14:55 Nurberdi han | |
NURBERDI HAN (1826-1880)
Taryhy şahslar
Nurberdi han 1826-nji ýylda Gökdepede dogulýar. 1880-nji ýylyñ ortalarynda hem şol ýerde aradan çykýar. ol 1850-nji ýyllaryñ aýagynda 1880-nji ýyla çenli Ahalyñ hany bolupdyr we ömrüniñ ahyrynda Ahalyñ hem Marynyñ hany bolupdyr. Nurberdi han “It” ýylynda “Megin” obasynda doglup, Gökdepe urşundan alty aý öň, 55 ýaşynda aradan çykýar.¹ Ony “Nurberdi han” käriziniň arka tarapynda bolan gonamçylykda jaýlapdyrlar. Ol “Togtamyş” urugyndandyr. • Nurberdi hanyň nesilleri: Ýusup han-Söýün han-Orazmämed han-Nepes han-Döwletnazar han-Garababa han-Döwletmyrat han-Nurberdi han. Döwletmyrat handan Gazy han ► Gazy handan ►Öwezmyrat batyr we Geldi bolýar. Öwezmyrat batyr Gökdepe urşunda batyrgaý söweşipdir. Nurberdi hanyň 3 aýaly bolupdyr: 1. Nar (Magtymguly hanyň ejesi²), 2. Rabyga, 3. Güljemal (Marynyň hany bolan, Ýusup hanyň ejesi). Nurberdi hanyň 3 sany mürzesi bolupdyr: Ak molla, Öwez kazy, Gulmyrat kazy. Nurberdi handan ozal Garaja serdar, ondan soňra Salyh serdar, soňra Garry (gara) oglan Onbegi, ondan soňra Akmämmet serdar, soňra Öwez serdar Ahala hanlyk edip, gezek Nurberdi hana ýetipdir. Jürre beg lakamly Allaberdi diýen biriniň Nurberdi hana bagyşlap ýazan goşgusy: “Gulak salyň goç ýigitler sözüme, Taňry nazar salgan är Nurberdi. Ile döwlet gelip, duşman synanda, Eneden bagyt bilen dogdy Nurberdi. Eýran hany Japarguly isimli, Gahar-gazap bilen jaýyndan turdy. Leşger tartyp Garrygala sürdi, Şol zaman Ahalda bardy Nurberdi. Durdy han, Ýagşy mergen begleri, Habar eşidip, howpa düşdi janlary, Çapar atly nama ýazyp gönderdi, Ahwallar, hoş sagat degdi Nurberdi. Habar geldi Nurberdige şol zaman, Gala-gala jar çekdirdi bul heman, Hökmün tutup köp ýigitler hoş elhan, Bir zaman eglenmäý sürdi Nurberdi. Gökleň kethudalary pişwaz çykyp, Kimi göreşip, kim ortada yýkylyp, Kimseleri zar u gerýan aglaşyp, Ajap ahwallar gördi Nurberdi. Söweş boldy Garrygala üstünde, Elmydam gezerdi kapyr kasdynda Şemşir oýnadardy kapyr destinde Dönübän kast bilen gyrdy Nurberdi. Ýomut, gökleň, teke bilen baş goşup, Üç Söýün han jem bolup söweşip Gyzylbaşlar zar u gerýan aglaşp Aşyrdy Çendirden nary Nurbedi. Duşmanlar dep boldy, gamlar sowuldy Şahyrlar nezm edip, dessany ýazdy Gökleň halky yzzat-ekramlar kyldy Hoşlaşyp Ahala sürdi Nurberdi. Allaberdi söz uzatma, gasr³ eýle Her saba, şam adyn okyp, zikr eýle, Gaýra bakyp öz-özüňe pikir eýle Sary topy alyban ýördi Nurberdi. *** Ak molla diýen biri Nurberdi hana bagyşlap şu goşgyny goşupdyr: “Zat päkinden ýaratmyş seni, Nurberdi han, Gaýyp ärler hem nazara salgan saňa, Nurberdi. Köp şäherler aldyňda ajez her ýaňa goýsaň gadam, Şa Naserretdin bile saryk, salyr ähli na:dem. Täjik, özbek şalaryndan gelse peýgam saba, şam Ähl-e Hindu hem Habeş arzuw kylarlar dembe-dem. Waslyňa mätäç erur Rumy, Pereň, Nurberdi han⁴. __________________________________ [1] Bir pars içalysy bilen Nurberdi hana ruslaryň awy berip öldürendigi aýdylýar. [2] Gökdepe galasy synandan soňra Magtymguly han ruslar tarapyndan Zakaspiniň häkimi edilip bellenýär. Ol Türkmenleriň adyndan Peterburg mejlisine wekil/deputat bolup gidýär. Ýüsüp hanyň ogly Garry han bolsa türkmenleriň adyndan wekil bolup patyşanyň huzuryna barypdyr. [3] gasr - gysgaltmak. [4] T.Gutlyýew, "Nurberdi han" / "Ýaşlyk" žurnaly, 1990 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |