17:30 On alty ýyllap sürgünde | |
ON ALTY ÝYLLAP SÜRGÜNDE
Taryhy makalalar
– Meni 1937-nji ýylyň maýynda Mary raýispolkomynyň başlygy wezipesine saýladylar. Gaýgysyz Atabaýewiň özi gatnaşdy. Soň şo ýylyň tomsunda “Gaýgysyz dagy Moskwa sessiýa barýar. Otlyny Maryda garşylamaly. “Piwo çykarmaly” diýipdirler. Men birki ýaşik piwo çykartdym. Gitdiler. Gaýgysyz gelmedi-de, Aýtakow gelipdir diýip eşitdik. Şo aralykda oba hojalygy boýunça raýonlara ýygnak geçirmeli diýdiler. Suw ýagdaýy erbet. Murgabyň suw howdanyny her ýyl 5-nji awgustda açýadyk. Bu ýyl irräk açylmasa hasyl yrýa boljak. Agronomlary çagyrdyk. “Ýygnaga TK(b) P MK-nyň sekretary Anna Muhammedowyň özi geljek” diýip eşitdik. Popok gidensoň oň ýerine Anna Muhammedow galypdyr. Han Atamyşewem MK-nyň býuro çleni, Merkezi Komitetiň oba hojalyk bölüminiň müdiri. Olam bizde upolnomoçennyý. Biz onuň bilen geljek myhmanyň öňünden çykdyk. O ýerde bize “Aýtakow gelýä” diýdiler. Garşyladyk. Ol: - Men şu gün Moskwadan, sessiýadan gelşim. Bakunyň üstünden geldim. Geliň, ilki bilen bir zat edeliň. Parikmahere baralyň – diýdi. Bardyk. Sakgalyny syrdyrdy. Şo taýdanam kolhozlara gitdik. Semennige, Murgaba aýlandyk. Ertirem ýygnagy açdyk. Men oňa çykyş etmek üçin söz berdim. Ol öz çykyşynda suwuň ýetmezçilik edýändigini, muň üçin nähili çäreler geçirilse gowy boljakdygy hakda aýtdy. Kostýanskiý, Zimin diýen tejribeli spesialistleriň pikirini diňledi. Agronomlar çykyş etdi. - Ýoldaş Aýtakow, suw howdanyny bärde açmasak boljak däl. Ýogsam gowaça gurajak - diýdiler. Açmaly diýen karar edildi. Ertesi Aýtakowy Aşgabada ugratdyk. Han Atamyşewem oň bilen bile gaýtdy. Iki günden soň Han Atamyşew Aşgabatdan geldi-de: - Suratyňy aýyr – diýdi. - Näme üçin? - Hojaýynyňy basdylar. Düýn partiýadan çykardylar – diýdi. Gaýgysyz hakynda welin habar ýok. Soň Anna Muhammedow Maryda aktiwiň ýygnagyna gatnaşdy. Ýygnakda otyrkak, ýoldaşlarymyň birnäçesi Gaýgysyz hakda sora diýdiler. Menem: - Ýoldaş Anna Muhammedow, Gaýgysyz Atabaýew hakynda gürrüň ýok-la. Bu nähili, gelenogam-la Moskwadan. Düýn-öňňün gelýä diýseler wokzala çykdyk garşylamaga. Wagon boş geçip gitdi – diýip soradym. - Э-э... diýip, durup gepleýä-de Anna Muhammedow. – Bize kurorta iberdik diýdiler. Belli zat ýok. Ýöne häzir Atabaýew hakda hiç zat aýtmaň – diýdi. Ýöne Atabaýewiň basylanlygy çyn ekeni. Men muny halk komissary Baky Muhammedowyň hut özünden eşitdim. Oň bilen bile 37-de bir kamerada bolduk. Şonda aýtdy. Meniň söhbetdeşim Nury Hudaýberdiýew. Ol 1929-njy ýylda Maryda ilkinji kolhozlaryň döredilmegine gatnaşan. Komsomol ýaçeýkasynyň sekretary. Basmaçylara garşy göreşen. Otuzynjy ýyllarda LKSMT MK-nyň apparatynda jogapkärli wezipelerde işlän, LKSMT MK-nyň býuro çleni, komsomolyň Mary raýkomynyň birinji sekretary, WLKSM-iň onunjy gurultaýynyň delegaty (1936 ý.). Mary raýispolkomynyň başlygy (1937 ý.). Ol stalinçilik repressiýasynyň agyr horluklaryny başdan geçiren adam. - 37-iň 30-njy sentýabrydy öýdýän. Meňem daşyma aýlanyşyp ugradylar.“Çubin çagyrýar” diýdiler. Ol Moskwadan BK (b) P-niň Merkezi Kontrol Komissiýasynyň Türkmenistan boýunça upolnomoçennysy bolup geldi. Kabinetine girdim. Salam berdim. Ýöne salam berenime şu güne çenli ökünip ýörün. Äýneginiň aşagy bilen bir seretdi-de: - Familiýaň kim? – diýdi. - Hudaýberdiýew – diýdim. - Şo belli Hudaýberdiýewmi? - Bellimi, belli dälmi bilemok. Ýöne men ýaş, 20 ýaşymda – diýdim. Ýanyna baryp oturdym. Ojuk-bujuk soran boldy. Lapykeç halda oň ýanyndan çykyp gaýtdym. Çykyp gaýdamsoň, ol Mara, raýkomyň sekretary Gulam Kulyýewe jaň edip: “Hudaýberdiýewi partiýadan çykar” diýip görkezme beripdir. Mara geldim. Kulyýew ýanyna çagyrdy. - Hudaýberdiýew – diýdi. – Aýtakow dagy seň garşyňa görkezme berýärmiş,halk duşmany diýip – diýdi. - Ýalan gürrüňdir – diýdim. O nähili men halk duşmany bolýamyşym. Ýumruk ýaly oglan halyma galtamanlara garşy göreşdim. Kolhoz gurmaga gatnaşdym, nädip indi bu günki gün halk duşmany bolýamyşym? Kulyýewiň ýanyndan çykyp, Aşgabada, Anna Muhammedowa jaň etdim. “Anna Muhammedow çölde” diýip jogap berdiler. Raýispolkomyňam göni prowodkasy bar. Çöli aldym giçden soň. - Ýoldaş Anna Muhammedow, meni Kulyýew dagy partiýadan çykardylar. - Be, näme üçin? – diýip sorady. - Näme üçin bor? – diýdim. - Onda ertir Aşgabada meň ýanyma gel, şo ýerde gürleşeris – diýdi. Menem ertir Aşgabada barmak üçin Mara geldim. Daşymda bir adam gezýä. Ýanyma geldi-de: - Sen HKWD-ä bar – diýdi. “Bolýar” diýip, iş ýerime bardym. Orunbasaryma: - Aýlygym-zadym bar. Şony alaýyň – diýdim. Olam göni ýüzüme seredip: - Sen halka kömek etmänsiň. Halk duşmany sen. Saňa aýlyk berilmeli däl –diýdi. Ýüzüme urlan ýaly boldum. Gepiň gysgasy, men şo taýdan HKWD-ä bardym. Bardym welin sorag edip ugradylar: “Sen Aýtakowyň görkezmesi bilen kolhozlary ýok etmek hakynda iş alyp barypsyň. Stalin bilen Lenin adyndaky kolhozlary birikdiripsiň. Bilgeşleýin Staliniň adyny aýrypsyň. Atabaýew seni ispolkomyň başlygy edipdir” diýip, sorag edýärler. Aý, garaz ýigrimi günläp Maryň HKWD-sinde sakladylar. Anna Muhammedowyň ýanyna barjak bolşumam şeýle boldy. Günleriň birinde türmede tanyş milisioneriň elinde bir gazet gördüm. Okap gördüm. Anna Muhammedowam işinden aýrypdyrlar. Çubin plenium çagyrypdyr. Bahymam TK (b) P-niň ýedinji gurultaýy bolmalydy. Gurultaýa deputat saýlananlaryňam ählisi diýen ýaly türmede otyr. Çubin plenumda çykyş edip, Anna Muhammedowyň Moskwa, BK (b) P MK çagyrylýandygyny habar berýär. Plenumda onuň özüni MK-nyň sekretarlygyna saýlaýarlar. Anna Muhammedowyň Moskwa çagyrylandygyny kimden eşitdiňiz diýýäňizmi? Muny maňa Meret Kulyýew aýtdy. Taýmylçylaryň komandiri bolan. Birküç ýyllykda ýogaldy, neresse oň bilen komsomolda bile işläpdik. Oňa-da türmede Çary Wellek gürrüň beripdir. Ol Çary bilen kamerada bile bolupdyr. Hawa, Stalin Anna Muhammedowy kabul edýär. Şonda ol Staline respublikadaky adatdan daşary ýagdaý hakda aýdýar. “Bize hiç hili sala salanok” diýýär. “Çubini iberipsiňiz. Etjegini edip ýör. Muny size habar edýin diýip geldim” diýýär. Olam “Sen bilýän bolsaň halkyň keýpi nähili?” diýip soraýar. “Halkyň keýpi erbet däl. Millioner kolhozlarymyz bar. Hojalyklar erbet ýaşanok”. - Bä, düýnki galtamanlar bu günki gün şeýle bahym aklyna aýlanaýdylarmyka? – diýen äheňde Stalin jogap berýär. Knopkany basýar. Gapydan giren adama: - Bi Türkmenistanyň sekretary Anna Muhammedow. Öňüne düşüp, Ýežowyň ýanyna äkidiň. Respublikadaky ýagdaý bilen ony tanyşdyrsyn – diýýär. Anna Muhammedowyňam Ýežowyň ýanyna gidişi şeýle bolýar. Ony türmä basýarlar. Çary Wellek bilen bir kamera salýarlar. Çary şonda Anna Muhammetden: - Anna bu zatlardan Poladyň (Staliniň – A.Ç) habary barmykan? – diýip soraýar. Anna Muhammedow: - Wah, oň ýanyna özüm girdim – diýýär. - Haçan? - Ine, dek düýn. Özi meni Ýežowyň ýanyna ugratdy. Gelip düşen ýerimem şu – diýip, bolan ýagdaýy oňa gürrüň berýär. Şondan soň olaň ikisinem Aşgabada, HKWD-äň ygtyýaryna iberýärler. Olary getirenlerinde biz HKWD-niň 31-nji kamerasyndadyk. Meň ýanymda-da Aşgabat raýkomynyň sekretary Ata Ilbaý, Bäherdeniň raýkomy Işmekow, Türkmenistanyň Moskwadaky hemişelik wekili Baky Muhammedow, Garabogazyň inženeri Kitaýgorodskiý bardy. Iň ýaşam men. Anna Muhammet bilen Çary Wellegiň getirileni çynmykan diýip gyzyklandyk. Meni galdyrýarlar gezelenje çykaranlarynda. Biri glazogyň öňünde durýar. Konwoý görenok. Beýlekileri meni göterýä. Kamerada Anna Muhammedem gördüm, Çary Wellegem. Ştihman diýip GPU-da starşiý leýtenant meň sülçim boldy. Urup ähli dişimi owratdy. Ýogsam oň bilen men Maryda MTS-de bile işläpdik. Ol meň duşman däldigime gaty beletdi. Ol-a MTS-iň syýasy bölüminiň naçalnigi, Sennikowyň GPU boýunça orunbasary, menem komsomol boýunça orunbasary bolup bile işläpdik. - Basmaçylara garşy bile söweşipdik. Ýadyňa düşenokmy? – diýip, oňa aýdýan. - Tanamda näme? – diýýär. Troýka maňa 10 ýyl iş kesipdir. Mundan meniň habarym ýok. Sudam ýok. Zadam ýok. Hiç kim meni çagyrmadam. Bir gün türmäň naçalnigi ýanyna çagyrdy-da: - Ýola düşmeli – diýdi. - Nirä? Öýemi? – diýip, osmakladan boldum. - Ýene näme isleýäň? Sibire gitmeli – diýdi. Meň bilen jogapkär ýolbaşçylardan kän adam gitdi. Aşgabat oba raýispolkomynyň başlygy Atabaý Halnazar, Baýramalyň raýispolkomy Gambarow, Çärjewiň raýkomy Joraýew, Tejeniň raýkomy Açyk Mämmedow, Garrygalaň raýkomy Baýramow... dagy hemmämiz bir ýerik düşdük. Syrderýanyň “Malek” sowhozyna iberdiler. Orsyýetden kän adam geldi. Muň ýaly yssyny olar haçan görüpdirler. Pagtany nirede görüpdirler. Çig suw içip, köpüsi heläk boldy olaň. Soň bizi ýaşlardan saýlap Kuýbyşewe iberdiler. O ýerde 12 müň adam bir ýere ýygnadylar. Özem gyş ýetip gelýär. Wytegli diýip lager açylýar eken, 42 müň adamlyk. Iki müň töweregimizi şo lagere iberdiler. Men şo lageriň üçünji raýonyna düşdüm. Kanal gazdyk. Ýatmaga ýer ýok. Pekarnýa ýok. Pekarnýa gurduk. Ilki-ilkiler iki müň adam ýykyk-ýumruk skladyň jaýynda ýaşadyk. Öler ýaly işleýäs. Uruş başlandy. Aerodrom saldyk. Gepiň gysgasy, men 10 ýylymy Wologodsk oblastynda lagerde geçirdim. Bir gezek Markoozer diýen ýere äkitdiler. Şo ýerde ölen adamlary gömüp bilemzok. Traktor bilen gum sürýärdiler. Boşap, 1947-nji ýylyň ahyrlarynda oba geldik. Ejem bar eken. Aýalym ölüpdir. Oguljygymy tapdyk. Iş sorap, raýkomyň birinji sekretarynyň ýanyna bardym. Iş hakda açyk bir zat aýdanok. Ýogsam oň özem ozal oturyp gelen welin, meň bilen sowuk-salady. - Bä, ýoldaş Ylýasow gepleşäýjekdik welin... diýdim. Oň ýanyndan çykyp, inimiň ýanyna geldim. - Aýlyk alan bolsaň, maňa pul ber. Sennikowyň ýanyna-da baryp geleýin -- diýdim. Sennikow şo wagt TK (b) MK-nyň ikinji sekretary bolup işleýän eken. Biz oň bilen ozal bile işläpdik. Gelip otla bilet aljak bolýan. Oňam nobaty ýeter ýaly däl. Garaz, otly bilen Aşgabada geldim. SK geldim. 35-nji nomerli pasporty görkezdim welin, propusk ýazyp berýän adam: - Bahymrak gideweri şu ýerden – diýip, zähresi ýaryldy. Sennikowyň ýanyna goýbermedi ol. Çykdym-da, Karl Marksyň ugry bilen ýöräp gidiberdim. Ine-de, Töre Rahmanow diýen bir tanşym öňümden çykdy. Gadyrly görüşdik. Öýüne äkitdi. Ýagdaýymy aýtdym. Agşamaralardy. Ol 8-15-e jaň etdi-de, trubkany maňa uzatdy. “Sennikowyň öýi” diýdi. Trubkany oň aýaly göteren eken. - Arkadiý Andreýewiç öýdemi? – diýip soradym. Ol trubkany Sennikowa berdi. Men oňa özümi tanatdym. “Öýe gel” diýdi. Men bolsa: - Öýe barjak däl. Eger wagtyň bolsa ertir meni işiňde kabul et – diýdim. Ertir ol meni kabul etdi. Gepleşip esli oturdyk. - Sen pagtany gowy bilýäň. Agronom bolup işle. Özleri seni taparlar – diýdi-de,– Agşam öýe gel, men saňa geýer ýaly egin-eşik bereýin – diýdi. Öz ýagdaýymy özüm bilip duramsoň, sypaýyçylyk etdim. - Bolýa onda – diýdi-de, ol maňa jübüsinden çykaryp, şol wagtyň puly bilen müň manat uzatdy. Almajak boldum. Ahyry goýmansoň oň ujundan 500 manat aldym... Nury aga oba barybam bir ýyl işleýär. Öýlenýär. Görlen horluk-zarlyklar ýaňy ýatdan çykyşyp ugraýaram welin ýene-de yzarlanmalar başlaýar. Çünki ýurtda repressiýanyň täze tolkuny möwjäp ugraýar. 1949-njy ýylyň başy. Ikinji gezek ony ýene-de Sibire sürgün edýärler. Ilki Nowosibirskidäki türmede bolýar. Şo türmede Hanow diýip bir ýaşuly adam bilen bile bolýar. Öň ol TSPS-de işlän ekeni. - Ýaşuly oňat adam ekeni. Ol maňa: “Stalin işinden aýrylypdyr ýa-da ölüpdir” diýip eşitsem, ölsem armanym ýok. Bolmasa-da armanly gitjek. Sebäbi ol ýolbaşçy bolup işlese, nan atly, halk pyýada bor. Zalymlykdan başga bilýän zady ýok. Zalym adam. Sen bir ýaş ýigit. Geljegiň öňüňde. Sen bir göreş” diýdi. Oň bilen Nowosibirskiň türmesinde aýrylyşdyk. O galdy. Meni bolsa etap edip Krasnoýarskä iberdiler. Soň Ýeniseýde bolduk. Alty ýyl sürgünde bolduk. Tokaý çapdyk. Bir günem Staliniň öldi habaryny eşitdik. Beriýaňam tutulypdyr diýen habary geldi... 1955-nji ýylyň ahyrynda Nury Hudaýberdiýew mähriban obasyna dolanyp gelýär. Bir ýyldan soň bolsa oňa täzeden sud edilip, doly aklanylýar. Durmuşa bolan söýgi oňa ýene-de güýç-kuwwat berýär. Nirä işe iberilse-de ak ýürek bilen zähmet çekýär. Häzir bolsa ol hormatly dynç alyşda. Ýüregi azar berýär. Ol şonda-da ýüregini tutup, ýüzüni çytanok. Hemişe adamlaryň arasynda. Hemişe ýaşlaryň maslahatçysy. 77 ýaşy arka atan bu adamyň güýç-kuwwatyna, gaýratyna haýran galmazça däl. Nähak töhmet atylan bu adam öz ömrüniň on alty ýylyny, onda-da men diýen wagtyny Sibiriň ölüm lagerlerinde geçirdi. Çydap çekerden agyr kemsidilmelere sezewar edildi, sowukdan, açlykdan ölen müňläp-müňläp bigünä adamlaryň jesedini öz gözi bilen gördi.Ýöne ol horluklaryň ählisinden rüstem çykdy. Ýöne ol başga bir zadyň hem janly şaýady boldy. Bu gün täze bir döwrüň – rewolýusion döwrüň hoştap öwüsgini onuň ýüzüne çaldy. Durmuş gör, nähili täsin, gör, nähili gyzykly. Ýaşasyň gelýär! 1989 ý. Oktýabr. • Bellik: Türkmenistanyň Halk Komissarlar Soweti (başlygy Gaýgysyz Atabaýew). TK(b)P MK – Türkmenistanyň Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komiteti (birinji sekretary Anna Muhammedow). TSSR MIK – Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Merkezi Ispolnitel Komiteti (başlygy Nedirbaý Aýtakow). LKSMT MK – Türkmenistan leninçi kommunistik ýaşlar soýuzynyň Merkezi Komiteti. BK(b)P MK – Bütinsoýuz Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komiteti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |