19:48 Soýuz hem garaşsyzlyk -4: dowamy | |
MILLI GOŞUN DÖRETMELI
Publisistika
Geliň, indi Tûrkmenistan garaşsyzlyk alypdyr, azatlyk baýdagyny parladyp dikipdir diýeliň. Eýsem, şonda, arkamyzda soýuzyň tanklary, ýadro ýaraglary direnip durmaýan halatynda bizi şol bada düýt-müýt edip, basyp almazlarmy? Häzirki wagtda Türkmenistanyň haýsy ýola eýerjegi, nä tipli döwlet gurjagy barada diňe Eýranyň, Türkiýanyň däl, eýsem goňşy arap döwletleriniň, gündogarda Pakistanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň hat-da ýeriň arka ýüzündäki ABŞ-nyň hem öz bähbitleri nukdaýnazarlaryndan gyzyklanýandygy gizlin zat däl. Ýöne XX asyrda şolaryň «basyp alarys» diýen jeňparaz, morta hyýala atlanjakdyklaryna men-ä ynanamok. Aslynda «basyp alarlar» diýen zörletme Sistemanyň çykaran ideologik nysagy ahyry. Bolşewik metropoliýasy 70 ýyllap elimize «panislamizm, panturkizm» diýen daşlary tutduryp, tutuş goňşy günortany daşladyp, kesekledip geldi. Sebäbi ol bizi çykan, dörän ýerimiz bolan gündogar medeniýetinden çetleşdirmek, olar bilen badaşan kökleri çapyp aýrmak, soňundan bolsa türkmenleri hem umumy bolmaly sowet milletine garyp ýitirmek üçin «Barbarossa» planyny amala aşyrjak bolup gelýärdi. Goňşy döwletler basyp alyp bilýän bolsalar, bizi geçen asyrlarda alardylar, bizi bolsa soňky eýýamda Patyşa Russiýasyndan başga basyp alan bolmady. Eýsem, kim basyp alar? Eýranmy? Niýetini şoňa düwen bolsa «Apbasaly» sekiz ýyllyk uruşdan soň häzir gününe it aglaýan Yragy basyp alardy. Emma ol «Kyýamat güni goňşudan» 一 diýenlerini etdi. Indi kim bar, basyp aljak? «Panturkizm» äýnegini dakynyp seredýän Türkiýämizmi? Aslynda, häzirki türk halky diýilýän millet XII asyrda şu ýerden 一 höwürtgeden giden, Kiçi Aziýany 一 Rumustany basyp alan türkmenleriň zürýatlary ahyry. Olar şol subtropik-jennet howaly mekanlarda 1918-nji ýyla çenli VI asyrlap dünýä ýaň salyp gelen Osman imperiýasyny berkarar etdiler. «Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýen sözüň dogrudygyny ýene bir gezek dünýä görkezdiler. Emma, geň ýeri, ata watanda galan türkmenler bolsa özleri üçin döwleti däl-de, hatapgalany gurmagy rowa gördiler hem-de ahyry başlaryna kolonializmyň külpetini inderdiler. Ýok, gardaşlar, bize ata-babalary hökmünde seredýän Türkiýeliler üstümize çozmazlar. Olar Türkmensähra döwletine edişleri ýaly, bize delalat berseler bererler, başymyza bir iş düşse, arka durmaga gelerler, saçakly gelerler, emma Patyşa Russiýasynyňky ýaly ýygyn baglap, ýow bolup gelmezler. Her hal, «Hudaýa ynansaňam ynan welin, eşejigiňi berkje duşa diýipdirler. Biziňem türkmen döwletini, halkynyň asudalygyny gorar ýaly öz milli goşunymyz, Ýaragly güýçlerimiz bolar ahyryn. Özi hem hele-hüle-de däl, onuň iň kämil goşunlardan boljakdygyna men çuňňur ynanýaryn. Näme diýeniňde, türkmen diýeniň zandy harby halk bolan. Dünýäde her halk bir ugurdan adygýar. Hindi aýdym-sazda, arap dindarlykda, nemes akylda, özbek janypkeşlikde... tanalýar. Türkmenler bolsa geçen asyrda Orta Aziýa gelen ýewropaly alym Wamberiniň ýazmagyna görä, «içiňden geçip barýar bürgüt garaýyşlary, merdemsi, döwüşgen syratlary bilen tanalýar». Alym pikirini çugdamlap, şeýle ýazýar: «Men gyrgyzlaryň, garagalpaklaryň we özbekleriň arasynda rüstem syratly ençeme ýaş ýigitlere duşdum. Emma welin tebigy berlen rüstemligi, tebigy batyrlygy diňe türkmenlerde gördüm. Türkmenler Orta Aziýanyň iň bir desti belent, iň bir aznawur halkydyr. Olardan gaýraky Hywa, Buhara, Kokant şäherlerinde lepbeýlik we näziklik patyşalygy başlanýar». Wamberiniń gelen netijesini patyşa Russiýasynyň Türkmenistany Kaspiden (Hazar) Gökdepä çenli basyp almak üçin takmynan 30 mln manat, Orta Aziýanyň tutuş galan bölegini eýelemek üçin bolsa bary-ýogy 10 mln. manat harçlandygy hem tassyklaýar. Birinji jahan urşunda Nikolaý ikinji türkmenlere telpek salgydyny salýar. Sebäp diýeniňde, gaba telpeklini görende iň bir söweşjeň halklardan bolan nemesler hem möjek gören goýna döner ekenler. Köne döwürlerde, Orta Asyrlarda bolsa türkmen goşunlarynyň jyza parladyp eden ýörüşleriniň öňünde Aziýanyň ägirt uly bölegi dyza çökýär. Soltan Alp-Arslanyň aýtmagyna görä «ol belent depä çykyp garanda ymgyr giden agyr goşundan ýaňa aýagynyň astynda ýer elenip durýan eken». Hawa, beýik haçly ýörişler öz öňlerinde demir gala bolup duran şeýle türkmen goşunlary duransoň, şöhratsyz tamamlanypdy. Tutuş musulman dünýäsi minneti türkmen goşunlaryndan çekip, haçly ýörişleriň etjek weýrançylyklaryndan halas bolýar. Hany indi Orta Asyrlarda tutuş Ýewropany elendiren ol türkmen goşunlary? Asyrlar olardan derek goýmady. Şu asyryň 30-njy ýyllarynda göz üçin döredilen formal goşuny bolsa wagty gelende ýok etdiler. Gadymy Hywa döwleti türkmenleriň bilelikde guran döwletidi. Şol döwletde özbekler esasan ýurduň hojalygy bilen meşgullansalar, türkmenler söweşjeň halk hökmünde döwletiň goşunyny düzüp, ýurdy goraýardylar. Buhara emirliginde hem türkmenlere düşýän paý döwleti goramak borjudy. Indi nähili? Esgerlige diýip alnanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly gurluşyk batalonlaryna düşüp mugtyna jaý salyp berýärler. Iki ýyl gulluk edip, awtomaty eline almadyklary hem az däl. Seljuklar döwrüniň, Jelaletdin zamanynyň ýaraglaryny aýtmanymyzda-da hat-da uky döwri diýilýän geçen asyrda-da Japarguly handan olja alnan ýeke topumyz bar eken. Indi ol-a baýaky, hatda dürli bahanalar bilen ýygnalyp gelmelerden soň aw tüpeňlerem ýek-tük türkmende galdy. Eger sowuk ýarag hökmünde atlandyrmaly bolýan bolsa, onuň öýünde aýalynyň unaş kesýän gezligi galdy. 1921一33-nji ýyllardaky azat ediş hereketlerinden soň türkmeniň öwürlip ata çykmagyndan heder edilip, onuň dünýä belli garçgaý atlarynyň kastyna çykyldy, teblehanalar ýumruldy. Kempir gyraty ogurlansoň, Agaýunusyň «Görogly, atyň bolmasa sen kimsiň?» diýenini ýada salalyň. Atyndan, düýrme gylyjyndan aýrylyp türkmen hem hiç kim bolup galdy. Bir mahallar jyza parladyp baran türkmen begleriniň we begzadalarynyň nazarlaryny roýlarynda egläp bilseler, pars zybanlary, arap näzeninleri, ala gözli bulgur arwatlary özlerini bagtly saýar eken, olara meý süzüp berseler armanlary ýok eken. Şol är nepesi bilen dörän demir donly, bedew atly türkmenler indi boýunlaryndan bedibagt partuklary asan, pagta meýdanlarynda omadaklaşyp, haltyldaşyp ýören mysapyrlara öwrüldiler. Nämemiş, Ýewropa aýallarynyň zerurlyklary üçin pamyklyk pagta öndürmelimiş. Plan dolmalymyş. Her hal, lapykeç pagta bolmalyň. Biz gaty hudaý gargan halk däldiris一ozal şöhratly goşunlarymyz bolupdyr dälmi, ner döllerinden ýene-de ner dörär. Türkmen aýallary ozaly bilen dünýä belli halylary dokap bilýänligi bilen däl-de, eýsem meşhur serkerdeleri, garadan gaýtmaz batyrlary dogrup berýändigi bilen tanalýardy. Olar ýene bize generallary, marşallary dogrup berer. Biziň ýene uly gorag goşunlarymyz bolar. Goşunyň döredilmeginiň zerurdygy baradaky netije prezidentlik baradaky kanundan hem gelip çykýar. Onda Prezidentiň şol bir wagtyň özünde ýokary baş komanduýuşidigi hem nygtalýar. Diýmek, respublikada prezident baş komaduýuşilik hem etmeli. «Biziň territoriýamyz gaty uly, özbaşdak bolsak onuň serhetlerini gormaga-da adam ýetmez» diýip ýörenleri bilýän. Jogap berýän. Eýsem Türkmenistanyňka garanyňda meýdany 3 esseden gowrak uly, emma ilaty 2 esse az Mongoliýa (1566,5 müň km2, 1940 müň adam) serhetlerini gorap bilýärkä, biz gorap bilmerismi? Mongoliýanyň takmynan 15 müň km. uzynlykdaky serhedi bar bolsa, biziň uzynlygy 4,5 müň. km. çemesi serhedimiz bar. Diýmek, serhediň her kilometrine 4一5 adamdan gerek diýenimizde-de, (geljekde uly serhet goragynyň zerur bolmazlygy hem mümkin) bize takmynan 20一25 müň serhetçi gerek. Şunça güýji tapyp bilerismi? Elbetde, artygy bilen. Häzir bizde ýylda 60 müň çemesi oglan dünýä inýär. Diýmek, ýaşlary ýetip, olara bir ýyllyk gulluga alnanda takmynan 55 müň adamlyk goşunymyz bolar. Gulluk möhleti häzirki sistemadaky ýaly 2 ýyllyk edilse, goşunda takmynan 110 müň adam jemlener. Şunça goşunyň harajatyny çekmäge ykdysadyýetimiziň gurby çatarmy? Gürrüňsiz. Goşun üçin häzir ABŞ-da milli girdejiniň 6 prosenti SSSR-de bolsa dünýäde ýokary görkeziji bolan 25 prosent milli girdeji sarp edilýär. Biz hatda goşuna milli gordejiniň 25 däl, 30 prosentini berenimizde-de, galan 70 prosentiň hasabyna häzirkimizden ençeme esse gowy ýaşaýrys. Iki agyz söz döwletiň formasy hakynda. Aslynda döwlet nämeden gelip çykypdyr? Marksizm bize döwlet ekspluatotor synpyň ekspluatirleýän synpyň üstünden agalyk etmegi üçin döredilen gural diýip düşündirýär. Kommunistleriň pikirine görä entek synplar barka, döwletem bolar. Synplaryň ýok bolup gitmegi bilen döwlet hem ýok bolup gider. Ýöne, Sokrat, Gobbs, Spinoza, Lokk, Russo ýaly döwlet, döwlet gurluşy boýunça akyldarlaryň taglymatyna görä, döwlet ilkibaşda tebigy ýagdaýda ýaşaýan, adamlaryň öz howpsuzlygyny, hususy eýeçiligini, şahsy hukuklaryny goramak üçin özara gelen ylalaşyklaryndan emele gelýär. Eger biz geljekgi garaşsyz döwletiň hukuk döwleti bolmagyny isleýän bolsak, häzirki zaman siwilizasiýasyna il bolup gatyşmakçy bolsak, onda döwletiň adamlaryň baglaşýan şertnamasy esasynda gelip çykýandygyny düşündirýän taglymata eýermelidiris. Eýermesek, «hukuk döwleti», «halkara abraý» diýip näçe gygyrsak-da gury bogaz ýyrtanymyz galar. Diňe şundan soň döwletiň demokratiýa (häkimiýetiň halkyň elinde bolmagy), oligarhiýa (häkimýetiň adamlaryň belli bir toparynda jemlenmegi), monarhiýa (häkimýetiň bir adamda jemlenmegi), konstitusiýon monarhiýa (monarhyň hukuklarynyň parlament tarapyndan çäklendirmegi) we ş.m. formalarynyň içinden özümize ýaramlysyny saýlap bileris. Türkmen halky demokratik halk. Demokratiklik onuň ýaşaýyş obrazlarynda çuňňur kök urup ýatyr. Şonuň üçin demokratik gurluş biziň tebigatymyza laýyk geljek. Ýöne maşynyň nurbatsyz bolmaýşy ýaly şol demokratiýanyň hem nurbatlysy gerek. Gep türkmeniň ýüregini göterjek şol nurbatlaryň gereginden artyk gataldylmazlygyndan we gowşadylmazlygynda. Ine, şulardan soň jemgyýetiň magaryf, medeniýet, howpsuzlygy goraýyş... ýaly sferalarynda işi, hatda öz türkmen pulumyzy zikgeläp çykarmak ýaly işi hem ýola goýmak gaty kyn bolmasa gerek. Çünki, garaşsyz döwlet gurmak üçin häzir türkmende uly mümkinçilikler bar. Diňe bir zat az, «Döwlet guşy başyma gonsun» diýen ýeterlik beýik milleti niýeti we şol niýete gol ýapýan beýik milli yhlasy az. Şoňa görä-de türkmene «Ukyda ýatan halk» diýen kemsidiji at berlip gelinýär. (Dowamy bar) Çeşme: Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. 28 - 31-nji sahypalar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |