NE MATADYR HARJY SEGSEN…
■ Turkmen mata dokmaçylygy sungatynyň taryhyndan
Ynsanyýet ýagty jahana gelen perzendini akja mata bilen garşylaýar, çagajyk şindi ene süýdünden ganmanka, ony ynsanyň ilkinji geýimi bolan akja arlyga dolaýarlar. Kazasy dolup, dünýeden gaýdýan merhuma-da iň soňky lybasyny – ak eşik geýdirip, ony bakyýete ugradýarlar.
Egin-eşik adam üçin möhüm durmuş zerurlyklarynyň biridir. Matadan edilen lybaslar ynsan synasyny bezeýän zynatlaryň iň ýagşysy hasaplanýar. Geýim-gejim onuň tebigy hem-de beden gözelligine görk goşýar. Sonuň üçin hem adam ogly halal zähmet çekip, der döküp toplan gazanjynyň ep-esli bölegini geýinmäge sarp edýär. Yssy ýurtlarda ýaşaýan halklaryň içinde türkmen ýaly mata önümlerine üns berýän başga bir milleti tapaýmak kyn. Türkmen örän sypaýy, ýöne iňňän salyhatly geýinýän millet bolupdyr. Ol ynsan synalaryndan diňe eliniň bäs barmagynyň uçlaryny we ýüzüni açyp goýýar.
Eziz ýurdumyz, mähriban Watanymyz Türkmenistan geçmişde senetleriň seresi bolan mata dokmaçylygy bilen giňden şöhratlanypdyr. Dünýäde iň oňat matalaryň Merwde, Nusaýda dokalandygy barada taryhçylar gadymyýetde ýazypdyrlar. Türkmen ýaýlasy ýüpek matalary, ýüpek halylary bilen hem dünýäde meşhurlyk gazanypdyr.
Türkmenlerde mata – marlyk bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň giden bir ulgamynyň kemala gelmegini hem şol meşhurlyk bilen düşündirýärler.
Türkmenistanda mata dokamak gözbaşyny iňňän gadymy zamanlardan alyp gaýdýar. Nuh eýýamynda deriden we gönden peýdalanan halk Oguz han eýyamyndan başlap ýüňden, kenepden (zygyr, kendir), ýüpekden we pagtadan (nah) dokalan matalary giňden ulanypdyr. Ýöne bu döwürde-de gönden edilen önümler hem ýörgünlidi.
Dokmaçylygyň halkymyzyň gadymy senetleriniň biri bolandygyna dürli taryhy çeşmeler, Türkmenistanda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barylan gazuw-agtaryş işleri şaýatlyk edýär. Mata we matadan edilen önümler milli mirasymyzyň genji-hazynasy bolan türkmen halk döredijiliginde-de uly yz galdyrypdyr. Edebiýatçy alym A. Şyhnepesow «senetçilik we hünärmentçilik bilen baglanyşykly gürrüňler türkmen halk döredijiliginde-de giň ýaýran mowzuklarynyň biridir. Türkmen ertekileriniň, rowaýatlarynyň, hekaýatlarynyň, dessanlarynyň we şadessanlarynyň haýsy birini alsaň tapawudy ýok – mata we egin-eşikler bilen baglanyşykly gürrüňler wakalaryň esasy bezegidir» diýip belleýär. Biziň gürrüňimiz halkymyzyň gadymy senetçilik önümi bolan çeper bezeg matalary hakynda bolar.
Türkmenistanda, şeýle hem Merkezi Aziýada bezeg matalarynyň ýüze çykmagy olary ýüňden,kenepden we pagtadan öndürmek bilen bagly boldy. Ýüň öndürmeklik ýylmanak, nagyşly, suratly ýukajyk ýüň matalar bilen bir hatarda haly-palas we keçe önümleriniň, öndürilmegine-de uly itergi beripdir. Pazyryk depeden (Altaý) b.e.ö. V-VI asyrlara degişli dünýäde iň gadymy nusgalar hasaplanylan matanyň we halynyň galyndylarynyň tapylmagy aýdylanlary subut edýär. Şol nusgalyklaryň aglaba bölegi Türkmenistanda we Merkezi Aziýada öndürilipdir. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň döwründe öndürilen Noin-Uldan (Mongoliýa) tapylan b.e. I asyryna degişli ýüňden edilen tuty bölegi hem dokmaçylygyň bu döwürde has ösendigine şaýatlyk edyär. Tutylyk matanyň ýüzünde atlylar topary, onuň gyralarynda bolsa gülleriň arasynda bürgüt bilen esger oglanjyk, ýene-de şol oglanjyk bilen durna şekillendirilipdir. Beýleki bir mata böleginde altyn gabykdan edilen maňlaý daňy bilen saçlary berkidilen mele ýuzli erkek adamynyň suratyny görýäris. Matanyň ýüzüne keşde bilen çekilen tohum atlaryň sypaty häzirkizaman türkmen atlaryna örän meňzeşdir.
Gadymy hunlaryň zamanynda oguz-türkmen halky esasan ýüňden we gönden tikilen lybaslary geýipdir. Muny olaryň durmuş ýagdaýlary, ýaşaýyş ýörelgeleri talap edýärdi. Emma hun patyşasy Mete hanyň, aýratyn hem onuň ogly Gök (Giýuý) hanyň (b.e.ö. 174-161) dolandyran ýyllarynda oguz milletinde ýüpekden we nahdan edilen geýim-gejimlere imrinmeklik güýçlenýär. Sebäbi hunlara Hytaý ummasyz köp salgytlary töleýärdi, salgydyň esasy bölegini bolsa ýüpekden we nahdan edilen matalar tutýardy. Nepis matalaryň bolçylygy bir tarapdan gowy bolsa-da, beýleki bir tarapdan ol hunlary şäher durmuşyna imrindiripdir, halkyň söweşjeňligine ýaramaz täsir edipdir. Bu barada Gök hanyň hytaýly weziri Ýueniň aýdanlary ýerliklidir. Synçy wezir «Eý, Beýik hökümdar! Siz Hytaýdan ýüpek we nah matalary alyp, olardan eşik tikinýärsiňiz. Tikenli ösümlikleriň arasynda ýaýnap ýaşamak bilen, siz olaryň ýüňden we gönden edilen eşikler ýaly berk däldigini görkezýärsiňiz» diýip, jaýdar belläpdir. Beýle diýmek bilen Ýue Gök hana hytaý zynatlaryna imrinmek bilen kem-kemden oguzlaryň dogabitdi gylyklarynyň, tebigy hüý-häsiýetleriniň üýtgeýändigini we bu zatlary garşydaş tarapyň görýändigini aýtmak isläpdir.
Ýüpek matalaryny öndürmeklik Göktürkmenleriň döwletinde-de giň gerime eýe bolupdyr. Grek taryhçysy Menandr (VI asyr) oguz halky bolan göktürkmenlerde ýüpekden edilen çadyrlaryň bardygyny we olaryň her hili reňkli ýüpek matalary öndürýändiklerini belläpdir.
Söwda-satygyň we alyş-çalşyň iň bir geçginli harydy bolan bezeg mata önümleriniň iň nepisleri ýüpekden, nahdan,kenepden we ýüňden dokalypdyr. Bu önümleri öndürmegiň tilsimleri türkmen halkyna gadymdan bellidi. Nah, zygyr, we ýüpek matalar Türkmenistanyň özünde hemişe-de öndürilýärdi.Ýerli sowdegarler ýüpegi çig mal we taýyn önüm görnüşinde Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna, Wizantiýa we ondan hem aňyrlygyna äkidip satýardylar. Köne Nusaýda arheologiýa barlaglary döwründe içinden altyn sapaklar geçirilip, şelpeler bilen bezelen ýüpek matalaryň nusgalary ýüze çykaryldy.
Oguz han eýýamynyň ahyrlarynda ýüpek matalary öndürmeklik Parfiýanyň möhüm merkezleriniň biri bolan Merwde has hem giň gerime eýe bolupdyr. Türkmenistanyň, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň medeniýetini we sungatyny öwrenmäge önjeýli goşant goşan G. A. Pugaçenkowa «Orta asyr Gündogarynda dokmaçylygyň meşhur merkezi Merw bolupdyr» diýip nygtaýar. Erkgalada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde miladynyň II-III asyrlaryna degişli ýüpek, nah, ýüň we zygyr matalarynyň galyndylary tapyldy. Şol tapyndylar alym Ý. F. Fedorowiç tarapyndan içgin öwrenilipdir we ol ýerli dokmaçylygyň Hytaýyň we Hindistanyň dokmaçylygyna täsirini ýetirendigini belleýär. Merwden tapylan şol matalar jalbar, ýektaý, don, keltekçe, paşmak (matadan edilen aýakgap) we tahýa tikmek üçin ulanylypdyr. Türkmenistanda öndürilen matalaryň görnüşleri, hili, dokalyş usullary we olaryň çeper bezegi belli sungaty öwreniji alym W.A.Kraçkowskaýanyň işlerinde-de öz beýanyny tapypdyr.
VI asyrda mata önümçiliginde uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Öňler pagta öndürmek Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň artykmaçlygy hasap edilen bolsa, indi ol Parfiyanyň üsti bilen Hytaýa we Uzak Gündogaryň beýleki ýurtlaryna-da ýaýraýar. Bu döwürler ýüpek Sarahsda we Nusaýda-da öndürilýärdi. Nirede ýüpek egirmeklik ýüze çyksa, şol ýerde bezeg matalaryny öndürmeklik ýokary göterilipdir. Ýüpek mata egin-eşikleri, tutylary öndürmäge we öý bezeg işlerinde sarp edilipdir. Ýüpek matalar köşkleriň kaşaň diwarlaryny bezemekde-de giňden ulanylýardy. Şeýlelikde, Türkmenistanda we Gündogaryň möhüm merkezlerinde öndüriji güýçleriň we medeni islegleriň ösmegi bilen halklaryň birek-birekden öwrenmäge bolan islegleriniň öňündäki böwet-päsgelçilikler ýykylypdyr, asyrlar boýy bir halkyň gazananlary bolup galan gymmatlyklar beýleki halklar üçin hem elýeterli senede öwrülipdir.
V-VI asyrlarda Merwde döwrüniň iň gymmat bahaly matasy bolan «tiraz» öndürilýärdi. Tiraz öndürmesi kyn hem-de çylşyrymly senetçilik önümidi.Ir döwürlerde ony nah, zygyr, ýüň we zer ýüplüklerini garyşdyryp ulanmak arkaly dokaýardylar. Soňra tiraz dokalanda ýüpek ýüplükler hem giňişleýin ulanylyp başlaýar.Zer we ýüpek ýüplükleriniň köp goşulmagy merw tirazyna ýumşaklyk we ajayyp öwüşgin berip,ol görenleri aňk edipdir.Tirazdan erkek we aýal adamlaryň üstki lybaslary bolan donlar, ýektaýlar, keltekçeler we ýapynjalar tikilýärdi.Olary hökümdarlar,olaryň maşgala agzalary we atly emirler geýýärdiler.Tirazy köşgiň içki diwarlaryny, onuň äpet penjirelerini we küňrelerini tutylamakda hatda tagty bezemekde-de köp ulanypdyrlar. Merwde dokalan tirazy Konstantinopolyň (soňra Stambul), Bagdadyň, Damaskyň we Kairiň köşklerini bezemekde-de giňden peýdalanypdyrlar. Miladynyň VII-X asyrlarynda Wizantiýanyň, X-XV asyrlarda bolsa Günbatar Ýewropanyň köşkleriniň we buthanalarynyň diwarlarynda şekillendirilen suratlardaky döwlet we din işgärleriniň egnindäki eşiklerde merw tirazynyň yzlaryny görmek bolýar.Giçki döwürlerde tiraz öndürmeklik Ýewropa ýurtlarynda-da ýola goýlupdyr. Ýöne, ýewropa tirazynyň diňe zygyrdan we ýüňden dokalýandygy üçin onuň hili merwiňkiden pes bolupdyr.
Dokmaçylyk önümleriniň beýleki görnüşleri ýaly tiraz matalary hem senetçilik «esnaflarynda» (цех, ussahana) öndürilýärdi. Şäher araplar tarapyndan eýelenilenden soň, halyf Mäti (775-783) Merwiň tiraz öndürýän esnafyna - ussahanasyna öz ýakyn adamlarynyň birini gözegçi edip belläpdir. Bu mysal araplaryň şeýle gymmatly zynata örän uly ähmiýet berendiklerini aňladýar. Bir gezek Merwden Bagdada iberilen harytlaryň arasynda dürli egin-eşikleriň 27 müňüsi, başga bir gezek bolsa Merwiň mahmal we «burud» (zerli ala mata) matalarynyň 1187 topy bar eken. Halyf Mamunyň (813-833) özi hem Merwiň nah matadan dokalan lybaslaryna aýratyn sarpa goýupdyr. Merwde tikilen lybaslar 922-nji ýylda Aral deňziniň töwereklerinde ýaşaýan oguzlaryň serkerdesine arap ilçisi ibn–Fadlanyň gowşuran sowgatlarynyň arasynda hem bar eken.
Miras öwreniji alym A. Täjow önümçiligi şindi gadym zamanlarda Türkmenistanda ýola goýlan burud matasynyň hem tiraz ýaly Merwde dokalandygyny we ondan meşhur zerli don tikilendigini aýdýar. Dünýäniň atly bazarlarynda satylan gyzyl, ýaşyl, gök, sary we ak çyzyklar çekilip,çyzyklary dürli ölçeglerde ýol-ýol edilip dokalan Merwiň zerli burudynyň öňünde alyjylar uzak wagtlap eglenýärdiler. XIII asyrdan soň bu mata öz watanynda öndürilmändir. Bu nepis matanyň dokmaçylyk usullary we tärleri soňra başga sebitlere geçipdir. Giçki döwürlerde burudy türkmenler düybünden diýen ýaly unudypdyrlar, ýogsam orta asyrlarda zerli burud dony hem edil gyrmyzy don, çäkmen ýaly türkmenlerde diýseň ýörgünlidi. Aslyýetinde gyrmyzy don, çäkmen we zerli dondan başga-da Türkmenistanda asyrlaryň dowamynda bu lybasyň matasynyň ýerligi, hili, güli, nagyşy we nysagy (modasy) boýunça biri-birinden görnetin tapawutlanýan jüpbe don, şaly don, garma don, tirme don, kemha don ýaly başga-da ençeme görnüşleri öndürilipdir. Şadessanymyz «Göroglyny», halk dessanlarymyz «Zohre-Tahyry», «Şasenem-Garyby», «Leýli-Mejnuny» we başgalary söýüp okaýan ildeşlerimiz bu donlary eýýäm göz öňüne getiren bolsalar gerek.
Oguz han we Gorkut ata eýýamlarynda Türkmenistanda öndürilen dürli matalaryň nusgalyklary biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şol nusgalyklaryň birnäçe görnüşleri dünýä ýurtlarynyň atly mirashanalarynda saklanýar. G. A. Pugançenkowa «häzirki döwürde Merwiň orta asyr tirazynyň diňe bäş sany bölegi belli; olardan ikisi hijriniň 278-nji ýylyna (891/2 ý.) we hijriniň 293-nji ýylyna (905/6 ý.) degişli bolup, öz nagyşlaryny saklapdyrlar» diýip belleýär. Tirazlaryň bir nusgasynda mata nagyşlaryny kufi ýazuwy emele getirýär. Ikinji tirazda kufi ýazgysy bilen bir hatarda ösümlik äheňi bolan nagyşlar, nagyşly aýlawlar, dür şekilli tüýjümek güberçek halkalar bardyr. Ýöne üstünden asyrlar geçendigi sebäpli nagyşlar solupdyr. Bu matalaryň nepisligi - olaryň dokalyşynyň kämilliginde, bezeginiň çuňlugynda we matanyň gyralaryny dolduryp duran nagyşlaryň reňkleriniň täsin sazlaşygyndadyr. Eger-de kufi ýazgysy döwrüň we yslamyň hatyrasyna edilen äheň bolsa, beýleki äheňler Türkmenistanda dokmaçylygyň gadymy nusgalarynyň täze döwürde ýüze çykmasydyr we onuň ösdürilmegidir. Merw matalary sungaty öwreniş ylmynda ''abbasy matalary'' diýlip tanalýar. Sebäbi ýokary hilli matalar we lybaslar bilen halyflygy esasan Merw üpjin edýärdi.Sonuň üçin hem Merwde dokalan matalaryň saklanyp galan nusgalary hakynda ýazmak bilen G. A. Pugaçenkowa «IX-X asyrlaryň abbasy matalarynyň dünýäniň dürli mirashanalarynda saklanylýan görnüşleriniň haýsydyr bir böleginiň Merwiň dokma ussahanalaryna degişlidigini alymlar indi öwrenmeli» diýip adalatly belleýär.
VII-IX asyrlarda ýerli matalar hökümdarlaryň hazynasyna ugradylýan döwlet salgydynyň düzümine girýärdi we XIII asyra çenli olaryň iň gowylary halyflara, soltanlara, köşk adamlaryna, serkerdelere, şahyrlara, atly ulamalara berilýän baş sowgat bolup hyzmat edýärdi. Bu döwürlerde dokmaçylyk önümleri diňe içki bazar üçin niýetlenilmän, eýsem daşarky bazaryň islegleri hem göz öňüne tutulyp öndürilýärdi. Ýerli harytlar alys ýurtlara – Hytaýa, Müsüre we hatda Ispaniya-da ugradylýardy. Daşky bazara ýüpek, ýüň, nah we zygyr matalary bir hatarda taýyn önümler bolan ýektaýlar, donlar, keltekçeler, ýapynjalar, selleler, tahýalar we ýaglyklaryň hem dürli görnüşleri çykarylypdyr.
Bu döwürde Türkmenistanda dokmaçylyk üçin ähli şertler bardy. Muňa Horasanyň we Horezmiň ösen ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklary giň mümkinçilikler berýärdi. Mata dokmaçylygy ýurdumyzda esasan uly şäherlerde jemlenendi. Taryhy çeşmelerde dokmaçylygyň merkezleri hökmünde Merwiň, Daňdanakanyň, Sarahsyň, Abiwerdiň, Nusaýyň, Amulyň, Maşat-Misirýanyň, Kätiň{Köneürgençden önki paýtagt şäher} we Köneürgenjiň atlary görkezilýär.
X asyrdan başlap Merwden dürli ýurtlara ýerli pagtanyň aýratyn hem ýumşak we inçe süýmli görnüşi bolan çig mal – ýüpek ugradylypdyr. Bu ýerde bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan «merw matasy» öndürilýärdi. «Iň naýbaşy nah we ýüpek matalar Nişapurda we Merwde öndürilýär, iň naýbaşy zygyr matalary Merwde öndürilýär» diýip arap geografiýaçysy Istahri ýazýar. Horasanyň halkara bazaryna çykarýan harytlarynyň sanawynda Makdisi Merwde, Abiwertde we Nusaýda öndürilýän ýapynjalaryň, ýektaýlaryň, donlaryň, ýüpekden we nahdan edilen örtükleriň, ýüpekden edilen egin-eşikleriň atlaryny tutýar. G. A. Pugaçenkowa «Merwiň şahyjany matasy deňsiz-taýsyz hasap edilipdir» diýip ýazýar. Araplar Horasandan getirilýän ähli syk dokalan matalary «merwiňki» we şol ýerden getirilýän geýimleriň hemmesini «şahyjany» diýip atlandyrypdyrlar. Bu at Merwiň orta asyr «Maru-şahu-jahan» ady bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelikde, Merwde öndürilýän dürli harytlaryň görnüşleri hem şäheriň ady bilen baglanşdyrylypdyr.
Nepis we gymmat bahaly geýim-gejimleriň we matalaryň «şahy» ýa-da «şahyjany» ady biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Ýöne, gynansagam, şahy matasy biziň ýurdumyzda soňky asyrlarda öndürilmedi. Sowet döwründe öz gyz–gelinlerine goňşy ýurtda ýüpekden öndürilen «şahy» matasyndan tikilen dürli lybaslary geýindiren halkymyz tolkun atyp,tulkuldap duran bu nepis matanyň watanynyň Türkmenistandygyny bilmeýärdi.
Merw dünýäni bendi eden mahmal (mulham) matasynyň hem watanydyr. Ony ýerli ýüpekden öndürýärdiler. Mahmal Merwden daşarky bazara çykarylan möhüm harytlaryň biridi. Bu mahmalyň aýratyn tarapy, onuň iki ýüzi hem mahmaldandy. Bu barada arap ýazary at-Talyby gymmatly maglumatlary galdyrypdyr. Gorkut ata eýýamynda merw mahmaly ähli matalaryň seresi hasaplanyp, bu matadan edilen eşikleri bagdatly köşk gözelleri we sypaýy geýimleriň muşdaklary höwes bilen geýýärdiler.
Bu döwürde Merwde mahmal matanyň ýerli ýüpekden öndürilen dürli görnüşleri bolup, onuň «S» şekilli nagyş salnan tüýjümek hillişi has hem ýörgünlidi. «S» şekilli nagyş merw mahmalynyň gadymy hem-de köp ýaýran bezegleriniň biridir. Matanyň ýüzündäki şol nagyşlary,onuň düşeginden azajyk ýokary galyp, güberçekläp duran ýaly edip dokaýardylar.Bu nagyş mahmal parçanyň gyralarynda-da, onuň düşeginde-de ýerleşdirilipdir.Ýöne,matanyň düşeginde bu şekil beýlekiler bilen arasy üzülmeýän - birleşdirilmedik görnüşde,matanyň gyrasynda bolsa üzülýän görnüşde dokalypdyr.Bu meşhur matanyň nagyşlary halkymyzyň haly-palas sungatynda we keçe sehedinde şol gadymy gözelligini ýitirmän saklanyp gelipdir
XII asyrda mahmal barada «gadymy döwürde Merwde dokalan ýüpekden tikilen eşikler» diýlip aýdylmagy matanyň bu görnüşini dokamaklygyň usullarynyň eýýäm ýitirilendiginden habar berýär. Emma syýahatçy Ýakudyň «meniň bilýänlerimiň iň naýbaşysy» diýip atlandyrýan ýüpek matalary XII asyryň başlarynda Merwiň etegindäki Şawaşkan obasynda öndürilipdir. Şeýle hem Ýakudyň aýdyşy ýaly «Sarahsyň ilatynyň zerli örtükleri, guşaklary we şuňa meňzeş zatlary öndürmäge ukyplylary bolupdyr; Nusaýyň kiçeňräk Şähristan etrabynda uzyn we beýik selleler dokalypdyr». Ýapynja we ýektaý ýaly ýüpekdir nahdan dokalan önümler bilen bir hatarda selle hem orta asyr şäher adamsynyň iň ýörgünli eşigidi. Şol döwürler selläniň her hili reňkdäki we dürli hilli görnüşleri bolupdyr: emmame, emmameýi-zeringär, ymamy, asaba, asabeýi-dehdehi we başgalar. Selläniň iň ýokary hillisi we gymmat bahaly görnüşi bolan «dastary» soltanlar, wezir-wekiller, han-begler geýýärdiler. Türkmenistanyň şäherlerinde adaty dokmaçylyk önümleri bilen bir hatarda nikap,perde,hyjap,şitde şemle (guşak), şitde murassat (guşak), desmal (elýaglyk), roýmal (ýüzýaglyk) ýaly önümler hem köpçülikleýin öndürilýärdi.
Zygyr ýa-da kendir matasy hem Merwde öndürilen iň meşhur dokma önümleriniň biri hasaplanýardy. Bu matany kenep ösümliginden alýarlar. Kenep Türkmenistanyň suwarymly ekerançylyk merkezleri bolan Murgabyň we Amyderýanyň boýlarynda gadymy döwürlerden bäri ekilýärdi. Ondan edil paçak ýaly, ýokary hilli matalar dokalyp, galyndysyndan bolsa hojalyk maksatlary üçin ulanylýan halta, ganar, ýüp, tanap, jul, palan ýaly önümler öndürilýärdi. Zygyr matasy dokamasy kyn bolsa-da, ol nah we ýüpek matalardan has berk bolýar. Gynansagam, dagynyklyk we baknalyk döwürlerinde, şeýle kämil önümçilikden diňe pagta ganarlaryny we kendir ýüp öndürmek galypdyr.
Zygyr matalarynyň önümçiligi türkmenleriň Delidäki soltanlygy, Kutubşalaryň döwleti döwründe Hindistana hem aralaşypdyr. Hindiler kenebi «jut» diýip atlandyrýarlar. Hindistanyň Orissa, Assam, Bengaliýa we Bihar sebitlerinde «bihar jutyndan» dokalan matalar bilen, orta asyrlarda Trkmenistanda öndürilen zygyr matalaryň arasynda meňzeşlikler köp bolupdyr.
Horezm barada ýazmak bilen Ýakut bu ýeriniň ilatynyň tut agajyny köpçülikleýin ekýändigini, ony, esasan, ýüpek gurçugyny idedmekde ulanýandyklaryny we paýtagt şäher Köneürgenjiň mahmalyň aýratyn ýokary hillisi bolan «aranj» matasyny öndürmäge ýöriteleşýändigini belleýär.
Horasanyň we Köneürgenjiň dokma önümleriniň arasynda reňkli we ala matalar şeýle hem parçadan edilen keşdeli egin-eşikler we örtükler bolupdyr. Olaryň käbir görnüşleri matasynyň adatdan daşary inçeligi, gülleriniň hem-de nagyşlarynyň aýratyn nepisligi bilen tapawutlanypdyrlar.
Indi türkmen mata dokmaçylygy üçin häsiýetli bolan keşdeler, nagyşlar, bezegler we äheňler barada. Gadymy bezeg matalary öndürilişi hem-de bezegi boýunça kämil öý senetçilik we hünärmençilik önümidir. Mata bezeginiň ýönekeýje äheňleri dokmaçylygyň özi tarapyndan döredilipdir, ýöne olar köplenç amaly sungatyň beýleki ugurlaryndan (haly-palas, keçe, gap-gaçlaryň önümçiligi we başgalar) kabul edilip alnypdyr. Dokmaçylyk ösen we kämil önümçilik hökmünde mata nagyşlaryna esas we başlangyç berýär, ol soňra amaly sungatyň beýleki ugurlaryna hem mahsus bolan äheňleri özleşdirýär. Şundan soň dokmaçylyk kemala gelen äheňleri gaýtadan işlemek, olary mata we dokmaçylyk tilsimlerine uýgunlaşdyrmak bilen bolýar. Şeýdip äheňler nesilleriň tejribe eleginden geçirilýär.Bulardan başga-da, bezeg matalary nysak (moda) tarapyndan kabul edilen ýerli we keseki şekillendiriş we nagyş äheňlerini hem ýeňillik bilen kabul edegen bolýar. Şonuň üçin hem matalar üçin häsiýetli bolan ýa-da matalarda öz beýanyny tapan şekilleriň we nagyşlaryň äheňleri uzaklara ýaýrapdyr.
Dünýä taryh ylmynda , gözbaşyny Merwiň çeper mata önümçiliginden alyp gaýdýan, «sasany äheňi» diýlip atlandyrylan düşünje saklanyp gelýär. Eýsem-de bolsa, Merwde kemala gelip, soňra dünýä ýaýran bu täsin äheňiň nähili many-mazmuny boldyka?!
III-VII asyrlaryň türkmen dokmaçylygyny her hili hakyky we hyýaly haýwanlaryň şekilleri, edermenlik görkezip duran gahrymanlaryň hereketleri, beýleki ýurtlaryň dokmaçylygyndan görnetin tapawutlandyrypdyr. Bu matalarda kä halatlarda ösümlik we geometriki ülňüleri hem şekillendirilýärdi. Olar tumarlar, nagyşly aýlawlar, towlam-towlam keşdeler, tüýjümek dür şekilli güberçekler, ýürejikler we başgalar bolup, matanyň ýüzünde toparlaýyn ýa-da onuň bütin ýüzüne ýaýraw görnüşinde ýerleşdirilýärdi. Çeper bezegli matalaryň ýüzündäki äheňler bir wagtlar matalary bezän kümüşdir bürünç tumarlaryň ýüzündäki nagyşlardy. Bu döwürleriň mata dokmaçylygy gadymyýetden matany bezemegiň emeli bezeg, keşdeleme, monjuk we hünji bilen bezemek ýaly däplerini miras aldy, ýöne şularyň esasynda özüniň täze nagyş äheňlerini işläp düzdi we kemala getirdi. Öz gezeginde bezegli demir neçjarçylygy hem nagyşly parçalardan köp çeper äheňleri kabul edip aldy. Çeper matalar ymaratçylyk bezegine we amaly sungatyň beýleki ugurlaryna-da öz täsirini ýetirdi.
Merwiň we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde öndürilen çeper bezegli ýüpek matalaryny bezemekde köp ulanylan äheňleriň hatarynda töweregi emele getirýän dür şekilli tüýjümek güberçekleriň içinde şekillendirilen ýolbarslaryň, sugunlaryň, itleriň, ganatly atlaryň, kähalatlarda bolsa ýekegapanlaryň kellesiniň suratlaryny görkezmek bolar. Bu şekilleri öz döwrüniň dini äheňleri, şeýle hem gadymy we orta asyr edebiýaty bilen baglanyşdyrmak bolar.Türkmenistanda VI-VIII asyrlarda dokalan matalary we matalaryň ýüzündäki şekilleri biz soňra ýüze çykarylan şol döwrüň amaly-haşam sungatynyň eserlerinde görýäris. Olaryň hatarynda Marynyň meşhur golçasyny, polat gaplaryň ýüzündäki şekilleri, neçjarçylyk önümlerindäki suratlary we terrakotalary görkezmek bolar.
Türkmenistanda dokmaçylyk argaçylarynyň kämilleşdirilmegi we ösdürilmegi reňkli matalaryň ýüze çykmagy üçin hem möhüm şert boldy. Matalaryň ýüzüne güli we dürli nagyşlary argaç usuly bilen salypdyrlar. Şeýleleikde, matanyň ýüzüne nagyşlary emeli usulda ýelmemek, keşde çekmek we zerlemek öz-özünden galypdyr. Öňler bu işler matanyň ýüzüne el bilen nagyşlamak, zerlemek ýa-da keşdelemek arkaly ýerine ýetirilýärdi. Şunuň netijesinde äheňleriň köpdürlüligi we olaryň iş ýüzünde ulanylmaklygy kämilleşipdir. Netijede, dokma argajynyň kämilleşdirilmegi köp reňkli çeper ýüpek dokmaçylygynyň ykbalynda möhüm rol oýnapdyr, ol indi amaly sungatyň beýleki görnüşleriniň (suratkeşlik, binagärçilik, küýzegärçilik, zergärçilik we ş.m.) tapan islendik şekillerini matanyň ýüzüne çykarmaga ukyply bolýar.
Türkmenistan möhüm halkara söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşen ýurt bolandygy üçin biziň ýurdumyzda ýerli matalar bilen bir hatarda «hytaýy», «sinizi», «uşmuny» we «debiki» ýaly Hytaýda, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlarynda dokalan matalaryň önümçiligi hem ýola goýulypdyr. Türkmenistanda öndürilen matalaryň bu görnüşleri hem hili boýunça ýokarydy we daşary ýurt matalary bilen gürrüňsiz bäsleşýärdiler. Mata öndürmeklik aýratyn hem seljuklaryň zamanasy bolan XI-XII asyrlarda kämilleşipdir. Ýüňden, ýüpekden, zygyrdan we nahdan edilen matalaryň onlarça görnüşleri ýüze çykypdyr. Bu döwürde Türkmenistanda kemala gelen we kämilleşen dokmaçylyk däpleri goňşy we alys ýurtlara ýaýrapdyr.
Goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklarda ýüpek matalar özboluşly halkara pul birliginiň ornuny hem tutýardy. Çeper bezegli matalar han-begleriň, köşk adamlarynyň we gurply adamlaryň jemgyýetdäki ähmiýetini we ornuny kesgitleýän görkeziji bolup hem hyzmat etdi. Türkmenistanda, şeýle hem musulman dünýäsinde adamyň geýmini görüp onuň baýlygyny kesgitleýärdiler, onuň nirelidigini, haýsy ýurtda ýaşaýandygyny ýa-da onuň egin-eşiginiň nirede tikilendigini, matasynyň haýsy ýurtda dokalandygyny anyklaýardylar. Matalaryň şeýle bolçulygynda kämil nysagyň çyn muşdaklary türkmen matalaryny dessine tanaýardylar. Çünki göreňde gözüňi dokundyrýan türkmeniň ajaýyp matalary parçalar ummanynda ýüzüp ýören altyn gäminiň zerli ýelkeni ýaly beýlekilerden mese-mälim tapawutlanýardy.
Bolup geçen tozgunçylyklara garamazdan XIII-XIV asyrlarda-da mata önümçiligi belli bir derejede ösüpdir. Ýöne Çingiz hanyň we Teýmirleňiň çozuşlary dünýä medeniýetiniň meşhur ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanda dokmaçylygyň ösüşine hem uly zyýan ýetiripdir. Eger-de öňler dokmaçylykda matany bezemek üçin dürli äheňler ulanylan bolsa, indi, şol äheňleriň köpüsi ýitirilipdir. Muňa birzamanlardaky suratly matalar mysal bolup biler. Olar indi düýbinden dokalanok. Ol döwürler türkmenlerde çäkmenlik ýüň matalar, gyrmyzy donluk we keteni ýüpek matalar, ýüpek örtükler, jul, ýassyk,ýorgan we düşekçe daşylar bilen bir hatarda, matalaryň aýratyn gymmat bahaly görnüşleri bolan altyn parça, atlaz, kamonan, sendal, tafta,zerbaft,sakallat we tersanal hem öndürilýärdi. Merwiň şöhratly mahmal matalary ol döwürlerem bardy.
Ol döwürleriň türkmen matalaryna açyk, özüne çekiji we meýmirediji reňkler häsiýetlidi. Şonuň üçin hem G. A. Pugaçenkowa bilen L. I. Rempel: «Käbir etraplarda (Türkmenistan, Özbegistanyň günortasy) gyzyl-goňras reňkli matalar agdyklyk edipdir. Meýmirediji reňkler – gyzgylt, gyzyl, sary, melewşe – parlaryň, seljuklaryň, türkmenleriň döwürleriniň ähli bezeg sungatynyň esasyny goýdylar, olar matalaryň we halylaryň iň halanylýan reňklerine öwrüldiler» diýip ýazýarlar.
Häzirki döwürde, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda dokmaçylyk önümçiligi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň bimöçber tagallalary netijesinde görlüp-eşidilmedik derejä çykdy. Ýurdumyzyň ösen dokmaçylyk önümçiliginde matalaryň däp bolup gelýän görnüşleri bilen bir hatarda, olaryň şindi Türkmenistanda synap görülmedik görnüşleri hem öndürilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen milli dokma senagatymyzyň öndürip başlan dürli görnüşli mata önümlerinde dörediji milletimiziň zehin ummanyndan kemal tapan şol öçmejek uçgunlar bolan nepis äheňleriň yzlary görnüp dur.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar