14:28 Nurjemala iberilmedik hat | |
NURJEMALA IBERILMEDIK HAT
Goşgular
Näçe ýyllap, men aýgyda gelmedim, Wagt bejerer öýdüp. Ýürek awusyn. Ahyry şu haty Ýazman bilmedim, Täleýimden uçup giden tawusym. Öňe men adybir görküň unutman, Şo günem ýadymda galdy düýş ýaly. Hem penjiräň aňyrsynda bulutlaň, Geçmesi kyn pursat deýin süýşýäni. Buýsanjaňdyň, Üstesine gedemdiň, Menem heniz aw görmedik ýekenil. Şo pursat aýgytly pikir edemde, Bagtymy bagryma basjak ekenim. Başymdan geçensoň, Boýun alýaryn, Ýagşy-ýaman wakalaryň ençesin. Açdy söýgiň ýeke sapar bolýanyn, Soň sataşan gözelleriň sençesi. Şonda tapan bolsam, Eziz leglegim, Has mylaýym ýolun göwne degmegiň; Saçlaryň üstüme, Saýa bolardy. Ökünjem ömürlik, Zaýa bolardy. Bolmaz eken geçen günleň gaýdymy, Senem indi äre çykdyň toý berip. Şanyňa ilkinji, Soňky aýdymy, Ýazdym, ýöne bilmen saňa göýberip. Ilmät GURBANOW. «Galkynyş» gazeti, 28.01.1998 ý. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||