Onuň gysgajak sözbaşy¬synda matallaryň aýratynlygy, nazaryýet meseleleri, olary top-lamagyň we öwrenmegiň zerurlygy barada pikirler aýdylýar.
Türkmen matallary 1914-1917-nji ýyllarda Aşgabatda çap edilen «Zakaspi ýerli gazeti» atly gazetde hem halk döredi¬ji¬li-gi¬niň beýleki görnüşleri bilen birlikde yzygider berlip durlup-dyr. Gazetiň 1916-nji ýylyň Oguz aýynyň 6-syndaky we 1917-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 25-indäki we 28-indäki san¬larynda «Gadym türkmen matallary» ady bilen matallaryň uly toplumy çap edilipdir. Şu ýerde bir zady aýratyn belläp geçmek gerek. Şol döwürde gazetde çap edilen matallary we beýleki halk döredijilik eserlerini türkmen halkynyň sowatly, ylymly-bilimli adamlary ilat arasyndan ýörite toplap, ýazyp alyp gazete iberipdirler. Olardan Hojaly molla Myratberdi ogly, Mämmet Gurban, Ata Myrat, Muhammetguly Atabaý, Körhan Balaka, Seýitahmet işan Durdy işan ogly, Molla Ýagmyr Äraly ogly, Ata Jänek ogly, Öwez Muhammetýar, Paşşy Sadyk ogly, Molla Ymamguly Nury Ýasawul ogly, Hojaguly Nyýazguly ogly, Seýit Täjibaý we beýlekiler halkymyzyň gymmatly ruhy mi¬ra¬sy¬ny nesillere ýetirijiler hökmünde atlary hormat bilen tutul¬maly adamlardyr.
Türkmen matallarynyň neşir edilişine degişli ilkinji işleriň biri hökmünde M. Geldiýew tarapyndan taýýarlanyp, 1925-nji ýylda neşir edilen «Makal we matallar» atly kitapçany görkez¬mek bolar. Bu ýygyndynyň esasy böleginde nakyllar ýerleş¬di¬ri¬lip, onuň ahyrynda 50-den gowrak matal berlipdir. Ýygyndy özün¬de matallaryň az mukdaryny saklasa-da, ol türkmen edebi mirasyny, matallary ýygnap, ony täzeden halka hödürlemekde ilkinji synanyşyk bolandygy üçin uly ähmiýete eýedir. Şol ýyl¬lardan başlap, türkmen halk döredijilik eserleri belli bir meýil¬na¬ma, bitewi ulgam boýunça toplanyp we öwrenilip başlanýar. Ýörite ylmy-barlag institutlar, golýazma gaznalary döredilip, halk arasyna dil maglumatlaryny, halk döredijilik eserlerini ýazyp almak üçin ylmy iş saparlary guralýar. M. Geldiýew, A. P. Poseluýewskiý, A. Ahundow-Gürgenli, A. Alyýew, B. Gar¬ry¬ýew, M. Kösäýew, M. Sakali, A. Gowşudow ýaly birnäçe alym¬lar, ylmy işgärler halk döredijiliginiň dürli görnüşleri bilen birlikde matallary hem halk arasyndan toplamakda, neşir et¬mek¬de we olar barada ylmy makalalar ýazmakda aýratyn hyz¬mat görkezipdirler.
B. Garryýewiň çapa taýýarlamagynda 1944-nji ýylda neşir edilen «Gülälek» atly kitapda halk döredijiliginiň beýleki gör¬nüşleri bilen birlikde matallaryň hem uly toplumy berlipdir. Ma¬tallaryň ýörite özbaşdak ýygyndy görnüşindäki doly neşir¬leri M. Sakali bilen A. Gowşudowyň taýýarlan, 1948-nji ýylda çap edilen «Türkmen halk matallary» we G. Gurbanowyň taý¬ýar¬lan, 1962-nji ýylda çap edilen «Türkmen matallary» atly ki¬tap lardyr. Gaýtalanyp gelýänlerini hem hasaba alanymyzda, bula¬ryň birinjisi 700-e golaý mataly, ikinjisi 1000-den gowrak mataly öz içine alýar. A. Baýmyradowyň taýýarlan «Ýedige¬nim – ýedi ýyldyz» (Türkmen hüwdüleri, matallary, sanawaç¬lary, ýaňyltmaçlary) (1989) atly iki kitapdan ybarat ýygynda 1134 sany matal girizilip, ol halk döredijiligini öwreniş yl¬myn¬da türkmen matallarynyň has köp mukdaryny özünde saklaýan soňky neşir hasaplanýar. Bulardan başga-da, matallar dürli ýyllarda neşir edilen ululy-kiçili kitaplarda, ýygyndylarda, hrestomatiýalarda belli bir derejede orun alypdyrlar.
«Türkmen halk şahyrana döredijiligi» (1956), «Türkmen po¬eziýasynyň antologiýasy» (1958), «Hapyz aga» (1975), «Da¬na sözler» (1978), «Hazynaly horjun» (1988), «Türkmen halk döredijiligi». Hrestomatiýa. I kitap (1992) we beýleki kitap¬lar¬daky azu-köp mukdarda berilýän matallaryň hemmesi diýen ýa¬ly ýokarda gürrüňi edilen matallaryň doly ýygyndylaryna esas¬lanýar.
Türkmen halk döredijilik ylmynda matallaryň ylmy mese-leleri boýunça hem belli bir derejede işler ýerine ýetirildi. Bu ugurda matallaryň aýry-aýry ýygyndylaryna ýazylan sözbaşy makalalary, dürli neşirlerde çap edilen ýörite ylmy makalalary görkezmek bolar. Matallaryň üstünde giň meýilnama boýunça çüňňür ylmy barlagy özünde jemleýän ylmy iş G. Gurbanowyň «Türkmen halk matallary» (1960) atly monografiýasydyr. Bu kitapda türkmen matallarynyň özboluşly çeperçilik aýratyn¬lyk¬lary, olaryň halk döredijiliginiň beýleki görnüşleri bilen bagla¬ny¬şygy, mowzuklary we beýleki meseleleri dogrusynda düýpli ylmy maglumatlar berilýar. Mundan ýarym asyra golaý wagt öň ýazylan bu işde, elbetde, şol döwrüň syýasy garaýyşlary, dü-şü¬njeleri saklanýar. Şu ýagdaýlara düşünjelilik bilen garap, kitabyň köp derejede ylmy ähmiýetiniň bardygyny hem aýtman geçmek bolmaz.
Türkmen matallarynyň toplanyş, neşir ediliş we öwreniliş taryhyna edilen şu gysgaça syýahatdan matallary täzeden okyjylara hödürlemegiň zerurlygy görünýär. Hakykatdan hem, türkmen matallarynyň soňky gezek neşir edilenine 15 ýyldan hem köp wagt bolupdyr. Bu döwür içinde jemgyýetde syýasy özgerişler, adamlaryň aňynda, durmuşda, ylymda, tehnikada, medeniýetde düýpli ösüşler bolup geçdi. Täze düşünjeli, milli we garaşsyzlyk ruhynda terbiýelenen nesil ösüp ýetişdi. Şun-dan ugur alyp, matallaryň üsti ýetirilen, täzeden işlenen ýy-gyn¬dysyny taýýarlamaga girişildi. Şu ýygyndy taýýar¬lananda, esasan, Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýaz-ma¬lar institutynyň halk döredijiligi bölüminiň gaznasynda sak¬lanylýan bukjalardaky matallaryň ýazgylaryna esaslanyldy. Şeý¬lelikde, geçen asyryň ýigriminji-otuzynjy ýyllaryndan, tä şu günki günlerimize çenli ilat arasyndan toplanan, ýazylyp alnan we golýazmalar gaznasyna tabşyrylan halk döredijilik eserle¬riniň nusgalaryny özünde jemleýän 400-e golaý bukja işlenip geçildi. Şu ýerde şol bukjalardaky azu-köp matallary dürli dö¬würde halk arasyndan toplap sogaply hem haýyrly iş eden we edebi miras, golýazma boýunça ýörite döwlet edarasyna tab¬şy¬ran adamlary ýatlap geçmek gerek. M Geldiýew, P.Aga¬ly¬ýew, K.Osmanow, M.Sakali, A.Gowşudow, B.Garryýew, G.Gurba¬now, S.Kürenow, A.Sopyýew, S.Annanurowa, Ş.Halmuham¬medow, K.Berkeliýew, B.Mämmetýazow, A.Baýmyradow, M.Ça¬ryýew, M.Durdyýewa, G.Ylýasowa, B.Welbaýramow, K.Ne¬pesowa, M. Öwlüýägulyýewa, D.Muhamow, G.Bazarow, A.Kadyrow, Ü.Esen, Ş.Hudaýnazarow we beýleki birnäçe alym¬lar, ylmy işgärler, mugallymlar, dürli kärdäki adamlar dil¬den aýdylýan halk mirasynyň ýatdan çykyp, ýitip gitmezligi üçin öz wagtynda taryhy ähmiýetli işleri bitiripdirler. Taýýar¬la¬nan şu ýygyndy hem olaryň şol hyzmatlarynyň netijesidir. Mun¬dan başga-da, ýygyndy taýýarlananda, mümkin boldu¬gyn¬dan, irki döwürlerde dünýäniň ylmy merkezlerinde çap edilen türkmen halkynyň medeniýetine, halk döredijiligine degişli iş¬le¬riň sahypalaryndan, soňky ýyllarda neşir edilen gazet-žur-nallardan, dürli häsiýetli neşirlerden, ýörite ýygyndylardan ma¬tal¬lar toplanyldy. Şu ýygyndyny çapa taýýarlaýjynyň özüniň halk arasyndan ýazyp alan, öňki neşirlerde duşmaýan 200 tö¬we¬regi mataly hem ýygynda goşuldy. Netijede, sagdyn maz¬mun¬ly, durnukly ýygyndyny taýýarlamak üçin toplanan köp sanly matal nusgalarynyň ähli babatda iň kämilleri saýlanyp alyndy. Gaýtalanýan, mazmun we çeperçilik taýdan gowşak, şu günki durmuşymyzyň aňyýetine, medeniýetine laýyk gelmeýän matallar ýygynda goşulmady.
Ýygyndydaky matallar mazmunlaryna görä, on dört bö¬lü-me bölünip berildi. Her bölümiň içindäki matallar başlanýan sözüniň ilkinji harpyna ― sesine görä, elipbiý tertibinde ýer-leşdirildi. Matallaryň ýazgylarynda duş gelýän okyjylar üçin düşnüksiz bolar diýlip hasap edilen sözlere, beýleki meselelere çykgytda düşündirişler, bellikler we garaýyşlar berildi.
Türkmen halk matallarynyň şu ýygyndysynyň matallar we olaryň ylmy meseleleri barada täze garaýyşlary kemala getir-jegi ukuçsuzdyr. Şuňa görä, matallaryň tebigaty, özboluşlygy, ulanylyşy, häzirki zaman ýagdaýlary barada gürrüň etmek maksadalaýykdyr.
Halk döredijiliginiň bu görnüşi halk arasynda «matal», «tap¬maça», «kimbilmeşek» diýen atlar bilen meşhur bolupdyr. Emma «matal» sözi has ýörgünli bolup, ol edebi adalgalyk hukugyny alan sözdür. Häzirki wagtda «matal» diýlende, kimiň döredeni belli bolmadyk halk döredijilik eserleriniň bir görnü¬şi¬ne düşünilýär. «Tapmaça» bolsa, aýry-aýry belli şahyrlaryň matallaryň tebigatynda düzen, oýlanmagy we onuň jogabyny talap edýän goşgy bentleridir. Olar käte «kimbilmeşek» diýlip hem atlandyrylýar. Bular ýazuwly edebiýatyň önümi hasap¬la¬nyl¬ýar.
Matallar özüniň durky, mazmuny, aýdylyşy, gurluşy ta-ýyn¬dan-da aýratyn özboluşlyga eýedir. Haýsy-da bolsa bir za-dyň, närsäniň, düşünjäniň göçme manyda şahyrana setirler bi-len ýa-da gysgajyk çeper hem göçme manyly sözlem bilen su-rat¬landyrylyp, sorag görnüşde berilmegine we onuň hem joga-byna bitewilikde matal diýilýär. Şuňa görä, matal gurluşy ta-ýyn¬dan iki bölekden ybarat bolýar. Birinji bölek – bir zat, dü-şün¬je hakynda sorag ýa-da ýumuş şekilinde şahyrana ýa-da çe¬per kyssawy görnüşinde düzülen setirlerden durup, oňa matal (matalyň özi) ýa-da matalyň esasy diýilýär. Ikinji bölek – ma¬ta¬lyň ýa-da matalyň esasynyň soraýan, talap edýän oýlanylyp tapylmaly zatdan, düşünjeden durup, oňa matalyň manysy, çöz¬güdi, ýorgudy ýa-da jogaby diýilýär.Meselem:
Gyr at bilen gara atym,
Bir-biriniň yzynda.
Bir-birini kowalar,
Jümle älem gözünde. (Gije-gündiz)
Ýa-da:
Bir käseden iki dürli suw içdim. (Ýumurtga)
Bu mysallardaky birinji getirilen dört setirli şahyrana bent we ikinji getirilen göçme manyly, manysy täsin sözlem ma¬ta-lyň özi ýa-da esasy, ýaýyň içindäki «Gije-gündiz» we «Ýu-murt¬ga» sözleri bolsa, şol matallaryň manysy, çözgüdi, ýor-gudy ýa-da jogabydyr.
Matalyň esasy çeperçiligi, göçme manylylygy, meňzet¬mä-ni, deňeşdirmäni, köplenç ynanyp bolmajak täsin manyly pi-ki¬ri, many hem pikir öwrümlerini özünde saklaýar we ol şolardan ugur alyp oýlanmagy talap edýär. Matalyň jogaby oýlanyp ta¬py¬lansoň, hakykatdan hem, matalyň esasy bilen onuň ýor¬gu¬dy¬nyň arasynda janly baglanyşygyň bardygyny görüp bolýar. Şol baglanyşygy ata-babalarymyzyň nähili derejede paýhas bilen, oýlanyşyk bilen inçe hem çeper tärde beýan edendigine haýran galýarsyň. Hut şu jähetden matallaryň özünde syrly manyny saklamagy, matalyň esasy bilen onuň jogabynyň arasyndaky janly baglanyşyň üstünde oýlanmaklygy talap edýänligi we ony biljek bolmaga gyzyklanma döredýanligi bilen, olar beýleki halk döredijilik eserlerinden tapawutlanýar. Bu matallaryň öz¬boluşly aýratynlyklarynyň bir tarapydyr.
Dürli mazmundaky matallaryň käbirlerine garap geçe¬niň-de, olaryň manysynyň giňligine, özünde çuňňur pelsepäni, dün¬ýägaraýşy saklaýanlygyna, beýle matallary diňe bir çagalar däl, eýsem, birbada uly adamlara hem çözmegiň aňsat düşmejegine göz ýetirmek bolýär. Meselem:
Adyl diwan – bir paýlaşyk,
Parsah-parsah, ara daşlyk.
Kimse odur, kimse budur,
Her kim özüniňkiden hoşluk. (Akyl)
Ýa-da:
Daşdan geldi müň nökerli bir duşman,
Gabalan jaýymda pena goýmady.
Gullugynda gezip, hyzmatyn kyldym,
Sanamaga maňa sena goýmady (Garrylyk)
diýen ýaly matallaryň esaslary hem, jogaplary hem juda çuň mazmuny, giň manyny, dünýägaraýşy saklaýar. Jogaplary anyk zat, närse däl-de, umumy düşünje bolan adamzat, onuň akyl-paýhasy, durmuşy, ömri baradaky meseleleri beýan edýän bu matallar belli bir kämillik ýaşyna ýeten, akyly goýalyşan, ýaşaýyş-durmuş babatda tejribä eýe bolan adamlar tarapyndan döredilipdir.
Türkmen halk matallary ýaşaýşyň, durmuşyň dürli ta¬rap-la¬ry¬ny şöhlelendirýär we şoňa görä olar mazmun taýdan dürli toparlara bölünýärler. Olaryň arasynda tebigat we tebigy hady¬salar baradaky matallar özüniň möçber taýdan köplügi bilen ta¬pa¬wutlanýär. Bu mazmundaky matallary özüniň döreýşi bo¬ýun¬ça beýlekilerden has gadymy hasaplamak bolar. Sebäbi olarda halkyň tebigata, tebigat hadysalaryna bolan irki sada dünýägaraýyşlary şöhlelenýär. Zähmet we zähmet gurallary hakyndaky, ylym-bilim, medeniýet, tehnika hakyndaky, iýmit, geýim-gejim, bezeg şaý-sepler, harby enjamlar hakyndaky ma¬tal¬laryň mazmunyndan olaryň döredilen döwürlerini takmyny kesgitlemek mümkin. Munuň özi halkşynaslyk maglumat¬la¬ry¬ny toplamaga hem mümkinçilik berýär. Meselem, ata-baba¬la¬rymyzyň ulanan degirmen, jykyr, sokudaşy, aw gapany, meşik, gowa, çarh ýaly şu günki durmuşymyzda seýrek duşýan bir¬nä¬çe zatlar baradaky matallar halkyň geçmiş durmuşyndan ha¬bar¬ly edýär. Şonuň bilen birlikde holodilnik, telefon, globus, bil¬ýard, trolleýbus ýaly tehnikanyň, medeniýetiň ösüşi netijesinde ýüze çykan zatlar barada hem birnäçe matallar bardyr.
Matallar aýdylyş, ulanylyş taýyndan hem tapawutlanýar. Olar iki we ondan-da köp adamlaryň arasynda ýerine ýetirilýär. Geçmişde adamlar ýörite matal aýdyşmak üçin bir ýere ýyg¬na¬nyp¬dyrlar. Dürli ýaşdaky adamlar topar-topar ýa-da iki bolup, garşylykly matal aýdyşypdyrlar, biri-birleriniň akylyny, zehi¬ni¬ni, oýlanyşmak ukybyny, başarjaňlygyny synapdyrlar, ýüze çy¬ka¬rypdyrlar. Matal aýdylansoň, jogabyny bilmeli kişi onuň üs¬tün¬de köp oýlanypdyr, ony bilmekde kynçylyk çekse, aýdyja «Jan¬lymy, jansyz?», «Öýdeçimi, düzdeçi?», «Iýmelimi, iýme¬siz?» diýen ýaly soraglar bilen ýüz tutupdyr. Eger matalyň jo¬gabyny bilmese, matal aýdyşmak oýnunyň dessuryna görä, «Te¬jen seniňki, Köneürgenç seniňki» diýen ýaly sözler aýdyp, ol ýurt, şäher bermeli bolupdyr. Şondan soň hem, matal aýdyjy oýnuň şowhunyny artdyryp, oturanlary matalyň jogabyny bil¬mä¬ge gyzykdyryp, «Şol şäheriň ýagşy zady meniňki, ýaman zady seniňki» diýipdir we ýene matalyň jogabyny bilmedik ki¬şä birnäçe sowal berip, ahyry matalyň jogabyny aýdypdyr.
Soňky döwürlerde şunuň ýaly matal aýdyşmak däbi dur-muş¬dan galyşypdyr. Bu ýagdaý jemgyýetiň, medeniýetiň, yl-myň we tehnikanyň ösüşleri bilen baglydyr. Häzirki wagtda kitaplaryň, gazet-žurnallaryň neşir edilişiniň ösen derejesi, ra-dio, telewideniýe, kompýuter, elektron poçta, internet ýaly teh¬ni¬ki serişdeleriň, kompýuterleşdirilen tehniki çagalar oýun mer¬kezleriniň durmuşa çüňňür ornaşmagy ynsan aňynyň ösü-şi¬ne täsir edýär. Adamlary oýlandyrmak, akyl türgenleşigini ge¬çir¬mek, zehini durlamak ýaly wezipäni ýerine ýetirýän ma-tal¬laryň ornuny tutup bilýän dürli görnüşli tapmaçalaryň gazet-žur¬nallarda çap edilip durulmagy, radioda, telewideniýede so¬rag¬lary çözmek bilen baglanyşykly ýörite gepleşikleriň berlip durulmagy, okuw-bilim ulgamyna barlagnama (test) usulynyň girizilmegi, kompýuter ulgamyndaky soraglar çözmek bilen bag¬lanyşykly dürli häsiýetdäki oýunlar adamlary belli bir de¬re¬je¬de matal aýdyşmak däbinden daşlaşdyrdy. Ylmyň we teh¬ni¬kanyň ösüşiniň halk döredijiligine, olar bilen baglanyşykly dur¬muş dessurlaryna eden täsiri barada Beýik Saparmyrat Türk-menbaşy Mukaddes Ruhnamanyň ikinji kitabynda şeýle diýýär: «Telewizoryň ýok, radionyň gyt wagtynda uzyn gyş gije¬le¬rinde, salkyn tomus agşamlarynda goňşular bilen mesawy söhbet etmek oňat dessurlardandy. Dessan diňlenilýän, gy¬zyk¬ly hem täsirli rowaýatlar aýdylýan şeýle gyş gijeleri, tomus agşamlary türkmen durmuşynyň iň ajaýyp görnüş¬leri bolup galdy. Olar biziň üçin edep mekdebidi» . Bu aý¬dy¬lan hakykat halk döredijiliginiň matallar görnüşini köpçülik bolup aýdyşmak däbine hem degişlidir. Ýöne matallaryň özi hä¬zirki wagtda biziň aramyzda, dilimizde, kitaplarymyzda ata-babalarymyzyň döreden edep mekdebi, gymmatly edebi miras hökmünde ýaşaýar. Olar halkymyzyň dünýägaraýşyny, pähim-paýhasyny, däp-dessuryny, halkşynaslyk we ene dilimiziň mag¬lumatlaryny özünde jemlenýänligi üçin gymmatlydyr. Ma-tallar türkmen halk döredijilini öwreniş ylmynda aýratyn bir görnüş hökmünde öwrenilýär. Orta mekdepleriň we ýokary okuw mekdepleriniň dil-edebiýat, medeni miras bölümleriniň okuw meýilnamalarynda matallary öwrenmek üçin ýörite okuw sagatlary bar. Matallara okuw kitaplarynda, gazet-žurnallarda belli bir orun berilýär, çagalar üçin tele we radio geple¬şik¬le¬rin¬de hem matallar ulanylýar. Ýaş nesle çagalar baglarynda, mek¬dep¬lerde matallar ýörite öwredilýär. Folklor toparlarynda ma¬tal¬lar bilen baglanyşykly sahnalar ýerine ýetirilýär. Munuň özi matallaryň edebi-medeni gymmatlyk hökmünde öz ähmiýetini ýitirmeýändigini, ýaşaýandygyny görkezýär.
Edebi-ruhy gymmatlyklarymyzy şu günki Garaşsyzlyk eý¬ýamymyzyň täze ruhy, täze aňyýeti bilen halka ýetirmek ba¬radaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymaty esa-syn¬da taýýarlanylan şu ýygyndydaky matallar halkymyzyň nus¬ga¬lyk pelsepesini, pähim-parasadyny, terbiýe ýörelgelerini, zehi¬nini açyp görkezýär. Ata-babalarymyzyň aýratyn döredijilik we zehin mekdebi hökmünde döreden matallary şu günki hem geljekki nesillerimizi aň we zehin taýdan terbiýelemekde, ruhy-edebi mirasymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir.
Nury SEÝIDOW,
Türkmenistanyň milli medeniýet
«Miras» merkeziniň esasy ylmy işgäri.
Edebi makalalar