22:32

"Çarh bu işe guwanar, bolmaz ahyrzamana" / dowamy

Söhbetdeşlik
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 469 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE, Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 mango  
651
(Hind binti Utbe) Barmagyny suwa batyryp, pygamberiň şerigat kanunlary bilen ylalaşmaýandygyny gös-göni aýdýar:
— Heý-de azada zenanlara jelepçilik edýäň diýip bolarmy? Onuň özi-özüne hojaýyn dälmi, eýse ol gyrnakmy?

Söhbetdeşlikdäki käbir dini çekişmeler bilen ylalaşyp bilemok.
Ýokarda Hindiň adyndan aýdylan gürrüňem birinji gezek eşidýärin.
Hind akylly, dilewar, şahyr, batyr, başarjaň aýal bolupdur.
Bedr söweşinde Hamza (pygamberimiziň kakasynyň jigisi, ýalňyşmasam) Hindiň kakasyny, agasyny we daýysyny öldürýär. Hind ilki başda yslama duşmançylyk edýär, Hamzany Uhud söweşinde Wahşä öldürtýär…
Mekge musulmanlara geçensoň adamsy Ebu Sufýan bilen yslama girýär we soňky ömrüni mynasyp, göreldeli musulman bolup ýaşaýar.

Umuman, şeýle welin Magtymgulyň şu setirlerini kim kommentirläp bererkä “Çarh guwanar bu işe, bolmaz ahyrzamana”.

Goşgyny dolulygyna internetden tapdym:

Eý, agalar, aglar men, geldi, geçdi zamana,
Ýagşy gadry bilinmeý, döndi döwür ýamana,
Ýaman aldy jahany, dönmez tili imana,
Köp pakyrlar aglaşyp, geler andan amana,
Istäri bar az wagtdan derhem bola zamana.
Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile baş goşman,
Başyň gara bilmediň, ne dost bildiň, ne duşman,
Eý, ýaranlar, sud etmez imdi etseň müň puşman,
Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,
Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.
Düşmegin ham hyýala-dünýä gelen ölmezler,
Gelen geçer dünýäden, biri aman galmazlar,
Janlar çekip çagyrsaň, dogry ýola gelmezler,
Herne bolsa ýuwtarlar, halal, haram bilmezler,
Diýrler: Hakdyr Muhammet uýupdyrmyz “Kurana“.
Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il dynmaz,
Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehm inmez,
Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez,
Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz, gök inmez,
Çarh guwanar bu işe, bolmaz ahyrzamana.

Gapyl galdym, ýaranlar, öz-özümden riştim ýok,
Hakdan gaýry hiç ýerde penahym ýok, puştum ýok,
Pikir bahyrna girdim, ýelkenim ýok, kiştim ýok,
Magtymguly, men mundan çykar ýaňlyg deştim ýok,
Elim bersem, tutan ýok, düşdim düýpsiz ummana.

0
2 Myhman0430  
778
giriş

Magtymgulyň adyndan ýazylan goşgulaň hemmesi Magtymgulyňkam dälmiş. Gylyç Mülliňkileri agzamaňda-da, popalneniýe ýetikmiş.

Magtymgulyň öz goşgularynyň hem awtoryň golýazmasy bolmanlygy sebäpli, dilden dile geçende üýgän sözler, setirler bolmagy ahmal. bet tekstologloň elinden geçmäge mätäç.

ýokarky goşgy barada: meň üçin düşnüksiz. goşgyň formasy muhammes eken.

birinji bent

Eý, agalar, aglar men, geldi, geçdi zamana,
Ýagşy gadry bilinmeý, döndi döwür ýamana,
Ýaman aldy jahany, dönmez tili imana,
Köp pakyrlar aglaşyp, geler andan amana,
Istäri bar az wagtdan derhem bola zamana.

şahyr näme üçin aglaýa. gowy zamanyň geçendiginemi ýa zamanaň geldi-geçerliginemi (başdan sowma, perwaýsyz)?
eger "Ýagşy gadry bilinmeý, döndi döwür ýamana," diýýän bolsa, onda zamana soň erbetleşipdir.

birinji dört setirinde diýýä: bir döwür gitdi beýlki geldi, ýagşyň gadryn bilýän ýok, düýe, ýöne, ýamandan doldy, iman edýän ýok. pahyrlar aglaşýalar, ondan (zamandan, ýa-da dünýäni dolduran ýamanlardan) aman dileýä.
bäşinji setir: bahymjak zamanaň buýr-bulaşyk bolmagyny isleýänler bar. kim ony isleýär? ýamanlarmy? goşga seretseň-ä ýaňky aglaşýan pahyrlar isleýän ýaly. olar näme üçin beýle zat isleýä?! Hudaý bilsin.

ikinji bent (bärde liriki gahryman öz duýgularyna geçýä)

Ne sapaly günmüşdik, deň-duş bile baş goşman,
Başyň gara bilmediň, ne dost bildiň, ne duşman,
Eý, ýaranlar, sud etmez imdi etseň müň puşman,
Dünýäsine dolaşman, ogul-gyza bulaşman,
Ne hözirli günmüşdik bolup gitsek diwana.

eýýäm birinji setiri düşnüksiz. deň-duş bilen baş goşman ýörseň nähili (örän gowy manyda) sapaly gün eken" diýiljek bolýamy. eger setiriň soňundanky -man hal işliginiň ýoklugy bolsa ol gutarmadyk sözlem bolýa. indiki setirde yzy bolmaly ýöne ýok.
başyňy ga:ryp (garyşyp-gatylşyp, goşulşyp) bilmediň, hiç kim bilen dostlaşmadyňam, duşmanam edinmediň. indi bolsa näçe puşman etseňem peýdasy bolmaz. (äý, borlaý, aslynda-ha) dünýälik zatlaň (ne mal-mülk, ne öýlenip ogul-gyza garyşmak) hiçinsine bulaşman, diwana bolup gezseň hözirli eken.

0
4 Haweran  
411
"Magtymgulyň adyndan ýazylan goşgulaň hemmesi Magtymgulyňkam dälmiş..."

Magtymgulyñ goşgulary boýunça ýyllaryñ dowamynda okyjylaryñ, diñleýjileriñ añyna siñen pikiri üýtgetmäge dalaşgär, has dogrusy bulaşdyrmakdan başga zada ýaramajak bu pikiri orta atmak ü.nem iñ azyndan eliñde birgiden ylmy we taryhy tutaryklar, deliller we bular esasynda gelinen sagdyn netijeler bolmaly.
Bolmasa dymanyñ ýagşy.

0
5 Myhman0430  
778
ÇAKLAMALAR, DELILLER, SOWALLAR

Döredijilk adamlarynyň üç-dört sanysynyň başy çatylyp, edebiýatdan gep açylsa, Magtymgyly Pyragynyň köp goşgusynyň özüniňki däldigi hakda-da jedel edilýär. Ol ylmy esassyz, ýöne howaýy gürrüň bolansoň, aýdylan ýerinde-de galýar. Emma ol gürrüň ýitip gidäýenok. Eger ol ýitip gitmeýän bolsa, ýitip gitmezlige hem sebäbi bolmaly. Biz ol çaklamalar barada oýlanmalymy ýa-da onuň ýitip gitmeginiň tarapynda durmalymy? Her ki işde bolşy ýaly edebiýatda-da arassalyk, dogruçyllyk gerekmi ýa-da ol zatlara üns hem bermän, ýazylana ynanyp oňubermelimi? Iň bolmanda, Magtymguly ýaly beýik şahsyň dünýäsine galplyk bilen aralaşýan adamlardan şahyry goramalymy ýa-da olar näme hödürleseler, Magtymgylynyňky diýip kabul edibermelimi?
Magtymgulynyň soňky ―tapylan goşgulary, Gylyç Müllüýewiň guran ―oýny barada men ilkinji gezek 1959-hjy ýylyň awgustynda şahyr Durdy Haldurdynyň öýünde
eşitdim. Men ýaş oglan bolamsoň, gepe goşulman (goşulubam biljek däldim), aýdylýanlary diňläp otyrdym. Ýaşulular öz aralarynda jedel edýärdiler. Ýaşuly diýýänlerim bolsa D.Haldurdy, Aman Kekilow, Ata Köpek Mergen, Çary Gurbangylyç hemem türkmen dilini ýüzleýräk bilýäni zerarly gürrüňe onçakly aralaşyp bilmeýän Aleksandr Iwanowiç Aborkin-Aborskidi. Ýaşulularyň biri täze tapylan goşgulary
Magtymgylynyňky hasaplasa, beýlekisi Gylyç Müllüýewiň hut özüniňkidigini tekrarlaýardy. Umuman, ýagdaýdan baş alyp çykar ýaly däldi, düşnüksizlikdi.
Magtymgylynyňky hasaplanyp resmi ýagdaýda kabul edilen goşgularyň tapylanyna ýarym asyrdan gowrak wagt geçenem bolsa şol düşnüşksizlik henizem öňki düşnüksizligine galyp gelýär. Henizem iki şahyryň başy çatylan ýerde şol köne düşnüksizlik hakynda täzeden gep gozgalýar.
1972-nji ýylyň tomsunda, ýazyjylaryň Moskwanyň etegindäki Peredelkino döredijilik öýünde özara gürrüň edişip otyrkak, meniň Gylyç Mülliýew hem Magtymguly barada beren sowalyma Berdi Kerbabaýew şeýleräk jogap gaýtardy:
1948-nji ýylda, türkmenleriň arasynda ady tanalýan Mülli işanyň Mary obkomynyň söwda bölüminiň instruktory bolup işleýän oglunyň Magtymgulynyň şol mahala çenli näbelli goşgularyndan abyrsyz setirleri ýatdan bilýändiginiň habary gulagyna ýeten B.Kerbabaýew haýal etmän, Şaja Batyrowyň ýanyna barýar. Ol mahallar Ş.Batyrow Türkmenistanyň Bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň ideologiýa işlerini alyp
barýan sekretary eken. Ol geň habar bilen Ş.Batyrow hem örän içgin gyzyklanýar. Ol Gylyç Müllüewiň ýatdan bilýän şygyrlaryny tizden-tiz ýazyp almaly diýen görkezme berýär. Marydan ýörite çagyrylyp getirilen ýaş ýigit Pöwrüzede özbaşdak jaý,çaý naharyna sereder ýaly aşpez bilen üpjün edilýär. Ol Pöwrüzeden çykman, bir aý töwerek wagtyň dowamynda basa oturup işleýär. Netijede, Magtymgulynyň 216 sany goşgusy kagyza geçirilýär. Şeýlelikde, şol mahala çenli aýatda ýok goşgular Şaja Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky resmi topar tarapyndan derňelip, Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň şol meselä bagyşlanan plenumynda hem Magtymgulynyňky diýlip makullanýar. Meniň:
― Şol goşgularyň Magtymgulynyň hut özüniňkidigine siz müňkür
bolmaýarsyňyzmy? - diýen sowalyma B.Kerbabaýew:
―Ýok - diýen gysga jogap gaýtardy.
Magtymgulynyň goşgularyny üns berip okadygyňça, logiki taýdan baglanyşygy gowşak, ýerliksiz, nädogry gaýtalanýan sözlere, ―arzan rifmalara, ritm näsazlyklaryna kän ýerde gabat gelinýär. Şahyryň döredijiligine daýanyp terjimehalyny yzarlajak
bolsaňam bir topar düşnüksizlige, gapma-garşylyga,göze dürtülip duran nätakyklyga duşýarsyň. Iň beterem, käbir goşgulary inçeden yzarlasaň, beýik şahyryň kitabyna juda ownuk, ýöntem awtorlaryň sokulandygyna-da ynanasyň gelip barýar...

Atajan TAGAN / "40 ýylda ýazylan kitap".

0
7 Myhman0430  
778
ýene bir gyzykly waka

Men Magtymgulynyň käbir sözlerini,
rifmalaryny,ýaşan ýeriniň geografik atlarynyň bitnäçesini ulanyp bir goşgy
ýazdym.Ine,şol goşgy:
Okydygym ―Wagzy-Azat‖,
Şol mydary ýat edermen.
Ömri nesýe bergen Izzet,
Şirin zary ýat edermen.
Jandan zyýat namys-arym,
Hak ýoluna herne barym.
Ýedi yklym medetgärim,
Çaryýary ýat edermen.
Niçik haýýat aşsyz-nansyz?
Niçik haýýat hany-mansyz?
Geçdi ömrüm Çowdur hansyz,
Dosty-ýary ýat edermen.
Gitdi goldan gül destanym,
Soldy ýaýla—gülüstanym.
Weýran boldy Dehistanym,
Herne bary ýat edermen.
Kaýda maksat,kaýda many?
Ýakdy pyrak şirin jany.
13
Berse Taňrym Meňli hany,
Zülpi tary ýat edermen.

Ýetdi mizan,soldy bagym,
Ötdi meýlis—juwan çagym.
Ümür bürän Soňudagym,
Alma-nary ýat edermen.
Pyragy,segsendir salym,
Günbe-günden teňdir halym.
Medinäge düşse ýolum,
Biribary ýat edermen.
( Izzet—Hudaýyň bir ady.)
Magtymgulyşynaslaryň biri gabat geläýse,reaksiýasyny bilmek üçin goşguny ýat
tutdum.Bir gezek men ömrüni Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmeklige bagyşlap,
şondan ―nan iýýän‖ uly alymyň hem gatnaşýan myhmançylygyna çagyryldym.Çaý nahardan soň köp-köp gepiň başy agyrdyldy.Ahyram gürrüň edebiýata geçdi.Meniň
türkmen şahyrlarynyň goşgularyny ýatdan aýtmagy az-kem başarýandygymdan
habarly biri şygyr okamagy haýyş etdi.Men garşy bolmadym. Sebäbi Magtymgula
öýkünip ýazan goşgymy derňemäge mümkinçilik döräpdi.Men Ýunus Emräniň ―Biz
dünýäden gider bolduk‖ diýip başlanýan,Mätäjiniň ―Aýperi‖, ―Elden gider‖,Seýdiniň
―Çagdyr bu çaglar‖,Keminäniň ―Hamana‖, ―Garyp‖, Zeliliniň ―Yklym perizady sen‖
diýip başlanýan, Mollanepesiň ―Istäp ki gözel ýary‖, ‖Köňlüm‖ goşgusyndan soň
―Magtymgulynam diňläň!‖ diýdim-de, ―Ýat edermene‖ geçdim.
Oturanlar şygyrlaryň hemmesini-de üns bilen diňlediler.Birbada hiç kimden hiç hili
söz bolmady.Ahyr goşgy okamagy haýyş eden myhman: ―Hemmesem gowy welin,
deňeşdirilip okalanda, Magtymgulynyň beýikligi aýyl-saýyl bolyp dur‖ diýdi. Emma
alym welin ýagşydan-ýamandan dil ýarmady.Ýogsam ol Magtymgulynyň goşgularyny
ýat bilmese-de, biriniň tötänden okan şygrynyň onuňky däldigini hökman
saýgarmalydy.

A. Tagan "40 ýylda ýazylan kitap" 12 sahypa (elektron (pdf) görnüşde, sahypaň ýeri üýtgäp biler)

0
8 Myhman0430  
778
şulam täsin

Şu ýerde men edebiýatçy alym Tejen Nepesowyň şahsy arhiwinde saklanýan,
Gylyç Müllüýewiň Magtymgulynyň heniz çap bolmadyk goşgulary diýip galdyran gaty
galyň dört depderiniň birinden göçürip alnan muhammesi mysal getirmek isleýärin.Siz
ony örän ünsli okaň.
HYÝALYM
Gul men,ömrüm gullukda,ýa reb ne bolgaý halym?
Ybadatda şebu-ruz,ýokdur gaýry hyýalym.
Lä ilaha illalla,tilim zikri senasy,
Yrak kylma dergähden menu ýa züljelalym.
Çykmak dähr fenadan mahaldyr maňa, eý ýar,
Magşar eýýu hal habyp, he bolajak agmalym.
Üzmeý golum tä ebet bolmuşam talyby din,
Lerzana düşdi bul jan,ýokdur imdi mejalym.
Lagly ylym bolgusy kitabyl ―Wagzyl-Azad‖,
Imdi ki Magtymguly,pursat bergeý ajalym‖
Kesesinden garasaň,bu muhammese Magtymgulynyňky däldir diýmäge
Diliňem aýlanar ýaly däl.Klassyky stil,klassyky dil,göwnejaý ýerine ýetirliş, dine, ylma
hormat goýmak, Hudaýa ynanmak, ―Wagzyl-Azady‖ ýatlamak… Garaz, ol
muhammesi şu gün ýaşap ýören adam ýazandyr öýdüp pikir etmäge ýapyşalga-da ýok....

şol kitapda 16 sahypa

0
3 Myhman0430  
778
yzy soň

0
6 Myhman0430  
778
yzy

üçünji bent

Düşmegin ham hyýala-dünýä gelen ölmezler,
Gelen geçer dünýäden, biri aman galmazlar,
Janlar çekip çagyrsaň, dogry ýola gelmezler,
Herne bolsa ýuwtarlar, halal, haram bilmezler,
Diýrler: Hakdyr Muhammet uýupdyrmyz “Kurana“.

(ilki iki setirinde, esasy, ýamanlara ýüzlenýän ýaly) bu dünýä gelenleň hemmesi öler, baky ýaşaryn öýtmäň.
(soňky üç setirinde ýamanlary suratlandyrýa) dillerinde Muhammede, Kurana uýduk diýselerem halal haram diýmän ýuwudar durarlar. edeniňiz ýalňyş diýseňem diňlemezler.

dördünji bent.

Döwran, niçik döwran sen, garyp aglar, il dynmaz,
Zulmy artar zalymyň, hiç köňlüne rehm inmez,
Jahany ýakdy gitdi, ýamanyň ody sönmez,
Bir Muhammet hatyrna ýer ýarylmaz, gök inmez,
Çarh guwanar bu işe, bolmaz ahyrzamana.

ýene döwür barada birinji üç ben düşnükli.
soňky iki setir. zalymlyk o derejä ýetdi, aslynda bu bolýan zatlara ýer çöwrülip asman inibermeli. ýöne 1-njiden Muhammediň hatyrasyna (az sanlam bolsa Muhammede dogry şekilde uýýanlaryň hatyrasyna) ahyr zaman bolanok we muň bolmaýanyna çarhy pelek hezil edýä, heşelle kakýa.

şu ýerde parantez açmaly bolýa. klassyk edebiýatda dünýä, çarhy pelek köplenç otrisatel sypatda suratlandyrylýar. olar kä halatda gowam bolup bilýä. munuň uzyn düşündirişi bar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]