22:30 "Çarh bu işe guwanar, bolmaz ahyrzamana" | |
IKINJI SÖHBET: «ÇARH BU IŞE GUWANAR, BOLMAZ AHYRZAMANA»
Söhbetdeşlik
OSMAN ÖDE: — Şol ufolog alymyň aýdyşyna görä, her ýylda Amerikanyň, Angliýanyň we Fransiýanyň döwlet liderleri gizlin duşuşyk geçirip, ufologlaryň, şaýatlaryň, alymlaryň maglumatlaryny, foto, kino, telewizion suratlary degşirip, gelmişekleri, öwrenýän ekenler. Ýagdaý ýyl-ýyldan çylşyrymlaşyp barýar. Ine, olar üýtgedip gurmagyň ilkinji döwründe M.S.Gorbaçýowy hem gaýry planetalylar, olar hakdaky real dokumentler bilen tanyşdyrýarlar. Ufolog alymyň pikirine görä, şol gün SSSR synyp başlaýar. SSSR-iň synmagynyň ýüz bir sebäbi bardyr, ýöne şol başy! Ufolog alymyň tassyklamagyna görä, gaýry planetalylaryň döreden problemasynyň ýanynda ýerdäki kapitalizm we sosializm problemasy çaga oýny bolup galyberýär. Sebäbi şol gelmişekler Aýyň aňry ýüzünde, bize görünmeýän tarapynda özleriniň stansiýasyny gurýarmyş. Muňa ýönekeý mysal: iki dogan gan-da-pyçak urşup durka, galtaman çozýar. Iki dogan sessiz-üýnsüz ýaragyny umumy duşmana garşy gönükdirip, galtamanlara garşy söweşip başlaýar. Söweş ýeňil bolsa, belkem, iki dogan köne duşmançylygynyň suduryny saklar, söweş agyr bolsa, şol söweş olary ozalkysyndan ýüz esse ysnyşykly dogan edýär. Daşky problema içki problemanyň ähmiýetiniň üstüne gara çyzyk çekdi. Ol mahallar SSSR kosmos ylmynda dünýäniň kerwenbaşysydy. M.S.Gorbaçýow ol wagt gelmişekler hakynda has köp bilýändir, garasaý, şol duşuşykda iki sistemanyň arasyndaky barlyşyksyzlyk kiçijik mesele bolup galyberdi. Gelmişekleriň örän golaýda goş basmagy — Ýeriň ähli problemalaryndan has uly. Goý, olar dost bolup gelsinler! Parhy ýok! NOBATGULY: — Şu asyra çenli dünýäniň ýagdaýy hiç mahal pitige münmändi. Şonuň üçinem Taňry ýönekeý alamatlaryň üsti bilen adamyň ýalňyş ýoluny özüne düzetdirip goýberýärdi. Dünýäniň iň ösen ýeri bolan gadymy Rimde, Gresiýada az sanly adamyň elinde millionlarça gullar jemlendi. Olar gullary işletmek bilen oňmaň, wagşyýana gladiatorlara öwrüp, ynsan ölümine tomaşa etmäge gündelik keýpi-sapa öwrüldi. Adalatsyzlyk apogeýe etdi, Spartak gullaryň gozgalaňyny turuzyp, gullar dünýäsinde uly sarsgyn döretdi, emma gul dünýägaraýyşly Spartak olary halas ederden gaty ejizdi. Allatagala öz gudraty bilen Isa pygamberi dünýä inderdi weli, sähelçe ýüz ýylyň içinde adalat dabaralandy, dünýäniň üçden bir böleginde haýyr şerden üstün çykdy. Dünýäniň iň yzagalak ýurdy bolan Arabystanda Hudaýyň gudraty bilen dünýä inen pygamber, dünýäniň beýleki üçden bir böleginde adalatyň tuguny parlatdy. Goýun bilen gurt bir guýudan suw içdi, kerwenler goragsyz dünýäniň islendik ýurduna gidip bildiler. Şeýlelikde, dinler adamzady biziň asyrymyza alyp geldi. Häzirem dünýäde onlarça pygamberler öz taglymatlaryny ýaýratjak bolup, gara heläk, emma dünýä indi pygambere düzetdirerden has aňryk geçdi. OSMAN ÖDE: — Hawa-da, Ukrainadaky ýalan pygamber birki ýyllykda «Ertir ahyrzaman bolýar» diýip dünýäniň žurnalistlerini ýygnap, topalaň baryny turuzdy. Indi, aga, demirgazykdan äjit-mäjit geläýende-de şu adamlar ynanar öýdemok. Häzir ýagdaý başgaça: — Hudaýa ynanýar, emma ogurlaýar! — Hudaýa ynanýar, emma jelephana saklaýar! — Hudaýa ynanýar, emma adam öldürmäni eşekden palan alança görenok! — Hudaýa ynanýar, emma öz gyzy bilen zyna edýär. — Hudaýa ynanýar, emma her hili neşe satýar! — Hudaýa ynanýar, emma eýmenç-eýmenç ýaraglary oýlap tapyp gidip otyr! — Hudaýa ynanýar, emma kişiniň hakyny gözüne basyp iýýär! Adam Hudaýyň ýoluna sygynýar, ýöne gidende şeýtanyň ýolundan gidýär. Bu diňe aşaky gatlaga, baý gatlaga, dindarlara, intelligentlere degişli, gaty belent wezipedäkiler döwleti talaýar. Soňky on-ýigrimi ýylda näçe sany döwlet ýolbaşçysy ogurlykda aýyplanyp, wezipesinden boşadyldy, jenaýata çekildi. Ýigriminji asyryň aýagynda adamyň dünýägaraýşy, psihologiýasy, özüni alyp barşy, aňy şeýle bir çylşyrymlaşdy, akylyň haýran, olar Hudaý bilen iň elhenç jenaýatlary öz kalbynda ýerleşdirip bilýär. NOBATGULY: — Ynha, ýagdaý şeýle derejä baryp ýetenden soň älem güýji, Hudaý has radikal bir zat etse gerek. Aňyrsy bäş-on ýylyň içinde dünýä-de, adam-da, garaýyşlar-da ýüz segsen gradus beýlesine öwrüler, sebäbi dünýä mundan aňryk beýle ýagdaýda gidip bilmez! Petige direldi. Men muňa halysalla ynanýaryn. OSMAN ÖDE: — Näme kyýamat goparmy? Pygamber gelse-de dünýä düzelmez, diýmek Hudaýyň özi göz görkezäýmese, şü adamlar-a düzelmez! Ýa üçünji jahan urşy turarmy? NOBATGULY: — Pylan diýip bolmaýar. Ýöne öňi bilen ýagdaýyň petige dirändigi hakynda bäş-üç agyz aýdaýyn. Osman, seredip gör, şu dünýäde ogrulara goýulýan hormat hiç kime goýulýan däldir: her bir ýurt ogrulara garşy göreşmek üçin, halkyň, döwletiň ämlägini goramak üçin poliseýleriň giden armiýasyny saklaýar. Penjirelere demir gözenek, gapylara demir gapy, signalizasiýa, dürli-dürli gymmatbaha enjamlar goýulýar. Maşynyň, gaýry emläkleriňem goragçysy ondan az däl. Bularyň ählisi salgyt töleýjileriň jübüsinden çykýar. Ogrularyň, talaňçylaryň, kilerleriň, mafiýanyň pajarlap ösmegi üçin demokratiýa gerek! Arap ýurtlarynda ýeke ogry ýok, dükanlaryny gulplaman, eýeleri günortanlyk nahara gidip bilýär. Ýatan ýatan ýerinde ýatyr! OSMAN ÖDE: — Elbetde, ogurlyk edeniň goluny çapyberseň, ogurlyk galar! NOBATGULY: — Arabystana söwda gidýänler golak adamy görmedik diýýärler. Demokratik ýa sosialistik döwletlerde döwletiň býujetiniň lomaý bölegi pajarlap ösen ogrulara sarp edilýär. Ýene bir uly bölegi neşe söwdasyna garşy göreşýänlere harç edilýär. Kolumbiýa, Italiýa ýaly ýurtlarda mafiýanyň güýji döwlet derejesine ýetdi. Birentek ýurtlarda Prezidentler mafiýanyň goldawy bilen döwlet kürsüsine gonýarlar. Meseläniň beýlesinden seredip göreli. Lumanlar az mahaly tebigy seçgi güýçlüdi. On çagadan bäşisi ölýärdi. Indi on çagadan dokuzysy adam bolýar. Dünýäniň kanunyň garşysyna gidip tebigy seçgini ýok etdik, emma şol diri galanlaryň deregine arakdan, kesellerden, neşeden ölýänler ýene tebigy seçgi bolýar. Bir haramzada neşe çekjek, özüne ukol edip öljek diýip dünýä milliard dollary ýele sowurýar. Goý, ölsün! Özi neşe çekip ölmek isleýän bolsa, goý, çeksiň, goý, ölsün! Olary özüňden goramak üçin ýele sowrulýan pullary dünýäniň açlykdan ölýän adamlaryny halas etseň has ynsanperwer bolmazmy?! OSMAN ÖDE: — Ogrulara, neşekeşlere garşy göreşden ullakan bir netije-de gelip barmaýar. Neşe söwdasyna garşy göreşýänleriň öz neşe biznesi bar. Ogrulara garşy göreşýänleriň arasynda belent kürsüli ogry penakäri bar. Mafiýa gaty köp ýurtlarda guramaçylyk, tehniki we ýarag üpjünçiligi babatda döwletler bilen bäsleşip bilýär. Emma ýaşlar neşe çekýär, ýaşlar ogurlygy kesp edinýär, millionlarça ýaşlaryň ykbalyna beýle biperwaý garap bolmaz! Amerikanyň Birleşen Ştatlary Günbatar demokratiýasyny dünýä döwletlerine nusga diýip düşündirýär hem diýeni diňlenýän ýurtda şol demokratiýanyň ornaşdyrylmagyny gazanýar. NOBATGULY: — Hem goýny, hem möjegi deň köpeldip bolmaýar. Dünýä dogry ýoly saýlamasa birinji jahan urşundaky ýaly, bialaç üçünji jahan urşuna barar! Bu bolsa, Isa-Mätisiz ahyrzaman bolar! Ýokardaky güýç muňa ýol bermez! OSMAN ÖDE: — «Dünýä Nuhuň tupanynyň öň ýanynda dur» atly makala okadym. Okadym hem howpurgadym. Howpurgasam-da, gözlerime ynanman, ýaňadan okadym. NOBATGULY: — Allatagala pygamberli dünýäni gark edip, ynsy-jynsy gyryp taşlapdyr. A pygambersiz dünýäde onsoň näme bolsa bolaýmaly, ýöne dünýä mundan aňryk ozalky ýoly bilen gidip bilmez. OSMAN ÖDE: — «Ertir bütin dünýä Nuh zamanyndaky ýaly suwa gark bolarmy?» — diýlen soraga tehniki ylymlaryň doktory Igor Kopylow — «Ýok, ýöne bütindünýä garky indi haçan bolsa bolubermeli» diýip jogap berýär. Oglankak, boýnumyz gyzyl galstukly leninçikäk ýaşulularymyzyň Nuh pygamberiň tupany hakda aýdyp berýän gürrüňlerine ýylgyrardyk... Köp-köp kitaplaryň içinden geçip, ýaşymyz bir çene ýetip Nuhuň tupanynyň rowaýat däl-de hakykatdygyna, ozal şeýle ýagdaýyň bolup geçendigine göz ýetirdik, ýöne weli ynanasyň gelip baranok. Dünýä ýadro ýaragy zerarly ot alma howpundan az-kem daşlaşdy diýsek, ynha, ýaňadan suw almak howpy hem alnymyzdan çykdy. Elbetde, dünýäde kyrk günläp ýagyş ýagany bilen, ony suw almaz! Nuhuň garky Demirgazyk hem Günorata polýuslarda Buz daglarynda ýatyr! Ol ýanymyzda ýatyr!.. NOBATGULY: — Arktikada ýatyr Nuhuň tupany, Däli siller beýik daglarda ýatyr. Awstraliýa elhenç yssa çydaman, Kellesini suwdan çykaryp otyr... OSMAN ÖDE: — Nuhuň tupanyna bahana hem delil kän. Dünýäde ýangyç bilen işleýän tehnikalaryň köpelmegi zerarly atmosfera diýseň zaýalandy. Alýan demimiziň hapalygyna owarram diýeli, atmosferanyň hapalanmagy, gökde şol hapalaryň barda tutmagy zerarly dünýäde maýlamak prosesi barýar. Alymlar dünýä temperaturasynyň sähelçe üýtgemegi Buz daglarynyň eremegi üçin ýeterlik diýýärler. Soňky ýyllarda ygalyň çakdanaşa köp bolmagyny hem şonuň bilen düşündirýärler. NOBATGULY: — Ýylylyk täsiri türkmen üçin-ä tapylgysyz zat. Geçen ýyl maý aýam ýagyp geçirdi, martda ygal az bolup, ýaz otlary çalt gurasa-da, soňundan meýdanlaryň, çölleriň iri çöpleri boýnap ösdi. Tüýs mal-garanyň ýyly boldy... Sen Nuhuň tupanyny gaty golaýa süýşürme, ygalymyz köp bolup çölleriň reýhan bolanyny, türkmen düzüne baýlygymyzyň sygmaýşyny bir göreli... OSMAN ÖDE: — Zeleldenem peýda agtarýaň-ow, aga!.. Alym Igor Kopylow oýun eder ýaly faktlary getirenok. Ol Nuhuň garkynyň ähli esaslaryny bir-bir getirýär: Sen demirgazykdan, baky doňaklykdan üzüm hoşasynyň, örän yssy ýurtlarda ýaşaýan jandarlaryň süňkleriniň tapylandygy barada okansyň. Ol haýwanlar o taýa nädip düşüp ýör? Biziň söhbedimize gaty dahylly bolansoň, men I.P.Kopylowyň makalasyndan gysgaldybrak mysal getireýin: «Häzir hemmeler biomeýdan bilen gyzyklanýar, emma olaryň aglabasy biomeýdanyň Ýeriň magnit meýdany bilen, Ýeriň magnit meýdanynyň hem Günüň magnit meýdany bilen baglydygyny bilýän däldir. Aslynda, biz örän ullakan elektromagnit maşynynyň içinde ýaşaýarys. Ýer energiýany Günden alýar. Şol energiýa kosmiki çastisalar bolup, elektrik energiýa öwrülip, Ýeriň garnyndaky suwuk magmanyň akymyny goldaýar. Magma akymy ýeriň gabygy bilen ýadrosynyň arasynda spiral görnüşli örän çylşyrymly traýektoriýa boýunça hereket edýär. Magmanyň akymy şindize çenli doly öwrenilenok, ýöne şol akymyň ýokarrak çykan ýerinde ýeriň üstünde ullakan hadysalar bolýar. Golfstrim akymy magma akymy bilen haýran galaýmaly gabat gelýär (Şeýlelikde, okeanyň içinde akym ýüze çykýar). Şol magma akymy zerarly uly taýfunlar, harasatlar, ýer titremeler döreýär. Siz, heý, Ýeriň milliard ýyl bäri duruwsyz aýlanyp durşy hakda oýlanyp görmediňizmi? Günden gelýän energiýanyň kuwwatly energiýa öwrülmegi esasynda magma herekete gelip, ýer aýlanýar. Ýeriň astyndaky magma akymy dünýäniň howa ýagdaýyny hem kesgitleýär. Magma derýasy nirede ýokarrak galsa, şol ýeriniň howasy maýyl bolýar, çuňrak giden ýerinde sowuk. Serediň, Sibir bilen Ýewropa bir geografiki giňişlikde ýerleşýär. Diýmek, ikisiniň howasy hem meňzeş bolmaly, ýöne Ýewropada mylaýym, Sibirde baky doňaklyk! Häzire çenli ylym muny demirgazykdan gelýän sowuk şemalyň akymlarynyň täsiri netijesindedir öýdýärdi. Emma sowuk akymy näme diýip Sibirde bar-da, şol giňişlikde ýatan Ýewropada ýok. Bu magma akymynyň oýny! Ýeriň aşagyndaky magma akymy siklli. Ol her on üç müň ýyldan öz akymynyň ugruny üýtgedýär. Şol akymyň üýtgemegem ýere betbagtlyk baryny getirýär. Planetanyň magnit meýdany yrgyn atýar, Ýeriň okunyň eňňitligi üýtgeýär. Ýaňky aýdyşymyz ýaly, şeýle ýagdaý on üç müň ýyl mundan ozal bolup geçýär, ol waka dini kitaplara girýär, Atlantida-da, takmynan, şol mahallar ýok bolýar. Bu nähili bolup geçýär. Öňi bilen sistemanyň elektromagnit momenti üýtgeýär, ýadro bilen ýer gabygynyň arasyndaky magma akymynyň ugruny özgerdýär. Şol zerarly Ýeriň okunyň daşynda aýlanyşy haýallaýar. Ýeriň haýal aýlanmagy bilenem iki polýusdaky buzhanalar ereýär, dünýäni suw alýar. Okeanlaryň suwy göterilip, dünýäni suw alýar. Soňra magnit meýdany kadalaşyp, Ýeriň aýlanyşy öňki derejesine barýar, okeanlar öz asylky derejesine gelýärler. Ýöne, hemme zat öňküsi ýaly bolmaýar — ýyly ýerler sowuk ýerler bilen öz ornuny çalyşýar. Nuhuň tupanyndan ozal Sibirde, Uzak Gündogarda dünýäniň ilatynyň köp bölegi ýaşapdyr, indiki tupandan soň Ýewropa Sibir bilen ornuny çalşar. Ýewropa baky doňaklygyň, ak aýynyň mesgeni bolar. Gadymy taryhçylar 11152 ýyl mundan ozal dünýäni suw alypdyr diýip ýazypdyrlar. Biziň eramyzyň iki müň ýylyny hem goşsaň, 13152 ýyl bolýar. Şonuň üçin örän uly elektromehaniki geçiş prosesi ertir bolsa-da bolaýmaly. Dünýäniň ähli ýerinde howanyň maýlamaga ymtylyşy, uruşlaryň sanynyň köpelmegi, epidemiýalaryň, ýer titremeleriniň artmagy, belki şol proses bilen baglydyr. Elbetde, men ol prosesiň takyk haçan başlanjagyny bilemok, emma onuň müddeti golaýlady, oňa çynlakaý garamak gerek. Ýöne, gynansak-da, biz düýbünden başga zatlar bilen meşgul». Dünýe bolsa, düýbünden başga işler bilen meşgul! NOBATGULY: — Dünýäniň bir bölegi Esen Nazarçylyk bilen meşgul... OSMAN ÖDE: — O diýdigiň näme? NOBATGULY: — Oraz Ýagmyrow, Hemra Şirow, Esen Nazar dagyny uniwersiteti gutaran badyna harby gulluga alýarlar. Krasnowodskiden goşun gullugyna barýanlary parom bilen Baku ugradýarlar. Açyk deňze çykýarlaram weli, turýar bir tupan, gopýar bir harasat. Bu waka hakda ýazyjy Oraz Ýagmyr şeýle gürrüň berýär: «Kim kaýutada gaýtaryp ýatyr, kim çarpaýanyň söýesini gujaklap Gaýtarmyş ata ýalbaryp ýatyr, paromdaky ýedi-sekiz ýüz sany geljekki soldatyň haly-harap. Bir seretsem, Esen Nazar kaýutanyň poluna odeýalyny düşenip, bir zatlar ýazyp ýatyr. Ýakyn baryp seretsem: «Çaýkan deňiz, joş ur deňiz...» diýip goşgy ýazýar...». Garasaý, dünýä global problemalar hakda gürrüň gozgalsa-da, gulagyny ýapyrýar. Üns bermedikden bolýar. OSMAN ÖDE: — Dünýä onda Atamyratçylyk bilen hem meşgul-da... Aga, men şu wakany okyjylara gürrüň beräýeýin. Nobatguly bilen Atamyrat Atabaýew bir mahal duldegşir goňşy ýaşaýardy. Günde-günaşa bir-biriniňkä myhmançylyga baryp ýörenler. Nobatguly jandurmazlygyny edip: — Atamyrat, seret, pejiň turbasynyň potologa barýan ýeri eräpdir, hanha ýalyn ýalmanyp görünýär. Turbasyny çalşyr şonuň, ýogsa bir gün öýüň gidýär ýalna ýaramaşyp Allanyň ýanyna... — diýýär. Atamyradam her gzek «Üns berme, basym ýaz çykjak» diýýärmişin. Garybyň ýazy basym çykaýýarmy? Agyr gar güpläp, bolýar bir doňaklyk. Çagalary üşetmejek bolup her kim solýarka pejini iň gatysynda işledýär. Atamyradyň üns bermedik ýerinden ýalyn potologa ýarmaşypdyr, ony başda hiç kim görmändir. Görensoňlaram aljyraýarlar, oňa suw sepjek bolup, solýarka peji pola agdaryp goýberýärler. Pola pejiň içindäki solýarka-da dökülip, pol hem ot alýar, potolok hem. Atamyrat nätjegini bilmän, ylgaýar Nobatgulynyň ýanyna. — Nobat, ýet, öý gitdi, öý! Öýüm ot alýar. — Üns berme!.. NOBATGULY: — Seniň alym Kopylowdan getiren parçaňy dünýäniň ösen döwletleriniň liderleri bilýän däldirler öýdýärmiň? Bilýärler, emma... emma gündelik kiçi problemalar hem olara ýeterlik. Onsoň, her biriniň prezidentlik etmeli ýylam sanalgy... Şonuň üçin uly problema üns berýän ýok. Dünýä uly-uly kataklizmleriniň öňünde dur. Köpden bäri «parnik effekti» ylmy işler bilen gyzyklanýan žurnalistleriň ýörgünli sözlerine öwrüldi. Bu ýöne ýerden däl. 2010-njy ýylda dünýä okeanlarynyň, deňizleriniň derejesi häzirkisinden bir metr belende göterilýär. Bir metr nämejik! Emma şol bir metr onlarça million ilat ýaşaýan ýüzlerçe adalary gark edýär, Londonda, Nýu-Ýorkda ýaşamak uly howpa öwrülýär. Dünýäniň deňiz ýakasynda ýerleşen zonalary suw astynda galýar. Bu adamzadyň öz günäsi netijesinde dörän ullakan tebigy betbagtlyk. Adamzat soňky iki ýüz ýyl bäri kömür, nebit, gaz, benzin... ýaly ýangyçlary ýakyp, diňe asmanyň howasyny zaýalamady, ol kosmos bilen aradaky pena perdesini hem zaýalady. Häzir biziň dem alýan howamyzda kömürturşy gazy iki esse artdy. Ýene iki ýüz ýyldan köçä çykanyňda protiwogazly çykmasaň, derhal zäherlenip bilýärsiň! Soňky ýüz ýylda howanyň temperaturasy sekundyň ýüzden bir ülşi artdy. Emma Antarktidada soňky elli ýylda howanyň gyzgynlygy iki ýarym gradus köpeldi. Ýene ýigrimi ýyldan dünýä boýunça temperatura ortaça üç gradus galar. Asmany öz ýakan tüsselerimize tutduryp, dünýäni parnige öwren özümiz. Bütin dünýäde ähli tehnika, maşynlar, zawod-fabrikler energiýa bilen işleýär. Dünýä olaryň işini bökdäp bilmez, diýmek, parnik effektiniň geljegi uly. Häzir dünýä okeanlarynyň suwy on-on bäş santimetre çenli göterildi. Dünýäniň üç gradus maýlamagynyň netijesinde dörejek kataklizmlerini göz öňüne getirmek mümkinem däl. Sebäbi million ýyl ýeriň üstünde ýaşan adamzat şeýle maýlamagy görmändi... Dünýä okeanlardan ybarat, ýaşaýyş suwdan çykdy diýleni hak. Okeanlaryň suwunyň derejesiniň artmagy öz gezeginde uly silleriň, harasatlaryň gelmegine şert döredýär, ýer titremeler adatdakysyndan köpelýär... OSMAN ÖDE: — Bitden dynmak üçin ýorganyňy otlamaly-da... NOBATGULY: — Otlasaň otlabermeli, emma dünýä hiç haçan bir çukura tüýkürip bilmeýär. «Parnik effekti» şeýle global mesele. 1997-nji ýylyň dekabrynda 142 döwletiň ygtyýarly syýasatçylary üýşüp, şu meseläni çözmek hakda konferensiýa geçirdi. Emma... dünýäniň iň uly maşyn gurluşyk korporasiýasy «Forduň» baştutany «Parnik effekti» diýen toslamany ýalana çykaryp biljek alyma uçursyz uly baýrak belledi! Näderler! Heý, alymlar şol baýragy sypdyrarlarmy?! SSSR-iň soňky ýyllarynda atmosfera zyňýan kömürturşy gazymyzyň mukdary jan başyna üç tonna golaýlady... OSMAN ÖDE: — Nobatguly, biz dünýäniň iň iri, iň gorkunç problemalarynyň has eýmençleri barada söhbet açdyk, ýöne okyjylaryň arasynda «Bular dowulçy, bular adamzadyň başyna kyýamaty gopduraýjak» diýip pikirlenenleri tapylmazmy? Tapylar! Öň zaman birini bulamak ýaladybermeli edip ýenjip, üstesine-de süýräp patyşanyň huzuryna eltip: — Şu özüne Hudaý diýýär — diýip ýamanlapdyrlar. Patyşa: — Sen Hudaýmy? — diýip, gazap bilen ondan sorapdyr. Ýenjilen birneme özüni dürsäp: — Wah, meniň adym Hudaýberdi-le, ýöne yzyny aýtdyrmadylar-da... — diýen. NOBATGULY: — «Kasas kyýamata galmaz» diýen bir dana gep bar. Adamzat dünýäniň sazlaşygyndan çykan badyna özüne betbagtlyk getirýär. Ýadyňda bolsa, Karl Marksyň bir kesgitlemesi bardy: «Ýokary gatlag-a, günbe-günden aşaky synpy ezmegini güýçlendirýär, aşaky gatlagam oňa çydamaýar. Netijede-de — rewolýusiýa! OSMAN ÖDE: — On ýyl mundan öň Marksy şeýle sitirlän bolsaň, Gyzylgaýada daş kesmeli bolardyň. NOBATGULY: — Men manysyny aýdýaryn. Marksyň aksiomasy boýunça dünýä birinji jahan urşuna sezewar boldy. Uly imperiýalar syndy, on bäş million pida berildi. Iň erbedem, dünýä gan çaýkajak sosialistik döwletiň döremegine getirdi. Ýewropada «ezmän bilmeýän» ýokary synp tozdy, gedaý düşdi. Uly imperiýalar syndy. Dünýä kartasy üýtgedi... Sosialistik döwletiň döremegi has eýmenç gatnaşygy ýüze çykardy. Birinji jahan urşundan ozal baý hem garyp gatlagyň arasynda gapma-garşylyk bolan bolsa indi, iki sistemanyň arasynda gapma-garşylyk döredi, ýaraglanyşyk haýdadyldy. Netijede, dünýä ikinji jahan urşuna sezewar boldy. Ikinji jahan urşuna ýüz million pida gerek boldy. Iň elhenji dünýä ikä bölündi. Ozal kapitalistik ýurtlaryň garşysyna diňe SSSR çykan bolsa, ondan soň iki lager döredi. Ýaňadan ýaraglanyşyk haýdadyldy. Diňe dünýä iki bölünmedi, ullakan döwletler, halklar ikä bölündi. Germaniýa, Koreýa, Wýetnam... Kim aýdar örän kuwwatly sosialistik sistema, onuň kerwenbaşysy SSSR synar diýip?.. Aýyň aňyrsynda başga planetalylar oňa sebäp diýen pikiriň original! Ýöne olary hem Alla ýollan bolsa näbilýäň?! Sosialistik lageriň synmagy — diňe Hudaýyň barlygyndan! Gorhana öwrülen iki sany lager goh-galmagalsyz, uruşsyz-jeňsiz syndy oturyberdi. Akylyňa sygmaýar! Çehow näme diýýär: «Rast, sahna tüpeň asylan bolsa, ol oýnuň dowamynda hökman atylaýmalydyr». Çehowyň bu dana pähimi dünýä-de degişli... Dünýä bolsa deriden doldurylan çelek diýseň bärden gaýdýar. OSMAN ÖDE: — Mundan ýedi müň ýyl ozalky ýazgylarda hem adamlar kyýamat gopjakdygy, dünýäniň başyna bela geljekdigi barada örän ynam bilen ýazypdyrlar. Olar özlerinden soň dünýä ýedi müň ýyl dagy ýaşar öýtmändirler. Her nesil özünden soňky nesliň düýbünden ýaramazlaşýandygyna, kyýamatyň uzakda däldigine ynanýar. Bu adamyň umumy keseli. Ýöne bir zat weli aýdyň, dünýä mundan buýana uzak gidip bilmeli däl. Ynha, Yrak gysga wagtyň içinde ikinji gezek bombalanmanyň öň ýanynda dur. Ony köpçülikleýin gyryş ýarag serişdelerini, biologiki ýaraglary öndürýän döwlet hökmünde aýyplap, şolaryň önümçiligini ýok etjek bolýarlar. Eýse, ol hili ýaraglar diňe Yrakda barmy? Onlarça döwletde bar?! Emma Yragyň liderini agressiw görüp, dünýä gorkýar. Ertir Russiýa ýa Hytaýa, ýa başga döwlete agressiw lider gelse näme? Spesialistleriň pikiriçe, Yrakdaky ýagdaý ýaramaz! Howply! Olar ýeňilen Yrak Ysraýyla köpçülikleýin gyryş bombasyny oklar öýdýärler. Bu eýýäm üçünji jahan urşy! Yrak bombalananda şol howply ýarag skladlarynyň birine bomba düşmek ähtimallygy hem dünýäni elhenç gorpuň gyrasyna eltýär. Şeýle howply ýagdaý indi örän basym-basymdan dörär. Ýene mesele adamzadyň düýbünden başga pikirlenişe geçmegini aňladýar! Dünýäni üýtgedip gurmak gerek! Düýbünden başga hili dünýäni gurmak gerek! Kosmetiki düzediş bilen mesele çözülmeýär! Täze pygamber gelip dünýäni düzedip bilmeýär! — Çaga «biş» diýeniňi bilmeýär. Emma bir gezek elini çäýnege basyp «biş» diýseň, şol dessine onuň ýadynda galýar! «Biş» diýdigiň bes! Adamzada köp gezek «biş» diýildi! Birinji janahan urşy! Ikinji jahan urşy! Hirosima! Nagasaki!.. Çernobyl! Adamzadyň çakdanaşa köpelmegi hem kiçi-girim problema däl. Haýsy döwletde adamlaryň sosial durmuş ýagdaýy gowulansa, çaga dogulmasy azalýar. Tebigatam munuň aladasyny edýär. Örän täsin bir mysal bar. Oty-suwy bol, howasy gaty gowy ada fermerleriň biri pylança müň sygyr goýberýär. Adada sygyrlaryň janyna howp salýan hiç hili möjek, şagal, gaplaň ýok. Sygyrlar şeýle bir çaltlyk bilen köpelýär, fermer millioner bolup gidýär. Pylança müň sygyrdan aşsa adanyň oty ekläp bilmez öýdüp fermer gaýgy edýän eken. Şol aýdylýan sana ýetensoň, sygyrlar köpelmesini goýaýypdyr. NOBATGULY: — Adamlar sygyrlar ýaly tebigat bilen sazlaşygyny ýitirmedik bolanda, sen mamla borduň. Adamlaryň sygyrça ýokdugyna entek-entek ynanmaly borsuň. Sygyr — mahluk, adamyňky ýaly akyly ýok, şonuň üçin olary tebigat regulirleýär, adam tebigata gulak salmaýar, ol özüni regulirleýär... Ýaňy adamzadyň başyna bir topar global problemalaryň abanýandygyny aýtdyk. Budda ýaňadan gelende-de oňa dünýäniň düzetdirmejekdigi mälim. Biziň şu dartgynly ýagdaýymyza akyl ýetirmek üçin geçmişi öwrenip, paýhasy geçmişden almaly. «Gelejek üçin geçmişden uly pygamber ýokdur» diýýär Baýron. Meselem, Kolumbyň Amerikany açmagy garyp indeýler üçin kyýamat! Näme diýip Hudaý tebigat bilen sazlaşykda ýaşap ýören bedibagt, garyp indeýleriň üstünden wagşyýana basybalyjylaryň eden-etdiligine ýol berdikä? Ullakan kontinentlerinde aw awlap, ekin ekip, dokma dokap ilkidurmuş derejesinde ýaşap ýören indeýleriň depesinden dünýäniň ösen döwletleriniň — Angliýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň ot açýan ýaraglar bilen ýaraglanan basybalyjylaryny inderer ýaly Hudaýyň ýüregi demirmikä? Munuň sebäbi kanda? OSMAN ÖDE: — Amerikany basyp almaga gatnaşan ispan, iňlis basybalyjylary näçe gan içen hem bolsa, şolaryň hem depesaçyny üýşürip, elheder aldyran hadysalar bolupdyr. Meksikanyň häzirki territoriýasyny basyp alyp ýören goşun komandiri Kortes hem onuň ýoldaşlary astekleriň ybadathanalarynda ömürlerinde görmedik «tomaşasyny» görýärler. Astekleriň uruş hudaýynyň heýkeli gymmatbaha daşlar bilen bezelipdir, onuň daşyna gymmatbaha daşlar bilen sünnä ýasalan ýylan oralyp durmuş. Ullakan ybadathananyň poly, ähli diwarlary gan bilen suwalypdyr. Pidahananyň üstünde ýaňyja gursakdan çykarylan üç sany ýürek bugaryp tirsildäp dur diýýär. Basybalyjylar aşak, ikinji gata düşýärler, görseler ol ýerde tertip bilen örülen kelleçanaklaryň ambary bar eken. 136 müň sany kelleçanak! Astekleriň köp hudaýlarynyň baş dessury adam öldürip, gurban almakdan ybarat. Asteklerde bolsa, gör, näçe hudaý bar. Ýazda ekin ekjekmi — hasyl hudaýyna gurban bermeli, awa gitjekmi — aw hudaýyna, balyk tutjakmy — balyk hudaýyna. Hatda haram işleriň hem hudaýy bar. Astekler haram işlerine gurban bermäge bir ýyl öňünden taýynlanýarlar. Söweşde alan ýesirleriniň içinden iň owadan, iň daýaw, göwresi hiç bir şikestsiz pälwan ýigidi saýlap, ony bir ýyllap kemsiz bakypdyrlar. Näme iýesi gelse berlipdir, näme geýesi gelse geýdiripdirler, baý öýüň çagasy ýaly bakyp-bejerip, mydama güýçli gorag astynda saklapdyrlar. Läliksiredilip bakylan ýigide göwresine hudaý giren hökmünde, ýagny hudaý hökmünde seredilipdir. Baýramçylyga ýigrimi gün galanynda oňa iň owadan gyzlardan saýlap dört sany gyz berýärler. Gyzlar bilen näme keýp-sapa, aýşy-eşret etse haky bar. Gyzlar hem hudaý hasap edilipdir. Bir ýyllyk jennetde ýaşany bilen ol gurban baýramynda hasaplaşmaly bolýar. Baýram güni dirikä ýesiriň gursagyny ýaryp, onuň tirpildäp duran ýüregini Gün hudaýyna görkezipdirler... Gyzlary hem gurban beripdirler, olaryň hamyny emaý bilen sypyrdyp, ondan ybadathananyň ruhanylary geýim tikdirip geýipdirler. Belki, Allatagala şunuň ýal müňlerçe eýmenç gurbanlary üçin olaryň depesinden basybalyjylary inderendir? Sebäbi basybalyjylar näçe ganhor hem bolsalar, ýokarky ýaly elhençlikleri etmeýär, olaryň hudaýam, dinem baýlyk, olara baýlyk gerek, pul gerek, mes toprakly ýer gerek, garaz, maddy zatlar gerek. Diýmek, olaryň has kämil hudaýy Issus Hristos indeýleriň gurban, gan talap edýän ýöntem hudaýlaryny taryhyň arhiwine ýollaýar? Ýöne... indeýler perişdeden päkize bolanynda-da Amerika hökman açylaýmalydy. Kolumb ýa Amerige açmasa, soň biri açaýmalydy... Oňa näme diýersiň? Eger bu eýmenç dessur diňe Amerikadaky indeýlerde bolan bolsady käşgä! Adam gurban dermek dessury gadymy Gresiýada-da, Aziýada-da, Afrikada-da, Ýewropada-da, Awstraliýada-da gaty ýörgünli dessur. Biziň eramyzdan ozal karfagenler Agafokldan ýeňlip gelip, Kronos atly uruş hudaýyna gurban berýärler. Kronosyň daş heýkeliniň bir eli çaga goýmaga gaty çemel eken. Karfagenler uruş hudaýyna öz halkynyň iň gowy çagalaryny saýlap gurban beripdirler. Çagany hudaýyň goluna gysdyryp, ol ýerdenem neressäni aşakda lowlap ýanyp duran oda itiberýärler. Ýüzlerçe çagamy, müňlerçe çagamy? — ony uruş hudaýy Kronosdan başga bilýän ýok. Soň-soňlar olar öz çagalaryna derek ýesir alnanlardan gurban berip ugraýar, ýöne ýokarda aýdyşymyz ýaly, Agafokldan ýeňlenlerinden soň, Hudaý öz dessurlaryna dönüklik edip, öz çagalaryna derek kişi çagalaryny berýänleri üçin ar alýandyr öýdüp, karfagenler ýaňadan saýlantgy baý maşgalanyň iň gowuja çagasyndan iki ýüz sanysyny gurban berýärler. Şeýle ýagdaýlar Siriýada-da, Finikiýada-da duşýar. Hadada atly hudaýyň kulty ýaňy doglan bäbekleri wagşylyk bilen gurban berilmegini talap edipdir. Hadada ybadathanasynyň golaýynda gurban berlen çagalaryň süňkleriniň üýşmeklerini arheologlar şindi-şindem tapýarlar. Finikiýanyň hudaýy Molohyň ady «gurban talap edýän» diýmegi aňladýar. Hudaýdan rehim-şepagat diläp, her kim iň eziz görýän perzendini saýlap oňa gurban bermeli eken. Öýüň erkegi ýa aýaly kesellese, «özümi ölümden halas et, ýerime şuny al» diýen manyda öz çagasyny gurban bermek däbem gadymda gaty köp taýpalarda bar. NOBATGULY: — Adamyň gözýetimem, dünýägaraýşam, akyl-paýhasam beýnisiniň içinde. Ol hudaýa hudaý paýhasy bilen garaman, öz paýhasy bilen düşünýär. Aýdaly, indeý serdary özüne nämedir bir zat para berilse gowy görýär. Ol hudaý hem şeýle pikir edýändir diýip pikir öwürýär, bu ýerde onuň din baradaky orunbasary — ruhanysy kömege gelýär. Ilki hudaýa aw etini berýärler, soň altyn-gyzyl, gymmatbaha daş... Şeýdip, ol dessur dessine adama çenli ösýär. Hudaýa näme we näçe gymmat zat gurban berseň, hudaýyň senden şonça-da göwnühoş bolýar. Bu hudaý bilen söwda etmekden başga zat däldi. «Men saňa şuny berýän, sen maňa ony ber!» Astekler perişde bolaýyn diýende-de, bolup bilmez, olaryň geçmişde örän uly döwlet gurup siwilizasiýa ýetenem bolsa, Kolumbyň Amerikany açan ýyllary ol kontinentlerde adam ösüşi ýeriň beýleki bölegindäki gulçulyk zamanynyň derejesindedi, belki ondanam pesdedi. Ýene bir ýola nygtaýaryn: tä beýik dinlere çenli adam hudaýy hudaý paýhasy bilen döretmedi, öz paýhasy bilen döretdi. Olaryň pikirlenişi, gözýetimi özleriniňki ýaly. Netijede, müňlerçe ýyllap adamyň döreden müňlerçe hudaýlary olardan adam ganyny talap etdi. Çinownikçilik merduwanynda para bermek hem şol pikirleniş, şol usul. Çinownik özünden ýokarda oturana para berýär, ony Hudaý sanýar, çinownik hem onuň depesinden guş uçurmaýar. Diýmek, onuň ýokarsynda oturan çinownik gadym zamandaky pudaklaýyn hudaýyň ornunda otyr. Eger aşagyndaky oturan onuň göwnüne ýaramasa, depip goýberýär. Aşakda bolsa ölüm! Ol pida! Ol gurban! Şonuň üçinem uly işlerden aýrylýan çinownikler ölmek bilen. Çinownikçilik merduwan bolsa uzap hudaýyň bäri ýanyna çenli ýetýär. Şundan misil tutsaň, biziň asyrdaky pikirlenişiň pidalarynyň hasabyny asla ýöretmek mümkin däl! OSMAN ÖDE: — Ony düşündirip bolar, emma düşünip bolmaz! Şu günki Hudaýdan, öňi bilen, baş saglygyny, çagalarynyň aman-esen bolmagyny, «bagyr awusyny» duýmazlygyny dileg edýär. Her kim çagasy keselläninden özüniň kesellänini has ganymat göräýr, «Balamyň ornuna meniň janymy al» diýip, bar-bar bagyrýan eneleriň sesinem tabyt göterilende eşidip bolýar. Öz aman galmagyň üçin çagany öldürmek kelläňe syganok. NOBATGULY: — «Gorkut atanyň kitabyndaky» Dumrul boýunda Dumrul begiň jan istäp atasynyň, enesiniň üstüne barmasy näme? Ýeke ogullary olaryň üstüne baryp ýalbaryşyny ýada salaly: Dumrulyň enesi näme diýer? Ogul-ogul, aý ogul! Dokuz aý dar garnymda göterdigim ogul, On aý diýende, dünýä getirdigim ogul, Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim ogul, Akja burçly hysarlarda tutulaýdyň ogul... Ýaman ýere barmyş sen, — bara bilmen. Dünýä şirin, jan eziz janymy gyýa bilmen, Belli bilgil. OSMAN ÖDE: — Meniň pikirimçe, bu taýda esasy mesele başgarak. Däde Gorkut Dumrul begiň ölümine pajyga berip, Ezraýylyň, Ajalyň, musulman dininiň hatyrasyny beýge götermek isläpdir. NOBATGULY: — Biz geçmişe şu günki gözýetimimiz bilen seredip baha berýäris. Geçmişe geçmişiň beýnisiniň içine girip, olaryň ynanjyna ynanyp, olaryň hudaýyna bitip, onsoň baha bermeli... Geçmişde beýik dana ärlerem ýaşapdyr, dünýä pähim-paýhas goýupdyr, emma dünýäniň geçmişiniň weli şol tümlügi. Nadanlyk. Nadanlygyň bolsa aňry serhedi bolmaýar. Men bir mysal getireýin. Fransiýada, Parižde biziň günlerimizde haýsydyr bir örän abraýly tomaşa jaýy täsin konsert programmasy bilen çykyş edýändigi barada gazetlerde bildiriş beripdir. Biletleriň bahasy adatdakysyndan onlarça esse gymmat. Konsertiň ady hem «Ümsümlik». Konsert gijesi tutuş Parižiň elitasy, saýlantgy adamlary konsert zalyna ýygnanýar. Olary konserte getiren biletiň gaty gymmatlygy! Gymmatmy — diýmek gowudyr! Diýmek, her entäp ýören girip bilýän däldir! Saýlantgy adamlaryň konsertidir! Zal kemsiz dolýar. Konserti alyp baryjy çykyp örän medeniýetlilik bilen konsertiň başlanýandygyny yglan edýär. Sahna açylanda ortarada bir pianino bilen bir stul dur. Başga hiç kim ýok. Jemagat garaşýar. Üç minut, bäş minut, on minut. Emma şol bir dym-dyrslyk! Kyrk minut geçenden soň ýaňky alyp baryjy orta gelip,on bäş minutlyk antrakt yglan edilýändigini aýdýar. Jaň bolýar. Jemagat antrakta çykýar, kofe içen kofe içýär, suw içen suw. Konsertiň başlanýandygyny yglan edip, jaň kakylýar. Ikinji aktda-da şol öňki ýagdaý dowam edýär. Millet bir ýarym sagat gepiň doly manysyndaky ümsümligi diňläp, konserti gurnaýjylara ýeke agyz ýakymsyz zat diýmän, mertebe bilen öýli-öýüne gidýärler. Eger şol konsert bizde gurnalanda bäş minut geçip-geçmänkä sykylyklap, gykylyklap konserti guraýjylary it alan sanaja döndererdiler. Emma Parižiň elitasy üçin ol aýyp. Olar hatda biri-birine «Bu näme boldugy?» diýip sorag hem bermändirler, sebäp şol sözden abraýyna şek geler ödýärler. Ertesi konserti guraýjydan žurnalist interwýu alyp, «Agşamky konsertiň maksady näme, näme üçin beýtdiňiz?» diýeninde ol: — Men adamlaryň nadanlygynyň aňry serhedine göz ýetirjek boldum — diýip, jogap beripdir. Bu Parižde, dünýäniň ösen ýerinde bolan waka! Geçmiş başga! Pikirleniş başga! Din başga! Dünýägaraýyş başga! Geçmişde öz aýal doganyna hut öz dogany öýlenipdir. Sebäbi öz zadyňy kesekä berip bolarmy diýen filosofiýadan ugr alnypdyr. Ynam! Ählisi ynam esasynda! Döwür näçe nadan bolsa, ynsan şonça ynanjaň bolýar. OSMAN ÖDE: — Seniň pikiriňçe, Sokrat hem nadan bolýar onda. Sen onuň öldürilişini, has takygy özüni öldürişini bilýänsiň! NOBATGULY: — Moskwada teatrlaryň birinde oýnuny görüpdim. Armen Jigerhanýan Sokraty diýseň gowy oýnady. Emma onuň ölüminiň jikme-jikligini bilemok. OSMAN ÖDE: — Bilmeseň, diňle onda. Gadymy ýunanystanda hudaýlar gaty köp. Özüni sowatlydyr öýden adam ony bilýär. Antik zamanynyň atasy, akyldarlaryň akyldary Sokrat täze hudaýlar barada taglymat döredip, öz şägirtleri bilen öz «toslan hudaýlaryna» ynanyp başlaýarlar. Täze hudaýlar grek jemgyýetçiligine uly howp salyp ugraýar, çünki Sokrat dana, akyldar, adalatly adam, orator, beýle adamyň yzyna düşüjiniň köp boljagy ikuçsuz. Ýunan döwleti ondan gorkup, Sokraty sud edýär. Filosofy sud etmeklige bäş ýüzden gowrak sudýa gatnaşýar, olaryň üç ýüzüsi Sokrata ölüm jezasyny bermeli diýen karara gelýär, Sokraty gorap çykyş eden sudýalaryň sany bolsa iki ýüz elli. Sud Sokrata «döwlet zäheri» sikutuny öz meýline içmeli diýip höküm çykarýar. Suduň höküminden soň, näbelli sebäplere görä permanyň ýerine ýetirilmegi bir aý gijikdirilýär. Dostlary Sokrata gaçmagy teklip edýärler. Olar ony gaçyryp, ölümden halas hem edip biljekler, emma filosof kes-kelläm gaçmakdan boýun towlaýar. Sokratyň dosty Platonyň ýazmagyna görä, ol ruhuň ölmez-ýitmezligine şeýle bir ynanypdyr. Ruhy göwresini terk eden dessine ol asmanda has akyldar hudaýlar jemagaty bilen duşuşyp, ýaşaýşyň indiki etapy hakda pikir edip biljegine bijaý ynanypdyr. Filosofiýa jany-teni bilen berlen Sokrat herki zadyň ölýändigi hem ýaňadan direlýändigi hakdaky taglymata ömrüni bagyş edýär, «Bütin ömrüňi şol pikire uýup, ölüm gelen pursady hem ondan gaçmak kemakyllyk bolar» diýen pikire uýupdyr. Ol Pifagoryň ylmy garaýyşlaryny ösdürip, oňa ýürekden ynanypdyr. Pifagoryň pikiriçe, ynsanyň göwresi zyndan, onda ölmez-ýitmez ruh ejir çekýär, ruhuň azatlyga çykmagy bilen hakyky ýaşaýyş başlaýar, özem adamlaryň arasynda däl-de, hudaýlaryň arasynda. Dünýäde hiç bir zat ýönelige bolmaýar, Sokratam ölüme mynasyp, sebäbi hudaýsyz çöp başy gymyldamaýar. Hakyky filosof dünýäni gelşine görä ýaşamaly däl, akylly-başly ýaşamaly, özüňe berlen baky ruhuň kämil çykmagy üçin bütin ömrüne alada etmeli diýen pikiri ösdürýär. Sokrat hudaýlaryň talaplaryny amal eden adam, şonuň üçinem ol ölümden çigit ýaly hem gorkmaýar, gaýta ol täze ýaşaýşyň gapysyny açmaga höwesek. Ölümiň öň ýanynda Sokratyň zyndanyna dostlary Fedon, Simmi, Kebet, Kriton, Apollodor, Platon dagy üýşýär. Olar zyndanda ruhuň ölmez-ýitmezligi barada şeýle bir gyzygyp jedel edýärler weli, Sokratyň ölümini ýola goýmaly zyndançy üç-dört gezek olaryň gürrüňiniň arasyna kesip, Sokrata beýle gyzgalaňly bolmagyň bolmaýandygyny, ýogsa beriljek awynyň Sokraty öldürip bilmejekdigini, şonuň üçinem iki-üç gezek içmeli boljakdygyny ýatladyp, olara asuda söhbet etmegi teklip edýär. «Afinylylar seni adalatsyz ölüme höküm etdiler» diýenlerinde, Sokrat olary tebigat ölüme höküm eder» diýip biparh jogap berýär. Ol ölümiň öňýany ýuwunyp, bedenini, ruhuny tämizleýär. Soňra ýakyn hossarlary bilen hoşlaşyp, olara öýli-öýüne gitmegi tabşyrýar. Soňam zyndan gullukçysyna: — Hany, eziz dostum, awyny nädip içmeli? — diýýär. Ol gullukçynyň öwredişi ýaly, awuly bulgury şerap içen ýaly başyna çekýär. Dostlary, ýakynlary aglaýarlar, Sokrat olary köşeşdirip, asudalykda ölmelidigini aýdýar. Ol awyny içenden soň, sekä geçip ýatýar, zyndançy zäheriň nirä barandygyny biljek bolup, onuň aýagyny, baldyrlaryny, uýluklaryny basyşdyrýar, şeýlelikde, zäher onuň biline barýar. Şonda ol ýerinden galyp: — «Kriton, biz Akslepise — lukmançylyk hudaýyna horaz sadaka bermelidiris, git-de şony ber» diýýär. Bu Sokratyň aýdan iň soňky sözi bolýar, ol sözüň kinaýa bilen aýdylandygy ýa çyndan aýdylandygy alagüman bolup galýar. Sokrat sekisinde bir urnup jan berýär. Nähili beýik ölüm! Sokrat akyldar ýaşaýşyň nähili bolýandygyny, beýik ruhly ölümiň nähili bolmalydygyny geljege sapak edip öldi. Sokrat nadanlyk esasynda ölmedi, ýok beýik ynamy esasynda öldi... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |