OT, ASMAN HEM GOŞGY
Obanyň ilerisindäki dagyň depesi Asmana direýär. Ýöne heniz obanyň ilerisindäki Degirmendagyna çykyp, Asmana elini ýetirip gören ýok! Degirmen daşy ýaly ullakan bolandygy üçin bu daga şeýle at galandyr. Ýa-da bu dagdaky daşlar degirmen edinmäge has ýaramly bolandyr, şondanam adyna Degirmendag diýlendir. eteginde «Arçman» şypahanasy bar. Şypahana özbaşyna döwrebap şäherçäni emele getirýär. Onuň ýanyndaky obanyň, demir ýol menziliniň ady hem Arçman. Şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow şol çaklaňja oba dynç günlerini gabatlap myhmançylyga barýar. Dag jülgerlerinde, seleň sährada şahyryň çagalygynda gözi galan mähriban ýerleri ýaýylyp ýatyr.
«Eziz obam — öýüm, Gujagňa dolsam,
Çagalygma dolanaýjak ýaly men»
— diýip, ol Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde okan ýyllarynda ýazypdy.
Ol Bäherden etrabynyň gür baglyga bürenip oturan Arçman demir ýol menziliniň çaklaňja obajygynda dünýä indi. Arçman obasyndaky mekdepde orta bilim aldy. Mekdep ylym-bilim almagyň ilkinji basgançagy. Şonda hem ilkinji goşgy ýazyldy.
«Gözeljige kakasy,
Getirdi bir gurjajyk.
Gözeljige diýdi ol:
«Al gurjagyň turdajyk».
Gözeljik höwes bilen,
Gurjagna gülüp bakdy.
Läle dakyp adyna,
Täzeje köýnek tikdi.
Oýunjagyn üýşürip,
Oýnadylar bileje.
Soňra Lälejik bilen,
Çykdylar gezelenje».
Bu goşgy soň çagalar neşirinde çap edildi. Goşgy ýazmagyň gyzygy şondan soň hasam artdy. Şahyr özüne şygyr dünýäsine imrigmeginde mekdep mugallymlary Handurdy Abdyrahmanowyň, Gurdurdy Şyhmyradowyň jan edendiklerini öz ýatlamalarynda belleýär. Mekdebe barýarkalar hem goňşy oglan-gyzlary bolup, okan kitaplary hakynda aýdyşýardylar. Soň öz aralarynda okan kitaplarynyň sanawyny düzýärler. «Biziň aramyzda Ogulgerek iň okumy- şymyzdy. Ol okuwa barýarkak, ýolboýy bize öz okan dessanlaryny gürrüň berýärdi. Men çagalyk dostlarymdan köp zat öwrendim» diýip, ýaş şahyrlar bilen duşuşyklarynda ýatlaýar. Haçan-da mugallymlary olara ilkinji gezek goşgy düzmegi tabşyranda, okuwçylaryň ählisinde hem geljekde şahyr bolmak arzuwy ýok däldi. Allamyrat Annageldiýewiň «Jigimiň daragy», Bally Annaberdiýewiň «Gowaça» diýen goşgusy erbet çykmandy. «Gözeljik we gurjajyk» atly goşgy sözleri, sözara sazlaşygy ýerbe-ýer, pikiri dürs goşgy ýazan okuwçysy welin, mugallymy üçin täze açyşdy. Synpyň öz şahyry bardy!
Şahyrlyk ýüregiň emri. Ony ykbal hasap etsinler, etmesinler, ynsan ýüregi heserli bolanda, ol bir ýerlerden çykýar. Şeýle ykballar hem adaty bolmaýar. Onda sungata barýan ädimleriň başlangyjy duýulýar. Bu her kimde dürli hili bolup biler. «Mende hemişe uçmak höwesi bardy» diýip şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanow söhbetdeşliklerinde aýdýar. Bu ýönekeýje çaga arzuwy ýaly welin, şol hem ahyrynda şahyry Asman giňişligi hakyndaky, şeýle-de adatdan daşary ukyplary kemala getirmek bilen bagly kitaplaryň muşdagyna öwürdi.
Indi «uçmak» arzuwyny amala aşyrmagyň ilkinji «synanyşyklary» barada. Şol wagtlar şahyr ýaňy alty ýaşly oglan ekeni. Bir gün ol ullakan ot ýakyp, tüssäniň arasy bilen hem Asmana uçýan gahryman hakyndaky ertekini eşidýär. Uçmak hakyndaky pikirler oňa hiç ynjalyk bermeýär. Kakasy demir ýol işçisi, işden surnugyp gelýär, ejesi hem uzakly gün halynyň üstünde, doganlarynyň hem öz aladalary bar! Muny hökman synap görmeli.
...Iki sany oglanyň obadan çykyp gidenini hiç kim görmeýär. Olar meýdana gelýärler-de, köp odun üýşürýärler. Indi «uçmaly» pursat ýetip gelýär. Ot ýakmak kyn däl. Ýöne nädip uçulýarka?! Oglunyň gözünden ýitenini duýan Gözeliň ýüregine howsala düşýär. Daşaryk çykyp, oglunyň adyny tutup gygyryp görýär, ses beren bolmaýar. Çagalarynyň ululary mekdepde. Şonda ol aldyrany bar ýaly obanyň çetine ylgap çykýar. Görse, ot ýaňy ýanmaga başlapdyr. Ol eliniň aýasy bilen oda gum sürmäge oturýar. Oglanlar hem onuň hereketine eýerýärler. Soň Mämmetgurban bilen Kerimi oba alyp gaýdýar. «Uçuş» synagy hem şeýdip tamamlanýar. Özüniň he- mişe akyl ýetmesi kyn zatlar, dünýäniň çylşyrymlylyklary, adamyň tebigatynyň gurluşy barada pikirlenendigini şahyr ýaşlara gürrüň berýär. Çagalygynda özüne çeken, juda geň görnen şol sowallaryň ol has soň, L.N.Oçapowskiniň, N.Zubkowyň, A.Ç.Parabhupada Swaminiň eserlerini we beýleki kitaplary okanyndan soň jogabyny tapdy.
1984-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň şol wagtky talyplarynyň Russiýa döwletiniň Sankt-Peterburg şäherine okuwa iberilenleriň arasynda Mämmetgurban Mämmetgurbanow hem bardy. Şonda ol, hakykatdanam, uçdy... Uçar olary Russiýanyň medeniýet hem-de ylym merkezleriniň birine alyp gitdi.
Uçmak bolsa, hemişe täze dünýäni açmagy aňladýar. Bu ýerde oňa Gopala Goswamin halypalyk etdi, onuň öňün- de çözülmesi kyn sowallaryň syrlaryny açdy. Soň hem uçmagyň täsinligi hakyndaky göwün ýüwürtmelerini ol terk edip bilmedi. Ýyldyzly ak gijelerde ol düýşün- de köp gezek Asmana uçdy. Şahyryň
1995-nji ýylda «Ruh» neşirýatynda çap edilen ýygyndysynyň ady hem «Ädimlerim älemde», bu at onuň çagalyk arzuwlarynyň dowamy. «Uçmak» köp bilmek üçin alysa göz ýetirmek, dünýägaraýşyňy baýlaşdyrmak diýildigi. Gadymyýetiň paýhasynyň örküni düzýän derwüşdir sopularyň, tibet lamalarynyň, ýogalaryň biliminiň nämä esaslanýandygyny hem ol köp ýyllar öwrendi. Netijede, adamyň erkine degişli düşünjeler syrlaryny açdy. Magtymguly akyldaryň «adamzat» hakyndaky pikirleriniň gözbaşy hem Asman bilen Zemin aralygynda adamkärçilik kanunlarynyň birligi hakynda barýar diýen netijede jemlenýär.
«Daşymy gurşap dur eziz adamlar,
Ýüregimde şäher gurdum söýgüden»
Bu setirleriň nireden alnandygynyň pikirini edip, orta asyr gündogar edebiýaty hyýalyňa gelýär. Aslynda bolsa, Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň döredijilik ussahanasynyň önümi. Ol şahyryň adamlara sypaýy gatnaşygynyň şygary bolup, jemgyýetiň jebisleşmeginiň bähbidine adamlary «söýgi» atly bitewi bir ykbala birleşdirýär. Zemin /Söýgi Asman/ Adam pikir gatnaşygynda onuň manysyny açýar.
Ýaşaýşyň müdimi sowallaryna adam näçe aralaşdygyça, onuň ýüregine söýgi dolýar. Paýhas ylymlaryny baýlaşdyrýan pikirler eziz Arkadagymyzyň eserlerinde has aýdyňlaşýar. Bu eserleriň milli taglymatlary düýpli hem-de töwerekleýin öwrenmek üçin gymmatly çeşmedigini şahyr aýdýar. Eziz Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň esasynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň «Ene ýüregi» («Сердце матери») atly eseri sahna çykdy. Sahnany režissýor, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Aşyrmuhammet Rahmanow goýdy.
Şonda hem uçýan perişdäniň keşbi bar. Gahryman Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndaky rowaýatlar, doga edinäýmeli jümleler dramaturgyň ýordumy has täsirli guramagyna esas berýär. Gahryman Arkadagymyzyň döredijiligine mahsus bolan milli gözbaşlardan peýdalanmak bilen, onuň ählumumy häsiýetini okyja ýetirmek, esere çuň mazmun bermek ýörelgesi dramaturga esere düýpli çemeleşmegine kömek edýär. Şahyryň dramadaky ussatlygy mukaddeslik düşünjesiniň esasyndaky jemgyýetçilik gurluşlaryň hem-de gatna- şyklaryň manysynyň aýdyňlygynda has açyk ýüze çykýar. Eziz Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň mazmuny babatdaky garaýşyň paýhas ylmyndaky kökleri hem- de milli gözbaşlary dramaturga eseriň pikir gönükmesiniň ugruny görkezýär. Sahna açylandan, onda rowaýat başlanýar. Rowaýat indi dünýä inmeli çaganyň Ýaradan bilen sowal-jogabynyň esasynda düzülen. Çagany geljekde tebigatyň şatysyndan, janly-jandarlaryň howpundan we beýleki ähli zeper ýetirip biläýjek şowsuzlyklardan goramaly ynsanyň enedigi hakyndaky çözgüt bilenem, bu gepleşik tamamlanýar. Ýazyjy bu ýordumy sahnanyň tutuş do- wamynda yzygiderlilikde tomaşaçynyň öňünde häzir edýär. Durmuş pursaty, sahnadaky wakalar, esasy öwüt beriji çözgüt bolsa, rowaýat arkaly beýan edilýär. Jemleýji netijäniň rowaýatyň manysy bilen ugurdaşlygy dramanyň täsirliligini we manysyny artdyrýar. Sahna tutuşlygyna maşgala gymmatlygyny ündeýän düşünjeleri çuňlaşdyrýar. Mukaddesligi goraýan ähli zatlaryň mukaddesligi aýdylýar. Ene, maşgala, perzent, öý-ojak, ata-ene pendi, Watan mukaddesligi — adamkärçiligiň beýik taglymatlaryny dabaralandyrýan uly güýç. Ýazyjy adaty durmuş wakalaryna ýüzlenýär. Adaty- lykdaky üns berilmeli ägirtligi hem-de ynamy tomaşaçynyň aňyna ýetirýär. Gahrymanlaryna dakan atlary hem ýa- zyjynyň esasy ündeýän pikirini çuňlaşdyrmagyna ýardam edýär. Enäniň ady Mähriban, oglanlaryň atasy — Haýdar aga, teatryň zehili artistleri Anastasiýa Balandinanyň hem-de Mihail Rogowuň tomaşaça nobatdaky gezek ussatlygy subut edilýär. Maşgalada üç sany oglan, birem gyz perzentleri bar. Üç ogully bolmagam sahna erteki äheňini berýär. Üç oglanyň üçüsiniňem özboluşly häsiýetliligi bilen, halk döredijiligi bilen bitewüligi açylýar. Mahlasy, «Görogludaky» üç ogullylyk ýaly. Eziz Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kita- bynda hem Jygalybegiň ogullarynyň sanynyň üçdügine üns çekilýär. Kitapdaky: «Halkymyz ýaş nesillerini toprak, ene, öý-ojak, saçak... ýaly mukaddeslikleri hakyndaky düşünjeler bilen kemala getirýär. Topraga, ene-ata, öý-ojagyna wepaly perzent — Watanyna hem wepa- lydyr diýen ynam bilen ýaşaýar» diýen setirlerde mukaddeslik düşünjesiniň milli kökleri açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndaky bir many köküne birigýän düşünjelere okyjynyň garaýşy- nyň baýlaşmagyna dramadaky wakalar hyzmat edýärler.
Mähriban enäniň durmuşy toma- şaçyny çagalyk ýyllaryna alyp gidýär. Mahlasy, eneli, ataly döwletli öýlerde ir säheriň başlanyşynyň edil şol sahna- daky ýaly görnüşde bolandygy üçin, ol tomaşaçyny düýrmegi bilen özüne çekýär. Her gün daň saz bereninden, enäniň aruwlary hem ganat ýaýmaga başlaýar. Ol arzuwlar il-günüň agzybirligi, Watanyň abatlygy, Watanymyzyň başynda duran eziz Arkadagymyzyň jan saglygy, ýolunyň açyklygy, maşgalanyň abatlygy barasynda bolup, ene tä olary birin-birin hyýalynda aýlaýança hem, Gün dogýar. Maşgalanyň agzalary her kim — işli-işine ugraýar. Mähriban enäniň arzuwlary olaryň her biri barasynda aýratynlykda do- wam edýär: işe sag-aman gidip-gelmek, işiň oňuna bolmagy, jan saglygy hem başga arzuwlar. Mähriban ene Haýdar aganyň hem hemişe ýardamçysy. Oňa habar gatanda hem sypaýy gepleýär, ony ünsli diňleýär, onuň işden dolanyp gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Haýdar aganyň käri boýunça arheolog bolmagy hem ýazyja eseriň mazmunyny döwrebap wakalar bilen baýlaşdyr- maga esas berýär. Halkymyzyň taryhy geçmişini töwerekleýin öwrenmek boýunça döredilýän mümkinçilikler şol keşp arkaly açylyp görkezilýär. Haýdar aga arheologik ekspedisiýada mahalynda göz ýetiren täzeliklerini Mähriban enä-de gürrüň berýär. Onuň kömekçisiniň ady Tahyr. Oýunda Tahyryň bu maşgala bolan hormaty Zöhrä bolan garaýşy arkaly has çuňlaşýar. Zöhre — talyp, ol Tahyra kakasynyň aýratyn mähir bilen garaýandygyny duýýar. Onuň umyt bil- dirilýän ýaş arheologdygyny bilýär. Tahyr Haýdar aganyň uly ogly Yklymdan saz öwrenmekçi bolýandygyny aýdanda hem, ol onuň özüne mylakatlydygynyň sebäbini birbada duýmaýar. Şu waka eserde ýazyjynyň ýaşlaryň arasyndaky söýginiň hormat goýmakdan başlanýan- dygy hakyndaky pikirini öňe çykarýar hem-de tassyk edýär. Şeýle hem halypa üçin şägirdiň iň ynamdar adamdygyny açyp görkezýär. Mähriban ene Tahyryň ugradan sözaýdyjylarynyň Zöhre üçin gelendiklerini aýdanda hem, Haýdar aga ony özüniň has gowy tanaýandygyny aýalyna guwanyp gürrüň berýär. Olaryň arasyndaky gatnaşyk oňlanylýar hemem toý etmek pikiri çugdamlanýar. Zöhräniň, Tahyryň adynda hem gadymy hekaýatlar bilen bitewi äheň bar. Enäniň keşbinde üns berilmeli ýeri onuň ähli adamlara hem sypaýy gatnaşygy, Tahyr Zöhre bilen birinji gezek ýüzbe-ýüz bolup gepleşende, Mähriban eneden özüniň hem ene mährini tapandygyny, onuň maşgalasyna gözüniň gidýändi- gini aýdýar. Haýdar aganyň uly ogly Baky, onuň gelni Miwe. Baky, Miwe, bular hem ýazyja pikiri çuňlaşdyrmaga itergi berýär. Baky hususyýetçilik ulgamynyň adamy. Onuň perzendi ýok, bu alada olara ynjalyk bermeýär. Bakynyň illere göterimine karz pul berýändigini gelni Miwe Zöhräniň üsti bilen gaýny- na aýdýar. Mähriban ene bu habary örän agyr kabul edýär. Miwe bolsa, gaýnynyň göwnüne degerin öýdüp pikir etmeýär. Mähriban ene üçin dünýä tersine öwrülen ýaly bolýar. Sahnada enäniň gelniniň getiren süýjüligini kabul etmezligi iniňi tikenekledýän tolgundyrjy görnüş. Ýazyjy halallyk ündewlerini türkmençilige mahsus dessurlar bilen berkidýär. Rysgal çeşmesiniň aňyrsynyň halaldygyna göwni ynanmasa, ol saçakdan duz dadylmaýar! Ejesi Bakydan olar ýaly naýynsaplyga garaşmandygy üçin, ýüregi agyrýar. Zöhre bilen Miwe lukmany çagyrýarlar. Mähriban ene ile ýagşylyk etmegi, adamlaryň diňe ejizlän wagtlarynda karzyna pul alýandyklaryny aýdyp, puluň göterimine berilmeginiň hyýanat etmekdigini, açgözlükdigini zynharlaýar. Ol rehimdarlygy we sahawatlylygy ündeýär. Baka gelni ähli zady bolşy ýaly gürrüň berýär. Baky ýalňy- şyna düşünýär. Soň olaryň perzendi dogulýar.
Ýazyjy Haýdar aganyň ortanjy hem-de kiçi ogullarynyň keşbine hem düýpli çemeleşipdir. Ortanjy ogly — Yklym, ol ýangyn söndüriji, içeri işler gullugyndan. Uly il süýji ukuda ýa-da dynç alýar. Yklym üçin bolsa, gulluk hemişe dowam edýär. Onuň ussat türgenligine güwä geçýän dogumly hereketleri keşbiň täsirliligini has art- dyrýar. Yklymyň milli senetlerden hem başy çykýar. Haýdar aga dutar çalan- da, kömekçisi Tahyryň özüni yhlasly diňleýändigini synlanyndan soň, oňa Yklymdan dutar çalmagy öwrenmegi maslahat berýär. Bu barada Yklyma hem aýdýar, ol Tahyra dutar çalmagy öwretmäge höwesli razylyk berýär. Maşgalanyň körpesi heniz mekdep okuwçysy, onuň ady Zaman. Görnüşi ýaly, Zaman adynda hem ýazyjy häzirki bagtyýar döwrümiz baradaky pikir aýlawyna öwrüm berýär.
Zamanyň keşbinde şadyýanlyk, bigamlyk agdyklyk edýär, ejesi näsaglandaky elewreýşi bolsa, onuň söýgüsini hem rehimdarlygyny görkezýär.
Sahnanyň dowamynda Zamanyň mekdep durmuşyna hem giň orun berilýär. Zaman bir gün özüniň mekdepde ýazan düzmesini okap berýär. Şu ýerde hem ýazyjy Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan parçalar janlandyrylýar, ugurdaşlykdaky many akabasy lummurdaýar. Gahryman Prezidentimiziň mekdep partasynda ýazan düzmesinden ene hakyndaky ganatly sözleri Zamanyň mähir gatyşykly äheňde aýtmagy, tomaşaça üýtgeşik täsir edýär. Sahna bezegi, aňyrdan goýberilýän sazyň sesi jemlenip, özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Şularyň ählisi hem, sahnadaky wakalar ene mukaddesligini ündeýän hereket- lerde, sözlerde, görnüşlerde jemlenilýär. Tomaşaçy Rahym Hommadow (Zamanyň keşbinde (Körpe ogly)), Kerim Ataýew (Yklymyň keşbinde (Ortanjy ogly)), Resul Nurymow (Bakynyň keşbinde (Uly ogly)), şeýle hem Lýubow Ýemelýanowa (Zöhre), Maýa Ýolamanowa (Miwe), Merdan Nurmuhammedow (Tahyr), Dinara Muhtarowa (Lukman), Wladimr Agajanow (Rowaýatdan çykan oglan), Anna Hommadow (Perişde) dagynyň sahnada döreden keşbini ençe wagt- lap hakydasynda saklaýar. Enä bolan mähirli garaýyş onuň ýüregini ýakymly duýgulardan pürepürleýär. Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň «Ene ýüregi» («Сердце матери») atly sahna eserinde bir maşgalanyň durmuş pursatlary janlandyrylyp, ol adamlaryň jebisligine we özara sypaýy gatnaşyklaryna ýardam edýär.
Ýazyjynyň özi şol pursatlary düýrmegi bilen duýýar, olara ýüreginiň sedasyny siňdirýär. Arasynda bolsa, onuň özi birmahalky çagalygyna dolanýar. Edil eserindäki gahrymany Zamanyňky ýaly mahal-mahal eljiräsi gelýär. Hol yzda galan çagalyk bolsa, diňe hyýalda ýaşaýar.
...Özi ýaly oglan bilen birden gürüm-jürüm bolan ogluny goramalydygyny şonda ene ýüregi hem syzypdy.
Oňa ot oýnamagyň günädigini sargap, öýlerine alyp gaýdypdy. Ol hem şonda indi ot oýnajak däldigini diňe bir ejesine aýtman, ýüregine düwüpdi. Ýö- ne odyň nähili gereklidiginiň, ony ýerini bilip ulanmagyň peýdasyny, ol soň okap öwrendi. Älem giňişligine göterilýän emeli hemra hem ilkibada ýerden ot bolup, Asmana galýar. Şeýdibem uçup gidýär.
...Orta mekdebi tamamlan ýyly onuň häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girmäge synanyşygy şowlamady. Şonuň üçinem synanyşygy indiki ýyla goýup, ol kakasynyň ýanynda demirýolçy bolup işledi. Töweregindäki adamlar nämedir bir zatlaryň gürrüňlerini edýärler. Olaryň üýtgeşik bilimli däldiklerini Mämmetgurban bilýär, ýöne gürrüňlerini diňlemek welin gyzykly. Ol şonda özi üçin şeýle bir hakykaty açdy, paýhaslylyk, üşüklilik, zehin adama Alla tarapyn berilýär. Soň ony adamlaryň ösdürýänleri, baýlaşdyrýanlary hem bar. Durmuşyň manysy adamlardan nähilidir bir zatlary öwrenip bilmekde ekeni! Şeýle wakalar häzir hem şahyryň süýji ýatlamalarynda ýaşaýar. Ony şeýdibem oba, işe güm- ralyk ululyga çykardy. Obadaşlarynyň ynamyny ödemegiň özüne gerekdigini, ol has-da duýdy. Garry atasy geçen asyryň ýowuz ýyllarynda oba ýolbaşçylyk edipdir. Onuň bilimlilik, köpügörenlik, düşünjelilik häsiýetlerini olar Mäm- metgurbanyň dowam etdirjekdigine bil baglapdylar. Onuň «at dakylanyna» çekendigini uzak bir ýerlerde okuwyny dowam etdirýändigini eşidenlerinde, guwanyşyp birek-biregine aýdyşypdylar.
Onuñ öz obasyndan öýlenendigi hem olary az begendirmändi. Umuman-ha, olaryň synpdaş oglanlarynyň ählisiniň öz obadaşlaryna, öz synpdaşlaryna öý- lenendikleri obanyň taryhy üçinem geň wakady.
Adamlara bolan sypaýy gatnaşygy Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň tutuş döredijiligine siňip, oba adamlarynyň, maşgala terbiýesiniň mähre ýugrulan ýatlamalarynda açylýar.
Olaryň maşgalalarynda atasynyň adyny dakan ilki perzentleri heniz has kiçijikkäler, ene-atasyny aýralyga goýýarlar. Şu baradaky gürrüňlerinde şahyr: «Şonuň üçinem maňa öýde hiç iş buýrulmazdy, ejemiň, kakamyň gözi gorkandy» diýýär. Uly gyz doganlary atalarynyň ady dakylan jigilerini bir pursat-da gözden salmaýarlar. Oňa her hili ertekiler aýdyp berip, mähribanlyk bilen ulaldýarlar. Heniz mekdep ýaşyna ýetmänkä, oňa okap-ýazmagy öwredýärler. Her dürli gyzykly kitaplary okap berýärler. Soň uniwersitetde okalan ýyllarda Gurbandurdy Orazow, Öwlüýäguly Serriýew, Seýitmämmet Hydyrow, Enejan Mollaberdiýewa, Ogulbeg Pakyrowa, Atamyrat Şagulyýew dagy bilen uniwersitetiň edebiýat birleşmesine ürç edinip gatnaýarlar. Özara pikir alyşmak, döredijiligini baý- laşdyrmak üçin birleşme olara ullakan mekdep boldy. Şahyr kesgin pikirlerini, ahlak-flosofk garaýyşlaryny şygryýete siňdirdi. Muny şahyryň «Ädimlerim älemde» atly ýygyndysyndaky mysallar tassyk edýär. Ol:
Periden doglan Depegözler kän,
Olardan dyndarjak Besetler nirde?!
— diýip, geçen asyryň segseninji ýyllarynda ýazypdy. Bu setirler eseriň pikir çuňlugyny bitewi bir ýorduma birleşdirdi. Şol ýyllarda döwlet Garaş- syzlygy barasyndaky arzuwlaryň hasyl bolmagyna sanlyja ädim galypdy. Halkymyzyň ykbalynyň arzyly pursatlary öňdedi.
«Ýolsuz ýerden gidýär» diýip, saklamaň,
Bu ýollar öň hem bir boz ýer bolandyr.
Älemi açmak, täzelik agtarmak, adatylyk nikabyny serpip, ondan täsinlige ýol salmak öwzaýy şahyryň döredijiliginde duýulýar. Şu höwes onuň durmuş endikleriniň kemala gelmegi bilen onuň öňünde kämillige barýan ýollary açdy. Şahyr Mämmetgurban Mämmegurbanowyň köp dil, flosofýanyň akymlaryny öwrenmäge ýykgyn etmegi onuň döredijilik dünýäsiniň hem baýlaşmagyna getirdi. Mämmetgurban Mämmetgurbanow Türkmenistanyň Bilim ministrliginde işlän ýyllarynda dürli ugurlardan özbaşdak öwrenen bilimleriniň işbaşarjaň, oýlanyşyklylyk hem-de düşünjelilik bilen hereket edýän hünärmen bolmagynda uly ornunyň bardygyny duýdy. Şol hem onuň öz perzentlerine köp okamagy ündemeginiň esasy sebäpleriniň biridi. Adamyň öz işleýän ýerinde hormaty onuň, ilki bilen, adamkärçiliginde, soňra hem bilimliliginde ölçenilýär. Şahyryň gyzy Timar kakasynyň göwün diýen käriniň eýesi, ol iňlis dilini we edebiýatyny öwrenmegi öz kesbine öwürdi. Timar häzirki wagtda «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň jogapkär kätibi bolup işleýär, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde hem ýeňiji boldy.
Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň kyssaýy äheňdäki ýordumly goşgularynda gündogar edebiýatyna mahsus flosofýalylyk has güýçli. «Gury agaç hakda ballada» atly şygryň özboluşly ýordum gurluşy bar. Eserde wakanyň başlanyşy adaty. Gury agajy çapmaly-da, ýaş agaçlara ömür bermek maksady öňde goýulýar. Agajy çapmaga birnäçe gezek synanyşyk edilýär. Ýöne bu uzak wagtlap başa barmaýar. Agaç özüni çap- mazlygy ýalbaryp, her gelene özelenýär. «Öz oturan bagyny çapmady». Bu şahyryň eseriň ilki başyndaky kesgitli pikiri. Ýöne gury agaç ýaş nahal bilen ornuny çalyşmaly. Ömür soňlanýar. Bu pikir şahyry eseriň başyndan, tä ahyryna çenli biynjalyk edýär. Ahyrynda hem bu işi dözümliräk biri ýerine ýetirýär. Ýöne ahy- rynda bolýan waka serediň: gury agaç özüni çapanyň üstüne güpläp gaýdýar. Gury agaç üstün çykýar. Ýeri, muňa ýok bolmak ýok diýen flosofýa diýjekmi, bu, esasan, okyja bagly bolaýmasa?! Ýöne il aýdymyn aýdyp bilmeseň, Il derdin öz derdiň öýdüp bilmeseň, Üşäni köz bolup ýyldyp bilmeseň, Tüsseläp hem durma, tizräk öç sen! — diýýän şahyryň şygyrlaryny ýat- dan bilýän muşdaklary kän. Mämmetgurban Mämmetgurbanow žurnalist hünärini edineninden soň, «Ýaşlyk» žurnalyna işe girýär. «Türkmenistan» neşirýatynda, ýaşlar syýasatyny ýöredýän jemgyýetçilik guramasynda, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutda işlemegi onuň syýasy-jemgyýetçilik bilimlerini, mugallymçylyk, okatmagyň usulyýeti boýunça başarnyklaryny baýlaşdyrdy.
«Gözýetim», «Daýanç», «Ýaşlyk», «Talyp durmuşy» telegepleşikleriniň alypbaryjysy hökmünde bolsa, ol ildeşleriniň göz öňünde galypdyr. Ony baran ýerinde ýaşlar gepleşiginiň ýüregi hyjuwly, iňňän özüneçekiji alypbaryjysy diýip tanaýarlar, oňa ýene şol birmahallardaky ýaly gepleşikleri taýýarlamagy sargaýanlar-da bar. Şol hem ýazyjyny täzeden ganatlandyrýar. «Ene ýüregi» («Сердце матери») atly sahna eseri hem şol joşgunly pursatlaryň miwesi diýip, edebiýatşynaslar aýdýarlar.
Adam özüne mähriban ýerlerden ara aşdygyça, yzynda hiç ýerden tapylmaýan gymmatly bir zadyny galdyryp gidendigini duýýar. «Men obamyzdan uzaga düşen wagtlarym öz tirkeşen dostlarym bilen bilelikde näme üçindir her baýry, her dagy edil syrdaş ýol-
daşym ýaly ýatlaýaryn. Şonda meniň kalbymda ýeňillik peýda bolýar, gussalarymdan saplanýaryn» diýip, şahyr «Ädimlerim älemde» atly kitabynyň gi- rişinde ýazýar.
Hawa, döredijilik ykbalynyň ilkinji ädimleri bolsa, «Egin ýabyň» ýakasynda başlanypdy, dagdyr baýyrlarda «Lypbyja», «Tilkili», «Ak ýapylar» bilen badaşdy. Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň «Älemi ädimlän ädimleri» haýsy ýere gadam goýan hem bolsa, onuň ilkinji başlangyjy Degirmendagynyň etegin- däki baýyrlarda galypdy. Şu, elbetde, şahyranalygyň hatyrasyna aýdylmady...
Hawa, aslynda uçmagy arzuw edýän çagalar bu obada başga-da kändi. Kimsiniň ýüregi ganatlandy, kimiň şowly ykbaly, kimiňem sözleri ganatlandy. Adam gözýetimi giňedigiçe, bilimi, düşünjesi artyp, özüne ganat edinýän ekeni. Ondan soň bu ynamy hemdem edindi. Şahyr, ussat teležurnalist, edebiýatçy Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň döredijilik ýolunyň aýratynlygy onuň ykbal ýolundaky täsin pursatlar bilen aýrylmaz bagly. Uçmak hakyndaky ýönekeýje çaga arzuwlary hem onda zehin uçgunjyklaryny köretdi. Şu hem onuň mekdepde okaýarka, ondan soň hem filosofýa degişli kitaplary köp okama- gyna sebäp boldy. Ol şeýdibem çagalyk arzuwlarynyň howaýylyk däldigini açdy. Şahyr: «Biziň neberämizde şahyr bolany ýok» diýip, öz ýatlamalarynda ýazýar. Belkem, şahyrçylygam uçmakdyr?!
…Ýaňy birinji ýyl talypkam, ýaşlaryň arasynda meşhur «Gözýetim» telegepleşiginiň alyp baryjysynyň sowalyna jogap bermegim halys aljyradanam bolsa, netijesiniň gowulygyna umyt edipdim.
Sebäbi alypbaryjy şahyrdy, Mämmetgurban Mämmetgurbanowdy...
Bägül ANNABAÝEWA.
Edebi makalalar