18:09 Nämüçin ýazýan? | |
NÄMÜÇIN ÝAZÝAN?
Oýlanmalar
«Nämüçin ýazýan?» diýen soraga her ýaşymda jogap berip gördüm. Özem mümkin boldugyndan öz-özümi aldaman, başardygymdan çynym bilen. Ýöne: «doly çynym bilen-ä» diýjek däl. Adam hatda öz-özüne «doly çypbakaý-çyny bilen» geplände-de, birazajygam bolsa aldaýar. Doly dogrusyny diňe pygamberler gepleýär. 13 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Şöhrat üçin. Ilden üýtgeşikligiňi görkezmek üçin. 16 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Şo-o-l ýeke-tägi aňk edip, imrindirmek üçin. 18 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Dereje, pul, at-abraý üçin. 25 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Çagalarymy, maşgalamy ilden kem ýaşatmazlyk üçin, olary özüme guwandyrmak üçin. 35 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Toplan tejribämi, oý-pikirlerimi yzsyz-tozsuz bihuda ýitip gidirmezlik üçin. Şeýle adamyň bolandygyny menden soňky gelýänleriň bilmegi üçin. 40 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Ejem, kakam, doganlarym, dostlarym, meniň bilen bile ýaşan hemme mähriban adamlar hakynda hakydany ýazga geçirip, olaryň ýagşy işleriniň, hasratlarynyň hem şatlyklarynyň, danalyklarynyň... yzsyz-tozsuz bihuda ýitip gitmezligi üçin. Onsoňam meniň ýazanlarym iň bolmanda birje adamy birje gezek dogry ýola ündese, oň derdini egismäge ýa-da kyn ýagdaýdan çykalga tapmaga ýardam berse, şeýdip sogap gazanmak üçin ýa-da meň aýdanym (ýazanym) bilen sogap gazansa, oň sogabyna şärik bolmak üçin. 45 ýaşda: -Nämüçin ýazýan? -Bilemok… Özüňi gowja edip aldara-da 13 ýaşdaky ýaly illýuziýa ýok. Gaty köp zat aý-aýdyň hem özüniň ähli manysyzlygy bilen düşnükli. Ýazuw-pozuwdan wasan (idol) ýasamagam gerek dälmikä diýýän. Şo bolmanda-da oňup bolýa. Aralykda 10 ýyla golaý hiç zat ýazmadym. «Kime gerek?» diýen pikirde. Indi ökünýänmi? Ýok. Nesibedir. Eliňdäki zat däl. «Bir ýigdiň hyýaly bolsa serinde, bir gün çykar, çöküp galmaz garynda» diýýä, Pyragy atamyz. Ýazmak meselesinde bolsa stimulam hökman. Gurbannazarçalasaň: «Öz-özüňden monça bolup, ýeňläp» ýazyp gezmek mydama mümkin däl. “Dile geldi bile geldi”, aýdyp galaýyn, şü: “stimul” diýilýän zat hakda: Gadymy Rimde eşegi syhlap gyssalýan ujy ýitije taýajyk: “stimul” diýlip atlandyrylypdyr :-). *** Wergiliýden: ““Eneidany” nädip ýazdyň?” diýip sorapdyrlar. Ol jogap beripdir: “Aidiň ýurduna gidip...”. Danteden sorapdyrlar: -“Ylahy komediýany” ýazmak nädip kelläňe geldi? Ol jogap beripdir: -Dowzahy başdan-aýak hyýalymda gördüm... Serwantesden sorapdyrlar: -Lamançly Don Kihodyň başdan geçirmelerini nädip oýlap tapdyň? Ol jogap beripdir: -Men oýlap tapmadym, men başymdan geçirdim... Hemingueýden sorapdyrlar: -Balykçy goja kim? -Men,-diýip ol, jogap gaýtarypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |