NE TÜTJARDYR BORJY SEGSEN...
■ ýa-da türkmeniň ak bazarynyň taryhy
Milletiň kemala gelmeginde we onuň deňli-derejeli döwletiniň halkara giňişliklerine çykmagynda möhüm şertleriň biri-de döwletiň içki hem-de daşky bazarynyň bolmagydyr. Döwlet bolan ỳerde hökman bazar hem döreỳär. Bazar bolmasa döwlet hem bolanok. Ỳöne, bazara diňe bir haryt alnyp–satylỳan ỳer hökmünde düşünmeli däl, ol milleti dürli hojalyk gatnaşyklary arkaly bir ỳere jemleỳän möhüm ykdysady gural hem bolup durỳar. Şonuň üçin hem bazar diỳlende, çylşyrymly gurnalan hem-de ösen ykdysady gatnaşyklar göz öňüne tutulỳar. Bazar ösen jemgyỳetçilik gatnaşyklaryny hem-de çylşyrymly durmuş guluşyny döredỳän zerur serişde bolup hem hyzmat edỳär.
Geçmişde sekiz ỳüz ỳyllap döwletsizlikden ejir çeken halkymyzyň birleşmegine päsgel beren uly sebäpleriň biri-de, onuň milli bazarynyň bolmanlygydyr. Ỳogsam, ata-baba şu toprakda oturan halkymyzyň dilem, dinem, medeniỳetem, däp-dessuram birdi. Bir göräỳmäge döwlet bolmak üçin ähli şertler bar ỳaly hem bolup dur. Emma halkymyza döwlet bolmak, birleşmek üçin onuň ruhy birliginden başga-da ykdysady umumylyk – milli bazar hem gerekdi. Ykdysady umumylygy bolsa milli bazar döredỳär. Göz öňüne getirip görüň, dagynyklyk döwründe Türkmenistanyň dürli künjeklerinde oturan, tire-taỳpalara bölünen, çarwa we ỳarym çarwa halkymyz ỳurdumyzyň ähli ỳerlerinde şol bir harytlary, birmeňzeş önümleri öndürỳärdi. Bu ỳagdaỳ halkymyzyň içki milli bazarynyň kemala gelmegine päsgel berỳärdi, olarda birek-biregiň harytlaryna höwes döretmeỳärdi. Hatda obalaryň hem birek-birege ykdysady mätäçligi – baglylygy ỳokdy. Ģünki her bir obada, her bir öỳde şol bir zatlar öndürilỳärdi. Dagynyklyk zerarly ykdysady taỳdan pese düşen halkymyz durmuşda zerur bolan köp önümleri goňşy ỳurtlardan getirmeli bolỳardy. Şeỳle pes ykdysady şertlerde ỳaşaỳan halkymyzyň birleşip bilmejekdigi şundan hem görünỳärdi.
Halkymyz bazar gatnaşyklaryna gadymy döwürlerde girişipdir. Muny hytaỳ, arap-pars we beỳleki dillerde ỳazylan taryhy eserler, türkmen we daşary ỳurtly arheolog-alymlarynyň Türkmenistanda köp ỳyllaryň dowamynda alyp baran gazuw-agtaryş işleri doly tassyk edỳär. Türkmenistanyň görnükli alymlary Ỳegen Atagarryỳewiň, Hemra Ỳusubowyň, Tirkiş Hojanyỳazowyň, A.Gubaỳewiň, Gurtnyýaz Hanmyradowyň, şeỳle hem M.Ỳ.Masson, A.A.Maruşenko, W.I.Sarianidi ỳaly köp sanly daşary ỳurt alymlarynyň Maşat-Messerỳanda, Merwde, Köneürgençde, Sarahsda, Nusaỳda, Amulda, Abiwerde, Änewde we beỳleki köp sanly gadymy şäherlerimizde alyp baran işleriniň netijesinde Türkmenistanda asyrlaryň dowamynda dünỳä belli şäherleriň we kämil şäher hojalygynyň, baỳ bazarlaryň bolandygy anyklanyldy.
Söwda türkmenlerde aỳratyn sarpa goỳulỳan, il-gün tarapyndan oňlanylỳan, iňňän halal işleriň biri hasaplanylỳar. Sebäbi Pygamberimiz Muhammet Aleỳhiessalamyň özi täjir bolan. Täjirler döwletiň jemgyỳetçilik-syỳasy durmuşynda we dolandyryş ulgamynda uly rol öynapdyrlar. Soltan Sanjaryň döwlet diwanynda işlän adamlaryň arasynda gelip çykyşy boỳunça söwdagär adamlar hem bolupdyr. Sanjar hökümdaryň supraçysy (fukkaỳ) Ezizeddin Abu-Bekr öň Merwiň bazarynda miwe we ysly otlaryň söwdasyny edỳär eken.
Halkymyz işewür adamlaryny söwdagär, täjir, tütjar, telekeçi, bezirgen diỳip, dürli hili atlandyrýar. Hakyky türkmen täjiri – bezirgeni adamyň hakyny iỳmez, terezide kem çekmez. Ģünki türkmen haỳyr-sogaba, halala-harama gowy düşünỳär. Halkymyzda:»maldar maldaryň yzyndan on ýylda, daýhan daýhanyň yzyndan bir ýylda, täjir täjiriň yzyndan bir şapbatda ýeter» diýlip gadym döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän dana söz bar. Emma sabyr–kanagaty ỳetik türkmen, ol ekerançy bolsun, maldar bolsun, tapawudy ỳok, täjirine göripçilik etmez, ondan kem galmajak bolup dükan açmaz. «Maňa ata-babamdan söwdagärçilik miras galmandyr» diỳip, öňki pişesi bilen boluberer. Türkmeniň obasynda, syrgynynda ỳekeje söwdagär bolar, şolam ỳeterlikdir.
Türkmeniň söwdagäri öz döwrüniň gazet-žurnalydyr, radio-telewideniỳesidir. Alys ỳurtlardan dolanyp gelenden soň, ol dünỳäniň habaryny berer oturar. Türkmeniň bazaryndan milli medeniỳetiň möhüm ugurlary bolan sahna (teatr), muzeỳ, sport, turizm, suratkeşlik, aỳdym-saz ỳaly sungatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeyle hem häzirki zaman hyzmat ulgamy (restoranlar, barlar, kafeler, çaỳhanalar, myhmanhanalar) gözbaş alyp gaỳdỳar. Orta asyr türkmen bazarlaryny darbazçysyz, gözbagçysyz, jarçysyz, her hili maşk edỳän türgenlersiz, pälwanlarsyz, bagşy-sazandalarsyz – bir söz bilen aỳdanyňda, inçe sungatdan,ösen medeniỳetden üzňelikde göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.
Halkymyzyň gadymy döwletleriniň biri bolan Oguz türkmenleriniň beỳik Hun döwletinde we Parfiỳa patyşalygynda döwletiň we ilatyň girdejileriniň bir bölegi goňşy ỳurtlar bolan Hytaỳ we Rum döwletleri bilen alnyp barylan gyzgalaňly söwdadan gelipdir. Aỳratyn hem Hytaỳ araçäk söwdasy üçin uly orna eỳe bolupdyr. Ỳylyň belli bir döwürleri, Hytaỳ bilen araçäge oguzlar ummasyz köp mallalary we maldarçylyk önümlerini getirỳärdiler, Hytaỳyň ilaty bolsa oba hojalyk we senetçilik önümlerini satuwa çykarỳardylar. Netijede iki döwletiň araçäginde özara bähbitli söwda işleri alnyp barylypdyr. Bazarlar halklary ysnaşdyrypdyr, parahatçylykly ỳaşaşmaga isleg meỳillerini güỳçlendiripdir.
Taryhy edebiỳatda «Beỳik ỳüpek ỳolunyň» döreỳişi hakynda gürrüň edilende, näme üçindir biziň ata-babalarymyzyň hyzmaty görkezilmeỳär. Bilşimiz ỳaly, halklaryň arasyndaky söwda we beỳleki gatnaşyklaryň pugtalanmagynda taraplaryň özara isleginden başga-da, düzgünli-tertipli döwletiň we aragatnaşyk ỳollarynyň howpsyz bolmagy baş şert hasap edilỳär. Gündogar bilen Günbataryň arasynda ỳüze çykan şu şertler bu iki sebitiň edil ortasynda ỳerleşen türkmenleriň Beỳik Parfiỳa we Hun döwletleriniň, birneme gijiräk bolsa Göktürkmenleriň döwletiniň esaslandyrylmagy bilen baglanşykly boldy. Ģünki Gündogar bilen Günbataryň arasyny birleşdirỳän uly giňişliklerde türkmenler düzgünli-tertipli, kuwwatly döwlet döredip, «Beỳik ỳüpek ỳolunyň» açylmagy üçin möhüm şert döretdiler. Şeỳdip, Günbatar bilen Gündogaryň arasynda howpsuz halkara kerwen ỳollary açyldy, adamzat biri-birini ỳakyndan tanap başlady. Bu ỳollardan, indi diňe bir täjirler däl, eỳsem ilçiler syỳahatçylar, zyỳaratçylar, alymlar, din hadymlary, derwüşler hem gatnap başladylar.
Şäherleriň we ösen şäher hojalygynyň bolmaklygy, bazarlaryň döremegi üçin möhüm şertdir. Sebäbi şäherler senetçiligiň we hünärmentçiligiň merkezi bolỳar. Ỳöne, gadymy şäherlerde, entäk pul ỳüze çykmanka, sözüň doly manysynda bazarlar bolmandyr, ol ỳönekeỳ alyş-çalyşa esaslanỳardy. Biziň eỳyamymyzdan öňki VI asyrda Türkmenistanyň ỳerinde pullaryň ỳüze çykmagy bilen, söwda işleri has hem kämilleşdi we sözüň doly manysynda pul-haryt ỳa-da bazar gatnaşyklary ỳüze çykdy. Wizantiỳa, Siriỳa we Hytaỳ çeşmeleriniň berỳän maglumatlaryna görä, III-VI asyrlarda Gündogar bilen Günbataryň arasynda kerwen söwdasynyň esasy harytlary bolup ỳüpek, aỳna, gymmat bahaly daşlar, reňkler, atyr önümleri hyzmat edỳärdi. Birneme gijräk, ỳaňky önümler bilen bir hatarda zynat harytlaryna, ỳagny altyndan, kümüşden we bürünçden ỳasalan gap-gaçlara, ỳokary hilli ỳaraglara, zergärçilik we haly önümlerine, tohum atlara, gymmat bahaly matalara hem isleg artypdyr. Şeỳlelikde, bu önümler asyrlaryň dowamynda halkara kerwen söwdasyny we içki bazaryň bahalaryny kesgitleỳän esasy harytlara öwrülipdirler. Şol harytlaryň ep-esli bölegi, möhüm söwda ỳollarynyň çatrygynda ỳerleşỳän Türkmenistanyň şäherlerinde öndürilỳärdi.
Halkara kerwen söwdasynyň iň pajarlap ösen döwri IX-XII asyrlar hasap edilỳär. Bu döwürler Gündogarda pul çykarỳan zikgehanalaryň sany hem görnetin artypdyr. Türkmenistanda altyn, kümüş dinarlary, dirhemleri öndürỳän zikgehanalar bardy. Şol döwürlerde Merkezi Aziỳada hasaba alnan 11 zikgehananyň 5-si Türkmenistanda ỳerleşipdir. Olar Merwiň, Dehistanyň, Merwerudyň, Sarahsyň we Horezmiň (Köneürgenç) zikgehanalarydy.
VI-VII asyrlarda Türkmenistanda bazar gatnaşyklarynyň ösen ỳerleri hökmünde taryhy çeşmelerde Merwiň, Sarahsyň we Nusaỳyň atlary getirilỳär. Aỳratyn hem, Merwiň bazary diňe bir Türkmenistanda däl, eỳsem bütin dünỳäde şöhratlanypdyr. Dünỳäniň çar tarapyndan gelỳän söwda ỳollary Merwiň üstünden geçip gidỳärdi. Merw dürli taraplardan gelỳän söwda kerwenleriniň harytlarynyň jemlenilỳän we soňra zerur ỳerleriňe, her ỳurtda uly isleg bildirỳän harytlaryň ugradylỳan merkezine hem öwrülipdir. Şonuň üçin hem ỳylyň ähli pasyllary Merwiň ammarlary harytlardan dolup durỳardy. Bu ỳagdaỳ Merwi Gündogaryň ähli şäherlerinden tapawutlylykda, dünỳäniň möhüm ykdysady we syỳasy merkezine öwrüpdir. Şäheriň ulalmagy, ilatynyň artmagy, onda dolandyryş we medeni edaralaryň sanynyň köpelmegi bilen bazarlar hem ulalypdyr we şaherde tebigy kynçylyklar ỳüze çykypdyr. Şonuň üçin hem öňler bazar şäheriň merkezinde ỳerleşỳän bolsa, indi ol şäher etegine (rabat) göçüpdir. Netijede senetçileriň we hünärmentleriň ussahanalary, dükanlar, bazara hyzmat edỳän dürli hyzmat edaralary şäher etegine geçirilipdir. Bu bolsa rabatyň ähmiỳetini artdyrypdyr.
VII asyrda araplar Merwi eỳelänlerinde olar öz dolandyryş edaralaryny şäher merkezinde (şähristan) däl-de rabatda – söwdanyň we senetçilik mähelleleriniň (kwartallar) ỳerleşỳän ỳerinde gurupdyrlar. Başda araplar Merwiň baş metjidini hem şähristanda gurupdyrlar. Ỳöne, soňra VIII asyrda rabatda şäheriň täze baş metjidi gurlupdyr. Sebäbi şäheriň syỳasy, ykdysady we medeni merkezi esasan rabatda ỳerleşỳärdi. 750-nji ỳylda şäher bazary, abbasy halyflaryny häkimiỳet başyna getiren Abu Muslim tarapyndan rabata göçürilipdir. Şunuň netijesinde şäher bazary köp asyrlaryň dowamynda ägirt uly senetçilik-söwda merkezine we haryt ammaryna öwrülipdir.
Söwdanyň ösmeginde aragatnaşyk (poçta) we ỳol gullugynyň hem uly ähmiỳeti bolupdyr. Aragatnaşyk ỳollary Türkmenistanda b.e. öňki VI asyrda ỳüze çykypdyr. Ỳollar elbetde, has gadym zamanlarda-da bardy, ỳöne indiki ỳollar menzillere bölünip, her 25-50 km aralykda guỳylar gazylỳardy, düşelgeler, berkitmeler, duralgalar gurulỳardy. Şeỳle ỳollar VIII-X asyrlarda has-da kämilleşdirilip, köne düşelgeleriň ỳerinde kerwensaraỳlar, rabatlar gurlupdyr. Merkezden welaỳatlara we etraplara ugradylỳan hatlar, görkezmeler, hökümler we dürli habarlar şol ỳollardan iberilỳärdi. Bu gullugyň kämilleşmegi, döwleti berk saklamakda ähmiỳeti uly bolupdyr we gysga wagtyň içinde, merkezden iberilỳän habarlaryň welaỳatlara baryp ỳetmegini üpjin edipdir. Merkezden ugran çapar indiki menzile ỳetip, habary garaşyp ỳatan çapara gowşurypdyr, ol indiki menzile..., şeỳdip habar gysga wagtda barmaly ỳerine eltilipdir. At-Tabariniň «Pygamberleriň we patyşalaryň taryhy» atly eserinde Türkmenistanyň ỳerindäki şol aragatnaşyk we kerwen ỳollary barada gyzykly gürrüňler berilỳär. Ỳollaryň ugrundaky düşelgeleri ol «hana», ỳagny «düşelge», «manazila» (menzil), ỳagny daşy howlyly uly düşelge, kähalatlarda kiçeňräk berkitme, rabat – daşy berkidilen gala ỳaly uly ỳol kerwensaraỳlary (olar köplenç gum içinde ỳa-da gumuň eteginde gurlupdyr) diỳip atlandyrỳar. Taryhçynyň işinde gümrük galalary bolan «marasidalar» hem agzalỳar. «Sarahsdan Merwe gidỳän uly ỳolda alty sany menzil bolup, olaryň birinjisi Uşturmagak, ondan soň Tilsitan, soňra Daňdanakan, soňra Kunigird ỳerleşỳär. Olaryň hemmesi Aly ibn Haşym ibn Ferruhysrowa degişli mülkler» diỳip, IX asyryň ahyrynda al-Ỳakuby ỳazypdyr. Merw-Sarahs söwda ỳolundaky menzillerin biri bolan Kunigirdi XIII asyr taryhçysy Ỳakut şeỳle suratlandyrỳar: «Meniň ol ỳerde bolan döwrüm Kunigird ulydy. Onuň giň bazary, gowy jaỳlary, owadan metjidi, üzümleri we bagy bardy. Men ony 614-nji ỳylda (1217) gördüm».
Söwda ỳollarynyň esasy çatragynda we geçelgelerinde gümrük galalary hem bolupdyr. Amyderỳadan geçilỳän ỳerdäki gümrük galasy barada al-Mukaddasi şeỳle ỳazỳar: «Söwdadan alynỳan gümrük pajy barada aỳdylanda, ol örän ujypsyzja. Gullary derỳadan aňyryk geçirmäge rugsat almak örän kyn. Soltandan birugsat gulamlary hem geçirtmezler we rugsat üçin 70-den 100 dirheme çenli paç alarlar. Düỳeden iki dirhem, atlydan bir dirhem gümrük pajyny alarlar».
Näbelli ýazaryň eseri bolan «Hududyl-älemde» gürrüňi edilýän döwürler Merwde ỳokary hilli pamygyň, goỳun süỳdi goşulyp taỳỳarlanylan tagamly kökeleriň, üzüm toşabynyň, «abkame» diỳlip atlandyrylan turşy içgileriň we başga-da köp sanly harytlaryň öndürilendigi we satylandygy barada aỳdylỳar.
Eỳsem-de bolsa, Merwiň bazarynyň gurluşy nähili boldyka?
Al-Istahri, al-Mukaddasi, as-Samani ỳaly orta asyr taryhçylary Merwiň bazarynyň merkezinde «Ģarsu» diỳlip atlandyrylan, üsti gupba şekilli baş söwda merkeziniň, onuň ỳanynda pul çalşylỳan bazaryň we kerwensaraỳlaryň bolandygyny belleỳärler. Bazaryň merkezinde ỳerleşỳän çarsudan dürli taraplara köçeler uzalyp, olaryň her birinde senetçilik önümleriniň haỳsy hem bolsa bir görnüşi öndürilỳän mähelleler (kwartal) ỳerleşipdir. Ģeşmelere esaslanyp, Merw bazarynda külalçylaryň, neçjarlaryň, demirçileriň, pyçak ỳasaỳanlaryň, ỳarag ỳasaỳanlaryň, dokmaçylaryň, aỳnaçylaryň, deri eỳleỳänleriň, ädikçileriň, eşik tikỳänleriň, zergärleriň we beỳleki senetkärleriň köçeleriniň bolandygyny anyklamak bolỳar. Arheolog-alym G. Hanmyradow Türkmenistanda orta asyr söwdasy barada ỳazmak bilen «Gadymy döwürlerde, orta asyrlarda Merw Gündogaryň iň uly medeni ojagy, içerki we halkara söwdasynyň merkezi bolupdyr. Merwiň nagyşlanan küỳze önümlerine isleg uly bolupdyr. Muny merwli ussalaryň ỳasan gaplarynyň Termezden, Samarkantdan we beỳleki ỳerlerden tapylmagy hem subut edỳär. Merw bazarlarynda türkmenleriň iň ỳörginli önümleri bolan halylar, düỳe ỳüňden dokalan matalar, tohum atlar, at esbaplary örän ỳokary bahadan alnypdyr» diỳip belleỳär. X-XI asyrlarda Gündogaryň syỳasy durmuşynda uly wakalaryň bolandygyna garamazdan Horasan, onuň baş şäheri Merwiň ähmiỳeti peselmändir. Meşhur alym A. Ỳ. Ỳakubowskiỳ bu barada «900-nji ỳylda Ysmaỳyl Samanynyň Amr ibn Leỳsden üstin çykmagy bilen, Horasanda häkimiỳet Samany nesilşalygynyň eline geçdi. Buharanyň olaryň paỳtagtyna öwrülendigine garamazdan, Horasanyň paỳtagty Merw özüniň ykdysady, syỳasy we medeni ähmiỳetini ỳitirmedi» diỳip ỳazỳar.
Merkezi Aziỳanyň we Orta Gündogaryň Ỳewropa bilen söwda hem-de medeni gatnaşyklarynyň ösüşinde Horezmiň merkezi şäheri Ürgenjiň (Köneürgenç) ägirt uly ähmiỳeti bolupdyr. Köneürgenji araplar «al-Jürjaniỳa», Reşideddin bolsa «senetçileriň patyşalygy» diỳip atlandyrỳar. Şäheri Al-Istahriniň suratlandyryşy has hem gyzykly: «Amyderỳanyň günorta tarapynda al-Jürjaniỳa diỳlip atlandyrylỳan uly şäher ỳerleşỳär. Ol Horezmiň iň uly şäheri. Şäher oguzlar bilen söwda edilỳän ỳer. Bu ỳerden Gürgene, Hazar patyşalygyna we Horasana kerwenler gidỳär».
«Hududul-älemiň» näbelli ỳazary hem Ürgenje uly ähmiỳet bermek bilen, şäheriň täsin harytlary bilen meşhurdygyny we Türkistana gidỳän ỳoluň derwezesidigini belleỳär. «Şäher täjirleriň ỳygnanyşỳan ỳeri. Ol iki şäherden – içki we daşky şäherlerden durỳar» diỳlip çeşmede aỳdylỳar. Ürgençde suw örän köp bolupdyr. Ony şähere Amyderỳadan çekilen ỳaplar arkaly getirỳärdiler. Agyz suwy ỳaplar boỳunça Ürgenjiň derwezesine çenli ỳetirilipdir, ỳöne ilatyň gür ỳerleşỳändigi üçin şäheriň içine suw çekilmändir. Al-Mukaddesiniň sözleri bilen aỳdanyňda «Ürgenç her gün ulalỳardy. Hajaja derwezesiniň ỳanynda Mamun tarapyndan gurulan köşk ỳerleşỳär, köşgüň derwezesi ỳaly owdanlygy bilen haỳran galdyrỳan derwezeleri bütin Horasandan tapmarsyň. Köşgüň derwezesiniň öňünde uly meỳdan ỳerleşip, şol ỳerde dowar satỳarlar». Ürgenjiň bazary IX-X asyrlarda diňe bir Merkezi Aziỳada däl, eỳsem Alynky Aziỳada hem şuweleňli söwdanyň we haryt dolanşygynyň hem möhüm merkezleriniň biri bolupdyr. Mongollar tarapyndan weýran edilse-de, XIV asyrda Köneürgenç ýene-de Gündogaryň uly şäherleriniň birine öwrülipdir.
Taryhy çeşmelerde söwdanyň ösen ỳerleriniň biri hökmünde Sarahs hem görkezilỳär. Al-Istahriniň berỳän maglumatlaryna görä, Sarahs tutỳan meỳdany boỳunça Merwiň ỳaryna barabar bolupdyr. Söwda şäheri hökmünde Sarahsy şöhratlandyran esasy önüm galla bolup, ol Nişapury azyk bilen üpjin edỳärdi. Al-Mukaddasiniň sözleri bilen aỳdanymyzda: «Sarahsdan her hepde-de Müsürden Gulzumyň üsti bilen iberilỳän möçberde galla ugradylỳardy». Taryhy çeşmeler Sarahsyň şäher merkezinde köp ilatyň ỳaşamaỳandygyny we onda sanaỳmaly dükanlaryň galandygyny belleỳärler. Ỳöne, Sarahsyň üç tarapyny rabatyň gurşap alandygyny, onda söwda-senetçilik edaralarynyň ỳerleşendigini, şol ỳerde-de uly bazaryň bolandygy görkezilỳär. Al-Mukaddasi Sarahsyň söwda taỳdan uly ähmiỳetiniň bolandygyny we onuň uly söwda ỳolunyň ugrunda ỳerleşỳändigini belläpdir. 984-nji ỳylda al-Mukaddasi «Sarahs. Ol äpet bazar ỳollarynyň çatlyşỳan ỳeri. Bu şäherde haỳsydyr bir harydyň ỳetmeỳändigini duỳjak gümanyň ỳok, kerwenler bir tarapdan gelmese, beỳleki tarapdan gelỳär» diỳip ỳazypdyr.
X-XI asyrlarda Sarahs bilen Nusaỳyň arasynda ỳerleşen Haweranyň uly şäheri Abiwerd bolupdyr. Şäheri Al-Mukaddasi gysga, ỳöne örän anyk suratlandyrỳar: «Abiwerd maňa, Nusaỳdan has gowy ỳaraỳar, onuň bazary örän gowy, şäher baỳ hem-de mes toprakly. Suwy olar derỳadan alỳarlar, Juma metjidi şäher bazarynda ỳerleşỳär».
Gündogaryň bazarly-söwdaly ỳerleriniň biri-de Amul şäheridir. Gaznaly hökümdar Masut «Amulda müňlerçe müň adam bar, eger-de olaryň her birinden bir dinar alsaň müňlerçe müň dinar bolỳar» diỳỳär eken. 1035-nji ỳylda soltan Masut Gaznaly Amula gelende, şäher ilaty onuň öňünden çykyp, hökümdary uly dabara bilen garşylapdyr. Belli taryhçy Beỳhaky bu pursaty «Hemmeleriň ỳüzünden doklugyň, saglygyň hem-de bolelinligiň alamaty görünỳärdi, ähli dükanlaryň gapylary açyk, adamlaryň ỳuzleri şadyỳandy» diỳip beỳan edipdir. Onuň ỳazmagyna görä, bu döwürlerde Dehistanda bir dirheme 10 man bugdaỳ ỳa-da 15 man arpa satyn alyp bolupdyr. Daňdanakan söweşiniň öňisyrasy Türkmenistanyň we sebitdeş ỳerleriň şäher bazarlaryndan 1 man bugdaỳ almak üçin eỳỳäm 13 dirhem tölemeli bolupdyr. Söweşden soň ilatyň hal ỳagdaỳy örän pese düşüpdir. Ibn al-Asiriň ỳazmagyna görä, Horasanda eden-etdilikler başlapdyr, Nişapuryň köçelerinde ỳaramaz adamlar (owbaşlar) peỳda bolup, olar parahat ilaty talamaga we öldürmäge başlapdyrlar. Diňe Togrul beg şäherde peỳda bolan badyna, ilatyň arasyna asudalyk aralaşypdyr. Sergezdanlar bet işlerini bes edip, ỳaşaỳjylarda howpsuzlyga umyt döräpdir.
X-XI asyrlarda Nusaỳ hem Türkmenistanyň bazarly şäherleriniň biri hasaplanýardy. Onuň ululygy edil Sarahsyňky ỳaly bolupdyr. Al-Mukaddasiniň öz ỳazgylarynda «Nusaỳyň baglara basyrylyp oturan 70 sany köçesi bar» diỳip bellemegi, aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Nusaỳ birnäçe şäherleri özüne birleşdirỳän aỳratyn etrap bolup, onuň düzümine bazarly şäherler bolan Isfinakan, Jarmukan, Paraw we Şähristan giripdir.
Seljuklaryň döwründe Mäne şäheri hem döwletiň möhüm ykdysady ojaklarynyň biri bolupdyr. Meşhur türkmen piri Mäne babanyň ömür beỳanyny döreden Muhammet al-Münewwer: «Mäne gülläp ösen we köp ilat ỳaşaỳan şäherdir, şonuň üçin hem şäheriň galanyň düỳbünde ỳerleşỳän Idris diỳlip atlandyrylylan kerwensaraỳynda kyrk sany terezi bar diỳip aỳdỳarlar» diỳip ỳazypdyr.
Şol döwrüň ỳazarlary Horasandan, hususanda Merwden, Nusaỳdan, Abiwertden, Sarahsdan daşarky bazara çykarylỳan we bu ỳerleriň bazarlarynda satylỳan harytlaryň giden bir sanawyny getirỳärler. Ine, şol harytlaryň doly bolmadyk sanawy: ỳupek, ỳüpek we nah lybaslar, zanbaft, paỳbaft we şahyjan selleleri, rahtäç we tagtäç lybaslary, örtükler, attaby, seỳidi, zaranf we müşti ỳektaỳlary, ỳüňden edilen eşikler, ỳüplük, künji we künji ỳagy, tilki dersi, elguş, kenep düşekçeler, bugdaỳ, sygyr, düỳe, goỳun, geçi, peỳnir, saman, bal, sabyn, tüwi, hoz, badam, kişmiş, sary ỳag, üzüm mürepbesi, injir, nar, mis külkesi, kükurt, gurşun, myşỳak, reňk alynỳan asparak oty, müşki-anbar, atyr, deri, altyn, keçe, haly, horjun, at, gatyr, eşek, iňňe, pyçak, süỳji-köke, gawun we ş.m.
Türkmenistanda pul-haryt gatnaşyklarynyň ösendigine şaỳatlyk edỳän köpsanly maglumatlar hem saklanyp galypdyr. Ibn Hordadbegiň berỳän maglumatlaryna görä, 827-nji ỳylda halyflygyň hazynasyna Merw Şahyjahan 1 mln 147 müň, Nusaỳ - 809 müň, Abiwerd - 700 müň, Sarahs – 307 müň, dirhem salgyt tabşyrypdyr. Elbetde, şunça salgydyň köp bölegi söwdadan gelỳärdi.
Alys urtlar bilen söwda işlerini alyp barmakda kerwensaraỳlar uly ähmiỳete ee bolupdyrlar. Kerwensaraỳlaryň iň ulularynyň biri Amyderỳanyň çep kenarynda, häzirki Birata etrabynda ỳerleşỳän Daỳahatyn kerwensaraỳydyr. Daỳahatyn dörtgyraň bina bolup, onuň daşky diwarynyň ugrunda aỳratyn girelgeli 23 sany otagy bolupdyr. Otaglaryň gapysy ỳel-ỳagmyrdan goraỳan we giň meỳdany emele getirỳän uly bassyrma tarap çykypdyr. Daỳahatyn kerwensaỳy ỳaly düşelgeleriň hatarynda Akjagala (Merw-Amul ỳolunda), al-Esger (Garagum etrabynyň cäginde), Najar galasynyň we orta asyr Şiraz obasynyň (Sarahs etrabynyň çäginde) kerwensaraỳlaryny we beỳlekileri görkezmek bolar.
Orta asyrlarda Türkmenistanda deňiz we derỳa söwda ỳollary, şeỳle hem Uzak Gündogar,Günorta-Gündogar we Günorta Aziỳa ỳurtlarynda giň ỳaỳran «kabotaž («kenarỳaka») söwdasy» alnyp barlypdyr. Hazar deňzi we Amyderỳa boỳunça üsti harytly söwda gämileri yzygider gatnapdyr. Ibn Batuta (XIV a): «Tomus günleri Amyderỳa bilen gämili Termeze çenli gidỳärler we ol ỳerden bugdaỳ, arpa getirỳärler» diỳip ỳazỳar.
Meşhur taryhy eser «Hududul-älemde» («Dünỳaniň çägi») X asyrda oguzlaryň-türkmenleriň hojalygy barada-da gyzykly maglumatlar berilỳär. Şol maglumatlaryň arasynda şeỳle setirler ünsüňi özüne çekỳär: «Oguzlaryň arasynda olaryň öz içinden çykan täjirler köp». Türkmen söwdagärleri diňe bir Günbatar Aziỳanyň däl, eỳsem Bulgar, Gündogar Ỳewropa ỳurtlary, Hytaỳ we Hindistan bilen hem gyzgalaňly söwda işlerini alyp barypdyrlar. Eserde oguz şäherleri hem sanalỳar. Ỳaňykent, «oguz söwdagärleriň jemlenỳän ỳeri» bolan Sabran, Farap, Balasagun, Isfijap we başgalar, Zeminiň çar künjeginden getirilỳän harytlaryň satylỳan we dürli ỳerlere ugradylỳan möhüm söwda merkezleri bolupdyr.
Maldarçylygyň möhüm merkezi bolmak bilen Türkmenistan önümleriň şu görnüşi bilen hem aỳratyn şöhratlanypdyr. Al-Istahri «Horasanyň mal sürileriniň köp bölegini Sarahsyň we Balhyň töwereklerinde bakylỳan düỳeler düzỳär» diỳse, al-Mukaddasi «Ürgenç şäheriniň meỳdany türkmen goỳunlarynyň satylỳan uly bazarynyň ỳeridi» diỳip belleỳär. Şeỳle hem ol, Bagdat bazarynda satylỳan «iň gowy goỳun eti oguzlaryň ỳurdundan getirilỳär» diỳip ỳazypdyr.
Merkezi Aziỳanyň, şol sanda Türkmenistanyň şäher bazarlaryna türkmenler iri we ownuk şahly mallardan başga-da deri bilen ỳüň hem getirỳärdiler. Sebäbi Horezmde, Merwde we Sarahsda köpsanly deri eỳleỳän ussahanalar bardy. Deri eỳlemek üçin zerur aşgarlaryň ỳokary hillilerini ỳerli we Gündogar Ỳewropadan getirilen çyg mallardan taỳỳarlaỳardylar.
Ibn Haukal dünỳä bazarynda uly isleglerden peỳdalanan türkmenleriň ajaỳyp garaköli baganalary barada has hem gymmatly maglumatlary berỳär. Ol garakölli baganalaryň ỳokary hillileriniň gara we goňras reňkde bolýandygyny bellemek bilen: «Olardan biriniň bahasy, reňkine görä, çärỳek dinardan iki dinara, gara reňklisiniň bahasy bolsa iki, üç we ondan hem köp dinara ỳetỳär. Gara ỳa-da goňras däl garaköli baganalaryň 10-sy bir dirheme ỳa-da şoňa golaỳ bahadan satylỳar» diỳip ỳazypdyr.
Söwdagär nähili baỳ bolsa-da ol döwürler ỳeke bolup, uzak ỳurtlar bilen söwda etmek mümkin bolmandyr, üstesine-de howpsuzlyk we ỳol çykdyjalary şeỳle bir ỳokary bolupdyr welin, hiç bir peỳda, pul, haryt we sarp edilen zähmediň çykdaỳjylaryny ödäp bilmeỳärdi. Şu ỳerdenem Gündogarda, şol sanda Türkmenistanda hem, gadymyỳetden bäri söwdagärleriň kerwen söwdasyna goşulmaklary ỳüze çykypdyr. Sebäbi kerwen diňe, bir harytlary we adamlary äkitmegi gurnamagyň usuly bolman, ol söwda etmegiň hem möhüm görnüşi bolupdyr. Baỳ söwdagärler uly kompaniỳalara birleşỳärdiler, harytlaryň dürli görnüşlerini jemläp, kerwen düzỳärdiler we uzak ỳurtlara gidỳärdiler. Kerwen söwdasy ägirt uly peỳda getirỳärdi. Täjirler gelỳän peỳdanyň hasabyna iri mülkleri satyn alỳardylar. Sebäbi mülk edinmek täjirleriň jemgyỳetdäki ornuny we ähmiỳetini artdyrỳardy, olaryň iri ỳer eỳeleri, emeldarlar, hatda köşk bilen hem arasyny sazlaỳardy. Bu ỳagdaỳlar tersine hem bolupdyr: iri ỳer eỳeleri kerwen söwdasyna goşulypdyrlar, kerwen söwdasynyň paỳdarlaryna öwrülipdirler, bir söz bilen aỳdanyňda, girdeỳjileriniň bir bölegini gönüden-göni söwdadan gazanypdyrlar.
Söwdagärleri aỳratyn hem şäherlerdäki dürli görnüşli gozganmaỳan emläkler gyzyklandyrypdyr. Täjirler «mustagal» diỳlip atlandyrylỳan girdeỳji berỳän ỳerleri – degirmenleri, kerwensaraỳlary, hanalary, dükanlary, hammamlary göwünjeňlik bilen satyn alỳardylar. Türkmenistanda bu ugurdan aỳratyn hem köneürgençli, merwli söwdagärler tapawutlanypdyrlar. Al-Mukaddesi Nusaỳ şäherindäki aỳratyn gymmatly mülkleriň horezmli (köneürgençli) söwdagärleriň satyn alandyklaryny belleỳär.
Türkmen söwdagärleri alys ỳurtlardaky şäherlerde hem peỳda getirỳän möhüm ỳerleri satyn alỳar ekenler. Geografiỳaçy al-Ỳakuby, Bagdadyň tanymal adamlar ỳaşaỳan möhüm ykdysady kwartallarynyň biri bolan al-Balhiỳa rabaty barada ỳazmak bilen «Bagdatda al-Balhiỳa ỳaly uly, has ähmiỳetli, has köp köçeli we bazarly başga bir rabat ỳok. Onuň ilaty – Balhyň adamlary, Merwiň adamlary, Horezmiň adamlary. Sanalan ỳurtlaryň adamlarynyň hersiniň öz başlygy (reỳis) bar». Maglumatdan görnüşi ỳaly al-Ỳakubynyň «adamlary» diỳỳäni söwdegärlerdir.
Söwda kerwenlerinde adamlaryň, atlaryň, gatyrlaryň, düỳeleriň sany dürli-dürli bolupdyr. Kerwen düzmeklik, göz öňune tutulỳan maksada görä bolupdyr. Adatça kerwenlerde birnäçe ỳüz düỳe, şoňa göräräk adamlar bolupdyr. Ỳöne, adamlaryň esasy köpçüligi kerwene hyzmat edỳän we ony goraỳan adamlar bolupdyr. Hakyky söwdagärler şonça mukdardaky adamlaryň az bölegini tutupdyr. Söwda kerweni söwdagärleriň özboluşly şereketi bolup, ol wagtlaỳyn hereket edỳän söwda kompaniỳasy ỳaly bir zatdy. Söwdagärler ỳagdaỳa görä, özbaşdak ỳa-da köpçülik bolup zerur harytlary satyn alỳardylar. Ikinji bir ỳagdaỳda bolsa, olar paỳdarlar bolup, olaryň birleşmesi bolsa – wagtlaỳyn «söwda öỳi ỳada merkezi» bolupdyr. Uly hem-de uzaklara gidỳän kerwenler, köplenç halatlarda, diňe söwda maksatlary bilen çäklenmändirler. Kerwenleriň düzülỳän ỳerleriniň döwletleriniň hökümdarlary, welaỳatlarynyň emirleri, şäherleriniň häkimleri ỳa-da iri mülkdarlar kerwenleriň söwdagärlerine takyk diplomatiki we beỳleki ỳumuşlary hem tabşyrypdyrlar. Däp bolşy ỳaly, kerwenleriň ỳany bilen syỳahatçylar, din adamlary alymlar, senetçiler, hünärmentler, derwüşler hem goşululyşyp gidỳärdiler. Şonuň üçin hem halkara gatnaşyklarynyň we diplomatiỳanyň kemala gelmeginde, halklaryň birek-biregi ỳakyndan tanamagynda täjirleriň hyzmaty biçak uludyr. Has dogrusy, bu işiň gözbaşynda ussat söwdagärler durlar. Şu ỳerde, diplomatik maksat bilen düzülen, ägirt uly söwda kerweni hakynda gürrüň edilse ỳerlikli bolarmyka diỳỳäris.
Türkmen halky, onuň ak bazarynyň taryhy, söwda ỳollary we türkmen söwdagärleri barada gymmatly maglumatlar bagdatly ilçi ibn Fadlanyň ỳazgylarynda berilỳär. Ol ỳazgylar miladynyň 921-922-nji ỳyllarynda Türkmenistanyň üsti bilen abbasy halyfy tarapyndan Bagdatdan Bulgara (Häzirki Tatarystan, Başgyrdystan we Wolga boỳlary - «Поволжье») iberilen uly ilçiler kerweniniň ỳolbaşçylarynyň biri ibn Fadlan tarapyndan ỳazylypdyr. Halyf al-Muktadir (908-932) tarapyndan iberilen bu kerwen öz döwrüniň üỳtgeşik wakasydy. Kerweniň söwda maksatlaryndan başga-da onuň öňünde uly syỳasy wezipe hem goỳlupdy. Bu kerwen Şilka hanyň ogly, bulgar patyşasy Almyşyň haỳyşy boỳunça iberilỳärdi. Halyfa ỳazan hatynda, Almyş «özüne din öwredip, yslam kanunçylygyndan okadyp, metjit gurup, münber galdyryp, şäherlerinde we bütin döwletinde öz adyna doga okap biljek adamlary ibermegini we öz garşydaş patyşalaryndan goranar ỳaly gala gurup bermegini» sorapdyr.
Bu döwürler Bagdatdan Bulgara Hazar deňziniň Kawkaz tarapy bilen hem gidip bolỳardy. Bulgar patyşasy Hazar döwletiniň hökümdary bilen çylşyrymly gatnaşykda bolupdyr. Ỳöne, bu kerweniň şol ỳer bilen gitmezliginiň esasy sebäbi däldi. Kerweniň Türkmenistanyň içi bilen gitmeginiň baş sebäbi, bu ỳerde gülläp ösen şäherler köpdi, kerwen ỳollary hopwsuzdy. Şeỳle hem Köneürgençde ilçiler Almyşa gala gurup bermek üçin halyfyň adyndan 4 müň dinar hem almalydylar. Düzüminde üç müň düýe,bäş müň adam,şonça mukdarda atlar we gatyrlar bolan kerwen «309-njy ỳylyň sapar aỳyndan 11 gündiz we gije gädilenden soň, sogap güni», ỳagny 921-nji ỳylyň 21-nji iýunynda Bagdatdan ugrap, «310-njy ỳylyň muharrem aỳyndan 12 gündiz we gije alnandan soň, dynç güni», ỳagny 922-nji ỳylyň 12-nji maýynda Bulgara gelipdir. Türkmenistanyň içi bilen Bagdatdan Bulgara gelen kerwen, bu ỳola 10 aỳ 10 gün sarp edipdir. Ỳöne, kerweniň köp wagty duralgalarda we şäherlerde dynç almaga gidipdir. Diňe, Köneürgençde ilçiler dört aỳ saklanmaly bolupdyrlar. Sebäbi Horezmiň aňzakly hem-de ỳagynly gyşy kerwene ỳoly dowam etdirmäge mümkinçilik bermändir. Ilçiler Bagdat-Köneürgenç aralygyny 921-nji ỳylyň iýun-noýabr aỳlarynda geçip, Bagdat-Daskara – Hulwan – Hemedan – Sawa – Huwar – Semnan – Damgan – Nişapur – Sarahs – Daňdanakan – Merw - Küşmeỳhan – Amul – Buhara -Paỳkent - Kät aralygy bilen Köneürgenje gelipdirler.
Ilçihana halif al-Muktadiriň köşk adamlary Susan ar-Rassi, bagdat kösgüniň türkmen begzadasy Tegin Türkmen (çeşmede Tegin at-Türki), şeỳle hem Ahmet ibn Fadlan ỳolbaşçylyk edipdirler. Ilçileriň ỳanynda Almyşyň halyfyň köşgüne iberen ilçisi Abdylla Başty Hazarly hem bar eken. Tegin Türkmeniň ilçihananyň ỳanynda bolmaklygy ỳöne ỳerden däldi. Ol kerweniň esasy geçmeli ỳerleri bolan uç-gyraksyz türkmen topragyna, oguz sähralaryna, türkmenleriň ỳaşaỳyş-durmuş şertlerine içgin beletdi, iň esasy zat hem ene dilinden başga-da türkmenler bilen goňşyçylykda ỳaşaỳan türki halklarynyň, taỳpalarynyň şeỳle hem arap-pars dillerini hem gowy bilỳärdi. Umuman alanyňda, geçilen ỳollar, duralgalar, düşelgeler, şäherler, obalar, bazarlar, oguzlaryň ỳaşaỳşy, durmuş şertleri barada ibn Fadlan gymmatly ỳazgylary galdyrypdyr.
Öňler Köneürgençden Wolga boỳlaryna we Gündogar Ỳewropa gidỳän ỳollarda duralgalar, düşelgeler (arap ỳazgylarynda olar «manazil» - «menzil» diỳlip atlandyrylỳar) az bolupdyr. Gürrüni edilen kerwen geçenden soň, bu ỳollar söwdanyň hakyky marşrutlaryna öwrülipdir. Belli alym S.P. Tolstow bu barada şeỳle ỳazypdyr: «X asyryň başlarynda ibn Fadlan tarapyndan geçilen ỳol, şol ỳüz ỳyllygyň ahyrynda we indiki asyryň başlarynda biri-birinden 25 km daşlykda – kerwenler üçin adaty gündelik uzaklyk – ỳonulan daşlardan gurulan ajaỳyp kerwensaraỳlar we ỳylmanak daşlar bilen örülen guỳular bilen abzallaşdyrylypdyr». Türkmenistanda we türkmenlerde söwdanyň ỳagdaỳy barada ibn-Ruste, Gardizi ỳaly ỳazarlar hem gyzykly maglumatlary berỳärler.
Haỳp ỳeri, şeỳle ösen, diỳseň kämil kerwen söwdasy, çylşyrymly bazar gatnaşyklary mongollaryň weỳrançylykly çozuşlary netijesinde berbat edilipdir. Şäherler şeỳle bir weỳran edilipdir welin, olary başga ỳerde täzeden gurmak, olary ỳerinde dikeldenden amatly bolupdyr. Mongollaryň agalygy döwründe söwdany, senetçiligi, hünärmentçiligi çökerỳän çökder salgytlar hem girizilipdir. Aỳratyn hem «tagma» diỳlip atlandyrylan salgyt agyrdy. Mongollar tagmany söwda we satuwa niỳetlenip öndürilỳän ähli önümlere salỳardylar. Bu bolsa bazar gatnaşyklarynyň ösüşine, pul-haryt gatnaşyklaryna, önüm öndürlişine aỳratyn ỳaramaz täsir edỳärdi. W.W.Bartoldyň, I.P.Petruşewskiniň, W.F.Minorskiniň we köp taryhçylaryň ỳazmagyna görä, tagma diňe bir täjirlerden däl, eỳsem şäher bazarlarynda ỳerleşỳän dürli ussahanalardan, dükanlardan, şäherlere azyk önümlerini getirỳän daỳhanlardan, zikgehanalardan hem alnypdyr. Tagmany kerwen söwdasyndan hem alỳardylar. Şol sebäpden bazarlarda harytlar gytdy, olaryň bahasy ỳokarydy. Bu bolsa söwda işine gyzyklanmany peseldỳärdi. Tagmanyň derejesi örän ỳokary bolup, ol şäherliler üçin hem oba ilaty üçin hem hakyky betbagtçylyk bolupdyr. Şonuň üçin hem mongol agalygy synandan soň, türkmen soltanlary tagmany belli-külli azaltmagy we bütinleỳ ỳatyrmagy özleriniň içeri syỳasatynyň baş maksady edip goỳupdyrlar. Abdallah al-Bagdady al-Kyỳasynyň ỳazmagyna görä, Uzyn Hasan Akgoỳunly (1453-1478) tagmanyň möçberini 20 esse azaldyp, ony 20 dirhemden 1 dirheme getiripdir.
Akgoỳunlylaryň iň soňky hökümdarlarynyň biri Soltan Ahmet 1497-nji ỳylda şerigatda göz öňüne tutulmadyk ähli salgytlary, jemi ỳigrimä golaỳ salgytlary ỳatyrypdyr. Olaryň arasynda tagma hem bar eken. Ỳöne, soltan Ahmet häkimiỳet başyndan giden soň tagma az-owlak möçberde gaỳtadan peỳda bolupdyr. Tagma salgyt hökmünde türkmen patyşasy Tahmasp I (1524-1576) tarapyndan 1565-nji ỳylda gutarnykly ỳatyrylypdyr.
XV-XVI asyrlardan başlap Beỳik geografiki açyşlaryň netijesinde, dünỳäde deňiz ỳollary bilen alnyp barylỳan söwda gatnaşyklary-da güỳjäp başlady. Deňiz ỳollarynda söwda gadymy döwürlerden bäri alnyp barylỳardy. Emma XV-XVI asyrlarda söwdanyň bu görnüşi hem, mongollaryň gury ỳer kerwen söwdasyny edişleri ỳaly, portugallaryň we ispanlaryň agalygy netijesinde tozdurulypdyr. Ỳöne, bu ỳerde-de türkmenler öz güỳjüni görkezmeli bolupdyr. XV-XVI asyrlarda Orta ỳer deňziniň söwda ỳollaryndaky portugal-ispan agalygyny osmanly türkmenleri, Günorta deňizlerdäki suwlarda bolsa, XVII asyryň başlarynda sefewi türkmenleri syndyrdylar.
Deňiz ỳollarynyň söwdasynyň güỳjemegi, mongol çozuşlary guryỳer kerwen söwdasynyň ähmiỳetiniň peselmegine getirse-de ol doly ỳitmändir. Giçki döwürlerde türkmenler tarapyndan Gündogarda gurlan döwletlerde söwda işleri giň gerime eỳe bolupdyr. Ỳöne kerwen söwdasy hiç haçan hem IX-XII asyrlaryň derejesine ỳetip bilmändir.
Gadymy we orta asyrlarda diỳseň şöhratlanan, weỳrançylyklar zerarly soňky ỳüzỳyllyklarda unudylan Türkmenistan Garaşsyzlyk ỳyllary içinde ỳene-de halkara söwdasynyň möhüm çatrygyna öwrüldi. Ýurdumyzda Tejen-Sarahs-Maşat, Türkmenabat-Atamyrat, Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir ỳollarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen, Türkmenistan Stambul - Pekin Transaziỳa ỳolunyň möhüm bölegine öwrüldi. 2007-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi. Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demir ýol ulgamlaryny özara baglanyşdyrjak bu möhüm gurluşyk, Ýewropa, Uzak, Ýakyn we Orta Gündogar, Günorta Aziýa sebitleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürer.
Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanynda Türkmenistanda gazanylan deňsiz-taỳsyz ykdysady ösüşleri, gurlan gara we demir ỳollary, howa we deňiz giňişliklerini böwsüp, dünỳäniň dürli taraplaryna gidỳän uçarlary, gämileri synlap, barypha 984-nji ỳylda al-Mukaddasiniň Sarahs barada aỳdanlaryny birneme ulaldyp hem üỳtgedip: «Türkmenistan. Bu ỳurt äpet bazar ỳollarynyň birleşỳän, sansyz harytlaryň öndürilỳän we meşhur bazarlaryň ýerleşýän ỳeri. Bu ỳurtda haỳsydyr bir zadyň ỳetmeỳändigini duỳjak gümanyň ỳok - otlylar, uçarlar, gämiler we awtoulaglar bir tarapdan gelmese, beỳleki tarapdan gelỳär» diỳip aỳdaýasyň gelip dur.
Göwnüňe bolmasa, geçmiş has kämilleşen görnüşde, täzeden gaỳtalanỳan ỳaly...
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar