23:15 Orta asyr taryhçylary Mary hakynda | |
ORTA ASYR TARYHÇYLARY MARY HAKYNDA
Taryhy makalalar
Mary – gadymy şäher. Onuň gadymylygy hakda hiç hili söz ýok. Ýöne onuň haçan we näwagt düýbüniň tutulandygy hakynda ylym äleminde takyk senesi aýdylmaýar. Müň ýyldan öň bu ýere gelip gören ylym adamlary hem onuň ýaşyny kesgitläp bilmändirler. Ýöne taryhda Marynyň öz orny, öz gymmatlygy bardyr. Ol köp halatlarda ylym ojagy hökmünde giňden tanalypdyr. Oňa Merw Şahyjan, ýagny şalaryň ýüregi, jany diýilmegi hem bu \äheriň ýöne bir şäher bolmandygy, onuň dünýä siwilizasiýasyndan düýpli habar berendigini aňlamak kyn däl. Onuň taryhyna degişli dünýä belli alymlar öz işlerini bagyşlapdyrlar. Biziň ýazgymyzda dürli döwürlerde dürli taryhçylaryň Maryny gelip görüp, özlerinde galan täsirlerini bir ýere jemlemegi makul bildik. Oňa ylym taýdan seljerişden saklandyk. Onuň geregem ýok. Bular okyjylaryň gadymy Mary şäheri baradaky onuň şol döwürlerdäki keşbiniň nähili bolandygy hakdaky düşünjelerini giňelder maksady bilen, muny okyjylarymyza hödürleýäris. Asly eýranly arap geografy Abylkasym Ubeýdallah ibn Abdyllah ibn Hordadbeh tarapyndan ýazylan «Kitab as-mesalik wa-l-memalik», ýagny ýollar we oba-şäherler hakyndaky kitaby. Hordadbehiň özi 820-nji ýylda doglupdyr. Onuň kakasy Tabaristan şäheriniň häkimi bolupdyr. Hordadbeh Bagdat şäherinde bilim alypdyr. Halyfyň köşgündäki adamlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolupdyr. Soňra ol Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Jibal diýen ýerinde poçta bölümine ýolbaşçylyk edipdir. Ol birnäçe kitabyň awtory. Ýöne bize gelip ýeteni ýaňky ady agzalan kitabymyzdyr. Özi poçta ugrundan işlänsoň, ol obalaryň we şäherleriň ählisine belet bolupdyr. Haýsy şäher bilen haýsy şäheriň aradaşlygyny bäş barmagy ýaly bilipdir. Kitabyň «Nişapurdan Merwe we ondan aňry Mawerannahra çeni ýol» diýen bölüminde Ýanyjar diýen ýerden Merw Şahyjanaçenli bäş farsahlyk1 ýoldugyny ýazyp, Merwde sitadeliň bardygyny habar berýär. Merwden iki ýoluň aýrylyp gidýändigini – bir ýoluň türkleriň ýurdy Şaşa, bir ýoluňam Balh bilen Toharystana äkidýändigini ýazýar. «Şaşa we türklere barýan ýol» diýen bölüminde ol Merwden Kuşmahan diýen ýere barýança 5 farsah ýol ýöremelidigini, soň ondan Diwaba 6 farsah, soň Mansafa çenli 6 farsah, soň Ahsa çenli 8 farsah, soň Osmanyň guýusyna çenli 3 farsah, soň ondan Amula çenli 8 farsah, jemi Merwden Amula çenli 36 farsah ýol geçmelidigini görkezipdir. Ýene bir bellemeli zat, Hordadbeh öz kitabynda şo döwürde türkleriň ýaşaýan ýerleri hakda-da azda-kände maglumat berýär: türkleriň ýurdunda dokuzguzlaryň ýaşaýan welaýatynyň iň uludygyny, onuň Hytaý (Sin) we Tibet bilen, garlyklar bilen serhetdeşdigini ýazýar. Soňra ol gymaklaryň, oguzlaryň, jigirlaryň, beçenekleriň, törgeşleriň, azgişleriň, gypjaklaryň, gyrgyzlaryň atlaryny agzamak bilen, garlyklar bilen halaçlaryň derýanyň o tarapynda ýaşaýandygyny aýdýar. Farap şäherinde bolsa bir wagtda musulmanlaryň we garlyk türkleriň otrýadlarynyň ýerleşýändigini, türkleriň jemi 16 sany şäheriniň bardygyny hem maglumat berýär. Awtoryň Merwden Toharistana çenli aralykda geçilmeli ýoluň jikme-jikligi bilen bilýändigini onuň bu aralykdaky şäherleriň we obalaryň bir-birinden aradaşlygyny anyk ýazmagy hem güwä geçýär. Mysal üçin, ol Merwden Faza diýen ýere çenli onuň 7 farsahdygyny ýazyp, soň onlarça ýerleriň atlaryny getirýär we olaryň biri-biri bilen näçe aradaşlykda ýerleşýändigini habar berýär. Biz ýene şo ýerde Merwden Balha çenli 126 farsah ýol geçmeli ekendigini onuň maglumatlaryndan bilýäris. Şeýle hem kitapda Abul-Abbas Abdylla ibn Tahyr döwründe (826-827 ý.ý.) Horasanyň we oňa birleşdirilen şäherleriň oňa tölenmeli salgydyň ýagdaýy hakyndaky maglumatyň getirilmegi hem gyzyklydyr: mysal üçin, şo ýyllarda Merw Şahyjanyň salgydy 1147 000 dirhem bolup, salgydyň tölenmedik bölegi 67.144 dirhem we 3 dana[2] eken. Ýene bizi gyzyklandyrýan bir zat, olam şo döwürde Horasanda patyşalaryň atlandyrylyşy hakyndaky maglumatdyr. Mysal üçin, Nişapurda patyşa - kunar diýilýän eken. Merwde -mahuýe, Sarahsda -zaduýe, Abiwerdde –bahmana, Nusaýda –abraz, Garçistanda –barazband, Merwerudda –kilan, Gürgende -sul... diýlip atlandyrylypdyr. Arap taryhçysy we geografy Al-Ýakuby «Kitap al-buldan» («Ýurtlar hakynda kitap») atly işinde Horasan welaýatynyň Gürgen, Tüs, Nişapur, Talkan, Balh, Merwerud, şeýle hem Türkistan hakynda ýazmak bilen Merw hakynda maglumat beripdir. Al-Ýakubynyň doglan ýyly näbelli. Ol ýaşlyk ýyllaryny ilki Ermenistanda, soň Horasanda geçiripdir. Tahyridleriň döwlet gullugynda bolup, ol döwlet synandan soň (873 ý.), Hindistana gidýär. Soň hem Ýegipetde ýurt tutunýar, 897-nji ýylda-da şo ýerde aradan çykýar. Ýaňky ady agzalan kitaby 890-njy ýylda Ýegipetde ýaşaýarka ýazyp gutarýar. Şeýle bolansoň, bir müň ýyl mundan öň ýazylan kitapda türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Mary hakynda nämeleriň ýazylandygyny bilmek, bu gün gyzykly bolsa gerek. ■ Syýahatçy we taryhçy alym Merw hakda nämeler ýazdykan? Biz onuň ýazgylaryndan Sarahsdan Merwe ugrasaň, bu aralygyň 6 günlük ýol bolandygy mälim bolýar. Birinji Uşturmagak diýen ýerde düşlenip, ýük ýazdyrylypdyr. Soň dem-dynç alnandan soň ýola rowana bolnupdyr. Tilsitan, Dandankan, Genugrid diýen ýerlerde goş ýazdyrylypdyr. Bu duralgalar çölde ýerleşmek bilen, her biri aýry-aýry berkitmelerden ybarat bolupdyr. Bu berkitmeleriň türkleriň käte edýän hüjümlerinden ilaty goramak üçin gurlandygyny syýahatçy alym habar berýär. Iň soňky duralganyň Merwdigini, onuň Horasanda iň belli şäherdigini, Osman halyflyk eden döwründe Hatim ibn an-Numan al-Bahiliniň Abdylla ibn Emiriň adyndan hereket edip Merwi 651-nji ýylda basyp alandygyny ýazýar. Merwiň ilatynyň hoşniýetli adamlar – dehkanlardygy (ýer eýeleri – A.Ç.) ol ýerde araplaryň azd, temim we beýleki tirelerden hem ýaşaýanlaryň bardygy, Horasanyň hökümdarlarynyň bu ýerde ýaşaýandyklary aýdylýar. Ilki bolup bu ýere Mamun göçüp gelipdir. Halyf al-Mamun (813-833) 808-nji ýyldan Merwde ýaşap başlaýar. Ol bu ýere halyfatyň gündogar böleginiň hökümdary hökmünde gelýär. Halyf bolandan soňam ol Merwde 817-nji ýyla çenli ýaşapdyr. Şeýle hem Nişapura göçmänkä Abdylla ibn Tahyr hem Merwde ýaşaýan eken. Merwiň ilatynyň agyz suwuny çeşmelerden we derýalardan alýandygy barada-da, salgydy Horasana töleýändigi barada-da, Horasanda iň gowy egin-eşikleriň Merwde tikilýändigi barada-da ýazylypdyr. Zark, Aram Kilbak, Sausakan we Jerar ýaly okruglar Merwe degişli bolupdyr. Merwden Abula gitmek üçin 6 günlük ýol ýörelipdir. Onuň birinji duralgasy Kuşmahan diýen ýer. Bu ýerde meşhur kuşmahan üzümi ösdürilip ýetişdirilýän eken. Kuşmahandan başga Amula barýan ýoldaky goş ýazdyrylýan ýerleriň ýerleşýän ýeri çöl, hersiniň öz berkitmesi bolupdyr. Al-Ýakuby Amyderýany Jeýhun derýasy diýip atlandyrypdyr. Özem bu derýanyň Balha degişlidigini aýdýar. Amulyň ilatynyň derýanyň golaýynda ýaşaýanlaryň özgesinden başgasynyň guýy suwuny ulanýandyklaryny biz bu kitapdan bilýäris. Ibn al-Fakihiň «Kitab ahbar al-buldanynda» («Ýurtlar hakyndaky söhbetleriň kitaby”) Merwiň taryhy hakynda gürrüň berýär. Onuň hakyky ady Abubekr Ahmet ibn Muhammet ibn Ishak al-Hamadanydyr. Ibn al-Fakih onuň edebi lakamy bolmaly. Onuň bu göwrüm taýdan uly kitabyndan diňe käbir bölekleri bize gelip ýetipdir. Alymlaryň anyklamagyna görä, ol bu kitabyny 902-903-nji ýyllarda ýazan bolmaly diýýärler. Kitapda köp ýurtlar şäherler bilen birlikde Merw, Balh, oguzlar barada-da maglumatlar bar. Ol: «Tohamurt (ol mifiki patyşa – A.Ç.) hökümdarlyk eden döwründe Merwde bir sitadel gurupdyr diýip ýazýar. Awtoryň ýazmagyna görä, ol hökümdarlyk eden döwründe Wawilon şäherini, Ibrain şäherini gurdurypdyr. Hindistanda dagyň üstünde Uk diýen şäheri hem esaslandyrypmyşyn. Başga bir alymyň pikiriçe, dagyň üstünde gurlan şäheriň ady Uk däl-de Afrakdyr. Isfendiýaryň ogly Ardeşiriň gyzy Hamana (olam mifiki patyşadyr – A.Ç.) ýurda hökümdarlyk edýän döwründe Merwiň daş-töwereginde uly diwar gurdurypdyr. Aýtmaklaryna görä, Tohamurt müňlerçe we müňlerçe adamy Merwdäki sitadeliň gurluşygynda işledipdir. Şonuň üçinem bu adamlara hyzmat eder ýaly bu ýerde bazar hem gurdurypdyr. Bazarda iýmek-içmek satylypdyr. Tohamurt gurluşykda işleýänleriň her birine bir dirhemden pul beripdir. Olar hem bu bazardan iýmek-içmek üçin we gaýry zatlary satyn alypdyrlar. Bir dirhemden paýlanan pul soň Tohamurta müňlerçe dirhem bolup gaýdyp gelipdir. Soň Tohamurt hasaplap görse, bu sitadeli gurdurmak üçin öz gaznasyndan müň dirhemiň harç edilendigini anyklaýar. Ýazgyda rowaýat häsiýetli bir waka dogrusynda-da gürrüň berilýär. Ol şeýle: Merwde uly bir köne jaý bar eken. Ony Keý Marzuban diýip atlandyrýan ekenler. Bu jaý ýerden adam boýuna ýokary galmak bilen seredip oturanyň gözüne adam bolup görünýär eken. Bir adamam däl-de, dört adam – ikisi erkek kişi, ikisem aýal maşgala. Olardaky şekilleriň nämedigini hiç kim bilip-bilmeýärmişin. Bir günem bir ýerden bir näbelli adamlar gelip, bu ymaraty guranlaryň öz ata-babalary bolandygyny aýdyp, bu jaýy ýykýarlar, agaçlaryna, şekillerde görünýän altyn-gyzyllara eýe çykypdyrlar. Jaýyň ýykylyp-ýumrulan ýyly Merwiň üstüne gaty agyr bela inipdir. Soň Merwiň adamlary ol jaýyň şäheriň gülläp ösmegini aňladýan belgi bolandygyna göz ýetiripdirler. Ýöne şeýle agyr bela öňde-soňda hiç wagt bolan zat dälmişin. Elbetde, bu rowaýat. Ýöne müň ýyldanam öň alym tarapyndan kitaba salnan bu rowaýat Merwiň taryhynyň gaty gadymydygyndan habar berýär. Al-Kätip al-Bagdady ady bilen tanalýan Abulfaraş Kudama ibn Japar – milleti boýunça hristian, soň halyf al-Muktefi wagtynda yslam dinini kabul edýär. Döwlet gullugynda işläpdir. Onuň 928-nji ýylda ýazan işi «Kitab al-haraj» («Ýer salgydy kitaby”) diýlip atlandyrylypdyr. Kudama mundan başga-da şygyrýet we kyssa babatda arap teoriýasynyň bir ugruny dörediji edebiýatçy hökmünde-de meşhurlyk gazanan adam. Onuň bu ugurdan ýazan iki eseri bize gelip ýetipdir. Onuň «Ýer salgydy kitaby» adminstratiw görkeziji-gollanma hökmünde ulanylypdyr. Kitapda ýer-ýurt bilen baglanyşykly maglumatlar esasan ibn Hordadbehiň ýazan kitabyndan peýdalanypdyr. Dogurdanam onuň maglumatlary ibn Hordadbehiň ýaňky agzan maglumatlary bilen doly gabat gelip dur.«Kitab mesalik al-memalik» atly işiň awtory Abu+Ishak Ybraýym ibn Muhammet al-Farisi al-Istahry 930-933-nji ýyllar töweregi Abu Zeýt al-Balhiniň ýazan geografik işini täzeden işläpdir. Al-Balhynyň özi Balhda 844-850-nji ýyllar töwereginde doglupdyr. 934-nji ýylda-da aradan çykypdyr. Bu işde Merw hakda giňişleýin maglumat berlipdir. Awtor Merwiň «Merw aş-Şahyjan» ady bilen tanalýandygyny ýazyp, onuň örän gadymydygyny, ondaky kuhendiziň-galanyň (sitadeliň) Tohamurt döwründe gurlandygy, köne şäheriň – Medinäniň bolsa Zülkarneýn tarapyndan salnandygy hakda gürrüňiň bardygyny aýdýar. Şäheriň ýerleşýän ýeriniň düz meýdandygyny, bu ýerden seredeniňde golaý-goltumda dagyň görünmeýändigini, ýeriniň şordugyny, daş-töwereginiň gumdugyny habar berýär. Merwdäki jaýlar palçykdan gurlupdyr. Bu ýerde ybadat etmek üçin üç sany metjidi bar eken. Birinji metjit heniz bu ýerde yslam dini ornaşmanka gurlupdyr. Musulmanlaryň köpelip başlamagy bilen täze metjit salnypdyr, ony soň «köne metjit» diýip atlandyrylypdyr. Şäheriň Majan diýen ýerinde üçünji metjit hem salnypdyr. Bu metjidiň, bazaryň hem-de häkimdarlaryň dolandyryş öýüniň Abu Müslim tarapyndan gurlandygy hakda adamlaryň arasynda gürrüň bardygy hem ýaňzydylýar. Dolandyryş öýi metjidiň yz tarapynda ýerleşipdir. Şol ýerde Abu Müslimiň özi hem mejlis geçirýän eken. Häzirki döwürde-de mejlisiň şol ýerde geçirilýändigini awtor belläp geçipdir. Bu binanyň gümmez şekili bolupdyr, özem bişen kerpiçden örülipdir. Onuň ini 55 tirsek boýy, özüniňem dört gapysy bar eken. Kuhendiz – galanyň ululygynyň içki şäherden (medineden) kiçi däldigi aýdylyp, häzir onuň boşap galandygy, onuň belentde ýerleşmegine garamazdan, onuň aşagyndan ýrasty suwly kanallaryň gazylyp geçirilendigi, gürrüňi edilýän döwürde-de şol ýerlerden suwuň akýandygy, bu ýerde kämahal gök we bakja önümleriniň ösdürilip ýetişdirilýändigi hem habar berilýär. Bazarlar hakynda gürrüň gidende, köne döwürde olar Medinäniň derwezeleriniň ýanynda ýerleşýän eken. Abu Müslim soň olary Majana geçiripdir. Merwiň bazarlary özüniň arassalygy bilen tapawutlanypdyr. Baýramçylyk günlerinde namaz okalýan ýer Abu Jahma meýdanyndaky «Rassal-Meýdan» kwartalynda Hurmuzfarry we Majan kanallarynyň aralygynda ýerleşipdir. Bu ýerde jaýlaryň örän köpdügi aýdylýar. O jaýlary al-Hüseýin ibn Tahyryň (ol tahyridler dinastiýasynyň agzasy, dinastiýa ýykylandan soň biraz wagtlyk Merwde (877-nji ýyldan) häkimlik edipdir – A.Ç.) saldyrandygy habar berilýär. Ol bazar bilen häkimiýetler öýüni hem şu ýere geçirjek bolupdyr. Şu kanaldan Ras-aş-Şabaý kwartalynyň ilaty suw içipdir. Meşhur şyh Abul fadla Muhammet ibn Ybadyllanyň hem öýi şu ýerde ýerleşipdir. Soňra Majan ady bilen tanalýan kanal bu ýerde häkimiýetler öýi, täze metjit, türme, şeýle hem Abun Nejemiň öýi ýerleşipdir. Bu ýerdäki gümmez şekilindäki ymaratyň bardygy, bu ýerde ýaşaýanlaryň abbasidleriň tarapyny çalýandyklary hem köýneklerini gara reňke boýandyklary, bu gümmez şekilli jaýyň gürrüňi edilýän döwürde-de bardygy mälim edilýär. Soňra ar-Razik kanaly şäher derwezesiniň öňünden akypdyr, kanaldan medinede ýaşaýan adamlar suw alypdyrlar. Ony her kim öz howuzlary üçin ulanypdyr. «Köne metjit» şu kanalyň ugrunda eken. Onuň ilerki böleginde öň Buharanyň hökümdary bolan Halyt ibn Ahmet ibn Hammadyň tohumyna degişli gala ýerleşipdir. Bab Sanjan, Beni Mahan we beýleki kwartallary suw bilen üpjün edýän Asady al-horasany kanaly ýerleşýär. Jaýlaryň we dört kanalyň daşy diwar bilen örtülen. Başga bir diwar bolsa bütin şäheriň rustaklaryň (wolostlaryň) daşyny gaplap alypdyr. Ol diwar ar-Raý diýlip atlandyrylypdyr. «Onuň yzy şu günki güne çenli belli» diýip, Istahry aýdýar. Şäher medinesine dört ýerden girelge bolupdyr: Sanjan, Bamen, Der-Muşkan. Iň soňkusyndan Mawerannahra tarap çykylýar. Halyf bolmanka Mamunyň Merwe gelmänke lageri we ýaşaýan ýeri şol ýerde bolupdyr. Merwiň Margab diýen uly derýasynyň bardygyny hem awtor belläp geçýär. Käbirleri bu adyň onuň akýan ýeri bilen baglanyşyklydygyny aýtsa, käbirleri bolsa onuň «marg» sözünden, ýagny jeňňellik, haşallyk diýen sözden emele gelendigini aýdýarlar. Derýanyň suwuna özbaşdak bir adamyň başlyklyk edýändigini, onuň adamlaryň arasyndaky abraýynyň salgyt başlygynyňkydanam uludygy aýdylýar. «Maňa bu suwdan 10 müň adamyň çörek iýýändigini, hersiniň hem öz wezipesiniň bardygyny aýtdylar» diýip, awtor belleýär. Merw yslamyň ilki döwürlerinde musulmanlaryň mesgeni bolupdyr. Bu olara Zark obasynyň ýanyndaky degirmende (Merwiň golaýynda – A.Ç.) parslaryň patyşasy Ýezdegert öldürilenden soň galypdyr. Şu ýerde abbasidleriň haýryna öwüt-ündew başlanypdyr. Abun Nejmanyň öýünde gara reňke boýalan köýnekler geýinip başlanypdyr. Mamun hem öz dogany Muhammedi ýeňip, şu ýerde halyflyk derejesini alypdyr. Merwden Yrak halyfatynyň goşunyna ýolbaşçylyk eden birtopar serkerdeleriň, görnükli kätipleriň we söz ussatlarynyň çykandygy bellenilýär. Barzue atly tebibiň, Badbut atly sazandanyň hem Merwdendigi tekrarlanýar. Merwdäki ýaly tagamly çöregiň Horasanyň hiç bir ýerinde ýoklugy, onuň üzüminiň meşhurlygy, gawunlarynyň kakadylyp Yraga äkidilişi hakda teswir edilýär. Merwiň arassalygy, baglarynyň köplügi, kwartallarynyň we ymaratlarynyň ýerleşişi, bazarlardaky hünärmentleriň iş başarjaňlygy we gaýry zatlar dogrusynda birtopar öwgüli sözler aýdylypdyr. Merwiň çöllüginde uşturgaz diýen ösümligiň ösýändigi, onuň başga ýurtlara äkidilýändigi, şeýle hem ýüpegiň we beýleki çig mallaryň başga-başga ýurtlara çykarylýandygy hakda-da aýdylýar. Awtoryň nygtaýşy ýaly, Gürgende we Tabarystanda bolanda oňa bu ýere ýüpegi ilkinji gezek Merwden getirilendigi hakda aýdypdyrlar. Merwde ýumşajyk pagtanyň ösdürilip ýetişdirilip, ondan gowy merw matalarynyň dokalýandygy, olaryň dürli ýurtlara äkidilýändigi hakda-da aýdylýar. Al-Makdisi hem «Ahsan at-takasim fi-marifat al-akalym» diýen kitabyň awtorydyr. Ol Ierusalimde doglup, yslam ýurtlarynyň köpüsine syýahat edipdir. Ilkibaşda bu kitabyny Samanidler üçin 985‑nji ýylda ýazýar. Soň ol munuň üstüni täze maglumatlar bilen doldurypdyr. Makdisi Merwden özünde galan täsirler hakynda şeýle ýazýar: «Merw, Merw şahyjan ady bilen tanalýan Kasaba (şäher), güllüp ösýär, howasy gowy, kaşaň, ajaýyp, giňişleýin, ilaty az, iýmiti tagamly we arassa, ýaşaýyş jaýlary şäheriň iki tarapyna gaýalan gaýma ýaly, şyhlary ajaýyp, akylly; iki metjidi hem agaçdan däl, daşdan salnan, teläri ýok; her gün gije bu ýere ýygnanan arassa we tämiz ýürekli adamlaryň öňünde Abu-Hanyfyň ýoluny wagyz ediji çykyş edýär. Medresede wagyz edýänleriň her birine aýlyk tölenýär. Bazarlary owadan, muny sen metjidiň ýokarsyna golaý ýerde onuň hatarlarynyň daralýandygyndan bileňokmy? Merwiň hammamlaryny senmenden sorama, hadis hakynda, çöregi hakynda, onuň ilatynyň akyly, edermenligi hakynda menden sorama, ol menden öňem hemmä belli zat. Onuň suwuny, aýlyklaryny sora, men olaryň azdygyny aýdaýyn. Olaryň mekirlikleri hakynda menden sora, bu hakda mende giden bir kitap bar. Ol hakykada laýyk gelýär, özem arassa arap dilinde ýazylan Men öz akyl derejesine görä çörek iýýänlerden däl. Men Hudaýyň öňünde günä gazanjak bolamok, meňem jennete düşesim gelýär. Merwiň ilaty az bolmadyk bolan bolsa, ol örän ajaýyp şäher bolardy; sanlyja jaýy hasap etmäniňde, oňa adam azlyk edýär. Rabadyň (galanyň) üçden bir bölegi ýykylypdyr, dogurdanam köne şäher, ýaşaýyş jaýlary egnini gysyp dur. Öýüň üçekleri ýer bilen deňleşipdir. Adamlaryň ahlaksyzlygy göze görnüp dur, olaryň bulagaýlygy belli zat. Olar aýlyk-günlüklerini zordan gazanýarlar, köpüsiniňki gözgyny ýagdaýda. Olar sahy däl, gazanlary arassa däl, palçygy şepbeşik däl. Tomsuna jokrama yssy. Metjidiň ýanynda haraj hem-de şura (polisiýa) diwanlary ýerleşýär. Derýa islendik wagtynda joşup, kenaryny ýykyp bilýär. Sözde «ýanyň» yzyndan hökman «za» goşup aýdýarlar. («Merwi» diýmegiň ýerine «Merwezi» diýýärler, ýagny «men Merwezden») Adamlary gülkünç, kelleleriniň dokuzy düzüw däl, muny adamlar bilýär. Merwiň özi düzllerde ýerleşýär, daglar uzakda, köne şäher – medine depede ýerleşýär; onuň ortalsynda metjit bar. Köne döwürde bu ýerde adamlar ýygnanýan eken, onuň daş-töwereginde az salymja jaýlar bar; rabada barýan girelgäniň ýanynda kiçijik bazar bilen jaýlar ýerleşipdir. Başga bir rabagda iki sany metjit bar: biri onuň köne şäheriň girelgesiniň ýanynda, beýlekisinde Abu Halyfyň tarapdarlary agdyklyk edýär; ol hem beýleki jaýlar abbasidler dinastiýasyny döreden Abu Müslim tarapyndan saldyrylypdyr. Merwde bazarlar arassa. Merwde halyfyň ýaşaýan döwri bu ýeriň ýaşaýjylarynyň akylly-başly bolandygyny, olaryň Yragyň adamlaryna akyl babatda dalaş edendikleri hakyndaky pikir kelläme gelýär. Şo döwürde onuň ilatynyň Yragyň däp-dessurlaryna halyfyň ýoldaşlarynyň we onuň hyzmatkärleriniň üsti bilen eýerjek bolandyklary hakda hem pikir edýärin, galanyny Allanyň özi bizden gowy bilýär. Merw şäherleriň içinde palestin Ramlasyna gaty meňzeş. Köne şäheriň – Medinäniň dört sany girelgesi bar; şäher derwezeleri metjitleriň ýanynda, Sanjan derwezesi onuň garşysynda, Bali,Darmaşkan derwezelerem, olaryň ýanynda al-Mamunyň galasy (al-Mamunyň galasy diýilýän häzirki Gäwurgala bolmaly – A.Ç.). (Ramla – Palestinadaky şäher. Ony Süleýman ibn Abdylmälik (715-717) esaslandyrypdyr. Häzir ol Ierusalimden 39 km. aralykda harabalyga öwrülipdir). Sitadel köne şäherde ýerleşipdir, ol häzir ýykylypdyr, oňa kyn, oňa girmek üçin ýörite ýanyňa aýratyn adam goşmaly. Suw köne şähere akmak bilen, bütin rabat bilen kesişýär; onuň şäheriň bir böleginden geçýän arassa howdanlary we kanallary bar». Orta asyrlar taryhçysy Abu Seýit Abdalhaý ibn az-Zahhak ibn Mahmyt Gardizi «Zeýn al-ahbar» atly tutumly işini gysga wagtlyk soltan bolan gaznewid Abdreşit ibn Mahmyda, ýagny Zeýn al-milla (1049-1050-nji ýyllar) bagyşlapdyr. Awtoryň Kabulyň günortasynda ýerleşýän Gardeza şäherinde logulandygy üçin ol özüni Gardizi diýip atlandyrypdyr. Gardiziniň bu işine belli gündogarşynas W.W.Bartold hem öz işlerinde telim gezek ýüzlenipdir. Onuň gürrüňi edilýän bu kitabynyň «Araplar Merwde» diýen kiçijik bir bölüminde Merw hakynda käbir maglumatlary almak bolýar. Munda Umeýr ibn Ahmar al-Ýaşkuriniň belli bir wagtda Merwde saklanandygy habar berilýär. Gürrüň 665-nji ýyl hakda barýar. Şol ýylyň gyşy gaty gazaply gelipdir. Şonuň üçinem Merwiň girelgeleriniň ýanynda arap dikmesi goşun üçin ujy ýiti çüňkli çadyrlar gurdurypdyr. Merwiň dehkanlary Umeýr we onuň leşgeri aldajy sowukdan öläýmesin diýip gorkupdyrlar we nökerleri öz öýlerinde ýerleşdiripdirler. Şondan birnäçe gün geçenden soň, adamlar öz eden işlerine özleri ökünüpdirler. Şonuň üçinem olar Umeýriň janyna kast etmegi, goşuny gyrmagy niýet edinipdirler. Olaryň bu niýetini aňan salar we Merwiň dehkany Beraz ibn Mahuýe muny şol wagtyň özünde Umeýr ibn Ahmara ýetirýär. Umeýr bu habary eşidip, goşunyň ýaraglanmagy üçin buýruk berýär. Olar köp sanly adamlary gylyçdan geçirip, öýlerini talaýarlar. Merwiň dehkanlary bu ýere ýygnanyp, Umeýriň ýanyna töwellaçy iberýärler. Ondan özlerini bagyşlamagyny soraýarlar we munuň üçin pul tölejekdiklerini aýdýarlar. Şunuň bilen şäherdäki tolgunyşyk bes edilipdir. Şondan soň goşundaky nökerleriň ýaşamagy üçin adamlaryň jaýlaryny ellerinden almak däp bolup galypdyr. Umeýr ibn Ahmar bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup,Beraza uly sylag-serpaý gowşurypdyr. Oňa hormat goýupdyr – diýip, awtor ýazýar. Şeýle hem bu ýerde Seýidiň hökümdarlygy döwründe (ibn Osman ibn Affan göz öňünde tutulýar – A.Ç.) araplar Merwde özlerine mülk edinip, jaý saldyryp, ýurt tutupdyrlar. Muny olar Muawysyň ýörite buýrugy esasynda şeýdipdirler. Çünki olar türkleriň derýadan (Amyderýadan) bärik geçmezlikleri üçin şeýdipdirler – diýip, Gardizi habar berýär. Abu-Seýit-al-kerim ibn Muhammet ibn Mansur as-Samani, arap, 1113-nji ýylda Merwde dogulýar. Onuň ”Merwiň taryhy», «Genealogik atlaryň kitaby» işlerinden XIII asyrda Ýakut peýdalanypdyr. Ýakut öz sözlügini Samanynyň edişi ýaly edip ýazypdyr. Şeýle hem ol öz sözlüginiň bir ýerinde Merwde Samanylara degişli iki sany kitaphananyň hem bardygyny ýazypdyr. Samany Merw Şahyjan hakynda ýazmak bilen, onuň köp patyşalaryň häkimlik eden ýeri bolandygyny aýdýar. Köne we häzirki döwürde bu ýerden görnükli ylym adamlarynyň we din hadymlarynyň uly toparynyň çykandygyny belleýär. Ol Merwiň araplar tarapyndan 650-nji ýylda Hatym ibn an-Nunan al-Bahil alnandygyny, ony Nişapurdan bu ýere Abdylla ibn Amidiň iberendigini ýazýar. Amidiň bolsa Osman döwründe tutuş Horasanyň we onuň goşunynyň emiri bolandygyny habar berýär. Ýakut ibn Abdallah ar-Rumy al-Hamawy 1179-njy ýylda grek maşgalasynda wizantiýa topragynda doglupdyr. Şonuň üçinem özüniň rumlydygyny aňlatmak üçin ar-Rumy sözüni goşupdyr. Ol çaga wagty ýesir alynýar. Gul hökmünde Hama şäherinden siriýaly bir täjir ony satyn alypdyr. Şonuň üçinem oňa al-Hamawy diýen söz hem goşylypdyr. Onuň hojaýyny öz hyzmatkärine gowy terbiýe berýär. Özi diri wagty ony söwda-satyg işleri bilen uzak ülkelere iberipdir. Hojaýyny ölensoň bolsa, ol kitap söwdasy bilen meşgul bolupdyr. 1213-njy ýylda ol Azerbaýjany we demirgazyk Mesopotamiýa sapar edipdir. Şo ýerdenem Siriýa hem-de Müsüre ugrapdyr. 1215-nji ýylda Gündogara tarap ýola düşüpdir. Soňky ýylda Nişapura gelýär. Soň Merwe gelipdir. Ol bu ýerde iki ýyl töweregi ýaşap, onuň baý kitaphanalaryndan peýdalanypdyr. 1218-nji ýylda Merwde peýdalanan kitaplarynyň täsiri bilen ol geografik sözlük düzmäge girişýär. Bu Ýakutdan öň düzülen sözlüklerden özüniň täzeçe gurlanlygy we dolulygy bilen tapawutlanýar. Ýakut sözlügiň üstünde alty ýyl işleýär. Merwden soň ol Balhda bolýar, iki gezek Horezme gidýär. Ikinji gezek Horezme baranda, mongollaryň Buharany we Samarkandy eýeländigini eşidip, ele düşmezlik üçin 1220-nji ýylyň başlarynda ilki Horasana, soňam has uzaga-Günbatara tarap gaçmaga mejbur bolýar. Ol öz sözlüginde Merw hakda nämeler ýazypdyr? «Merw Şahyjan – Horasanda belli şäher, onuň paýtagtydyr. Abu- Abdallah Nişapuryň taryhy hakynda ýazan işinde oňa salgylanýar. Ol Nişapur hakynda ýazanam bolsa, öz kitabynda bu şäheriň gözelligi hakda agzaman geçmändir. Merw bilen Nişapuryň aralygy 70 farsahdyr. Ondan (Merwden) Sarahsa çenli 30 farsah, Balha çenli 122 farsah (ýa-da) 12 stansiýalyk ýoldur. «Merw» adynyň näme aňladýanlygy hakda biz ýokarda agzap geçdik. Arap dilinde ol «ak daş» diýmekdir, ýagny ondan ot alynýar. Bu arapça şeýledir. Ýöne Merw hemişe emele gelşi babatda parslara dahyllydyr. Galyberse-de, men o ýerde şo reňkdäki daşa gabat gelmedim. Şahyjan babatda aýdylanda bolsa, ol parsça «şanyň jany» diýmekdir. Çünki şa-patyşa diýmek, janam-jandyr. Soltan Sanjar ibn Mälik şa as-Seljuki öz raýatynda welaýatlaryň köpdügine garamazdan, Merwi ähli şäherleriň täji hasaplapdyr. Tä ölýänçe şo şäherde ýaşapdyr. Onuň mazary şo ýerde uly mawzoleýde ýerleşýär. Onuň äpişgesi metjide garaýar. Onuň gümmeziniň reňki gök, özem bir günlük ýoldan görünýär. Meniň eşidişime görä, Sanjar ölenden soň, onuň hyzmatkärleriniň biri mawzoleýi saldyrypmyşyn. Ol Gurhan okap, bu ýeri gorajaklar üçin wakf goýup gidipdir. Men Merwden 1219-njy ýylda, onuň men diýen wagty çykyp gaýtdym. Merwde hanifitlere we şafinitlere degişli iki metjit bar. Olary bir diwar birleşdirýär. Men o ýerde üç ýyl ýaşadym. Medisina gurçugy diýäýmeseň, men o şähere dil ýetirip biljek däl. Şo gurçuk zerarly şäher ilaty ezýet çekýär. Ýylyň-ýylyna ondan ezýet çekmedik adam ýok. Eger-de tatarlar gelip, bu ýurdy weýran etmedik bolsady, onda men bu şäherde ömrüm ötinçä ýaşardym. Çünki şäher ilatynyň ýumşaklygy mylakatlylygy göwne degmezligi hem-de onuň esasy ylymlara degişli ummasyz kitaby meni özüne bendi etdi. Men dünýäniň hiç ýerinde kitabynyň sany boýunça-da, artykmaçlygy babatynda-da oňa taý tapmadym» diýýär. Ol özüniň Merwden giden wagty, bu ýerde on sany kitaphananyň bolandygyny, bütin dünýäde kitaplaryň sany boýunça bulara taý geljek kitaphanany görmändigini habar berýär. Ýakut ýazgysyny dowam etdirip, ine şu aşakdaky zatlary ýazyp gidipdir: «Bu kitaphanalaryň ikisi metjitde ýerleşýär, olaryň birisi Aziziýe diýlip atlandyrylýar, bu kitaphanany metjide bagyş eden adamyň ady Azizeddin Abu Bekr az- Zinjan ýa-da Atik ibn Abu Bekr. Ol Soltan Sanjaryň fukkai (aýratyn sortly piwo bilen üpjün ediji – A.Ç.) eken. Soltanyň ýanyna işe gelmänke, ol Merw bazarynda miwe hem-de ysly otlary satýan eken. Soň ol soltanyň fukkai bolýar, soltan tarapyndan hormat-sylaga mynasyp bolupdyr. Bu kitaphanada 12 müň ýa-da şoňa golaý kitap bar. Başga bir kitaphana Kemaliýe diýlip atlandyrylýar. Onuň bu adynyň nireden gelip çykandygyny bilemok. Merwde Şeref-al-Mülk mustapa Abu- Seýit Muhammet ibn Mansuryň medresesinde ýene bir kitaphana bar. Şo ýerde Nyzam al-mülk al-Hasan ibn Isthagyň medresesinde ýene bir kitaphana bar. As-Samaniniň maşgalasyna degişli iki kitaphana, Amidiýe medresesinde bir kitaphana, soňky döwründe wezirleriniň biri Mejit al-Mülküň kitaphanasy. O ýerde ýene bir kitaphana – olam Hatuniýe medresesindäki hem-de Dumaýridäki kitaphanalar bir ýerde ýerleşdirilen. Bu ýerden kitap almak ýeňil, hiç bir girewsiz meniň öýümde 200, hatda şondan gowrak kitap durýardy, bularyň umumy 200 dinar bahasy bardy. Men hezil edip okaýardym we olardan peýdaly maglumatlary alýardym. Kitaba bolan söýgim meni şäher durmuşyny ýatdan çykardyrdy. Pygamberiň egindeşleriniň dördüsiniň aramgähi Merw obalarynyň birinde Fani ýa-da Faninde ýerleşýär. Bular Bureýde ibn al-Huseýb, al-Hakam ibn Amr al-Gifari hem-de Süleýman ibn Bureýde. Olaryň ýokarsynda baýdak oturdylan. Men bu aramgähleri gözüm bilen gördüm. Soňky egindeşiniň ady ýatdan çykypdyr. Merwiň etegindäki obalar hakynda aýdylsa, onda olar şäherden tapawutlanýar. Men ähli belli adamlaryň Merwiň etegindäki obalardan çykandyklary hakyndaky gürrüňleri az eşitmändim». Ine, hormatly okyjy, biraz salym gadymyýete-de syýahat edip geldik. Gadymyýetden galan harabaçylyklar bu biziň geçmişimizdir. Ol biziň ata-babalarymyzyň ruhudyr. Ruhy bolsa ynjytmak bolmaýar. ___________________________________ [1] Farsah – 6-7 km. [2] Danak – ownuk şaýy, dirhemiň altydan bir bölegi, agram ölçegi 0,5 grama golaý bolupdyr. 2007 ý. iýun | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |