01:02 On birinji söhbet: Geçmiş edebiýatymyz. Magtymguly. Görogly | |
ON BIRINJI SÖHBET: Geçmiş edebiýatymyz. Magtymguly. Görogly OSMAN ÖDE. Men «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda işleýän wagtym saňa žurnal üçin Pyragy barada makala ýazyp bermegiňi haýyş edipdim. Senem: «Magtymguly, sen kim?» atly makalany ýazypdyň. Magtymgulynyň seniň döredijiligiňe eden täsiri nämelerden ybarat? NOBATGULY. Sen meniň ähli syrymy paş etdirjek bolýaň-ow... Men gönimden gelsem, Magtymgulyny 250 ýyllyk ýubileýiniň öňýany doly okadym. Ozal Ýewropa poeziýasyna berlip, şol poeziýadan başga poeziýa bardyr öýtmändim. Magtymguly birneme didaktik bolup görnerdi... Pyragyny giç, ýagny orta ýaşda okanyma gynanamok. Magtymguly poeziýanyň hudaýy, ony şahyrlaryň hatarynda agzamak bolmýar. Hatda dana alymlarymyz hem Pyragyny ulaltjak bolup Gündogaryň beýik şahyrlary – Nyzamy, Ferdöwsi, Sagdy, Rudaky, Jamy ýaly şahyrlaryň yzyndan sanaýar. Beýtmek ýalňyş. Magtymguly şahyr diýilýän milletden has beýik. Oňa keramata sereden ýaly seretmeli. Senem onuň, hiç bolmanda, pygamber derejesinde görýärsiň! OSMAN ÖDE. Ýadyňdamy, «Görogly» hakda makalaň ýazylmagyna-da men sebäp bolupdym. Eger, makalany şu gün ýazan bolsaň, nähiliräk ýazardyň? NOBATGULY. «Kommunist» žurnalynda işleýärkäň, «zakaz» boýunça ýazylan şol makalany seniň doly geçireniň bilen, Ata Yklym goluny goýany bilen, barybir, baş redaktor opuryp-opuryp kesipdi. Gynanýan, makalanyň originalyny saklamandyryn. Men şu gün ol makalany ýazsam, düýplüräk ýazardym, özem makala görnüşinde däl-de, «Görogly» romanyma giriş sözi hökmünde. Meniň tersiräk pikirlenýänimi sen bilýäň ahbeti. Men nije ýyllardyr şu «Göroglyny» ýaňadan işlemek pikiri bilen ýaşaýaryn. Esli ýyllap bi pikir içimde ogryn ýaşady, aýtmaga utanyp gezdim. Ahyram, belli karara geldim. Men hem halkyň bir ülüşi ahyry! Men ony ýaňadan işlejek! Goý, oňlamadyk külümi çykaryp tankytlasyn, oňlan bolsa okasyn. Şoňa şu mahal şertem döredi. Ýagny ony çap etdirip biljek. OSMAN ÖDE. Eposy gaty köp okanyňy bilýän. NOBATGULY. Gaýta-gaýta okamagam däl, men ol eser bilen keselledim. Men bir mahallar Kiçi Garlydan, Nobat bagşydan, Ödenýazdan, Gurt Ýakupdan başga bagşyny diňläp hem bilmezdim. Soň Magtymguly Garly meniň üçin iň uly bagşa öwrüldi. Özem Göroglynyň goşgularyna aýdan aýdymlary bilen. Häzir Göroglynyň haýsy aýdymyny kim aýtsa, parhy ýok, diňlemän bilmeýän. OSMAN ÖDE. «Görogly» eposynyň Nagym Aşyrow we beýleki alymlar tarapyndan işlenen kitabyny okap bolanok, sebäbi Göroglyny ideologiýamyza getirjek bolup ýoýupdyrlar. A.Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnany welin, gaty gowy. Sen onsoň beýle keramatly kitaba neneň el urup biljek? Ol kitaba goşan zadyň goşulman durar öýdüp gorkaňokmy? NOBATGULY. Gorkýan, gaty gorkýan. Emma Daşhowza baryp, dessançy bagşylary diňläp gör, olaryň her biri özüçe aýdýar «Göroglyny». Özem gaty tebigy. Dogry, ýaş bagşylaryň köpüsi indi dessany kitapdan öwrenip aýdýar, bu gynançly fakt. «Görogly» eposynyň awtorynyň hökman bolandygyna ynanýaryn. Köp alymlar ony Aşyk Aýdyň ýazandyr öýdýärler. Men ony Sapar Köse ýazandyr diýip çaklaýan. Sen meniň wawwaly ýerimden basdyň, şonuň üçin men köp gürlärin, ýöne, saklanaýyn hem şu zatlary aýdaýyn; «Görogly» eposy awtorynyň bardygyna garamazdan, halkyň eposy – ony döredýän halk. «Görogly» ösýän epos, ony şu ýyl bir bagşynyň dilinden ýazyp alsaň, «Görogly – 95» – Pylan bagşynyň aýtmagynda» diýip çykarmaly. Sebäp, il goşsa, gowy zady goşýar... Men eposy işlänimde, esasan, bagşylar tarapyndan onuň sýužetinde ýitirilen, içgin seretseň, ýiten ýerem, ýiten bölegem görnüp duran zatlary goşmakçy... Belkem, «Görogly» öňküsiçe bolmaz, belkem... Ýöne şu arzuwyma ýetmän ölsem, dünýäden armanlyja gitjekdigimi bilip goý... OSMAN ÖDE. Aga jan, hem o dünýä, hem bu dünýä bir haýyşym bar? NOBATGULY. Aýt, inim, haýyşyňy, seniň haýyşyňy bitirmesem bolmaz. OSMAN ÖDE. Alty Garlyýew «Görogly» hakda çeper film döretmek isläpdir. Asyl ssenariý ýazmaga başlansoň, ýarawlygynyň ugry bolmandyr. Ussada: «Sen, iň gowusy, Görogla degme» diýipdirler. Ussat gaty yhlas edipdir. Ýöne arzuwyna ýetip bilmän gidipdir. Nury Halmämmet ömrüniň ahyrynda Görogly hakda uly saz eserini döretmäge başlapdyr. Oňa: «Sen Görogly hakda ýazma, iň gowusy, başga bir zat hakda ýazaý» diýipdirler. Görogly hakda ýazmaga başlansoň, onuň saglygy pese gaçyp ýogalypdyr. Gurbannazar Ezizowam «Görogly» operasyny soňlap bilmän, şu ýagdaýa düşdi. Ahmet Bekmyratdan men haýyş etdim: «Akga, Görogludan başga tema gutardymy, ýazjak bolsaň. Ýazma şo hakda. Şo hakda ýazana bir zat bolýar» diýdim. Ol: «Osman, Göroglynyň setirleriniň aňyrsynda simwollarynda türkmeniň taryhy ýatyr, ony ýazmasam, halkyma hyýanat etdigim bolar» diýdi. Görogly hakdaky düýpli işini soňlap bilmänem bu dünýä bilen hoşlaşdy. Akmyrat Şire ikimiz iki ýerden diýdik: «Görogly hakda bir zat ýazjak bolan adamyň soňy ölüm bilen gutarýar. Sen, iň gowusy, aramyzda ýaşa-da ýör» diýdik. Ýok, ol Görogly hakda ýigrimi seriýaly telefilmiň ssenarisini ýazmaga girişdi... NOBATGULY. Sen Görogly hakda ýazma diýjek bolýaňmy? Seniň ýokarky spisogyňa girmek, erbed-ä däl eken... OSMAN ÖDE. Özüne erk edip bilmän, arak içýän dostlarymyz bar. Içip infarkt-miokarda alanlaram ýok däl. Dünýäniň ajaýyp şahyrlaram şol nogsandan halas däl. Içgi, keýpi-sapanyň döredijilige täsiri baradaky pikiriň nädir? NOBATGULY. Hawa, içgi şahyr-ýazyjylaryň, hudožnikleriň, kompozitorlaryň kiçi-girim keseli däl. Hatda Magtymgulam: Magtymguly, çeker başa pyýala, – diýýär. Içgi meselesine bir söz bilen jogap berip bolýar. «Sen maňa içmän beýik şahyr bolan ýekeje şahyryň adyny aýt, men saňa weýran bolup içip, ajaýyp şahyr bolan ýüzlerçe şahyry aýdaýyn!» Wessalam! Ýöne bu pikirden ýaşlar ters görelde alar. Onsoňam, şahyrlar içmeli diýip, şahyr bolup bilmän gözümiziň alnynda näçe sany oglan içgä özüni berip sandan çykdy. Içgi bilen poeziýanyň asla köprüde galtaşan ýeri ýok. Men öz tejribämdenem aýdyp biljek. Bir gün içseň, bir hepde goşgy ýazyp bolmaýar, ýazsaňam, öz derejäňden gowşak ýazýarsyň. Emma içgi şahyra, ýuka ýürekli şahyra bir salym özüni unutmaga, dünýäni unutmaga gerek bolmagy mümkin. Emma «içseň ýazylýandyr» diýen pikire uýmak, öte ýalňyşlyk! OSMAN ÖDE. Aýdýanlaryň bilen ylalaşýaryn. Ýöne, köpleriň ýalňyşlygy bu ýerdäki «içmek, serhoşluk» ýaly sözlere gönümel manysynda düşünýänliginde bolaýmasa. Biziň klassyky poeziýamyzda şerap içmek, serhoş bolmak, örän köp şahyrana manylary, öwüşginleri aňladýan öwrümler ahyryn. Has öňki poeziýamyz – «Görogly», XVIII asyr türkmen şahyrlarynyň döredijiliginde olaryň nähili many-öwüşginiň bolandygy belli bir derejede aýdyňlaşdyryldy. Ine, XIX asyrdaky poeziýamyzda welin, munuň üýtgeşik taraplary açylypdyr. Şu asyrda, meniň pikirimçe, poeziýanyň gaty güýçli suratda dünýewileşmegi başlanýar. Munuň özi taryhy faktlaryň poeziýa güýçli suratda ornaşmagynda-da görünýär. Seýdi, Zelili, Mollanepes, Mätäji – bularyň ömrüne, döwrüne dahylly sosial, harby wakalaryň köpüsi şol durşuna poeziýa girip gidýär. Öň Magtymguluda diýäýmeseň, beýle hadysa poeziýada seýrek eken. Ak göwsüň üstünde mämäň ýellener... Şeýle zatlardan ýaňa şahyryň başy aýlanýar, ol serhoşlyk hetdine ýetýär. Munuň özi duýgularyň möwç urmasy, erotiki tijenmeleriň beýan edilmegidir. Gözeliň açyk ýakasy şahyryň ýüregini üýtgedýär. Açyk ýaka – signal, duýduryjy alamat. Oňa gözi düşen pursatyndan aşygyň göwnüne ol ýakaň aňyrsyndaky özüne çekiji, serhoş ediji synanyň özi ýada düşýär. Keminede bu hakda ýörite bir goşgy hem bar. Onuň ady «Gyz, mämeleriň». Şeýle goşgulary ýekelikde bolaýmasa, adamyň ýanynda ýüzüňi gyzartman okamak mümkin däl. Çünki, onda örän intim zatlar aýdylýar. Elbetde, aşygyň söýgi hyjuwynyň ony öz erkine goýmaýanlygy düşnükli zat. Onsoň, ol öz köňlüne gelen duýdulary gelşine şygyr setirlerine geçirip goýberipdir. Munuň özi häzirki zaman sýurrealistik stiline neňzeýär. Feodal jemgyýetiň gadagan eden duýgulary, gaýtam, edil tebigy bolşunda, ýuwmarlanman böwsüp çykýar. Megerem, şeýle goşgularam poeziýada gerekdir. Sebäbi intimlik duýdulary beýan etmeli poeziýanyň esasy şahyrana alamatlarynyň biri diýip düşünýärin. Güleňde titreşip, gyz, mämeleriň, Ten gözelligi şahyryň köňlüni maýyl edýär. Gözeliň göwsünden başlanan hyýal soňabaka herekete gelýär. Onsoň şahyr has çökder zatlara geçýär. Ýöne munuň beýanynda ol medeniýetligi, sypaýylygy saklap, has öwrümli, has aýlawly beýanlara geçýär. Şeýdibem, söýgi lirikasy elhenç gödeklikden häzirki dilde aýdanyňda, pornografiýadan halas bolýar. Men arzymy söwer ýara ýetirsem, Assa-seýkin basyp oýnan oýnunda Ýa-da: Köňlüm bähre tapar oýnan oýnuňdan, Ýa-da: Ýorgan-düşek, per ýassyk, öz goýnuňda jaý etseň, Ýa-da: Daşdan gören bir diýsin golaý bolsun aramyz. Düşnüksiz zat ýokmuka diýýärin. Meni geň galdyrýan, iň täsin ýeri şahyryň ýokarky setirlerinde başga däl-de, hut erotiki oýunlary suratlandyrýandygy. Munuň özi hemişe meni türkmen klassyky poeziýasynda pikir, beýan ediş erkinligiň şeýle oňat ýüze çykanlygy, degişli meselede biziň poeziýamyzyň şahyrana mümkinçilikleriniň Günbatar poeziýasynyňkydan, hatda žiwopisiniňkiden asla pes bolmandygy hakynda oýlandyrýar. Men muny rassa çeperçilik nukdaýnazaryndan ähmiýetli položitel fakt hasaplaýaryn. Diýmek, bizde sungat durmuşy – adam duýgularyny beýan etmek meselesinde hemişe-de erkin bolupdyr. Şeýle erkinlik diňe erotiki däl, eýsem, ahlak hem ruhy çeperçilik energiýalarynyň-da güýçli ýüze çykmagyna puryja beripdir. Şeýdip, XIX asyr türkmen poeziýasynda lirizm tendensiýasy hasam güýçlenipdir. «Lirizm – munuň özi dünýäni her gezek şol pursadyň gaýtalanmazlygynda, birhili, täzeden açmak, onuň terligini, ozalbaşky serginligini hem-de serhoş ediji näzikligini syzmakdyr» (W.Orlow). Şeýdip dünýäni duýuşda näziklik, serginlik hem ýürege ýakynlyk başlanýar. Bu dünýäde gapyl bolup oturdym, Belent ýere çykyp, garandym daşym, Nähili hasrat! Ýalňyzlyk, kemsinmek, durmuşdan nähili öýke-kine, dagy-dert, arman! Halys çykalgasyz galan ýüregiň hasratyny şeýle üýtgewsiz bermek, ony öňki obraz, söz galybyna salmazdan geçirmek poeziýada uly täzelik dälmi näme?! Şu meselede şahyryň «Ýar seni» şygry aýratyn orunda dyrýar. Bir guş idim, beýewanda tutuldym, Şahyryň getirýän obrazlaryny ýüze çykarýan hasraty, gynanjy bendiň soňky setirindäki agy sesine oňat gabat gelýär. Bent dürli illýuziýalardan durýar. Çölde tutulan guş, kenaryndan zyňylan daş – munuň özi şahyryň kemsidilen ýüregi. Kemsidilen ýüregiň, basgylanan şahsyýetiň agysy eşidilip dur. Şeýle uly hasrat ýöne bir gyz üçin çekilýän söýgi hasratyndan has ýokarda durýan ählumumy duýgy bolsa gerek. Gyz bu ýerde şahyr üçin öz ynjysyny daşyna çykarmaga bahana. Mekge tarapynda, arşyň içinde, Getirilýän obrazlar arzuwyň amala aşardan näderejede daşdygyny aýan edýär. Arş, beýik dag, arslanyň agzy, piliň dişi – eý-ho, bu zatlara bir kemsidilen görgüli nädip ýetip biler?! Asla mümkin zat däl. Giňişlik, uzaklyk duýgusynyň şeýle inçelik bilen berlişine men başga ýerde duş gelemok. Şahyr ýöne bir gyzy däl, ol bagtyny gözleýär, bagt bolsa şo hili daşlykda ýerleşýär, onuň yzyndan ýetmek asla mümkin däl. Mar deý tillerin uzadyp, Duýgynyň terligini geçirip bilýän nähili original obraz! Şeýle obrazlylyk poetiki täzelik bolup durýar. Ýa-da başga häsiýetli zat: Siňe bakdym, oň görkünden uýaldym, Magşuk gyzyň mahmal ýaglygy – bürenjegi erotiki guýgulary oýarýar. Mahmal – şol duýgynyň predmeti, onuň başlangyjy. Nähili ajaýyp obraz! Ýöne, aýdan ýaly, Kemine maňa has inçe hem tebigy görünýär. Ele düşüp ekdi bolgan boz keýikniň balasy, Ilkagşam içeli şerap, Ine, bir agşamky daňdana çen dowam edýän söýgi wakalaryny şahyr şeýdip bir bentde bir kemsiz edip berip goýberýär. Şu hili täsinlikler diňe söýgi lirikasyna mahsus, diňe erotika bilen baglanyşykly diýip düşünmeli däl. Kylsa Mähtäji güman, behişdi haýwan başy sen, Ine, ikije setirde türkmen bedewine berip boljak öňde-soňda beýik baha berilýär. Munuň özi häzirki düşünjämizde at hem adam ahbetin diýmekdir. Diýmek, Gurbannazar öň aýdylan pikirden habarsyzlykda öz kalbyna eden täsiri goşgusyna geçiren eken. Mätäji-de, meniň pikirimçe, sözüň hakyky manysynda indi açylmaly şahyrlaryň biridir. Edebiýaty öwrenmegiň her döwürde bir hili derejesi bolýar. Häzir, meniň pikirimçe, biziň klassykamyz babatda toplanan materiallary giňden öwrenmegiň döwri gelip ýetdi. Munuň üçin bolsa güýç hem kuwwat gerek. Meniň ahym köpdür, seniň – hesretiň, Ýa-da: Dostmuhammet saýrar göýäki bilbil, – ýaly inçe hastara, şirin hesere ýugrulan setirleriniň maňzyny alyp, arynyň güllerden bal ýygnaýşy ýaly, täze duýgulary edinip bilýän şahyrlar indi ýüze çykmaly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |