ON ALTYNJY ÝYL
On altynjy ýylyň 25-nji iýuny. Orta Aziýada ýasan ýerli milletden bolanlary päleçilige almak hakda permana gol çekilýär. Şondan soň, Zakaspi oblastynda-da tolgunyşyklar başlanýar. Şo döwür hakda näme üçindir gaty az ýazyldy. Ol rus halkyna garşy gönükdirilen gozgalaň boldy diýen ýalñyş pikirden ugur alyndy. Hakykatda weli, ol ýerli ilatyň rus imperiýasynyň kolonizatorçylyk syýasatyna garşy protestidi. Bu hakda arhiw materiallary doly gürrüň berýär. Şol materiallaryň käbirini okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik.
Şol permandan bir aý geçenden soň, ýagny 1916-njy ýylyň 28-nji iýulynda Daşkentde ýerleşýän Türküstan raýon bölüminiň naçalnigi ülkäniň general-gubernatjryna iberen maglumatynda şeýle ýazýar:
«Aşgabat gözleýiş punktunyň müdirinden alnan maglumatlara görä, geçen 25-nji iýunda ülkäniň ýerli ilatyndan söweşýän goşunyň tylynda işletmek üçin adam ýygnamak hakdaky ýokary emri ýerli raýon administrasiýasy gowy düşündirmändir: beýleki bir tarapyndan bolsa Zakaspi oblastynda ýaşaýan parslardyr ermeniler türkmenleriň işçi komandalara däl-de, hakyky söweşýän goşuna alynjakdygy baradaky «myş-myşlary» ýaýradypdyrlar.
Türkmenler bu «myş-myşlara» gulak gabardyp, hakykatdanam özleriniň söweşýan polklara alynjakdyklaryna ynanypdyrlar. Ýokary emriň şeýle düşündirilmegi Merw, Tejen we Asgabat uýezdleriniň ilatynda nägillelik döredipdir. Şuňa görä'de, fanatik mollalara we ýaşululara, birentek aýry-aýry adamlara musulman tarapynda durýan germanlar bilen musulmanlaryň urşuna soldat iberilmezligi üçin gizlinlik bilen wagyz ýöretmäge amatly şertler döräpdir.
Ýokary emriň haýdan-haý erine ýetirilmegi üçin baýramçylyk günleri - Oraza we Baýram günlerini ulanmak maksada laýyk bolardy, ýöne ýygnaýyş punktlarynyň we harby-sanitar gözegçiliginiň ýoklugyny göz öňünde tutup, ony yza süýşürmeli boldy, şeýle hem telegrafyň habar bermegine görä, Samarkant oblastynda ýaşaýan sartlar (özbek - A. Ç.) gozlgalaň turzup, demir ýol stansiýalaryny ýykypdyrlar. Şonuň üçinem oblast ýygnagynda türkmenleriň köşeşmekleri üçin möhlet berilmelidigi hakdaky karara gelindi, bu mesele hemme taraplaýyn maslahatlaşylmalydyr, şeylede oblast naçalnigi işçilige alynmagyň maksatlary hakynda ýerli ilata düşündirmegi uýezdle riň naçalniklerine tabşyryp, bu işe päsgel berýän türkmeniň tussag edilmelidigi hakda görkezme berdi.
Häzir Asgabat oblast türmesinde 30 adam, Merw türmesinde hem 5 adam tussaglykda saklanylýar...
Ilki bilen Merw türkmenleri gozgalaň tapdylar, olaryňam köp bölegi baýlar, çünki olar özlerinden adam ibermezligiň tarapdary.
Olar Merw hany Güljemalyň ýanyna at-abraýly adamlardan wekil ibermegi karar etdiler. Baýramalyda ýaşaýan Güljemal hanyň öýünde şeýle geňeşleriň birnäçesi bolup geçýär.
Geňeşiň geçişi şeýle: daşarda haly ýazylypdyr. Güljemal han bilen şol hormatlanylýan adamlar halynyň üstünde tegelenişip otu rypdyrlar. Çaý içilip, öňlerine nahar çekilipdir, işçilige ýygnalyşy hakdaky meseläni ara alyp maslahatlaşypdyrlar. Maslahat mahalynda gürrüň örän seýrek we az edilipdir, oturanlar dörän ýagdaý hakda do wamly pikir edipdirler, ahyrsoňy telegraf arkaly graf Dorreriň ulusyny çagyrmak kararyna gelnipdir.
Dorrer gelip, garşylyk görkezmegiň hiç bir jähtden manysyzdygyny aýdypdyr we şol wagtyň özünde-de her bir ýagdaýdan çykalga tapsa boljakdygyny ýaňzydypdyr. Şonda türkmenler ondan adamlary işçilige almaz ýaly özlerine hat taýýarlap bermegini haýyş edýärler.
Dorrer Asgabada gaýdyp gelip, öz öýünde haýyşnama ýazýar. Soňra gol goýdurmak üçin Baýramala gelýär. Çagyrylandygy üçin hak alandygyny Dörreriň özi boýun almaýar. Megerem, munuň üçin ol Güljemal hany Petrograda, imperator - patyşanyň hut öz ýanyna gitmegi yran bolmagy ähtimal. Şonda özüniň hem onuň ýany bilen gitmegine razylyk alan bolmaly...
Soňky döwürde Merw pristawyndan agentura häsiýetli maglumat gowuşdy, paýtunçy N"28 Bagyrow iýulyň 13-inde TogalakÇaşhan-Garaýörme obasyna (Güljemal hanyň ýaşaýan ýeri) birtopar türkmen adamlaryny äkidipdir, hanyň öýünde birnäçe atlyabraýly türkmeni görüpdir.
Bagyrow şonda türkmenleriň adamlary işçilige almazlary ýaly bir million manat pul toplandyklaryny, munuň üçin 26 müň manada haýsydyr bir adwokatyň hakyna tutylandygyny, onuň hem patyşanyň öňünde türkmenleri işçilige almak hakdaky çagyryşyny ýatyrmak üçin haýyş etjekdigini eşidipdir. Eger bu amala aşmasa, onda Owganystana arka diräp, gozgalaň etjekmişinler. Bu zatlaryň hemmesini Bagyrow Güljemal hanyň öýüniň hyzmatkärinden - kazanly tatardan eşidipdir.
Aklawjy Georgiý Iosifow Dorrer, 39 ýaşly, öňki ýoldaş prokuror Orta Aziýa demir ýol uprawleniýesinde ýuriskonsult, ony raýon gorag bölüninde 1913-nji ýyldan bäri aklawjy hökmünde tanaýan. Özem gara nebsiniň ugrunda gümürtük işleri alyp barmaga utanýan adam däl. Zakaspiý oblastynyň öňki naçalnigi general Leş graf Dorreriň han Ýomudskiý[1] bilen ýakyn aragatnaşykdadygy üçin ony şäher gul lugynda işletmäge ýol bermändir...»
1916-njy ýylyň 21-nji awgustynda general Kuropatkin harby ministre iberen telegrammasynda Krasnowodsk uýezdindäki türkmen ýomutlarynyň arasynda ýüze çykan bidüzgünçilikleriniň esasy ýomut taýpasynyň juda asuda däldiginde hemde olaryň ruslaryň tabynlygyna az ýykgyn edýänliginde görýar. Olara täsir etmekde gabat gelýän päsgelçilikleriň birem ýomutlaryň tabynlygynyň dürli-dürlüligidir: ruslara, parslara hem-de Hywa tabyn bolýan ýomutlar bar. Ýada iki tarapa-da tabyn bolýanlary, ýagny hem Russiýada, hemde Eýranda ondan-oňa göçüp-gonup ýören ýomutlar bar. Bularyň arasynda gatnaşyk dowam edýär.
«...Biziň ýomutlarymyzyň arasyndaky tolgunyşygyň esasy sebäbi, gyrgyzlardaky ýaly, işçilige alynmakdan başlandy. Emma mundan öňem olaryň arasynda jeza beriji Hywa ekspedisiýasyndan soň rus hökümetinden nägileligiň bardygy bellidi.»
Hywa tolgunyşygyndan soň türkmen wekilleriniň Owganystandan kömek soranlygy hakda özlerinde maglumat bardygyny, häzir bolsa ýomutlaryň öz obalaryny taşlap, Eýrana geçýändiklerini Kuropatkin harby ministre habar berýar.
Rotmistr baron Firks bolsa polisiýa departamentine ýazan maglumatynda şeýle diýýär:
«16-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 100 adamdan ybarat rus pyýada otrýady bilen 50 sany atly serhetçi Çatlydan Kümmede tarap barýarka ýomutlaryň 500-si olara hüjüm edýar. Söweş sagat birden agşam sagat sekize çenli dowam edipdir. Gürgen derýasynda geçilýan Kümmet geçelgesi irden sagat 5-de rus otrýady tarapyndan eýelenýär. Söweş wagty düýeli türkmenler gaçmaga mejbur bolupdyrlar».
Söweşde serhet gullugynyň rotmistri Požarskiý öldürlipdir, bir unter-ofiser bilen bir gorag sakçysy ýitipdir, aşaky çinden 4 adam ýaralanypdyr, olaryň biri ölüpdir, birem agyr ýaraly bolupdyr. Ýomutlar hem 40 adam ýitgi çekipdir. Söweşe girenleriň köpüsi japarbaýlardan eken. Şeýle hem Mergen bilen Aman atly adamlaryň azgynlyk edýan obalarynda ýaşaýan atabaýlaryň bir bölegi söweşe gatnaşypdyr.
Rotmistr baron Firksiň polisiýanyň departamentine iberen bu habaryndan görkezmegine görä, şo çaka çenli aýaga galan ýomutlaryň sany müň eken. Olar gowy ýaraglanan. Rus ilatly posýoloklaryna uly howp salnypdyr. Kümmet bilen Çatlynyň arasyndaky telegraf gatnaşygy kesilipdir.
General Madritowyň ýolbaşçylygynda ýomutlary «köseşdirmek« maksatly bilen uly söweş operasiýasy düzülýar.
On altynjy ýylyň dekabrynda Çekişler, Astrabat, Kümmet tarapyndan zarba urmak üçin umumy hüjüme geçilýär.
Akgala söweşsiz eýelenilýär. «Ar alyjylaryň« baştutanlarynyň dördüsi ele salynýar. Ýene ikisi özleri boýun egýar. General Madritow oz otrýadynyň bir bölegini Kümüşdepä we Garasuwaýomutlaryň ýoluny kesmek üçin iberýär. 11-nji dekabrda Mihaýlowskoýe obasynyň ýanynda bu otrýad bilen ýomutlaryň arasynda atyşyk bolýar. Bir kazak ýaralanýar, ýomutlaryň 60'sy öldürülýar. 80 tüpeň ele salynýar. Günbatar tarapa iberilen kolonna bolsa 1000 ýarag bilen 200 sany at goşulan arabany olja alyp, 12-nji dekabrda Çekişlerdäki esasy güýç bilen birigýar. 14-nji dekabrda bu güýçler Gürgeniň boýy bilen Kümmete tarap ugraýar.
General Narbutyň otrýady hem Çekangala bilen Morawadepäniň üsti bilen hüjüme geçmek üçin Garrygaladan gaýdýar. 18'nji dekabrda bu otrýad ýomutlar tarapyndan güýçli garşylyga duş gelipdir. General Narbutyň kepil geçmegine görä, ýomutlaryň söweşine baştutanlyk edýan adam ýewropa egin-eşikli eken. Ruslardan 8 adam ölýär, 11 adam ýaralanýar. Türkmenler bolsa 10 sany jesedini ýygnamaga-da etişmän, yza süýşmeli bolupdyrlar. Tolgunyşyk Saragt pristawlygyna degişli obalarda-da bolup geçýar.
1916-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda tyl işlerine ibermek üçin Saragt pristawlygyna ýygnalan 257 işçini boşatmak üçin iki gezek çozuş edilipdir. Ikisinde-de oňly netije bermändir.
4-nji oktýabrda Gowşut stansiýasyndan 2 werst uzaklykda 50 adamdan az bolmadyk ýaragly türkmenler tyl işleri üçin alnyp barylýan adamlara duýgudaşlyk bildirip, olaryň öňlerinden çykýarlar. Saragt pristawy olaryň niýetini öňünden bilýan ýaly, olara garşy aýgytly çäreleri görýar.
«Pristawy goraýan milisiýanyň kapitany Meňlihan Berdimyradowyň olara garşy ok ýagdyrmagy bilen, türkmenler tokaýa sindiler« diýip, 1916-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türküstan harby okrugynyň goşunlaryna iberilen buýrukda aýdylýar.
Şo gün işçiler Gowşut stansiýasyna getirilýar. Tokaýa siňen şol türkmenler gije ýatar wagty Russiýa äkidilek öz dogan-garyndaşlaryna golaýlaşmak üçin synanyşyarlar. Atyşyk bolýar. Gorag gaty berk bolansoň, türkmen atlylarynyň bu synanyşygam netije bermändir.
General Kuropatkiniň 1916-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda harby ministre, içeri işler minisrine iberen telegrammasynda bolsa şeýle diýilýär:
«7892nji telegramma goşmaça. 6njy oktýabra geçilen gi jede Zakaspi oblastynda Asgabada gaýdýan ugurda, Tejeniň köprüsine we şähere hüjümleri uýezdiň garawul komandasynyň naçalni gi tarapyndan yza serpikdirildi, şonuň bilen birlikde köprüni goran aşaky çinlerden üçüsi wepat boldy, birisi agyr ýaralandy. Asgabada gaýdýan Tejen-Merw ýoly we telegraf gatnaşyklary dikeldildi. Kaspidäki kabele şikes ýetenligi zerarly Kawkaz bilen telegraf gatnaşygy ýola goýlanok. Ülkäniň başga ýerlerinde öňki-öňkülik. Asgabat tarapyndan täze maglumatlar gowşanok. 7924. Kuropatkin».
Bu waka bilen baglanyşykly ýene bir dokument has-da ünsüňi özüne çekýär.
«Türküstan harby okrugynyň goşunlaryna buýruk, Daşkent 1916-njy ýylyň 5-nji noýabry. N"67 Suduň maglumatlaryna esaslanyp, Türküstan harby-okrug sudunyň harby-prokuror nadzorynyň zaklýuçeniýesine görä Zakaspi oblastynyň Tejen uýezdinde ýaşaýan şu aşakdaky türkmenler günäkärlenmäge degişlidir:
Bagşymireş obasyndan:
1. Duwan Akmammedow, 2. Çeke Halmyradow, 3. Gylyçdurdy Geldimyradow, 4. Oraz Babaýew, 5. Oraznepes Hojamyradow, 6. Muhammetnazar Çakşilow, 7. Annagurban Ymamgulyýew, 8. Anna Akmyradow, 9. Begdi Perliýew, 10. Köpek Atalyýew, 11. Mümmetseýit Gulmammedow; Garadaşaýak obasyndan: 15. Berdi Annadurdyýew, 16. Gurban Geldiýew, 17. Ussa Garajaýew, Akdaşaýak obasyndan: 18. Bäşim Akmammedow, 19. Aman Mämmedow, (ol şeýle hem Aman Muraž belki, Amanmyratdyr -A.Ç. Akmamedowdyr), 20. Öwezhan Akmammedow, 21. Gümed (belki, Hommatdyr -A.Ç.) Mämmetýarow, 22. Ata Berkeliýew, 23. Çaryguly Akmammedow, 24. Orazly Mametnurow, 25. Nurmuhammet Söýü now, 26. Ilaman Şyhberdiýew, 27. Baýramnur Baýýew, 28. Sagbet (belki Söhbetdir -A.Ç.) Mämmetsähedow, 29. Mämmet Nurgeldiýew (belki, Mämmetnur Geldiýewdir- A.Ç.), 30. Orazdurdy Annagurbanow, 31. Amangeldi Öwülýägulyýew, 32. Begseýit Hojageldiýew,
33. Saçly Durdymämedow, 34. Ata Batyrow, Bersenburkaz obasyndan: 35. Garasähet Batyrow, 36. Hydyr Berdiýew, 37. Allaberdi Annasähedow, 38. Şamuhammet Kulyhanow, 39. Baba Batyrow, 40. Ýaz Öwezow; Mäne obasyndan: 41. Sähet Öweznepesow, 1-nji Garawekil obasyndan: 42. (bolşy ýaly ýazýarys -A.Ç.) Keýer Halil Saryýew; Gorjaw obasyndan: 43. Mämmet Egenmyradow.
Bular 1916-njy ýylyň 6-njy oktýabra geçilen gije Tejen uýezdiniň çäklerinde 1916-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky söweşýän tylynda işletmek üçin ýerli ilatdan adam ýygnamaly diýen ýokary emre boýun sanman, öz aralarynda we entek belli edilmedik adamlar bilen dilleşip, elleri tüpeňli, rewolwerli, gylyçly, paltaly, pyçakly, taýakdyr daşly Tejen şäherinde öaşaýan rus hökümediniň ähli wezipeli adamlaryny we rus ilatyny ýok etmek maksady bilen şähere tarap çozuş etdiler, ýolda Bersenburkaz obasyndaky degirmeniň eýesi Iwan Lazarewiň puluny we zatlaryny talaýarlar. Tejeniň golaýynda ýerleşýän Orta Aziýa demir ýolunyň köprüsini goraýan goşun komandasynyň üstüne çozýarlar, aşaky çinden bolanlaryň üçüsini bilkastlaýyn öldürýarler: Lazariçew, Wasiliý Arbuzow we Iwan Alpatskiý hem-de köpriniň garawuly Petr Ulýakin (näme üçindir bular üç däl-de, dört -A.Ç.) şeýle hem ady agzalan komandanyň ýefreýtory Iwan Uşakowy agyr ýaralanýarlar, şo ýoldaky 718-nji we 729-njy werstalarda ýerleşýan demir ýol budkalaryna çozýarlar, bularda ýaşaýan demirýolçy işgärler Ýegor Hohlow bilen Fodor Paşkowyň budkalaryny ýykyp-ýumrup, zatlarynyň, pullarynyň bir bölegini alypdyrlar, remontçy Iwan Ioşkin bilen Hohlowyň gyzy Ýekaterinany bilkastlaýyndan öldüripdirler... soňra beýleki administratiw merkezler bilen Tejeniň arasynda aragatnaşyk bolmaz ýaly ady agzalan ýoldaky 712-nji wýorstda ýerleşýän demir ýol agaç köprüsini otlapdyrlar, demir ýoly ýykypdyrlar, telegraf simlerini üzüpdirler, şeýlelik bilen olar demir ýol stansiýasy tarapyndan Teje ne gelip, öňlerinden goşun komandasyna garşy ot açypdyrlar, emma goşun komandasynyň başarnygy bilen olaryň çozuşy yzyna serpikdirilipdir we dargadylypdyr. Bu günäkärlere jeza çäreleriniň 1459-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň 13, 263, 269-njy punktlarynda,Türküstan general-gubernatorynyň 1916-njy ýylyň 3-nji sentýabryndaky harby ýagdaýda diýlip yglan edilen ýerleriň düzgünnamasy hakyndaky hök many kararynda... göz öňünde tutulandyr.
Goşunlaryň komanduýuşisi general-adýutant Kuropatkin.»
Ýok, bu hemmesi däl. On altynjy ýyla degişli wakalar hakdaky materiallar toplumyny ýene-de getirse bolardy.
Gürrüň şol başly-baratly tolgunyşyklara perdelenip, türmä dykylan köp sanly garyp bendeler hakynda. Ýaňky dokumentleriň birinde günükärlemäge degişli edilen adamlarynyň atlaryny okansyňyz. Ak patyşanyň hökümedine nägile bolup pyçakdyr taýaga ýapyşan garyp-gasarlaryň gör, niçemesi türmä atyldy. Olar onsuzam bir garny aç, bir garny dok, kyrk ýamaly köýnekdir balakda mydar edip gün görýän balaçagalaryndan jyda düşürildi.
On altynjy ýyl. Gör, niçeme ýyllaryň içinde bu sene bilen baglanyşykly ganly wakalar hakda oňly bir dil ýarylmady. Ol ýarpy-ýalta ýazylan taryhymyzda «ak tegmil« bolup galdy. «Bu hakda öz wagtynda hakyky sözüni aýdyp bilen adam ýokdy« diýip biljek däl. Ýöne o taryhçy alymlar dürli bahana tapylyp yzarlanypdy. Hakykatyň çöwre ýüzüni ýazmaga mejbur edilipdi.
Eýsem-de bolsa, Berdi Kerbabaýewiň "Aýgytly ädiminiň" ilkinji ady "On altynjy ýyl" eken" diýip aýdýarlar. Onda wakalar dogruçyl beýan edilen bolmaly. Emma soň ýazyjy kitabyny synpy nazarýetden täzeden işlemäge mejbur edilipdir. Bu kitap üçin Berdi agany 1940-njy ýylda TKP MKniň býurosynda diňläpdirler. Eger şo barada Şaja Batyrow, Mämmetdurdy Annagurdow... dagy gorap çykyş etmedik bolsalar, Berdi aga üçinji gezek tussag ediljek eken. Şonda hut TKP MK-nyň birinji sekretary Mihail Foninden arka tapynan Berdi Kerbabaýew uly göwresini kiçeldip, gözlerinden ýaş paýradypdyr. Ine, bu-da on altynjy ýylyň wakasy bilen baglanyşykly.
1992 ý, fewral.
_______________________________________
[1] Adwokat, graf G.I. Dorrer 1917-nji ýylda wagtlaýyn hökümet tarapyndan Zakaspi komissarlygyna tassyklanylýär. Han Ýomudskiý bolsa 1914-nji ýyldan Finlandiýada sürgünde bolupdyr.
Taryhy makalalar