01:36

Nazym Hikmetiñ goşgularyna ylham beren 12 zenan

Edebiýaty öwreniş
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 632 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nazym Hikmet | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
-1
1 937303taze  
279
Hiç geñ galmadym diýsem yeridir, goşgylaryny söýäýmeseñ diñe, bulary okab-a näme diyjegimi bilmedim.

0
2 Bagabat  
43
Her bir jemgyýetiňem, belli bir taryhy döwürlerde ol ýa-da beýleki tapawutly aýratynlyklary bolýar. Onsoň diňe bir döredijilik adamlaryna däl-de, eýsem islendik adama-da diňe şahsy öz dünýägaraýyşlaryň nukdaýnazaryndan baha bermek düýbünden nädogry bolaýmasa. Elbetde, heleýbazlyk, zynahorluk ýazgarylmaga mynasyp häsiýet. Ýöne, özüň bir jemgyýetde ýaşap ýörkäň, başga bir jemgyýetiň, onda-da taryhyň başga döwrüniň täsirindäki adama öz ýaşaýan döwrüň, dünýägaraýşyň nukdaýnazaryndan baha bermek adalatlymy?!
Mysal üçin, Magtymguly Pyraga agasynyň dul galan aýalyny - öz ýeňňesini dakypdyrlar. Musulmançylygyň we şol döwürdäki türkmen jemgyýetiniň nukdaýnazaryndan bu örän dogry hereket. Emma, häzirki zamanyň, häzirki jemgyýetiň nukdaýnazaryndan şu herekete garap, "şol tikilen dony öz egnimize" deňäp görseň nähili bolar?
Ýa-da Mätäjiniň döwründe Mätäjiniň "Mämeleriň" diýen şygrynyň ýüzlenýän gyzynyň ýa-da gelniniň (eger-de onuň ady, öý salgysy, imail salgysy, telefon belgisi Mätäji tarapyndan takyk berlen bolsa :-)...) garyndaşlarynyň nukdaýnazaryndan şol goşgynyň "ajaýyplygyna" we "geniallygyna" baha berjek bolup görülse neneň bolarka?

0
3 Bagabat  
43
Nazym Hikmet eýle bolupdyr, Puşkin beýle bolupdyr, Lermontow şeýle bolupdyr, Ýesenin, Maýakowskiý pylan hili bolupdyr, Dostoýewskiýem nähilidir birhili bolupdyr, Lew Tolstoý ilk-ä pylan hili bolupdyr, soňam pylan hili, Knut Gamsun kimleredir duýgudaşlyk edipdir, Alekseý Tolstoý nämedir baz bolupdyr, Dante Aligýerini kimdir birleri türgenleşdiripdir...
Garaz, "tokaý otlap at gazanmak" üçin ýeriň ýüzünde gybat kän...Ýöne, esasy mesele, ol ýazyjy-şahyrlaryň şahsy durmuşynda däl-de, olaryň döredijiligindemikä diýýärin. Onsoňam türkmenlerde şunuň ýaly mesele-de birnäçe nakyllardyr-aýtgylar bar:
1."Mollanyň edenini etme-de diýenini et";
2."Erbedi bolmadygyň gowusam bolmaz";
3."Bir ýagşylyk tamasyn etme, bir ýamanlyk çykmaýan ärden".
Poligamiýalylyk bolsa, her bir erkegiň genetiki düzüminde bar diýýärler, erkek kişilerden alymlar-a! biggrin
Eger-de erkek hakykatdanam erkek bolsa, onuň ganyndaky estrogenleriň dereginem nestogen-nistogenlerdir ýene-de birtopar soňky oýlanyp tapylan gör-lähetgenler tutmadyk bolsa... biggrin

0
4 Gumlygelin  
8
Ýazýan adamlañ ýazan zadyndan däl-de şahsy durmušyndan kemçilik gözlemek gerekmikä?
Umuman soñky döwür döwürdeş şahyrlañ goşgusy goýulsa teswirler arkaly bolgusyz gep oklap, gep-gybat agtarýanlar bar. Olara edebiýatçy däl-de gybatçy diýip säginmän aýtsa bolar.

0
5 Bagabat  
43
Ine şu salgyda: http://kitapcy.ru/news/2020-05-14-11538.
Aman Şyhnepesow şeýle diýýär: "Iň beýik şahyrlar iň okumyş adamlardyr. Hatda şeýle diýmegem bolar: Alym bolmazdan, şahyr bolmak mümkin däl. Adam bolmazdan alym bolmagyň mümkin däldigi ýaly."
Ine sofistika üçin gowy bahana: Adam bolmazdan alym bolmak mümkin däl. Alym bolmazdanam şahyr bolmak mümkin däl. Diýmek, sowatsyz, ýagny harp ýalňyşly ýazýan şahyr adam däldir!

0
6 Bagabat  
43
Äý, ýaka tutuşyp ýumruklaşanyň bilenem alyp barýan galaňam, bitirjek goşuňam ýokdugy boýunça tejribäniňem agyry bar bolmaly, goşdanyň bir ýerlerinde. Onsoň ömrüňi uzaltmak üçin başardygyňdan ýylgyranyň ýagşy. biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]