19:53 Soýuz hem garaşsyzlyk -5: dowamy | |
KONFEDERASIÝA
Publisistika
Soýuza girmelimi, girmeli däl? Referendum golaýladygyça bir zat barha aýan bolýar. Garaşsyz döwlet bolsak biz totalitar soýuzdaky durmuşymyzdan ençeme esse gowy ýaşajak. Munuň şeýledigine dünýä bazarynyň gözi bilen Türkmenistanyň sosial-ykdysady mümkinçilikleri boýunça yönekeýje hasap geçireniňde-de, şu asyrda garaşsyzlyk alan ýurtlaryň biriniň hem öňki durmuşyndan erbet ýaşamaýanlygy-da, Singapur, Kuweýt, Günorta Koreýa ýaly öňki yza galak ýurtlaryň bolsa ýaşaýyş derejeleri boýunça dünýäde iň öňdäki orunlara çykanlygyda görkezýär. Eýsem täzelenen soýuzda köne soýuzdaky bilen deňeşdireniňde näçe esse gowy ýaşaýarkak? Ine, bular welin, belli däl. Şonuň üçin hem köne hem täzelenjek soýuz barada iki agyz aýdasyň gelýär. Lenin «aýratyn alnan ýurtda sosializmiň ýeňmeginiň mümkindigini» açypdy. Kommunustleriň Serdary bilen eňekleşmek meýlim ýok, ýöne şu jümläniň ortasynda «hem-de aýratyn tebigy baýlyklary we aragy bar bolan ýurtda» diýen jümläni goşan bolsa, megerem jüpüne düşerdi. Çünki biz 70 ýylyň içinde ýakasynda M. Gorbaçýowyň hem Belorussiýada aýdyşy ýaly, esasan, tebigy baýlyklaryň we arak satmagyň hasabyna ýaşadyk. 70 ýylyň içinde hem birmahalky nebit nagmaly Azerbeýjany şirin nagmasyndan kesdik diýen ýaly, ümmülmez Sibiriň ummasyz baýlygyny taňkyratmaň bäri ýanyna getirdik, oňa görä çaklaň Türkmenistanyňam ýerastynyň deň ýarysyny boşatdyk. Rast, köne soýuz ýeri emip ýaşan bolsa, täzelenen soýuz emip ýaşajakga? «Zähmeti intensifikasiýalaşdyrmagyň, bazar ykdysadyýetine geçmegiň hasabyna» diýýäňizmi? Ol diýilýänini etmek dilde aňsat birem Iwan duraçok hakdaky ertekilerde. Dilde aýdylýanlar bolaýýan bolsa biz bu wagta Hruşewiň wada beren kommunizminde sykylyk atyp ýörmelidik. 85-den soňky wadalaram biten bolsa, bu wagta çenli jaýsyzlarymyzyň deň ýarsy jaýly bolmalydy. Diýmek, öňe real göz bilen garasak, bäri-bärde aňsat intensifikasiýaň hem geregi hem bolmaz, öňümi leýs edip duran bazar ykdysadyýetiňem. Diýmek, ýene-de tebigy baýlyklaryň hasabyna ýaşamaly bolýarys. Şeýlelikde, Sibiriň baýlygy gutaraňkyrlan bolsa, ojagaz galanam uzakda, almasy kyn ýerde ýerleşýän bolsa, dişinde et galan soýuz esasy ünsi golaý ýerde diýip Türkmenistana bermezmi? Diýmek, häzir 88 mlrd. m3 möçberde çykarylýan gazyň derejesi «internasional borç» diýip 150 mlrd, kub metre eltilmezmi? Göz dikip oturan ýekeje esasy dikrarymyzy ýene 5一10 ýyldan taňkyratmazlarmy? Onsoň biz kime gerek borus. Hiç kime? Ynha, muňa üýtgedip gurmak döwrüniň elinje fakty. SSSR-i ykdysady we sosial taýdan ösdürmegiň 1986一90-njy ýyllar we 2000-nji ýyla çenli döwür üçin esasy ugurlarynda «Orta Aziýada nebit we gaz boýunça geolog razwedka işleriniň alnyp barlyşyny çaltlandyrmaly» diýlen wezipe goýulýar. Üstesine-de ol gazyň 1000 kub metrini hümmetsiz 34 manatdan äkitseler nädip bor? 34 manada häzir bazarda bir dollar berenoklar. Gazyň 1000 kub metriniň öňki bahasy 6 manada bolsa 70-nji ýyllarda, 80-nji ýyllaryň başynda bir dollar berýärdiler. Diýmek, gazyň bahasy bizi aldaýyşlary ýaly ýokarlandyrmandyr-da, eýsem aşaklapdyr. Pagtanyň bahasyny 1 manatdan 3 manada çenli, ýagny 3 esse galdyrdylar diýip heşelle kakýarys. Emma islendik tikin fabrigine baragada olara ozal metri 2 manatdan 60 köpükden gelýän manatyň indi 9 manat 60 köpükden, ýagny 4 essä golaý gymmat bahadan gelýändigini biljek bolamzok. Täze soýuzda beýle it biçen söwdalaryň bolmajagyna kim kepil geçip biler. Hiç kim. Baryp 60-njy ýyllarda S. Hruşew Türkmenistana gelende: «Jojugam mekejini kyrk günläp emýär. Siz türkmenler bolsa Soýuzy kyrk ýyldan köp wagtlap emip gelýärsiňiz» diýipdi hem-de yssylyk koeffisiýentini aýrypdy. 1988-nji ýylda Türkmenistana gelen Birýukowada şu äheňde gürläpdi. Häzir soýuzda bize «3 mlrd. manatlyk öňümi alýaňyz, 2,5 mlrd. manatlyk berýärler. Meniň häzirki dünýä bahalary esasynda eden ýönekeýräk takmyny hasabyna görä bolsa, biz her ýylda 2 mlrd. dollar töweregi haryt alýarys, 10 mlrd. dollardan gowrak harydy bolsa berýäris. Şu 10 mlrd. dollaryň 9 mlrd. dollaryny bary-ýogy 30一40 müň gazçynyň, nebitçiniň çykarýan önüminiň hasabyna berýäris. Diýmek, tebigy baýlyklary ýok respublikalar öz çykarýan aýakgaplary, maýkalary... bilen nädenlerinde-de şu 9 mlrd. dollaryň yzyndan ýetip bilmezler. Has takygy, olar 2一3 mlrd. dollardan kän öňümi soýuza berýän däl bolmaly. Bu ýerden şeýle netije çykýar. Bary-ýogy 3,6 million ilaty bolan Türkmenistanyň soýuz gapjygyna ýylda berýän harydy (10 mlrd. dollardan gowrak) Ermenistan, Gruziýa, Moldawiýa, Gyrgyzystan ýaly respublikalaryň bilelikde berýän harytlaryndan köpdür. Ine-de, paradoks. Biz soýuzdan her ýyl 8 mlrd. dollarlyk öňümi az alanymyz beýle-de dursun, hatda 15 respublikanyň islendiginden harydy kem alyp geldik. Meselem 1987-nji ýylyň ýeňil awtomobil paýlaşygynda ilatynyň sany 3455 müň adam bolan Türkmenistan ýeňil maşynlaryň 11,1 müňüsini alypdyr. Ýagny, her 311 adamsyna 1 maşyndan düşüpdir. Emma şol ýyl 3459 müň ilaty bolan Ermenistanyň alan ýeňil maşynlarynyň sany 28,8 müňe barabar, ýagny her 120 adamsyna 1 maşyndan düşüpdir. Gepiň gysgasy, Türkmenistan Ermenistana garanyňda ýeňil maşyny köp almakda Türkmenistandan kän ozdurypdyrlar. Özi hem şu kemsitmeli paýlanyş onýyllyklaryň dowamynda her ýyl gaýtalanyp gelýär. Eýsem, täzelenen soýuzymyzda hakymyzy müňlerçe gidermenleriň arasyndan mysal alnan hatda şujagaz ýaly «haky iýmeler» bolmazmyka? «Bolmaz diýip, hiç kim kesgin aýdyp bilmez. Menem bolmajagyna ynanamok. Iň esasy hem, täzelenen soýuzda häzir gazandyk diýýän özygtyýarlygymyzdan, özbaşdaklygymyzdan hem uzagyndan derek galmaz, ýene köne gün başymyza inermikä öýdýän. Näme üçin? Sebäbi täze soýuz hem ýene köne soýuzyň modelinde一bitewi döwlet statusly soýuz hökmünde guraljak bolunýar. Bir gazanda iki goçuň kellesi gaýnamaz. Eger soýuz ýene döwlet statusly bolsa, onda respublikalaryň aldyk diýýän özbaşdak döwlet statusy diňe kagyz yüzündäki bir zat bolup galar. Demokrat Gorbaçýewiň ýerine demokrat däl ýolbaşçy gelen halatynda ol elindäki goşunyna, howpsuzlyk komitetlerine daýanyp, ojagaz kagyz ýüzündäki statusjygyňy hem islän güni köneki hojalyk we syýasy sistemany dikeldip biler. Ine, şonuň üçin hem «Soýuzda ýaşajak» diýip, beýle böwregimiz büküp duran bolsa, biz döwlet statusy bolan soýuza däl-de, eýsem döwlet statusy bolmadyk konfedeşigine girmeli. Konfederasiýanyň şertlerinde elimizde öz goşunymyz, ýeke - täk kanunymyz bar bolan döwlet bolup otyrkak, hiç kim ne hojalyk, ne syýasy taýdan deňdi deňhukuksyzlyk syýasaty ýörediläýjek bolunsa, biz hiç minnet çekip oturman, konfederasiýadan çykyp bileris. Eger konfederasiýa hem göwünjeň bolnup durulmasa, onda ikirjiňlenmän, Gruziýa, Pribaltika respublikalary ýaly doly garaşsyzlyga batly gadam urup gitmeli. Munuň özi türkmen halkynyň irde-giçde ýerine ýetirmeli missiýasyna 一 garaşsyz Döwlet gurmak missiýasyna hem doly gabat gelýär. Türkmen halky, il-ulusym. Ine, men sesim her näçe kiçijik hem bolsa, şular barada «ümsüm oturmazlygy» müwessa bildim. Belki, «Jahan giňdir, çendan bilende bardyr».! 1991-nji ýylyň fewraly 一 marty. (Soňy) Çeşme: Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. 31 - 34-nji sahypalar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |