12:19 Osman meniñ durmuşymda | |
OSMAN MENIŇ DURMUŞYMDA
Ýatlamalar
(ýazyjy Osman Ödäýewiň ruhy dünýäsine syýahat) Şeýle sözbaşyly bilen başlanýan şu çaklaňja makalamda her bir işde hemaýat beren wepadar dost, artykmaç adam, arzyly ýoldaş, seýrek zehin, meşhur ýazyjy bolan ajaýyp, beýik bir ynsan bilen hakydamda müdimi ýatda galan aýry-aýry pursatlar hakynda okyjylar bilen paýlaşmak isledim. * Osman Ödäýew bilen bile bir redaksiýada işlän döwrümizde (jemi on üç ýyl, adam ömründe ol az-küjem däl) meniň döwürleýin metbugatda çap bolup çykan hekaýalarymyň, şol sanda 1988-nji ýylda “Ýylan zäheri” ady bilen çagalar üçin çap edilen ilkinji ýygyndymyň, 1992-nji ýylda “Garagum” žurnalynda çap edilen ”Oba daňy” powestimiň ilkinji okyjysy hem Osman bolupdy. “Hekaýaň soňuny şeýleräk gutaran bolsaň, powestiňde hereket edýän baş gahrymanyňa şu, şu zatlary aýtdyran bolsadyň, belki eseriň häzirkisindenem täsirli bolardy” diýip, bellikler edip, maslahatlar hem beripdi. Şonuň üçin men onuň pentleriniň ählisini ürç edip alardym. Munuň üçin oňa minnetdarlygymyň çägi ýokdy. Sebäbi onuň her bir belligi, maslahatlary göwnüňe jaýdy, dogrudy, peýdalydy, olar meniň üçin ähli zatdan gymmatlydy, şonuň ýaly-da indiki ýazyljak eserlerimiň hamyrmaýasydy. Osman degişgendi, alçakdy, Maňa-da onuň käte-käteler: “Goçy – hekaýaçy” diýmesi bardy. Aýratynam irki döwürlerde çap edilýän “Körpe” žurnalyndaky “Geçi süýdi”, “Mydam taýýar” gazetindäki ”Melhem” hekaýalaryma hem ol uly baha beripdi. Olary uzak wagtlap dilden düşürmezdi. Oňa 1980-nji ýyllarda “Humaý” atly çaklaňja powestimi hemokadanym ýadymda. Şonda ol powestiň golýazmasyny, heniz okap görmänkä, eline alyp, onuň agramyny saldarlap görüpdi. Soňam: “Agramy ortarak bar, öz-ä erbet bolmaly däl!” diýip degişipdi. Şol günüň ertesem: “Dost jan, sen muny nirä hödürleseň-de, walla, ýüzüň gyzmaz. Bu seni köpe tanatjak meşhur eserleň biri bolar. Şeýle eserleň, höwri köp bolsun!” diýdi. Döwür onuň ady bir powestim barada aýdan pikiriniaňryýany bilen oňlady. Gabanjaňlyk temasyndan söz açylýan bu çaklaňja powest ilkinji gezek “Humaý” atly umumy ýygyndyda, soňra 1994-nji ýylda özbaşyna kitap edilip çap edilen “Ýaraly ýürekler” atly hekaýar ýygyndymyň düzümine girizilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. * “Garagum” jurnalynda Baş redaktor wezipesinde işjäp ýören çaglarydy. (Ýeri gelende, özümiň hem bu žurnalda ondan birneme öňräk, baryp 1991-1995-nji ýyllarda bölüm müdiri wezipesinde işlänligimi aýdaýyn). Günlerde bir gün men ony görmäge ýöriteläp iş ýerine barypdym. Ol şonda basa oturyp işläp oturan eken. Ol meni görüp, hemişekisi ýaly ýerinden turup salamlaşdy. Hal-ahwal soraşylandan soň, her gezekki edähedi boýunça içip oturan çaýyndan bir käse çaýam hödür etdi: "Aýyplaşma, dost, çaý sowandyr. Ýöne sowuk çaýyň, walla, lezzetem başga bormuşyn. Hany,eliňi ýetir, çekinme, Kerkiň kişmişidir erigem, Köýtendagyň gurdam, Tejeniň gawun kakydyr igdesem bar. Hatda siziň Garrygalaňyzdan getirilen hozdur injirdenem şu ýerde bar” diýip, içi ir-iýşmişdir maňyzdan doly sebedi öňüme süýşürdi. Soňam: ”Döredijilik bilen nädýäň, ýöreýämi? Ýazýan zatlaryňy okaýan. Aý, garaz, sen ganymat-how, seýregrägem bolsa, onda-munda görünýäň. Ýazmagy bir goýma, gardaş.Ýüregiňde ýazmak höwesi barmy ýaz. Tejribäň bar mahaly, wakalaryň beýniňde bişişen mahaly, janyň sag, keýpiň kök mahaly, olary kagyz ýüzüne geçirmäge ýaltanma. Rast, hekaýaçylaryň hataryna goşuldyňmy, onda yzyňa düşjek okyjyny köp garaşdyrmaly dälsiň. Ýazyber, olary soňundan taraşlasaňam bolar. Özüm-ä şeýle. Şu günki ýazyp boldum diýen eserimi başga bir gün bütinleý durkuny üýtgedýän mahallarymam bolýar. Ýöne esasy temam, wakalam öňküligine galýar. Zehin şonda taplanýar. Ýeri, onsoň, habaryňy hem almandyryn. Bize näme getirdiň?” diýdi. Menem “Dost jan, häzir-ä siziň üçin getiren zadym ýok, ýöne taňry salamy bilen ýanyňa sowuldym. Dogrusy, ýanymda “Hudaýberdi gorkagyň obadaşy” ady bilen bir ertekim bar. Ony size däl, haýsam bolsa başga bir neşire hödürlemekçi. Hemme-hemme gazet-žurnal ertekä ýer beribem duranoklar” diýdim. “Näme üçin “Garagum” erteki bermeli däl?! Erteki çeper eserleň naýbaşysy dälmi? Hany, getir ony maňa ber!” diýip, çekeläp diýen ýaly elimden aldy. Edil ýanymdakaňam ýüzüne “nomere” diýip gol çekdi. Aslynda ol her gezegem meniň hekaýalarymy şeýle halda kabul ederdi. Şonda men:”Osman, heniz okaman gol çekdiň welin...” diýsem, “Okamaly awtor bar, okamaly däl awtor bar. Men seniň galam ýöredişiňe belet, sende dürslük bar, sende sabyrlylyk bar, sende hakykat-adyllyk, halallyk bar. Şonuň üçin men ony hemişekilerim ýaly, žurnalda çap bolup çykandan soň okaryn. Bilýäň-ä, birentek ýazyjylaryň eserlerini oturyp tutuşlygyna işlemeli, hupbat baryny berýär. Şiwe sözlerinden asla çykyp bilenoklar. Onsoň okyjy alasarmyk ýagdaýda golýar. Seňki babatda welin bu sözleri aýtmak mümkin däl. Sen ol ýoly ýeňip geçdiň. Eliňem, diliňem taplanma, ýenjilme kemini goýmadyň. Muny ähli eseriňde-de duýmak bolýar” diýdi. * Osman Ödäýew jadyly, hyýaly, şeýle hem durmuşy halk ertekileriniň, olaryň äheňinde döredilýän häzirki zaman ýazyjylarynyň ertekileriniň aşygydy,olara uly hormat goýardy. Şeýle bolansoň onuň tagallasy bilen “Hudaýberdi gorkagyň obadaşy”, ”Dört öküz”, ”Ýylan bilen kyrkaýak”, “Dostluk” atly ertekilerim žurnalda yzygiderli çap edildi. Şol günleriň birinde-de žurnalist Rahmet Gylyjow men barada ýazan makalasyny “Garagum” žurnalyna tabşyran eken. Bir günem onuň bilen gabatlaşanymyzda “Halypa, siz hakynda ýazan makalama goýan sözbaşym redaksiýa tarapyndan üýtgedilip, "Ertekiçi ýazyjy” ady bilen çap edilipdir welin...” diýdi. Men oňa aňryýany bilen düşündim. Sebäbi sözbaşyny Osmanyň ertekilerimiň höwrüniň köp bolmagyny isläp,uly ynam bilen düzedişi bolmaly. Dogrusy, ony soň özündenem eşidipdim. “Dostum, häzir senden başga biziň žurnalymyza erteki getirýänem ýok. Iň gyt žanra öwrüldi ol. Cagalar diňe bir halk ertekilerini däl, eýsem, halk ertekileri äheňinde ýazylan awtorly ertekileri hem okamagy gowy görýärler. Hyýaly, jadyly ertekiler çaganyň psihikasyny, dünýägaraýşyny ösdürýär. Dörediber. Sen erteki ýazmaga ussat, yzyny üzme, bize-de getir. Çagalar seniň “Üç öküz”, ”Bagt guşy”, “Ýoldaky teňňeler” atly kitapçalaryňy elden düşürmän okaýar. Diňe olaram däl, hut meniň özümem şol ertekileri öwran-öwran okap çykdym. Hezil edinäýýäň, çagalyk döwrüňe dolanan ýaly bolýaň, bütinleý başga bir dünýä syýahat edýärsiň. Köpüsin-ä ýatdanam bilýän”diýipdi. * 2013-nji ýylyň alabaharydy. Men oňa özümiň altmyş ýaş toýuma bagyşlanylan ýadygärlik widiofilmiň taýýarlanýanlygy barada jaň etdim-de, ýanym bilen wideoçy ýigidi hem alyp bardym. Biz baranymyzda onuň iş otagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew bilen şahyr Allaýar Çüriýew dagylar hem jem bolup oturan ekenler. Şonda olar yzly-yzyna söz alyp, meniň ýaş toýumy gutlap, ýazga düşdüler. Bu günki gün men şol ýazgyny öz şahsy arhiwimde aýap saklaýaryn we oňa aram-aram oturyp tomaşa edýärin. Dogrusy, dostumyň janly şekilini göremde, her gezek agym tutup, bokurdagym dolýar. (Ýöne muňa çäre ýok). Arada men şol ýazgyny oturyp, gylyny gymyldatman, bolşy-bolşy ýaly kagyza geçirdim hemem ony Osman bilen öz durmuşymda bolan bir parça hökmünde okyjylar köpçüligine ýetirmegi borjum hasapladym. Ine-de, şol ýazgy. - Men Ödäýew Osman, Goçy Annasähedowyň dosty. Şu gün Goçy Annasähedowyň 60 ýaş toýy, dabarasy. Şol mynasybetli men Goçy hakynda käbir zatlary aýtmak isleýärin. Goçy Annasähedow bilen 1978-nji ýylda tanyşdym. Men şonda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nemes filologiýasy fakultetiniň soňky kursunda okaýardym. Goçy bolsa şol wagtlar “Türkmenistan kommunisti” žurnalynda edebi işgär wezipesinde işleýärdi. 1979-njy ýyldan başlap biz bir ýerde işläp başladyk we tä 1991-nji ýyla çenli, on üç ýyl töweregi bile işledik. Şunça wagtyň içinde biz onuň bilen dostlaşdyk, ýakynlaşdyk, mährem bolduk. Men onuň adamkärçilikli ýigitdigine buýsanýan, guwanýan. Adamy tanajak bolsaň, onuň bilen ýola ýoldaş bolmaly. Men onuň bilen ýola ýoldaş bolup hem gördüm. Şeýle bir gowy, adamkärçilikli, salyhatly adam. Goçy publisistikadan hem köp eserler ýazdy. Hekaýalar ýazdy, powestler, romanlar ýazdy. Häzir soňky döwürlerde erteki köp ýazýar. Bu eýýam garry adamlara mahsus. Biziň obamyzda hem bir garry ertekiçi bardy. Şonuň üçinmi, biljek däl. Goçy, garrama! Men sen hakda bir zady pikir edýärdim. Adam bir zady maksat etse, ir-u giç şol maksadyna ýetmän galmaýar. Seniň edebiýata eden hyzmatyňy gara ýere edeniňde, bu gün sen “Zähmet gahrymany” bolardyň. Seniňem edebiýatda eden işleriň görner, duýular. Sebäbi sen ilhalar eserler döretdiň. Şeýle eserleriň höwri köp bolsun. Ýaşyň uzak bolsun, seniň eserleriň ömri öz ömrüňdenem uzak bolsun. Janyň sag bolsun, maşgalaňa, çagalaryňa guwan. Bizem bütin türkmen halky bolup saňa guwanaly. Ýaş toýuň gutly bolsun!”. * Osman Ödäýew adama turuwbaşdan mährem-hemra bolan ýürekdeş dostdy. Bir zat ýadymda, her gezekki döredijilik saparyndan gaýdyp gelenden soň Osmanyň kärdeşlerini töweregiňe üýşürip, gören-eşiden zatlaryndan gyzyl-gyran güldürip gürrüň bermek häsiýeti bardy.Wagt tapsa dogduk obasyna ýygy-ýygydan bararady. ”Oba bardym, deň-duşlarym, dostlarym nobatma-nobat öýlerine cagyryp, halys günüme goýmadylar, oba ýeri baý hezillig-ä. Barsaň, gaýdasyň gelenok!” diýip, dogduk obasyny dilinden goýmazdy. Bir günem men oňa: ”Osman, hany birmahallar bile oturyşmamyz bardy. Öýe-de barardyk, daçada-da. Indi welin wagt tapmadyk bolup ýörüs. Ýör, şu gün bizde oturaly. Gelnejeň bişirjek jüýjeli palawyndan bileje iýeris. Birsellem göwün açyşarys, döredijilikden gürrüň ederis” diýdim. “Dost jan, mürähediň üçin sag bol. Bereket bersin. Walla, şu günler öz öýmüziň jüýjeli palawyny iýmäge-de wagtym ýok, öýüme-de myhman. Hiç ýetişip bilemok, etsem-petsemim bolsa günsaýyn artýar. Sen menden gaty görme.Ynan, wagtym ýok. Eger göresiň gelse, şu ýerik, redaksiýa geläý, dostlarym üçin gapym hemişe açykdyr. Arakesmede gel, işden soň aýlan. Çaý başynyň söhbetinem şu ýerde gurnap bileris. Gelip dur, dostlarym ýanyma gelse, dogrusy, işimi bir gyra süýşürip, menem birsellem dynç alýan ýaly bolýan” diýdi. “Saňa düşünýän, özüňi beter gynama. Beýniňe aşa agram salyberme, aram-aram dynç almagy unutma!” diýip,onuň bilen sagbollaşyp gaýtdym. * Bir gezegem, onuň hassahanada ýatyp, ýaňy bir işe çykaýan günleridi. Onuň keýpi ýaman däldi. Ýöne namart kesel ony halys basmarlandygyny syzmak bolýardy. Ýüzüni görüp, derdini sorabermelidi. “Operasiýadan soňam oňly gutulyp gidiberemok. Dogrusy, işe-de zoraýakdan gelip-gidýän. Işe gelseň, her hal göwnüň açylýar. Edilmeli işlere, ýazylmaly zatlara göz gezdirýän. Öňde bir ussa: “Demir kän-dä, kömür az” diýipdir-ä. Ençeme eserleň suduryny aňymda göterip ýörün, ýöne olary dünýä getirip ýetişmerinmikäm diýip gorkýan” diýip, öňler dertden rüstem gelip, özüni näçe mertlige salyp ýörse-de, şol gezek maňa içini dökdi. Men şonda oňa göwünlik bermäge çalyşdym, başarmadym, hamsygdym. * Bir günem “Garagum” žurnalynyň jogapkär kätibi, kärdeşimiz, zehinli ýazyjy Bägül Annabaýewanyň ýanyna baryp, golaýda žurnala tabşyran hekaýamyň ykbaly bilen gyzyklandym. “Hekaýaňyzy Baş redaktor bilen maslahatlaşylyp, eýýämden žurnalyň nobatdakysanyna goşduk” diýdi. Soňundanam: "Halypamyz Osman aganyň sargydyny ýerine ýetirmän bolmaz ahyryn!” diýdi. Gürrüňiň näme hakda gidýänligine, dogrusy, birbada düşünmän aňalyp galypdyryn. Görlüp oturylsa, Osman Ödäýewiň, heniz žurnalyň Baş redaktory wezipesinde işläp ýören mahalynda: “Goçy Annasähedow meniň ýakyn dostlarymdan biridir. Professional ýazyjydyr, ussat hekaýaçydyr. Men bolaýyn-bolmaýyn, hekaýa getirdigi, dostumy kän garaşdyrmajak bolaweri!” diýip, jogapkär kätibine tabşyran aýratyn bir sargydy bar eken. Men muňa diňe bir dostuň-dostuna goýan gadyr-gymmaty diýip düşünmän, eýsem, iny adamkärçiligiň belentden belent, aňryçäk nusgasy diýip kabul etdim. Osman! Seniň hormatyň-sarpaň biz deň-duşlaryň, egindeşleriň, döredijilik işgärleriniň arasynda hemişe-de beýikdi, dostlugyň mizemezdi, bu şeýle-de bolar. Ulaldyp aýdamok. Seniň bilen tirkeşen ýyllarymda türkmeniň ýagşy gylyk-häsiýetleriniň baryny - jomartlylygy, sabyrlylygy, şükürlililigi, göreldeligi, dost-doganlylygy, duýgudaşlygy, türkanalygy, umytlylygy, ynsaplylygy, yhlaslylygy, ýürekdeşligi, zähmetsöýerligi, sahylygy, sadalygy, agraslylygy, aladaçyllygy, gaýratlylygy, pespälliligi, dogruçyllygy hem-de kanagatlylygy sende gördüm. Şonuň üçinem seniň manyly ýaşan ömrüň köp adamlara nusgalykdyr. Magtymguly atamyzyň aýdyşy ýaly: Adam ogly bu dünýäge gelmese, Gelenden soň ömür sürse, ölmese. Il içinde “Adam ýüz ýaşasa, sözi müň ýaşar” diýlen bir pähim bar. Seniň ýazyjylyk ussatlygyň, döredijiligiň özboluşlylygy ähli okyjylary hem özüne çekýär. Şonuň üçinem seniň il-günüňe miras galdyryp giden köpe nusgalyk eserleriň ýaşy müň däl, müňýyllyklardan hem aşar! * Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we medeniýet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşygynda birnäçe şahsyýetler bilen birlikde seniň adyňy hem paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde ebedilişdiriljekdigini nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň bu şa serpaýy bilen türkmeniň ykbal ýolunyň ugrunda öz ajaýyp eserleri, ýürek owazlary bilen yz goýan ägirtleriň atlary dakylan ýerler bolsa asyrlardan-asyrlara il-güne özüniň ylham baýlygyny eçiler durar. Dostum, sen bu hormat-sylaga aňryýany bilen mynasypsyň. Ruhuň şat bolsun, nur içinde ýat, eziz, mähriban dostum! Goçy ANNASÄHEDOW, ýazyjy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||