ON ÜÇÜNJI SÖHBET: Durmuş Nobatguly däl...
OSMAN ÖDE. Geçmiş şahyrlary hakynda dünýä edebiýatynda müňlerçe hekaýa, powest, roman döredildi, müňlerçe film surata düşüdildi, aglabasynda şol şahyrlar adatdan daşary akyldar, beýik öňdengörüji, weli, öz döwrüniň ajaýyp ynsaby hökmünde suratlandyrylýar. Men rus hem Ýewropa klassyklarynyň ömürnamaçylaryny okanymda bolsa, düýbünden ters zatlara hem köp duşdum. Aýdaly, Baýron adamyň ýanynda agzap bolmajak wejaralyklar edipdir. Ýok, men ol läheňleriň mertebesini peseltjek bolamok, men talant bilen akyl hemişe bir adama berilýärmi diýjek bolýan.
NOBATGULY. Ýok! Zehinli, ajaýyp goşgulary ýazýan adama akylly diýip bolmaýar, hatda ol gaty akylly goşgulary ýazýandygyna garamazdan, «akylly adam» diýip bolmaz!.. Dünýäniň üçden bir halky marksizm taglymatyndan halas boldy, atasynyň maýmyn däldigini bildi. Adamyň asly toprakdan, ony ýaradan Alla, Allanyň bardygyna ynanmaýanlar, adamy «ýaradan tebigatdan daşgary» güýç diýip ynanýar, garasaý, zooparkyň kapasyndaky maýmyna «atam» diýýän ýok, diýmek, adamyň ýaradylmagynda asmany güýjüň eli bar. Goý, ol Alla boldun, goý ol, gnom ýa gaýry planetaly güýç bolsun, parhy ýok, adamy ýaratmaga güýji ýetýän bolsa, ol ummasyz güýçli bolmaly. Şol ummasyz güýç hem hiç bir adamy goragsyz (daş aurasyz) ýaradan däldir, hiç bir kişini zehinsiz ýaradan däldir. Meniň pikirimçe, bu babatda ýedi kategoriýa bar: Ýaradan adamy şol ýediligiň iň bolmanda birinden hiç mahal binesip etmeýär. Olar: 1. Akyl. 2. Talant. 3. Syrat. 4. Iman ýa-da wyždan. 5. Güýç, häkimlik. 6. Baýlyk. 7. Wagtynda dogulmak.
Magtymguly ýaly beýikde şolaryň daş gitse üçüsi ýa dördüsi bolandyr. Akyl, talant, wyždan. Onuň Aýhan Hajynyň suratyna çigit ýaly meňzemeýänine ynanýan. Görogly ýaly beýik şahsda-da şondan kän däl. Görogluda – güýç, talant, syrat, baýlyk jemlenendir. A olaryň hemmesi bir adamda, meger, jemlenip bilmeýän bolsa gerek. Men barada: men akylly adam däl, umuman, men şygyr ýazmadyk mahalym, ýa mejbur bolmadyk mahalym kellämi işletmelidir hem öýdemok. Işim degişmekdir.
OSMAN ÖDE. Ýaş şahyr Gurbandurdy Orazow «Pylan şahyryň täze kitabyndan Nobatgulynyň pikirlerini aýyrsaň, özüne hiç zat hem galmaýar» diýipdir. Sen ol şahyry bilýärsiň, senden çilýäni üçin ondan gaty görýärmiň? Eýse, ýaş şahyrdyr, öteräk täsirlenibem, original täsirlenibem bolar ahyry. Sen «Plagiat» atly goşgyňy şolar ýaly kakdyryp ýazdyňmy? Beýdip içinden çykmaz ýaly söz diýmek, gelşiksiz, onda-da sylagly şahyra.
Halal!
Şygrym düşdi diýip talaňa
Ilki şygyr ogrulary bagyrýar.
Näme diýip bolar beýle adama,
Diňe haýpyň gelýär,
Nebsiň agyrýar.
Çilibersin meniň goşgymdan çilýän,
Islän gelsin, hatda ýazyp biýrin men,
Äri tök gelniň-de dograsy gelýär
Käte tohum alyp başga birinden.
Gaty çökder diýýäň-le.
NOBATGULY. Pikir aýdanyňda maksimalist bolmaly. Iň soňky formada, iň täze detalda. Goşgynyň soňky iki setirindäki detallaryň ýerini çalşyp, sypaýyrak hem aýdyp bolardy, belki, mundan täsirliräk hem. Emma men ony agtarmandyryn, diýmek, bu goşgy meniň gaty gowy şygrym hem däldir, belki, meniň aýtmaly pikirim hem däldir. Umuman, goşgy ogrusy hemme zamanda-da bolupdyr, olar öz zamanasy bilen hem ýok bolup gidipdir. Beýik şygyr ogrusy bolup edebiýatda galan ýok.
Täze pikiri tapýan kän, emma özüçe täze detallaryň, obrazlaryň, döwrüň ruhy hem nerwisini peýdalanyp aýdyp bilýän az. Täsirlenmek hem erbet kesel. Bir gawunyň tohumyny ikinji gawun bilen ekseň, azgyn gawun döreýär. Täsirden çykyp bilmeýän kişiler hem azgyn gawun ýaly bolýar. Men şu ýerde bir mysal getireýin. Naum Grebnew diýip bir atly terjimeçi bar. Bir ýola maňa şahyra Akjemal Omarowa jaň edip, «dessine Ýazyjylar soýuzyna gel» diýýär. Sebäbinem aýdanok. Bardym. Meni ummasyz gowy görýän şahyr tolgunyp, Naum Grebnewiň gelendigini, ondan meniň goşgularymy terjime etmegi towakga edendigini aýdyp, ýör, tanyşdyraýyn diýýär. Men Akjemal ejä Naum Grebnew geniý hem bolsa, goşgularymy terjime etmäge bermejekdigimi aýtdym. Goşgyny gowy ýazýanlygyň işiň rowaç bolmagyny aňlatmaýar. Miweli agaja kesek atylmagyny geň-taň görmeli däl. Terjimeçiniň öz terjime etmeli wezipeli adamlary bar. Ony maňa ýetirmezler. Bu zatlaryň açyk aýdýanlygym üçin meni halamadylar.
Adamyň haýwandan parhy – dili! Diliňden jyda edilseň, haýwana dönderildiň biläý.
OSMAN ÖDE. Dünýe döräp ähli filosofiýanyň başlangyjam, ahyram – Hudaý! Dünýä döräp adamzadyň iň esasy gözlegi Hudaý! Eger Hudaý bolmasa, o dünýä bolmaýar, eger o dünýä bolmasa, adamzadyň ýaşap ýörmeginde hiç hili many ýok. Ajaýyp ýazyjy dostumyz Akmyrat Şirow uly şäherlerde dürli dini sektalara gatnaşypdy. Ol köp gezek aşakdaky gürrüňi aýdyp beripdi. «Musa pygamber: «Hudaý ynsan beýnisindedir», Isa pygamber: «Hudaý ynsan kalbyndadyr» (Iki pygamberiň sözi çalşan bolmagam ahmal). Muhammet pygamber: «Hudaý asmandadyr», Marks: «Hudaý garyndadyr», Freýd: «Hudaý ynsanyň uýat ýerindedir», Eýnşteýn: «Olaryň ählisi otnositeldir» diýipdir» diýerdi. Sen «Nuhuň tupany ýa-da iň soňky pygamber» atly pýesaňdaky pygamber näme diýýär?
NOBATGULY. «Ýaşalyň, Hudaý ýaşaýyşda» diýýär. Diňe ýaşaýan adam bagtly bolup bilýär. Bir mahal bir ýoldaşym: «Beý, walla, iki ýyl bäri kurorta gidip dynç alyp göremok» diýip zeýir-zeýir zeýrendi. Men oňa gepiň gerdişine görä: «Akmak, sen dynç alyp göremok diýýäň, men, ynha, ýaşap göremok» diýdim. Ýanymda duran ajaýyp kinorežissýor Hojadurdy Narlyýew ýerine düşen söze hezil etdi. Men bu ýerde baý ýaşamagy, keýp çekip ýaşamagy göz öňünde tutamok, ýok. Şu pikire özüm hem gaty bir gowy düşünemok...
OSMAN ÖDE. Onda ony gowy düşündirersiň! Adama mahsus kesel bi!
NOBATGULY. Sag bol «Nobatgula mahsus» diýmäniňe... Men çynymy aýdýan. Şu pikir täze pikir.
OSMAN ÖDE. O nähili täze pikir bolýar?! Sen «Edebiýat we sungatda», Nury Garaýew we Ata Yklymow üçümiz «Kommunist» žurnalynda işleýärkäk, her gün ýa seniň, ýa biziň kabinetimizde arak içerdik. Şonda adamyň güli Nury jan: «Hany, dostlar, birek-biregi öwüp, birek-birege hoş sözler aýdyp, bir içeliň» diýerdi. Sen şol mahal: «Nury jan, seniň şu pikiriň täze pikir, sen sekizinji pygamber» diýmeýärmidiň?!
NOBATGULY. Diýýärdim. Ana, iň soňky – sekizinji pygambere men ujy şondan aldym. Pýesanam Nury jana bagyşladym. Hut şol pikir meni «ýaşap görmek» diýen pikire getirdi. Men muny mysallar arkaly düşündirmäge synanaýyn. Meniň goňşym Kakabaý Gurbanmyrat nahar iýende gyssanman çeýnäp, iýen tagamynyň dadyny alyp, lezzet bilen iýýär, a men çagasyny höwes bilen söýgüläp däl-de, aglap ýüregine düşeni üçin emdirýän heleý ýaly, çaltrak hepbik ýaly garnyma bir zat atmak, içegeleriň jugurdysyny ýatyrmak üçin iýýän. Ikisem iýmek, emma ikisiniň arasy ýer bilen gök ýaly. Meniň iýşim maşyna benzin guýmasaň, işlemeýşine akyl ýetiren ýaly bir zat.
Her kim baý ýaşajak, her kim gowudan gowy iýjek, her kim gowudan gowyny geýjek, her kim hars urup toplajak. Bu filosofiýa dünýedenem köne, men hars urýana: «Goý, beýdip ýöreniňden iý-iç, keýp çek, ýaşa» diýjek bolamok. Sen nähili ýaşaýanyňa garamazdan, iň beýik lezzet almak, ine, ýaşamak! Ýok, düşündirip bilemok! Irden turýaň, ýuwunýaň, nahar iýýäň – ýaşaňok, işe gidýäň, sekiz sagat işleýäň, güýmenýäň – ýaşaňok, agşam öýe gelýäň, ýuwunýaň, çaý içýäň, telewizora seredýäň – ýaşaňok. Agşam ýatýaň – ýaşaňok. Aslynda ýaşaýyş näme – bileňok. Sen iki ýola infarkt bolduň, menem ölmüň holtumyna girenimden soň çykyp gaýtdym bagtym işläp. Emma ýaşaýyş näme? Onuň lezzeti näme? Aslynda lezzet almak ýaşaýyşmy? Bilemok! Ýakynda zähmet rugsadynda boldum, kyrk gün biweçlik etdim, ýaşamadym, ýazmadymam hatda. Şonda: «Eý, Hudaý jan, Ezraýyl janymy alandan soň, meni ýaşaýşa ýaňadan getir-de şu kyrk güne derek ýaşaýşyň nämedigini biler ýaly, kyrk minut wagt ber» diýip ýalbardym. Aý, inim, gowusy, gel, şu söhbeti goýaly-la. Hudaýyň ýaradan ýaşaýşynyň manysyny haýsydyr bir Nobatguly ýaly şahyrjyk düşündirse, ondanam bir ýaşaýyş bormy!?
OSMAN ÖDE. Ony düşündirip bilmejek bolsaň, näme diýip ol komediýany ýazdyň?
NOBATGULY. Ynha, adamlar, şeýle mesele bar, «men-ä şeýleräk düşündim öýdýän» diýmek üçin!
OSMAN ÖDE. Ol pýesaň birinji bölümi tymsal, sen dünýädäki güýçleri düşündirjek bolýaň, onuň üsti bilen näme diýjek bolýaň?
NOBATGULY. Tebigata nazar sal: syçan – pişikden, pişik – itden, it – möjekden, möjek – ýolbarsdan, ýolbars – pilden, pil – syçandan gorkýar. Syçandan başlap syçana geldik, ýyl hasabym ýöne ýerden syçandan başlamaýan bolsa gerek. Indi ýaşaýyşdaky real güýçler barada: Täjir – altyn gazanyp, «ýaşaýyş meniň alnymda dyza çöker» diýýär, emma soltan bar, ol täjiri zyndana atdyryp, altyna eýe bolup bilýär. Dünýä hökmi ýetip duran soltan bolsa zenan gözelliginiň öňünde dyza çökýär. Ikinji – göz! Allatagalanyň gözi ýaradyp bilşine, ýöne, haýran galyp oturmaly. Gör, onda nähili beýik aň bar. Şeýle owadan dünýäni ýaradyp, onam synlamaga görer göz beripdir. Dünýäni, diýary, eneň-ataňy, çagaňy, söwer ýaryňy synlamakdan beýik bagt barmy? Bar. Patada otyrsyň, ýakynyň üçin gözüň ýaşlydyr, emma honda bir gelniň balygyň arkasy ýaly injigi ýalp edip gidýär welin, içki dünýäňe düşýär onuň ýagtysy. Muňa bir rowaýat getireýin. Hindistan bir rowaýat susup oturmaly hazyna. Aýal tohumyna seretmekden ýüz öwren bir asketi synap görüpmişler. Ol aýbogdaşyny gurup, öz ynanjyna, öz taňrysyna uýup otyrka, onuň daşyndan her hili gyz, aýal maşgalany aýlap görüpdirler, emma ol sarsmandyram, olara nazar hem salmandyr. Ine, şonda şeýle bir gözel gyzy getiripmişler, onuň ýaly gözeli şindi adam ogly görmänmiş diýýär. Ýaňky gyz asketi – terkidünýäni özüne imrindirjek bolup, onuň daşyndan aýlanypdyr, asket Brahman sarsman aýbogdaşyny gurup otyrmyş, ýöne, seretseler, terkidünýä asketiň gözleri ýaňky gyzyň yzy bilen Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanyşy ýaly, öz kellesiniň daşynda aýlanyp durmuş diýýär.
«Bally molla» komediýamyzy biz täzelik diýip ýazmadyk, diňe Agahan Durdyýewiň tapan ajaýyp gahrymanlaryny alyp, öz gülkilerimizi goşup, halky peýwagtyna güldürmek üçin ýazdyk. Ýazyp otyrkak pýesanyň finalyny tapyp bilemzok. Niçe wagtlap kelle döwdük. Ýadyňa düşýän bolsa, komediýa: «Şäherden bir gyz gelipdir» diýen jümle bilen başlanýardy. Biziň položitel gahrymanlarymyz: «Owadanmy?» diýip sowal berýärler. Komediýanyň dowamynda Gözel gyza aşyk bolan, aýalyndan, çagasyndan geçen Bally molla-da, sölite, gyz berilmejek sallah-da, beýleki-de mugyra gelip, milletiň öňünde düzeljekdigine söz berip, ant içip, awy ýalaýarlar. Edil şol mahal ýene Annapilpiliň aýaly «Şäherden bir gyz gelipdir» diýip, dazlap sahna girýär. Mugyra gelen gahrymanlar ýene-de: «Owadanmy?» diýip, seslenenlerini duýman galýarlar... Gözellik beýik zat.
Yslam dininde «göz günäsi» diýen bir düşünje bar. Bir gowy maşgala barýan bolsa, şonuň ak topugyny görüp, göwnüňe hapalyk gitse, eýýäm sen etmişli adam. O dünýäde onuň soragy bar. Emma siwilizasiýa diýip hem bir zat bar. Zenanlar gözelligiň iň beýik zatdygyna kemsiz düşünipdir. Ýewropa geýimden çykdy, gynansak-da, bizde hem zenan köýnekleri ýyl-ýyldan gysgalmak, daralmak bilen, egin, bilek, göwse çenli ýalaňaçlanmak bilen.
Gulak pul sesinden ganmasa, göz baýlykdan doýmaýar. Hany, aýt, ajy doýrup bolar, gözi ajy neneň doýrar sen?!
Ine, burny alyp göreli. Sagat ýürek, ajaýyp aýal, hem gelşikli burun özüniň bardygyny duýdurmaýar. Burun gelşikli bolanda göze ilmeýär. Megerem, duýgy organlarynyň içinde ondan päkizesi ýokdur, sümüklidigine garamazdan.
Ol deýýusam gülüň ysyndan puluň ysyny, öz gelniň ysyndan del hapa gelniň ysyny has gowy görýär, özem gören ýere özüni sokmaga döwtalap.
Agyz hakda: iňlis nakyly bar: kim iýmek üçin ýaşaýar, kim ýaşamak üçin iýýär. Agzyň bazasy garyn. Adam pahyryň sähelçejik garny bar, emma şony doýurmak onuň bütin ömrüniň mazmunyna öwrüläýýär. Lukmanlaryň tassyklamagyna görä, dürli-dümen iýmek aşgazan üçin jebirmiş, a biziň üçin hezil. Gytdan gyt, gymmatdan gymmat zada tamşananyňy gowy görýäň. Ogurlap iýseňem – süýji, ilden iýseňem! Bütin adamzat gijesi-gündizi agzyny dek durzanok, tapanyny şoňa atýar. Eger Adamzat geçmişden şu güne çenli garyn üçin eden aladasyny (uruşlaram bar) kellesi üçin edende, bu mahala çenli ganat baglap uçup bilerdi. Men kyrk iki ýaşap, aşgazan keselini edinip, iki setir netije çykardym. «Görk agyzdan girer, derdem». Ýöne Muhammet pygamberiň hadyslaryny okap, şol pikirimiň pygamber tarapyndan müň ýarym ýyl mundan ozal aýdylanyny bilip, durmuşdan gaty yza galandygymy duýdum. Magtymguly Zemini öz balasyny ýuwdup ýatan aždarha meňzedýär, adam bolsa guýrugyndan özüni iýip oturan içýan kysmy bir zat. Biz özümizi iýýäs! Biz ömrümizi iýýäs! Gowy iýmek üçin erbet ýaşaýas. Gowy ýaşamak üçin hor bolýas. Köp iýmek üçin gyrlyşýas.
Adam elhenç-elhenç ýolbarsy bir lukma berip, eldeki edýär, eýmenç krokodili bir lukma berip sirkde tans oýnadýar.
Adam «men-men» diýen wezipede oturan kişini bir lukma bilen owsarlaýar. Nahar bilen Pili eldeki eden ýaly edip, durmuş arenasynda ony oýnadýar. Ýeri, bolýar, gaty köp samahyllapdyryn.
4.04.1994 ý.
Söhbetdeşlik