20:04 Naskanyñ aerodromyndaky geñ-tañsy şekiller | |
NASKANYÑ AERODROMYNDAKY GEÑ-TAÑSY ŞEKILLER
Geň-taňsy wakalar
''Naskanyñ aerodromy'' baryp XVI asyrdan bäri adamzat dünýäsini uly haýrana goýup gelýär. Bu eserleri kim şeýdip ürj edip ünsli çekip bildikä!? Çekilen suratlarda geometriýa, matematika ulanyldymyka? Bu şekilleriñ ýyldyzlaryñ hereketi bilen baglanyşygy barmyka? Bu aerodroma geçmişde uçulýan (samolýot ýaly) enjamlar bilen gonuldymyka? Eger gonýan ýa-da uçýan uçarlar ýaly mehanizmleriñ yzy galdymyka!? Geliñ şular dogrusynda pikir alyşmaga synanyşalyñ! * * * Dünýäniñ alymlarynyñ arasynda ''Amerikany kim açypdyr?'' diýip belli bir netijä gelip bilmeýän bolsalar, ýene bir tarapda Amerika yklymynyñ gizlin üsti açylmadyk täsin syrlaryny çözmekde alymlar belli-külli ylalaşmaýarlar. Günorta Amerika yklymynyñ bir künjünde ýerleşen Peru döwletiniñ paýtagty Limanyñ 400 kilometr günortasyndaky Naska Platosyndaky her dürli geñ-tañsy şekiller köpleri haýrana goýýar. Bu şekilleriñ ýerleşen ýerine ''Naskanyñ howa menzili'' ýa-da Nasakanyñ Aerodromy diýýärler. Perunyñ günbatarynda ýerleşýän Ýaponiýanyñ Ýamagata Uniwersitetiniñ ylmy-gözleg topary Perunyñ And daglary bilen Ýuwaş ummanynyñ aralygyndaky ''Çöl düzlüklerinde'' täze geoglifik şekilleri hem tapdylar. Ululygy 5 metrden 100 metr aralygynda üýtgäp durýan 143 geoglifde haýwan we beýleki jandarlar bilen birlikde gara kelleli ''geñ-tañsy mahluklaryñ'' duş gelýär. Käbir suratlarda adamy şekillendirýän, ýöne gara kelleli we goşa kelleli ýylanlaryñ şekillerini görmek bolýar. Geoglifleriñ aýtmaklaryna görä şekiller b.e.öñki 100 ㅡ b.e.öñki 300-nji ýyllar aralygyna degişli. Naska platosyndaky gizlin şekillere ilkinji bolup XVI asyryñ ortalarynda bu ýerlere çozup giren ispaniýalylar duş gelipdir. Bu şekiller hakda alymlar arasynda belli bir netije bermedik meseleler, olary ylalaşmaga ýol bermedi. Bu şekiller kim tarapyndan, haçan şekillendirilendigi welin integem uly syrlygyna galdy. Arheologlar we taryhçylar arasynda ýüzlerçe metrlik uzap gidýän uly geometrik çyzgylaryñ nähili çekilendigi hakynda pikirlerini jemläp bilmänsoñlar Erich von Däniken: ''Başga planetalylaryñ edip biläýjek zatlary'' diýip düşündirmeli boldy. Hawa bu wagt çala üsti syrly bir delje taryhy ýadygärlik tapylsa indi başga planetalylaryñ üstüne atmaly boldy. Piramidalaram şolar ýasapdyrlar ýa-da adamlara ýasamany öwredipdirler diýen pikirleri derrew orta atyp ýetişýärler. Orsýetde ýitirim bolan alpinistleriñ näbelli ölümleri hem başga planetalylar bilen baglanyşykly, Müsüriñ Amerikanyñ piramidalaryny başga planetalylar gurup, hatda gadymy döwüriñ hudaýlary hem başga planetalylar bolupdyr diýen çaklamalar indi geñ däl. Afrikanyñ gaýalaryna çekilen şekiller hem şol başga planetalylaryñ şekilleri hasap edilýär we şuña meñzeş gürrüñleriñ üsti açylmasa ylymada bir güýmenje gerek ahyryn! Gürrüñ bu hakda dälem welin diýseñ-diýmeseñ gadymy dünýämizde bir üýtgeşik täsin siwilizasiýanyñ bolup geçendigi welin hakykat. Uçardan synlanyñda mesaña görünip duran elini galdyryp duran adamyñ şekili, göýä ýokardan uçup gelenlere ''Hoş geldiñ'' diýýän ýaly göwnüñe! Bulardan başga-da Balarynyñ, durnanyñ, ýylanyñ, maýmynyñ we guşuñ suratlary aýratyn ünsi özüne çekýär. Alymlaryñ aýtmaklaryna görä, bu edil häzirki döwürdäki ýaly aeroport uçuş meýdançasy ýaly bir zat. Tekiz depäniñ üstüne çekilen onlarça yzy saýgardyp duran şekiller nämäni añladýarka!? Ýa gadymy döwürde şol ýerdäki adamlar uçýan mehanizmi oýlap tapdylarmyka!? Ýa dogrudanam başga planetalylaryñ gonuş punktlary bolupdyrmy, ony welin bilemizok! Ýöne Amerikada gabat gelinen bir ybadathana diwarynyñ ýüzüne çekilen şekil welin ýokardaky aýdylanlara şaýat bolup duran ýaly. Şol diwarda kosmos gämisine meñzeş aşagyndan ot ýangyjy çykyp duran kosmos gämisiniñ içinde bir indeý kresloda otyr. Bu şekiliñ orta çykmagy belki Naska aerodromyndaky şekiller bilen baglanyşykly syrlary çözse gerek. Germaniýaly ýazyjy Erich von Däniken 1968-nji ýylda ýazga çykaran ''Tañrylaryñ ulaglary (maşyny)'' atly ylmy-gözlegden ybarat ýazan kitabynda bu şekilleriñ başga planetalylaryñ eserleri bolandygyny habar berýär. Germaniýaly matematik Marie Reiche bolsa Naskanyñ bu şekillerini ekin üçin ulanylandygyny, özem Gün, Aý we beýleki käbir ýyldyzlaryñ hereketlerini añladýandygyny öñe sürýär. Onuñ pikiriçe bu şekiller, adamlara ''Haçan ekin ekmegi, haçan ekinzarlygy suwarmalydygyny duýduryp durýan kalendar mysaly çyzgylardygyny'' aýdýar. Bu alymlaryñ çaklamalary hem diñe Giñ Älemiñ düşünjeleri bilen baglanyşykly. Onda gürrüñi başga planetalylara ýanaýanlaryñam çaklamalary dogry bolmagy ahmal. Mesele bu däl! Esasy mesele Naskanyñ aerodromynyñ syry integem çözülmän galdyrylandygynda! Taýýarlan: Çarymuhammet SUGTYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |