KÖNELMEDIK KÖNE HEKAÝATLAR
Bir kişi Hasan Basry hezretleriniň ýanyna gelip, «Biri siz hakynda bolar-bolmaz gepleri aýytdy» diýipdir.
− Haçan?
− Şu gün.
− Nirede?
− Öýünde.
− Onuň öýüne näme diýip bardyň?
− Zyýapatyna bardym.
− Zyýapatynda näme iýdiň?
Hälki kişi sekiz dürli tagamyň adyny sanaýar. Onda Hasan Basry:
− Ol adamyň sekiz dürli tagamy garnyňa sygyp, bir agyz sözi sygmadymy?! Tur, git şu ýerden – diýip, gybatçyny kowup goýberipdir.
***
Halk arsaynda kän bir meşhur bolmadyk Mahmyt Kemal atly alymdan sorapdyrlar:
− Siziň ylmyňyzyň ondan birine hem eýe bolmadyklar sizden has köpräk tanalýarlar. Munuň sebäbi nämede?
− Men bilmek üçin öwrendim, olar bilinmek üçin!
***
Muhammet pygamberden:
− Eý, resulalla, şeýtan kimleri was-wasa salýar? – diýip soranlarynda, ol:
− Içi boş öýe ogry girmez – diýipdir.
***
Ybraýym Edheme bir baý kişi bir käse altyn getiripdir.
− Şuny bizden kabul etseňiz.
− Men garypdan mal almaýaryn.
− Men garypmyşymmy?!
Ybraýym Edhem soraýar:
− Häzirki baýlygyňdan on esse köpräk baýlyga eýe bolasyň gelýärmi?
Gözleri uçganaklan baý:
− Elbetde – diýýär.
− Bu halyň garyplyk bolman näme, eýsem?! Berýän zadyňa maňa görä özüň mätäjiräksiň!..
***
Baýezid Bistamydan:
− Siz suwuň üstünde ýöreýärmişiňiz. Muny nädip başarýarsyňyz? – diýip sorapdyrlar.
− Bir gury agaç hem suwda ýüzýär. Biz agaçça ýokmy?!
***
Bir kişi meşhur türk şahyry Mahmyt Akyf Ersoýy oýnajak bolupdyr:
− Siz mal dogtorlygy gutaran ekeniňiz-ä?!
− Howa, bir ýeriňiz agyrýarmy?!
***
Ystambylly alym Ýahýa Kemaldan sorapdyrlar:
− Size Ankaranyň haýsy ýeri has köpräk ýaraýar?
− Ystambyla gaýdýan tarapy.
***
Ýolda özlerine garşy gelýän maly görüp, Ymam Agzam gyra sowlup, ýol beripdir. Sebäbini soranlarynda ol şeýle diýipdir:
− Malyň şahlary bolsa, meniň akylym bar!
***
Baýezid Bistami hezretleri dälihananyň ýanyndan ötüp barýarka, bir tebibiň sokuda däri döwüp duranyny görüp:
− Eý, hormatly tebip! Tükeniksiz günälidirin. Şu derdime däri-dermanyňyz barmy? – diýip soraýar.
Tebip başyny göterip-götermänkä, dälihananyň penjiresinden garap duran bir hassa jogap berýär:
− Tobanyň köki bilen ökünjiň ýapragyny garyşdyr. Kalp sokusynda pukaralyk tokmagy bilen maýdala. Ynsap eleginden geçir, gözýaş bilen ýugur, yşk tamdyrynda bişir we bu däriden gijelerine ýatman köpräk iý. Görersiň, hassallykdan nam-nyşan galmaz!
Bu sözleri eşidip, Bistami hezretleriniň şobada gözleri ýaşa dolupdyr we şeýle diýipdir:
− Ýa, Rebbim! Bu dünýä hassahanasynda, gör, nähili tebipleriňiz bar eken!!!
***
Bir alymdan sorapdyrlar:
− Doganyňy has ýagşy görýämiň ýa-da dostuňy?
− Doganymy, eger ol dost bolsa…
***
Bir garyp kyrk ýamaly dony bilen patyşanyň huzuryna giripdir. Onuň bu işiniň patyşa ýakmadygyny görüp, wezir haýbat atypdyr:
− Şa huzyryna ýagyry çykan geýimde girmegiň aýypdygyny bilmediňmi?!
Onda garyp kişi:
− Patyşanyň huzyryna ýyrtyk geýimde girmek aýyp däl, ýöne onuň dergähinden şeýle çykmak aýypdyr – diýip jogap beripdir.
***
Taýak iýen oglana teselli beripdirler:
− Hapa bolma, ogul, taýak jennetden çykan ýagşy närsedir (bu ýerde Adam ata ýer sürýän öküzini haýdatmak üçin jennetden iberilen taýak hakda gürrüň gidýär – N. S.).
Taýak awusy süňňüne ýeten biçäre oglan:
− Ýagşy bolsa, jennetden çykmazdy – diýip aglapdyr.
***
Nasareddin Hojadan soraýarlar:
− Hojam, şu dünýä näçe çakyrymka?
Şol wagt ýanlaryndan tabyt göterip geçip barýan ekenler. Nasreddin Hoja tabyt tarapa yşarat edip, jogap beripdir:
− Ana, ondan soraň, ölçeg işini bitirip barýar…
***
Bir baý kişi baýlygyna buýsanyp, şyha garap şeýle diýýär:
− Size naçe pul-altyn gerek bolsa, menden sora.
Şyh:
− Ýok, men gulumyň gulundan zat soramaýaryn – diýýär.
− Eh, o nähili men seniň guluň bolýarmyşym? – diýip, baý gaharlanýar.
Şyh jogap berýär:
− Nebis meniň gulum, sen bolsa nebsiň guly…
***
Bir kazy adamlara bergisini bermän ýören bir kişini çaýa çagyrypdyr. Onuň işigiň öňünde baglan atyny satdyryp, puluny algydarlaryna paýlap beripdir we hälki kişä şeýle diýipdir:
− Pyýada ýörmek boýnuňda karz ýüküni göterip, at münüp ýöreniňden ýagşyrakdyr.
* * *
Sinan atly meşhur binagär bir uly minarany gurup bolansoň, onuň ýanynda bir topar çaganyň üýşüp, wagyrdaşyp, ellerini minara uzadyp, bir zatlar diýişýändiklerini görýär. Olaryň ýanyna baryp:
− Näme gep? − diýip soraýar. Çagalar:
− Ussa aga, şu minaraňyz biraz gyşyk bolupdyr − düýişýärler.
− Hä, onuň ýaly bolsa, häzir minarany tanap bilen çekip dogurlarys. Siz seredip duruň − diýip, tanap getirmeklerini buýurýar.
Sinan ussa tanapy minaranyň daşyndan aýlap: «Nätdi, boldumy, dogrulandymy?» diýip çekiberýär. Ahyry çagalar «Hä, indi dogry boldy» diýşenşerinden soň togtaýar.
Bu ýagdaýy synlap, kellesini çaýkap duran bir kişi:
− Ussa, bu tanapyň, çekişiň şunuň ýaly minara hiç hili täsir etmeýändigini gowy bilýärsiňiz. Näme üçin çagalaryň gepine gidip beýtdiňiz? − diýende, binagär şeýle jogap berýär:
− Şeýtmesem, bu çagalar bütin şähere aýlanyp, «Minara gyýşyk» diýen gepi ýaýratjaklar. Onsoň minaranyň gyýşyk däldigini adamlara ynandyrybilseň, ynandyr-da. Indi bolsa, «Minara egridi, tanap bilen çekdirip dogurlatdyk» diýen gep ýaýrar. Bu gepe bolsa, akyly bar adam ynanmaz.
***
Şäheriň iň baý kişisi jar çekdirdi:
− Kim-de kim garyplygyndan närazy bolsa, pylan ýerdäki meýdana gelsin.
Meýdan adamdan dolup galýar. Her kes baýyň beriminden umydygärdi. Baý kişi ikinji gezek jar çekdirdi:
− Bir garyp garyplygy üçin günäleri geçilip, jennete buýrulsa, ol hem jenneti maňa bagyşlamaga razy bolsa, şu günden başlap, bar baýlygym şonuňky. Şertime razy bolan gelsin, mal-döwletimi kabul edip alsyn.
Biraz wagtdan soň, meýdanda hiç kim galmandyr. Baýyň mal-döwletinden garyplaryňky köpräk bolup çykýar.
***
Bir gorkak uruşda hemişe yzda-pesde gizlenip, jan saklap gezer eken. Bir gün ol hemmäni haýrana goýup, birinji bolup, gylyç syryp, jeňe atylýar. Öňdäki hatarda batyrlarça söweşýär. Ahyry batyr bolup, şöhrat gazanýar. Onuň gorkaklykdan batyr bolşunyň sebäbini sorapdyrlar. Ol şeýle diýipdir:
− Bir gazaply jeň wagty janymy gorap, hendekde ýatyrdym. Bir ýaý oky başymdan aşyp geçip, topraga sanjyldy. Bir seretsem, ýere sanjylan ok gymyldaýan ýaly boldy. Gyzyklanyp, baryp gördüm. Ok hininde ýatan ýylana sanjylypdyr. Öz-özüme diýdim: «Her näçe gizlenseň hem, ajal gelse, barybir tapyp alýan eken». Şondan soň, janymy goramagy goýdum, gorkaklygy taşladym.
***
Gadym zamanda baýlygy bilen öwünýän bir hökümdar bolupdyr. Ol nirä barsa, hazynasyndan bir gysym altyn-kümüş alyp baryp, töweregindäkilere göz edip, güjeňlär eken. Bir gün ol özüniň ynanyşýan alym kişisine şeýle sowal beripdir:
− Sen alymlar arasynda meşhur dana kişi. Men seniň pikiriňi bilmekçi. Meniň hökümdarlygym we baýlygym hakynda näme diýersiň?
Alym jogap bermegiň ýoluny tapdy we hökümdara şeýle diýdi:
− Şeýle diýeliň, hamala, siz jokrama yssyda çöl beýewanyň ortasynda täk özüňiz galdyňyz. Şol wagt damagyňyz gurap, suwsuzlyk heläkläp başlaýar. Şonda size baýlygyňyzyň ýarsynyň öwezine bir käse suw uzadylýar. Siz muňa razy bolarmydyňyz?
− Elbetde, razy bolardym.
− Ençe wagt geçýär. Teşneligiň güýçlenýär. Galan baýlygyňyza ýene bir käse suw teklip edilýär. Siz muňa hem razy bolarmydyňyz?
Hökümdar biraz oýlanýar we nalaç:
− Ölmän galmak üçin men baýlygymyň galanyny hem bermäge mejbur bolýan − diýýär.
Onsaň alym çalaja ýylgyryp:
− Diýmek, baýlyk hakda gürlemegiň hajaty ýok, hökümdarym. Sizdäki baýlygyň bahasy bary-ýogy iki käse suw eken − diýdi.
Toplan Nury SEÝIDOW.
Halk döredijiligi we rowaýatlar