21:00 Nobatguly Rejebow bilen söhbetdeşlik | |
ŞAHYR NOBATGULY REJEBOW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Söhbetdeşlik
BIRINJI SÖHBET: «NAMAZLYGA BAŞ GOÝMANAM, NAMAZLYKDAN ZYÝADAM SEN!» OSMAN ÖDE: — Ynsan oglundan sen nirede, kimiň maşgalasynda, haçan doguljak diýip soralmaýar, diýmek, ene-ata, Watan, döwür bize ezelden ýazylan. Diýmek, Watan — takdyr! Dünýä kartasyna syn edip, Türkmenistany synlap, onuň kartadaky şekilinde, Hazar deňzine tumşugyny basyp duran äpet «öküzi» görüp bolýar. Biziň aslymyzyň oguzdygyny, «oguz» sözüniň hem öküzdigini bu gün türkmende bilmeýän ýok, diýmek, gadymy oguzyň esasy mülküniň, esasy mesgeniniň, esasy watanynyň keşbiniň öküze meňzeşligi hem ýöne ýerden däl bolsa gerek. Türkmenistan — dört künji, dört tarapy daglar bilen gurşalan, sähraly, düzlükli, çöllükli, öleňli, deňizli, kölli Watan! Türkmen topragynyň ruhy ýaly bolup gadymy Oks — Oguz — Öküz derýasy — däli Jeýhun akyp ýatyr. Murgap, Tejen, Etrek, Sumbar — ýurduň gan hem jan arteriýalary. Türkmen topragy — suw bolsa kesewiniň gögerýän topragy! Akademik Wawilow tejribe üsti bilen türkmen topragynda dünýäde bitýän ähli miweleriň bitjegini, hasyl berjegini aýdyp, apelsin, mandarin, kofe öndürip boljakdygyna kepil geçdi. Dünýäniň ähli çöllüklerini aýlanyp çykan çölşynas alym, akademik Babaýew dünýä çöllükleriniň içinde Garagumuň iň bir janly, iň bir ösümlige baý çöldügine kepil geçýär. Dünýäniň deňizlerini, okeanlaryny, olaryň baýlyklaryny öwrenýän uly alymlar Hazar deňziniň dünýä boýunça iň balykly hem iň baý deňizdigini takykladylar. Türkmen daglary — şindi az öwrenilen, baýlygy az gözlenen daglar, emma ol daglaryň astynyň hazynadygy ikuçsuz. Türkmen topragyndan bal önýär. Seredip, otursak, Allatagala bizi örän baý ýurtda dünýä getiripdir. Eger Allatagala maňa: «Ikinji ýola dünýä getirjek, ýurt saýla» diýäýse, ýene şu topragy saýlajakdygyma şübhe ýok. Dünýäde türkmen topragyndan ýüz esse gözel toprakly ýurt kän, emma baý toprak, megerem, ýokdur. Owadan ýurdy baý etmekden, baý ýurdy owadan etmek has real iş. Kawkazyň ne gözel ýerleri bar, jennete bes edýär, ýöne dynç alyp ýörmeli. Keýp edip dynç alyp ýörmeli, ýöne adam ogly dünýä dynç almaga gelenok. Ol ekmeli, dikmeli, döretmeli, iýmeli, geýmeli! Orsýetiň nähili topragy bar, topragy pil däl-de, çarşak bilen agdarýarlar. Hasyllylygy ummasyz, emma ol toprak bary-ýogy ýeke ýola hasyl berýär, özem bitýän ekinler sanalgy. Ýok, ýok, men özgäniň ýurduna şek ýetirmek pikirinden daşda, ýöne käbir adamlaryň Orsýet ýaly howasy jana ýakymly ýa Kawkaz ýaly gözel ýurduň bolsa diýip kemsinýändikleri üçin aýdaýdym... NOBATGULY: — Alymlar hamana Taňry ynsany ýaradanda ýanynda oturan ýaly, «Adamzadyň döränine bäş million ýyl bolupdyr» diýip aýdyberýärler, emma men olara känbir pitiwa edip baramok. Sebäbi türkmen alymy Gurban Amannyýazow Köýtendagyň Hojapil obasynyň golaýyndaky dag gerşinde ýüz altmyş million ýyl mundan ozalky döwre degişli dinozawrlaryň aýak yzlarynyň gapdalynda adamyň hem aýak yzynyň bardygyny tassyklaýar. Bu pikir indi çuňlaşmaly, ýöne adamzat dünýäde näçe million ýyl ýaşan bolsa, ol şonça ýyllabam adatdan daşary güýji — Hudaýy agtarypdyr. Ýeli, ýagmyry, ýyldyrymy, daglary, deňizleri, asmany, Aýy, Güni Hudaý sanypdyrlar. Soňky pygamberler Hudaý hakda has takyk maglumat berýärler. Ýöne, meniň göwnüme bolmasa, zeminiň özi Hudaý ýaly bolup dur. Belki-de, üstünde gezip ýören topragymyz Hudaýdyr. Biziň aslymyz toprak, şol topraga-da gaýdyp barýarys. Sen türkmen topragynyň ummasyz baý toprakdygyny aýtdyň, diýmek, biz baý toprakdan ýasalypdyrys, diýmek, biz hemme babatda baý bolmaly. Türkmen dilinde Hudaýyň örän paýhasly bir ady bar: Ýaradan! Dünýäni, älemi, barlygy ýaradan — Alla! Ynsany, adamzady ýaradan toprak, siwilizasiýany ýaradan ynsan! Biz Allanyň kuwwaty, keremi bilen şu toprakda ýaradylypdyrys, şu toprakda-da bize zerur bolan ähli zatlar bar. Biziň ýaşaýşymyzyň çeşmesi şu barlyk, diriligimiziň melhem çeşmesi şu barlyk. Biz şu toprakdan bina bolup, şu topraga hem döneris. Öz dünýä inen topragyňda ýaşamak — jennet, ölmek ýeňil. Soltanlar soltany Alp Arslan Wizantiýanyň imperatory bilen bolan söweşde ýeňiş gazanýar, şonda bir nökeri ýeňişden soň talaňçylyk edeni üçin soltanyň huzuryna getirýärler. Din-imanly örän beýik ynsan Alp Arslan oňa ölüm jezasyny buýurýar, ölüme höküm edilen berlen jeza razydygyny, emma öz mähriban ýurdunda Maru-şahu-jahanda jeza berilmegini haýyş edýär. Esli nahal etmişlä syn kylyp duran Alp Arslanyň ýadyna mähriban watany düşüp, şol nökeriň ölüm jezasyny ýatyrypdyr. Halypa şahyr Durdy Haldurdy bir gezek şeýle gürrüň berdi: «Söweşde ýaralanyp, aýagymdan jyda düşdüm, meni Kawkazyň iň gözel sanatorisinde ýerleşen gospitala getirdiler. Aňry gitse bir aýyň içinde bitmeli ýara alty aýlap bitmedi. Şol iriňläp, şol azyp dur... Aýagymdan eräp ölüp gidip otyryn. Men tekepbirlik bilen özümiň Türkmenistanyň gospitallaryna iberilmegimi gazandym. Türkmen topragyna girenimden yzam el bilen aýrylan ýaly boldy, bir hepdäniň içinde bitip gitdi...». OSMAN ÖDE: — Gadym zamanlarda bir şanyň ýekeje mirasdar ogly gaty syrkawlaýar. Şa bir ýerde tebip, hekim, keramatly bar diýilse, baryny ýygnadýar, emma çagajyk elden gidip barýar. Şa — garry, iň soňky umyt — mirasdar ölse, oňa şalyk nämä gerek. Ol ahyry gumuň jümmüşinden hem bir tebip getirdýär. Ol tebip çagany synlap, şazadanyň ejesi bilen ýekelikde gürleşip görmese, çagany açyp bilmejekdigini patyşa aýdýar. Şa nätsin, razylyk berýär. Tebip niçe ýüz şa aýallarynyň içinde ogul dograny üçin iň eziz saýylýanyna şert goýýar. «Dogryňdan gelseň, oglanjygy bejerip bilýän, aldasaň, oglanjyk ölýär, sebäp munuň açylmagy üçin edilýän emleriň hiç birisi peýda berenok» diýýär. Aýal çagasy üçin rastyny aýtmaly bolýar. — Çaga kimden? Rastyňy aýt, gep ikimiziň aramyzda galar! — Pylan gumda goýun bakyp ýören çopandan... Tebip melikä — şa aýalyna syryň özi bilen öljegini ynandyryp, patyşanyň ýanyna ýylgyryp gelýär. — Şahym, nesip bolsa çagany açarys, ýöne meniň diýenim bilen boluň, edenime däl diýmäň. Tebip kejebe gurap, gyşyň aňzagyna bakman, çagany çölüň jümmüşine äkidýär. Çalmar gurduryp, ortada ojar oduny ýakdyryp, şol ýerde em etmäge başlaýar. Çaga sanlyja günüň içinde sagalyp, köşge dolanýar. Biziň üstünde gezip ýören topragymyz diňe biziň hazynamyz däl, ol biziň melhemi egsilmez eptegimiz, dermanhanamyz. Halkyň içinde bir gürrüň bar: «Lukman köpeldigiçe, kesel hem köpelýär». Emma, meniň pikirimçe, keselleriň örňemegine özümiz sebäp. Garry ýaşulularymyz öz oglanlyk ýyllaryny ýatlap: «Aý, o mahallar bi görlen kesellerem ýokdy, lukmanlaram, dermanhanalaram. Türkmeniň aglaba keselini burçluja unaş açardy» diýýärler. Bu gün biz Afrikadan gelen banany, Awstraliýadan gelen mangony, Angliýadan gelen göle etini iýip ýörüs. Bize dünýäniň bäş kontinentinden diňe azyk, haryt, derman gelmän, kesellerem gelýär. Iýmitler bilen, harytlar bilen... Bir ýazyjy dostumyz bar, şol dünýäniň ýöne ýere yklymlara bölünmändigini, şol yklymyň adamlary bir-biri bilen nika aragatnaşygyny hem etmeli däldigini, öz yklymyna degişli bolmadyk zady iýip-geýmeli däldigini aýdýar. Ol mamla bolsa-da, bu iş bize etdirmez. Dünýäde global birleşme prosesi barýar, ondan üzňe galmak mümkin däl. Türkmen topragynyň baýlygy hakynda ömrüň ötinçä ýazsaňan maglumatyň gutarjak gümany ýok. NOBATGULY: — Gadym zamanlardan şu günlere deňiç ýurdumyzda aýlanan jahankeşdeler türkmenleriň syratly, sagdyn, daýaw, agajetden berk göwreli adamlar bolandygy hakda aýdyp, hökmandan hökman olaryň ýaltalygyny hem ýazýarlar. Meniň pikirimçe, türkmen ýaltalygy alymlaryň aýdyşy ýaly Günüň yssylygyndan däl-de, şu toprak bilen bagly... Mysal: — Güýzde bir jüp öküz, ýa ýaby bilen bir gün süren ýeriňe bugdaý ekseň, bir hojalygyň ýylgallasy, menzilligi önýär. Ýazda bäş-üç gün işläp, bäş-on joýa gawun-garpyz, künji, noýba, mekgejöwen, aňry-bäri ekseň, arly ýyllyk witaminiň taýyn. Ýigrimi-otuz dowaryň bilen gara malyň örä gidip-gelip ýör, saňa azary ýetenok. Onsoň näme işlemeli, küşt dik, düzzüm düz, saz çal, mesligiňe çydamasaň, alamana git. Bolany! Geýjegiňi gyz-gelinler dokap otyr. Hut şu toprak türkmende türkmen kanagatlylygyny hem kemala getiripdir. Ol gereginden artyk ýeri ekmeýär, gereginden artyk maly saklamaýar, sebäp dünýä talap däl, ol onlarça gezek uly döwletler gurup görüpdir, olaryň synyşyny synlapdyr, ahyram ýaşamaly diýen netijä gelipdir, şol pikir hem onuň genine siňip gidipdir. Türkmen ynsaply halk, sebäbi ol doýmaz-dolmaz ýaş halk däl. Bu tema soň, has giňişleýin degäýeli. OSMAN ÖDE: — Hawa, kesemen topragyna ýag çalyp iýip oturmaly. Meniň pikirimçe, indiki ýüz ýyllyklarda adam ýer sürüp, ekin ekip ýörmän toprakdan, suwdan, howadan, Günüň nurundan gerek komponentleri alyp, azyk önümleri öndürer. Şol iş bolsa Günüň şuglasyna baý türkmen topragynda başlanar. Aga, seniň bir goşgyň bar, senden sitata alsam rugsatmydyr? (Nobatguly özünden sitata alynsa gaty gowy görýär, hemişe gamaşyk ýüzi açylyp, gürrüňe höwesek boluberýär). NOBATGULY: — Dagy kimden sitata aljak sen?!. OSMAN ÖDE: — Seniň «Ilkinji daýhan» diýen bir goşgyň bar. Gadym-gadym zamanlar uruşdan, jeňden bizar bolan bir nöker uruşdan galyp, ýeri ynsan «beýnisi deý» sürýär, onuň uruşdan galanyny gören taýpabaşy nökerlerini onuň üstüne sürüp: «Kim söweşden gaçsa, haky ýeke ok!» diýip, ilkinji daýhanyň ýüreginiň üstünden bir oky goýberýär-de, jeňe gidýär. Wagt geçýär, şol taýpabaşy söweşden dolanyp gelýärkä, seretse daýhanyň gursagyndan giren ujy keýbirli, yzy perli okuna derek altynbaş bugdaý gögerip duranmyş. Megerem, bu sýurrealistik goşgynyň iň gowy nusgasy bolsa gerek. Men bu ýerde ol goşgyňy yzarlap durjak däl, ýöne seniň ýaýyň oky bilen altynbaş bugdaýyň meňzeşligi hakyndaky detalyňa ünsi çekip, eserindäki sözleri ýatlajak bolýan. NOBATGULY: — Türkmen topragy barada birnäçe rowaýatpisint sözleri men dürli ýyllarda eşidipdim. Isgender şahly bu topragyň hasyl berşini synlap, söweşde ýanynda äkidýän gözel-gözel gelinlerine: «Bu toprakda habardarrak ýataweriň, birden hamyla bolaýmaň ertire çenli» diýipdir. Teýmirleň bolsa: «Okuň gaçsa, ertesi tüpeň gögerýän toprak eken-ow» diýipdir. Çingiz handan galan rowaýat has hem gyzykly. Taryhy çeşmelere görä, Çingiz han edil häzirki türkmen topragyna gelip görmeýär. Emma rowaýatda ol Horezminde Ürgenji weýran edensoň, ejesine hat ýazypdyr. Hatyň mazmuny şeýleräk: «Eje gel, bu ýerde hasyl bitişi aňk edýär. Ýadap gelseň, topragyny iýip oturmaly! Ynanmasaň, men saňa şunuň gumundan iberýärin. Biz bu ýerde mülk tutunmaly. Ekerançylyga, maldarçylyga, awçylyga şundan gabyl ýeri görmedim». Şu haty ol dört sany çapar bilen ugradýar. Çaparlar dem-dynç alanyndan soň, Çingiziň ejesi ol dördüsini öz öýüne myhman çagyrýar. Ýöne olaryň oturjak halysynyň aşagyna şol gumdan ýazyp çykan eken. Olara nahar çekilýär, şerap aýlanýar, birki sagat geçensoň, ýaňky çaparlar sende-ýok, mende-ýok, sözleri azaşyp, bir-biri bilen urşup başlaýarlar. Ertesi ol ýene şol dördüsini myhmanlapdyr. Emma bu gezek olary şol gum ýazylmadyk ýerde oturdypdyr, ýaňky myhmanlar düýnki urşanlary üçin bir-birinden ötünç sorap, bir-birine ýallaklaşyp durmuş. Ertesi ýene gum ýazylan ýerde oturdýar, çaparlar ýene uruşýarlar. Garaz, şeýdip aňly aýal üç gün synag edip, ogluna hat ugradýar. «Ýeriň kemi ýok, emma goşunyň içinde agzalalyk başlaýmanka, göteril ol ýerden...». OSMAN ÖDE: — Ýaşuly, seniň rowaýatlaryň Atajan Annaberdiniň anekdotlary ýaly ozal eşidilenlerden däl-le. Ýa çynmy belli folklorçy Ümür Eseniň: «Rowaýaty Nobatgulynyň özi döredäýýämiş. «Gedaý bagşy» pýesasyndaky rowaýat hem öz döredeni» diýýäni? NOBATGULY: — Birinjiden-ä menem halk, döredip bilsem döretjek, ikinjidenem öz eşitmedik zadyňy täze dörändir öýtmek hebes bor. Men Ümür Eseni hormatlaýan, emma ol indi ençe ýyllar bäri öz wezipesine dönüklik edýär. Ol halkyň arasyna baryp gürrüň diňlemeli. Ümür bolsa nirä barsa, kluby adamdan dolduryp ýygnak edip: «Ynha, siz muny bileňzok» diýip başlaýar. Meniň ondan bir tapawudym, köplenç, özgeleri diňleýän, Ümürden azam gezen däldirin. Ýene bir rowaýat aýdyp bereýin, ýer hakda. Biler bolsaň, Haweran düzlüginde (Änewden tä Tejene çenli) bal önýär. Tomsy hasylly, ýazy owsunjy ýazly, güýzi bereketli, gyşy ygally ýurt. Şol ýerde mundan müň ýyl ozal Mäne baba ýaşap geçipdir. Mäne baba ýaly ylymly, pirlige ýetişen kişini yslam taryhy bilenok. Ol yslam äleminde iki ýola hyrka geýen öwlüýä. Keramatly, göz görkezip bilýän, özem şahyr kişi. Bir ýola bir daýhan onuň ýanyna baryp, ýeriň üstünden arz edipdir. «Mäne baba, ýylda ýerimi niçe ýola sürýän, niçe ýola ders berýänem weli, hasyl berenok. Bir doga edip beräýmeseň, biçäre galdym» diýen. Mäne baba oňa bir hat ýazyp berip: «Bar, şu haty küýzä sal-da, mülküň ortarasynda göm» diýipdir. Ol piriň aýdyşy ýaly edip gömýär-de, ekin ekýär weli, başyna gören ýalymyş. Hasyly ýygnap tüketdirmändir. Muny gören daýhanlar piriň ýanyna eňaşak bolanmyşlar, emma daýhanyň içinde-de geçiden sapak alany bolýar. Şolaryň biri daýhanyň gömen küýzesini tapyp, içindäki haty okap görüpmiş. Hatda şeýle sözler ýazylypdyr: «Eý, Ýer aga, daýhana hasyl berseň-ä ber, ýogsa-da orruk ortaňda bir süýthor kazyny diriligine gömdürýärin». Ýer pirden gorkusyna hasyl berenmiş diýip düşünýänem bar, ýerden gereginden artyk hasyl aljak bolup, ýerden süýthorluk etseňem ýer hasyl bermezmiş diýip düşündirýänem bar. OSMAN ÖDE: — Ýokarky sözi Isgenderiň hem Teýmirleňiň aýtmandygyny, sözleriň seniňkidigini men gowy bilýän, ýöne... NOBATGULY: — «Bu toprakda habardarrak ýatawer, birden toprakdan hamyla bolaýmaň» diýip men aýtdym diýsem, ol gaty gelşiksiz bolar, ol meni kiçelder. Erbet ýerem, men aýtdym diýenimden Isgender aýtdy diýsem, şol sözümiň ähmiýeti artýar. OSMAN ÖDE: — Seniň önümiň söz, onam ile paýlap ýörseň... NOBATGULY: — Men şol söz bilen topragymy, watanymy, halkymy arşa götermeli. Onsoňam, bilip goý, dana paýhaslar kimiň döredendigine seretmezden, halkyň baýlygyna öwrülip gidýär, terjimäniň üsti bilen hem gaýry halklara geçýär, şeýlelikde, adamzadyň dünýä boýunça baýlygyna öwrülýär. Ynha, aýdaly, seniň «Her kellede han otyr» diýen örän dana bir jümläň bar, men ony ulananymda Osmanyňky diýip ulanaryn, emma ol dilden-dile geçer, her gezekki ulanan adam ony Osman diýip bir ýazyjy aýdypdyr diýip oturmaz, sebäbi ol seni tananok. Ol söz seniň adyňdan gider, ýöne sen şol sözlem bilen dünýä hazynasynyň bir ülüşjagazy bolup galarsyň. OSMAN ÖDE: — Haý, aga, durawer... temamyza dolanaly. Guýy gazýan adam guýy gazjak ýeriniň, tamdyr saljak aýal tamdyrlyk gum aljak ýeriniň gumuny iýip görýär. Täze gonamçylyk ediljek ýeriniň gumuny gojalar bagryna basyp görýärler. Bir ýeriň ganasa, gum çalmak däbimiz hem bar. Türkmen bolup türkmene ysnat getirýän hereket edene «Toprak başyňa, zaňňar!» diýýärler, türkmende ondan uly gargyş ýok. Meniň pikirimçe, üstüňe toprak seçmek, «Men şu topraga ikilik etdim, öleýin, men gumuň aşagynda galmaly adam» diýildigi ýaly. NOBATGULY: — Adam toprakdan, suwdan, otdan, howadan ybarat diýip könelerimiz aýdardy. Gyzma adama — ody köpräk, suwjuk adama — suwy köpräk diýerdiler. Agras adama toprak ýaly agras, asylly diýip adamyň ýokary başy hasaplardylar. Meniň akgam pahyr: «Dag adamsy howaly, düz adamsy salyhatly bor» diýmäni gowy görerdi. OSMAN ÖDE: — Saňa oduň köprägem diýendir pahyr! (Nobatguly gülýär). NOBATGULY: — Türkmen uzak ýola ugranynda onuň atynyň ýüzüne urba sepýärler. Bu nesibäň ýene yzyňa çeksin diýildigi, ýöne ol ýany bilen bir gysym gum hem alyp gitmegi hökmany bilipdir. Pelek işi, ýat ýurtda galmaly bolsa, onuň ýanynda bir gysym topragy bar. Men saňa bir eýmenç wakany gürrüň bereýin. Bir kommunist wezipeli adam daşary ýurtda ikinji jahan urşunda ölen kakasynyň mazaryny görmäge gidýär. Ejesi oňa kakasynyň mazarynyň üstüne atmak üçin bir gysym gum hem berip goýberýär. Ol daşary ýurtda gaty gowy garşylanýar, oňa ildeşleri duşýar. Şolaryň arasynda uruşda watandan geçip, watany satyp giden bir baý türkmen hem bar eken. Entek olaryň günäsi geçilmedik zaman, entek olaryň toýnagy bu topraga düşürilmedik zaman! Şol garry adam şol gumy wezipeli kommunist adamdan satyn alypdyr... Men oturyp-oturyp pikirlenýärin hem şol watan satdy diýilýän adamyň adamçylygynyň kommunistden has beýikdigine ynanýaryn. Muny soňra kommunistler öz ideallaryny hem, watany satyp hem subut etdiler. Gumdan altyn alyp bolar, emma altyndan gum alyp bolmaýar. OSMAN ÖDE: — Ýeriň çuň gatlagyndan ýokaryk toprak çykarsaň, şonuň hasylly toprak bolmagy üçin bäş ýüz ýyl gerek diýip alymlar aýdýarlar. Nobatguly, biz şu baý topragyň üstünde ýaşap ýörüs, şu toprak, şu tebigat biziň psihologiýamyzy, gylyk-häsiýetlerimizi kemala getirýär. Şu toprakda ýagşyzada bolmasak, Günä toprakda däl, günä bizdendir. Keramatly, baý topragymyz bar. Ýurdundan aýrylanlar ýöne ýere ölinçä aglap kör bolýan däldir, ýöne ýere dessanlarda şol körleriň gözüni açmak üçin gum sürtülýän däldir. Türkmen agada topragy agyrlyk bar. Ol öz topragy ýaly jomart, mährem, nurana, ýürekdeş, sada. Emma aramyzdaky deýýuslar nireden döreýär? NOBATGULY: — Ygaly bol ýurtlarda tikenli çöpe aňsat gabat gelmersiň. Tersine Garaguma çyk, ýek-ýarym ösümlik bolaýmasa, galaba tikenlidir. Emma deýýuslaryňky başga. Ol garym-gatymlykdan, siwilizasiýadan. Adam diňe öňe ösýändir öýdüp pikir etmeli däl, adam ot ýaly çabrap hemme tarapa ösýär. Bir akademik dörese, beýleden bir jelebem döreýär... Bir asyr bäri türkmen tebigy ösüşinden jyda düşüp, parawozyň guýrugyna tirkeldi. Bir başy Ýewropa siwilizasiýasyndan gözbaş alýan rus imperiýasynyň yzyna tirkeldi. Bir mahal Köneürgenje demir ýol çekiljek bolanynda bir başlyk: «Demir ýol bilen jüwlük hem geler» diýip, garşy çykanmyş. Bu sada pikirdäki wakany ýokary ölçeglere salyp görmeli. OSMAN ÖDE: — Gadym eýýamlardan bäri dini rowaýatlardaky Adam atanyň iki perzendi Abyl bilen Kabylyň arasyndaky duşmançylyk hakda gaty köp eser döredilipdir. Biziň nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde hem olar hakda köp agzalýar. Jorj Baýronyň «Kain», Kakajan Aşyryň «Kabyl» atly pýesa ýazmagy hem ol temanyň gaty ýörgünlidigine kepil geçýär. Sen hem Abyl bilen Kabyl atly goşgy ýazyp, düýbünden täze pikiri tosladyň oturyberdiň. Aýdaly, Kakajan Aşyryň tragediýasyndaky Kabyl Abyly söýgi üçin, gyz üçin öldüripdir diýen pikirine men hä diýjek. Kabyl atasyna şeý diýýär: Bu dünýä sütemiň, zorlugyň jaýy. Ot iýýäni iýýär et iýýän mahluk. Güýji ökde ejizleriň hudaýy. Düşün, bu dünýäni ýaradan men däl. Men däl dünýäň kanunlaryn ýaradan! Sen çomry, Men çarwa, ikimiz deň däl... Wah, biz iki. Wah, ýer ýeke. Sen-ä munda ekin ekjek bolarsyň, Menem muňa malym bakjak bolaryn... NOBATGULY: — Osman jan, men million ýyldan soň Kabylyň gandarlygynyň sebäplerini agtaryp, şu gün sud etjek bolýan sudýa däl. Abyl bilen Kabyl hem meniň üçin şertli şahslar. Meni gyzyklandyrýan esasy zat, adamzadyň ösüşi. Ilkidurmuş adamlary topar-topar bolup gowaklarda ýaşap, haýwanlary awlap gün görüpdirler. Adamyň özi ýaly mahlugy iýip gün görmesi onuň mahluklyk eýýamy. Aw azalyp özi ýaly mahluklary eldekileşdirip, bakyp, köpeldip iýip ugramasy — onuň adamçylyga tarap eden ilkinji ädimi. Elbetde, et iýýän adamlar eýýäm şol döwürler ösümlikleriň miwesini, köklerini hem iýip başlandyr. Ýöne özi ekip, özi ýetişdirip ýaşap başlamagy onuň ýaradanlyga, hudaýlyga eden ilkinji ädimi. Emma taryhçylaryň, arheologlaryň pikirine daýansaň, adam ilki çarwaçylyga başlapdyr, soňra çomryçylyga. Köp-köp eýýamlaryň dowamynda olara ekerançylyga, daýhançylyga ýol hem bermändirler. Ine, meniň diýjek bolýan zadym. Ynsan ýaradanlyga tarap eden ilkinji ädimini ilki özi ýok edýär. Muňa taryhda müňlerçe mysal bar. Gadymy Assiriýada Babylda (Wawilonda) durmuş pajarlap ösüp apogeýine galan zamany şu ýerden giden çarwalar şol siwilizasiýany ýok edipdirler... On üçünji asyrda Orta Aziýa dünýä ýaň salyp, pajarlap ösüp barýarka, million kitaplary döredip, dünýäniň merkezine ymtylýarka elipden şermende Çingiziň ýabany çarwalary ýurdy gum bilen kesege öwürýärler. Ine, meniň göz öňünde tutýan Abyl bilen Kabylym! OSMAN ÖDE: — Türkmen topragynyň haýsy künjegine barsaň bar, irki orta asyrlaryň ýykyk-ýumruk ýadygärlikleri bilen bir hatarda, geçen asyrlaryň harabaçylyklary ýaýylyp ýatyr. Üstýurda baryp görseň Şasenemiň bagynyň daşynyň galasy şindizem ýykylman dur. Biz oglan mahallarymyz Lebabyň islendik ýerinde geçen asyrda salnan pagsa, kerpiç jaýlar, howlular, kerwensaraýlar doludy. Olary topraga dökün edip gutardylar... Emma, näme üçindir, bizi ýetmiş-segsen ýyllap «Siz çarwa» diýip ynandyrdylar. Çarwa diýmek bolsa, gödek dilde aýdanyňda Kabylyň zamandaşy diýmek bolýar. Taryhyň hem çarwarak bolýar, watanyň dünýäniň hataby, serhediň hem malyň doýup ýatan örüsi bolýar. NOBATGULY: — Bize merkezden şol ideýany berdiler: ýazyjylar, şahyrlar, sungat işgärleri bolup jemlenişip, ony halkyň aňyna guýduk. Bu işde kinoçylar has hem ussatlyk görkezdiler. Geçmişden kino alyndygy on-on iki sany gözgyny gara öý dikip, geçmişiň obasyny ýasadylar, şeýlelikde ýabany geçmişli bolduk. Ýigriminji asyryň başy kosmosa, aýagy bolsa ýere direldi. Uly imperiýalar synyp, dünýäniň galaba halky öz territoriýasynda gün görüp, güzeran aýlamaly boldy. Ýigriminji asyr — ýer asyry, toprak asyry! Ýer bu gün hakyky ene ýer manysyna eýe. Är ekleýji! Ýuwaş okeanynda bir ada bar, şol adanyň aborigenleri hem gelmişek ilata adanyň topragy köp mukdarda altynly ýerini satyp, şonuň hasabyna ýaşaýar. Olar ýeri satyp, baýlyk alýarlar, emma ýerleri gutaryp ýaşamaga mümkinçilikleri ýitip barýar. XX asyrda biziň topraga garaýşymyz hem şolaryňky ýalyrak boldy. Netijede, mähriban topragymyz zaýalandy. OSMAN ÖDE: — Nobatguly, sen bu babatda köp makala ýazdyň, bu tema dogrusy lenç edildi, sen biziň mesawy gürrüňimizi publisistika öwräýme birden. Häzirki alnyp barýan asylly işler şu mahala çenli toplanan wawwaly problemalary çözer. Birinjiden, toprak hakyky eýesine berildi. Hakyky daýhan topragy zeýede bermez, harlamaz hem. Döwletimiziň gazlaşdyrylmagy bilen, hä diýmän tutuş Türkmenistanyň daglary, düzlükleri, çöllükleri tokaý bolar. Derýalarynyň ýakalary ýene jeňňellige aýlanar, sebäp indi paltasyny göterip oduna gidýän ýok. «Baý baýyň yzyndan ýüz ýylda ýeter, daýhan baýyň yzyndan bir ýylda ýeter» diýlen dana nakyl esasynda türkmen topragy ýaňadan pajarlar. Özümizi galla bilenem, ak-gök bilenem üpjün edip, üstesine eksportdan ummasyz gazanç etjek wagtymyz alysda däl. Ýykyldyk, ata-babamyzyň aýdyşy ýaly, ýere ýapyşdyk. NOBATGULY: — Dünýäniň seýilgäh ýerleri bar, gözel-gözel dagystanlyklary bar, hemişe ýaşyl öwsüp oturan ýerleri bar, ýöne biziň paýymyza işçi toprak düşüpdir. Türkmen topragy işçi toprak. Şeýlebir eýjejik, naşyja, garagözelejik, çigildemiň tiljagazy ýaly gyzlar bolýar, ýöne söýşüp ýörmeli, tersine boldumly, basan ýerinden ot çykýan gyzlar bolýar, öýlenip tüýs ogul dogurdyp ýörmeli. Ynha, biziň toprak şonuň ikinjisine kybap. Sibiriň tomsundan sähel sowugrak gyşymyz bar, seret ýene bäş-on ýyldan türkmen topragyndan gyşyna-da hasyl alnar. Bizi baý edip biljek bereketli topragymyz bar, ony jennete öwürmek bolsa, gelejegiň işi. OSMAN ÖDE: — Toprakdan altyn alyp bolýar, emma altyndan toprak alyp bolmaýar. Şahyr Gurbanaly Magrupy çet ýurda ýesir düşüpdir. Ony Saltyk bagşy diýip hem tanapdyrlar. Sen ol hakda örän gowy goşgy ýazdyň. Gurbanaly şeýle bir görmegeý bolupdyr, hatda keseki han ondan zenanlary gabanyp, şahyryň gözlerini köwledipdir. Soňam birnäçe ýyldan: «Bar, ýurduňa gidiber» diýip, azat edipdir. Keremli daglara şygryny aýdyp, Saltyk nagra dartyp gelýär gelşi deý ýyldyrymyň yzyn alyp gübürdiň, harasadyň yzyn alyp ýagmyryň. Hol, etekde bolsa, türkmeniň ýurdy, çöregi çykarlyp duran tamdyryň Bihuş edýän ysyn kükedip durdy. Emma sen başga bir ýerde: «Näletsiňmiş bu ýurtda, garam diläp almaly, ýagşam diläp almaly» diýip gargaýarsyň. Bu topragy dowzahdan hem eýmenç suratlandyrýarsyň. Muňa näme diýjek? NOBATGULY: — Bir gazak şahyrynyň goşgusynda şeýleräk manyly setir bar: «Şewçenko, seniň sürgün diýip iberilen ýurduň meniň watanym ahyry». Osman, biziň paýymyza düşen bu ýurdy dowzaha deňeseň deňäbermeli. Nuhuň tupanyndan soň Hazar deňzi çekile-çekile tutuş Garagum çölüni yzynda galdyryp, häzirki ornuna bardy. Ýagyş ýagan gününiň ertesi hem Türkmenistanda harasat gopup, tozan turup bilýär. Arly ýyl depämizden gum ýagýar, suw az, bir gysymjyk ýazymyz bar, ýerimiz az, daglarymyz pessejik, üstesine tokaýly daglar hem däl, köse daglar. Tokaý, jeňňel ýok... Emma ählisiniň deregine ýylda üç hasyl berýän topragymyz bar. Ol toprak hem entek sözüň doly manysyndaky toprak däl. Biziň topragymyzyň düzüminde duz gereginden has artyk, islendik tarp ýerde ekin ek, barybir, zeý bolar, ol topragy biz ýuwup-ýuwup toprak etmeli... OSMAN ÖDE: — «Arkasy kesmekli mele myssyk nanyňy iýip, seni iýdim, topragym! Seniň nazy-nygmatyň iýip, waspyň diýdim, topragym. Ilkinji türkmen seniň göwsüňe atasynyň jesedini gäminiň labyry deý goýberip, sende ebedi mesgen tutandyr. Sende ata-babalarymyzy tohum kimin düýnedik, şeýdip watan hasyl boldy, topragym! Topragym, diri günüm bereketli saçagymsyň, ölen günüm özümi rowa görjek gujagymsyň, topragym!». Bu pikirler seniň «Jemşidiň jamy» poemaňda Magtymgulynyň içki monologyndan alyndy. Bu ýerde sen ideal watanyň kemala geliş prosesini çeperleşdirip beýan etmäge synanypsyň. Emma, hakykatda, watan duýgusy — mahluk duýgusy. Garsak bolsun, torsuk bolsun, şir-peleň bolsun, ýylan-içýan bolsun, derrende-perrende bolsun, suwda ýüzýän jandar bolsun, her biriniň özüniň örüsi, özüniň mekany bolýar, hut şol mekan üçin hem olar wagşylarça göreşýär. Şol ýer, şol dogduk depe üçin hatda ölüşýär. Möjek örüsine, öz awlag meýdanyna, öz ýaşaýan ýerine gaýry möjegi goýbermeýär, ölinçä gidişýär, emma goýbermeýär. Goýberse, onuň başynda ölüm bar, sebäbi ol ýaşamak üçin başga bir möjegiň mülküni basyp almasa, oňa dünýäde mesgen ýok. Diýmek, watan duýgusy — ynsandan aňyrdaky duýgy. NOBATGULY: — Ynsan hem mahluk! Emma watan hakyndaky düşünje adam aňy bilen kemala gelýär, kämilleşýär, çuňlaşýar, keramatlaşýar... Taryha nazar aýlaly, gadymy dünýäde haýwandan hem erbet horluklara sezewar edilen gullar Spartagyň baştutanlygynda öz zynjyrlaryny, gandallaryny uşadyp, gadymy dünýäni lerzana getirdi. Emma ahyry näme bilen gutardy? Ýene gandal bilen! Sebäbi gullaryň erki, pikiri, ýaşaýşy, watany — gandaly! Ol gandaldan halas bolsa ýaşap bilmeýär. Baýlaryň watany — gapjygy! Edermen ýigitleriň watany — bedew atyň eýeri! Häzirki düşünjämizdäki watanyň kemala gelmegi üçin uzyn taryh, millionlarça ýyl zerur boldy. OSMAN ÖDE: — Entek ene garnyndaky çaga düwünçeginiň — embrionyň watany ene garny, jany gursagyndan sogrulan kişiniň watany — gabrystan. Emma şol ikisiniň arasynda «Watan» diýilýän ruhy giňişligimiz ýerleşýär. «Watan», «ýurt» düşünjeleri belli bir ýere, mesgene, ruhy-ahlak ýörelgelere, ynançlara, endiklere hem prinsiplere örklenmek netijesinde ýüze çykýar. «Watan» — ojak! Watan munuň özi öz-özlügindäki fiziki giňişlik — dag, sähra, düzlük, deňiz, derýa, çölüstan däl-de, adamlaryň kesgitli giňişlige ruhy gatnaşygydyr. Watan fiziki düşünje däl-de, ruhy-ahlak düşünjedir. Diogeniň watany — çelegi, dindaryň watany — namazlygy diýmek entek bärden gaýdýar. NOBATGULY: — Elbetde! Watan örän çylşyrymly, hatda söz bilen düşündirip bolmaýan, sagdyn akyldan aňyrdaky zat. Millet hem edil şonuň ýaly. Bu duýgulary erkine goýberip, ergeneksiz ösdürseň näme bolýanyny taryh görkezip gelýär. Watan duýgusyny läliksiretmek — faşizme alyp barýar, millet duýgusyny öz erkine goýberseň aňyrsynda milletçilik ýatyr. Gitler XX asyryň birinji ýarymyndan milletiň şol iki duýgusyny gödeklik bilen synap, dargap, tozup barýan ýurdy ösen harby lagere öwrüp, tutuş dünýäniň, adamzadyň başyna ikinji jahan urşuny — kyýamaty gopdurdy. Ikinji jahan urşunda çozýanlaram, olara garşy göreşe galkanlaram watanyň ady bilen söweş meýdanyna çykdylar... Watanyny söýmeýän kişi ýokdur, ýöne biri azrak, biri köpräk, biri çuňrak, biri telperräk söýýär, diýmek, watany her biri kişi ganyna görä, düşünjesine görä söýýär. OSMAN ÖDE: — Gökdepede, eýmenç ot açýan ýaragly güýç bilen garpyşykda ýeke watan satan, ýeke dönük bolmandyr, emma gynansak-da, ikinji jahan urşunda muňa mysal gaty köp. Näme XIX asyrdaky ildeşlerimizden XX asyrdaky ildeşlerimiziň düşünjesi pesmi? NOBATGULY: — Ýok! Ýöne ikisindäki watan diýen düşünjeler dürli-dürli. Gökdepede dişine çenli ýaraglanan regulýar goşunyň, ýowuz tüpeňiň, topuň, bombanyň, gaýry gör-gabryň garşysyna gylyçly, gyrkylykly çykan watandaşlarymyz hut öz watanyny goraýar, ikinji jahan urşunda ol öz watanyny basyp alan ýurtbasaryň watanyny goraýar. Ol ölse, öz topragyny bagryna basyp ölüp biljek däl, ol düýbünden keseki toprakda öljek! Osman, gowusy bu ikisini deňeşdirmäli. Ýasama watan — çylşyrymly mesele! Ýasama doganlyk, ýasama dostluk — bu ideologiýanyň işi! OSMAN ÖDE: — Hawa, SSSR zamany uly Watan, kiçi watan diýen düşünjeler hut rus edebiýatynda döredi. Uly watan diýlip SSSR-e, kiçi watan diýlip adamyň doglan mesgenine düşünildi. Doganlyk respublikalarda bolsa watan üçe çenli artdy. Birinjisi SSSR, ikinjisi — respublika, üçünjisi dogduk obasy. Ol zaman Türkmenistana watan diýmek — hatarlydy, Türkmenistany ülkäm, diýarym diýip söýdük. «Belent çykar barly öýüň tütüni» diýen setiri üçin şahyr Juma Ilmyradyň, «At üstünde kelle kakan türkmen sen!» diýen setirleri üçin şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň nä güne düşürilenini bu günki nesil bilýänem däldir. NOBATGULY: — SSSR — ideologiýanyň önümi! Dünýäniň altydan bir bölegine eýelik eden Romanowlaryň imperiýasy — basybalyjylyk esasynda dörän ýasama ýurt. Birinji jahan urşunda şol imperiýa syndy, halklar halklaryň türmesi bolan Russiýa agalygyndan sypaýjak taryhy pursadynda Lenin Marksyň ideýalaryny öz bähbidine ulanyp, halklary baý-garyp, azlyk-köplük ýaly kategoriýalara bölüp, imperiýanyň synmagynyň öňüni aldy. Ak imperiýa gyzyl imperiýa öwrüldi. Basybalyjylyk formasyny, mazmunyny üýtgedip, has mekir, has eýmenç güýje öwrüldi. Ondaky watan, halk, dostluk, doganlyk — hemmesi ideologiýanyň hasylydyr. SSSR-iň döremegi üçin gylyç syryp jan beren rewolýusionerler hem watanyň, ýurduň, halkyň ady bilen göreşdiler, öz hakyky ýurduny gorap ölen menşewik, kulak, baý ildeşlerimiz hem halkyň, watanyň, ýurduň ady bilen öldüler. Olaryň birini biz watançy diýip atlandyrdyk, ikinjisini bolsa watanyň duşmany! Umuman, SSSR döwrüne umumy baha berip bolmaýar, ony böleklere bölüp öwrenmek gerek. Seret, «Dädem Gorkudyň kitabyny» çap eden Mäti Köse, Baýmuhammet Garry dagy basyldy, emma azerbaýjanlar weli arkaýyn çap etdiler. Sebäbi olar Russiýanyň düzümine bizden has ozal goşulandy, olaryň jemgyýetçilik aňy, basybalyjy bilen uýgunlaşyp ýaşamak instinkti has ösendi. Bizde Juma Ilmyrady, Gurbandurdy Gurbansähedy, Paýzy Orazy heläkçilige sezewar eden SSSR däl-de, türkmeniň jemgyýetçilik aňynyň pesdeligi! Adamzat hemişe öz düşünjesiniň, öz beýnisiniň, öz toslan taglymatynyň içinde ýaşaýar, onuň şol düşünjesem, taglymatam geljegiň nukdaýnazaryndan seredeniňde mydama ýalňyşlykdyr, diýmek, adamzat mydama ýalňyşlygynyň içinde ýaşaýar. Watan — munuň özi düşünjedir, mukaddes düşünjedir! OSMAN ÖDE: — Ýalňyşýaň, aga! Watan — düşünjeden beýikdir! Men seniň özüňden mysal almasam, sen maňa tutdurmarsyň! Aýdaly, seniň «Topragyň tagamy» atly kitabyňda partiýa, komsomol, Lenin we şuňa meňzeş zatlar hakynda ýekeje-de goşgy ýok. Ýagny ideologiýadan halas kitap. Emma seni ýazyjylaryň bir gurultaýynda «yrga, antisowet şahyr» diýip tankytladylar weli, nädersiň soňundan kompartiýa hakynda poema, Lenin hakynda odalary ýazyberdiň. «Watanym SSSR» diýip bagyryberdiň! Emma Gökdepäniň etegindäki eli gylyçly ýigit bolsa ölüminden gorkman ot açýan ýaragly goşun bilen garpyşyp kellesini goýdy. Watan düşünje bolsa, sen watan üçin baş goýmaly, sebäbi seniň düşünjäň has ösen. Emma real durmuşda bary tersine! Düşünjä görä watan üýtgeýän bolsa, onda ondan watan bolmaz! NOBATGULY: — Gürrüň ýene SSSR-iň ýasama watandygyna direýär! OSMAN ÖDE: — Ynha, bu gün biziň öz watanymyz bar, berkarar, bitarap, Garaşsyz Türkmenistan! Sen onuň üçin başyňy goýup bilersiňmi? NOBATGULY: — «Tentek» atly bir tentegräk kino bar! Görensiň! Şol kinoda Owganystana söweşe gidilişi barada bir kartina bar. Galp kartina. SSSR ýyllary Owganystana ýigitler ugradylanda men obadadym. Ýigrimi ýaşdan kyrk ýaşa çenli ýigit bolsa kontoryň ýanyna üýşürdiler, powestka duran ýerinde berildi. Ondan galjak bolan ýekeje oglana hem duşmadym, sebäbi onuň ýaly ýerde ilden sypyrylyp galmagy türkmen ar bilýär, ol ertesi ile çykyp biljek däl. Bardy-geldi şol pikir gursagynda bar hem bolsa, ol mobilizasiýadan gaçmaga gorkjak, çünki ol özüne soň nämäniň garaşýanyny bilip dur. «Atlan-ha-atlan» bolanynda galan ýigidi geçmişde är hasap etmändirler, indem «ýörhä-ýör» bolanynda galan ýigide är hökmünde seretmeýärler, beýtmegi türkmen özüne kiçilik bilýär. A men hem türkmen, özümem özümi ilkibaşy türkmen hasaplaýaryn. Emma ikinji jahan urşunda öň hatardakylaryň nähili urşanyny, nädip gahryman ýasalyşyny biz bilýäris ahyry. Dişine çenli ýaraglanan faşistik goşunyň garşysyna aç esgerleri sürdüler, yza dönjek bolup gör, yzyňda gelýän öz goşunyň seni tüpeňden geçirýär. Ikinji jahan urşunda ýene bir eýmenç ýagdaý bolýar, men ony birinji jahan urşy baradaky «Türkmenleriň Ýewropa ýörişi» atly romanymda suratlandyrdym. Ikinji jahan urşunda söweşe ugradylan esgerleriň arasyna ýörite dowulçylar salnypdyr. Olary hyşy-wyşy bilen esgerleriň arasynda: «Barsak, gyzyl oduň içinde biguman ölýäris, geliň, gowusy, gaçalyň, dünýä giňdir, Alla keremdir» diýip göwnünde sähel böleklik bolan esgerleri yryp dil düwüşýärler, «Daňdan pylan ýerde otludan bökeliň» diýişýärler. Olaryň bökmeli ýerinde bolsa bukuda pulemýotly goşun ýatyr. Daňdan göwni bölekler otludan böküp başlanyndan olary eşelonyň gözüniň öňünde pürreleýärler. Şondan soň ol eýmenç pajygany gören esgerleriň aňynda nirä gaçsa pulemýot gezelip duran ýaly pikir döreýär. Galp ideologiýa, ýasama watan şeýle pajygalary edip bilýär, öz halkynyň garşysyna! OSMAN ÖDE: — SSSR — ýalňyş taglymat esasynda ýalňyş dörän döwlet. SSSR — adamzadyň başyna eýmenç pajygalary getiren elhenç eksperiment. Ol dünýäniň iki lagere bölünmegine, dünýäniň iň aýylganç ýaraglar bilen ýaraglanmagyna, öz-özünden ýok bolmak howpuna çenli eltdi. Munuň ýalňyşlyklaryny sanap tükedip bilmeris, emma ol nätsek-de biziň taryhymyz. Onuň gowy işlerini gowy diýip bellemegimiz gerek. Meselem, ýetmiş ýyllap watany söýmek temasy baş tema öwrüldi. XIX asyrda halkymyzda watançylyk duýgusy güýçli bolanlygynda ak patyşanyň basybalyjy goşunyny kül-peýekun edip bilerdik. XIX asyrda Türkmenistanyň territoriýasynda birnäçe uruş bolýar, şolaryň ählisinde diýen ýaly türkmenler ýeňipdir, şol uruşlaryň käbirinde duşmana garşy türkmen tireleri birleşip, bilelikde uruş alyp barypdyrlar. Eger 1881-nji ýylda türkmen tireleri dil tapyşyp bilenliginde... NOBATGULY: — Barybir, ýeňilerdik. Sebäbi Patyşa Samoderžawiýesiniň alyp baran urşy türkmene mahsus uruş däl. Ol uruş entek türkmeniň gören urşy däl. Eger Hindistan tarapdan iňlisler ýygyn dartyp gelen bolsa, biz hökman ýeňerdik, emma ruslardan hökman ýeňilerdik. Bu taryhy gutulgysyzlyk! Sebäbi ak patyşanyň goşuny gyssanmaýar. Ol goranýar, demir ýol çekýär, basyp alan ýeriniň ilatyny ezmeýär, tersine iş bilen üpjün edýär, pul berýär, arzan haryt önümçiligini döredýär. Bu habarlar Merwe-de, Lebaba-da, Daşoguza-da ýaýrap gidip otyr. Aýdaly, Marydan, Lebapdan, Daşoguzdan ýüz müň atly goşun ýygnanyp, Bamy-da düýp tutan basybalyjylaryň üstüne döküldi diýeli, emma olar ýyldyrym çaltlygynda yza çekilip bilýär, sebäbi demirýoly, otlusy bar. Olar on iki müň esgerini iki-üç günde Hazar deňzine eltip bilýär. Onsoň onça goşuny sen nädip eklejek? Saklajak? Näçe aýlap, näçe ýyllap saklajak? Günleriň bir güni agyr goşun iýmäge zady gutaryp gelen ýerine gitmeli bolar, patyşa goşuny ýaňadan geler. Wessalam: sebäbi türkmende onça köp goşuny saklamak üçin baýlyk ýok! OSMAN ÖDE: — Türkmeniň taryhy gaty gadymy-gadym zamanlara uzap gidýär, oňa biziň häzir ylmy gözýetimimiz hem doly ýetip bilenok. Biziň eýýamymyzdan öňki 209-174-nji ýyllarda gunnlar Oguz hanyň ýolbaşçylygynda kuwwatly döwlet berkarar edipdirler. Gunnlaryň serdary Oguz han, soň-soňlar gunnlara oguzlar diýlip başlanýar, oguzlar Mahmyt Kaşgarlynyň kepil geçmeginde gönüden-göni türkmenler. Gunnlar, oguzlar, parfiýalylar, awşarlar, eftalitler, ady bile ençeme imperiýalary guran halkyň iň soňunda golasty halk bolandygyna gaty gynanýarsyň-da! Özem az möhlet däl — 100 ýyl! Men hasaby 1881-nji ýyldan alýaryn. Ýüz ýyldan soň türkmen halky Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, Azatlygyny aldy. Hudaýa ynanaylmaýan ateistik zamanda Leninden hudaý, Baş sekretardan pygamber ýasap, keramatly, nurly, mukaddes sözler, ynançlar lenç edildi. Gurbannazar Eziz «Ak altyn» diýeniňden indi pagta diýeniň has şahyrana» diýenmiş. «Keramatly, bereketli, mukaddes türkmen topragy» diýeniňden ýöne toprak diýeniň maňzyňa has batmaga başlady... Emma türkmen topragynda keramatly, gudratly, syrly ýerler gaty kän. Her obada, her etrapda, her welaýatda halkyň ynanyp, sejde edýän öwlüýäleri, suwlary, daglary gaty köp. Türkmen şonuň ýaly ýerlerini gözüniň göreji ýaly gorap, ony ynsanlaşdyrýar. Köwata, Arçman ata, Bulak baba, Ysmamyt ata... Bir ýola Arçman atanyň jana melhem suwuny içip, şypa suwy bilen özümi bejerip ýörkäm, bir gojanyň ýaş-ýeleňlerden nadyl bolup käýinip oturany ýadymda: «Haramsiýdikler, öwlüýäni haramhana öwüräýdiler!..». Keramatly ýere bolsa, türkmen gonamçylyk bolsun-bolmasyn öwlüýä diýýär. Men tas Türkmenistanyň ähli ýerine diýen ýaly aýlanyp gördüm, ýüzlerçe keramatly, gudratly diýilýän ýerlere bardym, halysalla beýle bir ýürekden ynanyp barmaýan hem bolsam, başga adamlaryň ynamyna hormat goýup sejde etdim. Bir emmasy bolmasa, gudrat görmese, il zyýarat etmez. Şu zatlary aňyňda aýlaýaň-da, türkmen topragyna keramat diýip baş goýarsyň. NOBATGULY: — Bizde Allatagala asmandadyr diýen bir ynanç ýaşaýar. Alla bilsin, ol ynanç biziň kalbymyza nireden aralaşypdyr. Keramatlarbaşy Magtymguly bolsa: Sen-sen araýşy-jahan, hem jan Senden bihabar, Sen jahana doly Sen, jahan Senden bihabar. Asman diýrler zeminde, zemin diýrler asmanda, Bir-birinden gümanda, güman senden bihabar — diýip, Hudaýyň kandadygyny bilip bolmaýandygyny nygtaýar. Sufist şahyrlaryň ynanjyna görä, «Hudaý hemme ýerde». Dünýäni, älemi öz gudraty bilen ýasan Hudaý — onuň hemme ýerinde. Hudaýyň ähli barlygy ýaradanlygy üçrip, barlygyň ýekeje ülşünde hem gudratsyz, keramatsyz ýeri bolmaly däl. Dabanyndan diriligine soýlan Nesimi hem, oda ýakylan Mansur Hallajy hem Hudaýsyz mülhit däl, ýöne olar sufizmi ýokary derejä ösdürip, «Men hudaý» diýen pikire gelýärler. Sebäbi olary hem Hudaý ýaradypdyr... Meniň birinji kitabymyň ady «Topraga tagzymdy», ýöne edil şol mahallar başga bir şoňa kybapdaşrak at bilen kitap çykansoň, meňzeşlikden gaçyp onuň adyny «Topragyň tagamy» diýip üýtgetmeli boldum... Türkmen topragy harlanyldy. Zeýe basdyryldy. Artykmaç hasyl alynjak bolup horlanyldy... Haçanda biz topragy dindar kişiniň namazlygyny hormatlaýşy ýaly hormatlap, onuň Taňrynyň keramatydygyna akyl ýetiren günümiz, bu toprakdan baý hasyl hem alyp bileris, bu topragyň üstünde bagtyýar ýaşap hem bileris. OSMAN ÖDE: — Nobatguly, sen häli bir sözüňde Ýer — Hudaý diýip, astronomlar ýaly degse bäş, degmese ýigrimbäş diýip ýelmäp goýberäýdiň öýdýän?! NOBATGULY: — Çypdyrsamam, edil astronomlar ýaly däl-de, arheologlar ýalyrakdyr-la. OSMAN ÖDE: — Arheologlar ýeriň, ýaşaýşyň, adamzadyň geçmişini öwrenip, sanlary örän ýeňillik bilen ulansa, adamzadyň geljegini öwrenýän astronomlar, dogrudanam, çökder sanlary aýtmaga ökde. Seredip otursaň, adamzadyň gelip çykyşam, gelejegem fantaziýanyň çäklerine girip gidýär. Elbetde, men seniň ýerr Hudaý diýmegiňi howaýy görýän, ýöne adam oglunyň ýere örküniň kemsiz baglanandygyny weli aýdyp biljek. Ýer — hazyna! Ýer — amanat kassa! Ýere bir batman tohum atsaň ýigrimi batman edip yzyna gaýtarýar, özem üç-dört aýyň içinde. Ýere bagyş eden millionyňy ýer ýigrimi-otuz million edip yzyna gaýtarýar, emma biz weli puly her hili gazanjak bolup heläk bolup ýörüs. Bu bir. Ikinjiden, adam ogly ýerden örküni üzse, ýeri terk etse, ýaňky aýdyşymyz ýaly, hem ruhy, hem maddy, hem sosial dertlere uçraýar. Men muny daýhanlar babatda aýdýaryn. Hudaý bilen birleşmäge ömrüni bagyş eden Pyragy ýaly sufistler az-az, emma adam topragyň üsti bilen hem Hudaýa ýakynlaşyp bilýär. Şeýle bir daýhan adamlar bar, şeýle bir daýhan, hamana ýeri özi ýasan ýaly. Olar millionlarça adamlaryň heläk bolýan ýekelik keselinden azat, olaryň söhbetdeşi, olaryň meslekdeşi, olaryň dertdeşi toprak! Meger, toprak biziň öňde-soňda ýeke-täk halasgärimizdir! NOBATGULY: — Men, belkem, toprak Hudaýdyr diýdim. Men gümürtik söz diýmegi asla halamaýaryn, belki, meger, ähtimal diýen sözleri Kerim şahyr ýaly aňsat-aňsat ulanmaýaryn. Belki, toprak Hudaýdyr, bu entek öwrenilmeli, aň ýetirilmeli gipoteza. Ýigriminji asyrda mergi, garahassalyk, inçekesel ýaly keseller ýeňlip geçildi, basym düwnük bilen spidiň hem melhemini taparlar, ýöne meniň pikirimçe, iň eýmenç kesel — ýalňyzlyk keseli, ýekelik derdi! Sen on dogan, on ogluň atasy, on agtygyň atasy bolaý, akyl-paýhas derejäň birçene baryp, wyždanyň kämilleşse, ol kesel hökman degýär. Ol seniň baýlygyňa-da, wezipäňe-de bakmaýar. Näçe kämil boldugyňça ol kesel hem güýçli. Adamzat san taýdan näçe artdygyça, ol kesel köpelýär. Adam ýalňyz dogulýar, ýalňyz ýaşaýar, ýalňyz ölýär! Uly-uly şäherlerde her kim öýünde it, pişik, möjek, gaplaň, krokodil saklaýar, ählisem ýekelik derdinden dynmak üçin. «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýip ata-babalarymyz aýdypdyr, ýöne biz hem ýeke! Onuňam ýeke dermany bar! Özüňi tapmaly! Daýhan bolsaň — seniň melhemiň toprak, işçi bolsaň — stanok, ýazyjy bolsaň kagyz-galam. OSMAN ÖDE: — Dünýä şeýle bir beýik aň bilen ýaradylypdyr, munda kem zat hem ýok, artyk zat hem. Dünýäde näçe adam bolsa, şolaryň her birine bir zadyň yşky berlipdir, ýagny hopbisi. Ýer ýüzündäki bäş milliard adamyň her biri özüne berlen yşk, hopbi esasynda, öz durmuş ýoluny tapyp işlese, ýaşaýyş sazlaşýar. Biziň her birimiz ýaşaýyş sazlaşygy üçin kiçijik bir nurbat, detal. Emma millionlarça adamlar özüniň näme üçin ýaradylandygyna akyl ýetirmän, şol sazlaşygy bozýar. Bir gödek mysal: — Gitler — hudožnik, ýaramazrak hudožnik, emma ol öz hudožnikligine wepaly, ol batyr, ol göçgünli. 1944-nji ýylda nemes goşuny gabawa düşeninde bir dokumenti gabawdan alyp çykmaly bolýar. Goşunyň dumly-duşy minalanan. Çykjak boldugyň — mina — ölüm! Emma Gitler şol dokumenti alyp, minalanan ýerlerden ýyldyrym çaltlygynda ylgap çykypdyr, minalar ýarylypdyr, emma ol şeýle gaty ylgansoň, mina gyýçaklary ony ýaralap bilmändir. Sebäbi ol hudožnik, göçgünli adam. Emma alagada ony ýaramaz hudožnik diýip ýerli-ýerden ýepbekleýärler. Gitler bolsa Alla tarapyn berlen yşkyndan jyda düşüp, häkimiýeti aldy oturyberdi... Şeýdibem, gödeklik bilen, millionlap adamlaryň gany bilen, ýykgynçylyk bilen ýaşaýşyň sazlaşygyny bozdy. Dünýäniň sazlaşygy iň beýik syr!.. Ynha, segseninji ýyllar işleýän işçi, daýhan, inžener azalyp, dolandyryjy adamlar ummasyz köpeldi. Sanalgy daýhan kolhozdaky, şäherdäki, paýtagtdaky müňlerçe-müňlerçe edara edijileri eginlerine mündürip, ýer işlemeli boldy. Muňa akyl ýetiren daýhan işlemedi, netijesem eýýäm togsanynjy ýyllaryň başynda kolhozlaryň, zawod-fabrikleriň tozmagyna, çökmegine getirdi. Ýer — tutuş adamzadyň hopbisi! Garradygyňça — ýer özüne dartýar. Ýaşyň gidişdigiçe ýeriň mazmuny artýar. Aga, sen garrap kagyz-galamy taşlap, ýere gitdiňmi ýa «Aý, Şekspir hem kyrk bäş ýaşyndan soň ýere, ferma özüni bagyş edipdir» diýip gitdiňmi? Aga, sen syrkaw ahyry... NOBATGULY: — Men syrkawlygymy goýup gaýtmak üçin ýere gitdim. Men ýekelikden halas bolmak üçin ýere gitdim. Men özüme, dünýä, Hudaýa akyl ýetirmek üçin ýere gitdim... OSMAN ÖDE: — Rabguzynyň «Kyssasyl enbiýa» atly bir genial eseri bar... Pygamberler hakyndaky eser. NOBATGULY: — Men onuň Adam ata hem Howa ene hakyndaky kyssasyny okap, akylym haýran boldy. Men ony şu günki dile geçirip, özümçe ýaňadan işläp, roman etmek hem dünýä halklaryna ýetirmek isledim. Genial eser. OSMAN ÖDE: — Men seniň ünsüňi başga bir zada çekjek bolýan. Allatagala Adam atany hem Howa enäni behiştden çykaryp, ýere ýollaýar. Adam ata Serendibe, Seýlona, ýagny Şri-Lanka düşýär. Enemiz Howa Jidde daglaryna, Iblisiň ogly şeýtan bolsa Yspyhana düşýär. Behiştden, öz jübütinden aýrylan Adam zar-zar ýyglaýar. Onuň gözlerinden daman ýaşlaryndan ajy we süýji derman otlar ösüp başlaýar. Howanyň daman gözýaşlaryndan bolsa ud, anbar, sümbül, galampyr, hyna we wesme ösümlikleri döreýär. Howanyň suwa daman ýaşlaryndan sadap, göwher, jöwahyr... ýaly gymmatbaha daşlar döreýär. Ine, bir giden simwoliki detallar! Adamyň gözýaşlary derman bolýar, zenanyňky bolsa bezeg närseleri. Diýmek, adam ogly öz derdine ähli dermany topraga derini, gözýaşyny damdyryp almaly! NOBATGULY: — 1977-nji ýylda Bedirkentde bolanymda meşhur başlyk Hüdük Myradowdan Jüneýit hany gören, tanaýan, bilýän bir adam bilen duşurmagyny gaty towakga etdim. Şeýle ýaşulynyň biri däl, ikisi bilen duşdum. Men gojalar bilen Yzmykşire aýlandym, ýöne Yzmykşir hakda men olara gürrüň bermeli boldum. Jüneýit han hakda weli gojalar gaty gowy gürrüňler berdi. Aýratynam, Jüneýit hanyň ölümi, ony gije Amyderýadan geçirip, öz topragynda jaýlaýyşlary hakyndaky gürrüň soň meniň bilen ýaşap başlady. Ol şondan bäri meniň beýnimde ýazylmadyk esere hem alynmadyk kino öwrülip gitdi. Meniň göwnüme bolmasa, Jüneýit hanyň ölümi hem onuň öz hanlyk eden topragynda ýaşyryn jaýlanmagy onuň ömründen belent mana eýe bolup barýar. Bu taýyn ssenariý, taýyn kinofilm... OSMAN ÖDE: — Şol wakany ýazyjy Rahym Esenow bir romanynda jikme-jik beýan edipdir. NOBATGULY: — Rahym Esenow ony ýazandyr, ýazandyr, ýöne genial edip bilen däldir. Ol ýerde genial waka ýatyr, ol ýerde genial mazmun, genial watansöýüjilik ýatyr. Ony Rahym Esen ýazyp bilmez, ozal Jüneýit hana bandit diýip ynanan adam soň ondan beýik eser edip bilmez! Beki aganyň romanyndaky Jüneýit hana Jüneýit handyr öýden ýazyjy hem ýazyp bilmez! Jüneýit han öz ölüminiň öňýanyndaky wesýeti bilen başga bir hana, biziň tanamaýan, bilmeýän hanymyza öwrülip ölüpdir. Onuň ölümi hem beýik wesýeti dünýädäki müňlerçe hökümdarlara miýesser etmedik beýik ykbal. Jüneýit hany ýüz müňlerçe beýik hanlardan beýik ölümi ýokary mertebä göterdi. Onuň ölümini, jaýlanylyşyny, topragyny keramat derejesine göterip biljek ýazyjy ýazmaly... Topraga, watana söýgini, ine, şondan öwrenip, şondan öwredip başlamaly... OSMAN ÖDE: — Jüneýit hanyň ölümini aýdýarsyň. Oguz hanyň wesýeti hem edil Jüneýit hanyňky ýaly täsirli ahyryn. Ol awyly peýkam synasyna çümensoň, öljegine göz ýetirip: «Meni öz topragyma Merwe eltip jaýlaň» diýip wesýet edipdir. Aýdyşy ýaly hem edipdirler. Geçmiş türkmen edebiýatynda watan temasy ýaly düýpli işlenen tema az-azdyr. Onlarça-onlarça şahyrlarymyzyň watan hakyndaky ajaýyp goşgulary geçmişdäki garaňky watanyň üstünde otly kesindi ýaly bolup şuglasyny saçyp dur. Ol goşgular toslanyp tapylan goşgular däl, ol goşgularyň yzyna düşüp ýigitler watan üçin söweşe galkyndyrlar. Edebiýat ylmynyň orta çykaran şahyrlarynyň ählisinde diýen ýaly ýürekden gaýnap çykan hupbulwatan goşgular bar. Olary okap şu toprak üçin baş goýan ata-babalaryňa söýgiň hem hormatyň artýar, öz türkmendigiňe buýsanýarsyň! Şabende, Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Kemine, Magrupy, Şeýdaýy... Sen rus diline terjime edilip, kitap edilen dünýä şahyrlarynyň aglabasyny okan adam, emma Seýdi ýaly ýanyp duran watançy şahyra gabat gelen dälsiň. Olardan sözümizi delillendirmek üçin müňlerçe mysal getirip biljek, emma hemmä aýan zady tekrarlap oturmaly. «Görogly», «Dädem Gorkudyň kitaby», «Ýusup-Ahmet» ýaly onlarça eposdyr dessanlarymyz watançylyk hakdaky eserlerdir. Mende bir duýgy bar, aýtmagam birhiliräk görýän, göwnüme bolmasa, meniň watanym — Gorkut atanyň kitabynyň içinde ýaly bolup dur. Sende şeýle duýgy-ha ýokdur? NOBATGULY: — Ýok, ýöne mende meniň bilen baglanyşykly başga bir waka bolup geçdi. Şahyr Ahmet Gurbannepesow, Ykdysadyýet institutynyň direktory Geldi Myradow, «Miras» neşirýatynyň direktory, Oba hojalyk institutynyň mugallymy Gurban Hojamyradow dagymyz «Aral — 88» Bütinsoýuz ekspedisiýasyna gatnaşdyk. Duşenbeden Pamir daglaryň üsti bilen Dagly Badahşanyň paýtagty Horoga, ondanam beýik-beýik daglaryň üsti bilen Gyrgyzystana sapar etdik. Deňiz derejesinden üç-dört-bäş müň metr beýikdäki daglarda gan basyşyň galyp, azar ýamanyny berýär. Her üç sagatdan doktorlar ekspedisiýanyň agzalarynyň gan basyşyny ölçeýärler, gerek bolsa sanjym edýärler. Gaty, gaty heläk bolduk... Şonda Gyrgyzystanyň Talaý raýonynyň bir jülgesine indik weli, ynan, şeýle bir göwnüm galkdy, öljek bolup gelýän halyma dünýäm giňäp, ähli derdim el bilen aýrylan ýaly bolaýdy ýöne... Men soňra gazetdäki ýol ýazgymda şu wakany bolşy-bolşy ýaly beýan etdim weli, Ümür Esen bir duşanynda: — Talaý biziň ata-babalarymyzyň mekan eýläp ýaşan ýeri, köne ýurdumyz. Saňa bilniksiz seniň ganyň gadym watanyny syzypdyr, melhem alypdyr — diýdi. OSMAN ÖDE: — Beý, aga, sen Uzak Gündogara Wladiwostok şäherine dagy barsaň nädersiň? (Nobatguly ikimize bir müneçjim taleý garap, ol ozal Nobatgulynyň iki ýüz elli ýyl mundan ozal Uzak Gündogarda doglandygyny, meniň bolsa dört ýüz ýyl ozal Şotlandiýada doglandygymy anketa jikme-jikliklerine çenli beripdi — O.Ö.) Dostumyz Akmyrat Şir neresse Ýeniseý derýasynyň ýakalarynda Orhon-Ýeniseý ýazgylarynyň galan ýerlerinde zyýarat edeninde özünde galan täsirleri beýan edip bilmän: «Zeminiň özüne nähili gözel güýç bilen çekişini diňe paraşýut bilen asmandan böken adam duýup bilýär... Osman, ol ýere baryp görmeli, diňe baryp görmeli, şonda geçmişiň ruhy kalbyňa dolup gözleriňden ýaş bolup syrygýar. Duýgularyňa çydaman iňňildäp, ikibaka yranyberýärsiň ýöne» diýýäni ýadymda, hereketleri göz öňümde. Iki ýumrugyny agzynyň ýanyndan berk düwüp, gözlerini ýumup hüňňüldäp iki-ýana yranyp aýdan sözleri, bolşy şindem göz öňümde... Ýogsa-da, senem-ä şol ýerlerik aýlandyň? NOBATGULY: — Akmyrat zyýarat edip aýlandy, men syýahat edip, men turist, ol ata-babasynyň yzyny çalyp sergezdanlyk eden ýazyjy... Ikimiziň aramyz ýer bilen gök ýaly... Men Staliniň sürgün eden ýerlerindäki lagerleri hem Staliniň sürgünde oturan öýüni, towşan derisinden edilen ýorgan-düşegini gördüm diýäýmesem, gören zadym ýok. Akmyrat biziň tanaýan ýazyjylarymyzdan ýazyjylyga, durmuşa has taýynlykly gelen ýigitdi. Ol eýýäm uniwersitete çenli dünýä edebiýatyny okandy, bäş ýyl uniwersitetde hem başyny ýapyryp öwrendi. Şol döwürler ýaş ýazyjylara durmuşy öwren diýilýärdi, Gurbannazaryň «Sen durmuşy öwren, sen durmuşa git» diýen setirlerini ýazmaga mejbur bolan ýyllarydy. Akmyrat Jek Londonyň, Mark Tweniň, Gorkiniň yzy bilen durmuşa gitdi, elbetde, oňa sebäp hem köp boldy. Onuň hekaýalaryna hiç kim at dakyp bilmeýärdi, ýöne çykarmaýardylar hem. Diliň türkmen dili däl diýip köp azar berdiler... Akmyrat SSSR-i paý-pyýada geçen ýazyjy diýsem, öte geçdigim bolmaz. Ol tutuş Sibirde sergezdanlyk edip, tötänleýin işlerde işläp, ýol puly gazanyp, ýene ýola atarylypdy. Ol mydama Sibiri türki halklaryň ýurdy hökmünde subut ederdi. Türkmen halky näçe ýola uly imperiýalar guran bolsa, şol imperiýalara Sibir hazyna bolup hyzmat edipdi. Gyzyl, ýakut, lagyl, merjen, zümerret, hakyk... Garasaý, biziň ata-babalarymyz şol ýerlerden baýlyk baryny daşapdy. Häzirki Altaýda, Sibirde, Ýakudystanda ýaşaýan az sanly halkyýetler bolsa, bärdäki uly döwleti baýlyk bilen üpjün etmek üçin şol ýerlere «komandirowka» ugradylan adamlardan galanlardy... Soň görüp otursak, Akmyrat neressäniň bu sergezdanlyklary gunnlaryň beýik serdary Oguz han hakyndaky eseri üçin material toplamak bilen bagly eken. OSMAN ÖDE: — Oguz han romanynyň ýazylmagyna hem materialynyň aşa köplüginiň zyýan edýändiginden kän zeýrenerdi... NOBATGULY: — Bir ýola Akmyrat pahyr maňa göçüp geläýsem diýip maslahat saldy. «Gelme» diýdim, sebäbi Akmyrat eýýäm okeanda ýüzüp ýören kit balygydy, onuň köl suwunda heläk boljagy ikuçsuzdy. OSMAN ÖDE: — Göçüp gelmezinden ozal, dört-bäş ýyl göçüp geljek diýip gezipdi. NOBATGULY: — Ol geljekdi, emma men gelme diýip köp päsgel berdim, sebäbi Akmyrat bu ýerdäki darkaşlara çydajak däldi, onuň türkmen hakyndaky pikirleri illýuziýasyny ýitirjekdi... OSMAN ÖDE: — W.Folkneriň romanlarynyň biriniň ahyrynda şeýleräk bir filosofiýa bar: «Adam özüni ýaradan toprakdan gaçýar, toprak bilen aşagyna boýra düşenýär, tagtadan pol ýasaýar, düşek ýazýar, soňra onam pes görüp çarpaýa edinýär. Şeýdip, ol bütin ömrüne toprakdan gaçyp gezýär, günleriň bir günem ol durmuş şatylaryndan, darkaşlardan, horluklardan ýadap, haýsydyr bir agajyň kölegesinde yzgarly ýere süňýär. Yzgar onuň janyna hoş ýakyp meýmiredýär, janyna lezzet berýär, ýuwaş-ýuwaşdan hem toprak ony demine sorýar...». Adamyň gurluşy gaty täsin, ol bütin ömrüne baýlyk agtarýar, pul, hazyna agtarýar, garrap mürt bolandan soň bolsa, iň uly baýlygyň toprakdygyna akyl ýetirýär. Belli bir ýaşa ýeteniňden soň toprak çekip başlaýar, meger, Akmyrady hem topragy çekendir?! NOBATGULY: — Elbetde. Ol göçüp gelmek üçin üçünji gezek hem maňa maslahat saldy, sebäbi ikimiz talyplykdan duz-emekdik, dostduk. Men oňa ýerli ýagdaýlary düşündirip ugradym. Ol: «Men indi gelmesem bolmaýar, çagalarym başga millet bolup barýar, men oglumyň türkmen gyz almagyny, gyzymyň türkmen ýigidine durmuşa çykmagyny isleýän...» diýdi. Men oňa: «Çagalaryňy kanikula ugradyber» diýip, köne heňňamymy sypdyrmadym. «Akmyrat, sen ýene bir roman ýazsaň, dört-bäş ýyl Leningradda bolsaň, şu işleýşiň ýaly işleseň, sen Döwlet baýragyny alarsyň, sen Leningradda birinji derejede görülýän ýazyjylaryň biri, a bu ýere gelseň ikinji derejeli bolarsyň... Hiç bolmanda, seni öz ene dilinde ýazmaýar diýip kemsiderler» diýdim. Ol uzak oýlanyp oturyp: «Nobat jan, men ýaramok» diýdi. Men: «Niräň agyrýar?» diýip soradym. Ol sag böwrüni — bagryny görkezip: «Meniň Türkmenistanym agyrýar» diýdi. Nämedendir, bokurdagym hykga doldy. Ikimiz arak başynda onuň göçüp gelme meselesini çözdük... OSMAN ÖDE: — Näme, sen öňünden Akmyrat Türkmenistana gelse, ykbalynyň tragiki gutarjagyny bildim diýjek bolýarmyň? Geçen wakany öňünden aýdýan palmyn köpelip barýar, aga. NOBATGULY: — Ýok-la! Men dünýä hemişe real seredýän adam. Akmyrada çyr-çytyr gelme diýmegimiň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, eýýäm Akmyrat Leningradda hem Moskwada tanalýan, ykrar edilen ýazyjydy. Onuň Leningradda şu ýyl bir kitaby çyksa, täze ýyl Moskwada bir kitaby çykýardy, soňky ýyl Leningradda... Diýmek, ol soýuzda uly aýlawa giren ýazyjydy. Eger ol Türkmenistana gelse, eýýäm ol Moskwada kitabyny çykartmak üçin nobata durmalydy, nobatda bolsa azy ýaryp giden, kitap çykartmaga ussat ýazyjylar oňa nobat berjek däldi. Ikinjiden, ol dünýä edebiýatynyň, sungatynyň tas merkezinde ýaşandan soň, pikirlenişiniň diapozony giňdi, çuňdy, masştaby uludy. Üçünjiden, ol hyýalynda, pikirleniş dünýäsinde türkmeni keramatlaşdyrypdy. Taryhyny kemsiz bileninden soň türkmeni ideallaşdyrypdy, eger ol şol ýerde Oguzhan romanyny ýazyp gutaranlygynda, ol roman beýik roman bolmalydy. Dördünjiden, ol ýaňy soýuz edebiýatynda tanalyp, dünýä edebiýatynyň çäklerine gadam basyp ugrapdy... Ol geldi, şeýlelikde, ony prowinsial ýazyjynyň boş duran ornuna kabul etdiler. Ol ýaňadan türkmene özüni tanatmaly boldy. Ynha, Akmyrat şu zatlardan geçdi, nämäniň hatyrasyna, bagrynyň ornunda agyryp duran Türkmenistanyň hatyrasyna. OSMAN ÖDE: — Adamzadyň million-million ýyl ýaşandygyna garamazdan, onuň ösüş gadamy sanalgy: — Zeminde öz-özünden ot alýan jisimleriň bardygyna, ýyldyrymyň tokaýlary ýandyryp-ýakyp goýberýändigine garamazdan, Adamzada ody tapmak üçin müňlerçe-müňlerçe ýyllar derwaýys boldy. — Depesinde Aýyň-Günüň tigir ýaly aýlanyp durmagyna garamazdan, Adamzada tigiri tapmak üçin müňlerçe-müňlerçe ýyllar derwaýys boldy. Oguz hanyň goşunyndaky kaňly tiresini ýadyňa sal! — Kometalaryň ot alyp, öz-özüne bat berip, ýyldyrym çaltlygynda hereket edýändigini millionlarça ýyl synlan Adamzada reaktiw dwigateli oýlap tapmak üçin million ýyl gerek boldy. Ynha, adamzadyň esasy üç gadamy şular! NOBATGULY: — Zehinli režissýor Kerim Annanow kakasy, meşhur aktýor Baba Annanowyň ssenarisi boýunça «Rowaýat» atly gaty täsin bir çeper film döretdi. Gadym-gadym eýýamlarda tutuş bir taýpa özleriniň asmandan inen dagyny gözleýär. Olaryň ynanjy boýunça, haçanam bolsa bir zaman ata-babalary beýik asmandan haýsydyr bir dagyň üstüne düşüpdirler. Emma ýerdäki ýaşaýyş olaryň göwnüne batmaýar, olar bütin filmiň dowamynda şol dagy agtarýarlar. Men filmi tutuş gürrüň berip durmaýyn, filmi hökman görmek gerek, özem birnäçe gaýta. Meniň filmden akyl ýetiren zadymyň biri: — Ýer, Ýer, Ýer! Ataňam, eneňem, geçmişiňem, geljegiňem — Ýer! Sen asmandan inen bolsaňam, Ýere tagzym et, seni älemdäki beýik Hudaý — Ýaradanam bolsaň, Ýere tagzym et! Seniň Hudaýyň Ýer, sebäbi seniň daşyň — madda, jisim! Seniň ruhuň — başga gep! Sen şu dünýäde ýaşajak bol! Ölseň, ruhuň başyny çarar! OSMAN ÖDE: — Ýaşuly, şu günlükçe söhbedimizi tamam edäýsek näder?! NOBATGULY: — Bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |