VII. AZYK ÖNÜMLERI, IÝILÝÄN-IÇILÝÄN ZATLAR HAKYNDAKY MATALLAR
Ak atamyň agzy bitik. (Ýumurtga)
Ak deňiz üstünde ak gaýyk. (Süýt we gaýmak)
Ak guş, ak guş,
Nireden gelýäň?
Ganly derýadan gelýän.
Ganyň, kokuň bolmasa?
Ýaradan Alladan gelýän. (Içege, içýag)
Akja guzym suwa çozar. (Tüwi, palaw bişirlende tüwiniň gazana salynýan pursady)
Akja kümmez, agzy ýok. (Ýumurtga)
Ak öýüň işigi hem ýok,
Deşigi hem ýok. (Ýumurtga)
Ak togalak jamjagaz,
Içi doly ganjagaz. (Ýumurtga)
Aňyrsy – gaýa,
Bärsi – gaýa,
Ortarasy – sary maýa. (Ýumurtga)
Bir gap un,
Içinde sütün. (Igde)
Bir golçada iki hili ýag. (Ýumurtga)
Bir guýudan kyrk goýun suw içer. (Börek)
Birje matal aýdaýyn,
Içiň ýakar, aýdaýyn,
Dişiň döker, aýdaýyn.
Üsti buzlap dursa-da,
Agzyň ýakar, aýdaýyn. (Mäşewe)
Bir käseden iki dürli suw içdim. (Ýumurtga)
Bir küýzede iki tagam. (Ýumurtga)
Bir küýzede iki suw,
Günde getirip berer. (Ýumurtga, towuk)
Bir sereje boýy bar,
Daraýydan dony bar (Igde)
Bir tutam, belli tutam,
Gemireýin diýseň, aýdaýyn. (Goýnuň bişen aýagy)
Bir zadym bar, aradan
Hakdyr muny ýaradan.
Bir küýzede iki suw,
Ýary ak, ýary sarydan. (Ýumurtga)
Bişirseň aş bolar,
Bişirmeseň guş bolar. (Ýumurtga)
Bişse, darka ýarylar,
Dilim-dilim seriler. (Gawun, kak)
Buýra-buýra buýrasy,
Buýra soltan eýesi,
Buýrasyndan tutdurmady.
Keýki soltan eýesi. (Unaş)
Çabytlyja, çaryklyja,
Han ýanynda arkalyja. (Tüwi)
Çekdim uýan üzüldi,
O ýan, bu ýan düzüldi.
On iki sany gyzyl düwme,
Bir kerwene düzüldi. (Igde)
Çuňňulja guýyň içinde,
Çürje gulak gygyrýar.
(Pişme we onuň gazandaky bişýän pursady)
Çypyrtma gazanda tüwi gaýnar. (Nar)
Daş içinde aş bar,
Aş içinde daş bar (Daş tabakdaky etli-süňkli nahar)
Daşy gan dek,
Içi un dek,
Oturşy Abdylla han dek. (Igde)
Daşy gan ýaly,
Içi un ýaly. (Igde)
Daşy gyzyl, içi ak,
Ortasy bir taýak. (Igde)
Derýa ýüzünde parça. (Börek)
Dilim-dilim tasmalar,
Içiberse hassalar
Iki günde sagalar. (Unaş)
Duzsuz bişen aş gördüm,
Tos-togalak daş gördüm. (Gawun)
Düwdüm, guýa taşladym. (Börek)
Düýn öýlän bir guş gördüm,
Duzsuz bişen aş gördüm. (Gowurga)
Egri-bugry gök çybyk,
Oňa ýapyşan ak pamyk. (Malyň içegesi, içýagy)
Ejem içerde, saçy daşarda. (Kösük)
Ekiniňi ýaş gördüm,
Duszuz bişen aş gördüm. (Semeni )
Etinden kebap bolmaz,
Ganyndan käse dolmaz. (Nar)
Eý, agalar, nirden gelýäň?
Gumly depeden gelýän.
Hany seniň ganyň-kokuň?
Taňry ýaradandan gelýän. (Goýnuň içýagy)
Gatlak-gatlak ýapylar,
Bir oňatja epiler. (Çelpek)
Gazana salyp gaýnatdym,
Saçaga salyp guratdym,
Urup-urup saňsar etdim.
Iýer ýaly tap-taň etdim. (Sök )
Gazyk üstünde gar durmaz. (Ýumurtga)
Gök atym guýa batdy,
Gulaklary üste galkdy. (Börek)
Gumluk ýerde gaz oýnar. (Patrak)
Gysgajyk boýluja,
Daşy donluja. (Kemput)
Gyzgyn gol içinde
Sary ýaglyk ýalpyldar. (Gazan, çelpek)
Iki suwy çaýkasaň-da, gatyşmaz. (Ýumurtga)
Kelte boýly, gyzyl donly,
Ak köýnekli bir ýigit. (Igde)
Likir-likir likdigim,
Likirdikde ýatdygym,
Altmyş gala aldygym, Ýetmiş gala gapdygym. (Unaş)
Magam-magam magamdyr,
Magam meniň agamdyr.
Bir küýzede iki suw,
Her biri bir tagamdyr. (Ýumurtga)
Matalym matdy,
Gazana salsam,
Serrelip ýatdy. (Börek)
Men bir matal aýdaýyn,
Dilden öter aýdaýyn,
Damak tutar aýdaýyn. (Talhan )
Meýdanlarda ak otag,
Agzy burny ýok otag. (Ýumurtga)
Nahara atsaň ony,
Sessiz agladar seni. (Burç)
Özi bir kiçijik,
Içi doly jykgajyk. (Nar)
Reňki ap-ak, suwujak,
Suwdan sähel goýujyk.
Bir gije dursa özi
Çertek kimin baglar ýüzi. (Süýt)
Salkymy bar,
Üzüm däldir,
Şänigi bar,
Igde däldir,
Ýarygy bar,
Bugdaý däldir. (Hurma)
Sandykça, içi doly myhça. (Nar)
Suwda biter,
Suwda ýiter. (Duz)
Suwukdyr, suw däldir,
Akdyr, gar däldir. (Süýt)
Takyrjak ýerde gaz oýnar,
Köp oýnamaz, az oýnar. (Patrak)
Tes-tegelek etdigim,
Çybygyndan kesdigim. (Unaş)
Teşe degip ýonulmadyk,
Degirmende üwelmedik,
Iňňe bilen tikilmedik. (Igde)
Til-til,
Arkasyndan tasma dil,
Men gidelim on iki ýyl,
Hetdiň bolsa şony bil. (Unaş)
Tygyr-tygyr etdigim,
Digirdedip gitdigim.
Segsen çybyk gyýdygym,
Segsen ýyllap iýdigim. (Unaş)
Ýemeni ýemen eken, Ýemenden agaç gelen eken,
Gözbaşy halal onuň,
Eti oň haram eken. (Çaý, şemme)
Ýere urdum paltany, Agzy gyzyl haltany, Ýerden bir oglan çykdy,
Uly iliň soltany. (Bugdaý )
Ýumurdygym gyzylja
Jüýjesiniň sany ýok. (Nar)
Ýumurtgajyk, ýumurtgajyk,
Içinde köpdür dogajyk. (Nar, naryň dänesi)
Ýum ýumrugym, ýumasy içinde,
Kyrk sany düwmesi içinde. (Nar)
Taýýarlan: Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar