X. ÖSÜMLIKLER, BAG-BAKJA ÖNÜMLERI HAKYNDAKY MATALLAR
Abdyl agam arrykdyr,
Agzy-burny mürrükdir,
Hemme zada gereklir. (Gowaçanyň köregi, pagta)
Agaçdan aty,
Daşdan gaty,
Öýden uly,
Ýumurtgadan kiçi,
Ötden ajy,
Süýtden süýji. (Hoz agajy, hoz)
Agyzlaryň ajysy,
Bogazlaryň gijisi.
Sapagy ediresden ,
Özi gyzyl begresden . (Gyzyl burç)
Akdyr, gar däldir,
Ýumşakdyr, ýüň däldir. (Pagta)
Ak selleli mollalar,
Depä çykyp aldanar. (Gamyş)
Altyn gozada aş gördüm. (Günebakar)
Arkaňa mündüm – han boldum,
Gapyňa geldim – gul boldum,
Oduňa ýandym – kül boldum. (Ýandak)
Armyt-armyt,
Belki tut. (Gowaça)
Asty daş,
Üsti daş,
Ortasynda bişen aş. (Şänik, maňyz)
Asty hem dag,
Üsti hem dag,
Arasynda – sary ýag. (Hoz)
Atasy Bükri hoja, Enesi Ýaýma juwan,
Gyzy Şirin şeker. (Üzüm agajy, ýapraklary we miwesi)
Aýagy bar,
Dyzy ýok,
Kirpigi bar,
Gözi ýok. (Kömelek)
Aýagyn ýere dykar,
Kellesinden ýag akar. (Kendir)
Aý – aýmasy,
Gün – düwmesi,
Müň dänesi,
Müjeresi. (Ýüzärligiň dänesi)
Aý, egmeg-ä, aý, egmek,
Baş çykarar, aý, egmek,
Ýüpek saçyn ykjadyp,
Dondan çykar aý, egmek. (Mekgejöwen)
Aýnasyz, gapysyz jaýyň içi adamdan doly. (Garpyz)
Azar azara gider,
Azar bizara gider.
Atasy üç ýaşynda
Ogly bazara gider. (Üzüm agajy, üzüm.)
Balasynyň içinde enesi ýatyr. (Gawun)
Bir agaçda top gördüm. (Kelem)
Bir agaçda top oky. (Kelem)
Bir atym bar julluja,
Guýrugy ýeke gyllyja. (Şaly)
Bir aýalyň ömri zaýa,
On iki aýdan geler bu jaýa. (Kömelek)
Bir çybygyň üstünde,
Gyrmyzy donly gyz otyr. (Burç)
Bir guş tutdum, jany ýok,
Öldürsem-de, gany ýok,
Içinde üç ýumurtga,
Jüýjesiniň sany ýok. (Gawun)
Bir gülüm miwe getir,
Miwesi kir ýuwar (Desmal kädi )
Birje barmak inlije
Daraýydan donluja. (Çigildem )
Bir kiçijik özi bar,
Gabat-gabat dony bar. (Sogan)
Bir öý bar,
Işigi ýok, deşigi ýok,
Içi doly adam. (Garpyz)
Bir öýüň içinde,
Üç körpeje çaga bar.
Işigi-de ýok, deşigi-de ýok,
Myhman gelse, açylar. (Gawun)
Bir topar atlar
Ceşmede otlar,
Wagty gelende
Dodagy çatlar. (Şaly)
Bir zadym bar,
Öýden uly,
Topukdan kiçi,
Ötden ajy,
Süýtden süýji. (Hoz agajy, hoz)
Bir zadym bar, sany ýok,
Garnyny kessem, jany ýok. (Bugdaý)
Biýt-biýt, bileň at,
Bili näzik küreň at,
Dagdan-daşdan gaýtmaz at,
Dalaw degip, ölmez at. (Garynja)
Boýy bir garyş,
Sakgaly iki garyş. (Mekgejöwen)
Boýy derek ýaly,
Özi börek ýaly. (Jöwen)
Bükri hoja, ýaýma çelpek. (Tut agajy, ýapragy)
Çilje çynar içinde,
Çil alaja guş otyr.
Her ganatyn kakanda,
Çiline jöwher döker. (Künji)
Çil üstünde yranar,
Gat-gat dona bürener. (Mekgejöwen)
Çim-çim çitenek,
Çimilgen çitenek.
Darajyk gol içinde
Bozurgan çitenek. (Gowaça)
Çür-çür guşlar,
Çürmen guşlar.
Agzy ýok, burny ýok
Adam dişlär. (Demirtiken )
Çyl çeperim , başy aşak. (Nar)
Çym-gyzylja gyzjagaz Elinde bir gyljagaz. (Burç)
Dagda diňňildär,
Suwda siňňildär. (Gamyş)
Daşdan görsem,
Bir gara,
Ýanyna barsam,
Müň gara.
Içine girsem,
Etimi çeker,
Dadyp görseň,
Bal bilen şeker. (Böwürslen)
Daşdan görseň,
Ýaldyr-ýuldur,
Ýanyna barsam,
Gulply kendir. (Garpyz)
Daşy-da aş,
Içi-de aş,
Ortasy – gara daş. (Erik, maňyz, şänik)
Daşyn görseň,
Haty bar,
Hiç süňki ýok,
Eti bar. (Gawun)
Daşy toýun, içi pagta. (Pisse)
Daşy ýaşyl, içi gyzyl galalar,
Içindäki jübte-jübte balalar. (Garpyz)
Daşy ýaşyl, içi tutuş lälezar,
Ýylyň ýylna çülpe-çülpe çagalar. (Garpyz)
Daýzam içde, saçy daşda. (Käşir)
Dolama dokuz dony bar,
Bir topbajyk özi bar. (Mekgejöwen)
Dolama donum,
Goltugy darym,
Bir çynarym,
On iki narym. (Mekgejöwen)
Dommy gara, dony ýok.
Hytdy gyzyl, tüýi ýok. (Burç)
Dört barmajyk boýy bar,
Gatbar-gatbar dony bar. (Sogan)
Düýbi bir, başy müň. (Ak jöwen)
Düýbi bir, şahasy müň,
Şagyrdysy dag aşar. (Pişikdyrnak )
Ekdim nohut,
Bitdi söwüt,
Miwesi armyt,
Ýapragy tut. (Çigit, gowaça)
El-agzyňy dyndyrmaz,
Aňryňa oba gondurmaz (Günebakar çigidi)
Enesi bir-de, çagasy müň. (Garpyz we çigidi)
Enesi egri-bugry,
Çagasy şeker-şerbet. (Üzüm)
Ep-eýjejik çykardym, Ep-enaýyja otyrdym.
Hiç kim maňa degmese,
Eräp-eräp akardym. (Kömelek)
Eý, Hudaýym, ýaradan,
Köýnegi çilparadan.
Otuz iki düwmesi bar,
Iligi ýaralydan. (Ýüzärlik)
Eý, tebigat gudratsyň, ýok dänesi,
Oglunyň garnynda ýatyr enesi.
Oglundan alyp, terbiýet kylsaň
Açylar gül lälesi. (Gawun we çigidi)
Garny ýaryk gaýkyja. (Bugdaý dänesi)
Garny ýaryk, gyzyl süýri,
Ysgynsyzyň bire-biri. (Bugdaý)
Gatbar-gatbar gatlagym,
Gatlaşar meň gatlagym.
Ýedi gapa ýet diýsem, Ýetişer meň gatlagym. (Sogan)
Gat-gatlyja, kelte boýluja. (Sogan)
Gatlak-gatlak gaty bar,
Äňetsem, bir düýbi bar. Enesinden doganda
Bir mähnet haýbaty bar. (Kömelek)
Gaýradan geldim baýak, Elimde ýylgyn taýak.
Ýatdym, turdum, düýş gördüm
Bir kellede müň aýak. (Ak jöwen)
Gökje baýlyk, üç aýlyk. (Hyýar)
Gün nuruny söýýärin,
Oňa başym egýärin. (Günebakar)
Güýz ekerler deregi,
Ýazda iýrler çöregi. (Güýzlük bugdaý)
Gyryjak ýylgyn içinde,
Aýparça dek gyz otyr. (Kömelek)
Gyşda – mazar ,
Ýazda – bazar. (Üzüm)
Gyzyl ýumurtgadan
Goňur ýumurtga.
Goňur ýumurtgadan
Goňur jüýjejik. (Bişen erik, şänigi we maňzy)
Hajydan hajy geçer,
Menzilin gije geçer.
Bir ýumurtgaň içinden
Kyrk-elli jüýje geçer. (Injir)
Halydyr,
Ýüpden däldir,
Kebapdyr,
Etden däldir. (Kömelek)
Hatar-hatar obalar,
Ak sakgally babalar. (Jöwen)
Hatjadan hatja çykar,
Betjeden betje çykar.
Bir ýumurtgaň içinden
Kyrk sekiz jüýje çykar. (Nar)
Hesen hestek,
Boýy pestek, Ýedi gatdan dony bar. (Sogan)
Hilehana-a hilehan,
Baldyrlary tüýlihan (Dary)
Hil-hilije, burny egrije. (Noýba)
Hol baýak, ýylgyn taýak,
Ajap ekem bir düýş gördi,
Bir kellede altmyş gulak. (Bugdaý)
How götär-ä, how götär,
Howny dagyndan götär.
Sekiz iki demir men,
Dokuz iki döw götär. (Gawun, garpyz, biýara)
Hudaý beren topjagaz, Eli-aýagy ýokjagaz, Ezberlik bile ýugrulan,
Ýüpek bilen depjelen . (Gawun)
Hupba semiz, bir tüýi ýok. (Garpyz)
Hüpbi gyzyl, tüýi ýok. (Burç)
Içi gowallaç toraňňy,
Hurmaýy gyzyl reňňi. (Gyzyl burç)
Iki dogan bar ýaly,
Ömür-baky ýaz ýaly. (Bugdaý, jöwen)
Ilerde atlar,
Çemende otlar.
Wadasy gelende,
Ýüregi çatlar. (Gowaça, goza, pagta)
Iýmäge heserlije,
On bir gat ak donluja. (Sogan)
Keltejik boýy bar,
Dyzboýy öýi bar. (Çigildem)
Kesseň janlanar. (Üzüm)
Matalym, gyzyl matal,
Dilden ötüp, damaga ýeter. (Gyzyl burç)
Matalym matlar,
Düzlerde otlar,
Wagty gelende
Sagrysy çatlar. (Gowaça, göza)
Maýa, ömri zaýa,
Bir ýyl – on iki aýdan
Geler bu jaýa.
Aýagy bar, dyzy ýok,
Kirpigi bar, gözi ýok. (Kömelek)
Men ekmedim, mähelle,
Özi ekiler, mähelle,
Men ormadym, mähelle,
Özi orular, mähelle. (Narpyz)
Menek-menek,
Men ekmedim, özi ekildi.
Men ormadym, özi oruldy. (Ýylak )
Miwesiniň sany ýok,
Hiç biriniň jany ýok.
Ösende gol atar ol,
Ölçeginiň sany ýok. (Üzüm)
Ol nedir kim, gana meňzär, gany ýok,
Jümle boýun gan tutupdyr, jany ýok,
Gör, onuň jübtiniň hem halaly ýok,
Içindäki balasynyň sany ýok. (Gyzyl burç)
On don, ýüzi gan,
Kelteje boýly,
Gyrmyzy donly. (Gyzyl burç)
Öňün görseň,
Oýun ýaly,
Soňun görseň,
Goýun ýaly. (Sürmeki gawun )
Öýden uly,
Ýumurtgadan kiçi.
Burçdan ajy,
Süýtden süýji. (Erik agajy, miwesi, nowça, bişen erik)
Özi semiz,
Boýy ýok.
Derisi galyň,
Tüýi ýok. (Garpyz)
Özi ýerden hoşana,
Sellesi meňzär işana. (Jöwen)
Peleginden düwdüren,
Alkymyndan bogduran. (Suwkädi)
Pel üstünde peşli ahun. (Kömelek)
Pessejik bag,
Reňki gökdür.
Ony ekýän
Adam dokdur. (Bugdaý)
Reňki gyzyldyr, ujy ýiti,
Goşa nokat ýüzüniň haty. (Şetdaly şänigi)
Sary gyzym ýer astynda,
Saçbagysy ýer üstünde. (Käşir)
Sary towugym basyp ýatyr. (Biýaradaky sary gawun)
Sekiz-sekiz donuň bar,
Monjuk-monjuk ganyň bar. (Mekgejöwen)
Şinjiräniň başynda,
Hünärlije guş otyr.
Her ganatyn kakanda,
Güllüje göwher döküler. (Künji)
Takyr ýeriň gupbasy,
Şire-şepbik dänesi. (Ýüzärlik)
Tanapy uzyn, tanasy çişik. (Biýaradaky garpyz)
Tegelejik telpegim,
Düýbünde bardyr tüýi. Elin asmana uzadyp,
Ajydyr içen suwy. (Sogan)
Teneçir, teneçir,
Aýagny diräp,
Suw içer. (Şaly)
Togalakdyr,
Hoz däldir,
Owadandyr,
Gyz däldir,
Açylanda ak gardyr. (Pagta)
Togsan gat dony bar,
Togalak gelen boýy bar. (Kelem)
Tomus geýner,
Çyşda çykarynar. (Derek)
Tomus hinde gizlenip,
Ýatan gyzyl tilkini
Guýrugyndan sogrup,
Getirdiler bir güni. (Käşir)
Undan ak, gardan ýumşak. (Pagta)
Urmaz, sökmez agladar. (Sogan)
Uzyn derek, içi köwek. (Gamyş)
Uzyn-uzyn gübberçek,
Toraňňynyň düýbünde,
Düňderlip ýatan güberçek. (Gawun-garpyz biýarasy)
Uzyn-uzyn mollalar,
Uzyn ömrüne suw dilär. (Mekgejöwen)
Üç aý öli,
Dokuz aý diri,
Gezmeýär biri. (Agaç, bag)
Ýapragy ýyrtyk-ýyrtyk
Özi düwürtik-düwürtik. (Injir)
Ýapy ýüzünde gyzyl köýnekli gyz otyr. (Burç)
Ýazyna gülüstan,
Gaşyna gabrystan. (Üzüm, üzüm agajynyň gyşyna gömülmegi)
Ýer astynda altyn gazyk. (Käşir)
Ýer aşagynda sary çybyk. (Tut agajynyň damary)
Ýerden çykar sallanyp,
Altmyş bäş gün diýlende,
Öňüňe geler towlanyp. (Gawun)
Ýerden çykar ýalmanyp,
Düwmeleri sallanyp,
Açylanda patrak,
Seçilende gowurga. (Gowaça, gozasy we pagta)
Ýerden çykar ýalmanyp,
Selin-sazak baglanyp.
Peýwagtyna gezende
Başyna peş oranyp. (Köwreýik )
Ýerden çykar ýapragy,
Göze düşer topragy. (Bugdaý)
Ýerden çykdym ýalmanyp,
Bilime sagdak baglanyp.
Ýaňy kemala gelemde,
Başym aşak sallanyp. (Günebakar)
Ýerimdekäm, ýegdim men,
Başy jygaly begdim men.
Size gelip, bu bolduk,
Bili bagly gul bolduk. (Gamyş)
Ýeriň ýüzi pytyr-sytyr,
Leýli ýetim bukup ýatyr. (Gawunçylyk)
Ýer ýüzi ýapalak-ýapalak,
Ýapalak bilmäge segsen ýyl gerek (Bugdaý)
Ýol ýatyr-a ýol ýatyr,
Ýol üstünde pil ýatyr,
Ak saraýyň içinde,
Ybraýym soltan ýatyr. (Gawun çigidi)
Ýortup barýardym, hol baýak,
Elimde ýylgyn taýak.
Bir ajaýyp düýş gördüm,
Bir kellede müň gulak. (Dary)
Ýuwsaň mazasy gider,
Gyrsaň ýarysy gider.
Synyňa sürt,
Damagyňa dürt. (Käşir)
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar