19:10 Soýuz hem garaşsyzlyk | |
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK
Publisistika
Täçgeldi Gutlyýewiň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly publisitik işi 1991-nji ýylyň 16-njy martynda «Ýaş komunist» gazetinde çap edilipdi. Şondan ýedi aý soňra Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny alyp bilmegi bilen okyjylaryň bu esere islegi has-da artdy. «Soýuz hem garaşsyzlyk» Eýranda «Garaşsyz Türkmenistan» diýen at bilen broşýura edilip çykaryldy. Häzir türk we nemes dillerinde neşire taýýarlanylýar. Eliňizdäki kitap gazetda öň düýpli gysgaldylyp çap edilen bu syýasy publisistik işiň indi Türkmenistanda neşir edilen doly we üstünden işlenilen görnüşidir. IKINJI GEZEK BÖKMELIMI Ýene soýuza girip ýaşamalymy ýa-da ondan el göterip, garaşsyz döwlet bolup ýaşamaly? XX asyrda şu mesele türkmeniň öňünde iki öwra keserdi. Birinjisi 1924-nji ýylda, ikinjisem häzirki 1991-de. Birinji saparda ýüzümizi Moskwa tutup, soýuza «Urra» bilen girdik. Ol döwürler ata-babalarymyzyň ençemesi «Bary ýogy 50一60 ýylyň içinde kapitalizmiň üstünden bökdürip, feodalizmden sosializme, ondanam kommizme düşürderis» diýen hoş wada berilse, şeýlemikän öýdüp, Allataga ynanmalaryny goýaga-da, ur-tut garageýim bolşewiklere sygynypdylar, ykbal jylawlaryny olaryň ellerine tutdyrypdyrlar. «Jan palçawik (bolşewik bolmaly), özüň bilýäň». Ine, onsaň, « adamyň bökegen maýmyndan emele gelendiginden» ruhlanaga-da: «Ýa kompartiýa» diýip bökdük. Arman... Ýa arkamyzda jylawly çekýän ýükümiz agyr boldy, ýa biz maýmynça ýok, ýa-da «bökmek» diýen genial taglymatyň ugry ýok, garaz, 68 ýyllyk bökûşden soň patylap düşen ýerimiz Leniniň per ýassykly, ýüpek düşekli kommunizmä bolmady. Üstümizi kakyşdyryp, ýerimizden tursak, daş-töweregimiz durşyna çaga mazarlary, kaloş, çyra çüýşe nobatlary, pagta zäheristanlygy, aşagy boşap titreýän ýerler bolup dur. Bir bol zadymyz aýdym-saz eken. Ýaňky çaga mazarlarynyň üstüne çykylyp, gije-gündiz lalalaýlanýar. «Gül ýalakla, gül ýalak». Indem, maýmyn ýylynyň öň ýanyndaky goýun ýylynda sada halka ikilenç bökmeli diýilýär. Şygaram, mowzugam şol öňki diýen ýaly. Bir tapawutlyja ýeri 17-nji martdaky referendumda ses berilmeli «Siz dürli milletden bolan adamlaryň hukuklary we azatlygy doly derejede kepillendirilen deň özygtyýarly respublikalaryň täzelenen federasiýasy hökmûnde Sowet sosialistikalaryň täzelenen federasiýasy hökmünde Sowet sosialistik respublikalary Soýuzyň saklanyp galmagyny zerur hasap edýärsiňizmi?» diýen sowala öňki sosializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda öňki soaializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda öňki soaializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda demokratiýa, deň hukuklylyk diýen wadalar ýazylypdyr. Şu wadalara ynansaň «Soýuz» diýip, bökmeli, ýogsamam... Ýöne bu sapar «Urradan» üýtgeşik seslerem çykyp başlady... Ruslar bilen ýaponlar deňeşdirilende «Bir iş gaýryljak bolnanda şol işi ýaponlar-a öňünden, ruslaram soňundan oýlanyp edýärler» diýilýär. Dogrudanam, 70 ýylyň hupbatlaryndan soň ruslar indi kelle döwýärler. Ynha, olaryň liderlerinden Ýelsin refendumyň öň ýany merkezi telewideniýede çykyş edip: «Respublikalara doly suwerenitet bermek taryhy zerurlyk» diýip ýanjaýar. Beýik ýazyjylary Solźenisyn bolsa «Как нам обустроить Россию» diýen makalasynda («Komsomolskaýa prawda», 1990, 19.09) şeýle ýazýar. «Bize gaýra goýmazdan çürt kesik aýtmak gerek : pribaltika respublikalarynyň üçüsem, zakawkazýe respublikalarynyň üçüsem, Orta Aziýa Respublikalarynyň dördüsem, Ruminiýany küýseýän bolsalar Moldawiýa hem gep-gürrüňsiz hökman aýrylmalydyrlar. Ine, şu on ikisi aýrylandan soň Rus ýa-da Rossiýa diýip, nämä aýdylýan bolsa, şol hem galar. Eger olardan käsi «aýrylsakmykan?» diýip ýaýdansa näme? Onda şol çürt kesiklik bilen olardan aýrylýandygymyzy biz yglan etmelidiris». Şu yglana garaşman Gürjüstan, Moldowo, Latwiýa, Litwa, Estoniýa ýaly respublikalar soýuzdan çykyp ýörler. Ýaponlar öňünden, ruslar soňundan oýlanýan bolsalar, biz tûrkmenler haçan oýlanarkak? Radiony, telewizory diňleseň, gazetlary okasaň biz ikinji böküşlige hem «Urra» bilen yňdarylyp barýarys. Emma, ýaňy görşümiz ýaly, beýleki respublikalarda meseläniň 1991-de durşy bilen 20-nji ýyllardaky durşynyň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Ol wagtlar garamaýak halk «kommunizm, kommunizm» diýilse, geljekde oňa ýetiljegine hudaýa ynanan ýaly ynanýardylar. Emma tutuş ýetmiş ýyllap garaşansoňlar, ahyram «Hydyr diýenleriniň hyrs çykandygyna» pugta göz ýetirensoňlar, olar «kör hasasyny ikilenç aldyrtmaz» diýýärler. Şonuň üçinem, biz türkmenler 98 göterim (prosent) ses berenimizde hem düwüniň çözülmezligi ahmal. Şoňa görä-de, meniň halka, il-güne şeýle sowallar bilen ýüzlenesim gelýär. «Eger birden soýuz saklanmasa näme? Şonda biz näme etmeli? Türkmen baýdagynyň astynda öz garaşsyz döwletimizi gurmagyň hajatyna çykmalymy? Eger soýuz dagaman galaýsa oňa «özbaşdak ýaşap biljek däl» diýip girmelimi ýa-da islesek garaşsyz döwleti berkarar hem edip biljekligimiz, onda-da has baý, has gurply ýaşap biljekligimiz hakynda beýannamamyzy aýtmak bilen belent mertebeli mert girmeli? «Näme bolsa şol bolsun edip, geçen ýüz ýylda, has hem soňky ýetmiş ýylda köp iýip köse gägiren baýlyklarymyza göz ýumup girmelimi ýa-da olaryň hasap hesibini dürs bişirip, öwezini talap edip alyp, onsoň girmeli? Referenduma halkymyzyň müňlerçe ýyllyk gojaman taryhyna, şol taryhdaky üstünliklerine we astyndakylaryna ser salyp barmalymy ýa-da: «Türkmen halky 17-de doguldy» diýen aýdym aýdyp barmaly? Akyldarlaryň biri «Otaga girmezden burun (öňürti) nähili çykjagyň hakda oýlan» diýipdir. Ine, şertnama esasynda Soýuza girdik diýeliň. Eýsem, ondan çykmagyň düzgünleri berk işlenip düzüldimikä? Ýewropada ýerleşse-de, 300 ýyllyk mongol-tatar «saýasynda» aziýalaşan Russiýada jemgyýet esasan kanun däl-de, şahsyýet arkaly dolandyrylýar. Eýsem ertir täze stalin, hruşýew döräge-de, döwlet agdarylyşygyny guraga-da şertnamaňy, kanunyňy karamlap ýatyraýsa näme, ýene öňki güni dikeldaýse näme? Ine şu graždanlyk sowallar referendum jygba-jyglaşdygyça Gutbannazaryň dilinde aýtsak «Gijeler ýassygma çüý bolup çümýär». Men ahyry sesimiň her näçe kiçijikligine garamazdan, «ümsüm oturmazlygy» müwessa bildim. Belki, Magtymgulynyň aýdyşy ýaly «Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr». KOLONIALIZMYŇ TERJIMEHALYNDAN Megerem okuw kitaplarymyzyň birindäki suratda eline, aýagyna, boýnuna urlan gandaly gyryp duran daýaw afrikan negri köpümiziň ýadymyzdadyr. Biz şu çaka çenli kolonializmden azatlyga çykan hebeşilere guwdurap geldik, emma şol wagtyň özünde özümiziň bu gandala berk baglanandygymyzy welin bilmeýärdik. Häzir 20一30 ýyl bäri azat howadan dem alýan hebeşiler biziň gandaldan boşap barşymyza guwanyp seredýärler. Biz häzirem «Watan» diýdirilýän ýere «ak altyn», «gara altyn» ugratmagyň ugrunda elip kaddy dal edip ýörşümize, işden soňam garbanalgaň yzynda gowadaklap ýörşümize bir zady 一köne soýuzyň mysalynda dünýä kolonial sistemasynyň iki sany iň soňky sütüniniň biriniň gün-günden barha ýykylyp barýanyny aňşyramyzok Köp babatda formal hem bolsalar respublikalaryň özbaşdaklyk hakda kabul eden Jarnamalary ol sütüne urlan agyr zarba boldy. Köne merkezden, ýagny metropoliýadan daşlaşmak akymy gün-günden güýçlenýär. Metropoliýanyň arabasy barha jygyldaýar. «Soýuz täze tipli döwletdi ahyry, ol nähili kolonializmyň galyndysy bolýar?» diýýäňizmi? Muňa jogap bermek üçin söhbeti kolonializmyň döreýiş taryhyndan başlalyň. Mälim bolşy ýaly, gadymy Rim bilen bäsleşen Parfiýany esaslandyran, araplardan soňra bolsa Gündogarda iň uly döwlet gurup, Kaşgardan Ortaýer deňzine, Kawkaz daglaryndan Ýemene çenli ägirt uly ýurtda (Häzirki Türkmenistanyňkydan 14-15 esse uly meýdan) hökümini ýöreden türkmenlerdi. Türkmen taryhynyň altyna çaýylan ol asyrlarynda Ýewropa V asyrda ýykylan Rim imperiýasy soňra ýatyşy ýaly Orta Asyr garaňkylygynda uklap ýatyrdy. Dogry, türkmenler musulman baýdagy astynda Iýerusalimi basyp alyp, Ispaniýa çenli aralaşanlaryndan soň hristiýanlar şol beýik haçly ýörüşleriň 8 sini guradylar. Ýöne ol ýörüşler netijesiz gutaransoň, ýene ukularyna çümdüler. Olar şondan bäri hem uklaşyp gelýärler. Ýewropa bolsa birden XV asyryň aýagynda oýanyp ugrady. Siz «Beýik geografik açyşlar döwri» diýip eşidensiňiz. 1492-nji ýylda Kolumbyň Amerikany açmagy, 1498-nji ýylda Wasko de Gamonyň Afrikanyň daşyndan aýmanyp Hindistana barýan ýoly tapmagy, 1919一21-nji ýyllarda Magellanyň Ýer şarynyň togalakdygyny subut etmegi aslynda geografik däl-de, kolonial açyşlardy. Çünki kolonial basyp alyşlar şol döwürden başlanýar. 1493-nji ýylda häzirki kiçijik Portugaliýa bilen Ispaniýa Ýer şaryny alma bölen ýaly iki bölege bölüp, hersi özüni bir bölegiň eýesi atlandyrýar. Eýýäm 1505-nji ýylda bolsa özüne degişli «mülkdäki»ýurtlary basyp almak üçin Portugaliýadan dişine çebli ýaraglanan harby gåmileriň 20-si ýörüşe çykýar. Portugaliýadan soň Ispaniýa, Niderlandiýa, XVII asyrda Angliýa, XVIII asyrda Fransiýa niredesiň Demirgazyk we Günorta Amerika, Afrika, Aziýa, Awstraliýa, Okeaniýa adalary diýip, ýörüş üstüne ýörüş gurnaýar. XVIII asyrda «dünýä äpişge açmaly» diýip, Russiýa hem basyp alyşlara giňden başlaýar. Kolonizatorlar baran ýerlerinde ilki köplenç ýerli ilat bilen söwda edýärler. Soňra söwda kontrollaryny gurýarlar. Yzyndanam, şol kontrollary goramak bahanasy bilen harby berkitmeleri salýarlar. Şondan soňra berkitmelere goşun, ýarag getirip, şol ýurdy basyp alýardylar. Türkmenistany basyp alanda Russiýa hem şu usuly ulanypdy. Ilki Kaspiniň (Hazaryň) türkmen kenarlarynda一Şagadamda, Çekişlerde berkitmeler gurupdy, soňam XX asyryň başlaryna çenli dünýä paýlaşylyp tamamlandy. Munuň özi paýlaşykda çolpylaryna süwütli koloniýa ilmedik ýurtlar zerarly ilki Birinji, soňra ikinji Jahan urşunyň tutmagyna getirdi. Koloniýal ýurtlar, protektoratlar, wassallar, diminionlar... dört asyrdan gowrak wagtyň içinde metropoliýalara 一 ýagny, basyp alan ýurtlara ägirt uly girdeýjiler berýärdi. Olar metropoliýalar üçin hem-ä çig mal ýurtlarydy hem-de şol çig mallardan öndürilen harytlary satar ýaly elin bazardy. Ýöne XX asyryň ortalarynda öz wagtynda krepostnoýçylygyň jemgyýetiň ösüşine duşak bolşy ýaly, kolonializm hem päsgel berip başlady. Koloniýal halklar bolsa öz mertebeleri, azatlyklary üçin göreşip ugradylar. Netijede, metropoliýalar koloniýalaryndan el çekip başladylar. Meselem, Angliýa 1947-nji ýylda mejbur bolup, öz koloniýalarynyň aglabasyna garaşsyzlyk berdi. Şu ýerde 1919-njy ýylyň tomsundan 1920-nji ýylyň fewralyna çenli Angliýanyň Zakaspini elinde saklandygy ýadyňa düşýär. Özüň bir halkkaň «pylan halk hojaýyn bolsady» diýmek gaty ýamanam bolsa, geliň, ýedi asyrlyk hatapgaladan soň lagar düşen türkmeniň asyryň başynda koloniýallykdan başgaça ýaşara ýagdaýynyň umuman ýokdugyna real düşünmek bilen, şeýle sowaly orta atalyň. Eger biz şonda Angliýanyň elinde galan bolsak, nähili gün başymyza gelerdi? Megerem mundan 40一45 ýyl ozal gupbaly jaýymyzyň depesinde garaşsyzlyk baýdagymyzy parladyp, bu wagta çebli BMG-niň hataryna girýän özbaşdak garaşsyz döwlet bolup oturardyk. Çünki, ýaňy hem aýdylşy ýaly, Angliýa şu asyryň ortalarynda öňki koloniýalarynyň ählisine diýen ýaly garaşsyzlyk beripdi. Özünden juda uzakda ýerleşýän Türkmenistana ol azatlygy ilkinji nobatda bererdi. Arman... Onsoňam, 300 ýyllyk mongol-tatar agalygynyň astynda bolan ruslara garanyňda ösen halk bolan iňlisleriň medeniýeti bizi has çalt siwilizleşdirerdi. Iňlis diliniň üsti bilen bütin dünýä çykyp bilerdik. Mahlasy, tebigy baýlyklaryň hasabyna bu wagta çenli baý döwletleriň birine öwrülmegimiz ahmaldy. Emma... Öňki gürrüňimize dolanalyň. Hawa XX asyryň ortasynda kolonializm öz möwrütini gutaryp, süregine ýetdirdi. Onuň aý-güni hökman dolaýmalydy, ol batyp hem ugrady. 50-nji, 60-njy ýyllarda ençeme ýurtlar kolonial gandallaryny ýolup taşladylar hem-de öňe rüstem gadamlar urdular. Ýöne aýaga duşak bolýan koloniýalaryndan el çeken Ýaponiýa goltugyndan göterilen ýaly öňe olardan hem çalt müňzäp başlady. Onuň gül lälesiniň nähili açylanyny okyjy gowy bilýändir. «Ýaponiýa» diýlende häzir bütin dünýä agzyny açýar. Rossiýa welin şol agyr aýy ukusynda uklap galdy. Geçen asyrda özüni agsadyp, yzagalak ýurda öwren krepostnoýçylykdan iliň soňundan zordan el çeken imperiýa bu asyram özüne nähili agyr ýük bolýandygyna, ägirt uly çykdajylara eltýändigine garamazdan, kolonializm syýasatyndan aňsat ýüz öwresi gelenok. Ýöne isleseň-islemeseň, muny taryhy zerurlyk talap edýär. Sekuntda 30 km. tizlik bilen öňe barýan Ene ýerimiz talap edýär. Onuň XXI asyra kolonial masgaraçylyk bilen giresi gelenok. Çünki, ýaňy hem aýdylşy ýaly, Angliýa şu asyryň ortalarynda öňki koloniýalarynyň ählisine diýen ýaly garaşsyzlyk beripdi. Özünden juda uzakda ýerleşýän Türkmenistana ol azatlygy ilkinji nobatda bererdi. Arman... Onsoňam, 300 ýyllyk mongol-tatar agalygynyň astynda bolan ruslara garanyňda ösen halk bolan iňlisleriň medeniýeti bizi has çalt siwilizleşdirerdi. Iňlis diliniň üsti bilen bütin dünýä çykyp bilerdik. Mahlasy, tebigy baýlyklaryň hasabyna bu wagta çenli baý döwletleriň birine öwrülmegimiz ahmaldy. Emma... Öňki gürrüňimize dolanalyň. Hawa XX asyryň ortasynda kolonializm öz möwrütini gutaryp, süregine ýetdirdi. Onuň aý-güni hökman dolaýmalydy, ol batyp hem ugrady. 50-nji, 60-njy ýyllarda ençeme ýurtlar kolonial gandallaryny ýolup taşladylar hem-de öňe rüstem gadamlar urdular. Ýöne aýaga duşak bolýan koloniýalaryndan el çeken Ýaponiýa goltugyndan göterilen ýaly öňe olardan hem çalt müňzäp başlady. Onuň gül lälesiniň nähili açylanyny okyjy gowy bilýändir. «Ýaponiýa» diýlende häzir bütin dünýä agzyny açýar. Rossiýa welin şol agyr aýy ukusynda uklap galdy. Geçen asyrda özüni agsadyp, yzagalak ýurda öwren krepostnoýçylykdan iliň soňundan zordan el çeken imperiýa bu asyram özüne nähili agyr ýük bolýandygyna, ägirt uly çykdajylara eltýändigine garamazdan, kolonializm syýasatyndan aňsat ýüz öwresi gelenok. Ýöne isleseň-islemeseň, muny taryhy zerurlyk talap edýär. Sekuntda 30 km. tizlik bilen öňe barýan Ene ýerimiz talap edýär. Onuň XXI asyra kolonial masgaraçylyk bilen giresi gelenok. ARABASY JYGYLDAÝAN SOÝUZ SSSR-iň Sowet taryhçylary tarapyndan toslanan terjimehalyna seretseň, hemme zat gülala-güllük ýaly. Fewral, Oktýabr rewolýusiýalaryndan soň 1918-nji ýylyň ýanwarynda Sowet Russiýasy döredilýär. 1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda bolsa şol wagta çenli özbaşdak döwletler hasap edilýän Sowet Ukrainasy, Sowet Belorussiýasy, özüne Gruziýany, Ermenistany, Azerbeýjany birleşdirýän Zakawkaziýa federasiýasy bilen deň hukuklar esasynda birleşip, Sowet Sosialistik respublikalary Soýuzyny (SSSR) emele getirýärler. 1918-nji ýylyň 30-njy aprelinde döredilen, özüne Özbegistany, Türkmenistany, Täjigistany, Gyrgyzystany, Garagalpagystany jemleýän Türküstan awtonom respublikasy Russiýanyň sostawyna sokulýar. Milli bölünşik esasynda 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türküstan awtonom respublikasy bölünip, ondan Türkmenistan SSR-i, Özbegistan SSR-i, şeýle hem Täjigistan, Gyrgyzystan awtonom oblasty, Garagalpagystan awtonom respublikasy döredilýär. Şeýlelikde, täze döredilen iki respublika hem Soýuza girizilýär. 1929-njy ýylyň oktýabrynda Täjigistan SSR-i döredilip, ol şol ýylyň 5-nji dekabrynda SSSR-iň sostawyna salynýar. Gyrgyzystan awtonom respublikasy 1936-njy ýylyň 5-nji dekabrynda özbaşdak respublika hökmünde Soýuza girizilýär. Şol gün RSFSR-iň sostawyndaky Gazagystan awtonom respublikasyna soýuz reapublikasy statusy berilýär. 1940-njy ýylda bolsa soýuz respublikalary hökmünde Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Moldawiýa, SSSR-e girizilýär. Şeýlelikde, 15 respublika jemlenýär. Eýsem bu ýerde koloniallyk nirede? 1917-nji ýylyň fewral rewolýusiýasy ozalky koloniýal halklara garaşsyzlyk beripdi. Bolşewikler hem häkimiýeti almankalar, hat-da alan gabatlaram halklara azatlyk bermegiň tarapdarlarydy. Sowetleriň Bütinrussiýa II gurultaýynda «Parahatçylyk hakynda Dekretiň» kabul edilmegi hem muňa güwä geçýärdi. Emma kän wagt geçmänkä olar Polşa, Finlandiýa, Latwiýa, Litwa, Estoniýa garaşayzlyk berdiler-de, galanyny Soýuza birleşdirdiler. Birleşmejegi güýç bilen basyp aldylar. Meselem fewral rewolýusiýasynyň beren garaşsyzlygy esasynda Orta Aziýada 1917-nji ýylyň dekabrynda soňundan Türküstan Türküstan halyfatlygyna öwrülmeli Kokant döwleti döredilipdi. Beÿleki Orta Aziýa şäherlerinde bolşy ýaly, şol döwleti goldap Aşgabatda, Tejende demonstrasiýalar geçipdi. Ýadyňyzda bolsa, «Aýgytly ädimde» bular barada az-kem aýdylyp geçilýändir. 1917-nji ýylyň ahyrynda bolşewikler bary-ýogy bir ýarym aý ozal öz kabul eden «Parahatçylyk hakyndaky dekretlerini» gödek bozup, bu döwleti basyp alýarlar we Russiýanyň sostawyna salnan Tûrkûstan ASSR-ni döredýärler. Gruziýa bolsa ýolbaşçylarynyň biri Mdiwaniniň mysalynda ýaňagyna şarpyk çalynmak esasynda SSSR-e girizilýär. Eýsem ady diňe SSSR-e üýtgedilen öňki Rus imperiýasyny saklamak nämä gerek bolupdy? Sebäbi daş-töweregiň «Häkimýet bikanun eýelendi» diýip, SSSR-i ykrar etmeýän ýurtlar hem-de olaryň ykdysady gabawy bilen gurşalgy durka öňki koloniýalaryň, meselem, Türkmenistanyň, Özbegistanyň pagtasy ýüňi, nebiti... şeýle hem Russiýada ol çig mallardan öndürýän önümleri satar ýaly bazary bolmazdan «sosializm aýratyn alnan bir ýurtda gurmak» däl, hat-da ýönekeý ýaşap bilmek hem hyllalla boljakdy. Onsoňam imperiýa pikiri bilen ýaşaýan metropoliýa halky, şeýle hem bolşewikleriń özleriniň hem aglabasy Russiýa imperiýasynyň dargadylmagyny oňlamaýardy. Meselem, Stalin imperiýanyň sostawyndaky esasy halklara göz üçin «awtonomiýa» diýlen haýsydyr bir derejäni berip, Russiýa dykmak isleýär. Lenin bu babatda Kamenowa 1922-nji ýylyň Sentýabrynda iberen hatynda şeýle ýazýar: «Bir eglişik etmäge Stalin razylaşdy. §21-däki «RSFSR-e girmeli» diýen jûmläniň ýerine «Ýewropanyň we Aziýanyň sowet respublikalary soýuzyna RSFSR bilen birlikde formal birleşmeli» diýip ýazmaly... Esasy zat «garaşsyzçylaryň» bahana aramagyna zat goýmazlykdyr». Şol ýyllar Lenin halklara häzir respublika, awtonomiýa hukuklary berip bölmegimiz soňra olary birleşdirmek üçin edilýän işdir diýen manyda «разъединение рады объединения» diýip köp aýdar eken. Hawa, köne soýuz öňki rus imperiýasynyň dowamydy. Stalin ony hasam açgöz imperiýa öwürdi, öňki gandalyň ýerine has elhenjini dakdy. Birinji jahan urşunda ýeňlip barja koloniýalaryndan el üzmeli bolan Germaniýa faşistik partiýanyň eline geçensoň, ýene koloniýal basyp alyşlara başlady. 1939-njy ýylda Stalin bilen Gitler ogrynça pakt baglaşandan soň şol ýylyň 1-njy sentýabrynda Germaniýa Polşanyň, SSSR bolsa şondan 19 gün geçensoň Finlandiýanyň üstüne çozýar. Üç aýa çeken ençeme gandöküşikli söweşlerden soň Finlandiýa boýun egdirilýär. Bu okkupasiýa üçin SSSR 1939-njy ýylyň dekabrynda Milletler Ligasyndan kowulýar. Ýöne bu temmi Staliniň koloniýal mädesini ýakyp bilmeýär. 1940-njy ýylda Latwiýa, Litwa, Estoniýa okkupirlenýär. Ikinji jahan urşundan soň bolsa Ýewropa ýurtlarynyň ençemesine wassal tagmasy basyldy. Ine, şu soýuzyň hem arabasy jygyldap ýör. Çünki imperiýa bolup ýaşamak oňa gaty gymmat düşdi, ägirt uly tebigy baýlyklaryny tozdurdy. Indi şu harabaçylygyň üstünden täzelen soýuz gurmak mümkinmi? Ine, şonuň üçin hem Solženisin «Bizde imperiýa ýeterlik güýç ýok» diýip jar çekýär hem-de Russiýany on iki respublikadan gaýtam artykmaç ýükden dynjakdygyny nygtaýar. Dogrudanam, şuňa ýüz uraýan halatynda Russiýanyň uly ýitirýän zady ýok. Häzir SSSR-iň territoriýasy 22,4 mln. kw. km. barabar. RSFSR-iň bir özi şonuň 17, 07 mln kw. km. ýerini, Ukraýina, Belorussiýa bilen birlikde bolsa 18 mln kw. km. golaý ýeri eýeleýär. Şeýlelikde, on iki respublikadan el çekäýen halatynda olaryň bar ýitirjekleri 4,5 mln kw. km-den gaty köp däl. Hawa, jemläp aýdanyňda, SSSR-de häzir iki rewolýusiýa gidýär. Birinjisi, 1917-nji ýyldan soňky gurlan totalitar düzgüne garşy. Ony soýuzyň, Pýotr I döwürlerinden bäri gurlup gelnen imperiýa garşy. Bu rewolýusiýa ähli basylyp alnan halklar, şol sanda türkmen halky hem gatnaşýar. GULATY SAÝASY Amerikan filosofy J. Santaýana «Geçmişini unudýanyň täleýine şol geçmişi ýamaşgan başdan geçirmek ýazylandyr» diýýär. Eýsem soňky 70 ýyllyk geçmişde Türkmenistanyň boýnuna koloniýal gandal urlandygyny şübhesiz äşgar bolsa, şol gandala indi baglanmazlygymyz üçin näme etmeli? Santaýana gulak assak ozaly bilen geçmişi unutmazlyk gerek. Başgaça aýdanyňda, kyrk ýyllap däl, ýetmiş ýyllap maýa gezen döwrümizde ezilişimiz, çeken horluklarymyz hakynda içimizi dökmegimiz gerek. Iç dökmegi bissimylla «Koloniýalizm nämedir» diýen sowaldan başlalyň. Kitaplaryň tekrarlaşyşyna görä, ol «harby, syýasy, ykdysady güýje daýanmak bilen koloniýal haljy ezmek syýasaty» bolmaly. Ýönekeý dilde aýdanymyzda, muňa «dürre gamçy», «Süýjülije köke» we «kaşaňlyk» syýasatlary bilen halky dolandyrmak režimi diýilýär. Türkmen halkynyň soňky 110 ýyllyk bakna günemasy kolonializmyň şu Bermud üçburçlygynyň içinde geçdi. Ynha, bu bermudyň «dürre gamçy» burçuny alyp göreliň. Boýnuna koloniýal boýuntyrygy dakmajak bolany üçin patyşa Russiýasynyň kolonizatorlary Gökdepe galasyny goraýjylary aýal-ebtat, çaga-çuga diýmän okadan, gylyçdan geçiripdi. Koloniýalizme garşy baş göteren 1916-njy ýylky Tejen gozgalaňyna gatnaşanlardan rehimsiz öç alnypdy. Şol ýyl pälä adam ibermejek bolandyklary üçin kolonizatorlaryň jeza beriji otrýady etrek ýomutlaryny elhenç gyrypdy, mal-gara, öý-söý, şaý-sep diýmän bar zatlaryny talapdy. 1921一33-nji ýyllarda täzeki has zabun koloniýal režime çydaman guma siňen, serhetden aşjak bolan obalaryň ençemesi ýene gülläň astyna düşüpdiler. 1937一38-nji ýyllarda öňi bilen gulçulyk durmuşyna sähelçe nägileligi duýulan tûrkmenleriň kastyna çykylypdy. Türkmen milli ruhuny sähelçe gorajak, dikeltjek bolan Mäti Kösäýew, B. Garryýew ýaly nazarkerde adamlary gözenege salmak-da, Gaýyp Nepesow, Kakajan Muhammetberdiýew ýaly taryhçylary yzarlamakda, Şaja Batyr ýalylary oňat işläp ýörkä-de, okuwa ibermek-de, başga birlerini dälihanalara ýollamaklary-da koloniýal halkyň ýüregine gorky salmak, ony gorky guluna öwürmek üçin ulanylýan dürre gamçy syýasatydy. Kelam agyz söz «süýjülije köke» hakynda, Türkmen ýolbaşçylaryndan gaz, nebit, pagta, bagana, ýüň... talap edilýärdi. Şol talap ödelse, olara wezipejikler, çinjagazlar berilýärdi. Onsoň köwekler ýolbaşçydan dikmä öwrülýärdiler. Döredijilik bilen meşgullanýanlar her hili atjagazlara, derjelere aldanylýardy. Garamaýak halk hormat hatjagazlara, orden-medaljyga, baýrajyklara imrikdirilýärdi. Hat-da respublikanyň özi hem ordenden boş galdyrylmandy 一 geçen 70 ýylda oň ordenleriň 4-si gowşuryldy. Gepiň keltesi, özüni horlaýan, ezýän koloniýal durmuş bolsa-da, terje käşire aldanyp gapana düşýän towşan ýaly halk «süýji kökejiklere» aldanmak bilen özüni bu gan sorýan durmuşyň toruna şol atyp durýardy, atyp durýardy. Dürre gamçydan, süýji kökeden soň bolsa kaşaňlyk syýasatyna bat berilýärdi. Orta Asyrlarda krepostnoýlaryň howuny basmak ûçin feodallaryň galalar, köşkler gurduryp, şolarda ýaşaýyşlary ýaly, bizde hem hökümdarlar üçin haýbatly jaýlar, haýbatly daçalar gurulýardy. Paradlar, demonstrasiýalar harby tehnikany mazamlap haýbatly geçirilýärdi, ýygnaklar, gurultaýlar dabaraly tutulýardy. Gowy düşünmeýän zady adamda tabynlygy döredýär. Şonuň üçin iş dolandyrylyşy, ýygnaklar ýat dil bolan rus dilinde geçirilýärdi. Hawa, şu klassyky kolonializmyň däpleri türkmenler babatda hem ulanylypdy. Ykdysadyýet garaşly bolansoň öndür diýlen çig maly derhal öndürip, iň arzan bahadanam metropoliýa tabşyrylmalydyk. Şol çig maldan metropoliýada öndürilen önümi bolsa hili pesmi, pes däl, tapawudy ýok, jyňkyňy çykarman getirip öz ilatymyza ýokary bahadan satmalydyk. Serhedi goramak bahanasy bilen daşymyza tikenekli sim aýlanaly sebäpli bolsa daşary ýurtlara ne önüm çykaryp bilýärdik, ne-de alyp bilýärdik. Bularyň üstesine-de stalinizmiň koloniýal kanunlary boýunça ýerasty baýlyklary (gaz, nebit, kükürt, selestin) metropoliýa tükeniksiz mugtyna bermelidik. Indi koloniýalizmyň şu Bermud üçburçlygynda ýaşan soňky 70 ýylymyza ser salmaga wagt boldy. Türkmen Sowet ensiklopediýasynda bu döwür barada şeýle lap urulýar. «Türkmenistan öňde barýan senagatly köp pudakly, mehanizmleşdirilen oba hojalykly, gülläp ösýän medeniýetli sosialistik respublika öwrüldi». Göreliň bakaly, bu dogrudanam, şeýlemikä ýa-da «gula pürçüklije kemput bedre, gandalyny öw» diýlişi ýaly, pürjüklije sözler aýdylyp baknalygymyz teswirlenýärmikä? Respublika bu ýyllarda «ösdi» diýlip berlen dört orden süýjûlije kökemikä ýa-da hakyky öz bahasy? Türkmenistanyň köne soýuzda näçe «ösendigini» bilmek üçin ozaly bilen respublikanyň we onuň ilatynyň ähli emlägini pula geçirenimizde näçe boljakdygyny (senagatdaky, oba hojalygyndaky, söwdadaky, transportdaky, gurluşykdaky, saglygy saklaýyşdaky, medeniýetdäki we ş.m. ähli emläk) pula geçireniňde näçe durýanlygyny biz «Народное хозяйство ТССР в млрд. manada deň. Indi bize ilatyň elindäki emlägiň, baýlygyň pul hasaby gerek. Bu maglumaty statistik kitaplarda bolmansoň 3,6 million adam ýaşaýar. Eger her maşgalada ortaça bäş adam bar diýsek, onda jemi maşgala 3,6 mln;5) 720 müňe barabar bolar. Her maşgalanyň hem ähli baýlygy, emlägi (jaýy, öý goşlary ulagy we ş.m.) ortaça 25 müň manada barabar diýip alalyň. Indi ilatyň elindäki jemi baýlygy hasaplamak kyn däldir. 720 müň maşgalany 25 müňe köpeltsek ol baýlygyň bahasy takmynan 18 mlrd. manat bolar. Hawa, Türkmenistanda adam eli bilen döredilen ähli baýlyk ahyrky netijede 42 mlrd. manada (24 mlrd. + 18 mlrd. m) deňdir. Ine biziň ýer döräp, aýratynam soňky 110 ýylda, hasam 70 ýylda görlüp eşidilmedik derejede ösüp, 4 ordene mynasyp bolup, eýe bolan ahyrky baýlygymyz. Şu ýerde bir zady belläp geçmeli. Biziň halk hojalygymyz diýýänimiziň bir bölegi ( mysal ûçin, demir ýol) soýuz eýeçiligine degişli. Olaryň bahasyny çen bilen aýyrsak ýaňky 42 mlrd. manada barabar bolar. Hawa, 1924-nji ýylda Soýuza girenimizden bäri ähli toplan baýlygymyz, hany-manymyz takmynan 40 milliard manada barabardyr, hem-de respublikanyň baýdagyna dakylýan dört sany ordenden ybaratdyr. Bu azmy, ýa-da köp? Muňa göz ýetirmek üçin 40 milliardy Türkmenistandan 70 ýyllap daşalan käbir baýlyklaryň dünýä bahasy bilen deňeşdireliň. Hasabymyzy esasy baýlygymyz bolan gazdan ýöredip başlalyň. Gaz bizde uly möçberde 1966-njy ýyldan bäri çykarylyp gelinýär. Geçen 25 ýylyň içinde türkmen topragyndan 1, 15 trillioýon m(kup) gaz içinden adam ýöräp gidip bilýän gigant turbalara salnyp «Watana»一metropoliýa iberildi. Häzir 1000 metr(kup) gazyň dünýä bahasy, 100 dollar töweregi. Ýöne 60-njy 70-nji ýyllarda, 80-nji ýyllaryň ortalaryna çebli gazyň müň kubynyň bahasynyň 200 dollara ýeten wagtlary az bolmandyr. SSSR hem eksporta iberen gazlaryny şol uly bahalardan satypdyr. Geçen döwür hakda gürrüň edýändigimiz üçin gazyň 1000 kub metriniň bahasyny ortaça 150 dollardan alaýalyň. Şeÿlelikde, çärýek asyryň içinde Türkmenistandan 172 millard dollarlyk gaz äkidilip, gör kimlere şam boldy. (Dowamy bar) Çeşme: Gutlyýew Täçgeldi. Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |