11:23 Oñarsa köpeltmesin! | |
OÑARSA KÖPELTMESIN!
Degişmeler
Kätip gyz ýüzüni-gözüni çytyp, çyny bilen başlygynyñ garşysynda çykýar we şeýle diýýär: - Men sizden aýlygymy es-esli köpeltmegiñizi isleýärin!.. Ol muny diýende çynlanaý we özüne ynamly görnüşde diýipdir. Başlyk diýilýän milletem özüñiz bilýärsiñiz, hemişe gaharly bolýar. Ol kätip gyzyñ aýlygyny köpeltmegi soraýandygyny eşidip, onuñ dik gaýşyşyny görenden jyny atlanýar: - Aýlygyñy köpeltdiresiñ gelýär, hä? Özem ep-esli möçberde? Ýeri, menden başga näme isleýäñ? Kätip gyz aljyraman-etmän birsalym diñşirgenip "Dogrudanam men ýene näme isleýän?" diýip, birküç sapar gaýtalaýar-da, soñky nokady goýýar: - Bir çaga isleýärin! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |