16:12 Ömür heññamy | |
ÖMÜR HEŇŇAMY
Edebi makalalar
• ýa-da Şa şahyr Ysmaýyl Hataýy hakynda edebi-taryhy söhbet Gadymy Häzirbegjan topragynda esaslandyrylan sefewi türkmenleriniň döwleti halkymyzyň köp müň ýyllyk taryhynda özboluşly yz galdyrypdyr. Bu döwleti özlerini türkmen, tekeli, awşar, gajar, baharly, baýat rumly, şamly, üstitäçli, zülkadar... diýip atlandyran jemi 30-dan gowrak türkmen tireleridir taýpalary esaslandyrypdyr. Sefewileriň döwründe edebiýat, sungat, binagärçilik we ylym uly ösüşlere eýe bolupdyr. Elbetde, sefewilerde ylma, medeniýete, sungata söýgi we sarpa tarpdan döremändir. Ol türkmenleriň seljukly, osmanly, garagoýunly we akgoýunly döwletlerinden gelýän görelde. Bu görelde Sefewi türkmenleri tarapyndan kabul edilipdir we has-da kämilleşdirilipdir. Sefewi türkmenleriniň döwletini esaslandyran Ysmaýyl Hataýynyň (1487 – 1524) özi şa şahyr bolupdyr. Bu edenli hökümdar giçki orta asyrlarda türkmen diliniň, onuň ylmyň, edebiýatyň we döwlet dolandyryşynyň diline öwrülmeginde ägirt uly işleri bitiripdir. Sefewiliriň döwletiniň döremegi gyzylbaş taýpalarynyň hereketi bilen baglanyşykly bolupdyr. «Sefewi» ady düýbi Häzirbegzanyň Ardebil şäherinde ýerleşýän sopyçylyk guramasyny esaslandyran Sefi ed-Din Yshak şyhyň (1252-1334) ady bilen baglanyşyklydyr. Ol belli derwüş Zahyt şyhyň şägirdi hem-de giýewsi bolupdyr. Sefi ed-Diniň Zahyt şyhyň ornuna gelmagi bilen onuň abyraýy has-da artyp ugraýar. Onuň köpsanly muritleri (sopylary) bolupdyr. XV asyryň ortalaryndan başlap sefewileriň esasy daýançlary Häzirbegjanyň we Kiçi Aziýanyň şaýy mezhebine uýýan we osmanly türkmenlerine garşy durýan türkmen çarwa taýpalary bolupdyr. Telpeklerine hem-de sellelerine onki ymamy aňladýan onki zolakly gyzyl mata daňýandyklary üçin olary XV asyryň ikinji ýarymyndan başlap «gyzylbaşlar» diýip atlandyrypdyrlar. Gyzylbaşlar aýratyn hem Sefi ed-Diniň neslinden bolan Jüneýt şyhyň (1460-ny ýylda şehit bolan) we onuň ogly Haýdar şyhyň (1488-nji ýylda şehit bolan) döwründe güýçlenipdirler. Sefewiler Teýmirleňiň nesilleri we akgoýunly türkmenleri ýakyn gatnaşyklary saklapdyrlar. Jüneýit şyhyň aýaly Hatyja begim meşhur akgoýunly türkmen patyşasy Uzyn Hasanyň (1466-1478) aýal doganydy. Haýdar şyhyň aýaly Älemşah begim (Marta) bolsa Uzyn Hasanyň gyzydy. Maglumatlardan mälim bolşy ýaly, Uzyn Hasan Haýdar şyhyň daýysy hem-de gaýyn atasy, onuň ogly Ysmaýylyň bolsa babasydy. Sefewiler Gruziýa, Trapezunda häli-şindi ýörişleri geçiripdirler. Her gezek ýörişe gidilende olar Şirwanşalaryň ýurdunyň üstünden geçýärdiler, bu bolsa olar bilen gazaply uruşlara getiripdir. Şol uruşlarda Juneýidem, Haýdaram öldürilipdir. Uzyn Hasan aradan çykandan soň akgoýunlylar bilen sefewileriň arasy hem bulaşypdyr. Haýdar şyh ölenden soň Ýakup Akgoýunly Ardebili alýar (1488), şonda ol onuň ogullaryny hem ele salypdyr. Ýöne Haýdaryň körpe ogly Ýsmaýyly (1487 doglan) wepaly gyzylbaşlar Gilýanda gizläpdirler. XVI asyryň başlarynda Eýranda bütewi döwlet ýokdy. Onuň köp bölegi Teýmirleňiň nesilleriniň, beýleki bölegi bolsa akgoýunlylaryň elindedi. Emma 1499-njy ýylda Akgoýunlylaryň döwletem ikä bölünipdir. Ýurtda nägilelik güýçlenýär. Mundan bolsa gyzylbaşlar peýdalanyp, olar baş göterýärler. Onki ýaşly Ýsmaýyl öz halypasy Hüseýin beg Şamly bilen Gilýandan üstitäçli taýpasynyň ýazlagyna gelýärler. Ony sefewileriň neslinden galan ýeke-täk zürýat hökmünde uly şatlyk bilen garşylaýarlar. Olar 1500-nji ýylda Şirwanşa Ferruh Ýeseriň garşysyna ýörüş edip, Şemahany we Bakuwy, bir ýyldan bolsa Elwent Akgoýunlyny ýeňip Töwrizi eýeleýärler. Bu ýeňişlerden soň bütin Häzirbegzan sefewileriň ygtyýaryna geçýär we onbäş ýaşly Ysmaýyl (1502-1524) Eýranyň şalar šasy diýip yglan edilýär. Tiz wagtdan şa Ysmaýyl Kazwini, Kaşany, Kumy, Şirazy Ýezdi, Kermany alýarlar, 1506-1510-njy ýyllarda bolsa Ermenistan, Kürdistan we Yrak eýelenýär. 1510-njy ýylda şa Ysmaýyl Merwiň golaýynda özbekleriň hökümdary Muhammet Şeýbany hany agyr ýeňlişe sezewar edýär we bütiň Horasan bilen Seýistan sefewi döwletiniň düzümine goşulýar. Şeýlelikde ägirt uly Sefewi ýa-da Gyzylbaşlar döwleti ýüze çykýar (1502-1736). Şa Ysmaýyl Osmanly soltanlary bilen oňuşmandyr. Şonuň üçin hem iki döwletiň arasynda yzygider uruşlar alnyp barlypdyr. Aýratyn hem 1514-nji ýylyň 23-nji awgustynda bolup geçen Çaldyran söweşi gazaply bolupdyr. Bu söweşde şa Ysmaýyl Osmanly soltany Selim Ýowuzyň (1512-1520) pälwany Malkoçogly bilen başa-başa söweşe çykypdyr. Osmanly pälwany söweşde öldürilipdir, şa Ysmaýyl bolsa agyr ýaradar bolupdyr. Çaldyran söweşinde düşen ýaradan ol aýňalyp bilmändir we 1524-nji ýylda 37 ýaşynda aradan çykypdyr. Sefewileriň türkmen bolandygy şübhe döretmeýär. Bu döwletiň taryhyna degişli ýazuw ýadygärlikleri bilen tanşanyňda olaryň hakykatdanda türkmen bolandyklaryna göz ýetirýärsiň. Muhammet han Türkmen, Haýdar soltan Çapyk Türkmen, Pirpudak han Türkmen, Ärdogdy beg Tekeli, Ýegen beg Tekeli, Weli soltan Tekeli, Han Wezir beg Baharly, Gylyç beg Garamanly, Baýram beg Garamanly, Oraz han Rumly, Gurban soltan Rumly, Weli halypa Awçy Şamly, Gorkmaz han Şamly, Kuly beg Awşar, Weli han Awşar, Halyl han Awşar, Tozgoparan Garapiri beg Gajar, Ymamguly han Gajar, Toýgün beg Gajar, Şaguly soltan Ýegen Üstitäçli, Köpek soltan Üstitäçli, Gylyç han Üstitäçli, Muhammetguly halypa Gorkuly Zülkadar, Şaguly halypa Zülkadar, Şageldi aga Jylawdar ýaly şahsyýetleriň atlaryny okanyňda «şu adamlaryň türkmen däldigine güwä geçip biljek adam barmyka?» diýen sorag öz-özünden döreýär. Şa Ysmaỳyl Hataỳynyň ömür ỳoly, onuň esaslandyran Sefewiler döwleti baradaa barada azerbaỳjanly ỳazyjy Aziza Muhammedowa rus dilinde birnäçe eserleri döredipdir. Türkmen taryhy bilen aỳrylmaz baglanyşygyny nazarda tutup, onuň eserlerinden bölekleri türkmen diline terjime edip okyjylarymyza hödürleỳäris. ■ Sebetde geçirilen gün Lahyjanyň baglary kiçijik Ysmaýyla diýseň ýarady, bu ýerde ol ahyr janyna aram tapdy. Ýedi ýaşlyja oglanjygyň başyna düşen külpetlerine, çeken ejirlerine uly ýaşly adamam çydap bilmezdi. Şonuň üçin hem Ysmaýyl öz deň-duşlaryndan has ekabyr görünýärdi. Indi ol Lahyjanda Gilýanyň emiri Mürzalynyň köşgünde özüni diýseň erkin duýýardy. Emma her gezek köşgüň töwereginde nätanyş adam görnäýdigi ony derrew gizleýärdiler. Şonda onuň çaga ýürejigi gürs-gürs edip adatdakysyndan has çalt urýardy. Ol kysmatyna kaýyl bolup, buky ýere tarap ýüzüni aşak salyp ugraýardy, soňam buky ýerden çykarylmagyna sabyrlylyk bilen garaşyp oturýardy. Şonda onuň ýeke-täk höwri kitaplarydy. Howp sowlandan soň oglanjygy daşary çykarýardylar, ol erkinlikden misli serhoş bolan kibi, derrew eline kiçijik gylyjyny, naýzasyny, ýaýyny we peýkamlaryny alýardy. Ysmaýylyň harby türgenleşigi emir Mürzalynyň we beýleki hanlaryň ogullary bilen bilelikde, Muhammet beg Türkmeniň ýa-da onuň inisi Ahmet beg Türkmeniň gözegçiliginde geçirilýärdi. Haýdar şyhyň ýedi ýaşly ogly gylyja we ata diýseň gowy erk edýärdi. Bu zatlar oglanjyga oýnuň ornuny tutýardy. Elbetde, şeýle «oýunlar» Ysmaýyla ýaraýardy, emma olar oňa başyndan geçen ýowuz günlerini, ezýet çeken ýüregindäki gussalaryny ýatdan çykarmaga mejbur edip bilmeýärdiler. Dagystanyň Şirwan bilen araçäk ýerleriniň birinde onuň kakasy Haýdar şyh öldürilenden soň ardebilli sopylar tapdan düşüpdiler we şonuň üçin hem Uzyn Hasanyň ogly Soltan Ýakup Ardebili eýeläpdi. Ysmaýylyň kakasy hiç hili ýadyna düşmeýärdi, hatda onuň ýüz keşbini, boý-syratyny hem göz öňüne getip bilmeýärdi. Emma ejesi Marta - Älemşah begim onuň gowy ýadyna düşýärdi. Soltan Ýakubyň aýal dogany, Uzyn Hasanyň Trabzonyň grek hökümdary Homneniň gyzy Katerinadan - Despine hatyndan bolan gyzy Älemşah begim ogullary bilen galada öý tussaglygynda saklanýardy. Özleriniň Istahr galasynda bendilikde saklanyşlary Ysmaýyljygyň ýadyna düşdi. ...Soltan Ýakup ölenden soň Ysmaýylyň doganlarynyň arasynda oňşuksyzlyklar başlady: olaryň her biri häkimýeti öz eline aljak bolýardylar. Wepat bolan Haýdar şyhyň ornuny onuň uly ogly Soltanaly eýeledi.Ol körpe inisini sefewi şyhlarynyň eline berip, ortanjy inisi Ybraýym bilen babasy Uzyn Hasanyň öz garşysyna çykan ogullary bilen uruşmaga gitdi. Doganlaryň ikisi hem uruşlarda wepat boldy, olaryň müritleri bolsa körpe Ysmaýyly Ardebilden alyp, gizlin ýollar bilen howpsuz ýeriň gözleginde ülkeden-ülkä äkidýärdiler we ahyrsoňy ony Lahyjana getirdiler. Ýöne Lahyjanda-da howsalalydy. Uzyn Hasanyň ogly Rüstem patyşa Gilýanyň emiriniňkä çaganyň özüne berilmegini talap edip häli-şindi çapar iberýärdi. Emma Mürzaly her hili bahanalar bilen patyşanyň talabyny ýerine ýetirmeýärdi. Şeýle ýagdaý tä bir gije öz ynamdar adamlarynyň biri Mürzala, Rüstem patyşanyň onuňka ýene-de çapar iberendigi, özem çaparyň goşun bilen gelýändigi hakyndaky habary getirýänçä dowam etdi. Şol gije Mürzaly ynjalykly ýatyp bilmedi. Entäk gün dogmanka kimdir biri derwezäni güýçli kakdy. Mürzaly derrew ýerinden turdy. Hyzmatkärler entäk ýatyrdy. Emir eýwana çykdy we ýarym ukuly hyzmatkär bilen derwezäniň öňüne bardy. Habar getiren emiriň dostlarynyň biri bolup çykdy. - Aga, ýol bilen Rüstem patyşanyň üç ýüz atlysy gelýär. Günortan olar Lahyjana gelerler. Atly gitdi. Dogrusy, gelýänlere Mürzaly eýýäm jogap taýýarlap goýupdy. Diňe ony howlukman amala aşyrmak galypdy. Öňi bilen Ysmaýyly görüp, ony täze betbagtçylyga taýýarlamalydy. «Eýýäm şyhlyga ýetişen-de bolsa, ol entäk çaga ahyryn – diýip Mürzaly gynandy. – Onuň ýaşajyk başyndan gör ňähili agyr wakalar geçdi, ol nähili synaglara döz gelmeli boldy. Şujagaz ýaşynda-da, ol nämeleri görmedi. Hatda ýigrimi ýaşly ýigitlerde-de şeýle seýrek duşýan bu akyl, bu ugurtapyjylyk oňa Alla tarapyn berlipdir! Wah, ýöne ol, barybir çaga ahyryn...» Şu pikirler bilen Mürzaly Ysmaýylyň otagyna girdi we esli salym haýran galyp durdy. Oglanjyk hamana uzak bir ýurda ugrajak bolýan ýaly eýýäm taýýar bolup durdy. Onuň egninde gyrasy gara parawuzly gök dony bardy. Donuň aşagyndan lowurdawyk gara sapaklar bilen keşdelenilen juw-ak köýnegi görünýärdi. Kiçijik sellesiniň ujy onuň eňeginiň aşagyndan sallanyp durdy – oglanjyk nätanyş adam göräýdigi, haýal etmän, sellejiginiň ujy bilen ýüzüni ýapýardy. Derwezäniň gaty-gaty kakylmasy çagany oýaran bolmaly, sebäbi agyr günleri başdan geçiren oglanjyk eýýäm taýýar bolup durdy. Emir geň galyp sorady: - Janym saňa gurban bolsun, näme beýle ir turupsyň? Oglanjygyň kiçijik dodaklary ajy ýylgyrdy, soňam çagaňka meňzemeýän çynlakaýlyk bilen jogap berdi: — Men bu ýerden haýal etmän ugramaga taýýar bolmaly diýip pikir etdim. — Wah, janym saňa gurban bolsun, sen nirä gitmek hakynda gürrüň edýäň? — Eger-de hiç ýere gitmeli däl bolsa, onda näme üçin säher bilen derwezäni gaty-gaty kakdylar, onsoňam sen näme üçin beýle aladaly görünýäň? Emir Mürzaly öz ýanyndan çaganyň düşbüligine ýene-de bir gezek geň galdy; onuň ajy ykbalyna ýüregi gyýyldy. — Janym saňa gurban bolsun, eý şyhym, sen dogry aýdýaň! Seni yzarlap biziň köşgümize bela-beter gelýär.Ynamdar adamlarym meniň ynandyrmalarymyň patyşany kanagatlandyrmadygyny habar berdiler, indem ol seniň yzyňdan uç ýüz atly iberipdir. Hä diýmän olar Lahyjana ýetip gelerler. Olar köşgüme gelip, meni kasam etmäge mejbur etseler gerek. Ysmaýyl çaga häsiýetli bolmadyk sowukganlylyk bilen sorady: — Sen näme maslahat berýäň? — Şyhym, meniň maslahatym saňa bagly! Mende bir pikir bar. Eger-de razy bolsaň, maňa-da rugsat berseň – men bela-beteri sowmagyň bir alajyny ederin. — Sen näme maslahat berseň – men razy. —Berekella oglum! – diýip, Mürzaly begençli seslendi. Ysmaýyl ata söýgüsini bilmeýärdi. Dogry, haçanda, hemmesi bile bendilikde otyrkalar, ejesiniň we doganlarynyň özüni söýýändikleri ýadyna düşýärdi. Kakasynyň inisi Hüseýin beg, iki dogan, Muhammet beg bilen Ahmet beg Türkmenler hem onuň üçin diýseň mähribandylar – çünki olar Ysmaýylyň iň golaý hossarlaryna öwrülipdiler. Haçan-da ony ondan oňa äkidip gizleýärkäler, olar oglanjygy gorap, janlaryny orta goýýardylar. Özüne wepaly köp sanly adamlaryň arasynda iki sany zenanyň ady Ysmaýylyň ýadynda ykjam galypdy. Olaryň birini Hanjan diýip atlandyrýardylar, Ysmaýyl onuň öýünde bir aýlap ýaşapdy. Beýlekisi - Uban atly tebip aýaldy – ol oglanjygyň ýaralaryny bejeripdi. Kim özüne hoşgylaw bolan bolsa, Ysmaýyl ýadyndan çykaranokdy, doga-töwürlerinde hemişe olary ýatlaýardy. Wepaly adamlar ony gözleriniň göreji ýaly goraýardylar; çünki ol hut keramatly şyh Jüneýdiň neslindendi. — Näme maslahat berýäň, aýt, - diýip Ysmaýyl buýruk berdi. — Şyhym, olar seniň gaýtarylyp berilmegiňi talap etmezleri ýaly, men seniň şu ýerde ýokdugyň barada Kurandan ant içmeli. Şeýtmäge maňa rugsat ber. Geçen gije düýşümde men seniň beýik kakaňy gördüm, ol maňa goluny uzadyp meni duşmanlarymdan halas etdi. Indi men Rüstem patyşanyň talaplaryndan nädip hemişelik halas bolmalydygyny bilýärin. Diňe sen rugsat berseň bolany! — O nämäniň rugsady? — Seniň meniň topragymda ýoklugyň barada ant içmeli. —Ýöne men olar gelýänçäler seniň topragyňdan gidip ýetişmäýmesem! Meň agamam bu ýerde ýok.. Onsuz... Mürzaly iki elini galdyrdy: — Haý, haý, duraweri! Eger-de, men saňa öýümden bir ädim uzaklaşmagy teklib eden bolsam, goý meniň dilim gurasyn! Sen şu ýerden hiç ýere-de gitmersiň, men muňa ýol bermerin. — Onda... Emir Mürzaly gapa parap öwrülip gygyrdy: — Gulam, getir şol sebedi! Otagyň içine hyzmatkär girdi. Ol şaly samanyndan örülen ullakan hem-de ýumşak sebedi ýerde goýdy, soňam iki epilip çykyp gitdi. Ysmaýyl ilki sebede, soňam emire seretdi. Mürzaly düşündirmäge başlady: - Gara başym gurban bolsun seň üçin, aýtjak sözlerimi alma göwnüňe. Patyşanyň çaparlary şu ýerde bolan wagtynda, menem kasam içenimde, sen birnäçe sagatlap agaçdan asylyp goýlan şu sebediň içinde oturarsyň. Men kasam içip, seniň bu ýerde ýokdugyňy olary ynandyrmagy başararyn. Ine, meniň bar maksadym. Ysmaýyl haýran galyp durdy. Soňam başyndan geçen ähli ejirleri hakynda pikir etdi: ony günläp, hepdeläp gizlin ýerzeminlerde, tamdyrlarda, demirçileriň körüklerinde gizläp saklapdylar; indem birki sagatlap sebetde oturanyň bilen näme bolýar?! Haçanda Ysmaýyl «razy» - diýende Mürzaly begenjini saklap bilmedi. Ol hatda hyzmatkärler hem bu syry bilmezler ýaly, hemme zady bir özi taýýarlamak üçin haýdap otagdan çykyp gitdi... Şindi gün heniz naýza boýy galmanka günlükçi ýetip gelen goşunyň serkerdesiniň öňünde beýik derwezäniň iki tarapyny hem giňden açdy. Bähram kazy gök öwsüp duran giň howla girip atdan düşdi. Ol geň galdy: Rüstem patyşa Haýdar şyhyň ogly Ysmaýylyň şu ýerde, emir Mürzalynyň howandarlygynda gizlenýändigini, birnäce gezek bu ýere gelen çaparlara onuň berlip goýberilmändigini aýdypdy. Ol emiri gowy tanaýardy, onuň batyr esgerdigini hem bilýärdi. Onuň derwezesinden söweşmän ata däl, eýsem gatyram çykaryp boljak däldi. Eger-de şyh bu ýerde bolsa, onda näme üçin gelenleriň öňünde derwezäni şeýle arkaýyn açdylarka? Emir Mürzaly gelenleri edil gadyrly myhmanlar ýaly mähirli garşylady: — Baş üstüne, baş üstüne, Bähram kazy, biziň illere hoş gelipsiň, sapa gelipsiň. Hyzmatkärler haýal etmän atlaryň jylawuny ellerine alyp olary biraz gezdirdiler, soňam başlaryna iýmli torbalary geýdirdiler. Bähram kazy nökerlerine köşgi gabamagy we taýýar bolmagy tabşyryp, emir Mürzalynyň yzy bilen onuň köşkdäki giň otagyna girdi. Eýýäm ertirlik edinmek üçin giň saçak ýazylypdyr. Bada-bat saçaga tagamly naharlar, datly şerbetler getirildi. Dem-dynjyny alyp, Bähram kazy işe girişdi: — Patyşahy Äleme gelip ýeten habarlara görä, ardebilli sopylaryň şyhy Ysmaýyl ibn Haýdar şyh ibn Jüneýt şyh seniň howandarlygyňda saklanýarmyşyn. Meni we meniň adamlarymy şeýle myhmansöýerlik bilen garşylanyňa men senden minnetdar agam. Ýöne, hakykatdan hem Patyşahy Älemiň aýdýanlary dogry bolsa, onda onuň hökmüni berjaý etde, Ysmaýyly bize ber. Onuň biziň elimizde howpsuzlykda saklanjakdygyna men saňa söz berýärin. Onsoňam ol patyşanyň jan ýaly ýegeni ahyryn! «...Hä, şeý diýsene, Ysmaýylyň doganlaryny hut şol jan ýalyja daýysynyň öldürendigini käşgä ikimizem bilmeýän bolsak...». Näme pikir edýändigimi gözüme seredip biläýmesinler diýýän ýaly, Mürzaly derrew gürläp başlady: — Men patyşanyň çaparlaryna ähli zady bolşy-bolşy ýaly edip aýtdym. Meniň ýurduma Ysmaýyl atly adamyň dabanam düşenok. Isleseň Kuranyň üstünde elimi goýup ant içeýin? — Ýeri, bolýar! Men seniň kasamyňy kabul edýän, patyşanyň huzuryna baryp, oňa hemme bolan zatlary ýetirerin. Mürzalynyň buýrugy bilen hyzmatkärler altyn bilen zerlenen Kurany getirdiler. Lahyjanly kazy bilen goşun mollasy hem geldi. Mürzaly ýerinden turup köşgüň hammamyna täret kylmaga ugrady. Soňam eli namazlykly dolanyp geldi. Adata görä, emir sag elini Kuranyň üstüne goýdy. Ol howluda gögerip oturan äpet tut agajynyň kuwwatly şahasyndan asylgy duran sebede tarap seretmezlige çalyşýardy. Düýşünde kimiň gollaryny görendigi hakynda oýlanyp, içinden nalyş etmäge durdy: «Eý şyhym, eý ruhlaryň ruhy, eý biziň dinimiziň jarçysy, eý sopylaryň serweri. Şu zalymlaryň elinden seniň öz dowamatyňy – öz çagaňy halas etmek üçin ant içmäge maňa güýç-kuwwat ber!» Soňam üç gezek elini ýüzüne sylyp Kuranyň üstünde elini goýdy. Emir gaty sesi bilen, patyşanyň golaý-goltumda, uzakda duran ähli adamlarynyň ýadynda galar ýaly gygyrdy: — Mukaddes Kurandan ant içýän! Meň ýurdumda Ysmaýyl ibn Haýdar şyh ibn Jüneýt şyh ýok! ... Bähram kazy batyr serkerdedi. Ol ajaýyp adamyň, edil özi ýaly batyr esgeriň sözüne ynanman, oňa ant içdirenine hapa boldy. «Walla, biziň patyşamyzyň bolşy birhili-aý. Jan ýaly bibisiniň iki ogluny öldürdi, ýöne barybir içi sowanok. Ine, indem ýumruk ýaljak oglanjygyň yzynda ylgap ýör, diri galsa, hamana, ýurdy başyna ýumrulaýjak ýaly. Menem kyn güne goýdy, üstesine-de hormatly adamy masgara etdi. Oňa ynanmazçylyk etdiler, menem ryswa boldum....». Şeýle pikirlerden soň Bähram kazy kynlyk bilen ýerinden turdy, soňam emire bakyp: —Eý gadyrdan Mürzaly sen meniň bar keýpimi gaçyrdyň! Ýap-ýaňyja üstünde eliňi goýup ant içen şol keramatly kitabyňdan menem ant içýän – entek men Rüstem patyşanyň gullugynda durýarkam, seniň öýüň abadan bolar! Sen meni bagyşla: dünýäde buýrugyň guly bolmakdan ýaman iş ýok eken. Mürzalynyň ýüregine rahatlyk aralaşdy. Ol mylakatlylyk bilen myhmana jogap berdi: — Eý, agam, seniň aýdýanyň näme!? Men seniň ýagdaýyňa gowy düşünýän. Wah, patyşanyň gulagyna ýalan-ýaşryk zatlary ýetirip, ony dogry ýoldan sowýan şol näkeslere nälet bolsun... Atlylar köşkden entek gaty uzaklaşyp ýetişmänkäler Mürzaly, agaçdan asylgy «zyndanda» oturan Ysmaýyla tarap ylgady, ýüpi çözüşdirip, sebedi derrew ýere düşürdi. Oglanjygyň rahat oturandygyna garamazdan, onuň gözleri diýseň aladaly bakýardy. «Munuň ýüzüniň agyna seretsene!...Ýogsa näme! Haçan ol gün şöhlesini görüpdir? Ýerzemindemi ?! Haçan ol asmany görüpdir? Guýyň içindemi! Wah, betbagt çaga!» Mürzaly ýylgyrmaga çalyşdy: — Eý oglum, indi bizde gorkar ýaly zat ýok Men Bähram kazynyň sözlerine tüýs ýürekden ynanýan. Entek ol patyşanyň hyzmatyndaka – meniň öýüme, esasan hem saňa zelel gelmez. Ýöne barybir hüşgär bolmaly: büdremeýän aýak, çolaşmaýan dil bolmaýar ahyryn. Ysmaýyl sebediň içinden çykdy. Onuň entegem tolgunýandygy bildirýärdi. Ýöne emiriň sözlerini ýaşajyk şyh jogapsyz goýmak islemedi: «Goý ol özüniň men barada nähili alada edendigine düşünýändigimi bilsin». — Men hemmesini eşitdim. Maňa eden ýagşylyklaryň üçin saňa ymam Alydan gaýtsyn! — Eý Allajan özüň eşit! Şeýdip Ysmaýyl Mürzalynyň köşgünde ýene-de alty ýyllap ýaşady... * * * Haýdar şyhyň ogly özünden bary-ýogy iki-üç ýaş uly ýigidi üns berip synlady. Rahym begiň aladaly ýüzünde wepalylyk we ynamdarlyk, haýpygelijilik we sadyklyk alamatlary boldirip durdy. Esgeriň çep gaşyndaky ýaraň yzy şindi gyzaryp durdy – şol ýaranyň taryhy hökümdaryň gowy ýadyna düşýärdi, şol ýara düşeli bäri entek bir ýyl hem geçmändi. Şonda ol alty ýyllap Mürzalynyň öýünde bolandan soň Lahyjandan öz adamlary bilen Ardebile ugrapdy. Emma Ardebiliň emiri Jeýirli Solatanaly beg akgoýunly şazadasy Elwebnt Mürzäniň adyndan ony şähere goýbermekden boýun gaçyrdy. Ol wagtlar ýaşajyk Ysmaýyl entek şalyga göterilmändi. Özüne wepaly bir ýarym müňe golaý adamlaryň arasynda onuň üçin iň golaýy, iň mähribany agasy Hüseýin beg, Abdylla beg, agasy Halap beg, doganlar Rüstem bilen Baýram Garamanly, Hynysly Ylýas beg, Aýgyt ogly, Garapiri Gajar dagydy. Deýlem welaýatynyň üstünden geçip, talyş emiriniň ygtyýar bermegi bilen olar Astara girdiler. Gyşy Ärjüwentde geçirdiler. Ana şol ýerde-de Rahym begiň gaşyna ýara düşmegine sebäp bolan waka bolup geçdi. Mälim bolşuna görä, şazada Elwent Mürzäniň unamagy bilen Jeýirli Soltanaly beg Ysmaýylyň janyna kast etmegi gurnapdyr. Şol gije Haýdar şyhyň oglunyň çadrynyň öňünde Baýram begiň adamlary nobatçylyk edipdiler, gapyň agzynda bolsa onuň inisi Rahym beg sakçy durupdy. Rahym beg hüşgärligi bilen Ysmaýylyň garşysyna gurnalan dildüwüşigiň öňüni almgy we ony halas etmegi başarypdy. Şonda ol kellesinden agyr ýaralandy. Bu wakadan soň Ysmaýyl haýal etmän Ärjüwentden gitmäge mejbur boldy. Ýaraly Rahym begi atyň üstüne berkidilen kejebä salyp alyp gitdiler. Ony şeýdip, tä sagalýança bir ýyla golaý ondan-oňa äkitmeli boldy. Bütin bir ýyllap her gün ýolda boldylar! Dildüwşükleriň ikisiniňem Baýram we Rüstem Garamanly tarapyndan üsti açylandygy üçin olaryň abraýy Ysmaýylyň we onuň müritleriniň ýanynda artdy. Ärjüwentden çykyp gitmek bilen Ysmaýylyň müritleri Türkiýä, Damaska we beýleki şäherlere Jüneýt şyhyň we Haýdar şyhyň gandarlaryna garşy göreşmek üçin öz jarçylaryny iberýärdiler. Olaryň özleri bolsa Ysmaýyl bilen Garabaga we Gökçaýa gitdiler. Gökçaýda garagoýunlylaryň emiri Soltan Hüseýin olary dabara bilen garşylamagy we şonda Ysmaýyly öldürmegi maksat edinýär. Emma emirler onuň süýji sözlerine ynanmandyrlar we Ysmaýyly Çukur Sähede alyp gidýärler. Şeýdip emirler öz mürşitlerini ýene-de kast etmeden goradylar. Erzinjanda mejlis çagyryldy. Bu ýere garamanly tiresiniň wekili Rahym begiň ugratmagynda Ysmaýyl hem geldi. Serişde toplamak üçin Hynysly Ylýas beg Mantaş galasyna, Halap beg bolsa – Ahalsihe ugradyldy. Zerur mukdarda serişde toplanandan soň, Şirwanşa Ferruh Ýeser duşman diýlip yglan edildi. Gazawat yglan etmek bilen kazylar Erzinjandan Şirwana ýöriş geçirdiler. Indi Ysmaýylyň ygtyýarynda ýedi müň atly, şonça-da pyýada goşuny bardy. Hemişe bolşy ýaly, onuň çadrynyň goragçylary Baýram beg Garamanlynyň şa nökerleridi, olaryň arasynda Ysmaýyly halas eden Rahym beg hem bardy. Çünki hut şol juwan kazynyň erjelligi bilen ol halas bolupdy we Şirwana ýetip ýeňiji serkerdä hem-de hökümdara öwrülip bilipdi. Şu ýerde bolup geçen bir waka onuň biygtyýar ýadyna düşdi... Bäh, ol eýýäm näçe gezek geçmişe ýüzlenmeli bolupdy. Çaga hakydasy örän ýiti bolýar diýip aýdýarlar. Hakykatdan hem onuň daýysy bilen duşuşygy gözüniň öňünden edil aýnada görnen ýaly bolup geçdi. Kakasy Soltan Haýdaryň haýyşy boýunça Älemşah begim dogany Soltan Ýakup ibn Yzyn Hasanyňka gitdi. Ejesi ýanyna kiçijik Ysmaýyly hem aldy. Sebäbi ol körpe oguljygy ýanynda bolmasa bir günem oňup bilmeýärdi, üstesine-de daýysyna ýegenini görkezmek hem isleýärdi. Soltan Ýakup ol döwürler Töwrüzde oturýardy. Ysmaýyl ýaşyna görä däldi: ol ähli zatlary bilesi, düşünesi gelýärdi, gören eşiden zatlaryny bolsa pugta ýatda saklaýardy. Töwrüzde myhmançylykda bolan günlerinde agasy bilen uýasynyň arasynda gyzgyn jedeller gidýärdi. Çaganyň aňynda edil gyzgyn demir bilen basylan ýaly bolup daýysy Soltan Ýakubyň hoşlaşyk pursaty ejesine aýdan sözleri galypdy:«Meniň mähriban uýam sen öz adamyň arkasyny tutup bizi ýok etjek bolýarsyň. Beýtseň özüňi ösdürip-ulaldan ataň öýüňe, öz süýtdeş doganyňa duşman bolarsyň. Şirwanyň başdan aýak ähli ýerinde sünnüleriň ýaşaýandygyny bütin älem bilýär. Seniň söýgüli adamyň olaryň ählisini ýok etmek isleýär, biz bolsak, eger ol bu işe girişse, biziňem siziň üstüňüze barjagymyzy bilýär. Eger-de sen döwlet syýasatyndan başyň çykýan bolsa, eger-de enemiz Sara hatynyň ýoly bilen gitjek bolsaň, gowja pikir et. Kime nähili täsir etmelidigiň, kimiň maslahatçysy bolmalydygyň barada pikir et. Dogan dogany öldürýän bu urşuň kime peýdaly, kime zyýanlydygy barada oýlan. Ýöne barybir men seniň öz adamyň niýetinden dänmejegiňi, biz bilen bile bolmajagyňy bilýärin. Sebäbi onuň ýeňşi seniň ýeňşiň. Ýöne, şonda-da gowja pikir et!» * * * «…Hökümdar mazaryň töwereginde bolýan zatlara hiç üns bermeýärdi. Iki gün mundan ozal mollanyň dogalarynyň astynda mazary açdylar. Jüneýt şyhyň jesedini çykaryp, kepene doladylar we ogly Haýdar şyhyň jesedi ýerleşdirilen tirmäniň – ýukajyk ýüň matanyň içine saldylar. Soňra jesetleri kybla – Mekkä tarap öwürdiler. Kakasy Haýdar şyhyň Tabarsarandan getirilen jesedini we atasy Jüneýt şyhyň jesedini juwan Şyhyň – agtygyň hem-de ogluň öňünde goýdylar. Arabanyň iki tarapynda gara geýnen on sany ýaş atly ýigitler hatara durdylar. Gara atlaryň üstünde oturan ýigitler jan giren matam heýkellerine meňzeýärdiler. Arabanyň yzyndan hökümdaryň özi, ýanynda bolsa Baýram beg Gramanly, Rahym beg, Muhammet beg Üstitäçli, Läle Hüseýn beg Begdili we beýleki köşk adamlary hem-de serkerdeler ugradylar. Jüneýt şyh bilen Haýdar şyhyň jesedini alyp barýan ýas ýörişi başlady. Howa diýseň gowudy. Tebigat hökümdaryň arzuw-hyýallaryny Samur jülgesiniň gözellikleri bilen has-da joşdurýardy, derýanyň şildiräp akýan sesi meýmiredip, ony kynçylykly çagalyk ýllaryndan soň dadan ilkinji ýeňişleriniň we söýgüsiniň ýyllaryna alyp gitdi. Indi ol hyýalynda Täçli hanymyň ýanyndady... ... Edil ähli näzeninlere mahsus bolşy ýaly, owadan ýaz haýallyk bilen ýetip gelýärdi. Ýaz edil ýüregiň kadaly, arkaýyn urşy ýaly aşyk-magşuklaryň gulagyna: «Men barýan, men barýan!» diýip çawuş çakýardy. 1514-nji ýylyň 22-nji fewraly şähetli güne – çarşenbe gününe düşdi. Şahabat obasynda toý tutulýardy: Şa Ysmaýyl Hataýy birinji gelnini köşge getirýärdi. Ol Soltan Ýakubyň çowlugy, iň meşhur gadymy türk[men] kowumlarynyň biri hasap edilýän Begdili-Şamly taýpasynyň serdary Abdyn begiň gyzy Täçli hanymdy. Ysmaýyl ýaşlykdan Täçli hanymy, kä at çapyp ýörkä, käte bolsa özi ýaly gyzlar bilen eli gylyçly özara uruşýarka görýärdi. Ine indi Täçli hanymyň köşge gelenine birnäçe ýyl geçipdir. Şindi ýaşajyk gyzka ony ugratmaga çykan taýpasynyň gyzlary şeýle aýdym aýdypdylar: - Şöhrat bolsun seniň tagtyňa gelin! Şöhrat bolsun seniň bagtyňa, gelin! Ak gollaryň gyzyl hyna boýapsyň, Şöhrat bolsun akja alkyma gelin! Hakykatdan-da, Täçli hanym tebigatyň döreden hakyky gudratydy. Oňa gözellik, akyl-paýhas we edermenlik bolluk bilen berlipdi. Göwnüňe bolmasa, şindi dünýä inende hökümdaryň aýaly, hökümdaryň ejesi we dolandyryjy nesilşalygyň enesi bolmaklyk ýaly belent dereje onuň maňlaýyna ýazylan ýalydy. Uly Begdili kowmundan bolan şu gözeliň eline gylyç alyp söýgüli äriniň tagtyny, ene topragynyň hem-de öz ar-namysyny goramaly boljakdygyny, hiç bir erkek kişiniň sypyp bilmejek ýesirliginden başyny gutarjakdygyny Ýaradanyň hut özi öňünden bilen ýalydy. Ine şonuň üçin hem tebigat oňa ähli zady bolluk bilen eçilipdi: onuň owadanlygy - şahyryň aýaly bolandygy üçin, akyl-paýhas bolsa – hökümdaryň aýalydygy üçin berlen ýalydy, Ysmaýyl gelnini seýrek görýärdi, sebäbi köp wagtyny öýünden alyslarda geçirýärdi. Ol özüni bir görseň tagtda oturan patyşa, bir görseň metjitdäki mürşit, ýa-da söweşdäki serkerde hökmünde duýýardy. Emma öýüne dolanyp geldigi besdi: ol şol bada aşyk şähyra öwrülýärdi. Söweşler we ýörişler döwründe kalbyndaky daşyna çykmaga dyzaýan duýgylary joş urup, onuň gözleri ähli ýerden başbogysyna oranyp ýören Täçli hanymyň serwi kibi keşbini agtaryp başlaýardy. Ol onuň söýgüli saz guraly bolan sary tenburyň sesine meňzäp duran mylaýym sesini eşidesi gelip tukatlanýardy. Haçanda olaryň duşuşygy Ysmaýylyň indiki ýörüşine gabat gelende Täçliniň duýgur ýüregi öňde durýän ýörişiň ähli kynçylygyny hem-de howp-hataryny öňünden syzýardy, şonuň üçin hem göz ýaşyny saklap bilmeýärdi. Onuň mawumtyl jilweli gözleri, hamana, kiçijik çeşmejikleriň gözi açylýan ýaly kirpiklerine çenli ýagtylyp gidýärdi: olar, rehim et – diýýärdiler, olar, gitme, — diýýärdiler, olar, beýtmesene, — diýýärdiler. Altyn piýala dolýardy — kirpiklerinden togalanyp gaýdýan ýaşlar onuň icine dolup, arassa çeşme suwy bilen garyşyp - soňam ýolunyň açyk hem-de şowly bolmagyny arzuw edýän ýaly Ysmaýylyň yzyndan seçelenýärdi. Soň bolsa şeýle diýýärdi! - Suw içdim men yzly-yzyna owurtlap, Ýarym bereýin goldaw, gollaryň uzat,! Iki dünýä bir-birine goşulyşyp, Eýlesin umytlar bizi ejirden azat. Eger-de birden ýöriş uzaga çekäýse, Täçli hanymyň gam-gussaly gözleri gök begresli baharda, çalarýan tomusda, gyzarýan güýzde ýa-da agarýan gyşda tutynyň aňyrsyndan uzaklara şol sereder durardy. Soňam gözler şeýle diýýärdiler: - Täze dogan teşne aýa suw beriň! Gyrmyzy dodaga hiç kim däl şärik. Söýgülim teşne men, diýdim: Gideniňe näce gün, dolanaý bärik! Soňra ol köşk gözellerini – deň-duşlaryny we asylly zenanlary ýanyna çagyryp, şahyrana mejlis geçirýärdi. «Meniň şahyrymyň, meniň jenabymyň, meniň mürşüdimiň goşgylaryny okaň!» — diýip, ol buýruk berýärdi. Täçli hanymyň islegi dessine berjaý edilýärdi. Kenizler Hataýynyň gazallaryny aýdym edip aýdýardylar, tans edýärdiler. Mejlis adatça birnäçe sagat dowam edýärdi. Täçli hanym barybir goşgylary diňläp doýup bilmeýärdi. Ahyr soňunda aýdymçy gyz hökman «Bilbil» aýdymyny ýerine ýetirýärdi: - Säher bilen zaryn saýran, eý, bilbil, Sen aglama, saňa derek aglaýyn! Dörjeläýin ýürek hasratlarymy, Sen aglama, özüm ýürek daglaýyn! Ýaşyl geýip, örtelipsiň bilbilim, Her sünbüliň zürmerret deý teperrik. Magşugymy ýitirdim men bilbilim, Sen beri aglama, meň aglanym ýeterlik. Misli bu baglara gyzyl çaýylan, Sary reňke örtelipsiň, bilbilim. Ähli güller, baglar seňki, kaýylam Söýgülim galsyn özümde, men aglaýyn. «Magşugymy ýitirdim men bilbilim...», «Ähli güller, baglar seňki, kaýylam, Söýgülim galsyn özümde, men aglaýyn!» diýip, Täçli şol gaýtalar ýörerdi. Soň ol aşygyna ondan aýra düşenden soň özünde döreýän gam-gussasy, ajy aýralygyň hesreti hakynda gürrüň berýärdi. Ysmaýyl magşugyna: «Eý meniň serwim, meniň ýalňyz gülüm! Men hem edil seniň ýaly. Ine, nesip bolsa, ýörişler döwründe saňa bagyşlap ýazan «Dehnama» mesnewimi okap görseň, meniň hem edil seniňki ýaly duýgylary başdan geçirendigime göz ýetirersiň» diýýärdi. Ysmaýylyň öýde bolan wagtlary olar okalan gazallar, şygryýet hakynda pikir alşardylar. Käwagtlar Täçli hanym ýaňy öwrenip başlan parsça goşgylaryny, gazallaryny ýatdan aýdyp bererdi. — Biziň ähli beýik şahyrlarymyz – Nyzamy hem, Hagany hem parsça ýazypdyrlar – diýip, Täçli aýdýardy. — Pars dili örän şahyrana! Diňläp gör, Hafyz näme diýýär: - Sazandanyň eli degse tarlara - Ýurek ersip, geler ýarylara Sesime ses goşýar owazy taryň, Şol owaza bererin ömrümiň baryn! Şahyr söýgülisini diňläp şeýle jogap berýärdi: — Seň aýdýanyň dogry, Täçlim. Ýöne sen biziň ene dilimiziň owazyny duýup görüpmidiň? Nesiminiň arşy söýgüni, keramatly söýgüni wasp edýän gazallaryny okap gör! Şonda sen olaryň nähili näzik ýaňlanýandygyny görüp, oňa haýran galarsyň. Biziň ene dilimiz hem hiç bir dilden pes däl, meniň Täçlim! Ol labyzly hem hoş owazly, onda islendik şygry goşup bolýar. Ýönekeý sözlemlerde hem bir-iki sany sözüň ýerini çalyşsaň eýýäm öňüňde goşgy taýýar bolup duruberýär. Biziň dilimizde hatda aruz ölçeginde-de gürläp bolýar – diňe isleg bilen söýgi bolsa, onda güýjem, joşgunam ýeterlik. - Keremliler öýi - hakykat köşgi Keremliler gelip - aldyk biz üşgi. Günä üçin bagyşlap bor her işi Ýöne egmeli bor bu gara başy! Eý, Hataýy – jomardyň mekany bu ýerler Habar beriň: goý bu ýere gelsin ähli teşneler. — Diňle, şu ýerdäki her bir setir, biziň ene dilimiziň ýönekeý gepleşik diline meňzemeýärmi eýse? Eýsem-de bolsa biz näme üçin öz ene dilimizden ýüz öwrüp arapça, parsça ýazmaly. Näme üçin biziň döwletimiziň, biziň köşgümiziň şahyrana dili, biziň enelerimiziň dili bolmaly däl, Täçlim? Men şu zatlary amal etmek isleýän serwim! Wagt geçdigisaýy gelin Ysmaýylyň ynançlaryny kabul edýärdi, onuň pikirdeşine öwrülip barýardy. Eýsem başgaça bolup biljekdimi – çünki Täçli hanymyň hem kükreginde edil şeýle ýürek urýardy, bu dünýäniň gözelliklerini hem ol halk içinde aýdylýan baýatlaryň owazy bilen açypdy. Ol gereýlide sözlemegi, goşmalarda bolsa ýürek arzuwlaryny beýan etmegi öwrendi. Ysmaýylyň düzen nefesleri onuň üçin dem alyşdy, nefesler onuň dilinde ýakymly hem edil soňky dem ýaly gaýgyly ýaňlanýardy. Ol goşgy aýdanda, hatda olar şahyryň özüne-de nätanyş bir täze many-mazmuna eýe bolýardylar. Şeýle pursatlarda Täçli hanym Ysmaýylyň özi bilen köşgiň içindäki zallaryň birinde eline gylyç alyp çylşyrymly türgenleşik geçýän öňki söweşjeň gyza meňzänokdy. Ol indi kem-kemden näz-kereşmeli hem-de mylaýym zenana öwrülip barýardy. Ysmaýyl gelniniň häsiýetinde bolup geçýän bu özgermelere haýran galmakdan ýadamaýardy. Gör, indi näçe gezek, haçanda ol her gezek awdan dolanyp gelýärkä, onuň ýolunda nätanyş «esger» keserip, ondan awyň özüne berilmegini talap edipdi! Ilki-ilkiler bürenjegiň aşagyndaky «talaňçyny» - Täçlini tanaman Ysmaýyl ur-tut ýaragyna ýapyşypdy, şonda ol onuň aklyňy haýran edýän şadyýan gülküsini eşidip, onuň at üstünde çapyşyna, gylyç oýnaşyna, galkan bilen goranyşyna haýranlar galýardy. Indi bolsa Täçli onuň düzen goşmalaryny, nefeslerini okamak bilen, olaryň many-mazmunyny has-da çuňlaşdyrýardy, soňra bolsa söýgülisiniň boýnundan gollaryny geçirip: «Meniň şahyrym, meniň hökümdarym, meniň çynarym, meniň söýgüli ýanýoldaşym» diýip, ony söýgüleýärdi... Juwan şahyr-hökümdar öz ata-babalarynyň jesedini alyp barýan gölegdedigini unutdy. Mähriban hem kalbyňy heýjana getirýän Täçli hanymyň hoşboý ysy Samur jülgesiniň gülleriniň we nar gülleriniň ysy bilen garyşyp ony serhoş etdi. Ol bütin bedeninde ýakymly gagşama duýdy. Dem alyşy kynlaşyp gözüniň öňi garaňkyrady. Ysmaýyl biygtyýar elini eýerden asylgy duran horjuna uzatdy we ýüzüne hünji düzülen owadan bukjany çykaryp onuň içinden kagyz aldy. Başdan geçýän duýgylar setir yzyndan setirlere öwrülip kagyzyň ýüzünde peýda bolup başladylar. - Mejnun boldy jahyl ýigit bir juwan gyzy söýüp, Bilmedi ömrüniň parhyn, söýgi odunda köýüp. Hataýy aýdar: Täçli hanym Alar ki meniň şirin janym Şahyr atynyň jylawyny çekende, Rahym begiň esgerlere saklanmak hakynda yşarat edenini görmedi. Hemmeler şahyryň goşgyny ýazyp gutararyna seslerini çykarman garaşyp durdylar. * * * Aýtekiniň ýuregi sanjyp gitdi. Onuň ýadyna ilkinji gezek özüniň gul bazaryna çykarylyşy ýadyna düşdi. Söwdanyň gidip duran mahaly ol bir gezegem başynam galdyrmandy, töweregine-de garamandy. Bazaryň içinde ýaglyklary halka bilen berkidilen araplar aýlanyp ýördiler; gönden edilen eşikli tatarlar, gazany ýatladyp duran äpet tüýlek telpekleriniň buýralary gözlerine düşüp duran türkmenler gezişip ýördiler; ak selleli parslar we induslar iki ýana ylgaşlaýardylar; ýarym ýalaňaç hebeşiler alakjaýardylar, işewür ermeniler, başlary keçe şypyrmaly gürjüler, çerkesler gykylyklaşýardylar; bu ýerde pereňlilerem, egni mawut keltekçeli oruslaram bardy; söwda hatarlarynyň arasynda egni ala donly özbekler, hywalylar, merwliler gezişip ýördiler; Horasandan, Sintden, Penjapdan, Balhdan gelen dürli eşikli täjirler söwda edýärdiler... ...Irden gyrnaklaryň biri gelip Aýtekine hökümdaryň hem-de Täçli hanymyň köşgüň otaglarynyň birinde şahyrana mejlis geçirmekçi bolýandyklaryny aýdyp gitdi. Aýtekin sapaklaryny ir tamamlady we okuwçy gyzlaryny goýberdi. Uly aýnaly zalyň diwarlarynda hyzmatkärler goşmaça çyralary asyşdyrdylar, zalyň içini dürli reňkli kaşan, töwrüz we şirwan halylaryndan doldurdylar. Olaryň üstünden daşyna mahmaldan, parçadan, tirmeden daşlyk tutulan düşekçeleri ýazdylar, tirseklär ýaly daşyna kimha tutulan dürli güpjekleri, arkalyklary we ýassyklary oklaşdyrdylar. Zalyň içine müşk we gül suwuny pürkdiler. Adamyň eline meňzäp duran çyralardaky ysly ýagda ýanyp duran pelteleriň ody alawlaýardy. Oduň ýagtysy aýnalara düşüp müňlerçe dürli reňkli yşklary emele getirýärdi. Hökümdar üçin törde uly kürsi goýdylar, onuň öňünde saçak ýazyldy, şiraz meýinden we gül suwundan, pyrtykalyň we naryň suwundan doldurylan altyndan, kümüşden edilen küýzeleri, bulgurlary we golçalary getirdiler, miwelerden münderlenip goýlan iňňän ýalpajyk mejmeleri we jamlary, el ýuwulýan legenleri, misden edilen suw çilimleri goýdylar. Şanyň söýýän tagamly hem-de hoşboý ysly «süneýwaz», «bogdaly», «bilerjin», «agahany», «garrar» gawunlary dilim-dilim edip kesilgi durdy, aýratyn kümüş mejmede bolsa içi buz bilen doldurylan ýörite mis çeleklerde Samarkantdan getirilen «çärjewi» gawuny bardy. Agşamky namazdan biraz wagt geçenden soň zala hökümdar bilen bilelikde Jahan hanym, Haýýat hanym, Zemine, Sahyba dagy girdiler. Olara-da şahyrana, aýdym-saz meýlisler agşamynda bolmaga rusat berlipdi. Bu ýerde köşk gözelleriniň arasynda özüniň dilewarlygy we şygyr okamaga ussatlygy bilen şöhratlanýan Pany atly gyrnagam bardy. Ol taýýarlyk işlerinde Aýtekine kömek etmek we onuň bilen şu günki mejlisde göwünlere ýarap biljek tansçy gyzlary saýlamak üçin birneme irräk gelipdi. Aýtekin bilen Pany zala girip gelýän şany bir enaýy baş egmek bilen garşyladylar. Iki ellerini döşlerinde goýup dabaranyň başlanmagyna beriljek buýruga garşyp durdylar. Şa öňe düşdi we özi üçin bellenilen ýere geçip oturdy. Onuň iki tarapynda goşgy düzmekde şöhrat gazanan Jahan bilen Haýýat oturdy. Olaryň gapdalynda bolsa iki dogan Sahyba bilen Zemine we Aütekin ýerleşdiler. Şanyň arkasynda iki sany gul edil heýkel ýaly bolup durdylar. Olaryň biri akýagyz, beýlekisi bolsa nubiýaly hebeşi guldy. Jahyl gullaryň ikisi hem gymyldaman durdylar, diňe barmaklarynyň ýeňiljek hereketi bilen ellerindäki tawus guşuň ýeleginden edilen dürli reňkli ýelpewaçlaryny yralaýardylar. Gullaryň boýnunda kümüşden edilen owadan zynjyr asylgydy, olaryň her biriniň gulagynda bolsa gulçylygyň nyşany hasap edilýän «haýdary» ysyrgasy sallanyp durdy. Edil şol wagt gapdal işigiň tutusy serpildi. Begdili taýpasynyň iň meşhur maşgalasyndan bolan sekiz sany gyzyň ugratmagynda Täçli hanym içeri girdi. Ol aýdym-sazy we şygryýeti diýseň söýýärdi we wagtal-wagtal Horasandan Töwrüze gelip, şanyň geçirýän şahyrana mejlislerine gatnaşyp gidýärdi. Täçli hanym şanyň kiçi ýaşly nowbahar ogly Tahmasp mürzäniň atabegi hökmünde Horasanda oturýardy. Täçli hanym sag elini çep göwsüniň üstünde goýup, mylaýym ýylgryp, hökümdara çalaja baş egdi we şanyň öňünde özi üçin taýýarlanylyp goýlan ýere geçip oturdy.Onuň töwereginde ýany bilen gelen gyzlar ýerleşdi. Mejlis gidip duran zalyň aýak ujunda oturan sazandalaryň öňündäki kümüş maňňalyň içindäki közler alawlaýardy. Aýdymçy gyz Şemsiýa onuň üstünde ýukajyk balyk hamyndan edilip, gyralaryna kiçijik jaňlar düzülen depregini saklap dur. Şanyň yşaraty bilen sazandalar saz çalyp başladylar. Barmaklaryny depregiň üstünde tyýypdyryp, Şemsiýa ýeňiljek aýdymly tans sazyny oynap ugrady. Ol gutarandan soň Şemsiýa depregi alkymyna diräp we ony ýuwaşjadan çaýkap Hataýynyň arşy söýgüsi hakyndaky gazalyny aýdyp başlady: - Aşyk-magşugyň hakykysydyr - çyn ýürekden söýüp bilýän. Diňe hak aşyk magşygy bilen, özüňi bir göwrä öwrüp bilýär. Şemsiýa aýdym aýdýardy, Aýtekin bolsa onuň şirin-şeker dilinden çykýan sözleriň manysy hakynda oýlanyp, düşekçäniň üstünde gyşaryp saçakdaky nazy-nygmatlardan lezzet alyp ýatan şany synlaýardy. «A seniň özüň näme? — diýip ol oýlanýardy. — Aşygyň ýeke-täk, ýalňyz söýgülisi bolmaly diýip ýazýan Şa-şahyryň özi näçe aýal aldy? Täçli hanyma, Bahruza hanyma eýe bolup, indi sen öz sagy-soluňda oturan Jahan bilen Haýýata seredip hezil edip otyrsyň! Üstesine-de nazaryňy bir görseň maňa, bir görseň-de Şemsiýa gönükdirýäň?! Eýse bu näme? Eý beýik şahyr! Şygryýetiň ylahy dili bilen sen köne hem juwan dünýäni, ynsanyň asman ýaly beýik hem baky söýgüsini wasp edýärsiň! Emma sen patyşa hem-de erkek kişi hökmünde – hyjuwyň ýesiri, gülden güle uçup ýören kebelek. Sen kä ol gülüň, käte başga bir gülüň goýnuna dolýarsyň Men kime ynanmaly – seniň sözleriňemi ýa-da seniň özüňe?» Şemsiýa bolsa aýdym aýdýardy: - Hyýaly, amaly bir bolsa eger, çyn aşyklar şoldur, meger. Baş eg Adama, eý sopy, belki bir ýerlerde peýdasy deger. Pir ýalňyzdyr, syr ýalňyz, söz hem çözgüt – ýalňyzdyr. Bilmersiň ýoly goşalap, syr hem ýazgyt – ýalňyzdyr. Oduň alawy deý söýgülimiň nazary, howry bedenimi ýakyp barýala. Howruna maýyl men oduň, eý jany-jenan, ýüregmi özüne çekip barýala. Saz ýaňlanyp ugrandan Şemsiýa depregini göterip, ony kakyp başlady. Garşydaky gapy açylyp, zalyň içine zynatly geýimleri geýen tansçylar – Aýtekiniň şägirtleri girdiler. Şa tansçylara üns bermän, başyny kä saga, käte sola öwrüp, kä Jahanyň, käte bolsa Haýýatyň golundan gyrmyzy şiraz meýinden doldurylan kümüş piýalany alýardy. Şa meý içýärdi. Hökümdaryň häsiýetine belet Täçli hanym, tansçylar hem-de sazandalar, onuň şu pursat şahyra – diňe şahyra öwrülendigine göz ýetirdiler. Olar edil häzir – hut şu pursat şygyrlaryň misli derýa deý akyp başlajakdygyny aňdylar. Saz misli çalaja eşidilýän iňňildi ýaly kem-kemden peseldi.Tansçy gyzlar giň köýneklerini saýawan ýaly edip owadan halylaryň üstünde çökdüler. Olardan biri hökümdara ýüzlendi: — Eý dünýäniň keramaty! Biziň mejlisimiziň baştutanam — şahyr, onuň sagynda we solunda oturan gelinlerem — şahyr, hatda oňa hyzmat edýän gyrnagam — şähyr. Bize bolsa şahyrçylyk berilmändir! Siziň ygtyýaryňyz bilen aýdyşyga başlaýsak bolmazmyka? Onuň teklibi hemmeleriň göwnünden turdy. Zenanlar ýylgyrjaklaşdylar: — Ýogsa-da, geliň aýdyşyp başlalyň! Bu teklibe ilkinji bolup hökümdaryň özi seslendi. Ol kalbynda ylham çeşmesiniň oýanýandygyny duýup, elindäki kümüş piýalasyny ýokary göterdi we esli salym oňa seredip oýlandy: - Oturyp men goşa periň arasynda, ersdirdim ýüregimi iki esse, Aýtmak utanç, nädeýin men: bularyň haýsysyn saýlaryn eýse? Öz gözelligine buýsanýan we ugurtapyjylygy bilen şöhratlanýan şahyra Jahan hanym bada-bat hökümdara jogap gaýtardy: - Saýla meni hökümdar, jahany hakyky eýesi alar. Seždegähim Jahana, diňe hökümdary eýe bolar! Jaýdar aýdylan setirlerden şanyň göwni göterilip gitdi: — Aperin, Jahan! Sag bol! Hak aýdylan söz: dünýäniň hökümdary hökman Jahany saýlamalydyr! Şu sözler bilen ol sag eliniň ýeňiljek hereketi bilen Jahan hanymyň egnini mylaýym sypalap goýberdi. Haýýat hanymyň gözleri uçganaklap gitdi. Dadylan bal şerbeti, bäsdeşi Jahanyň ýeňşi onuň ähli duýgylaryny oýardy, bahyllyk bolsa ylhamyna bat berdi. Ol şerbetli piýalany göterip, barmaklary bilen ony pitikläp, şeýle diýdi: - Jahany unut diýýär, akyl-paýhas hem ýürek. Aldatma özüňi jahana, Haýýatsyz ol kime gerek? Şa-da, oturanlar-da pakyrda berdiler. Gülüp keýpden çykansoň şanyň eli bu gezek Haýýat hanymyň egnini sypalady. — Mynasyp jogap! Aperin! — diýip, hökümdar aýtdy. — Eger-de şu bäsdeşlik bolmadyk bolsa, onda meniň merjen köşgümdäki ylhamlar joşmasa joşmazdam. Indi bolsa aýdylanlara Panynyň berjek jogabyny diňläp göreliň. Syrçaly küýzedäki meýden käseleri dolduruşdyryp duran Pany şol bada şanyň öňünde dyzyny epdi. Iki eli bilen meýli käsäni hökümdara uzadyp, Pany şeýle diýdi: - Bu dünýäde ömür - Haýýat, dünýä - Jahan baky däl, Çagyryň Panyny gelsin – hemme zadyň haky ol! Hemmeler gaty sesleri bilen gülüşdiler. Täçli hanym hemmelerden köp güldi: Pany onuň iň gowy görýän kenizidi. Şa-da hemmeler bilen bile güldi. Ýöne, indi, onuň gülküsinde nähilidir bir elhençlik duýulýardy. Gyrnagyň pany dünýäni ýatladýan sözleri onuň kalbynda şahyry, dini guramanyň mürşüdini, adalatly hökümdary, serkerdäni däl-de, gazaply basybalyjyny oýaran ýalydy. Ol ýarym serhoş başyny ýokary göterdi we onuň nazary öňünde oturan Panydan, halynyň üstünde ýerleşen tansçylardan, zalyň aňrybaşynda oturan sazandalardan aýrylyp, garşydaky diwara tarap gönükdirildi. Şol pursat hamana diwar onuň gözleriniň öňünde bir ýana süýşüp, hökümdaryň hyýalynda tüsseläp duran söweş meýdany peýda bolan ýaly boldy... Özüni pygamberiň neslinden hasap edýän Şeýbany han ony «darga Ysmaýyl» diýip atlandyrýar we özüniň iň soňky hatynda oňa yrsarap, özüniň gelip çykyşy boýunça hakyky musulman hökümdarydygyny ýazýar: «Sen biziň üçin sowgat-serpaý taýýarlap goý. Zikgehanalaryňda biziň hakyň halan adymyzy ýazdyryp zikge kakdyr. Mettjitleriňde biziň adymyzy şöhratlandyrmak üçin hutba okat. Özüňem biziň gadymy tagtymyzyň huzuryna boýun synyp gel...» Aslynda onuň, şeýle hem kakasynyň, soltan Söýün Baýkara hem-de ölmez-ýitmez Alyşir Nowaýynyň arasynda hemişe dostlukly gatnaşyklaryň saklanandygyny hemmeler bilýärdi. Çagataý hökümdarlary we akyldarlary ony hiç haçan beýle kemsitmändiler. Bu bolsa... Patyşa goşun jemläp Merwe ugrady. Ol sekiz günläp galany gabady. Şeýbany hanyň goşunlary soňky demlerine çenli söweşdiler. Olaryň batyrlygyna mynasyp baha bermek bilen, şa ýeňiş gazanmak üçin hile ulanmaga mejbur boldy. «Şeýbany han galada galsa, esgerler öz hökümdarlaryny iň soňky damja ganlaryna çenli gorarlar. Ony eýdip-beýdip galadan çykarmaly», — diýip, ol pikir etdi we hijriniň 916-njy ýylynyň şaban aýynyň 28-ne (1510-njy ýylyň 30-njy noýabry) Merwden yza çekilmek hakynda goşunlaryna buýruk berdi. Goşunlar Mahmyt atly obanyň ýanynda aýak çekdi. Garşydaşyň gözüne çöp atmak we Şeýbany hanyň hereketine gözegçilik etmek üçin Merwde diňe Emir beg Türkmen galdyryldy. Şeýbany hanyň serkerdeleri gowy berkidilen Merw galasyndan şeýle çalt çykylmagyna garşy boldylar. Olar Ubeýt han bilen Teýmir soltan kömege gelýänçä garaşalyň, soňam Hany yzarlap, olar bilen aç-açan söweşe girişeris diýişdiler. Emma Şeýbany hanyň aýaly Mogul hanymyň mysalynda, hamana, «Şa Ysmaýyla edil erenler kömege ýetişen» ýaly boldy. Mogul hanym ärine hem-de onuň serkerdelerine ýüzlendi: «Siz Hana hemişe yrsarap hat ýazýardyňyz, ony söweşe çagyrýardyňyz. Ana, ol uzak ýörişden soň ýadaw halynda goşunlary bilen Merwiň eteginde peýda boldy. Siz näme başyňyzdan masgaraçylyk külüni sowrup, galadan çykyp bilmän otyrsyňyz?! Galada masgara bolup busup oturandan, mert söweşip ölenem ýagşydyr». Söýgüli aýalynyň igençleri Şeýbany hanyň çetine degdi. Mundan beýläk ol serkerdeleriniň ýerlikli maslahatlaryna gulak asman, olara herrelip, ol esgerlerine Merwden çykmaga buýruk berdi. Iki goşun tapyşdy. Şanyň özi söweş meýdanynyň merkezinde ýerleşdi, onuň egindeşleri – Emir Nejmi-Sany, Döw Soltan, Çaýan Soltan, Läle Hüseýin beg, Abdal beg, Zeýnal beg Şamly, Badymjan Rumly dagylar bolsa çep we sag ganatlarda ýerleşdiler. Sellesinden täjini aýryp şa hüjüme geçdi. Heniz görülmedik bu jeň agşama çenli dowam etdi. Diňe agşamara Şeýbany hanyň goşuny gutarnykly derbi- dagyn edildi. Onuň özüni bolsa dargap ýatan jesetleriň arasyndan gözläp tapdylar... Bolup geçen ganly jeňi serinde aýlap şa meý getirmeklerini buýurdy. Pany käsäni dolduryp, şanyň öňünde dyza çöküp oňa meý uzatdy: — Goý biziň hökümdarymyzyň gylyjy kesgir bolsun, goý onuň her bir ýörişi ýeňse beslensin! — diýip, ol Fizulynyň diwanyndan setirleri okamaga durdy: - Howluk saky, eýýäm saba gelipdir, Pyýalany döwre gurap aýlaber! Guýuber gysganma, şerap şatlyk sakasy, Bolsa-da gadagan ol, ýetsin bize sapasy. Zarp bilen piýalany boşadyp, Serimizi şerap-meýden hoş edip, Saglygyna al şeraplar içeliň, Şa serinden bulgur ýasap geçeniň! Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |