21:16 Nobatda... / hekaýa | |
NOBATDA...
Hekaýalar
Ýigrenenim— garaşmak! "Ýigreneniň maňlaýyňdan çykar" diýlişi ýaly nirä barsam nobata durmaly bolýaryn. Ine, şu wagtam nobatda, içgysgynç! Daýzalar ýaşmagynyň aşagyndan "ýurduň meselesini" çözýärler. Ýaşulularam kelle kakyşyp, ellerini galgadyp gürleşip otyrlar. Oglanlaryň arasyndaky Messiň janköýerleri kubogy Messi däl-de özleri alan ýaly mes. Ronaldoň janköýerleriniň üstünden gülen bolýarlar. Menem seredip otyryn. Birdenem bir ýaş ýigit nobatyndan öň girjek boldy. Seredip duran ýaşulularyň biri egninden saklady-da: —Äý, inim, oçurdyňa dur. —Men şujagaz kagyzy bersem boldy, kän eglenmiýen ýaşuly. —Men-ä kagyzam berjek däl, şuň içindäkiň ýüzüni görsem boldy— diýip nobata durulan otagyň gapysyny görkezdi. Ol ýaşulyny garry gördümi nämemi, diňlemän girjek boldy. Ýaşulam ýaman ýeser eken. —Äý, inim näme men bu zatlary diwara aýdyp durunm-ow? Näme bilegiňdäki güýjüňe buýsanýeňm-eý? Eý, Sähet gel-eý bäri, bez oçur girjek bolýe bi. Iki ýaşuly bir bolup ýaňky oglany zyňdylar bir gyra. Çişip, gomparyp duran oglan molla berlen ýaly bolaýdy. Şol wagtam "şakyrt" edip gapy açyldy. Bugdaý reňkli, gaşlary çytylyp duran daýaw aýal gapyndan keselikgän girdi. —Oçuruň soňy kim-eý? Obasynda baran ýeriniň "meselesini" çözüp ýören, daýzalardan öýdýän. Gaty haýbatly öz-ä. Menem çekinibräk —Soňy men — diýdim. Ýüzüme birhiliräk seretdi-de, —Senden soň mendirin — diýip maňa barmagyny çommaltdy. Soňam yzyndan bir agyraýak gelin girdi. Olam şol daýzaň "orunbasar" gelini bolmaga çemeli. Gaýynynyň alkymyna dykylyp dur. Haýbatly daýza meniň ýanyma gelip egnime kakdy. El dagy däl, edil kesewiň bar. Pagta ýygyp, bugdaý orup, mal bakyp daş bolan el-dä. —Tur-eýt gyz, göreňokmy, gelin agyraýak. Ýer ber-ä. Daýza şeýdip maňa geliniň öňündäki "borjumy" ýatladansoň men ýer berdim. Ýene bir zat diýäýmesin diýip, çetiräkde durdum. Haýbatly daýzaň sabyr käsesi dolana meňzeýär. Töweregine garanjaklap, uludan demini alyp başlady. Näme bahana tapjagyny bilenok. Birdenem: —Şy, gelin-ä agyraýak. Şyny bezoçur giriziň. Ýagdaýy gowy däl. Beýlede duran hortap gelneje, burça ýaplanyp duran ýerinden: —Daýza, bizem irden gelip durşumyz. Çagalarymyzy taşlap gaýtdyk. Biziňem ýarawumyz ýok— diýip närazy gürledi. —Indikiler şeýtýe-da, türkmençilik diýen zat ýokmy sizde. Agyraýak gelin zordan dur-a. Özüňem başyňdan geçendir-ä. Ynsap ýok häzirkilerde— diýip igendi. Şermende-dä! Aslynda türkmençilikden habaram ýokdur welin dawalaşmaly bolansoň türkmençiligiň barja däp-dessuryny sanady. Görüp otursak, diňe men däl bütin türkmen halky, onuň gelniniň öňünde "borçly" bolsa nätjek?! Garaz daýza her ýoldan tutup, işini bitirdi. Pikirlenýärin! Bir ýere nobata durmaly bolsa ýa-da çözülman duran meseläň bolsa, agyraýak gelniňi öňüňe salyp barybermeli eken-dä. Bah, gelnejemem bolmandyr! Gezegim gelipdir. Öz nobatyma durup girsemem meň işim bitmän, ertire galdy. Ýolda pyýada öýe gelýärin. Hälki daýzaň "Mesele çözüşine" bolan haýranlygym heniz geçenok hemem pikirlenýän: —Bah, men garrasam nähili bolarkam? Aýsapar EMELOWA. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||