07:53 Oguz nesliniñ Ihçitleri | |
OGUZ NESLINIŇ IHÇITLERI
Taryhy makalalar
Tulunylar türkmen begligini ýyksalar-da bagdatly halyfyň dikmelerine Müsürde uzak höküm sürmek miýesser etmändir. 935-nji ýylda Müsür ýene-de keseki agalygyndan çykýar. Bu gezek Müsüre garaşsyzlygy beýleki bir türkmen begi Tuguç Ihçidiň ogly Muhammet beg alyp berýär Tulunylardan tapawutlylykda, ihçidileriň ata-babalary we olaryň gelip çykyşy barada belli bir derejede maglumatlar saklanyp galypdyr. Ihçit unwany Muhammet begiň ata-babalarynyň hökümdarlyk derejesi bolup, olar gadymy döwürlerden tä VIII asyryň ortalaryna çenli Merkezi Aziýanyň hökümdarlary bolupdyrlar. Ihçidileriň asly Amyderýanyň we Syrderýanyň aşak akymlarynda ýasan gadymy oguz taýpalaryndan bolupdyr. Müsürde höküm süren ihçidileriň ata-babalary hakynda iňňän gymmatly maglumatlar saklanyp, olar bu nesilşalgynyň Türkmenistandaky we Merkezi Aziýadaky hökümdarlygynyň taryhyny yzarlamaga mümkinçilik berýär. Ihçidiler baradaky maglumatlar dürli taryhy çeşmelerde agzalýar. 1932-nji ýylda Täjigistanda Mug dagyndan tapylan sogdak resminamalarynda, Merkezi Aziýanyň ýerli zikgelerinde we hytaý çeşmelerinde ihçidiler barada gymmatly maglumatlar saklanyp galypdyr. 1936-njy ýylda Özbegistandan tapylan teňňelerde-de ihçidiler barada maglumatlar berilýär. Bar bolan taryhy maglumatlar ihçidileri Syryderýanyň we Amyderýanyň boýlarynda ýaşan gasdymy oguz taýpasy bolan kaňlylardan (hytaý çeşmelerinde «kangýuý» – «arabaly») gelip çykypdyr diýip netije çykarmaga esas berýär. Hytaý çeşmelerinde Mawerennahr ýurdy Kangýuý (Kaňly), meşhur taryhçylar Narşahynyň we at-Tabarynyň işlerinde bolsa Sogdak (Sogdiana) diýlip atlandyrylýar. Kaňly döwleti b.e.ö. IV asyrdan, tä b.e. III asyry aralygynda rowaç bolan döwletdir. Kaňlynyň taryhy belli türkmen arheolog alymy Hemra Ýusupow tarapyndan belli bir derejede öwrenildi. Bu döwletiň ýerleri günorta-gündogarda Fergana, demirgazyk-gündogarda Balhaş kölüne, günortada Amyderýanyň ýokary akymlaryna, demirgazyk-günbatarda Aral deňzine, günorta-günbatarda Uzboýyň orta akymlaryna çenli aralyklary öz içine alypdyr. Onuň merkezi Amyderýanyň kenarynda ýerleşen Kät (Köneürgençden öňki paýtagt) şäheri bolupdyr. S.P.Tolstowyň ýazmagyna görä, Kaňly döwletiniň esasy merkezi Horezm bolupdyr. Kaňlylar giçki döwürlerde Sogdagy (Sogdiýana), Baktriýany öz döwletleriniň düzümine goşýarlar. Halkymyzyň gadymy döwletleriniň biri bolan bu döwlet 600 ýyldan gowrak wagt ýaşapdyr. Kaňlylar Uzboýyň, Horezmiň, Baktriýanyň we Sogdiýananyň medeniýetinde, dilinde, sungatynda öçmez yz galdyrypdyrlar. Kaňlylaryň döwletinde hökümdar «ihçit» diýlip atlandyrylypdyr. Araplar Mawerennahry eýelemänkäler bu ýeriň welaýatlaryny Kanly neslinden bolan ihçitler dolandyrýardylar.Taryhy çeşmelerde we ylmy edebiýatda «Ihçit» sözi «hökümdar» manysynda «Sogdagyň ihçidi» ýa-da hytaýça «Kaňly ihçidi» görnüşinde köp duş gelýär. Alymlar G. Gibb bilen K. Şiratory hytaý çeşmelerine esaslanyp, «Kaňlynyň hökümdarlary ihçit unwanyny göteren dolandyryjy Kaň nesline degişli bolupdyr» diýip belleýärler. Mawerennahryň hökümdarlarynyň hemmesi araplar gelmänkä we araplar gelenden soň hem şu nesle degişli bolupdyrlar. Kaňlynyň VII-VIII asyrlardaky ihçidleriniň ady bize hytaý ýazgylarynda gelip ýetipdir. Olaryň ilkinjisiniň ady «Fo-hu-man» görnüşinde bellidir. 1903-nji ýylda E.Şawann onuň adynyň «Bähmen» görnüşini anyklady. Bähmen ihçit Kaňly ýurduny 650-696-njy ýyllarda dolandyrypdyr. Bähmenden soň Tukaspadak (Du-sa-bo-ti) ihçitlik edýär. Ondan soň Bähmeniň ogly Ni-ni-şy-şe (698-700) dolandyrýar. Bu at diňe hytaý çeşmelerinde agzalýar, beýleki arap-pars ýazgylarynda onuň hakyky türkmen ady görkezilmeýär. Bu hökümdardan soň 700-710-njy ýyllarda Kaňly ýurdyny onuň ogly Tarhan ihçit (Tu-hun) dolandyrypdyr. Tarhandan soň 710-721-nji ýyllarda Ugrak (U-le-ga) hökümdarlyk edýär. Ugragyň ihçitlik eden ýyllarynda ýerli halk bilen gelmişek araplaryň arasynda dartgynly ýagdaý emele gelýär. Araplar ilatdan alynýan salgytlary ýyl-ýyldan artdyrýardylar. Şonuň üçin hem 721-nji ýylda Ugragyň inisi Diwaştiç ihçit (onuň ady budda ýazgylarynda şeýle tutulýar) araplara garşy gozgalaň turuzýar. 721-722-nji ýyllarda ol arap dikmelerini birnäçe gezek ýeňlişe sezewar edýär. Ýeňlen dikmelere Bagdatdan goşun kömegi gelenden soň, Diwaştiç olara boýun egmek islemän Kaňlydan çykyp gidýär. Diwaştiç hem Ugrak ýaly ihçit unwanyny göteripdir. Emma 722-nji ýylda gozglaň basylyp ýatyrylýar, Diwaştiç bolsa wepat bolýar. Bu wakalardan soň araplar ihçitleriň häkimiýetini ykrar etmäge we salgytlary azaltmaga mejbur bolýarlar. Şonuň üçin hem 722-nji ýylda häkimiýet başyna ýene-de Ugrak beg gelýär. Şu döwrüň kaňly we hytaý teňňelerini öwrenen alym O.I.Smirnowa ihçitlerde arap-pars we budda atlarynyň dyşýandygyna garamazdan, olaryň gürrüňsiz türki aslynyň bolandygyny belleýär. 738-nji ýylda Ugrak aradan çykandan soň onuň ogly Tugra (Doge) ihçitlik edipdir. Onuň näçe ýyllap hökümdarlyk edeni belli däl. Şundan soň Türkmenistanda we Merkezi Aziýada ihçitler baradaky maglumatlar ýitýär. Müsürli gürrüňe dolanyp gelsek, Muhammediň kakasy Tuguç beg Ferganany dolandyran ihcitleriň biriniň ogly bolup, X asyryň başlarynda Bagdatda halyfyň köşgünde gulluk edýär eken. Öz döwründe ol Damaskyň emiri wezipesini hem eýeläpdir. Emma halyfyň garşysyna gidenligi üçin, Tuguç beg tussag edilýär we zyndanda aradan çykypdyr. Muhammet beg kakasynyň şowsuzlyklaryny düzetmegi başarýar we 930-njy ýylda ilki Damaskyň emiri, 935-nji ýylda bolsa Müsüriň emiri bolmaklygy başarýar. Halyf ar-Rady (934-940) Muhammet bege ata-babalaryndan miras galan «ihçit» unwanyny beripdir. 938-nji ýylda Muhammet Tuguç özüni Müsüriň ihçidi diýip yglan edýär. Şeýlelikde, Müsürde ýene-de bir türkmen hanedany – ihçidiler nesilşalygy esaslandyrylýar. 941-nji ýylda Muhammet ihçit begligiň düzümine Siriýany, Palestinany, 942-nji ýylda bolsa Mekge-Medinäni hem birleşdirýär. Müsür gadymy döwürlerden bäri köp milletli ülkedi. Onda musulman halklary bolan türkmenlerden, araplardan başga-da, isaýylar we ýahudy halklary hem ýaşaýardy. Tulynylaryň döwründe bolşy ýaly, ihçidiler hem olary müsürli musulman raýatlary bilen deň tutýardylar, olara dürli meselelerde ýardam edýärdiler. Türkmen hökümdarlarynyň adalatly dolandyryşynyň netijesinde Müsürde hic haçan dinara ýa-da milletara dawalary bolmandyr. Tersine, taryhy çeşmelerde Muhammet Ihçidiň, haçanda, müsürli isaýylar özara dawa edenlerinde olary köşeşdirendigi we taraplaryň ikisi üçin hem bähbitli karara gelnendigi barada aýdylýar. Muhammet Ihçit hem Ahmet Tulun ýaly ylym-bilime we medeniýete uly sarpa goýan hökümdar bolupdyr. Ol sungat ussatlarynyň, din adamlarynyň, şahyrlaryň we alymlaryň hakyky howandary bolupdyr. Onuň aladalary bilen Kataýda ençeme jemgyýetçilik binalary gurlupdyr, ajaýyp eserler döredilipdir. 946-njy ýylda Muhammet beg aradan çykandan soň ýurdy onuň uly ogly Abulkasym Oňar Ihçit (946-960), ondan soň bolsa ikinji ogly Abulhasan Aly Ihçit (960-966) dolandyrýar. Abulhasan Ihçit häkimiýetini köşk adamlarynyň birine aldyrýar, ýöne ol topalaňçy türkmen serkerdeleri tarapyndan ýok edilip, Müsüriň iň soňky ihçidi Abulfawaris Ahmet tagta çykarylýar. Çylşyrymly wakalaryň gidýän döwründe gowşan begligiň üstüne goňşy döwletler hem hüjüm edip ugraýarlar. Şonuň üçin hem ihçidiler öz goňşulary bolan araplaryň hamdaniler, fatimiler, karmatlar döwletleri bilen üznüksiz uruşlary alyp barmaly bolupdyrlar. Sebäbi Ýakyn Gündogaryň iň baý ülkesi bolan Müsüri her kimiň eýeläsi gelýärdi. Müsüre Wizantiýa hem göz gyzdyrypdyr. Ahyrsoňy 969-njy ýylda fatimileriň serkerdesi Jöwher Müsüre uly ýöriş geçirýär we paýtagt şäher Kataý eýelenýär. Jöwher hem Kataýyň gapdalynda täze paýtagty – Kairiň düýbüni tutýar. Fatimiler Müsürde laýyk 200 ýyl hökümdarlyk edenlerinden soň, 1169-nji ýylda türkmen serkerdesi Ýusup Salaheddin Eýýubi Kaiirde häkimiýeti öz eline alýar. Eýýam belläp geçişimiz ýaly, ihçidiler hem Müsüri dolandyran türkmen hanedanlary bolan tulunylar, eýýubiler, memluklar we osmanlar ýaly bu gadymy ülkäniň taryhynda uly yz galdyrypdyrlar. Müsürde ihçidiler nesilşalygy barada-da taryhy eserler döredilipdir. Şol eserleriň biriniň ýazary meşhur taryhçy Abu Muhammet al-Hasan ibn Ibrahim ibn al-Huseýin ibn al-Hasan ibn Aly ibn Halab ibn Reşid ibn Abdallah ibn Süleýman ibn Zulak al-Leýsidir (919-997). Bu ýazar ylymda Hasan ibn Zulak ady bilen tanalyar. Ibn Zulak tulunylaryň taryhyny hem gowy öwrenipdir. Ol birnäçe eser döredipdir. Onuň ihçidiler barada ýazan eseri «Kitab sirat Muhammet ibn Tuguç al-Ihşit» («Tuguç Ihçidiň ogly Muhammediň ömürbeýany») diýlip atlandyrylýar. Ibn Zulak bu işi ýazmak üçin Muhammet ibn Musa ibn al-Mamunyň «Sirat al-Ihşit « («Ihçidileriň ömürbeýany») eserini ulanypdyr. Bu eseri ol 946-njy ýylda al-Mamunyň özi bilen tanyşlykda içgin öwrenipdir. Emma esere ibn Zulagyň göwni ýetmändir. Sebäbi al-Mamun Muhammet Tugujyň göwnüni görmek, ondan mal-mülk hantama bolup, kitapda diňe hökümdaryň adyna aýdylýan öwgüli sözler bilen çäklenipdir. Ibn Zulagyň şaýatlyk etmegine görä, bu esere Muhammet Tugujyň hem göwni ýetmändir. Şonuň üçin hem aradan çykmazynyň öňisyrasy Müsürden Siriýa gelen Muhammet Tuguç bu kitaby köpeltmegi gadagan edipdir. 961-nji ýylda Muhammet Ihçidiň ogly Abul Hasan Aly (961-966) Ibn Zulaga kakasynyň ömürbeýanyny ýazyp bermegini sorap ýuz tutupdyr. Ýazaryň eseri Aly Ihçide-de, onuň ejesine-de ýarapdyr. Ibn Zulagyň ýazmagyna görä, kitap üçin merhum hökümdarýň ogly bilen aýaly ýazary sahylyk bilen sylaglapdyrlar we her ýyl oňa halat-serpaý berýär ekenler. Bize elýeterli bolmadyk bu kitapda, ibn Zulak Muhammet Ihçidiň jikme-jik ömürbeýanyny döredip, onda bu türkmen hökümdarynyň ata-babalary, onuň 935-nji ýýla çenli ömür ýoly, dolandyryşy, geçiren ýörişleri we alyp baran usruşlary, garşydaşlary bilen gatnaşyklary, onuň gullary, söweş atlary, eýelik eden baýlygy we başgalar barada gymmatly maglumatlar berýär. Ibn Zulagyň bu işi ýazmak bilen baglanşykly maglumatlary ylym üçin has hem ähmiýetlidir. Bu barada onuň özi şeýle ýazýar: «Bu ömürbeýana men diňe özümiň şaýat bolan wakalarymy we mümkin boldugyça diňe özümiň ynamdar diýip hasap eden adamlarymyň aýdyp beren gürrüňlerini goşdum. Abu Omar Muhammet ibn Ýusup al-Kindi «Ahbar umara Mysr» («Müsüriň emirleri hakynda hekaýat») esrerini döretdi we ony al-Ihçidiň ölümi bilen tamamlady. Onda ol Muhammet Ihçit barada az maglumat berýär. Men Oňar, onuň inisi Aly, Ahmet ibn Aly al-Ihçit baradaky maglumatlar bilen bu ömürbeýanyň üstüni ýetirdim. Şeýle hem bu ömürbeýana Aly ibn al-Ihçitden soň hökümdarlyk edenler barada-da maglumat goşdum.» Ibn Zulagyň eli bilen ýazylan bu iş Müsürde XV asyrda-da bar eken. Ony 1417-1437-nji ýyllarda arap ýazary al-Makrizi peýdalanypdyr we eserden ýazgylary alypdyr. Eýýäm bellenip geçilşi ýaly, ibn Zulak Muhammet Ihçidiň ömürbeýanyny döretmek üçin diňe özüniň we ony ýakyndan tanan, ýazaryň özi üçin ynamdar hasap edilen adamlaryň gürrüňlerini ulanypdyr. Hakykatdan hem «Ömürbeýanyň» biziň günlerimize çenli saklanyp gelen nusgasy dolylygyna Ihçidiler döwletini esaslandyryjyny ýakyndan tanan adamlaryň beren maglumatlaryna esaslanýar. Olar 40-a golaý adamlar bolup, olaryň arasynda Muhammet Ihçidiň maşgala agzalary, kazylar, wezirler, serkerdeler, onuň şahsy goragçylary, kätipleri, müneçjimleri, tebipleri we terjimeçileri bolupdyr. Umuman alanyňda, ibn Zulagyň işi hem Müsürde hökümdarlyk eden ihçidiler nesilşalygy barada gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Gyzykly ýeri, tulunylar we ihçidiler baradaky maglumatlary Müsürde memluklar döwrüniň meşhur türkmen taryhçysy ibn Taňryberdi (XIV a.) özüniň «An-Nujum az-Zahira» («Parlak ýyldyzlar») eserinde peýdalanypdyr. Ibn Zulagyň eserleriniň nusgalary häzirki döwürde Kairiň, Berliniň, Parižiň atly golýazmalar mirashanalarynda, şeýle hem Türkiýedäki Welieddin ependiniň, Myrat Mollanyň kitaphanalarynda saklanýar. Ibn Zulagyň işi 1933-nji ýylda «Müsüriň taryhy» ady bilen Kairde neşir edilipdir. Ihçidiler barada taryhy maglumataryň esasynda 1950-nji ýylda Müsürde Saýýida al-Kaşifiniň «Mysr fi-asr Ihşidiýin» («Müsür ihçidileriň döwründe») eseri em neşir edilipdir. Müsürliler öz ýurtlaryna garaşsyzlyk alyp beren türkmen gerçeklerini unudanoklar. Bu gadymy ýurduň taryhy bilen baglanyşykly neşir edilýän kitaplarda müsürli alymlar eýýubilere we memluklara bolşy ýaly, tulunylar bilen ihçidilere-de uly ähmiýet berýärler. Olar meşhur türkmen hökümdarlarynyň atlaryny guwanç bilen tutýarlar. Ahmet Tulunyň, Muhammet Tugujyň atlary Müsüriň taryhynda uly yz galdyran ýerli arap şahsyýetleri – Saad Zaglulyň, Ahmet Araby paşanyň, Gamel Abdel Naseriň we beýlekileriň atlary bilen bir hatarda hormat bilen tutulýar. Çünki olar Müsüre onlarça ýüzýyllyklardan soň, onuň iň soňky faraony – zenan patyşa Kleopatranyň döwründe ýitirilen garaşsyzlygyny alyp beripdirler. Türkmen halkymyzda «Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol» diýen gadymdan gelýän pähimli bir söz bar. Oňa her kim bir hili düşünýär. Ýöne, kim näme diýse-de, bu parasatly söz Müsürde şa bolmagyň hakykatdan hem juda kyn bolandygy üçin dörän bolmaly. Aýdylanlara türkmeniň beýik hökümdarlarynyň bu gadymy ülkäniň taryhynda galdyrypdyran öçmejek yzlary we bitiren beýik işleri şaýatlyk edýär. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |