09:08 Okan ahmyr eder, okamadyk arman :-) | |
OKAN AHMYR EDER, OKAMADYK ARMAN :-)
Degişmeler
Kitapçy saýtynda (şu salgyda: http://kitapcy.ru/news/dostoyewskiy_ we_psihologiya/2021-12-10-18588?lOb_iG) Murat Alpaý atly türk žurnalistiniň F.Dostoýewskiýniň döredijiliginiň gymmatyna bagyşlanan makalasynyň iň soňky sözlemi, şeýle ýazylypdyr: “Dostoýewskiýni okaman bu dünýäden geçip gitmek, adamyň öz durmuşyna edip biljek iň uly ýamanlygydyr...”. Ýazýan adamlaň hemmesem ullakan (ýa-da: “ullokon”) geplemegi (dogrusy: “ýazmagy”) juda gowy görýär. Indi statistika ýüzleneliň: 1989-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndaky hasabata görä: SSSR-de 293 047 571 adam ýaşapdyr. SSSR-ň ilaty, Ýeriň ýüzünde iň köp okaýan ilatlaň biri hasaplanypdyr. 1981-nji ýylyň noýabryna çenli maglumata görä: SSSR-de Dostoýewkiýni 428 gezek, umumy 34,5 millionlyk tiraž bilen çap edipdirler. Bu-da 1 ýylda däl-de, SSSR-iň hereket eden 70 ýylynda. Indi arifmetika ýüzlenýäs: 293 047 571 : 34 500 000 = 8,494132492753623. Tegeleklesegem çykýar: 8,5. Diýmek, diňe birwagtyň özünde, 1 ýylda ýaşaýan SSSR-ň ilatyna Dostoýewskiýniň 70 ýylda çap edilen tiražyny paýlasak, her sekiz ýarty adama bir kitapdan düşýär. Şol üç ýüz milliona ýakyn adamyň hemmesiniň – aýal-erkek, garry-gurty, bala-çaga, maýyp-müjrip, içegen-piçegen, bikär-jepakeş, sergezdan-öwzarly we ş.m. ählisiniň kitap okasy gelip ölüp ýatyr diýip gipotetiki hasap edeliň. Onsoňam öz tejribämden ugur alyp aýdaýyn: Kitaby çalt okaýan. Mundan 28 ýyl ozal Dostoýewskiýniň “Jenaýat we jeza”-syny, takmynan bir hepde-de okapdym. Özem okuwdan, işden boş wagtlarym, başga oýun-güýmenjä baş galdyrman okanymda. Ýöne, menden çalt okaýan bardyr, haýal okaýan bardyr, deň okaýan bardyr. Şo sebäpli, statistikada hiç haçanam bir adamyň tejribesi görkeziji hökmünde alynmaýar. Ýöne onda-da, rus gardaşlarymyzyň: “за неимением гербовой, пишем на простой” diýşi ýaly, başga hasaplamalaň ygtyýarlygymyzda ýoklugy sebäpli, şu birje adamyň tejribesinden ugur alyp, şol gipotetiki sekiz ýarty adamyň barysy gipotetiki bir hepdede Dostoýewskiý agaň bir kitabyny okap ýetişýär diýeliň. Diýmek, şol gipotetiki sekiz ýarty adamyň hemmesiniň gezekli-gezegine Dostoýewskiý agaň birje kitabyny okap çykmagy üçin umumy tegelekläp alsak, takmynan 9-10 hepde geräm bolýa duruberýä. Dostoýewskiý aga bolsa, 8 sany iri roman, 25 sanam powestdir-hekaýa ýazypdyr. Ilki bilen romanlaryny göz öňünde tutup, sekizi dokuza köpeldýäs=72. Soňra 25 powestdir-hekaýaňam her dördüsini bir romanyň göwrümine barabar diýip takmynan alsak, olam bolýa=6. Onam dokuza köpeldsek, bolýa=54. Iki jemimizi goşýas: 72+54=126. 365 günlük 1 ýylda bar, şunça hepde=52,14285714285714. Ýüz ýigrimi altynam bölsek elli ikä, olam bolýa=2,423076923076923. Şeýlelikde, Dostoýewskiý agaň oçerkleridir-makalalaryny hasaba alman: “Murat Alpaý beý, ýokarda mysal getirilen “güýçli” hem “gümmürdili” jümläni aýdanda, diňe çeper eserlerini göz öňünde tutupdyr” diýen gipotetiki çaklamadan ugur alsak, Dostoýewskiý agaň çeper eserlerini basa oturyp okap çykmak üçin, diňe SSSR-ň “okajaň” ilatyna 2,4 ýyl gerek bolýar duruberýär. Onda SSSR-däki ýaly “okajaň dä” ilata näçe wagt gerek bolar? Netije: Arifmetika bilen çyn statistika gowy ylym dä bolýandan bolýan bolmaly. Sebäbi olary ýoýmasy kyn. Oňa derek filosofiýa gowy ylym. Kelläňe gelenini çalak-çulak taraşlap eňteribermeli. Häzirki wagtda Zeminde: “ýaşaýar” diýlip aýdylýan 7,5 milliard adamyň näçesi, Dostoýewskiý agany okadyka? Mysal üçin, Afrika ýurtlarynda, Owganystanda, Siriýada... Ýa-da soragy başgaça formulirläliň: “Şonça adamyň näçesiniň Dostoýewskiýni okamaga eli degýärkä?! Ýa-da has takygy: Dostoýewskiý ýadyna düşýärkä?!". Ýa-da ondanam beter takygy: "Şeýle ýazyjyň taryhda bolandygyny, kitaplarynyň bolsa henizem bardygyny bilýärkä?!”... Ýene-de bir zat: 2014-nji ýylda ÝUNESKO-ň geçiren seljermesiniň netijesinde, Ýeriň ýüzünde 781 milliondan gowrak adamyň doly sowatsyzdygy (ne okap, ne ýazyp bilýändigi) anyklanypdyr. Şol sanda: Hindistanda – 286 million; Hytaýda – 54 million; Päkistanda – 52 million; Bangladeşde – 44 million; Nigeriýada – 41 million; Efiopiýada – 27 million; Müsürde – 15 million; Braziliýada – 13 million; Indoneziýada – 12 million; Kongo Demokratik Respublikasynda – 12 million... (Çeşmesi: https://tass.ru/obschestvo/1646440. 10.12.2021ý.) Kozma Prutkow aýdypdyr: “Многие вещи нам непонятны не потому, что наши понятия слабы, но потому, что сии вещи не входят в круг наших понятий.”. (“Köp zatlaryň bize düşnüksizliginiň sebäbi düşünjämiziň pesligi üçin däl-de, şol zatlaň biziň düşünjelemmiziň çägine girmeýändigi üçin şeýle.”). Şu ýerde, öz-özüme dahyllylykda bir rus nakyly ýadyma düşdi: “Мели, Емеля, твоя неделя.”. Türkmençä çeper terjime etseň: “Geple Jepbe, seňki bu hepde” bolýa :-). Ýa-da: “Ýaňra Gazak, seňki gezek” bolýa :-). Ýa-da: “Samra Nobat, seňki nobat” bolýa :-). Ýa-da: “Eňter Bulak, seňki gulak” bolýa :-). @Mango agza aýtmyşlaýyn: -Hoşuňlar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||