PARAW — GADYMY SERHET GALASY
Mähriban Watanymyzyň çar ýanyndan agyr ýükli kerwenler geçipdir. Şol ýagdaý hem halkymyzyň ykdysady, medeni durmuşynda, syýasy garaýşynda özboluşly orun eýeläpdir. Häzirki döwürde dünýä dolan milli medeniýetimiz şol taryhyň hakyda ýazgylaryny ebedi ýaşadýar. Şol ýazgylaryň biri hem gadymy Paraw hakyndadyr. Bu barada orta asyr taryhçysy Istahry «Mesälik we memälik» atly işinde şeýle belläp geçipdir:
«Farawa guz (oguz) sährasynyň serhedindedir. Ol obalardan uzakda ýerleşendir» (287 sah.).
Orta asyryň gymmatly ylmy çeşmeleriniň biri «Hududul-älem» («Älem serhetleri») atly eserde hem Paraw barada ýazylypdyr:
«Farawa – Horasan bilen Dehistanyň arasynda, sähranyň eteginde, guzlar bilen serhetde gurlan rabatdyr...» (144 sah.).
Il arasynda gadymy Paraw hakyndaky rowaýatlar bu ýeriniň taryhy hyzmatynyň ykrar edilmesidir. Gadymy çeşmede Farawyň Nusaýyň ähmiýetli rabatlarynyň biridigi bellenilýär. Şolar ýaly mazmundaky maglumatlar XI asyr belli arap taryhçysy Makdisiniň işlerinde hem bar.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, Paraw galasy IX asyryň birinji ýarymynda Horasanyň häkimi Abdylla ibn Tahyr tarapyndan bina edilipdir.
X asyr çeşmelerinde Parawyň Horasan bilen gadymy Garagum çölüniň serhedinde ýerleşýändigi beýan edilýär. Gadymy serhet galasy bolan Parawda serhet goraýjylaryň az sanly hojalyklary ýerleşipdir. Gadymy rowaýatlarda hem bu ýerde diňe serhedi goraýan edermen adamlaryň ýaşandygy gürrüň berilýär.
Bu gadymy şäher Balkan welaýatynyň Serdar etrap merkeziniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Gala daşyny gallap duran galasy bilen birlikde 35 ga meýdany eýeleýär. Ol şolar ýaly diwarlaryň 4 sanysy bilen berkidilip, onuň üç sany derwezesi bolupdyr.
Gadymy şäheriň çäginde iň gadymy kärizleriň biri ýerleşýär. Alymlar öz işlerinde ondaky keramika böleklerinden çen tutup, galanyň IX – XIV asyrlara degişlidigi barada netijä gelýärler. Onda XIV asyra degişli tapyndylar has köp ýüze çykarylypdyr. Şäheriň çäginde binagärlik ýadygärlikleri bolup, Parawbibi ýadygärligi il içinde has-da bellidir. Ol Köpetdagyň eňňidinde ýerleşýär. Ýerli ýaşaýjylaryň arasynda Parawbibi baradaky rowaýatlar has giňden ýaýrandyr. Ol daş heýkele öwrülen gyz hakyndaky gyzykly hekaýatdyr. Parawbibi ady hem bu galanyň ady bilen baglanyşykly bolup, ol «parawly gyz» diýen manyny aňladýar. Rowaýatlarda Parawyň tebigatynyň özboluşly gözelligi wasp edilýär. Parawlylaryň azyk we gaýry harytlar bilen üpjünçiliginiň hökümdarlygyň garamagynda bolmagy gadymy serhet galasynyň ýaşaýjylarynyň hökümdarlygyň gözegçiligindäki ýörite taýýarlykly goragçylardygyny tassyk edýär.
Demirgazyk Horasan Merw, Sarahs, Abiwerd, Nusaý ýaly şäherleri öz içine alypdyr. Türkmen edebiýatynda atlary köp duş gelýän Büjnürd, Maşat, Tus ýaly şäherler Horasanyň belli şäherleridir. «Patyşalygyň geografiki jemgyýetiniň barlaglarynyň antologiýasy (London. 1877ý.)» atly ylmy işiň X babynda Sen Genri Rolinsonyň «Merw ýolunda» atly makalasynda ýurdumyzyň çäginden geçen söwda-gatnaw ýollary hakynda maglumatlar giňden beýan edilýär. Işiň terjime edilen parçalaryny mysal getirmekçi: «Söwda ýollary Gürgenden ähli ugurlara tarap gidýän ekeni. Olaryň biri demirgazyga gidip, Dehistana, ondanam Horezme, beýlekisi gündogarlygyna — Horasan düzlüginiň üsti bilen Oksuň (Amyderýanyň) orta akymyna, başga biri hem günortalygyna — Elburs dagyndan Persiýa, dördünji ýol günbatarlygyna — Kaspi (Hazar) deňziniň günorta ýakalaryny syryp gidipdir. Demirgazyk we gündogar ugur Merwe çenli gidýär»; «Gürgenden ýa-da Girkaniýadan (Gurtlaň ýurdundan) göni daga tarap kesip geçýär. Bu ýazuw çeşmelerinde «Astawa» diýlip atlandyrylyp, Astabin obajygynyň üsti bilen Buinorddan Nisa çenli gidýär». Şu aralykdaky gadymy ilatly mekanlaryň serhet galalarynyň taryhyny öwrenmekde ähmiýeti bolup durýar.
Bu ýerde gürrüň parlaryň gadymy serhet galasy hasap edilen Paraw barada barýar. «Paraw, bu Astabindir» diýen pikir esassyz däldir. Şu işde Dehistan barada hem bellenilip, onuň dahlaryň ýurdudygy aýdylýar. Dahlaryň Nusaýyň patyşalyk jemgyýetiniň adamlarydygyny alym anyk beýan edýär. Dünýäniň taryhyny öwrenijileriň işlerinden belli bolşy ýaly, Paraw şäheri dürli halklaryň we medeniýetleriň birleşýän merkezi bolupdyr. Ýollaryň demirgazyk ugry Paraw şäheriniň üstünden geçýär. Gürgenden Nusaýa gitmek üçin şu amatly ýol bolup durýar. Eger-de, Sumbardan Parawa gelip bolsa, onda Nusaýa çenli has howpsuz hem-de amatly ýol geçip bolýandygyny alym degişli işde göz öňünde tutýar.
Paraw galasy obalardan uzakda gurlup, ol ilatyň goragyny, ýoldan gelip-geçýän kerwenlere gözegçiligi üpjün edipdir. Häzirki zaman dilinde aýdylanda, serhediň asudalygyny gorapdyrlar. Taryhyň dowamynda galanyň kerwen düşelgesi hökmündäki hyzmaty hem ýüze çykypdyr. Ol Horasan, Astrabat, Dehistan, Horezm kerwen ýollarynyň serhedinde ýerleşýän galadyr.
Köpetdagyň eteginde hellewläp oturan bu gala gadymyýetiň syrlaryny suduryna siňdiripdir. Bu ýerdäki ýere ýazylan şekiller taryhyň müň bir hekaýatyny gürrüň berýär. Onda gadymy parlaryň ýurdunyň serhet galasy bolan Parawyň taryhynyň heniz öwrenilmedik sahypalary-da açylýar.
Gadymy döwürde halklaryň arasyndaky ýygjam gatnaşyklaryň şaýady bolan galalaryň taryhy barada Gahryman Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda has çuňňur beýan edilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan, hakykatdanam, dünýäniň halkara ýollarynyň birleşýän künjegine öwrülýär. Bu günki gün gadymy ýollardaky dostlukly gatnaşyklar ýene-de täzeden dikeldildi. Türkmenistanyň çäginden çar ýana uzaýan gatnaw ýollary ýurduň häzirki zaman ösen ulag infrastrukturasynyň kemala gelendiginiň mysalydyr.
Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy galalaryň taryhy içgin öwrenilýär. Olar şu güni düýn bilen birleşdirýän gymmatly maglumatlaryň iň ygtybarly jemlenen ýeridir. Gadymy Parawyň taryhynyň şeýle ýazgylarynyň ýene-de açyljakdygy bolsa, ikuçsyzdyr.
Bägül ANNABAÝEWA,
žurnalist.
Taryhy ýerler