10:39

Meşhur üzümçiniň wesýeti / makaladan parça

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Категория: Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk | Просмотров: 346 | Добавил: Bagabat | Теги: Täçgeldi Gutlyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Guwanç aga pahyr (Guwanç Orazow), gaty jepakeş, zähmetsöýer başlyk bolupdyr. Biz-ä dogrusy, ol ýogalanda kiçidik.
Onuň gysgaça terjimehaly:
1929-njy ýylda Büzmeýinde doglupdyr. Häzirem öýi Büzmeýiniň "NKWD" diýilýän böleginde ýerleşýär.
1985-nji ýylyň 24-nji fewralynda ýogalypdyr.
1961-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň Kommunistik partiýasynyň agzalygyna kabul edilipdir. 20 ýyla golaý wagtam Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň "Sozializm" kolhozynyň (soň “Akdaşaýak” daýhan birleşigi bolupdy) başlygy wezipesinde işläpdir. Ol zähmet ýoluna 1945-nji ýylda "RKKA-ň 12 ýyllygy" kolhozynyň kolhozçysy bolup başlapdyr.
Owadandepe, Oňurga, Nedir sebitlerinde üç müňe golaý gektar çägelikde üzümçiligi, şol döwürde aňrybaşy tehnologiýalar boýunça gurnan adam.
Üzümleň beton sütünli, arasyndan polat sim çekilen hatarlary, gözýetimden gözýetime çenli uzaýar, suwaryş, zeý akabalar ulgamy, meýdan düşelgeleri, traktor, maşyn bejeriş parklary, gapanlar, üzüm hasylyny kabul ediş nokatlary...

0
2 Bagabat  
43
Şol ýyllar her gektar üzümden kolhoza tabşyrmaly meýilnamalaýyn möçber ("plan" diýlerdi), 10 tonnady öýdýän. Ýöne, Owadandepäň, Oňurgaň, Nediriň üzümi şeýlebir bitginlidi welin, gowy ýerlerde kärendeçiler her gektardan 30-45 tonna üzüm tabşyrardylar. Onsoň şomat üzüm tabşyrmagyň şerti bardy: eger-de "plany" dolmasaň tabşyrylýan üzümiň her kilogramyna (kilesine) - 2 köpükden tölenerdi (1 tonnaňa - 20 manat). Eger-de "plany" dolsaň, her kile üzüm - 10 köpükdenmi ýa-da 12 köpükdenmi alnardy (1 tonnaňa - 100 ýa-da 120 manat). Üzümçilikleň arasynda-da garpyz-gawun, ýorunja, kädi ekilýän meýdanlar ýaýylyp ýatardy. Owadandepede giden erikçilik, alma, narçylyk baglygy bardy.
Üzüm ýyglyp bolansoňam, halta-halta edilip, kişmişlik hoşa (üzümlerde galan-gaçan tilisgeler) çöpleniler.

0
3 mango  
651
Şeýle adamlara halka çörek beren adamlar diýilýär.
Indi olar ýaly adamlar edil dinozawrlaň ýitip gidişi ýaly ýitip gitdi ýaly…
Ýa-da bize näbelli.
Maştabnyý pikirlenibem, masştabnyý işläp durmuşa geçirip bilýän başatnykly şahslar eken.
Olardan Allah razy bolsun.

0
4 Bagabat  
43
Çagalygymyz, ýetginjekligimiz "Sosializm" kolhozynyň (bir döwür G.Orazow adyndaky daýhan birleşigem boldy), meýdanlarynda geçensoň, köp zatlar gulagymyzda galypdyr:

"Sosializm" kolhozy:

1. 500 birlikden agdyk transport, şol sanda: traktorlar (tekerli, zynjyrly, K-700 kysymly), ýük ulaglary, kranlar, suw çelekli, süýt çelekli ulaglar, awtobuslar, kiçi ulaglar;

2. Her ýylda 20 000 tonnadan agdyk gök önüm tabşyrmak, şol sanda: pomidor, hyýar, sogan, bulgar burçy, badamjan, käşir, şugundyr, turp, mekgejöwen, kelem, gawun-garpyz, kädi, miweler;

3. 3000-den gowrak iri şahly mallar;

4. 60 000-den gowrak dowar (goýun-geçi);

5. 250 000-den gowrak guzlaýan towuk;

6.Limonariý - 15 gektara golaý;

7. 3000 gektara golaý üzümçilik;

8.1000-e golaý düýe;

9. 22 sany kolhozçylar brigadasy - 3000 hojalykdan agdyk Akdaşaýak, Ýasmansalyk obalarynyň ýene-de 300 hojalyga golaý Owadandepe obasynyň, ýene-de 50-60 hojalyga golaý Nedir obasynyň ilatyny, jemi (takmynan) 16-17 müňden gowrak adamlaň, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlysyna çenli iş bilen, gowy girdeji bilen üpjün edýärdi. Her brigadaňam dürli ýerlerde ýörite gurlan meýdan düşelgeleri bardy. Bişen kerpiçden düýpli salnan, üsti şiferli, daşy suwagly, azyndan her haýsy üç-dört otaglyk, öňi bassyrmaly jaýlardy.

10. Iým kombinaty, Tomatnyý zawody, Çakyr zawody, Çelek ýasaýyş sehi, ulag bejeriş sehi, pile (ýüpek gurçugy) sehi bardy.

11. Şol giden hasyly saklamak üçin ullakan ammarlar bardy.

12. Ýylda bir gezek, Täze ýylyň öň ýany ýyllyk girdeji (obada: "dohod" diýilýär) paýlanylar, şoň öňýanam tutuş kolhoz üçin azyndan 70-80 gazan palaw atarylyp, hasyl toý ediler. Işde gowy netijeler görkezenlere gymmatbahaly sylaglar gowşurylardy. Gyz-gelinlere gymmatbahaly matalar, gyňaç, ýaglyk. Oglanlara eşik, köwüş, magnitofon we ş.m.

13.Täze ýylda ilk-ä kolhozyň hasabyna traktora tirkelen tirkegi dolduryp, her brigada aýratyn täze ýyl sowgatlary paýlanylar. Soňam mekdebe barlyp ol ýerde-de aýratyn ýene-de çagalara-da berlerdi.

Ýöne ýyl boýy işem ýetikdir.
Meýdan işi, öýde mal-gara, mellekdäki ekin-tikin, ýazda gurçuk tutuşmak...
Mekdebiň daşyndan şu işler-dä.

0
5 Haweran  
411
Çagalygymyz Soýuzyñ dargan ýyllaryna gabat geldi...
Dogrusy, Soýuz diýen döwlet dagady diýselerem, 5-10 ýaşly gamsyzja çaga wagtymyz dag içindäki kiçijik obada dünýäniñ nämesiniñ dagap, nämesiniñ düzülip ýörenine akyl ýetirerden daşdadyk. Ýöne gözümiziñ alnynda kolhozyñ ýigrimä golaý goýun-geçi sürüsiniñ, üç süri iri şahly malynyñ, birgiden tehnikasynyñ, gektarlap alma, armyt, hoz, nar tokaýlyklarynyñ, üzüm plantasiýalarynyñ nirden çykandygy belli däl (wah, belli-le!) ýalmawuzlar tarapyndan towsa göterilendigini gördük.
Şu günki ýaly ýadyma düşýär, mekdebiñ bir gyrasy, günortalygyna - dag baýrynyñ eteginden ýokarlygyna üç-dört gektar ýer çemesi üzümçilik bolar ýatardy...
Sapagyñ arasynda arakesme bolanda, esasanam 20 minutlyk uly arakesmede ylgap gelip, üzümçilige siñerdik (ýogsa öz atamyzyň bagy-da, Sumbaryň boýy-da dürli ir-iýmişlerden dolar ýatardy, elbet, başga bagyň miwesi süýji bolýandyr-da!), üzüm-ä ýazda ir ýetişen halyly bişenden tä noýabryñ ahyryna çenli her sortundan bişer durardy, mundan başga-da garaly, injir, lüşi (sliwa), itburny, böwürslen... ýaly özi ýetişip ýollaryñ gyrasynda sallanyşyp ýatan dürli ýabany iýmişler hezil bererdi...
Bu gün ol üzümleriñ ýerinde ýeller öwüsýär, takrap ýatan gury ýandaklyk meýdan...
Öñem bir ýazyjynyñ aýdyşy ýaly, "...gowy adamlar atlaryna münüp gitdiler. Demiriñ misine, adamlaryñ pisine galdyk..."

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]