12:42 Ýazyjynyñ ussahanasy / hekaýa | |
ÝAZYJYNYŇ USSAHANASY
Hekaýalar
Şol gün men ony görüpdim. Begenjimden içim-içime sygman öýe geldim. — Şu gün awtobusda Aý gyzyň keşbini tapdym. Görersiň, ynha, ol üýtgeşik çykar. Adamyň şonuň bilenem meşhur bolar. Zerjahanyň aladalydygyna, hälki bir göwnüm üçin «hä» berýändigine ilkibada üns bermändirin. — Men ony näçe wagt gözlänimi bilýäň-ä?! Men dalda gözleýärdim. Şu pursatda onuň meni ynjytmazlygyny näler isleýärdim. Ol tersimden gopar öýdüp kelläme-de gelenokdy. Zerjahan ikimiz çagalykdan birek-biregi¬mize beletdik ahyry. — Şeýlemi? Ol äheňi bilen içime ot oklan ýaly etdi. Sesimi-üýnümi çykarmadym-da, törki tama geçip gitdim. Zerjahanyň pisint etmezligine janym ýanyp durdy. Mydama şol keşbi kellämde göterip ýörenime belet bolubam şeýtdi. Meniň birneme gaharymam geldi, çaý-nahar diýmän, kompýuteriň başyna geçmekçi boldum. Ýöne haýsydyr bir zat aýagyma badak atan ýaly, ýöräp bilmän hyrra yzyma öwrüldim. Zerjahanyň oturan tamyndaky töre oklanan güpjegi tirsekläp ýatdym. Gözümiň aşagy bilen ony synlaýar¬dym. Aşhanadan towuk çorbanyň ysy gelýärdi. Ýogsam Zerjahan towuk etine gezek gelende, işdäsizdigimi bilýärdi. — Hany, çagalar? — Gelerler. Zerjahanyň ünjüden ýaňa gözlerem buldurap duran ýalydy. Özümi saklap bilmän, dyzanaklap ýanyna bardym. — Janyň sagmy? Birden gözüne dikanladym. Zerjahan menden ýüzüni sowdy. — Işläsiň gelmedimi? Pikiriň bulaşdymy eýýäm?! Onuň özüne zor salýanyny duýýardym. — Hany, aýtsana, näme boldy? Sähel-mähel zat üçin seniň ýüzüňi beýdip asyp otur¬majagyňy bilýän ahyryn. Saglykmy?! — diýsemem, Aý gyzyň keşbi hem kelläme agram salyp durdy. Näme-de bolsa, bir jogap eşidesim gelýärdi. Zerjahan maňa tarap seretmän gepledi: — Ýazyp bilýärkäň, başga zada ünsüňi bölme! Döredijiligiň nämedigine indi bu adamlar düşünmeýändir öýdýärmiň?! Işle! Bular ýaly wagt hemişe bolmaýar. Çagalar ownukka, öýüňi galdyrjak bolup, işläp bilensiň, terjimedenem gaýtmadyň, beýlekisindenem. Aý gyzy ýazjak bolup, niýetlenip ýene-de başga işe ünsüň bölünýärdi. Meniň barysy ýadymda. Ýaşlykda çagalaryňy ilden üýtgeşik ýaşatjak bolduň. Ýogsam şeýdip hars urmak geregem däl ekeni. Günüň geçmän duranokdy, kakaň bilen ejeň görgülem bir zat ellerine düşdügi, ikimize ýetirjek bolup azara galardylar. Özümiz kanagatsyz bolupdyrysmy?! Men dikelip oturdym. — Hawa, ýöne özümiz ýalylar indi jaý edinjek, ulag edinjek diýip ylgaşyp ýörler. Şükür et, Zerjahan, bular ýaly gurgun öýi biziň ýaşymyzdaka, kim edinip biler?! Işläpdiris. Aý gyzy ýazmasamam, işleme kemini goýan däldir adamyň. Aý gyz gyssanyp ýazylýan keşp däl, ol meniň ömrümiň eseri bolar diýip umyt edýärin. Döredijilikdäki bar yhlasym şol esere-de siňer, ynanaý... Zerjahan bir zatlara nebsi agyrýan ýaly, «He-e...» edip başyny ýaýkady. — Domrul, «Döredijilik diýilýän zat düýrmegi bilen özüne garbap alýar» diýýärdiň. Şol diýeniň. Muňa baş uran adam ýa sungatyňky bolmaly ýa-da başga bir höwese ulaşyp gitmeli. Sen sungata ulaşyp gitdiň, närza bolma. Maňa aýdanyňy hasap etmänimde hem, «Aý gyzyň keşbini bir yşarat bolan güni ýazjak» diýip, uniwersitetiň talyplary bilen duşuşy¬gyňda aýdypdyň. Indi hol gören gyzyň saňa Aý gyzy ýazmaga yşarat bolupdyr. Ýeri, indi nämä garaşýarsyň?! Ýaz-da! Düýn dükana bardymam welin, aýallar pyşyrdaşyp maňa: «Söýginiň hikmetlerini» ýa¬zan ýazyjynyň aýaly» diýişdiler. Görýäňmi, her kim bilýär ekeni. Seni däl, seniň maşgalaňy hem bilýärler. — Hawa-la. Men oňa mähirli garadym. — «Söýginiň hikmetlerindäkiniň» sendigini bilýän däldirler. Zerjahanym, zerden dünýäm-dä... Zerjahan ýylgyrdy. — Işläsiň gelenok-da. Men turup, öz otagyma gitdim. Soň bagrymy ýere berip, kiçijik el kompýuterimiň ýü¬züne seredip köp ýatdym. Onuň ýüzünde elimiň hereketlerinden setir bary döräp geçip gidýärdi. Meniň kelläme esasy höküm edýän Aý gyzdy. Onuň söýgüsini ýazýardym. Hyýalym¬daky keşpleriň şol pursat göhi gelýärdi. Ýazdygymça ýazasym gelip, bagrym gijäp durdy. Kompýuteriň başyndan galman esli ýatandyryn. Zerjahan otagymyň gapysyny çala tyrkyl¬dadyp, iýip-içmegi ýatlatmadyk bolsa, şolam ýadyma düşmezdi. Aý gyz halys kellämi alypdy. Soň, gör, nämeler bolup geçdi. Şol günüň ertesem meniň keýpim kökdi. — Zerjahan, göz öňüňe getir, adam ömürboýy bir zady gözleýär. «Şol keşp kellämde çagalygymdan bar» diýsem, ynanmarsyň. Ýöne düşünäý, döredijilik dünýäsi adamyň özündäki döreden dünýäsi, göwnüme bolmasa, men Aý gyza ýüregimi berip barýardym, oňa şeýle bir guwanýardym, ony aýap gezesim gelýärdi, döredijilik dünýäsinde ahwalaty özümçe suratlandyrýaryn, özümçe zatlaryny ýerleşdirýärin. Onda adamlaryň häsiýeti, tebigat, ähli zadyň nädip herekete gelýändigine düşünmek kyn. «Döredýän mahalynda döredijilik adamy ekstaza düşýär» diýip ýazylanyny, özüň maňa öň okap aýtmadyňmy?! Meniň joşgunly geplerime Zerjahan käteler «hä» berýärdi. Ahyrynda şo-ol dyngysyz gepläp oturmagym ony ýadadan bolara çemeli. Ol maňa: — Ýeri, onsoň seniň döreden keşbiňden ile näme haýyr bar?! — diýdi. Birbada dilime badak atyldy. — Döredijilik diýilýän zat tebigatyň döreden dili bilen gepleýär, şol dil bilenem duý¬gudaşlyk edýär. Bilýäňmi, aňyýeti öwrenijiler adamyň içinde näme pikiriň bardygyny açyp, onuň kalbyna aralaşýarlar. Men, ýazyjy, olar ýaly däl, men adamyň tebigatynyň has baýdygyny, onda göze görünmeýän juda ajaýyp duýgularyň bardygyny olara duýgudaşlyk edip açýan. Meniň açyşym adamyň tebigatyny wasp etmek, onuň beýikligini we erkiniň giňdigini açmak. Ýazyjy hemme adamyň görýän zadyny görenok, ol görünmeýän zatlary görüp, şondan hem netijäni alyp gaýtmagy başarsa, çyn ýazyjy. Zerjahanyň ýüzüne gözüm düşmedik bolsa, henizem geplärdim. — Saňa gelelim bäri eşidýärin şu gürrüňi. Onuň bälçisiremeden hem şeýle diýmesi bolany üçin perwaýyma däldi. — Bar, git-de işlesene! Sen arkaýyn işleseň, men, ynha, şonda begenýärin. Ylgaşlap diýen ýaly öz otagyma gitdim. Elim düwmelere galtaşandaky çalaja tykyrda hem hezil edinýärin. Zerjahanyň bir aladasynyň bardygy hem arasynda kelläme gelip gidýärdi. Onuň ýaz¬magyma goltgy edýäni ýadyma düşende, ähli zady unudýardym. Men ony elimiň aýasynda saklaýaryn. Ol örän mähirli! Hawa... Ýazgym gysgaça şeýleräk äheňde gidip barýardy: «Şol gün gijaralar olaryň obalarynyň çetinde bir süregçi düşläpdir. Piriň ejesi: — Bar, hol bendä hödür-kerem et. Bir ýerlerden uzak ýol söküp gelýän adamdyr, öýde bişirilen ýyly tagama zardyr. Eger diýeniňi etse, ýanyň bilen alyp gaýt, öýümizde myhman bolar — diýipdir-de, bişiren tagamyndan okara guýup, adamsynyň eline tutdurypdyr. Süregçi ýaşuly olaryň öýünde birküç gün düşläpdir, dowarlaryny ýerläpdir. Gaýtmanka hem: — Taňry size, nesip bolsa, ogul perzent berer. Adyna Pir goýuň! Sebäbi ondan önüp-ös¬jeklere çenli pirlere kybap akyl berlen bolar — diýipdir. Olar sypaýyçylyk edipdirler. Myhman sesini çykarmandyr. Olar bilen hoşlaşmanka, donunyň içinden sermäp, bir düwünçejigi çykarypdyr. — Şunda gadymy döwürden bäri, arkama-arka saklap ýören gowy tohumlyk dänämiz bar. Ek, hasyl al, senden önüp-ösenler hem köpeltsinler. Keramatly piriň mülkünde ekilen tohumdan, gadymkylaryň azap bilen, gijesini çirim etmän idedip döreden tohumlary. Tutuş neberäňi eklär, ile-de nepi deger. Mundan buýanky nebereleriňiziň hem köp başarnygy bolar. Onsoňam olar tüýs Taňry ýalkan bolarlar. Adamyň akyl-huşy, üşügi iýýän zadyndan gaýdýar. Dünýäde gallanyň şolar ýaly tohumy hiç ýerde ýokdur. Sen ony özüň kime berme¬lidigini bilersiň — diýipdir welin, Piriň kakasy onuň näme diýýänine oňly düşünip bilmändir. Birhaýukdanam: —Ýogsa-da, muny ekeniňde nädip idetmelidigini hem aýtmadyňyz, myhman...— diýip, onuň yzyndan ylgaşlapdyr. Süregçi myhman: — Ýöne tohum däl diýdim ahbetin. Päli-niýeti arassa adamyň eline düşse, ol azabyna görä, hasyl berer. Niçikmi...— diýip, yzyny aýtman goýupdyr. Piriň kakasam başyny atyp, soň köp pikire çümüpdir. Soň Pir dünýä inipdir. Piriň kakasy ondan bir ýyl ekipdir welin, iki ýyllyk azygyny edinipdir. Ol gur¬planyp, eli giňäpdir. Soň ol «piriň gallasyndan» gysymlapjyk berenleri hem bolu¬pdyr. Ýöne bu tohum däne hemme adamda birsyhly hasyl bermändir. Onuň bir hikmetiniň bardygyny adamlar bilipdirler. Şonuň üçin ony kän bir ekibermäge hem çekinipdirler. Pir ese-boýa galanyndan soň, onuň özi hem okumyş adam bolupdyr. Oňa maslahat sorap gelýänler hem bar ekeni. «Piriň gallasy» olaryň tutuş neberesine döwlet getiripdir. Şondanam bulara «dokçaga» diýen at galypdyr. Pir il hataryna il deňinde goşulan hem bolsa, onuň maşgalasy ýaş üstünden ýurduny täzeläpdir. Kiçijik gyzyny bolsa özi idetmeli bolupdyr. Il-gün näçe töwella etse-de, gaýdyp maşgala edineýin diýmändir. Pir gyzyna Aý diýip at goýan hem bolsa, ol ulaldy¬gysaýyn ady «Aý ýaly gyz», «Aý gyz» bolup galypdyr. Ol şeýle bir owadanmyşyn, şeýle bir owadanmyşyn, edil el bilen sünnälenip ýasalan ýaly diýýärler. Şonda-da, elleri edil ýaz gülleri ýaly mymyk, owadan gözleri uçganaklap duran, saçlary zer ýaly lowurdap, ýöriteläp idedilýän güller ýaly durky bilen näziklikmişin. — Şu däneden bereket tapan öýüň maşgalasy hem ýöne bolmaly däl — diýip, Pir aganyň gyzyny görenler aýdypdyrlar. — Şu dänede bir gudrat bar bolmaly, biz eksek, olar ýaly bolanok, ynjyk ekin. — Şondan bir sanaç berseňem... — diýip, onuň ýanyna dilege gelipdirler. Bu galladan bişen çöregiň tagamy üýtgeşikmiş. Özem ondan iýýän adamyň ýüzi nurlanyp barýarmyşyn. Pir aga hemme adama galladan bermäge hem rowa görmändir. — Gurbany gitdigimiň gudratyna düşünmän geçdim — diýipdir. Şeýdip ýörşüne ol gyzynyň kemala gelenini hem duýmandyr. Oňa her ýerlerden sö¬zaýdyjy gelipdir. Gapylaryna at tezegini guratman gatnapdyrlar. Aý gyz olaryň hiç birine-de başyny galdyrmandyr. Bir günem ol kakasyna: — Kaka jan, kime janyňy ynanyp boljakdygyny «piriň gallasy» bize salgy berer — diýipdir. — Ekine ýardamçy gözleýäniňi aýdyp, ile habar ýaýrat, eşidip köp adam geler. Ekiniň¬de bäş gün gymyldanyndan maýsalaryň ýüzi solsa, ol bizlik adam däldir. Halal ekiniň del adamy basym aýan eder — diýipdir. Pir aga gyzynyň maslahatyny öz ýanyndan oňlapdyr. Şondan soň Pir aga: — Men sandan galyp barýaryn. Mülkümde ýanymda talaban bolup, kömek eden oglan tapsam, oňa bir ineriň bahasyny berjek — diýip, oba arasyna gep ýaýradypdyr. Özi hem gyzynyň diýenini edip, aýdan gürrüňinden içini hümledip¬dir: «Alla janlarym, birden onça muzda gaýratym çatmasa, söz diýlen zadam bir agyzdan çykanyndan soň, gaýdyp yzyna alynýan däldir» diýip alada galypdyr. Aý şol günüň ertesi sähetli güni peýläp, gyzyl kürte biçinipdir. Güýze çenli keşdelese, onuň bir iner nyrhy boljak. Pir aganyň sözi ýere gaçmanka, onuň habary beýleki obalara-da baryp ýetipdir. Her kim Aý gyzyň jemalyny görmek niýeti bilen, talaban bolmaga döwtalap bolupdyr. Aý kakasyna: — Kaka jan, gelsinler, barybir, başga niýet bilen gelen uzak eglenmez, ynha, görersiň. Sen gelene «gel» diýiber — diýipdir. — Gyzym, men dänäni ýerden tapamok. Tohumlyk diýenim biderek ýere siňerinden ätiýaç edýärin — diýip, Pir aga özüniň hatyrjem ýerini aýdypdyr. Aý: — Kaka, sen gallany hiç biriniň eline berme, özüň sep, soň ideg eder ýaly, pelleri bölüp beräý. Gallanyň özi saýlar, kimiň eýesidigini — diýipdir. Aýdyşy ýaly bolupdyr. Pir aga pellerini bölüp talabanlaryna berýär welin, aradan bäş-üç gün geçeninden sähel dürteren maýsanyň kä ýerde ýüzi küljerip, saralypdyr. Pir aga ähli zat düşnükli bolupdyr. Ol diňe iki sany oglandan gaýrysyna: — Siz, köşekler, öz işiňiz bilen boluberiň, özüme gerek kömekçini tapynaýdym öýdýärin — diýip, sypaýyçylyk bilen yzlaryna ugratmakçy bolupdyr. Şonda olaryň arasynda bir daýanykly ýigit: — Men, agam, dogrusy, şu ýere gazanç diýibem gelmedim. «Şu gallanyň syryny öwreneýin» diýdim. Rugsat etseň, ýene biraz siziň ýanyňyzda bolup kömekleşeýin. Güýze çenli näme ýumuş buýursaňyz, gaýtawulym bolmaz — diýip özelenipdir. — Bolýar, ýöne bu bir ynjyk ekindir, biziň birimiz ýanyňda bolmasa, ekiniň ýanyna barmazlyga söz berseň boluber — diýip, Pir aga razylaşypdyr. Bu ýigit Aý diýip, başyny çaşyryp ýörenleriň biri ekeni. Onuň ýanynda bir köne torba¬sam barmyşyn. Onuň gije-girim oturyp, sözeniň yşygyna bir köne kagyzlary çykaryp, bir zatlara dümtünýänini ýanyndaky oglanlar görüpdirler. — Pir aga, baýaky dözümsizlik eden oglanyňyz daýhan hem däl ekeni. Ol sizi aldapdyr. Onuň gijelerine kitap okaýanyny gördük. Käte kagyzyna bir zatlar ýazyşdyrýaram — diýip, muny Pir aga aýdypdyrlar. «Şu jelegaýdakylara beletmikäm diýýärdim welin, beýle däl ekeni» diýip, ol ýaňky aýdylýan ýigidiň kimlerdendigini huşuna getirip bilmändir. Agşamlyk ony ýanyna çagyryp: — Oglum, öň daýhançylyk etmedik bolsaň, saňa bi zatlar agyr düşer. Bizem, özüňem köseme. Ýol harjyňy, kösenýän bolsaň, bäş günlük günötelgäňi gysganamok. Başga niýe¬tiňem bolsa, aýdyp otur — diýipdir. Ýigit başyny aşak salyp, ýumsarylyp oturypdyr. Ýeke agyz geplemändir. Pir aga ony içgin synlapdyr. Bu ýagdaýy gije Aýa gürrüň beripdir. — Kaka, ony birsellem synlap göreli. Näme niýeti barka?! Öýde bir adama artyk aş bişeni bilen garyp düşesimiz ýok — diýipdir. Şonda-da Pir aga ynjalmandyr. Ol: «Bu ýigidiň niýeti idili bolsa, hol gün maýsa saral¬mazdy» diýip, içini hümledipdir. — Hasylyň ýanynda başga niýetli adam bolsa, gara der dökenimiz bir şaýy bolaý¬masyn — diýip, beýleki iki talaban ýigidem ünji edinipdir. — Aý, gyzym, şu oglan kimem bolsa, daýhan däl. Bizden iki kaşyk çorba tamakin diýseňem, ol däl. Şuny höre-köşe edip, yzyna ugradaýsak. Ekine zeleli ýetäýmesin. Ikimiz ýagşylyk etjek bolup, bir hata goýberäýmäli! Kakasynyň howatyr edýänini duýsa-da, Aýyň ýüregi ondan ýaňa suwlumyşyn. — Kaka, oňa ekine girme diýäýgin. Ol her günki «myhman paýymyzyň» nesibelisi¬dir-dä. Goý, ýaşabersin-le — diýip, myhmanyň arkasyny çalypdyr. Iki talaban ýigidem öz aralarynda: «Be-e, bu ýaşuly ahyrynda nähili netijä gelerkä?» diýşip gyzyklanypdyrlar. Bir günem Pir aga hemmesi üçin adalatly çözgüt etmegiň kararyna gelipdir. — Myhman ýigit, sen menden göwün-kine etme! Ýöne bu meýdandaky ygşyldap oturan goňurbaşlar meniň janym. Bular ýöne galla däl. Muny meniň atama ir döwürlerde bir pir adam getirip beripdir. Şondan soň ol piri gördüm-bildim bolmandyr. Ondan bişirilen çöregi iýip ulalan adam, zehinli, parasatly, watanparaz bolýar. Meniň aýtjak bolýanym, sen iliň rysgalyna zyýan ýetirme. Seniň niýetiň erbet hem diýip biljek däl welin, küýüňde bir syr bar bolarly. Ony hem aýdasyň gelmese, aýtma. Indi ýene bir özüňi synap gör, eger, ýene gallanyň sen tarapy çüprese, onda ikimiz hoşlaşmaly bolarys — diýipdir. Myhman uludan demini alypdyr. Bir hasratynyň bardygyny duýdursa-da, sesini çykar¬mandyr. Içerde oturan ýerinden muny eşiden Aýyň huşy başyndan uçupdyr. Ol gijelerine ýaňky ýigide goýlan ekiniň deňesinde oturyp, dileg edipdir. Goňurbaşlara ýalbarýan ýaly, tas däliräpdir. Ol ýigidiň hem haly Aýyňkydan gowy dälmişin. Gije-gündiz diýmän, ol hem Aýyň yşygynda goşgy düzüpdir. Özüniň bu ýerden gitmeli boljakdygy ýadyna düşende, kararyny giderip, gussa batypdyr. Gussasyny egisjek bolup hem şygyr ýazypdyr. — Dünýäniň yşkyna taý gelmez, seniň yşkyň, Ýüregimde bina etdim söýgiň köşgün. Aý Asmandan däl, ýerden gurbat alýar, Garyp halym oda salýar. Men pida diýlip, gönderilen diwana, Yşkyň hanjar salar, goýmaz janym amana, Galamymda möhür edýän ismiňi, Söýgiň hikmetini çözläp bilseň, eý, dana! Şondan soň sümmüller onuň şygryna başyny atýan ýaly, ygşyldaşyp mele öwsüp ugrapdyr. Asman gamaşan ýaly etse-de, ýel-ýagmyrsyz gün bolupdyr. — Men seni görenimde, aýagym togtady. Sabyr-kararym gitdi. Ýogsam, ýöne seýil-seýrana çykan adam men. Gezen ýerimde del-dül söz ýa-da geň bir gürrüň eşit¬sem, şony ýazyp ýördüm. Atam öýlenmäge meýilli bolmanym üçin, maňa puryja berdi. «Halkyň içine aýlan, nesipdir, belki, hyýalyň üýtgär» diýdi. Meniň welin, göwnüme jaý maşgala duşar diýen umydym ýokdy. Siziň obaňyzyň bir çetinden girenimden, bir zat özüne çekdi. Edil idilen ýaly bolup, siziň öýüňize geldim. Şol gün hem seni gördüm. Ömürlik gözleýänimiň şu ýerdedigini şol gün ýüregim duýdy. Soň bialaç öýüňizde goş ýazdyrmaly boldum. Bugdaýly wakany soň bildim. «Men her bir adamça iş gören adam» diýýän özüme-de. Onsoňam bu bugdaýlar biziň mülkümizde-de bar. Bizem «piriň gallasyndan» ekýäris. Atam maňa: «Gezip ylmymy artdyrýandyr» diýip garaşýan¬dyr, men welin, saňa duşalym bäri, diňe goşgy ýazýaryn. Ol goşgular hem diňe seniň üçin. Maýsalaryň ilkibada gelenimde süllereni meniň daýhan däl bolmagymdanam bolsa ähtimal. Ýöne «piriň gallasy» ýöne däl ahyry. Men näçe köşeşjegem bolsam, olar meniň demimden dem alýar. Olar meniň ýüregime sygmadyk yşkymyň ejirini çekip saralýarlar. Men muny kakaňa nädip aýdaýyn?! — diýip, ol Aý gyza ýüregini açypdyr. Şeýdip aradan esli gün geçipdir. Myhman ýigidiň ekin ýerindäki sümmüller başyna gören ýaly, dyp-dykyz bolupdyr. Aý gyzy gören myhmanyň göwni açylypdyr. Ekininiň hem ýüzi täzelenipdir. Gaýtam, beýleki iki daýhan oglanyň ekini çüpräpdir. Olar bugdaýa bir jyn uranyny bilselerem, oňa alajyny tapmandyrlar. Aýyň myhman oglana mähirli garaýanyny görüp, olaryň içinde harasat gopupdyr. Olaryň başda niýeti gowy ekeni. Şonuň üçinem olaryň ekini göwün diýenleri bolupdyr. Soň olaryň ýüreklerinde oglana bahylçylyk ot alypdyr. Aýa aşyk bolan ýigit olara birwagtlar «piriň gallasyny» galdyryp giden adamyň agtygy ekeni. Soň Aý bilen myhman ýigit bagtly ýaşapdyrlar. Aýyň yşkyndan hyruç alan Kaýsyň ylma hem bähbidi bolsa bolandyr, ýöne ol şygrynda ýüreginiň ody görünýän şahyr bo¬lupdyr. Onuň ylhamy egsilmändir. Aý ony ýaşadypdyr. Aý şeýdibem şygry ýaşadypdyr. Olaryň neberesem, «piriň gallasyndan» nesibeli bolandyklary üçin, rysgally, pähimi zoradamlar bolupdyr. Olaryň neberesi häli-häzirem şol töwereklerde ýaşap ýörler. Olar häzirem daýhançylykdan ellerini üzenoklar...». Hyýalymdaky pikirler ýazga geçýär, olar toý lybasyny geýnen zenan ýaly, huşumy alyp barýar. Birdenem: — Domrul, Domrul! — diýen sese tisginip gitdim. — Ol täze eser ýazyp başlady. Bizem arasyny bölmesin diýip, oňa hiç zat aýtmadyk. Bu Zerjahanyň sesi. Men bosagadan atylyp çykdym. — Nämäni aýtmadyň?! Näme bolduka bu öýde, men nämäni bilemok? — diýşime Zerjahanyň aladalydygy birden kellämä urdy. Meniň birden ot alan ýaly bolup durşuma, dostum Ylhamyň gülküsi tutdy. — Üýtgeşik bolan zat ýok. Salawmaleýkim, ýazyjy dostum! Onuň özüme tarap uzan elini çala silkip aldym: —Maňa hiç zat aýdanoklar. — Bolan zat ýok. Şeker jan athana gidip aýagyny biraz agyrdypdyr. Oňa-da tolgunan bolarly, Zerjahanyň özüniň gan basyşy üýtgän ekeni. Sen öz tamyňda bolanyň üçin, hiç zady duýýan dälsiň. Ýüregim ersip gitdi. — Näme üçin beýtdiň?! Aýtmazlygyň sebäbine düşünip bilemok. Zerjahanyň elini gysymlap durşuma, birden Şeker ýadyma düşdi. — Şeker jan hany? Onuň otagyna nädip atylyp girenimi bilemok. Şeker gözüni tegeläp maňa seredýärdi. — Kaka, bolan zat ýok-la, men gowy! Onuň mähirli ýylgyrmasyna ýüregim giňedi. — Meleguşa münjek bolup edenim. Üýtgeşik bolan zat ýok. Lukman türgenleşige gitmezligim üçin sarady. Şekeriň erjelligine begenýärdim. Ony bagryma basyp, edil çaga mahallaryndaky ýaly depämde göterip aýlanasym gelýärdi. Ol indi göze görnen gyz bolupdyr, tüweleme. Wagtyň geçäýşini! — Kaka, täze eseri ýazyp başlanyňy ejemden eşitdim. Şowly bolsun! Belkem, bir bölü¬mi dagy gutarsa, okamaga berersiň. Bilýäň-ä, men ejemdenem öňürti okap, ilkinji okyjyň bolasym gelýär. — Bor, owlajygym, size bir zat bolmasyn! Ýazmak üçin öz çagalarymyň öňünde borçly ýaly, Aý gyz hyýalyma geldi. Aý gyz hakynda ir-u-giç ýazmak hakynda Zerjahana beren sözüm bardy. Hawa, isleseň, tötänlik diý, isleseňem, başga bir zat, ýöne munuň aňyrsy çagalyk düýşümden başlanypdy. Ol wagtlar men geljekde ýazyjy bolaryn diýip, kelläme-de getirip biljek däldim. Ynanmarsyňyz, düýşümde suw, şeýle bir dury, şeýle bir dury, düýbündäki suwotular aýnada ýaly görnüp dur. Suwuň ýüzünde oňa saýa salýan baglaryň ýaprak¬laryndan edilen köşk-gämi ýüzüp ýör. Onda kim oturandyr öýdýärsiňiz?! Aý gyz. Aý gyz diýýänimi kiçi wagtymda bir kinoda görüpdim. Geň kinody. Aý gyz diýýän gahrymanyň maňa üýtgeşik täsir etmesiniň sebäbini ömür düşündirip bilerin öýdemok, ony nähilidir bir ýakymsyz adamlar yzarlap gezýärler. Aý gyz olara gaharlanmaýar. Olar Aý gyzy görenlerin¬de, birbada oňa aňalyp durýarlar. Dilleri tutulýar. Sebäbi owadanlygyndanam beter örän mähirli. Kinony görüp otyrkam, men elejiräp, ejemiň gujagynda oturdym. Mähirli bolanda, adamyň nähili mylaýym bolýandygyny duýşumam başga hili boldy. Mähirli diýilýän söz Aý gyzly epizoddan ýüregime şeýle bir girdi welin, şol mysalany idäp ýören bolandyryn. Ony tapdym. Şu wakalar bolmadyk bolsa, belki, men ýene gözlärdim, tapardym... Birden gaharym geldi. Bokurdagym doldy. Özümiň ähli zatdan bihabar oturyşym, nähilidir bir oňlanylmasyz ýagdaý bolup, mazamy aldy. Şekere ata münmegi hem özüm öwredipdim. Ol öň menden bidin athana gitmezdi. Bu zatlary pikirimde aýlap ýetişýänçäm, Ylham dostum dik duran ýerinden: — Dost, emgek bolup geçsin. Sag otur — diýip, gitmekçi boldy. Men nähilidir bir çaltlyk bilen onuň ýanyna bardym. — Çaý içmän gitseň bolmaz. Bu — gelşiksiz. Ol meniň ýüzüme ýiti-ýiti seretdi-de: —Domrul, saňa düşünmek kyn. Hany, sen ýazýarsyň diýdiler. Işiň bolsa, azar bermäli. Men gelenimde hem şonuň üçin geldim. Zerjahan aýalyma jaň edip aýdypdyr. Ýogsam men hem bar zatdan bihabar bolardym. Sen bir ýazyjy adam. Otur, işläber! Näme üçindir, onuň her sözünde ünji bar ýaly duýuldy. Oňa nebsim agyrdy. — Sen ýaly dostuň geler-de, iş edilermi?! Ýör, hany, birsellem çaýlaly. Çaýy öz elim bilenjik demläp bererin — diýip, aşhana tarap gitdim. Ylhamyň aýaly yzymdan geldi. — Siz oturyň, çaýy men goýaryn! Sesimi-üýnümi çykarman, Ylhamyň ýanyna gaýtdym. Zerjahandan gözümi aýyrman seredýärin. — Wah, men beýle bolar öýtmedim. «Domrula azar bermäýin» diýdim. Domrulyň işini oňa derek soň haýsy birimiz edip biljek?! Ol gara çyny bilen Ylhamyň aýalyna gürrüň berýärdi. Soň myhmanlar öýlerine gaýtdy. Ylham: — Täze eseriňi haçan ýazyp gutarsaň, aýdaý. Meýilnama salarys — diýdi. Ol neşir ugrundan işleýärdi. Men oňa jogap bermedim. Soň çagalar bilen oturyp agşamlyk edindik. Zerjahan öňki mylakatlylygy bilen: — Domrul, işiňi ediber. Biz indi irkiljek — diýdi. Men näme geplejegimi bilmedim. Hälki pikirlerim zym-zyýat bolupdy. Indi Aý gyz hyýalda däldi. Ol edil meniň iki ädim gapdalymda gözüni süzüp, aladaly irkilipdi. Onuň öz Domrulyny azara goýany üçin müýnli ýaly, arasynda ýüzi çytylyp gidýärdi. — Aý gyz, sen meniň Aýym, Zerjahan! Meniň Aýym... Men dilimiň näme gepleýänini bilemokdym. Samyrdap onuň başujunda otyrdym. Maňa ylham berýän hem Aý gyzyň aýanlykdaky özüdi. ...Hyýalymda adamy gurbatlandyrýan, zehinini, üşügini ýiteldýän gallaly meýdan ygşyldap durdy. Onuň içindäki Aý gyz öz Aýymdy. Bägül ANNABAÝEWA. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |