19:27 Soýuz hem garaşsyzlyk 3: dowamy | |
IMPERIÝA WE HATAPGALA
Publisistika
Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň öňki koloniýalaryndan diňe Finlýandiýa garaşsyzlyk hatyny alyp, häzirki döwre çenli özbaşdak ýaşap gelýär. Finler bilen deň azatlyga çykan latyşlar, litowlar, estonlar, polýaklar barada aýdanyňda bolsa, bularyň başky üçüsi 40-njy ýylda, soňkusy bolsa uruşdan soň garaşsyzlykdan mahrum bolupdy. Ine-de, taryhyň paradoksyna seret. Şol ýeke çykan Finlýandiýa häzir ilatynyň ýaşaýyš derejesi boýunça ABŞ bilen bäsleşýär. Ösen sosializmde ýaşaýan SSSR-iň saýasyndaky respublikalar bolsa it urup ýerde galan afrika ýurtlary bilen egin deňeşdirip bilseler müňde bir razy. Fin behişdiniň syry düşnükli bolsa gerek 一 finleriň depesinde garaşsyzlyk baýdagy parlaýar. Garamatyny başga halkyň üstüne atýan halk bolsa aňsat-aňsat örňemeýär. Uly halka arkaňy diräňde, oňa has golaýlaşyp, raýatyna gireniňde ösülýän bolsa stawropol türkmenleri öselidi. Emma... Iki asyr mundan öň 200 müň adam bolup Maňgyşlakdan giden bu türkmenler häzire çenli takmynan 10 一 15 müň sany bolup galdylar. Olaryň oglan uşaklary baýaky, ululary hem ene dilinde arassa gepläp bilenoklar. Ine, şonuň üçin kädaýym il içinde «Neçün Türkmenistanyň talanmagyna, halk-hukugynyň kemsidilmegine çürt-kesik «besdir» diýmek bolanok?» diýen ýaly soraglary berenlerinde men: «Sebäbi bu diýilýänleri demir gala kimin gorap oturan garaşsyz döwletimiz ýok» diýip, jogap berýärin. Hawa, bizde garaşsyz Türkmen döwleti ýok. Öň-ä Keýmir kör aýtmyşlaýyn «Hatapgalada, onuňam gu-uk ýanynda kaňkap ýaşadyk». 1924-nji ýyldan bäri döwlet diýip gelenimiz bolsa göze çöp atmak üçin üstünden türkmen dony, telpegi geýdirilen bolşewik režimidi. Gepiň gysgasy, eýýäm ýedi asyrdan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň depesinde gerdişi çoh gadymy pelegiň elhenç jakgyldysynyň asyrlar boýy ösmän, şol bir batgada diýen ýaly göýdügip duranlygyna göhi gelýän, keýp edýän myrryh gülki. Ol jakgyldy itiň art aýagyndan suw içýänligimiziň, döwlet gurnup bilmeýänligimiziň üstünden ýaňlanýan kemsidiji gülki. Hawa, biziň betbagtlygymyz garaşsyz döwletimiziň ýoklygynda we şonuň ýoklugyna düşünmeýänligimizde. Birmahallar bolsa bizde ýöne bir döwletem däl, eýsem berkarar imperiýalar bardy. Eýsem köne taryhyň iň uly, iň ösen döwletleriniň biri bolan Rim bilen bäsleşen, ençeme gezek rim legionlaryny çym-pytrak eden Parfiýa döwleti hakynda eşitmedik barmy? Ondan biziň günlerimize par taýpasy hem-de tapylan eksponatlary Leningrada daşalýan ýalňyz Nusaý harabaçylygy galdy. Gündogary öwreniji görnükli alym B. B. Bartold «Türkmen halkynyň taryhynyň oçerkleri» diýen kitabynda şeýle ýazýar. «Seljuk imperiýasyny döretmek bilen oguz, ýagny, türkmen halky musulman dünýäsindäki orta asyr türki halklarynyň hiç haýsynyň çykyp bilmedik belentligine galdy. Hut, şuňa görä-de, bu halka diýseň uly üns berlipdir. Biz musulman edebiýatynda oguzlaryň bölünen taýpalaryna we tirelerine çenli jikme-jik sanalyp görkezmelere duş gelýäris. Özge türki halklarynyň hiç biri babatda hem şeýle kän maglumatlar ýok». Şol eýýamlarda tutuş Gündogarda ýörgünli bolan şeýle nakyl bar eken. «Jaý gurjak bolsaň, ermenini çagyr, döwlet gurjak bolsaň türkmeni». Baýram han ýaly türkmenlere Hindistan ýaly uly döwletleri edara etmek üçin baş wezirlik ynanylar eken. Dünýäniň uly döwletleriniň biri bolan Eýrany ençeme asyrlaryň dowamynda türkmenleriň akgoýunlylar, garagoýunlylar, abşarlar, gajarlar taýpalaryndan çykan hökmürowan şalar dolandyryp geldiler. Birmahallar goşa kelleli bürgüdiň we goşa kelleli aždarhanyň şekili çekilen haýbatly baýdagymyz bolan eken. Yssyk kölünden Orta ýer, Gyzyl deňizlerine çenli, Kawkaz daglaryndan hindi jeňňelliklerine çenli ýaýylan ümmûlmez ýurduň depesinden pasyrdan baýdagymyz bor eken. Hany indi ol tug? Näme üçin ol pasyrdanok? Näme üçin gözümize sürter ýaly hat-da el ýalyjak bölejiginem tapyp bolanok? Sebäbi mongol-tatarlaryň ýykan ol baýdagyny soňra orta asyr ukusyna batan turan tûrkmenlerinde ýerden galdyran tapylmady. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azadysyndan» soňra Magtymguly şol baýdagy galdyralyň, aşagyna üýşeliň diýe-diýe şygyrlarynda dili gurap gitdi. Emma kakabaş türkmen birleşip, döwlet gurup ýaşandan hatapgalada, onuňam guk ýanynda mesgen tutup ýörmegi hil bir iş hasaplady. Emma köwek türkmen biçimini Russiýa bilen Eýranyň XIX asyryň başyndan başlap biçip ýörenlerinden habarsyzdy. XIX asyrda Hywanyň, Eýranyň, 1879-njy ýylda bolsa ruslaryň goşunyny ýeňmekleri turan türkmenleriniň seljuklar döwründen soň uklap ýatan döwlet, hökümdarlyk, tagt baradaky duýgularyny oýarýar. 1897-njy ýylda türkmen kethudalary, aksakallary Aşgabat geňeşine ýygnanyp, öňki hatapgalanyň ýerinde Türkmen döwletini gurandyklaryny yglan edýärler. Magtymgulynyň «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýen dilegi gowuşýar. Döwletiň ykrar edilmegini sorap Eýrana, Owganystana, Türkiýa hat ýollanylýar. (Bu hatlar barada A. Grodekowyň «Türkmen ilindäki uruş» diýen kitabynda hem ýatlanylýar.) Ýöne VII asyryň aýagy ýer tutmadyk Hatapgalasyndan soňra täze döwlet ymykly düýbäp ýetişmänkä, 1973-nji ýylda Hywa tarapdan Türkmenistana aralaşan Aleksandr II 1881-nji ýyldan soňra Hazar ýandanam gelip Türkmenistany durşy diýen ýaly basyp alýar. Netijede, ençeme ýyllap erkin dem alyp gelýän türkmen topragy ham paýlaşylan ýaly üç döwletiň arasynda paýlaşylýar. Zakaspi, Maňgyşlak Russiýa gös-göni geçen bolsa, Daşhowuz, Çärjew etraplary Hywa, Buhara wassallarynyň üsti bilen Orsýetiň eýeçiligine geçýär. Ýurdyň günorta bölegi Owganystanyň, Türkmensähra bolsa Eýranyň paýyna düşýär. ILKINJI MILLI KOMITET XX asyryň dowamynda türkmenleriň ýene-de birleşip, döwlet gurup bilmekleri üçin beýik taryhy mümkinçlikleriniň 2-si döredi. Bularyň birinjisi 1917-nji ýylyň fewral rewolýusiýasyndan, ikinjisi bolsa 1985-nji ýylyň üýtgedilip gurmagyndan soň ýüze çykdy. «Dünýäler düýşdür keýtige» diýleni, birinji mümkinçiligi Zakaspi, Maňgyşlak türkmenleriniň aglabasy goýun yzynda uklap geçirdi. Herhal, uka basmarlaman ýörenlerimiz-de bardy. Dürli etraplardan bolan bu ýaş türkmen intelligensiýasy Aşgabada ýygnanyşyp türkmen milli komitetini döretdi, onuň gurultaýyny çagyrdy. Tuzemlileriň oýanyp, öz ene topraklarynyň ykballaryna özleri eýe bolup, häkimiýeti ele aljak, döwlet gurjak bolmaklary «Nikolaý ýykylan bolsa ýerine başga bir ors döwletini gurarys» diýip, Aşgabatda öz gurultaýlaryny arkaýyn geçirip ýören rus buržazlarynyň zährelerini ýarýar. G. Ýomudskiniň berýän maglumatlaryna («Türkmenowedeniýe», 1928, No 6) görä, olar ilki türkmenleriň gurultaýlarynyň ûstüne ýaragly çozmakçy bolýarlar. Megerem, öň Gökdepede, Hywada, 1916-njy ýylda Tejende, Etrek boýlarynda gözzleriniň ody alnan tuzemliler gorkup gaçarlar, dargarlar öýdüp pikir edendirler. Ýöne, soňra wraç Dorreniň ýolbaşçylygynda keçetelpek türkmeniň garşysyna «agzyny alartda höküm sür» diýen hiläni gurmagy makul bilýärler. Ine, onsoň, «Häkimiÿet başyna öz adamlaryny goýjak bolýarlar» diýip, tekäni ýomuda, gökleňe, ýomudy tekä, ata, salyra,,, ýamanlaýarlar. Türkmenleriň arasyna edil ýylan giren ýaly bolýar. Ýene az wagt gaýrat etseler ýedi asyrdan soň beýik işi 一 Türkmen döwletini gurup bilmekleri, öz ýurtlaryna özleri eýe bolup höküm sürmekleri, ýurt sorap oturmaklary ahmal türkmenler milli komitetden möý pytran ýaly dagaýarlar. Agzybir bolşup, ýene biraz depelrenseler han bolmaly, ministr bolmaly kişiler indi bir-biriniň aýagyndan ýazylan arzalary bilen melgun Dorreniň kabinetiniň öňûnde itinişip nobata durýarlar. Olaryň döwlet gurjak boluşlary, ine, şeýle gûlkünç tamamlanýar. (Dowamy bar) Çeşme: Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |