01:25 Nohur odasy | |
NOHUR ODASY
Goşgular
Gözlerimiň röwşeni Akar bulak-çaýyň men. Üstüňde nur dogupdyr, Gijelerne Aýyň men. Göwnüň baharystandyr, Goýnuň şähri-bossandyr. Ogluň mähri iständir, Hiç tapmadym taýyň men. Sen şeýle ejizmikäň? Kastyňda gezildi kän. Gözýaşlar ezildi kän, Gurup goýan ýaýyň men. Ýaşasam-da şäherde, Köküm meniň Nohurda. Giç agşam, ir säherde, Dünýäde bar küýüm sen. Istäp bagy Eremi Gezdim Rumy, Pereňi... Synlap birje peleňi Beýikligňe boýun men. Sada milletden obam, Jaýy jennetden obam. Daşda minnetden obam, Geçmez sensiz toýum meň. Gezip ýörkäm heserde, Ýazdym muny Kesirde. Ýeneki bir asyrda Oýansam, düýş-oýum meň. Dagyň dagdan üýtgeşik, Bagyň bagdan üýtgeşik. Barsam açykdyr işik, Her bir öýüň – öýüm meň. ▶ ENE, BAGYŞLA MENI Halyňdan habar alamok, Ene, bagyşla meni. Käte ýadyma salamok, Ene, bagyşla meni. Ugradyp soňky ýola, Yzan-da-çuwan bala, Nala, ýüregim nala, Ene, bagyşla meni. Kynlyk bolsa başymda, Gelýäň gije düýşümde. Käte hetden aşamda, Ene, bagyşla meni. Başujunda mazaryň Oturdym, çekip zaryň. Sowuk gördüm nazaryň, Ene, bagyşla meni. ▶ GÜLÜM Ýüzüň sowduň – halym harap oturdym, Boýnum buruk, ýere garap oturdym. Diýdim öz-özüne: «Ýary ýitirdiň!» Delalat gözledim özüňden gülüm. Ýylgyrdyň, açyldy göwnüm Gün ýaly, Şatlyk gurşap aldy bütin dünýäni. Bagtly men, däl men indi güň ýaly, Şepagaty tapdym gözüňden gülüm. Bilmedim men sözleriňde jady bar, Bilmedim men gözleriňde jady bar. Bilmedim men näzleriňde jady bar, Ot deýin tutaşdym közüňden gülüm. Aýra salyp bilmez bizi aý, ýyllar, Aýra salyp bilmez öwrümli ýollar, Aýra salyp bilmez zäherli diller, Kasam edýän seniň duzuňdan gülüm. ▶ PURSAT Gezelenje daga çykdyk ikimiz, Dyza çökdük Kelet dagyň daşynda. Öpdüm men lebiňden bagryma basyp, Käkilik saýrady degre-daşymda. Ýüpek saçlaryňy oýnaýar şemal, Ondan-oňa göçüp barýar bulutlar, Biziň bolşumyzy gabanýan ýaly, Al asmanda uçup ýören bürgüt bar. Bilýän, gaýtalanmaz indi bu pursat, Ömrüm ýatyr bu jadyly pursatda. Müň ýaşly arçanyň astyndaky Aý, Hem syrly garaýan asmandaky Aý, Ömürbaky mekan tutdy gursakda. ▶ ÝÜREK AÝDYMY Syr sakladym ýüregimde, O syr läläm, söýgi syry. Adyň ýaşar kalbymda meň, Bu jahanda gezsem diri. Hyýalymda söhbet gurdum, Bulaklaryň gözbaşynda. Dünýäni undup sözledim: «Bolsadyň ömür gaşymda!» Gezdim saňa maýyl bolup, Sen gözeliň teşnesi men. Müň bir derde melhem bolan, Öz obamyň çeşmesi sen. Sen jadygöý bir peri däl, Has zyýada hüýr-melekden. Diýip bilmän birje sözi Dat eder men bu pelekden. Bolsa-da aramyz golaý, Ýyldyz deýin uzakda sen. Ýetebilmen seň ýanyňa, Duzakda men, duzakda men. ▶ DAGYM MENIŇ Süýt beren mährem ene deý, Hüwdüledi dagym meniň. Saklanypdyr oň goýnunda Gülkülerim, agym meniň. Ýaz gelip, siller joşanda, «Bulut oýnar, dag başynda»... Kümüşdaşa Gün düşende, Güllär solum-sagym meniň. Söwütliniň çeşmeleri Gandyr aran teşneleri. Göýä gyzyň keşdeleri Akar bal bulagym meniň. Baryp görsem Pirderäni, Gujaklap ýygsam teräni. Dag başynda bir jereni Görsem, göwün çagym meniň. Owaz berip belent-pesi, Goý, ýaňlansyn çalgy sesi. Eşidilse tüpeň sesi, Bolmaz başga ýagym meniň. Tomusda-da başynda gar, Dereleňde gaplaň gürlär. Arçalaryň müň ýaşy bar, Püdüneli – dagym meniň. Bir gün ýere ýetse ýanym, Gelsem, aram tapar janym. Damarda oýnar al ganym, Däri-derman, dogam meniň. Seredip gözüm doýanok, Ýürek joş urup goýanok. Üstüňde çarwadaryň ýok? Dillen Hatynagam meniň. Sygyndygym Pasan dagy, Istemerin erem bagy. Ykbal aýra salan çagy, Dünýäde, bil, ýogum meniň. ▶ PELSEPE Gije gapy kakylyp, Eger üýrmese iti. Bilgin onda şo öýüň Haly gowy däl gaty. Ýowuz gün eşdilmese, Zandy şahyryň sesi. Bilgin onda şo halkyň Ýokdur şu gün, ertesi. ▶ «DEGSELER GARYP GÖWNÜŇE...» Degseler garyp göwnüňe, Kime ýeter dadyň seniň. Tutaşsa, söndürip bolmaz, Köňüldäki oduň seniň. «Ah, wah!»... eden tapylar kän, Ýalan çyna sapylar kän. Sowuk demir gapylar kän, Bolmasa hiç zadyň seniň. Bereket gaçsa törüňden Ne peýda dünýäň malyndan. Aýak üzme diýaryňdan, Ýogsa galmaz adyň seniň. «Degmedige degmez ýylan» – Türkmen aga diýmez ýalan. Owazasy ile dolan Niçik ýakyn-ýadyň seniň? Şahyr gama batdyň bu gün, Özüň oda atdyň bu gün. Aýt, näme utduň bu gün? Şygyryň – immatyň seniň. ▶ «ÖZGÄNIŇ GOÝNUNDA SENI OGŞADYM...» Meniň gözüm köp gözlerde saklanar, Köp gözeller açar göwün şährimi. Men olara göwün berip bilmerin, Siňdirsem-de kalbymdaky mährimi. Sen hakda oýlandym özgäň goýnunda, Ýürek telwas urdy, eý, şäherli gyz. Hiç gözelde seň mähriňi duýmaryn, Humaý gözli hem-de garahally gyz. Ilkinji gijäňi maňa bagyşlap, Diýipdiň «Men sensiz ýaşap bilmerin». Indi ýatyr aramyzda menziller, Bir-bireksiz ýaşap ýörüs, dilberim. Sen hakda oýlandym özgäň goýnunda, Özgäniň goýnunda seni ogşadym. Gyş gijesi ýalňyzlykdan örtenip, Buza dönen göwräm bilen gagşadym. ▶ «SÄHEL ZADA PESELIP DUR ADAMZAT...» Hil-hil bolýan eken adam diýlen zat, Gorkagy bar, Görogly deý merdi bar. Birisiniň howalasy has belent, Birisiniň ýüreginde derdi bar. Birisi bar degmedige daş atar, Başga bir degene-de degmeýär. Birisi bar başlygyna baş egýär, Atasyna welin başyn egmeýär. Sähel zada bogulyp dur gözýaşa, Misli gaplaň, eselip dur adamzat. Bela-beter inen ýaly üstüne Sähel zada peselip dur adamzat... ▶ «GOLAÝ DUR...» DIÝDILER Ýürek azaryňy gowzatjak bolsaň, «Çöle çyk – diýdiler – alabaharda». «Seýrana çyk, göwnüň-göwsüň açylar, Işiň ýok – diýdiler – gohly şäherde». «Şypalydyr barsaň dagyň howasy», Diýdiler: «Golaý dur keremli daga». Göwnüm tämizlendi, derdim saplandy, Duýdum men özümi misli bir çaga. «Golaý dur – diýdiler – dostuňdyr adam». Golaý durdum, şarpyk iýdim «dostumdan». Ýegşerilip ýörün, tutup ýüregmi, Hiç çykyp bolanok derdiň astyndan. ▶ ÝETMIŞIŇ DOLAR Owal başda ýykma adam raýyny, Ýyksaň, ömrüňboýy etmişiň bolar. Ynsan ogly, bakylyk ýok dünýäde, Ömrüň geçen güni – geçmişiň bolar. Men-menlikden ýara etdiň döşüňni, Aýt, nä söwdaga atdyň başyňny. Bäş gün myhman, soň saýlarsyň goşuňny, Gaýdyp gelmäň, soňky ätleýşiň bolar. Günüň ýaşyp barýar, bolupdyr öýle, Birhowa aýak çek, dur, pikir eýle. Başyň dik, janyň sag – kän şükür eýle, Göz açyp ýumasy ýetmişiň dolar... | |
|
√ Ýar / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Durdy han / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ýar gara gözli / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |