23:20 Obada bahar ertiri | |
OBADA BAHAR ERTIRI
Goşgular
Gün dogdy açylan bägüle meñzäp, Utanan gyz ýaly gyzardy baglar. Ýeller gök otlary örüp hem çöşläp, Tylla alyslara uçup barýarlar. Honha, guşlar gylyç ganaty bilen, Gögüñ ýüzün kerçäp gaýyşyp ýörler. Gyzyl gülli köýnek kimin beslenen, Bir gözel garagöz gyz kimin narlar. Ak damjalar ýapraklary sypalap, Lowurdaşyp ýer ýüzüne seçilýär. Kalbymy bir täsin owaza gaplap, Horazlañ seslerne güller açylýar. ■ OBALYLAR WE ŞÄHERLILER Obalylar üçin şäher ajaýyp, Şäherliler üçin ajaýyp oba. Obalylar şäherleri küýseýär, Şäherlileñ oba gitmek meýli bar. Obalylar: "Ah şäherde ýaşasañ, Belent jaýlar, baglar arassa, täsin!" Şäherli diýr: "Ah, obada ýaşasañ, Müñ bir derde derman onuñ howasy". Obalylar şäherlerde dynç alýar, Aýlanýarlar dükanlaryn, baglaryn. Şäherliler obalarda ynjalýar, Şadyýan geçirip öz boş çaglaryn. Ajaýyp şäherleñ döwrebaplygy, Gözel görki şagalañy, şatlygy. Ajaýyp obalañ asudalygy, Sadalygy, doklugy hem päkligi. Baky gatnaşyp ýör şäherdir oba, Bu bolup galypdyr müdimi kada. ...Obaly şäher gelse şatlanýar, Şäherlileñ göwni galkýar obada... ■ PADA Boşadylyp goýberilen sygyrlar, Obañ gaýrasyna üýşerler baryp. Otluga äkider garry padyman, Atyn debsäp, gygyryp, kä sygyryp. Bile ýetýän gök otlugyñ içinde, Aga-ýana hezil edişip otlar. Kä ileri bakyp uzyn molar-da, Öýlerinde galan gölesin ýatlar. Günortan derýanyñ suwundan ganyp, Güzeriñ ýanynda ýatar gäwüşäp. Padyman tirsekläp çaýyny içer, Aşagyna gury ýekenden düşäp. Öýlänler mazaly dynjyny alan, Pada örläp, ýene otlama durar. Atyna ýaplanyp garry padyman Şo-ol köneje aýdymyna gygyrar. Padyman, sygyrlañ yzyna düşüp, Atyn idip gaýdar paýu-pyýada. Sygyrlar gölelerne gyssanar, Agşamy düşürip dolanar pada... ■ DUÝGY Ýazlaryñ gelip durşy, Güýzleriñ ýanyp durşy, Öwsüp durşy ýelleriñ, Gözel keşbi pelleriñ, Göwnüme ýalan ýaly. Günleriñ dogup durşy, Garlaryñ ýagyp durşy, Ýagyp durşy ýagyşlañ, Uzyn boýy gamyşlañ, Göwnüme ýalan ýaly. Bulutlañ göçüp durşy, Ýapraklañ gaçyp durşy, Ýyldyzlañ öçüp durşy, ...Durmuşyñ geçip durşy, Göwnüme ýalan ýaly. ■ ONY SÄHRADAN TAPDYLAR Ony sähradan tapdylar, Ýykylyp galypdyr pahyr. Birden sözi ýada düşdi: "Sährada ölerin ahyr!" Özüniñ işden boş wagty, Ýeke gezmegi halardy. Topragy, gülleri ysgap, Bagryna basyp aglardy. Ýa biri göwnüne degse, Ýa uçrasa şowsuzlyga. Sähra içini dökerdi Döz gelip aç-suwsuzlyga. Gyzyl ýaly adamdy ol, Ýaşardy il-halky üçin. Kä gussaly ýylgyrardy, Bu oña has düşse-de kyn. Adam bolup ýaşamaklyk, Ony juda ir garratdy. Soñky gün hiç kime aýtman, Güýjün jemläp sähra gitdi. ...Ony sähradan tapdylar, Ýykylyp galypdyr pahyr. Birden sözi ýada düşdi: "Sährada ölerin ahyr!" ■ SÄHER Dünýä ajap altyn okara bolup, Dolupdyr säheriñ ap-ak süýdüne, Guşlañ ýüpek sesi asmana galyp, Gör, umman kalbymy gaplapdyr ýene. Güller nurly jamlarymy güjeñläp, Uly gyz deý sülmüreşip otyrlar. Bu ýaşyl meýdanlar mährime meñzäp, Alyslary bagra basyp ýatyrlar. Gögüñ reñki siñen päk baglar şu hal, Ýüregimde aýdym bolup galypdyr. Jahana şatlygym paýlaýan şemal, Gülleñ suwun içip şerhoş bolupdyr. ■ ÝELLI GÜN Ýene şat baglaryñ ýüregi joşdy, Ýene gögüñ ýüzün sypaýar şemal. Göwün guşum ala daglardan aşdy. Sähra çolanypdyr ýüpege şu hal. Al-ýaşyl meýdanlar derýa dek akýar, Täsin mukamyna bent edip köñlüm. (Bu päklige siñip gidesim gelýär, Päkligiñ içinde bolsun meñ ömrüm!) ■ ÝAŞYL ÝÜPEK GIJEDE Gözlerim göge siñipdir, Ýaşyl ýüpek gijede. Bu dünýä süýde çümüpdir, Ýaşyl ýüpek gijede. Ýyldyzlar gözlerin süzýär, Hünjüler gülleri ezýär, Aý altyn zülpün çözleýär Ýaşyl ýüpek gijede. Parahat bütin töwerek, Täsin mukam çalýar derek, ...Neçün urunýar ýürek, Ýaşyl ýüpek gijede?! ■ ÝAŞYL ÝÜPEK MAÝSALAR Pasyrdaşyp çykarlar, Ýaşyl ýüpek maýsalar. Dünýä gülüp bakarlar, Ýaşyl ýüpek maýsalar. Ýagyş "batar dere", Öserler garyş sere; Tolkun atar ýellere, Ýaşyl ýüpek maýsalar. Dürli ýaşyl yşyklar, Dabanyñy gyjyklar. ...Aýagyñy duşaklar, Ýaşyl ýüpek maýsalar. Eziz YKBAL. | |
|
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |