Главная » 2020»Maý»1 » NASA başga saýýaralylaryñ gözlegi üçin herekete geçdi
07:56
NASA başga saýýaralylaryñ gözlegi üçin herekete geçdi
NASA BAŞGA SAÝÝARALYLARYÑ GÖZLEGI ÜÇIN HEREKETE GEÇDI
Başga saýýaralylaryñ gözleginde hemmelerden beter üns berýän NASA (ABŞ-nyñ Kosmosy öwreniş gullugy) guramasynyñ gumanoidleri yzarlap ylmy işleri geçirýändigini türk saýty bolan bursadabugun.com habar berýär(1).
NASA müñlerçe komplimasiýa teoriýalary orta atmak arkaly başga saýýaralylaryñ hakykatdanam bardygyny ynandyryjy subut edip gelýärler.
Indi bolsa NASA älem giñişliginde janly ýaşaýyşyñ gözlegi üçin täze topary döretdiler we ''Başga planetalylar hakykatdanam barmy?'' diýen soraglary täzeden seslenme döretmegine getirdi. Bir tarapdan NASA-nyñ hakykatlary gizleýändiklerini aýdýanlar geljekde-de başga saýýaralylaryñ syrlarynyñ gizlinlikde üsti açylmajakdygyny çak edýärler.
XVIII asyrda we şol ýüzýyllardan soñ başlanan gapbarçanaklar (NLO) hakyndaky habarlar bilen günümize çenli Ýerden başga saýýaralarda janly-ýaşaýyşyñ bardygyna degişli birgiden ylmy deliler toplandy.
Käbirleriñ aýtmagyna görä müsür we maýýa piramidalarynyñ, mähnet daşdan gurlan binadyr diwarlaryñ şol başga saýýaralylaryñ ýardam edendiklerini orta atýarlar.
Şeýle-de Mars saýýarasynyñ üstünde aýlanyp ýören tehnologik ulagyñ surata alan şekilleri: Marsda bukuda ýaly oturan eli ýaragly başga saýýaraly adama meñzeş keşpler, Mars dagyna dyrmyşyp barýan möýüñ keşbi, adamyñ kellesine meñzeş skelet görnüşleri, üsti toprak bilen örtülen marsdaky piramidalar, zemzem şekilli surat keşbi, bukulup duran adam-robota meñzeş keşbi suraty, hamala oturan ýerinde ''Elimi öp'' diýen ýaly oturan adam şekilli heýkel, şumer hudaýyna çalymdaş daşyñ ýüzüne çekilen ýaly görülen suratlary we ýene-ýeneleri muña mysal hökmünde getirse bolýar.
Şeýle-de bolsa muny doly subut etmek üçin CLDS ady berilen täze topar ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynda ýerleşen Ames ylmy-gözleg merkezinde işe başladylar.
Täze ýola goýulan toparyñ agzasy bolan Tori Koehler biziñ saýýaramyzyñ daşyndaky janly-ýaşaýyşyñ bardygyny subut etmek üçin gurnalan ilkinji ädim boljakdygyny aýdýar. Koehler ''Bize bu ugurda gaty köp adamyñ kömege geljekdigini, soñky innowasion tehnologiýalaryñ täzeçe hasaplary, anyk habar beriş serişdeleriniñ gerekdigini'' nygtaýar.