11:50 Nazyl Gylyçdurdyýewa | |
Bir ömrüñ beýany
Zenan şahsyýetler
▶ NAZYL GYLYÇDURDYÝEWA Eziz okyjy! Sen biziň gürrüňini berjek zenanymyzyň adyny belki-de, ilkinji gezek eşidýänsiň! Ol il içinde şeýle bir tanalyp ýörlen adam däldi. Ylymlaryň doktory ýa-da professoram, görnükli jemgyýetçilik işgäri-de däldi. Ol bir ýönekeý lukmandy. Onda-da çaga lukmanydy. Ol bu wezipede köp ýyllar işledi. Gijesini gündiz edip işledi. Halal işledi, halal ýaşady. Kakasy Eýeberdi aga ýedi ýyldan soň dünýä inen bu çagasyna «Saryja gyzym», «Sarym» diýýärdi. Ata-enäniň ýeke dikrary bolansoň, onuň göwnüne hiç wagt degilmändi. Orta mekdebi tamamlan Nazyl etrap kitaphanasynda işläpdi. 1955-nji ýylda türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň Moskwadaky ongünlügine öz ýazan (sazy-da, sözi-de özüniňkidi) aýdymy bilen gatnaşypdy. Aýdym «Türkmenistanym» diýlip atlandyrylýardy. Döwlet derejesinde geçirilen bu uly çärä, elbetde her bir adamyň gatnaşdyrylmajakdygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Aýdym örän şowly çykypdy. Nazylyň öz aýtmagynda aýdym has-da owazlydy, şirindi. Moskwalylar sesi ýakymly gyzyň aýdymyny şowly garşyladylar. Haýp, ol bu aýdymyň mehaniki ýazgysy saklanmandyr. Muny soň-soňlaram Nazyl gynanmak bilen ýatlaýardy. Moskwadan gelensoň, Nazyly deputatlyga-da saýladylar. Haçan-da, ol özüniň okuwyny dowam etdirjekdigini duýduranynda, kakasy Eýeberdi aga onuň medinstitutda okamagyny unady. Ýogsa Nazylyň öz höwesi matematikaçy bolmakdy. Emma Nazyl atasyna ýok diýip bilmedi. Ol okuwyny Türkmen döwlet medisina institutynda dowam etdirdi. 1963-nji ýylda Nazyl Gylyçdurdyýewa bu okuw mekdebini üstünlik bilen tamamlady. Indi onuň uly durmuş ýoly başlanýardy. Instituty tamamlan Nazyl Aşgabat şäherindäki 3-nji mekdep-internatda lukman bolup işe başlady. Onuň ilkinji alan iş haky 67 manatdy. Nazyl munuň üçin gatyrganmanam durmady. «Alty ýyllap okap, aljak aýlygym hem şu boljak bolsa, köçe süpüreniňem gowy boljak eken» diýdi. Kemsinip aglady. Soňam köşeşdi, öz-özüne göwünlik berdi. Internatda biraz wagt işländen soň, oňa şäherdäki 7-nji saglyk öýünde işlemek teklip edilipdi. Ol bu ýerde bäş ýyl töweregi işledi. Çaga lukmanynyň işe yhlaslylygy, näsaglar bilen mylakatlylygy göze görnüp durdy. Şonuň üçinem saglyk öýüniň baş lukmany oňa bölüm müdirligini teklip etdi. Özem çyny bilen teklip etdi. Emma Nazyl onuň teklibi üçin oňa minnetdarlygyny bildirdi. Özüniň bölüm müdiri bolup bilmejekdigini sebäbi, çagalarynyň heniz ýaşdygyny aýtdy. Baş lukman näçe haýyş etse-de, bolmajagyna gözüni ýetirdi. Şondan soň weli Nazyla bu ýerde işlemek aňsat düşmedi. Muňa gowy göz ýetiren, adygyp ugran çaga lukmany Nazyl Gylyçdurdyýewa öz arzasy bilen işden boşap, sanitar-magaryf öýüne işe gidipdi. Ol bu ýerde keselleriniň öňüni almak barada makala yzyna makala ýazyp, metbugatda, radioda çykyş edýärdi. Bu boluş näme üçindir baş lukman Žukowa ýaramady. Ol «Gylyçdurdyýewa baş lukman bolasy gelýär» diýip ters düşündi. Nazyl-da onuň bu töhmetçilikli hereketini boş goýberenokdy. Şäher saglygy goraýyş bölümine, hat-da ministre çenli Žukowanyň ýaramaz iş ýagdaýy hakynda degerli mysallar bilen aýdýardy. Žukowanyň arkasynda durýanlar kiçi-girim adamlar bolmansoň, Nazylyň paltasy daşa degýärdi. Ol şonda işlän döwründe metbugatdyr radiotelewideniýede eden çykyşlaryndan daşgary, kärhanalardaky öňki saglyk mekdepleriniň sanyny 8-e ýetirendigini, keselhanalarda 2 sany saglyk mekdebini döredendigini, 2 sany halk saglyk uniwersitetiniň düýbüni tutandygyny ýatlady. Žukowa maňa: «Seni hiç wagt baş lukman etmezler, azara galyp işläp ýörme» diýip, häli-şindi meniň göwnüme degýär. Aslynda men bu ýere baş wraç bolaryn diýip gelmän, eýsem metodist (usulçy) bolup işlärin diýip gelipdim. Meniň onuň stoluna dawam ýok. Meni şu wezipede işlemäge bir goýsady» diýip, ol maňa gürrüň beripdi. Özi hiç haçan özgäniň üstüne gygyrmadyk, hiç bir adama azgyrylyp görmedik, hiç kime gaty-gaýrym, ýokuş söz aýtmadyk, diýseň salyhatly lukman gelin Žukowa ýaly medeniýetsiz, kütek, ýalta, wezipeparazlar ýadyna düşende her sapar otly köýnek geýene dönýärdi. Şonuň üçinem ol 3-nji saglyk öýüne işe gelipdi. Ol bu ýerde on ýyldan gowrak abraý bilen zähmet çekipdi: mekdep lukmany, ýetginjeklere seredýän terapewt, okuwçylaryň saglygyny berkidýän doktor. Emma ýene-de «Gylyçdurdyýewa baş lukman boljak bolýarmyş!» diýen esassyz şyltak yzyna şyltak, myjabat üstüne myjabat ýagdyrylýar. «Hiç kime degemok. Başarsam kömek edýän. Olar menden näme isleýärkäler?!» diýip, Nazyl oýa batýardy. Soňundanam: «Aý, görübilmezçilik gurasyn!» diýip, öz-özüne göwünlik berýärdi. Iň erbet ýerem, Nazyl öz kärinden başga hiç bir zady göz öňüne getirip bilenokdy. Halys etinden ötüp, süňküne ornaşandan soň, Nazyl «Ýamandan, başyňy satyn al» diýen pähime uýdy. Olaryň hersi bilen ýaňkalaşyp dursaň, birinjiden-ä saglygyny ýitirjek, ikinjidenem işe bolan yhlasyň, hyjuwyň gitjekdi. Şol wagt 7-nji saglyk öýüniň baş lukmany täzelendi. Öňki rus adamsy Woloşin bu wezipeden boşadylypdy, onuň wezipesini wagtlaýyn ozal bile işleşen türkmen gelni alyp barýardy. Nazylyň bu ýere işe geljegini eşidenler, bölüm müdirinden özgesi bu habary gowy garşyladylar. Bu ýerde dört ýyl işläp Nazyl Gylyçdurdyýewa näsaglaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýardy. Hormat-sylag, alkyş ýagýardy. Nazylyň ýüz görmezekdigini ýazgymyzyň başynda-da ýaňzydypdyk. Ýalan sözlemegi ýek ýigrenýärdi. Dogruçyldy. Her gezekki önümçilik maslahatlarynda, ýygnaklarda iş hakynda gürrüň edip, iş şertleriniň gowulaşmagy üçin saglyk öýüniň ýolbaşçylarynyň tijenmekleri hakda alasarmyk däl-de, anyk mysallara daýanyp gürrüň edýärdi. Gerek bolsa tankyt edýärdi. Ýöne munuň üçin adamyň şahsyýetine dil ýetirmeýärdi. Işiň düzelmeginiň hatyrasyna şeýle edýärdi. Tankyda nädogry düşünýänler üçin, elbetde, bu ýeterlikdi. «Onuň özüniň baş lukman bolasy gelýär» diýen gürrüň ýene ýaýrap başlapdy. Ol bu gürrüňiň çykaryndan gorksa-da gorkýardy welin, ýöne işiň bähbidi üçin agzyňa suw alan ýaly bolup oturmagam gowy häsiýet däldi. Ol muňa aňryýany bilen oňat düşünýärdi. Bölüm müdirligine razyçylyk bermedik öz işine ussat lukman zenanyň baş lukmanlyk ýatsa-tursa oýunda ýokdy, ol asla ýolbaşçy wezipä dalaş etmeýärdi. Emma şonda-da, partiýa hatarynda bolmasa-da, näme üçindir, Nazyldan çekinmän durmaýardylar. «Myş-myşlar» bolsa öz etjegini edýärdi: kelle agyrysy, ýürek sanjysy güýçlenip ugrady, alkym mäzi möwjäp, süýji keseline ýazdy. Nazyl bütinleý işden çykyp, öýde oturmakçy boldy. Ol şeýle hem etdi. On aýlap öýünde oturdy, onda-da öz islegi boýunça arza berip, işden çykdy. Nazyl indi bäş çaganyň enesidi. Körpe ogly ýedi ýaşynyň içindedi, mekdebe taýýarlanýardy. «Başga işe geçmeli men. Lukmançylygy bütinleý taşlaýyn!» diýdi. Aýdyşy ýaly-da etdi. On aý öýünde bialaç, işsiz oturansoň, şäherdäki 3-nji öý uprawleniýesine geçip, uly ussa wezipesinde işledi. 10 aýlap gaharyna öýde oturan lukman bu ýerde kän eglenmedi, ýene-de öz söýgüli kärini küýsäp, 4-nji saglyk öýüne geçdi. Çaga lukmany wezipesinde, bir aý geçip-geçmänkä ony 9-njy saglyk öýüniň baş lukmany O.Annaýew pediatrlyk wezipesine çagyrdy. Nazyl kän ýyl bu ýerde abraý bilen zähmet çekdi. Alkyş aldy. Onuň işinden nägile adam ýokdy. Hemmeler oňa uly hormat bilen ýüzlenýärdiler. Adamsy Aba aganyň ýatlamasyndan: – Bir gezek bir iş bilen gidip barýardym. Öňümden dolmaç, ýüzi tegelek, 40-43 ýaşly aýal maňa salam berdi-de: – Nadežda Eýäýewna nähili? Sagmy? Salam aýdarsyňyz! Men onuň bilen 18-nji mekdepde bile işledim. Men şepagat uýasy. Nadežda Eýäýewna örän ökde lukmandyr, ajaýyp adamdyr. Köp-köp salam aýdyň menden – diýdi. Menem dessine: – Kimden aýtmaly salamy? – diýdim. Ol hem: – Mariýa Mihaýlowna Tkaçukdan – diýdi. Men öýe gelip, Nazyla «şeýle-şeýle» diýdim. – Hawa, tanaýan! Bile işleşdik. Gowy maşgaladyr. Oňa kän öwretdim. Yhlaslydy. Ýöne 9-njy saglyk öýüniň çagalar bölüminiň müdiri bilen ol hem oňuşman gaýdypdyr. Onuň bilen köp adam oňuşman gaýtdy. Meňem keselimiň möwjemegine, erbetleşmegine şol sebäp boldy. Endamyma örgün örüp ugrady. Müdiriň özi ýaş, hiç zat bilenok. Diňe batnyksyz gepi bilen ýürek bulaýar. Onsoň hiç kes oň bilen oňuşmaýar. Menden üç aý soň Güljan atly bir ýaş wraç gelin-de onuň bilen oňuşmandyr. Işine ezberdi. Oňuşjak bolup dyrjaşýardy. Men aýalym Nazyla juda ynanýardym, oňa çynym bilen gulak asýardym... ... Biz onuň bilen 1960-njy ýylyň Nowruz aýynyň 7-sinde durmuş toýuny tutupdyk. Ol şol wagt medinstitutyň 3-nji ýyl talybydy. Men hem aspirantdym. Toýa 30-40 adam çagyrypdyk. Ýazyjy-şahyrlar Aman Kekilow, Anna Kowusow, Ýylgaý Durdyýew, Şäher Borjakow... dagy goşgy okap, toýumyzy gutladylar. Nazyl bilen biz biregne ýarym asyra golaý wagt bile ýaşapdyrys. Ol öz mähremligi, pespälligi, arassalygy, goýazy häsiýeti bilen meni özüne bendi edipdi. Kelç-külçi, içigaralyk, göriplik oňa ýatdy. ■ Türkmenistanyň at gazanan mekdep mugallymy, uruş weterany Begjan Meredow ýatlaýar: – Nazyl Gylyçdurdyýewa ökde lukman, ajaýyp adam, ussat çaga lukmany hökmünde özüni oňat tanatdy. Ol pensiýada wagty hem aýalyma, agtyklaryma öýe gelip seredýärdi. Nazyl şeýle mährem zenandy, üýtgeşik ynsandy. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Alkyşy köp alan adam uzak ýaşamaly bolsa, onda Nazyl-da gaýgysyz ýaşamalydy. Müňlerçe ene-atanyň alkyşyny alan ökde lukmandy. Dilinden bal dökülýärdi. Iki sözüniň biri «Janym», «Aýym», «Günüm», «Balam», «Ballymdy»... Onuň eli-de edil ýüregi ýaly arassady, para-peşgeşi bilmezdi, asla ilden hantamaçylygy ýokdy. Ol öýke-kine diýen zady-da bilmezdi, özgä gaty-gaýrym söz aýtmazdy. Akylly-paýhasly häsiýeti goşa gözleriniň nuranalygyndan-da aýdyň, bes-belli bildirip durýardy. Ýatkeşligi, jöwher dek ýiti gözlüligi ömrüniň iň soňky günlerine çenli tapdan düşmedi: ýogsa süýji keseli, ýokary gan basyş sökelçiligi otuz ýyl çemesi onda bardy, özi wraç bolansoň, kärdeşlerine ýüzlenip, olardan degerli maslahat alýardy. Garyndaşy Nursoltan daýzanyň ýatlamasyndan: – Menden on ýaş kiçi bolsa-da, men ony – Näzbibi jany, adyny şeýle tutýardym, öz deň-duşum ýaly görerdim. Gepi-sözi jaýlydy: Gaýynekejim! Doganyňy depäme täç edip, gowy saklaýandyryn!» diýip, degişmesi-de bardy. «Ejeke, näme iýjek?» diýip sorardy. Şoň üçinem Näzbibi jany göremde, Göroglynyň Agaýunus gelnini gören ýaly bolýardym. Onuň «Näzlim, bir suw ber içeli!» diýen aýdymy häli-şindi ýadyma düşerdi. On iki süňňi bilen gadyrdy. Näzbibi janyň gylyk-häsiýeti tutuşlygy bilen nowbaharyna – Gülsuwy gyzyna geçipdir. Gülsuwy janyň ömri uzak bolsun! «Çaga-çugasyz goňşymyň adyny goýdum. Ol aýalyň äri pahyr urşa gidip gelmändir. Özi-de gowy, medeniýetli maşgalady. Ana, şoň adyny aldym. Bolupmy, ejeke!» diýerdi pahyr. «Batyryň adyny dädesi dakdy. Olam soň bilsek, köne at bolup çykdy. Ogulsyz-gyzsyz öten Gulbatyr atly pälwan, awçy agasy bolup geçipdir» diýerdi. Hawa, eziz okyjy, bir ömrüň gysgaça beýany, ine, şeýleräk. «Mugallymlar gazeti», 11.01.2008. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |