16:39 Ömür pursatlary | |
ÖMÜR PURSATLARY
Ýatlamalar
AWTORDAN Men her gezek söhbetdeş bolanymda, onuň ajaýyp häsiýetleriniň ýene birine göz ýetirýärin. Nowruz aganyň ilkinji göze ilýän häsiýetleriniň biri–onuň biçak ýönekeýligi. Nowruz Dusaýew biçak mährem adam diýseň, ony tanaýanlaryň hemmesi hem baş atsa gerek. Ol gönümel adam. Il bähbidini öz bähbidinden hemi- şe ileri goýýar. Ony tanaýan adamlar, Nowruz Dusaýew gowy hasist lsrn hakda, uzak wagtlap gürrüň berseler gerek. Men muňa biržik-de ikirjeňlenmeýärin. Gadyrly okyjy! Onuň ömür ýoly beýik Watanymyzyň, mähriban Kommunistik partiýamyzyň, güneşli respublikamyzyň Beýik Oktýabrdan soňky taryhy bilen berk baglanyşykly. Munuň şeýledigine siziň özüňizem anyk göz ýetirersiňiz. Men bu ýazgynyň adyny «Ömür pursatlary» diýip atlandyrmagy makul bildim. Ömür pursatlary. Bir ömrüň beýany. Siziň bu ýazgyda okajak zatlaryňyzyň hemmesini onuň özi maňa gürrüň berdi. Men bolsa ol gürrüňleri başardygymdan, bolşy-bolşy ýaly edip siziň dykgatyňyza hödürleýärin. AGYR GUNLER Men 1906-njy ýylda Maňgyşlakda garyp çarwadaryň maşgalasynda dünýä indim. Bu çet hem-de gyňyr tebigatly, sowuk ülkäniň ady agzalanda, adamlar üýşenýärdiler. Bu ýere hökimiýetler tarapyndan has howply hasap edilýän jenaýatçylar sürgün edilýärdi. Bu ýerde-de «Gün güýçliniňki–gowurga dişliniňki» diýen kanun agalyk sürýärdi. Tire-taýpalar birek-birekden birehimlik bilen öç alýardylar. Güýçli tire-taýpalar özlerinden ejizleriň mallaryny sürüp okidýärdiler, öý goşlaryny talaýardylar. Ine şeýle ýagdaýda, aýratynam bütin bir ýyl boýy asmandan hem dammaýan uç gyraksyz takyr meýdanda, maşgalanyň eklenji bolan az sanlyja maly hem saklamaklygyňs niçik güzaplydygyna göz ýetirensiňiz. Biziň maşgalamyzda alty sany adam bardy. Öz maşgalasyny ekläp bilmejekdigine göz ýetiren biziň kakamyz Zakaspi oblastyna göçmegi göwnüne düwüpdir, Ýalnyşmasam, bu 1912-njn ýylda bolsa gerek, biz Hywanyň üsti bilen Mary oazisine aralaşypdyk. Bu şol wagtlar gaty howpludy. Munuň üçin ägirt uzak müň kilometrlik ýoly düýeli geçmeli bolupdy. Maňgyşlak bilen Horezmiň aralygyndaky çöllüklerde neçe diýseň kellekeserler iki ýana at salýardylar, Galyberse-de, şol döwürlerde özbeklerdir türkmenleriň, gazaklaryň arasyndaky gandöküşikli öç almalar hasam güýçlüdi. Olar birek-biregiň üstüne çozuş edip, bir-birlerini talaýardylar. Şonuň uçinýem biz aňyrsy-bärsi görünmeýän bu uzak ýoluň jebir-jepalaryna döz gelip, her alaňlygy, her depäni örän hüşgärlik bilen geçmeli bolýardyk. Biziň ýolumyz Gazagystanyň, Garagalpagystanyň, Özbegistanyň territoriýalaryndan geçýärdi. Meniň şonda bary-ýogy alty ýaşym bardy, emma kakamyň nähili hüşgärlik bilen bizi äkidişi weli häli-häzirem göz öňümde. Suwsuz çölde alty baş maşgalanyň bar daýanjy, howandary üç sany düýedi. Kakam olaryň üstüne ähli goş-golamlarymyzy ýükläpdi. Ýaňky aýdyşym ýaly, ýol uzak, howp uludy. Biz diňe gije ýöreýärdik, gündizine bolsa hiç kim görmez ýaly ýer peýläp, şol ýerde dynç alardyk. Düýeler ses etmez ýaly kakam bir emel bilen olaryň agzyny daňypdy. Garaz, köp güzaplardan soň, biz Gurbangala dýen ýerde mekan tutduk. Ol häzirki Baýramalynyň raýon merkeziniň gündogarsynda ýerleşýärdi. Bu ýerde düş- länimizden soň, kakam haýdan-haý işe girişdi. Ol çölden odun daşaýardy. Bu agyr işdi. Ol munuň üçin iki gije-gündizläp düýeli ýol aşmaly bolýardy. Emma muňa garamazdan, odunyň bahasy gaty bir gymmat däldi. Kakam kynlyk bilen taýýarlan odunlaryny geçen ýerine satýardy. Şeýdibem özüniň uly maşgalasyny ekleýärdi. Gurbangalada ýaşaýarkak, kakamyň bu obanyň gowy adamlarynyň bardygyny, olaryň gaty myhmansöýerdiklerini gaýta-gaýta nygtaýany ýadymda. Odun daşamakdan başga-da, kakam ýerli adamlaryň buýran her bir işini ýerine ýetirýärdi. Bu 1915-nji ýyla çenli şeýle dowam edipdi. Şol ýylam maşgalamyzyň başyna agyr bela inipdi. Mähriban kakamyz tarpa-taýyn ýogaldy. Indi ýetimligiň agyr günleri başlanypdy. Kakamyzyň ýerine ýetiren işlerini indi biziň özümnz edýärdik. Emma günüňi görmek barha agyrlaşýardy. «Jahanda uruş dowam edýär» diýip gürrüň edýärdiler. Elhenç açlyk agzyny hatap ýaly açyp gelýärdi, her hili ýokanç keseller döreýärdi. Kakamyz ýogalandan bir ýyl soň, mergi keseli degip, doganymyzyň ikisini jaýladyk. Gyz doganym bolsa durmuşa çykypdy. Gara külbede sopbaş ejem ikimiz galypdyk. Bize indi hiç kimden hemaýat ýokdy. Açlykdan ölmezlik üçin gije-gündiz işleýärdik. Bir döwüm çörek üçin, kim näme iş tabşyrsa, ýerine ýetirýärdik... Russiýa Kommunistik (bolşewikler) partiýasy, işçiler synpy beýik Leniniň ýolbaşçylygynda patyşa samoderžawiýesini agdarypdylar. Ýurtda Sowet hä- kimiýetini berkarar edipdiler. Beýik Oktýabr sosialistik rewolýusiýasy amala aşypdy. Ol täze bir jemgyýetiň–adamyň adamy ezmeýän jemgyýetiniň başyny başlapdy. Iňlis interwentlerinden uly goldaw alan esgerler we akgwardiýaçylar Daşkendi eýelemegiň kül-külündedi, öz goşunlaryny Çärjewe tarap sürýärdiler. Olar Annenkowo demir ýol stansiýasyna ýetipdiler. Stansiýada gazaply söweşler gidýärdi. Men ejem ikimiz bu söweşleriň şaýady bolduk. Biz gyzyl esgerleriň tabşyrygy bilen odun daşaýardyk. Biz muny elbetde, düýeli ýerine ýetirýärdik. Biziň daşaýan odunlarymyz parowoz uçin zerurdy. Elbetde, gyzyl esgerler biziň zähmetimizi göz öňünde tutýardylar. Söweş barha gyzyşýardy. Şonuň üçinem biz indi odunyň deregine ýarag daşamaly bolduk. Biz ejem ikimiz düýbünden sowatsyz adamlar Gyzyl Goşunyň tarapynda durmak bilen graždanlyk urşunyň söweşlerine gatnaşyp, özümiziň ägirt uly taryhy wakalara gatnaşýandygymyzy bilmeýärdik. Tiz wagtdan akgwardiýaçylar hem-de interwentler derbi-dagyn edildi. Kaka , Baýramaly, Mary, Tejen... yzly-yzyna duşmanlardan azat edildi. 1920-nji ýylyň başlarynda bütin Zakaspi oblastynda Sowet häkimiýeti berkarar edildi. Baýramaly şäheri azat edilenden soň, biz ol ýerde, ýag zawodynda işleýän garyndaşymyz Keljanyň ýanyna göçup bardyk. Belli bir işiň başyny tutaýyn diýseňem bolanokdy. Alýan hakyň edýän işiňe degenokdy. Garaz, 1918-nji ýylyň ahyrlarynda iş gözleginde selpäp, Tejenin 1-nji Babadaýhan obasyna düşdük. Biz bu ýerde Batyr jalaý diýen adamyň ýerini depdik, ekdik, suwardyk, alýan hakyňam ýene-de doýa garna zordan ýetýärdi. Ýurtda graždanlyk urşy tamamlanandan soň, Sowet häkimiýeti ýurduň içerki syýasatyna ünsi guýçlendiripdi. Ilaty iş bilen üpjün etmek, işe ýerleşdirmek, sekiz sagatlyk iş güni... ýaly meseleler oňyn tarapyna çözülýärdi. Şu ýerde men bir mysal getireýin: Tejen şäherini sil suwundan goramak üçin uly dambanyň gurluşygyna girişildi. Biz muny eşidip, 1919-njy ýylyň ahyrynda Tejen şäherine gaýtdyk. Tä 1922-nji ýyla çenli bu gurluşykda işledik. Gurluşyk Maşatkow diýlen ýerde alnyp barylýardy. Ähli işler elde edilýärdi – haltada, el arabasynda, nosilkada gum çekilýärdi. Biziň indi alýan hakymyz az däldi, gün-halymyz hem gowulaşýardy. 1923-nji ýylda Tejen raýonynda Garrybendiň gurluşygyna başlanypdy. Biz indi bu uly gurluşygyň işçileridik. Iş agyram bolsa, kän bir zeýrenmeýärdik. Çünki ýatmaga-turmaga ýerimiz bardy, iýmitem şeýle bir erbet däldi, hakam gowy tölenýärdi. Galyberse-de, bu suw desgasynyň gurluşygy işçidir daýhanyň, Sowet döwletniň, öz bähbidimiz üçin alnyp barylýandygyna gowy düşünýärdik. Onuň daýhanlaryň ýerlerini suw bilen üpjün etmäge uly ýardam etmelidigine gowy düşünip, yhlas bilen işleýärdik. Iş uly depginde alnyp barylýardy. Gowy işläp, beý- lekilere görelde bolýanlar pul baýragy bilen sylaglanylýardy. Bendiň gurluşygynda köp adam işleýärdi. Şolaryň birine hem Akmyrat Kakajanow diýýärdiler. Soň ol respublikanyň ýeňil senagaty ministri, TKP MK-nyň sekretary wezipelerinde işledi. Ol Türkmenistanda Sowet häkimiýetini berkarar etmek ugrundaky göreşde öň hatarda bolupdy, basmaçylara garşy gaýduwsyz göreşildi. Gurluşykda Şaryp hem-de Temirçi Ýeldesowlar uly gujur-gaýrat bilen işläpdiler. Gurluşyk işlerine prorab Uspenskiý ýolbaşçylyk edýärdi. Men 1923-njn ýylda bendiň gurluşygynda işleýärkäm, komsomol hataryna girdim. Hojalyk ugrundaky uly gurluşyklar bilen bir hatarda, beýik Leniniň aýdyşy ýaly, sowet häkimiýetiniň ikinji duşmany–sowatsyzlyga garşy göreş yglan edilipdi. Bu täze durmuş gurýan halkyň medeni derejesini ýokary götermek ugrundaky göreşiň başlangyjydy: ähli ýerde mekdepler açylýardy, olarda çagalardan başlap, tä ýaşy birçene baran adamlara çenli okadylýardy. Beýlekiler bilen bir hatarda, me- nem mekdebe gatnap başladym. Gazak obasynda açylan mekdepde bize Saduakas Orazow, Muhan we Ýesmuhan Uderbaýewler sowat öwredýärdiler. Biziň mekdepde okamagymyza, komsomola girmegimize, aýal-gyzlaryň öz deň hukuklary ugrundaky göreşlerine garşy işan-mollalar iş görýärdiler. Mahanbaý bilen Malimban ýaly mollalar her näçe biziň öňümize böwet boljak bolsalar-da, bu olara başartmandy. Ine, şol döwürlerde «Goşçular» Soýuzy–ýagny garyp we orta daýhanlaryň, batraklaryň birleşmesi döräp ugrapdy. Bu babatda, aýratynam obalarda hem-de gyzyl çaýhanalarda aktiw iş alnyp barylýardy. 1924-nji ýyldan 1926-njy ýyl aralygynda mekdebe gatnap, sowat öwrenipdim. Indi men raýonyň «Goşçular» soýuzynyň ýanyndaky okalga müdirlik edýärdim. Men bu ýerde daýhanlaryň arasynda Sowet häkimiýetiniň syýasatyny düşündirýärdim. Eger-de kimdir birine arza ýazyp bermeli bolsa oňa kömek edýärdim, daýhanlaryň mekdebe gatnamagyny wagyz edýärdim. Şol döwürde partiýanyň Tejen raýkomynda Daňatar Gultyýew, Oraz Täçnazarow, Nurja Durdyýew, Esen Soltannyýazow, raýkomkomsomolda Mansurow, Muharamow, «Goşçular» soýuzynda Agahanow, Pürliýew dagynyň işleýändigi ýadyma düşýär. Könäniň zyýanly galyndylarynyň täsiri öz hökümini ýöredýärdi. Bir daýhanyň galyň bilen baglanyşykly taryhy henizem ýadymdan çykanok. Men o wagt okalgada işleýärdim. Günleriň bir güni Amanşagapan obasyndan bir daýhan meniň ýanyma geldi. Ol menden arza ýazyp bermegimi sorady. Görüp otursam, ol 25 ýyl mundan öň öýlenipdir. Bir aý geçensoň, gelnini atasy öýüne gaýtarýarlar. Ine, indem şondan bäri öz aýalynyň didaryna zar bolup ýörendigini, aýalyny gaýtaryp getirmek üçin bolsa serişdesiniň ýokdugyny aýtdy. Ol öýlenende 20 ýaşynda ekeni, häzir bolsa 45 ýaşly adamyň saçyna çal sepip ugrapdyr. Bu batragyň durmuşynyň nähili agyr gam-gussa bilen geçendigini düşündirip oturmagyň hajagy ýok bolsa gerek. Elbetde, ol daýhan öz maşgalasyna gowşupdy. Şu ýerde ýene bir waka göz önümde janlanýar. 1926-nji ýylda Tejeniň raýon partiýa guramasy hemem komsomol aýal-gyzlaryň her hili kemsidilmegine garşy iş çärelerini geçirýärdi. Şu mynasybetli, Halkara aýallar güni bolan 8-nji Martda Tejeniň demir-ýolçularynyň bagyna dürli obalardan köp aýal çagyrylypdy. Şol ýygnakda raýkom komsomolyň birinji sekretary Esen Soltannyýazow aýal-gyzlaryň erkekler bilen deň hukuklylygy barada çykyş etdi. Çykyşynyň ahyrynda bolsa börüklerini taşlap, ýaşmaklaryny aýyrmak hakda aýallara ýüzlendi. Ol şonda ýanynda duran öz aýalyndan börügini taşlap, ýaşmagyny aýyrmagyny sorady. Ýaş gelniň göreldesi köp aýallarda uly joşgun döretdi. Şu günki ýaly göz öňümde, raýkomkomsomolyň birinji sekretary Esen Soltannyýazowyň «ýok bolsun börük bilen ýaşmak! » diýen tolgundyryjy sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. Şol wagtlar obalara medeni ýörişler guralýardy. Muňa köplenç araba bilen gidilýärdi. Sowatsyzlygy ýok etmek, ýekebara hojalyklardan uly hojalyga birleşmek barada gürrüňler geçirilýärdi. Men şeýle ýörişleriň ençemesine gatnaşypdym 1929-njy ýylda gazak obasynyň döredilmegine-de gatnaşdym. Oba ýüze golaý gazak hojalygy göçürilip getirildi. Olar mundan öň Tejeniň gyra-çetlerinde bir-iki hojalyk bolup dagynyk ýaşaýardylar. Soňra aradan köp wagt geçmänkä-de bu ýerde täze kolhoz döredildi. Bu kolhoza men hem ilkinjileriň hatarynda girdim. Kolhozyň başlyklygyna Jasan Akişanowy saýladyk. Ol bu kolhoza 40 ýyllap ýolbaşçylyk etdi. Ilkinji kolhozy gurmaklyga Jolmogambet Mätjanow, Moldakan Kendirbaýew, Uzakbaý Sabytaýew, Soduakes Orazow, Uderbaýew, Muhan we Ýesmuhan Danbaýewler, Maşyryk Sarsenow (ilkinji traktorçy), Konat Toýnaşew we beýlekiler aktiw gatnaşypdylar. Molla we işanlar täze kolhozy guramaklyga garşy ters wagyz ýöredýärdiler. Aýratynam Mahanbaý bilen Malimbaýyň ters wagzyna ynananlaram ýok däldi. Şu ýerde bir wakany ýatlasym gelýär. Traktorçy Maşyryk traktoryny otlap, ýer sürmäge başlanda, oba daýhanlarynyň biri özüni traktoryň öňüne oklasa nätjek. Soň anyklanylyp görülse, ol daýhan ýaňky ady agzalan ruhanysumaklaryň: «Ýeri maşyn bilen sürmek külli günädir. Muňa hudaýyň gahary gelip, obanyň üstüne bela-beter iberer» diýen samahyllamalaryna güp ynanypdyr-da, Maşyrygyň traktorynyň öňüne böwet bolup dur. Elbetde, ruhanylar näme iş görseler-de, täze kolhozyň işi öňe gitmek bilen boldy. Kolhozçylar täze hojalygyň peýdasyna düşünip ugradylar. Olar pagta, bugdaý ekip, bol hasyl almak ugrunda göreşdiler, maldarçylygy ösdürdiler. Ýaşaýyş barha gowulaşýardy. Häzir bu kolhoz «11 bäşýyllyk kolhozy» diýlip atlandyrylýar. Ol Tejen raýonynyň Garryçyrla oba Sowetine degişli. Kolhoza ilkinji traktoryň gelşini ýatlaýaryn. «Goşçular» soýuzy biziň kolhozymyza «Fordzon» diýlip atlandyrylýan traktor beripdi. Obada traktoryň peýda bolmagy kolhozçylarda gör, nähili şatlyk, gör, nähili uly joşgun döredipdi! Şol ýyllar Tejeniň demir ýol köprüsiniň golaýynda özüniň 100-200 atla golaý otrýady bilen Kerimhan mekan tutupdy. Buluçlaryň arasynda onuň sözi ýöreýärdi. Şonuň üçinem şeýle ýagdaýda hana «eglişik» etmeli bolnupdy. Gürrüň bu ýerde Kerim hana aldanan buluçlary Sowet häkimiýetiniň tarapyna çekmek barada barýar. Aradan köp wagt geçmänkä, Kerim hanyň üstüne Owganystandan geçen Jenjit han özüniň 200–300 atlysy bilen dökülýär. Şol gürrüňi edilýän demnr ýol köprüsiniň golaýynda birnäçe günläp söweş dowam edýär. Kerim han garşydaşlaryny ýeňip, üstün çykýar. Şeýdibem ol ýerli halkyň ynamyna girýär. Kerim han kanuna boýun egmejek bolýardy. Ol hem-de onuň adamlary döwlete hiç hili salgyt tölemeýärdiler. Han obasyndan bir adamy-da okuwa ibermeýärdi, şeýle hem obalarynda täze mekdep açdyrmaga kes-kelläm garşy çykýardy. Şol döwürde Merkezi Ispolnitel Komitetiniň ýanynda az sanly milletleriň işleri baradaky bölüm bardy. Ine, şol bölumden Kulyýew Tejene geldi. Onuň bilen Kerim hanyň ýaşaýan obasyna gitdik. Kerim hana we onuň adamlaryna Sowet häkimiýetiniň kada-kanunlaryny düşundirmäge durduk. Muňa gahary gelen Kerim han Aşgabada Merkezi Ispolnitel Komitete arz etmäge gitdi. 1930-1931-nji ýyllarda Kerim han we onuň adamlary Ýoleten raýonyna göçdüler. Ol bu ýerde birnäçe wagt ýaşansoň, Owganystana geçip gidipdir. Ine, bu- luç daýhanlary gedem «hanlaryndan» şeýle dynypdylar... DAŞKENTDE 1930-njy ýylda meni Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetine okuwa iberdiler. Okuw döwründe partgruppanyň sekretarlygyna hemem profkomyň çlenligine saýlandym. Bu maňa edilen uly ynamdy. Şeýle hem Özbegistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ştatdan daşary instruktory hökmünde-de özüme degişli işleri alyp barmaly bolýardym. Şol okuw ýylynda bizi-birnäçe studenti Orta Aziýa Býurosyna ýygnap, Garagalpagystanyň Tagta köpri raýonyna upolnomoçennyý edilip dört aýlyk iberilýändigimizi habar berdiler. Biziň ol ýerde kollektiwizasiýany, zähmetkeşleriň arasynda syýasy-düşundiriş işlerini geçirmeklige ýardam bermelidigimiz hakynda aýtdylar. Şol ýylyň oktýabry bolsa gerek, biz raýon merkezinde ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirip ýördük. Şol wagtam basmaçylaryň banky talap, magazinlerden göterip bilen zatlaryny hem özleri bilen äkidendikleri hakda habar geldi. Basmaçylara kurbaşy Temirhan ýolbaşçylyk edýärdi. Olar milisiýanyň naçalnigi Kurbanbaýy wagşylyk bilen öldürip gidipdirler. Ine, biz, kommunistler şeýle howply ýagdaýda, gündiz-hä ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirýärdik, gijelerine hem basmaçylaryň eline düşmezlik üçin çemeli ýer gözlenýärdik. Bellenilen möhletde Daşkende gaýtdyk. Üç-dört aý okandyryn-da, meni Gazanjyk raýonyna upolnomoçennyý edip iberdiler. Şol wagt raýkomyň birinji sekretaryna Kulyýew diýýärdiler. Meni bu ýerde Akjaguýma, Denata, Ýelbarsly ýaly çarwadar obalara iberdiler. Çarwadarlara TOZ-lara birleşmek hem-de olaryň ähmiýeti dogrusynda gürrüň berýärdim. Şol döwürde raýonyň ilatynyň köpüsi çarwadarçylyk bilen meşgul bolansoň göçüp-gonup ýörerdi. Basmaçylyk etjek derejesine ýetipdi. Eýrandan sowet serhedini bozup geçen basmaçy otrýadlary parahat oturan obalaryň üstüne dökülip, magazinleri talap gidýärdiler. Emma muňa garamazdan bize, Akjaguýmada, Perewal stansiýasynda, Barsly diýen ýerde çarwadarlary TOZ-lara birikdirmek başardypdy. Biz olary «Kom- munar» diýip atlandyrdyk. 1931-nji ýylyň güýzünde ýene-de Daşkende dolanyp geldim, bu ýerde 1932-nji ýylyň apreline çenli okadym. Aprelden Orta Aziýa Býurosynyň MK-nyň karary bilen meni Samarkant oblastynyň Juma demirýol stansiýasyndan 30 kilometr uzaklykda, dagyň içinde ýerleşýän «Angar» sowhozyna kömek bermek maksady bilen iberdiler. Sowhozyn direktory Kerimbaýewdi. Sowhoz golaýda döredileni üçin entek guramaçylyk tarapdanam, ykdysady tarapdanam gowşakdy. Maksat bu täze ho- jalygyň tiz aýaga galmagyna ýardam etmekdi. Emma muňa daglarda mesgen tutan basmaçylar gaýtawul görkezýärdiler. Şonuň üçinem maňa hojalyk işleri bilen bir babatda, sowhozda 10—15 adamdan ybarat ýaragly otrýad düzmeklik başardypdy. Bu otrýad diňe bir gijelerine däl, eýsem gündizlerine-de oba adamlaryny basmaçylardan goraýardy. Kürbaşy Ýuldaşyň ýolbaşçylygynda basmaçylar birnäçe gezek oba çozuş etseler-de, olara obany talamak başartmady. Basmaçylaryň önünde esasy bir maksat bardy: her edip, hesip edip, sowhozyň direktory Kerimbaýewiň janyny jähenneme ibermelidi. Emma biz olaryň bet maksatlaryna ýol bermedik. Bu ýerde üç aýlap bolanymdan soň, men ýene-de Daşkentde. Mähriban student ýoldaşlarymyň arasynda. Bir aý okap-okamankam, iýul aýy bolsa gerek, Orta Aziýa Býurosynyň karary bilen meni ýene-de upolnomoçennyý edip iberýärler. Bu gezek meniň ugrum-ikinji dogduk diýarym Tejenedi. Şol döwürde partiýanyň raýkomynyň sekretarlary Roman Mylnikow bilen Mämmet Ryzaýewdi. Meni Akgoňur obasyna iberdiler. Bu ýerde men başga işlerden boşadylan partbýuronyň sekretarydym. Oba sowetiniň başlygynyň familiýasy hakydamda däl welin, adyna Han diýýärdiler. Men bu obada üç aý işledim. Kolhozyň ýagdaýy gaty gözgynydy. Suw ýetmezçilik edýärdi, hasyllylyk gaty pesdi, aýry-aýry ýerlerde, eger-eger hiç hili hasyl alnanokdy. Munuň üstesine-de basmaçylaryň talaňçylykly çozuşlary uly howp salýardy. Şol çozuşlaryň birinde gowkuzereňli aktiwist Moşykow wepat boldy. Tiz wagtdan basmaçylaryň bandasy derbi-dagyn edilipdi. Men 1932-nji ýylyň güýzünde Daşkende gaýdyp geldim. 33-nji ýylyň iýunynda hem Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetini tamamlandygymyz hakynda diplom gowşuryldy. Iýul aýynda-da bizi BK (b) P MK-nyň Orta Aziýa Býurosyna ýygnap, MTS-leriň ýanynda syýasy bölümleriň döredilýändigi hakdaky habary aýtdylar. Bu hakda BK (b) P MK-nyň ýörite karary bardy. Syýasy bölümlere uly hukuklar berilýärdi. Syýasy bölümiň gurluşy şeýledi: syýasy bölümiň naçalniginiň dört sany orunbasary bolmalydy– 1-njn orunbasary partiýa işleri boýunça, ikinji döwlet howpsuzlygy, üçünjisi aýal-gyzlaryň arasynda iş alyp barmalydy, dördünjisi bolsa ýaşlaryň arasynda iş alyp barmalydy we komsomolyň işine ýolbaşçylyk etmelidi. Şeýle hem şol ýygnakda syýasy bölümle- riň esasy wezipesini kolhozlary döretmekde we ony berkitmekde, kulaklary synp hökmünde ýok etmekde hem-de kolhoz gurluşynyň işlerine gaýtawul berýän baýlary we kulaklary, olaryň ýaranlaryny paş etmekde partiýanyň syýasatyny gyşarnyksyz berjaý etmelidigini kesgitlediler. Ýygnakdan soň, beýleki ýoldaşlarym ýaly, meniň hem nirede işlemelidigim aýdyldy. Býuronyň karary bilen Tagtabazar raýonynyň MTS-nyň syýasy bölü- miniň naçalniginiň birinji orunbasarlygyna bellenipdim. Serhet ýakasyndaky raýona gelibem, derrew işe başladym. MTS-ler kolhoz gurluşygyna hem-de ony berkitmek işine komsomollary has batyrgaýlyk bilen çekýärdi, aýallaryň kolhoz önümçiligine aktiw gatnaşmaklaryny gazanmak üçin çalyşýardy hem-de ýakyn wagtlarda kolhoz gurmak we ony pugtalandyrmak işlerini birýüzli etmek ugrunda göreş alyp barýardy. Bu işleri amala aşyrmakda MTS-ler partiýa, sowet, komsomal organlary bilen bilelikde hereket edýardi. 1933-nji ýylyň ahyryna çenli täze kolhozlary gurmak we ony pugtalandyrmak işleri esasan tamamlanypdy. Ýöne muňa garamazdan, käbir ýerlerde tire-urug täsirleri öz hökümini ýöretmäge çalyşýardy. Kulaklar käbir sowatsyz daýhanlary aldap, özleri bilen daşary ýurtlara gaçmaga yrmaga synanyşyk edýärdiler. Emma olaryň bu pirimleri hem başa barmady. Kolhozlar oba hojalygynda täze-täze zähmet ýeňişlerini gazanýardylar. Emma respublikanyň maldarçylyk bilen meşgullanan raýonlarynda ýagdaý entek o diýen öwerlikli däldi. Bu ýerlerde TOZ-lary gurmaklyk işi ýaňy ýaýbaňlanyp başlapdy, basmaçy bandalary bolsa, iki ýana urunýardylar. Ine, şeýle çylşyrymly ýagdaýlarda çarwadarlaryň arasynda syýasy işleri geçirmek örän zerurdy. 1934-nji ýyl. Şol ýyl TK (b) P MK meni gumuň içine –Kyrkguýy raýonyna işe iberdi. Maňa indi bir raýonyň ykbaly ynanylypdy, men indi TK (b) P Kyrkguýy raýkomynyň birinji sekretarydym. Raýon maldarçylyk bilen meşgul bolýardy. Raýkomda biz bary-ýogy üç adamdyk. Men kultpromyň hem aýal-gyzlar bilen işlemek baradaky bölümiň müdiri. Raýispolkomyň başlygy Mahmydowdy, orunbasary Hydyrowdy. Raýkomda heniz MTS we onuň syýasy bölümi döredilmändi. Raýonyň Kyrkguýy diýlip atlandyrylmagynyň öz sebäbi bardy: Bu ýerde kyrk guýy gazylypdy. Biziň esasy wezipämiz ýekebara çarwadarlary TOZ-a birleşdirmekden ybaratdy. Bu wezipe örän çylşyrymlydy, munuň üçin birtopar kynçylyklara gabat gelinýärdi. Dogrusyny aýtmak gerek, raýonda baý-kulaklaryň, duşman elementleriniň täsiri biziň işimizi — TOZ-lary gurmaklygy aç-açan kynlaşdyrýardy. Galyberse-de, ilki işe girişäýen mahalymyzda tejribesizlikden öz goýberen hatamyz hem bolupdy. Hojalyklarda bar bolan ähli mallary TOZ-a geçirmek bara-da nädogry görkezme beripdiris. Biziň bu ýalňyşymyz TK (b) P MK-da bada-bat duýduryldy. Şondan soň biz her bir hojalykda 25-e çenli mal saklamaga rugsat berip, galan mallary TOZ-a geçirdik. Bu biziň işimiziň ilerlemegine oňyn täsirini ýetirdi. Basmaçylaram dek ýatanokdy. TOZ-a girýänleri her hili ugur bilen gorkuzýardylar, partiýa we sowet işgärlerini aňtaýardylar. Raýon merkezine her sagat, her minut basmaçylaryň kürsäp girmek howpy bardy. Ol wagtlar bütin raýonda 3–4 sany milisiýa işgäri bardy. Şonuň üçinem men raýon ýolbaşçylaryny bir ýere ýygnap, 20–30 adamdan ybarat ýaragly otrýad dö- retmegi teklip etdim. Şeýle otrýad gysga wagtyň içinde döredildi. Bu otrýad öz wagtynda uly işleri bitiripdi. Raýonda TOZ-laryň 14-sini gurmak başardypdy. Olary pugtalandyrmak işinde hem birnäçe üstünlik gazanyldy. Şeýlelikde, TOZ-lary gurmak babatda raýon aktiwistleriniň öňünde durýan esasy wezipä abraý bilen hötde gelnipdi. Şu ýerde raýon merkezi bolan Kyrkguýy hakynda birki agyz söz aýdasym gelýär. Ol öz keşbi boýunça respublikamyzyň beýleki raýon merkezlerine düýbün- den meňzänokdy. Raýonyň ähli edaralary, şeýle hem raýkompartiýa gara öýlerde ýerleşipdi. Şähere gaýdar ýaly ýörite ýol hakda pikirem edip oturasy iş ýokdy. Aragatnaşyk saklar ýaly hiç hili apparat ýokdy. Ine, şeýdip işlemeli bolunýardy, ýöne biz munuň wagtlaýyndygyna göz ýetirýärdik... 1934-nji ýylyň ahyrynda TK (b) P MK-nyň we TSSR Ministrler Sowetiniň karary bilen Kyrkguýy raýony ýatyrylyp, onuň territoriýasy Tejene degişli edildi. Men Tejende raýkomyň guramaçylyk bölüminiň müdiri bolup işledim. Raýkomyň birinji sekretary B.P. Iwannikowdy. 1935-nji ýylyň awgusty. Men gumuň içinde ýerleşýän Ýerbent raýonyna tarap barýaryn. Muňa ýene-de uly ynam bildirildi: Men TK (b)P Ýerbent raýkomynyň birinji sekretary. Raýon merkezi häzirki “Ýerbent” sowhozynyň ýerinde ýerleşýärdi. Raýon öz bilşiňiz ýaly, maldarçylyk bilen meşgullanýardy. Raýonda maldarçylyk kolhozlaryň we TOZ-laryň 21-si bardy, şeýle hem raýonyň territoriýasynda kükürt zawody hem ýerleşýärdi. Kolhozlarda we kükürt zabodynda heniz partiýa guramasy döredilmändi. Raýonda ýeke-täk ilkinji partiýa guramasy, olam raýkompartiýadady, ilkinji komsomol guramasy hem raýkomsomolda döredilipdi. Şonuň üçinem öňde kyn we jogapkär işler ýatyrdy. Raýon partiýa guramasynda bary-ýogy 30 kommunist, komsomol guramasynda hem 50 komsomol bardy. Eýsem-de bolsa, bu sanlary bütin raýonyň möçberinde göz öňünde getirip görüň! Tiz wagtdan kommunistleriň sany 30-dan 50-ä ýetirilipdi, komsomollaryň hem sany 100-e ýetipdi. Kükürt zawodynda, Gyzylsakal, Mämmetýar, Gurtly we Ýerbent oba sowetlerinde, Gorbunow adyndaky kolhozda ilkinji partiýa we komsomol guramalaryny döretdik. Bulardan başga-da oba adamlary döwlete odun we deri tabşyrmak işinde-de görelde görkezenler. Bular döwlet tarapyndan satyn alynýardy. Netijede kolhoz hojalyklary özüni tutup başlady, maldarlaryň ýaşaýyş derejesi öňküden gowulaşdy. Bütin respublikamyzyň durmuşynda bolşy ýaly, biziň raýonymyzyň zähmetkeşleri üçinem 1935-nji ýylda türkmen jigitleriniň Aşgabat—Moskwa aralygyna atly ýörişi ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Bu ýöriş TK (b) P MK-nyň we TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň karary bilen geçirilýärdi. 1935-nji ýylyň maýynda Aşgabadyň häzirki Karl Mapks ploşadynda şäher ilaty ýygnanypdy. Olar bu ýere 28 sany türkmen jigidini uzak ýola ugratmak üçin gelipdiler. Bu mitingde N.Aýtakow, Ý.I.Popok, Ç.Wellekow dagy çykyş etdiler. Jigitler milli eşikdedi: ädikli, gyzyl ýüpek halatly, ýüpek guşakly, ak telpekli ýigitleri görmäge göz gerekdi. Atly ýörişiň ýoly biziň raýon merkezimiziň ustündenem geçýärdi. Ýerbentde biz atly jigitleri dabaraly garşyladyk. Raýonyň ähli kolhozçylary, kükürt zawodynyň işçileri, raýon aktiwistleri güneşli res- publikamyzyň batyrlaryny duz-çörek bilen garşy aldylar. Bir gije-gündizläp türkmen atlylary bu gadyrdan halkyň—gumlularyň arzyly myhmanlary boldular. Raýon zähmetkeşleri jigitleriň uzak ýola şaýlanmaklarynyň öňüsyrasynda olara ullakan türkmen halysyny sowgat etdiler. Olar halyny gowşuranlarynda: «Bu halynyň üstünde dynç alanyňyzda, argynlygyňyz zym uçan ýaly bolar. Çünki ol gumly gelinleriň çeper elleriniň hünäri» diýip aýtdylar. 1935-nji ýylyň 1-nji iýunynda jigitler Ýerbentden ýola düşdüler. Atly ýörişe umumy ýolbaşçylyk etmeklik TSSR MIK-niň başlygy N.Aýtakowa tabşyrylypdy. Ýörişiň naçalnikligine Sokolow diýen bir rus ýigidi bellenilipdi. Raýon zähmetkeşleriniň «Ýerbent—Aşgabat» aralygyna pyýada ýöreşi hem ýatlanmaga mynasypdyr. G.ATABAÝEW BILEN IKIÇÄK TK (b) P-niň Ýerbent raýkomynyň birinji sekretarlygyna bellenmezimden öň Merkezi Komitetde meniň bilen gürrüň geçirildi. TK (b) P MK-nyň birinji sekretary ýoldaş Popogyň meniň, bilen eden gürrüňi şeýleräkdi: «Sen heniz ýaş, özem iň bir yza galak maldarçylyk raýonyna işe iberilýärsiň. Ol ýerde basmaçylar uzak wagtlap halky gorkuzyp geldiler. Baýlaryň we kulaklaryň ähli baýlygy ellerinden alyndy. Häzir ol baýlyk raýon merkezinde saklanylýar. Ýöne baýlar we kulaklar seniň ýaşlygyňdan peýdalanjak bolup synanyşarlar. Adam her hili ýagdaý ýüze çykanda-da öz päkliginde, durnuklylygynda galmalydyr. Ýeňil ýol gözlemän, partiýa prinsipniallygyna gol berseň, päk bolsaň, seniň işiň hemişe şowuna bolar» diýipdi. Men bu parasatly maslahaty bütin ömrüm boýy sapak edindim. Ikinji bir ýatlajak wakam bolsa, respublikamyzyň gaýduwsyz, batyr, uly gujur-gaýratly ýolbaşçysy, TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew bilen baglanyşykly. «Aşgabat—Moskwa» aralygyna atly ýörişiň tamamlanan günleridi. Men raýonyň möçberinde çözülmeli mesele bilen ýoldaş Atabaýewiň ýanyna girdim. Ol meniň haýyş eden meselelerimi şo bada çözdi. Hoşlaşyp, turup gaýtmakçy bolanymda, men Garagumuň jummüşinde zähmet çekýän maldarlaryň adyndan| ony raýonymyza myhmançylyga çagyrdym. Ýoldaş Atabaýew çakylygy uly höwes bilen kabul etdi. Özüniň haçan we näwagt barjakdygyny hem aýtdy. Soňra ol ýylgyrdy-da: «Nähili, Ýerbentde keýik köpmi?» diýip sorady. Men onuň ölemen awçydygyny ozal bilýärdim. Şonda men oňa Ýerbende barýan ýoluň ugrundaky uly takyrda keýikleriň görünýändigini aýtdym. Bellenilen gün hem ýetip gelipdi. Ýerbendiň ilaty arzyly myhmana, hökümet ýolbaşçysyna garaşýardy. Edil şu wagtky ýaly ýadymda, Atabaýewiň aýdan sagady uzakdan ýeňil maşynyň tozany göründi. Agyr bulut ýaly ilat bary maşyna tarap suýşüp ugrady. Emma gynansak-da Atabaýewiň maşynynda diňe Halk Komis- sarlar Sowetiniň başlygynyň kömekçisi Kostin otyrdy. Atabaýewiň gelip bilmeýändigini, gyssagly we zerur işiň çykandygyny, şonuň üçinem ötünç soraýandygyny onuň kömekçisi bize aýtdy, Şeýle hem Atabaýewiň ýerbentlileri atly ýörişiň tamamlananlygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek uly toýa çagyrýandygyny Kostin aýtdy. Ol wagtlar Ýerbent—Aşgabat aralygynda telegraf, radio aragatnaşygynyň ýokdugyny hem aýtmalydyryn. Atabaýewiň öz işdeş ýoldaşlaryna bolan şeýle uly hormaty bizi hasam tolgundyrypdy. Dürli meseleler bilen Atabaýewe ýüz tutmaly bolunýardy. Biziň haýyşymyzy ol üns bilen diňleýärdi. Hemem işiň bada-bat düzedilmegi üçin Halk Kommissarlar Sowetiniň görkezmeleriniň ýerine ýetirilmegine onuň hut özi gatnaşýardy. Munuň üçin ol stenografistkany ýanyna çagyryp, görkezmäniň mazmunyny aýdýardy. Şol ýerde-de bada-bat maşynkadan geçirilýärdi, gol çekilýärdi. Ol her bir meseläniň çalt düzedilmeginiň tarapdarydy. Işi ýerine ýetirmekligi ikinji derejeli adamlara tabşyrmazdy. Elbetde, şeýle görkezme tiz hem oňyn çözülýärdi. Çünki her bir komissariatyň ýolbaşçysy Atabaýewiň meseläni çözmekde haýal-ýagallygy halamaýandygyny gowy bilýärdiler. Kähalatlarda bolsa görkezme protokol ýazgysy hökmünde şeýle düzülýärdi: «Raýkomyň sekretary ýoldaş Dusaýewiň arzasyna garamak bilen.., karar edildi:—pylan zat bermeli...» Ýokarda aýdyşym ýaly, meseläni çözmäge degişli halk komissarlary bilen derrew düşünişilip, dokument taýyn görnüşinde eliňe berilýärdi. Ol biziň bilen hemişe rusça gepleşýärdi. Muny onuň biziň rus dilini öwrenmegimiz üçin şeýdendigine soň göz ýetirdik. Bu kommunistleriň zähmetsöýerligi, gönümelligi, päkligi biziň üçin hemişe görelde mekdebi boldy. ÝAŞULY ŽURNALIST ANNAGULY MÄMMETGULYÝEWIŇ ÝATLAMASYNDAN ...Edaralarda iş wagty başlanandan soň biz hem işe ugradyk, TKP raýkomynyň birinji sekretary gazak ýigidi eken. Oňa Dusaýew diýýärdiler. Bu adamyň gömelteýräk görnüşine garamazdan, ol Ýerbentdäki habarçylar nosty, aýratyn-da Hudaýnazar hakda (gürrüň 30-njy ýyllaryň zehinli şahyrlarynyň biri X. Kömekow hakda barýar) söýgi we hormat bilen gürrüň berdi. «Gaty ýiti oglan, dili duzly, garaz onuň galamynyň astyna düşen özüň bolma» diýip ýylgyrdy. Milisiýa naçalnigimiň, prokurorymyň, söwda işgärimiň, kim bolsaň bolaý, ol ýaramaz ýagdaýy görse, çekinmän, ýüz görmän ýazýar» diýdi. Ýoldaş Dusaýew ömürboýy respublikamyzyň dürli ýerlerinde ýolbaşçy partiýa işlerinde işledi. Päk göwünli, diýseň mylaýym adam. Häzir respublikan ähmiýetli pensioner. Şu wagt hem oňa duşsam, men gowy geneşçime duşan ýaly bolýaryn. Hormatlaýaryn. Hudaýnazaryň soňra tiz wagtdan «Ýaş kommunist» gazetine işe çekilmeginde hem onuň maslahaty belli bir rol oýnapdy... SEÝDINIŇ MEKANYNDA 1939-njy ýylyň iýunynda TK (b) P raýkomynyň birinji sekretary hökmünde Garabekewüle işe iberildim. Raýonda kolhozlaryň 54-si bardy. Otuzynjy ýyllaryň başyndaka garanyňda hojalyklarda ep-esli öňe gidişlikler gazanylypdy. Şol ýyllar bütin bir raýona 2-3 sany «Fordzon» traktory ýetýän bolsa, indi sowet traktorlarynyň sany 40-50-e ýetýärdi. Bu traktorlar «fordzonlara» garanyňda has kämildi, has güýçlüdi. Emma muňa garamazdan, ne kolhozlar öz ululygy boýunça, ne-de MTS-lerdäki traktorlar öz sany boýunça wagtyň talabyny ödeýärdi. Kolhozlar gaty ownukdy. 20-30-50 hojalykdan bir kolhoz döredilipdi. Bu kolhoz hojalyklarynyň meýdany hem 2 gektardan geçenokdy. Hatda 4-6 gektar ýerli hojalyklar gaty seýrekdi. Bu bolsa MTS-lerdäki az sanly traktorlary öz güýjünde we deň derejede ulanmaklyga ýol bermeýärdi. Mysal üçin, Annamyrat oba Sowetine girýän Çubin adyndaky kolhoz bary-ýogy 30 hojalygy özünde birleşdirýärdi, «Kommunist» kolhozynda 50, «Ikinji bäşýyllykda» 40 hojalyk bardy. Işi täzeçe guramalydy. Bu babatda raýon guramalarynyň öňünde uly-uly çözülmeli meseleler ýatyrdy. Ownuk kolhozlary birikdirmelidi, hojalyklary ykdysady taýdan gurplandyrmalydy. Halkyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmalydy Oba hojalyk maşynlaryň, traktorlaryň ýetmezçilik edýändigi mese-mälim duýdurýardy. Döküniň ýagdaýy hem gaty ýaramazdy. Şol döwürde pagtanyň her gektarynyň ortaça hasyllylygy 7-3 sentnerden köp däldi. Şeýle agyr şertlere garamazdan, traktorlardyr oba hojalyk maşynlaryny alardyk. Işlerimizdäki zähmet ýeňişlerimiz bizi täze-täze üstünliklere ganatlandyrýardy. Ýöne biziň üçin iň agyr synag öňde ýatyrdy. 1941-nji ýylyň iýunynda faşistik Germaniýa biziň parahat oturan Watanymyzyň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozdy. Ýurtda Beýik Watançylyk urşy başlandy. Erkek göbeklileriň köpüsi diýen ýaly fronta gidipdi. Raýonda bar bolan awtomaşynlardyr atlar hem fronta ugradyldy. Aýal-gyzlar söwer ýarlarynyň, mähriban doganlarynyň, kakalarynyň deregini tutdular. Olar ýerem özleri sürdüler, hasylam özleri ýygnadylar, malam bakdylar. Front üçin ýyly geýimler tikilýärdi, samolýot we tank ýasatmak üçin pul serişdeleri toplanýardy. Bu babatda raýonyň zähmetkeşleri respublikada birinji ýeri eýelediler. Men we başga-da birnäçe raýon işgärleri 1943-nji ýylyň iýulynda TSSR Ýokary Sowetiniň ukazy bilen Hormat hat bilen sylaglandyk. Garabekewül raýonynyň zähmetkeş aýallary diňe kolhoz meýdanlarynda däl, eýsem raýonyň ýolbaşçy işlerinde-de özlerini görkezdiler. Raýonda olaryň ýedisi uly abraý bilen zähmet çekýärdi. Düýnki tikin tikip, halyň täsin göllerini çiten näzik eller, indi bu gün hojalyk maşynlaryna, güýçli traktorlara erk edýärdi. Bu şol wagtlar gaty geň we täsin görlerdi. Raýonda türkmen gyzlarynyň 5-si traktorçy bolup işleýärdi. Men şu ýerde gijesini gündiz edip, ähli kynçylyklaryň öňünde mert durup bilen garabekewülli aýal-gyzlaryň öňünde ýene-de bir gezek baş egýärin!! UKRAINA KOMPARTIÝASYNYŇ RAÝKOMYNYŇ INSTRUKTORY D.MARKOHAÝYŇ ÝATLAMASYNDAN Men Türkmenistana nemes faşistler tarapyndan eýelenen Donbasdan heniz 20 ýaşly gyzkam gelipdim. Ýeke özumdim. Garabekewül raýonynda zähmet işine başladym. Aradan şunça köp wagt geçse-de, şol döwürde bize kömek eden adamlary hiç haçan ýadymdan çykarasym gelenok. Türkmenistanda ýaşalan ýyllar hemişe gözümiň öňunde. Men şol wagtlar TKP raýkomynyň syýasy magaryf kabinetinde işleýärdim. Meni ajaýyp adamlar gurşap alypdy—TKP raýkomynyň şol wagtky sekretarlary N. Dusaýew bilen M, Şirmämmedow, posýolok Sowetiniň başlygy ýoldaş Aşyrowa, sosial üpjünçilik bölüminiň müdiri ýoldaş Rejepowa, Ýusubowlaryň, Baranowlaryň, Gurbanowlaryň, Akyýewleriň, Nyýazowlaryň, Babaýewleriň... maşgalalary maňa köp zatlary öwretdiler. Meselem, Nowruz Dusaýewi alyp göreli. Raýkomyň sekretarynyň şol agyr günler aladasy özüne ýetikdi: fronty, tyldakylary oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmelidi. Soldat maşgalalary hakda, ýetim galan çagalar hakda alada etmelidi. Ýöne ol biziň, ýagny, ewakuasiýa gelen adamlaryň hal-ýagdaýyny, ýaşaýşyny soramaga, maslahat bermäge hemişe wagt tapýardy. Gerek bolsa kömegini birjik-de gaýgyrmazdy... *** Men 1943-nji ýyldan 1948-nji ýyla çenli partiýanyň Çärjew obkomynyň sekretary wezipesinde işledim. 1948-nji ýyldan 1951-nji ýyl aralygynda bolsa partiýanyň Farap raýkomynyň birinji sekretary wezipesinde işledim. Garabekewül raýonyndaka garanyňda, indi işlemek aňsatlaşypdy. Fronta giden erkek adamlaryň dogduk diýarlaryna dolanyp gelip, oba hojalygynda işläp ýörenleri kändi. Oba hojalyk maşynlary hem köpelip başlapdy. Kolhoz meýdanlarynda pagta ýygyjy maşynlar peýda bolup ugrapdy. Pagtanyň hasyllylygy 7–8 sentnerliginden 12–16 sentnere ýetirilipdi. Käbir kolhozlar hatda 25–30 sentner hasyl almagy başarýardylar. Ýyllar yzly-yzyna geçip durdy. Işlerimiz oňatdy. Farapda maňa öz işini bilýän, prinsipial, päk ýürekli, döwletiň işini hemişe öz bähbidinden ileri goýýan adamlaryň köpüsi bilen işlemek miýesser etdi. 1951-nji ýylyň ahyry. Meni Aşgabada işe çagyrdylar. Elbetde, ençeme ýyllap bile işleşen, duz-emek boluşan adamlaryň, aýratynam Watanymyzyň başyna agyr günler inende janaýaman zähmet çeken adamlar bilen, onuň sahy topragy bilen hoşlaşmak ýeňil däldi. Men indi TSSR Ministirler Sowetiniň ýanyndaky oba we kolhoz gurluşygy Baş uprawleniýesiniň naçalnigidim. Işim göwnüme ýakmanam duranokdy. Ýöne, dogrymy aýdaýyn, partiýa işini küýseýärdim. Men özümiň şol ýerde zerurdygyma gowy düşünýärdim. Men bu işde 1953-nji ýylyň maýyna çenli ähli gujur-gaý- ratymy sarp edip işledim. Haçanda meni Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetine çagyryp, özümiň Garrygala raýonyna işe iberilýändigim hakdaky habary aýdanlarynda ýüregimi begenç duýgusy gaplap alypdy. Merkezi Komitetiň birinji sekretary raýonyň gaty yza galakdygyny, şonuň üçinem maňa uly ynam bildirýändiklerini aýdanda başym gök diredi. Çünki partiýanyň ynamy meniň bütin ömrümiň manysydy ahbetin! Dogrudanam serhet ýakasyndaky raýonyň hojalyklarynyň ýagdaýy öwerlikli däl ekeni. Bu ýerde henize çenli hojalygyň haýsy ugurlary bilen gitmelidigi hem doly anyklanylmandyr. Mysal üçin, hojalyklar kelemiň bol hasylyny ýetişdirýärler. Ony Gyzylarbat, Krasnowodsk ýaly uzak aralyga äkitmek üçinem ulag ýok. Nätmeli? Şonuň üçinem kolhozyň kassasyna uly girdeýji getiräýjek baýlyk mallaryň öňüne iým hökmünde dökülýän ekeni. Bu ine, yzagalaklygyň ýönekeý ýekeje mysalydy. Kolhozçylaryň zähmet günlerine bary-ýogy 50 köpükden düşýärdi. Raýony yza galaklykdan çykarmak üçin biliňi berk guşamak gerekdi. Ilki bilen kolhozlardaky ilkinji partiýa guramalarynyň işini kadrlar bilen berkitmekden başlamalydy, ilat arasynda syýasy-terbiýeçilik işlerini has kämil guramalydy. Bu işlerde bolsa raýonyň aktiwine berk daýanmaklyk zerurdy. Ahyry bir netijä gelindi. Kolhoz hojalyklarynda arpanyň deregine kartoşkany, käbir ýerlerde pagta ösdürip ýetişdirmeklik hemem maldarçylygy ösdürmeklik bellenildi. Kolhozçylar hem biziň bu pikirimizi ikielläp goldadylar. Olary ilkinji netijeler täze zähmet ýeňişlerine ganatlandyrdy. Indn olar 50 köpüge derek, her zähmet günlerine 10 manatdan hak alýardylar. Kolhozçylar özlerine täze jaýlar salynyp ugradylar. Raýon merkezinin keşbi özgeripdi: täze tnpli klub ulanylmaga berildi, täze-täze ymaratlar peýda, bolýardy, Hasar daglarynyň üsti bilen Bagandar dnen ýerden15 kilometr uzaklykdan suw turbasy çekilipdi. Indi ilat agyz suwundan kösenenokdy. Durna göz sowuk çeşmäniň suwy her hojalygyň howlusyndan buldurap akýardy. Raýon merkezinden Çendire çenli gurlan täze ýol hem adamlary gowy zähmet çekmäge ruhlandyrypdy. Çünki, adamyň özi hakdaky hakyky aladany duýanda, gowy işlemezlige hakynyň ýokdugyny öňki durmuş tejribelerimden bilýärdim. Men Garrygaladan ellinji ýyllaryň ahyrlarynda Aşgabada gaýtdym. Soň çärek asyry geçirip, ol ýere birnäçe gün myhman bolup gaýtdym. Şol öňki tanyş ýüzlere gözüm düşende, biçak tolgundym. Adamlar bagtyýar ýaşaýarlar. Garrygalada Magtymgulynyň obasyndaky uly toýa çagyrdylar. «Dusaýew gelipdir! » diýen habary eşidip, goňşy obalardanam meni görmäge gaty köp adam ýygnandy. Olar bilen söhbetdeş bolduk. Içgin gürleşdik. Men soň partiýanyň Aşgabat obkomynda oba hojalyk bölüminiň müdiriniň orunbasary, Büzmeýin tomat-konserwa zawodynyň direktory, maldarçylyk institutynyň eksperimental bazasynyň direktory wezipelerinde işledim. 1967-nji ýylda bolsa saglyk ýagdaýymyň ýaramazlaşmagy sebäpli pensiýa çykdym. Basmaçylaryň eline düşmezlik üçin Kyrkguýuda, Akjaguýmada... iş geçirip ýörenimiz, TOZ-laryň, kolhoz-sowhozlaryň ähmiýeti hakda oba daýhanlary bilen gürrüň geçirip ýörenimiz, meniň göwnüme bolmasa, ýaňy-ýaňylar ýalydy... Emma ondan bäri uzak wagt geçipdir. Häzir 77 ýaşymda. 55 ýyla ýakyn wagtdan bäri bolsa mähriban Kommunistik partiýamyzyň hatarynda durun. Nirede we nähili wezipelerde işlesemde men hemişe özümi partiýanyň ýönekeý esgeri saýdym. Häzir durmuş gowy. Nirä uzatsaň eliň ýetýär. Şonuň üçinem meniň ýaşlara «Parahat günleriň gadyryny biliň. Bagt agzybirlikdedir! » diýip, gürruňimi jemläsim gelýär. AWTORDAN: Nowruz aganyň döşuni «Hormat Nyşany» ordeniniň ikisi, Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni, ençeme medallar bezeýär. Onuň döwletli maşgalasy, agtyklary bar. Uly gyzy Raýa çagalar wraçy, Olýa medisina ylymlarynyň kandidaty, Mila atly gyzy profsoýuz işgäri, Ogly Arkadiý bolsa mehanik. Uly agtygyna bolsa gazaklaryň uly şahyry Abaýyň adyny dakdylar. Kommunist Nowruz Dusaýew ömrüniň wepaly ýoldaşy Janşa daýza bilen bagtly döwrumiziň bagtyýar durmuşynyň hözirini görýär. Çünki, şeýle durmuş üçi- nem göreşilipdi ahyryn! Allaýar ÇÜRIÝEW, Ýanwar, 1983ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |